10:24 Berk nahal -5: Ýurtlaryñ arasynda şertnama baglaşmagyñ beýany | |
BÄŞINJI PASYL: ÝURTLARYŇ ARASYNDA ŞERTNAMA BAGLAŞMAKLYGYŇ BEÝANY
■ Hekaýat: Gadym zamanlarda ýylda bir gezek emirlerini maslahata çagyryp, soňra saçak ýazyp, tagam iýdirýän bir patyşa bar eken. Ol patyşa wezirleriniň arasynda bije atdyrypdyr. Bije kimiň adyna çyksa, şol adam hem indiki ýygnakda ogullarynyň birini öldürip, etini bişirip getirmeli eken. Şeýle elhenç däp-dessur birnäçe ýyllap dowam edipdir. Günleriň birinde baş weziriň ogly atasyna: —Ata! Bu ýyl bije seniň adyňa çykar. Sen ýekeje ogluňy öldürmeli bolarsyň! — diýdi. Baş wezir: —Eý, oglum! Bu elhenç däp-dessurdan dynmak üçin nähili çäre tapsak ýagşy bolar?! — diýip oglundan sorapdyr. Ogly: — Eý, ata! Ähli wezirler bolup maslahat ediň hem-de gorkman şadan şu däbi ýok etmekligi haýyş ediň! — diýip, jogap berdi. Şol elhenç gün ýetip geldi. Maslahatdan soňra saçak ýazyldy. Ýöne, öldürilen oglanyň bişirilen eti gelmedi. Şa wezirlerine bakyp: — Hany, oglanyň eti!? — diýdi. Wezirleriň barysy şu elhenç däbiň goýbolsun edilmegini şadan haýyş etdiler. Şa: — Kim bu pikiri oýlap tapdy?! — diýip sorady. Olar: — Baş wezir!— diýip jogap berdiler. Şa: — Eý, akyldar baş wezirim! Sen meniň synagymdan üstünlik bilen geçdiň. Men “Şu elhenç däbiň ýatyrylmagyny haýsy wezirim haýyş etse, täjimi şoňa bererin” diýip ant içipdim — diýdi. Şa öz täjini baş wezirine geýdirip, ony tagtda oturtdy. Halk baş wezire tabyn bolup, onuň buýruklarydyr, permanlaryny ýerine ýetiripdir. # Berk nahal | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ «Daglaryň ruhy» / hekaýa - 07.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |