15:43 Betgüman / hekaýa | |
BETGÜMAN
Hekaýalar
Goñşym Rejep birden bize gelmesini çürt-ýoluk kesdi. Hatda ýollarda gabatma-gabat duşup, salam beremde-de, gözüni alardyp, göwünli-göwünsiz zordan kellesini yrgyldadýar. Köp wagtlap bile tirkeşip ýören dostuñ birden özüñden ürkäýse bir hilem bolýarsyñ. Göwnüñe her hili zatlar gelýär. Käşgä oña sögen bolsam, onda geñem görüp durjak dälle. Ýöne oturýan-turýan, pikir edýän welin, Rejebe ömrümde bir gezegem "Ýalandan, çyndan, arwahdan, jyndan" ýakmaz söz aýdanym ýadyma düşenok. Belkäm, aýdanam däldirin. Ýöne obamyzda bir gybatkeş aýalyñ aýtmagyna görä, men Rejebiñ gelni Jemal bilen arany sazlanmyşym. Onuñ bilen gürleşýämişim, gülüşýärmişim. Muny hut Rejep öz gözi bilen görenmişin. Hawa, bu dogry. Meniñ Jemal bilen gürleşişim nähili boldy diýsene. Bir gün aýalym ýatymlyk toýa gidensoñ, öýde ýeke özüm galdym. Gijara sürüden sygrymyz molap geldi. Men ony ýatagynda dañdym. Gölejigim bolsa enesine dyzap boýnuny ýolaýjak bolýardy. Meniñ özüm-ä näme, sygyr sagyp bilemokdym. Ýeri, şeýle bolansoñ goñşularyñ birine sagdyrmaly bolýar-da. Pikirlenip-pikirlenil ahyry Rejebiñ ejesi Akjagül ejä sagdyrmaklygy makul bilip, öýlerine bardym. Görsem öýde ýeke Rejebiñ gelni oturan eken. Men: - Wiý, Akjagül eje ýokmydy? - diýdim. Onda Jemal: - Ol-a häzir ýok. Näme, gerekmidi? - diýip sorady. Men: - Aý ýok-la, gyssag nämişlesin. Bolan bolsa, sygrymyzy sagdyraýjakdym-la. Aý, bolmasa, başga birine sagdyraýaryn-la - diýip, çykyp gidiberjek boldum welin, Jemal: - Süsüp, depip durmaýan häsiýetli mal bolsa-ha, menem sagýandyryn - diýdi. Men janygyp: - Wah, o janawer ýuwaş-la. Süsüp-depmäni düýşünde-de gören däldir. Bajagynyñ süýdüni çalak-çulak gowzatsañyz, ol görgüli razydyr-la - diýdim. ...Häliden bäri enesine ýetişjek bolup dyzap duran sakarja gölejigimi bagyndan sypdyryp goýberdim. Gölejik bir azajyk emenden soñ çekdim. Sygyr mazaly iýdirensoñ Jemal sagdy. Ýene-de gölejigi goýberdim. Gölejik şap-şap edip agyz suwardyjy emip başlady. Jemal süýtden doly bedräni ýerde goýdy-da: - Süzübem bereýinmi? - diýdi. Men: - Ýok, ýok, özüm süzerin. Boldy. Sag boluñ, köp sag boluñ! - diýip güldüm. Şol wagt Rejebem işden gelip, penjireden seredip duranmyşyn. Biziñ gülkümizi eşidip, ol özüçe hut "Bu ikis-ä gürleşip ylalaşdylar-ow. Sen heleýjik, öýe bir gel bakaly, men saña ylalaşyk görkezerin!" - diýip, öýlerinde oña garaşyp oturypdyr. Öýlerinde nähili wakanyñ bolanyny bilemok. Ol hakda maña hiç zat eşitdirmediler. Men size häzir soñky günleriñ wakasy hakynda gürrüñ berjek. Men Rejebiñ gelninden gabanýandygyny bilip kämahal Akjagül ejä "Garrylyk bilen ýagşymyñ?" diýip, halyndan habar almamy-da goýdum. Hatda Rejeplere tarap başardygymça seretmejek hem boldum. Sebäbi Rejebiñ jaýy edil gapymyzyñ bäş metr öñünde. Öýden çykamda ilki gözüm şolañ jaýyna düşýär. Şonda-da başga tarapa seredýärin. Bir gün bir goñşymyz gelip: - Goñşy, sen Rejepden ahmal bolmagyn! - diýdi. Onda men: - Ýeri, nämüçin? - diýip soradym. Onda ol ýüzüni sallap: - Rejep jübsüne gama salyp, gijelerine jaýlarynyñ daşynda aýlanýarmyşyn. Garaz seni öz melleginiñ içinde görse, diri sypdyrjak dälmişin - diýip aýtdy. Ine, onsoñ gün ýaşandan soñ daş çykmamy-da goýdum. Rejep her gün irden tamlarynyñ daşynda kömelek gözleýän ýaly ýere seredip aýlanýar. Belkäm, ol meniñ aýak yzymy görjek bolýandyr. Kim bilýär. Bir gün "Akjagül ejäñ aýagy döwülenmişin. Özem keselhanada ýatyrmyşyn" diýen habar obamyza jar boldy. Bu habary eşidenimden soñ, işden gelýärkäm ýol ugruna keselhana sowuldym. Görsem Akjagül ejäñ haly teñ eken. Men: - Akjagül eje, ýagşy bolýarmyñ. Nähilelik bilen beýle boldy! - diýip soradym. Onda Akjagül eje uludan bir demini aldy-da: - Wah, oglum, merdiwana çykyp dalbaryñ üzüminden ýygjak boldum welin, birden aýagym taýdy-da ýykylaýdym. Injigime bolsa merdiwan gaçdy-da döwüläýdi. Aý garaz, indi ýagşy bolýan oglum - diýdi. Şondan soñ Rejep alçaksyrap bize gelip başlady. Kä wagt menem olara baryp gaýdýan. Bir gün Jemaldan: - Jemal. Rejep näme ozal-a bizden öýkeläp, bize barmasyny goýdy. Indem bize öñküsi ýaly alçaksyrap gelýär? - diýip soradym. Jemal gaşyny çytdy-da: - Indi öz ýalñyşyny bilendir-dä - diýip dymdy. Men: - O nähili ýalñyşyny bilipdir? - diýip soradym. Bu sözi dilinden sypdyranyna ökünen ýaly, Jemalyñ ýüzi boz-ýaz boldy. Meniñ bolsa onuñ nähili ýalñyş goýberenini bilesim gelýärdi. Ahyry goýmajagymy bilenden soñ, Jemap uludan bir demini aldy: Aýdaýyn welin hiç ýerde gürrüñ etmegin. Il-gün eşitse, gelşikli däl! - diýdi. Men: - Jyñkymam çykarmaryn. Arkaýyn aýdyberiñ - diýdim. Jemal töweregine ýaltaklap, ýuwaşjadan söze başlady: - Şol siziñ sygryñyzt sagan günüm "sen heleýjik, ýañy Dursunyñ äri bilen näme gepleşipjik durdyñ!?" - şol gije meni öldir ýaly urdy... Ondan soñam jübsüne pyçak salyp, ýogyn taýak edinip, daş çyksam yzymdan añtady ýördi. Tamyñ daşynda çala bir dükürdi bolsa usul bilen çykyp, görüp gelýär. Oñ göwnüne hamala ikimiz dil düwüşip, sen daşarda garaşyp duran ýalymyş. Bir gezek daş çykamda ýagyş ýuwaşjadan çisñäp durdy. Gaýynym hem serilgi geýimlerini ýygnaşdyryp, añyr tarapdan küýkerilip gelýän eken. Birden bir taýak hüzüläp geldi-de, gaýynymyñ injigine degdi. Gaýynym şol wagt özünden gidip ýykyldy. Ynha yzyndan Rejep bir eli gamaly, bir eli kiçijik fonarly haşylap geldi-de, gaýynymyñ ýüzüni ýagtyldyp gördi. Görse-hä öz ejesi. Derrew onuñ goltugyndan tutaklap, ur-tut keselhana alyp gitdi. Soñ ýanyndan gelip, meniñ boýnumdan gujaklap: - Jemal jan, bir haýyşym bar. Şony bitir. Seniñ ýanyñda duran Dursunyñ äridir öýdüpdirin. Men seni 5-6 aý bäri añtap ýördüm. Meni bagyşla! Saña betgüman bolanym üçin bagyşla! Sen şu haýyşymy bitir, Jemal jan! Men ejemem yrdym. O-da şeý diýer. Senem şeý diý, Jemal jan, meni il içinde masgara etme. Duz kessin, şeý diý. Näme diý diýsene, "Gijara merdiwana çykyp, dalbardan üzan ýygyp durka, birden aýagy taýyp ýykylypdyr. Injigine bolsa merdiwan gaçyp döwülipdir diýgin" diýip, ýalbaryp dur - diýdi. Rejep şondan soñ bize ýygy-ýygydan gelse-de; bir gezegem "Arada näme üçin menden ýüzüñi sowup gezdiñ?" diýip soramok. Sorajagam däl. Ýöne meniñ birje günäm, ol-da bolsa Jemala aýtma diýen zadyny aýtmaga mejbur boldum. Sebäbi bu kiçijik wakany size aýtmagym birnäçe Rejep ýaly ýigitlere uly peýda getirmegi mümkin. Orazmämmet SAPAROW. | |
|
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Ogry / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 10 | ||||||||||
| ||||||||||