17:25 Berk nahal -9: Agzalalygy ýatyrmaklygyñ beýany | |
DOKUZYNJY PASYL: AGZALALYGY ÝATYRMAKLYGYŇ BEÝANY
■ Hekaýat: Bagdat halypasy Abujagpar Mansur wagtynda paýtagtyň esgerlerini halypanyň golastyndaky Horasan ülkesine iberipdirler. Paýtagtda halypanyň töweregini gorar ýaly az sanly goşun galypdyr. Bu habar Eýmen we Nezar welaýatynda ýaşaýan araplara baryp ýetýär. Olar: „Bize hereket etmäge pursat geldi” diýşip Bagdada gelip, Babul-zehep atly derwezäniň ýanynda hatara düzülip durupdyrlar. Olar halypa Abujagpar Mansuryň garşysyna gozgalaň etmeklige taýýarlandylar. Eýmen araplary sag tarapda, Nezar araplary bolsa çep tarapda hatara durdular. Olar halypadan sarra we azyk önümlerini talap edipdirler. Umuman, arap halkynyň dürli-dürli taýpalary halypa garşylyk bildiripdirler. Pitneçiler dilewarlyk bilen halypy tankyt edýärdiler. Şol döwürlerde Bagdatda Muhammet ibn Jagpar atly bir tejribeli akyldar bar eken. Ol ähli kynçylyklardan baş alyp çykýan bir pir kişi bolupdyr. Ol beýle ýagdaýy görüp, derrew halypa Jagparyň ýanyna gelip, oňa: — Eý, musulmanlaryň emiri! Arap taýpalary Babul-zehebiň daş-töweregine üýşüp gozgalaň edýärler. Olar bolar-bolmaz ýerliksiz sözleri aýdyp, masgara bolup durlar. Nädip beýle ýagdaýa ýol berildi!?— diýip ýüzlenýär. Halypa: — Şu wagt esgerlerimiziň köpüsini daşary ýurtlara iberdik. Şonuň üçin eýmen we nezar taýpalary pursatdan peýdalanyp, gozgalaň edýärler! — diýip jogap beripdir. Muhammet ibn Jagpar: — Men bu ýagdaýa bir çäre taparyn?! —diýende, halypa: — Ol nähili çäre, aýt? — diýip sorapdyr. Muhammet ibn Jagpar: — Eý, beýik halypa! Şu wagt siz menden hiç zat soramaň. Işiň netijesini görersiňiz! —diýip çykyp gidipdir. Ol öýüne baryp şaýyny tutup, atyna atlanyp hem-de hyzmatkärini ýanyna alyp, Babul-zehep tarapa gidipdir. Ýolda hyzmatkärine: — Men eýmen we nezar taýpalarynyň arasyndan geçip barýarkam sen: — Eý, şyh! eýmen taýpasy gowumy ýa-da nezar taýpasy?! — diýip, belent sesiň bilen gygyr. Eger-de men saňa üns bermän, ýoluma gidibersem, onda sen ýene-de: — Allanyň haky üçin, Muhammet pygamberiň razylygy üçin jogap ber diý! — diýip, Muhammet ibn Jagpar Babul-zehebiň golaýyna gelipdir. Ol eýmen we nezar taýpalarynyň öz emirlerine bakyp hatarlanyşyp durandygyny görüpdir. Muhammet ibn Jagpar iki taýpanyň arasyndan geçip gidiberipdir. Orta ýola baranda hyzmatkäri: — Eý, döwrüň beýik şyhy! Eýmen halky gowumy ýa-da nezar halky?! - diýip gygyryp sorapdyr. Şyh ümsüm gidiberipdir. Hyzmatkär ýene-de: — Eý, beýik şyh! Allanyň razylygy, Muhammet Mustapanyň haky üçin jogap ber?! — diýip gygyranda şyh: — Eýmen halkynyň içinde hormatly adamlar ýok, diýseň boljak. Ýöne, nezarlylaryň arasynda atly-abraýly adamlar bar. Nezar taýpasy eýmen taýpalaryndan has gaýratlydyrlar we at-abraýlary belentdir — diýip, iki taýpada eşider ýaly gaty gürläp jogap berdi. Şyhyň „Eýmen taýpasy edepsiz we olaryň içinde at-abraýly adamlar ýokdyr” diýen sözüni eşiden bu taýpanyň ýolbaşçylary öz adamlaryna: — Baryň, ol akmak şyhy atdan ýykyp ýenijiň. Ony masgaralaň? — diýip buýrupdyrlar. Muny gören nezar taýpasy şyhyň üstüne topulan adamlary öldürýärler. Şeýlelikde, iki taýpa birek-birege garşy hüjüm edip başlaýar. Şyh olaryň arasyndan sypyp, ýuwaşlyk bilen halypanyň ýanyna baryp: — Eý, älemiň soltany! Ýaňky güýç birikdirip gozgalaň turuzjak bolup duran taýpalaryň işi gaýtdy. Sen ogluň Mätini biraz leşger bilen Dejle derýasynyň gündogaryndaky köşgüň ýanynda goý. Özüň bolsa atlanyp pitneçileriň ýanyna bar, olara araçy bol. Olar indi öz aralaryndaky agzalalygy aýyrmak üçin hem-de gandöküşlikleriniň soňuna çykmak üçin seniň ýanyňa, beýik soltanyň dergähine mätäç bolup gelerler?! — diýip, öz halypyny köşeşdirdi. ■ Hekaýat: Haçanda Mugap ibn Zübeýr Abdylmälik ibn Merwan bilen söweşmekçi bolup, öz halkyndan kömek talap edende, Ahnap ibn Kaýs beni temim kowumyndan köp esger ýygnap, oňa kömege barmagy maksat edinipdir. Ahnapyň Zebra atly bir hilegär, mekir gyrnagy bar eken. Günleriň bir güni Zebra zar-zar aglap, Ahnapyň ýanyna barypdyr. Ahnap oňa: — Eý, Zebra?! Sen näme üçin aglaýarsyň?! — diýipdir. Zebra: — Eý, hormatly hojaýynym! Men seniň garran çagyňda kişä kömekçi bolup, söweşe gidýänligiň üçin aglaýaryn! — diýip jogap beripdir. Bu sözleri eşiden Ahnap söweşden el çekipdir we gitmekligi goýbolsun edipdir. Mugap beýle wakany eşidip gaty gynanypdyr. Ahnapyň näme sebäpden söweşe gelmändigini adamlaryndan sorapdyr. Olar Mugapa: — Ahnapyň söweşe gelmezligine onuň gyrnagy günäkär. Ol şol gyrnagyň gepine gidipdir! — diýip jogap berdiler. Mugap bir adamy on müň akja bilen şol gyrnagyň ýanyna iberipdir. Gyrnak ol pullary kabul edipdir. Ol ýene-de bir gün aglap, Ahnapyň ýanyna barypdyr-da mekirlik edip: — Eý, meniň hojaýynym Ahnap! Obanyň aýallary: „Seniň Ahnap diýýäniň garrapdyr. Onuň ärdigi hem belli däl! — diýip, maňa azar berýärler. Bu sözler meniň ýüregime hanjar bolup girdi. Men şonuň üçin aglaýaryn! —diýende, Ahnap tizden-tiz atyna atlanypdyr. Ol ähli leşgerini jemläp, ýarag bilen üpjün bolup, Mugapa ýardam bermek üçin ugrapdyr. | |
|
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |