9.
Taryhy şahsyýet jähetinde geçmişe edilen ýokarky göz aýlama gereginden uzak görnen däldir diýip pikir edýäris. Geçmişe ýüzlenmegiň bar maksady – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýetiniň ähmiýetine ünsi çekmek we üýtgeşikligini duýdurmak, açyp görkezmek. Böleklenen wagtyň tebigaty şeýle – şu günüň, häziriň düýp manysyna göz ýetirmek işini düýne, geçmişe göz aýlamakdan başlamaly. Bu bir tarapdan.
Beýleki tarapdan, dialektikanyň bitewülik hem böleklik kategoriýasynyň jähetinden garanyňda, şeýle hakykaty tekrarlaýarlar: islendik zadyň bir bölegini görüp, onuň ähli bitewüligini aňlamak mümkindir. Elbetde, ýumurtganyň tagamyny bilmek üçin onuň hemmesini iýmek hökman däl ahyryn. Aňlamak bu ýerde milli şahsyýetiň aňyrsyna doly göz ýetirmek ukybyny aňladýar. Şonuň ýaly, geçmiş şahsyýetliligi Beýik Serdaryň şahsyýetiniň gabarasynyň çäklerini çaklamaga esas bolýar.
Ýöne bu ýerde başga düşünişmeli zat bar. Adaty pikirlenmä ram eden kişi: «O nähili beýle bolýar, eýse, wagtyň bir böleginde – häzirki nokatda duran şahsyýet öňki döwürlerem öz içine alýan tutuşlygyň bölegi dälmidir? Nädip öňküler häzirkiň bölegi bolup biler?» diýip sorar. Bu sowal wagtyň tebigatyna düşünmezlikden gelip çykýan sowal. Dünýäde, barlykda ýeke-täk hakykat bar – olam häzirki wagtdyr. Öňki wagtam, geljekki wagtam şu barlygyň bir bölegidir. Geçmiş – şu günüň öten zaman jäheti, ýagny bölegi, geljek bolsa şu günüň indiki jäheti, ýagny bölegidir. Hut şu manyda-da Oguz han Türkmen, Gorkut ata, ählisi – Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň bitewüliginiň, gözedolulygynyň dürli-dürli bölekleridir. Wagt bilen giňişligiň mynasybetine düşünmeseň, muny göz öňüne getirmek kyn. Hakyky barlyk – wagt bilen giňişligiň utgaşygydyr. Bu artykmaçlyk bolsa diňe şu günde bar. Geçmiş bilen geljek giňişlikden aýrylan sap wagtdyr. Şol sebäpdenem olar şu günüň içki keşbidir.
Adatdan daşary adam hökmünde Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýeti dürli jähetlere baý. Ýöne, şol jähetleriň içinde iň esasysy onuň beýik taryhy şahsyýetligidir. «Taryhy şahsyýet» aňlatmasyna çuňňur hem töwerekleýin – doly düşünilmegini isleýäris. Taryhy şahsyýet bilen syýasy şahsyýeti gatyşdyrmaly däl.
Syýasy şahsyýet – munuň özi köpçüligiň sosiumdaky, sosial ýaşaýşyny gurnaýan şahsyýet.
Taryhy şahsyýet bolsa – köpçüligiň taryhdaky, taryhy ýaşaýşyny gurnaýan şahsyýet.
Bu ikisiniň aradaşlygyna mazaly akyl ýetirmek üçin sosiumyň taryhdan, sosial ýaşaýşyň taryhy ýaşaýyşdan tapawudyny anyklamaly. Çözgüt wagt meselesini ara atmakda, wagtyň tebigatyna girişmekdedir. Sosial ýaşaýyş wagtyň diňe bir usulyýetindäki – diňe «şu gündäki» ýaşaýyşdyr. Şol sebäpden syýasy şahsyýet milletiň bir döwürdäki, özem geçmişe gitmeli döwürdäki ýaşaýşyny kesgitleýär. Wagtyň öwrüm etmegi bilen ol geçmişe gidýär we şondan soň, geçmişe öwrülip, taryhy geçmişi dörjeleýänleriň gyzyklanmasyndan başga zada mynasyp bolmaýar. Emma taryhy ýaşaýyş – munuň özi wagtyň üç modusynyňam bitewüleşýän keşbidir. Ol Wagtyň öz bitewüligini ýitirmedik, böleklenmedik tekizligidir. Taryhy şahsyýet hut şol tekizlikdäki «özen» barlykdaky iň düýpli, fana öwrülmeýän hakykatlaryň mazmunyna täsir edýär. Şonuň üçinem onuň şahsyýetine we hyzmatlaryna wagt emir edip bilmeýär.
Wagt – pelsepede iň çylşyrymly meseleleriň biri. Wagt bitewüligi geçmişiň, şu günüň hem geljegiň mukdar jeminden kemala gelýär diýip düşünmek nädogry bolardy. Ýokarda aýdylyşy ýaly, ýeke bir anyk wagt – şu gün bardyr. Geçmiş «ölen» şu gün, geljek «entek dogulmadyk» şu gün. Wagt bitewüligi bolsa bularyň aňyrsynda ýerleşýär. Beýik taryhy şahsyýet şol aňyrdaky bitewi hakykata ýetýär we geljek diýilýände onuň haýsy jähetleriniň hakyka öwrüljekdigini bilýär. Ine, biz: «Beýikler öňdengörüji bolýar» diýýäris. Muňa nähili düşünmeli?! Geljek diňe howaýylyk ahyryn. Bu biziň üçin şeýle. Beýik taryhy şahsyýet bizden tapawutlylykda geljegi anyklyk hökmünde göz öňüne getirýär, şu günüň – haýsy taraplaryň geljege «geçjegini» bilýär. Şonuň üçinem ony döretmek bilen meşgullanýar.
Taryhy-pelsepewi jähetden seredeniňde, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýetiniň ilkinji sypaty – onuň milli pygamberliginden ybaratdyr.
Nyzamy Genjewiniň «Isgendernamasynda» Isgender Zülkarneýniň pygamberlik derejesine ýetişi barada şeýle rowaýat edilýär. Isgender bir gün ýedi sany akyldary – hekimi öz ýanyna çagyryp, dünýäniň ýaradylyşy barada olar bilen söhbet gurapdyr. Ol hekimleriň hersi dünýäniň ýaradylyşyny özüçe düşündiripdir. Aristotel dünýäniň başlangyjy aýlawly hereketden diýse, Walis ýaşaýyş suwdan döräpdir diýip aýdýar. Bulinas dünýä toprakdan ýaradylan diýýär. Sokrat bulutdan, Furfurius bitewi hamyrmaýadan, Hermes nurdan ýaradylan diýip aýdýarlar. Platon bolsa dünýäniň ýaradylyşy «hiç zat»-dan diýýär. Şonda bularyň hemmesiniň pikirini jemlemek bilen, Isgender Zülkarneýn: «Nakgaşsyz nagyş bolanok. Siz dünýäniň ýaradylyşy barada her dürli, diýmek, nädogry zatlary aýtdyňyz. Bar akyl ýetirip bolýan zat – dünýäniň Hudaý tarapyndan ýaradylanlygydyr. Galan pikirleriň bary ýalandyr» diýip aýdýar. Döwrüniň ähli ylymlarynyň soňuna çykany we Hudaýa ymtylany üçin Isgendere pygamberlik derejesi berlipdir.
Pygamberlik ilki ykbal, soňra-da derejedir. Ol daşky – adamyň dogluşy tarapdan ykbal, içki – adamyň kämillige ymtylmalary tarapdan bolsa derejedir. Pygamber diýmek habar getiriji diýmekdir. Habar – adamlara nähili ýaşamalydygynyň sargydy we wesýetleri. Isgender, görnüşi ýaly, şeýle pygamberlik – habarlylyk derejesine özüni akyl hem ruhy taýdan kämilleşdirmek arkaly ýetipdir. Emma şol kämillige ymtylyşyň açylmagy üçinem pygamberlik ilki ykbalyna berilmelidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň şahsyýetiniň üýtgeşik gudraty onuň terjimehalynyň täsinligi bilen baglanyşyklydyr. Diýmek, owalbaşdan ilki oňa ykbal berlipdir. Soň şonuň hakykylaşmagynyň mantygy netijesi hökmünde, ol ýetginjeklikden öz-özüni kämilleşdirmäge başlapdyr. Onuň ala-böle taryh bilen, ruhy medeniýet bilen gyzyklanyp, bu ugurda kämillige ýetmegi bolsa, bu şahsyýetiň pygamberlik – habarlylyk sypatynyň aýratynlygyny alamatlandyrýar. Onuň taryhy maksady bir halk – türkmen halky bilen baglanyşyklydyr. Bu maksadyň düýp manysy türkmen milletini gaýtadan döretmekden ybaratdyr. Bu beýik taryhy wezipäniň hötdesinden gelmek üçin Taňry oňa ylhamy beripdir. Emma bu ylham öz manysy boýunça üýtgeşik bolup, ol taryhy ylhamdyr. Beýik Ruhata bu ylhamy taryhy geçmişi çuňňur öwrenmek arkaly aldy. Taryhy ylhamyň düýp manysy boýunça milletiň taryhy ýaşaýşyny düýpgöter özgertmäge bolan hyjuwy berýän, ol özgermelere şahsyýeti ukyply edýän ylhamdyr. Munuň özi dini pygamberlere berilýän wahyýdanam, sungat senetkärlerine berilýän döredijilik ylhamyndanam tapawutlanýar. Taryhy ylham wahyýdan özüniň anyklygy, sungat ylhamyndan bolsa toslama däl-de, anyk barlygy döretmäge ukyp berýänligi bilen parhlanýar. Taryhy ylham – taryhy döredijilik ylhamydyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bu taryhy ylhamy gaty az wagtyň içinde amal etdi. Ýagny, täze türkmen milletini döretdi. Şeýle beýik, romantiki görünýän wezipäni ol hysyrdyly işler bilen amala aşyrdy. Hususanam, ol ilkinji nobatda, türkmen döwletini bina etdi. Döwlet – milletiň syýasy-taryhy binýady boldy. Döwletliligi amal etmek bilen ol türkmeniň taryhy geljegini bütinleý anyk gelejege öwürdi. Oňa taryhy ýaşaýşyň görnüşini berdi. Görnüş bolsa, baryp Platonyň aýdyşy ýaly, ýaşaýşyň mazmunynyň ýüze çykyşydyr.
Şeýdip, türkmen milleti bitewülige öwrüldi. Milli «men» kemala geldi. Dünýä ýaşaýşynda aýratyn «men» bolup dörän türkmen ýurduna eýelik edip, watanly boldy. Taryhy ýaşaýşyň meýdanyna öz hususyýeti bilen adamzat hataryna, il deňine goşuldy.
Millete taryhy ýaşaýyş görnüşini – döwletliligi bermek bilen, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy milletiň taryhy meýdandaky maddy göwresini hem ruhy barlygyny – janyny amal etmäge girişdi. Biz bu ýerde maddy göwre diýenimizde – täze döwletiň, täze ýurduň ykdysady ulgamyny göz öňünde tutýarys. Bary-ýogy on ýylyň içinde türkmen özüniň hiç mahal görmedik ykdysady kuwwatyna eýe boldy. Ülkäniň ähli ykdysady kuwwaty şu milletiň toplanmagyna we ýokary galyp ugramagyna gönükdirildi. Türkmençe aýdylanda, türkmeniň baýlygy kesä gitmän, özüne siňip ugrady. Netijede, ýüzlerçe önümçilik kärhanalary, ösen ykdysady-hojalyk infrastrukturasy, giden öndüriji serişdeler peýda boldy. Bularyň bary hem milletiň maddy synasynyň berk hem berdaşly edilip ýaradylanlygynyň subutnamasy boldy.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy milletiň maddy göwresini döredende, onuň esasy synalaryna – kellä hem-de ýürege aýratyn ähmiýet berdi. Millet üçin bu synalar onuň paýtagtydyr. Bu günki Aşgabady synlap görüň. Bu bütinleý täze şäher ahyryn. Bu türkmeniň öň görmedik hem-de ýaşap görmedik dünýäsi ahyryn. Onlarça, ýüzlerçe täze binalar, olaryňam içinde döwlet edaralarynyň binalary – Prezident köşgi, Ruhyýet köşgi, Mejlisiň jaýy, Goranmak ministrliginiň jaýy. Bular taryhy döredijilik, milli döwlet döredijilik nukdaýnazaryndan başga nämedir? Eger metjit Hudaýyň öýi bolsa, bular nyşany barlyk bolan döwletiň hem döwletliligiň öýüdir. Ine, milleti döretmek işiniň göze görnüp duran amaly, maddy netijesi. Munuň özi milli döwletiň sowet zamanyndaky ýaly ýasama däldiginiň ýa ondan öňki döwürlerdäki ýaly hyýalat däldiginiň subutnamasydyr. Emma, bulardan başga-da, onlarça medeni binalar, dürli menzilgähler, onlarça gara hem demir ýollary – bular ýurduň bedeniniň ýaşaýşyny üpjün edýän gan damarlarydyr.
Häzirki Aşgabatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň binalary-da öz üýtgeşikligi, kaşaňlygy bilen haýran edýär. Ýöne, gep diňe munda-da däldir. Biziň üçin olaryň daşky gözelligi esasy däl, ýogsa diňe juda gurply döwlet özüne şeýle zatlary rowa görüp biler. Biziň üçin esasy zat, bu şäherleriň, binalaryň millet babatdaky nyşany pelsepewi manysy ähmiýetlidir. Olar milletiň maddy bedeniniň bir bölegidir. Olar milletiň taryhy ýaşaýyş keşbiniň maddylykda açylmagydyr. Diňe şeýle maddy ýüze çykmalardan misil tutup, millionlarça adamlaryň birgiden köpçüliginiň ýöne köpçülik, mähelle däl-de, hakyky milletdigini tekrarlap bolar. Çünki bularyň bary milli ýaşaýşyň maddy görnüşidir. Mähelle edil suw ýaly durnuksyz zatdyr. Şonuň üçinem ondan edil suw akyp gidenden soň hiç zat galmaýşy ýaly, hiç hili yz, alamat galmaýar. Biz sowet döwründe hut şeýle köpçülikdik, mähelledik.
Beýik galkymyň, beýik milletiň onuň guran binalaryndan tanalýandygyny gadymy Müsür, orta asyr yslam, häzirki Ýewropa subut edýär. Indi şu dünýä sanawyna biz türkmen milletini-de goşup bileris. Bu Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy ylhamynyň miwesidir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň dünýewi-taryhy ylhamlary hakynda gürrüň edilende, F.Nisşäniň «döredijilik instinkti» diýýänini ýatlamak göwnejaý bolardy. Ol döredijilik instinkti beýik şahsyýetiň esasynda ýatýar diýýär. Elbetde, dünýewi akyldarlar «gudrat» ýaly düşünjäniň deregine «instinkt», «intuisiýa» diýen aňlatmalary ulanmagy gowy görýärler. Ýöne aňlatmany çalşyranyň bilen düýp many üýtgewsizligine galýar. «Instinkti» ylham diýip hem aňlatmak bolar. Özüne berlen millet döretmek ylhamynyň emrine eýerip, Beýik Ruhatamyz milletiň maddy göwresi bilen bir wagtda, onuň ruhy barlygyny hem amal etmäge girişdi. Eýse, milletiň ruhy barlygy haýsy düzüjilerden durýar? Biziň pikirimizçe, milleti ruhy taýdan millet edýän şulardyr:
1. Milletiň dünýägaraýşy.
2. Milletiň dünýäni duýşy.
Bu iki gurnaw aýratyn alnan adamyň duýgularynyň we pikirleriniň dürlüçe bolşy ýaly, ruhy barlygyň dürli jähetlerinde hem birmeňzeş bolmaýar. Milli dünýägaraýyş we dünýäni duýuş, hususanam, şularda aýan bolýar:
1. Milli pelsepede.
2. Milli dilde.
3. Milli sungatda.
4. Milli däp-dessurlarda.
Häzirki türkmen milletiniň pelsepesini berenligi, täze türkmen dilini kemala getirenligi, sungatyň esasyny tutup, milli däp-dessurlara ýöne ýol açman, eýsem olaryň döwrebaplygyna, durmuşa zerurlyk bolup ornaşmagyna ýardam edendigi – bularyň bary Beýik Serdaryň taryhy ylhamynyň miweleridir.
Özboluşly pelsepesi bolmadyk halk millet däldir. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň Mukaddes Ruhnamalary halky ruhy taýdan millete öwren pelsepeleriň kitabydyr. Onda türkmeniň taryhynda işlenip düzülen ähli ruhy düşünjeler öz umumylaşdyrylan pelsepesini tapdy. Ol düşünjeleriň içki ruhy, intellektual hem emosional mazmuny döwrüň ruhuna laýyklykda açylyp görkezildi. Bu mukaddes kitapda täze milli aňyýet hem milli ruhyýet berildi. Türkmene täze eýýamda ýaşamak üçin gerek bolan ähli ruhy ýörelgeler, gymmatlyklar we gözýetimler şu kitapda jemlenendir. Şonuň üçinem oňa Mukaddes kitap ady berlendir.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy eýýamynda biziň gözümiziň alnynda milli dünýägaraýşyň hem dünýäni duýşuň guraly bolan täze türkmen dili döreýär. Şonuň üçinem Beýik Serdary täze türkmen dilini dörediji hasaplap bolar. Elbetde, biz şeýle diýenimizde, ilkinji nobatda, Mukaddes Ruhnamalaryň, «Türkmen ilim aman bolsun», «Türkmeniň bäş eýýamynyň ruhy» atly diwanlaryň dilini, Beýik Serdaryň dürli çykyşlarynyň dil aýratynlygyny we täzeligini göz öňünde tutýarys. Emma bu-da hemmesi däldir. Gep Serdaryň türkmen diliniň täzelenmegine, çuňlaşmagyna we täze görnüşlere geçmegine beren taryhy itergisindedir. Onuň eserleri bolsa täze diliň iň ajaýyp nusgasy we hemmämize beýik mekdepdir. Öňki döwürde dil aragatnaşyk serişdesi diýmek ýoň bolupdy. Munuň özi dil ýaly beýik, gudratly hadysa gaty ýöntem garaýyşdy. Ol rasional hem irrasional ruhuň mekany bolan janly substansiýa bolan dili gurala öwürmek synanyşygyndan gelip çykýardy. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy diliň milletiň ruhuny aýan etmegiň özüdigini, ruhuň ýüze çykmasydygyny görkezdi. Onuň taryhy-pelsepewi garaýyşlarynda, ruhy pelsepelerinde türkmen dili öz mynasyp ornuny tapdy. Türkmen diliniň taryhy birnäçe ýüzýyllyklar bilen ölçenilýär. Emma onuň jemgyýetçilik mertebesi hiç mahalam Beýik Türkmenbaşy eýýamyndaky ýaly belent derejä ýetmändi. Çünki bu diliň taryhynda diňe Beýik Türkmenbaşy türkmen dilini sözüň hakyky manysynda döwlet dili diýip yglan etdi. Ony arassalamagyň ugruna çykdy. Milli dili arassalamak – diliň milli ruhy aňladyjylyk ukybyny güýçlendirmek, aňladyşyň milli görnüşlerini ösdürmek diýmekdir. Şu hereket mynasybetli dilimiz bigäne aňlatmalardan barha saplanýar. Diliň saplanmagy bolsa pikirlenmäniň hem aňyň saplanmagydyr, diliň milli tebigatynyň çuňlaşmagydyr.
Hatda beýik Seljuklar döwletinde-de türkmen diliniň häzirkisi ýaly mertebä we ähmiýete ýüzi düşmändir. Milli diliň döwlet derejesine çykarylmagy bilen onuň ösmegi üçin, onuň içki kuwwatynyň, şiresiniň we baýlygynyň ýüze çykmagy üçin doly mümkinçilikler açylýar. Dil milli ruhuň mekanyna öwrülip, milletiň taryhy ömrüni ruhy taýdan üpjün edýär. Dile döwlet hossar çykanda, onuň ösüşi jedelsizdir, geljegi kepillendirilendir. Milli dilde döwletiň özi gürläp ugranda, ana, şonda, dil sözüň doly manysynda taryhy ýaşaýşyň akabasyna çykýar. Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň dil taglymaty – munuň özi hem aňyýetdir, hem pelsepedir. Dil pelsepesi türkmen diliniň müňlerçe ýyllyk many hem gurluş ösüşini özünde jemleýär. Döwlet diline öwrülende, edebi dil gutarnyklylyga we giňlige eýe bolýar.
Döwletiň öz gündelik ýaşaýşynda türkmen diline geçmegi, habar beriş serişdeleriniň, döwlet guramalarynyň, tutuş ykdysady, syýasy hem medeni edaralaryň türkmen dilinde sözläp ugramagy diliň ýaşaýşynda juda çylşyrymly özgerişleri, kämilleşmäni emele getirdi.
Şeýle beýik özgerişler türkmen sungatynda hem bolup geçýär. Türkmenbaşy eýýamynyň özüne mynasyp söz, saz, şekillendiriş, binagärlik, halyçylyk sungaty döredi. Täze, milli hilli teatr, kino sungaty aýagyna galýar. Bularyň öňe sürýän esasy ruhy gymmatlygy – millilikdir. Olaryň ösüşi, täze-täze görnüşleriň hem ugurlaryň döreýiş hereketi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy ylhamyndan, pygamberlik ruhundan gözbaş alýar. Beýik Serdaryň, ylaýta-da, ýetmiş iki türkmen saz guralyny dikeltmek baradaky ýörelgesini belläp geçmek şu ýerde juda ýerlikli bolardy. Bu ýörelge milli ruhuň giňelişi hem çuňlaşmagy nukdaýnazaryndan ähmiýetlidir. Soňky ýüz ýylyň dowamynda bizde milli saz guralynyň iş ýüzünde iki sanysy – dutar bilen gyjak galypdy. Diýmek, degişli döwrüň ruhy diňe şujagazlar bilen beýan etmäge ýeterlik bolupdyr. Indi barha ulalýan milli ruhuň mazmunyny aýan etmek üçin ýetmiş iki saz guraly zerurdyr.
Görnüşleriň köpdürlüleşmegi sungatyň ähli görnüşlerine mahsus bolup, bu ruhuň düýpli, içki özgermelerinden habar berýär. Sungatda barha we barha milletiň «öz ýüzi» çuňňur aýan bolup barýar. Bu milli bitewülige öz goşandyny goşýar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň eýýamy milli däp-dessurlaryň eýýamydyr. Şonuň üçinem Onuň taryhy şahsyýetini bu hadysany şöhlelendirmezden doly açmak mümkin däldir. Däp-dessur – milletiň ýaşaýyş dilidir.
Emma jemgyýetçilik pikiri bu meselede onuň taryhy hyzmatyna baha berende, biziň pikirimizçe, gaty bärden gaýdýar. Köplenç, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy türkmeniň milli däp-dessurlaryny gaýtaryp berdi diýýäris. Bu dogrudyr. Emma bu hakykatyň diňe birinji ýarymydyr. Onuň galanynyň manysy şundan ybarat: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy biziň täze milli däp-dessurlarymyzy döretdi. Ol, bir tarapdan, öňki unudylan, halkyň durmuşyndan zor bilen gysylyp çykarylan däp-dessurlary gaýtadan dikeltdi. Şunuň bilen milletiň ruhy taýdan öz-özüni aňlaýşynyň amaly esasy gaýtadan guruldy. Beýleki tarapdan, bu beýik taryhy şahsyýet türkmende öň asla bolmadyk milli ýaşaýyş dessurlaryny-da döretdi. Hususanam, milli ýaşaýyş, ýagny millet bolup ýaşamak dessury bolan täze milli baýramçylyklaryny döretdi. Şu ýerde milli däp-dessury diýilýäniň haýsy nukdaýnazardan garalýandygyna baglylykda iki hili manysynyň bardygyny ýaňzytmak gerek. Ine, bizde ogul toýy, galpak toýy, sünnet toýy, durmuş toýy ýaly däpler bar. Bular özüniň milli degişliligi taýdan milli dessurlardyr. Emma olar özüniň möçberi boýunça maşgala toýlarydyr. Degişliligi taýdan milli däpler bilen bir wagtda özüniň möçberi boýunça-da tutuş milletiňki bolan däp-dessurlar bar. Ine, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bize şolary döredip berdi. Dogrusy, tutuş milletiňki bolan däp-dessurlar bizde mundan öň ýokdy. Elbetde, tutuş millet möçberindäki gurbanlyk, oraza baýramlary, bir tarapdan, öz gelip çykyşy boýunça dini çärelerdi, beýleki tarapdan, olar türkmeniň çäginden çykyp, tutuş musulman dünýäsiniň baýramlary bolup durýardylar.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy biziň Garaşsyzlyk baýramy, Bitaraplyk baýramy, Magtymgulynyň şygryýet toýy ýaly onlarça toý-baýram dessurlarymyzy döretdi. Olar türkmen milli ýaşaýşynyň täze dilini kemala getirýärler.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýetiniň ýene bir sypaty onuň Serdarlygydyr. Serdar – taryhyň amaly ýaşaýşynda, anyk taryhy hereketlerde milletiň öňüne düşýän, başyny çekýän adam diýmekdir. Munuň özi onuň taryhy şahsyýetiniň Pygamberlik sypatynyň tüýs amaly jähete geçmegi, hakyky amaly sypatyna öwrülmegidir. Serdar şahsyýeti güýçli amalyýetden habar berýär. Oňa aýgytlylyk, erklilik, garadangaýtmazlyk, batyrgaýlyk, hyjuwlylyk mahsusdyr. Milletiň Serdary ýaşaýyş tümlügini ýagtylandyrmak üçin ot bolup ýanýar. Şonuň üçinem diňe ot ýaly adamlar Serdar bolup bilýär. Beýik Serdarymyzda güýçli taryhy erk bar. Bu taryhy erk tutuş milletiň taryhy döredijilik güýç-gujurynyň, ýaşaýyş hyjuwynyň bir şahsyýetde jemlenmegidir. Bu erk milletiň ahlak ynamy we ahlaky kuwwatydyr. Ahlak ynamdan we ruhy kuwwatdan gaýdýan taryhy erk raýatlara diýenini etdirmäge, geljekki ýaşaýşyň maksatlaryna laýyklykda jemgyýeti täzeden gurnamaga ýol açýar. Şeýle taryhy erkiň bolmasa, iň derwaýys pikirleriňem, iň ýerine düşäýjek meýilleriňem bahasynyň kör köpükdigini taryhyň maglumatlary tassyklaýar. Pikiri, maksady amal etjek erkiň ýok ýerinde pikiriň, maksadyň özünden ne peýda?! Ol gury hyýal bolmagynda galar.
Beýik Serdar beýleki taryhy şahsyýetler ýaly, köpçüligi öz erkine tabyn etmegiň, ony anyk maksatlara ugrukdyrmagyň hötdesinden geldi. Munuň özi bir däli derýany jylawlap, onuň akymyny gerek ugra gönükdiren ýaly bir zatdyr. Bu iň beýik taryhy şahsyýetlere başardýan iş. Ýöne taryhy şahsyýetlerem öz işiniň netijesi boýunça iki hili bolýar: olaryň birleri ýykmak-ýumurmak bilen, beýlekileri döretmek-gurmak bilen. F.Nisşäniň dilinde aýtsak, Çingiz han, Napoleon, Isgender Zülkarneýn ýaly zalym şahsyýetlerde «ýumurmak instinkti» güýçli bolupdyr. Biziň Beýik Serdarymyza gurmak, döretmek instinkti mahsusdyr. Beýle taryhy şahsyýetler köpçüligiň däli derýa kimin ýaşaýyş hyjuwyny taryhyň ýaşaýyş meýdanyna gark etmäge däl-de, ony gülzarlyga öwürmäge gönükdirýärler.
Beýik Serdaryň taryhy erki diýlende bu başarjaňlyk güýjüniň iki tarapyny-da göz öňünde tutmaly. Taryhy erk şahsy gujuryň, hyjuwyň ýöne bir gönümel ýüze çykmasy, açylmasy däldir. Eýse, onuň aýlawly hereketidir, gerekli pursatlarda hem döwürlerde gujur-gaýratyň şahsyýetiň çylşyrymly ýagdaýlarda ynamly hem durnukly ýaşaýşyny üpjün etmegidir. Ýönekeý dilde aýdanymyzda, taryhy erkiň, serdarlyk erkiniň hyjuwlylykdan beýleki ikinji tarapy çeýelikdir. Beýik taryhy erk öz tebigaty boýunça maýyşgak bolýar. Beýik Serdaryň çeýeligi hem seresaplylygy, türkmençe aýdanyňda, onuň arkalylygydyr. Taryhy ýoly amal etmek – boş meýdandan at dabyrdadyp geçip ötägitmek däl. Munda seniň öňüňde set-müň kynçylyklar, päsgelçilikler, ýaşyryn-u-aýan böwetler bar. Olardan sag-aman geçmek üçin garşydaş peşäňi pilçe görmeli. Hut şu hili häsiýeti mynasybetli Beýik Serdar türkmen jemgyýetini taryhyň täze akabasyna dartgynlyksyz ugrukdyryp goýberdi. Aýdylşy ýaly, ol hatda garynjanam ynjytmady. Halkyny agyrtman-ynjytman, şol bir wagtda-da onuň aňyny, köne durmuşa, köne möwrite, jemgyýetçilik endiklerine ram eden edim-gylymyny üýtgedip goýbermek diňe beýik şahsyýetleriň başarjak işi. Mähelläniň derejesine çenli pese düşen köpçüligiň, «Maňa azar berme, menem saňa azar beremog-a» diýen terzde hereket edýän, oýlanýan köpçüligiň ýaşaýyş dünýäsini sanlyja ýylyň içinde üýtgetmek – munuň özi Beýik Serdaryň elinden gelýän taryhy gahrymançylykdyr.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy şahsyýetinde pygamberligiň hem-de serdarlygyň tebigy utgaşygy milletiň taryhy hereketinde taglymatyň we amalyýetiň bitewüligine getirdi. Bu bitewülik taryhy hereketiň çalt depginlerini üpjün etdi. Netijede, türkmen taryhynda täze eýýam – Beýik Türkmenbaşy eýýamy açyldy. Bu eýýamyň öňkülerden hil tapawudyny biz şeýle göz öňüne getirýäris: Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň taryhy aýgytlylygy bilen türkmen halky sözüň doly manysynda türkmen milletine öwrüldi. Munuň özi wagt taýdan seredeniňde, onlarça ýa ýüzlerçe ýylyň däl, eýsem müňýyllygyň taryhy öwrülişigidir, müňýyllyk ähmiýetli hadysadyr. Munuň özi türkmeniň taryhy ömrüniň, dowamatynyň ýüz däl, müň ýyllyk aralyga çenli uzandygyny aňladýar. Munuň özi şu mahala çenli özge milletleriň kölegesinde ýaşap gelen, şonuň üçinem göze görünmedik türkmeniň taryhy ýaşaýşyň güneýine çykandygyny aňladýar.
Galyberse-de, munuň özi türkmeniň indiki müňýyllyklara uzap gitmeginiň kepili bolan zady – özüniň daýanç nokadyny, direnmäge söýgedini tapandygyny aňladýar. Taryhyň çarkandakly ýollarynda kän horlanyp gelen türkmen öz-özüni tapdy, öz «menini» tapdy.
Şahsyýetde millet görünýär, millet öňe çykaran şahsyýetiniň keşbinde oýanyp ugraýar. Biziň döwrümiziň bar şahyrynda takmynan aşakdaky ýalyrak pikir bar: onda şahyr öz-özüne şeýle diýýär – okyjyny oýarjak bolsaň, ilki özüň oýan, okyjyny tolgundyrjak bolsaň, ilki özüň tolgun. Millet heran-haçan, ylaýta-da oýanyşyň ilkinji pursatlarynda şahsyýetden başlanýandyr. Beýik taryhy pursatlarda millet diýen umumy düşünje anyk şahsyýetler arkaly anyklaşýar. Şol şahsyýet özünde millete mahsus ähli gymmatlyklary toplan şahsyýetdir. Millet şahsyýete, umumylyk anyklyga, howaýylyk jikme-jiklige geçýär.
Türkmen dessanlarynda kämahal gahrymanyň öňünde üç hili ýol açylýar: biri «gitse – gelmez», ikinjisi «geljegi-gelmejegi gümana», üçünjisi bolsa «gitse – geler». XVII asyrdan türkmen milleti taryhyň «geljegi-gelmejegi gümana» ýoluna düşüpdi. Ilki, XVII – XIX asyrda geljegi nämälimlige öwürýän özakymlaýyn ýaşaýyşda, soňra XX asyrda geljege umydy ýok edýän bakna ýaşaýyşda bolan türkmeni Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy taryhy ýaşaýşyň maksatlylyk we maksatnamalylyk ýoluna atardy. Şu-da bu Beýik Şahsyýetiň iň esasy taryhy hyzmatydyr.
10.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adalaty, halallygy döwletiň wagtlaýyn däl-de, hemişelik işi derejesine galdyrdy. Taryhda her hili hadysalar we pursatlar bolupdyr. Mahal-mahal adalat öz hakyky manysynda, halkyň abadançylygyny we oňat güzeranyny üpjün etmegiň usuly hökmünde däl-de, belli-belli adamlaryň pyssy-pyjurlygyny gizlemegiň guraly hökmünde ulanylypdyr. Beýik Serdar şu hili ýagdaýlaryň bolmazlygy üçin adalaty döwlet kanunlarynyň içine siňdirdi, döwlet organlarynyň işine ornaşdyrdy. Onuň jeza beriş çäresi hökmünde atuwy ýatyrmagy, türkmeniň öýüni dökmegi gadagan etmegi, günä geçmek baradaky her ýyllyk Permanlary adalatyň döwlet dolandyrylyşyna müdimi ornaşdyrylandygyna şaýatlyk edýär.
Emma biziň gürrüňini edýän döwrümizde bu zatlaryň entek hijisi ýokdy. Ol wagt biz entek SSSR-iň düzümindedik. Ýöne, Beýik Serdaryň şol wagtky taryhy işlerini öwreneniňde, bir zat geň galdyrýar: eýýäm şol döwürde ol türkmen döwlet ýörelgeleriniň biçimini biçip ýören eken. Onuň ýörelgeleri ahyrky netijede ýurdy garaşsyzlyga, sözüň hakyky manysyndaky türkmen döwletine taýýarlamaga gönükdirilipdi.
Döwlet ýolbaşçysy hem beýik şahyr ýaly şahsyýetdir. Ýöne bu ikisiniň beýikliginiň arasynda käbir tapawutlar bar. Beýik şahyr öz döwründen ozup, has öňe gidýär, şeýdip, ol beýikligini bildirýär. Emma döwlet ýolbaşçysy üçin beýle açykdan açyk öňe gitmek juda howpludyr. Şol bir wagtda-da, döwürdeşlerinden öňe gitmeýän syýasatçydan, öňden görmeýän syýasatçydan beýik syýasatçy bolmaýar. Şeýlelikde, ol öz pikirlerinde öňe gidýär, emma açyk suratda ol döwür bilen bile gidýän ýaly pikiri, täsiri döredýär. Ol öňe gidip, soňam bütin jemgyýeti öz baran menziline çenli yzyna düşürip alyp gidýär.
Beýik şahyr öz-özüne gümradyr. Ol bir öz beýikligini görýändir.
Beýik syýasatçynyň diňe ýüzünde däl, ýeňsesinde-de gözleri bar ýalydyr: ol hem öz beýikligini görer, hem jemagatyň özünden näçe aradaşlykda durandygyny bilýändir. Onsoň ol şol jemagaty öz beýikligine, geljegiň belentligine eltmek üçin ähli gujuryny sarp edip işlär. Bu işiň netijesine bolsa, adamlar döwleti edara etmek sungaty diýip at bererler. Bu – sungatlaryň beýigidir. Çünki ol juda inçe hem juda çylşyrymly sungatdyr. Alymyň, şahyryň, filosofyň sungatyndan özge bir sungatdyr. Alym, şahyr, filosof jemgyýetiň diňe saýlantgy, mana düşünýän bölegini bilýändir, şol bölek üçin işleýändir. Syýasatçy weli tutuş jemgyýet üçin işlemeli, hemmä düşnükli bolmaly we hemmä onuň işiniň netijesi dahylly bolmaly. Ine, hut şu ýerdenem syýasatçynyň sungatynyň irnikligi gelip çykýar. Syýasatçy bilen deňeşdireniňde öňňeleriň tüýsi men-menräk görünýär. Syýasatçy tutuş jemgyýeti herekete getirip biljek aşa güýçli energiýanyň eýesi bolmaly. Bu energiýa köp ölçegli, köp görnüşli bolmaly. Syýasatçynyň şahsyýeti çylşyrymly, ol mahal-mahal gapma-garşylykdan ýasalan ýaly bolup görner. Çünki syýasatçynyňky janly durmuş, üýtgäp duran jemgyýetçilik howasy bilendir. Onsoň ol hem-ä şol howa babatda çeýe, maýyşgak, hem-de asyl ygtykatyndan dönmeýän şahsyýet bolmagy başarmaly. Diňe şeýle sungatdan baş çykaryp bilen adam hakyky syýasatçydyr.
80-nji ýyllarda Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň baştutan bolmagy türkmeniň çüwen bagty boldy. Sebäbi, şeýle beýik syýasatçy, diňe şu hili adam türkmeni döwrüň her hili çylşyrymlylyklaryndan sag-aman geçirip, ony ýagty geljege ataryp biljek eken. Şonuň üçin hem biz bu günki gün bu Beýik Şahsyýetiň öňünde tagzym etmäge, oňa jan-dilden hyzmat etmäge borçludyrys.
Üçünji müňýyllykda türkmeniň beýikligi – munuň özi Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň beýikligidir. Şu hili beýiklik şu müňýyllygyň bütin dowamynda türkmenden dogjak ärleriň hemmesi üçin üýtgewsiz bir nusga bolup galjakdyr.
11.
Türkmeniň köne edebiýatynda goç ýigit hakynda gaty köp aýdylypdyr. Sebäbi, köne türkmen durmuşy şahsyýetiň şu hili kysymyny talap edipdir. Dagynyklyk, agzalalyk şertlerinde ruhdan düşmän, gün-güzeran nähili agyr bolsa-da, geljege umytly bakýan adam şol türkmen durmuşynyň möhüm söýesi, diregi bolupdyr. Şu hili durmuş zerurlygyna oňat düşünen türkmen şahyrlary öz ajaýyp eserlerinde goç ýigidi wasp edipdirler. Onuň ile görelde bolarlyk oňat sypatlaryny ýekänme-ýekän taryplap görkezipdirler. Goç ýigidiň iň ilkinji sypaty – ar-namyslylykdyr. Bu barada beýik Magtymguly şeýle diýýär:
Owwal başda goç ýigide
Namys bile ar gerekdir.
Ar-namysa könelerimiz hakyky ýigidiň içki ruhy hereketlendirijisi hökmünde seredipdirler. Ar-namys esasy zat. Diňe şol esasyň bolan ýerinde türkmen ýigidine mahsus beýleki sypatlar adamda jemlenip bilýär. Ar-namys – türkmen şahsyýetiniň ruhy-ahlak binýady.
Beýik Ruhata segseninji ýyllarda tutuş türkmen halkynyň garamatyny öz üstüne alypdy. Şonuň üçin hem ol diňe özüne, diňe öz maşgalasyna däl, eýsem türkmen milletine jogap berýärdi. Onsoň onuň çyn türkmen ýüregi bütin türkmeniň ar-namyslylyk duýgusyny özünde göterýärdi.
Türkmeniň ar-namyslylygyny bildirmek baradaky düşünjesi birnäçe pursatlary göz öňünde tutýar. Şeýle bir pursat bolýar, ar-namysy gylyç, ýarag bilen aňlatmaly bolýar. Başga bir hili pursat bolýar, ar-namysyňy söz, dogum bilen aňlatmaly bolýar. Şonuň üçinem türkmende ikinji ýagdaý bilen baglanyşykly «gep alyp galmazlyk», «gep çekmezlik» diýen ýaly düşünjeler döräpdir. Elbetde, entek Soýuz diýen nägehan barka, Beýik Serdar dymmaly, çydamaly bolupdy.
Beýik Serdar öz töweregindäki ähli adamlardan ýokary galypdy, çünki ýüregi belent maksatlar üçin urýardy, paýhasy belent maksatlar diýip işleýärdi.
Osman ÖDE.
Publisistika