6.
Üýtgedip gurmak ýyllary diýlip atlandyrylan – SSSR-iň ýykylyp ugran döwründe Aşgabada SSKP MK-nyň sekretary Aleksandra Pawlowna Birýukowa gelipdi. Bu zenanyň Aşgabada gelmesi we onuň türkmen halkyna aýdan sözleri öz döwründe uly seslenme döretdi. Bu sapar Merkez bilen Türkmenistanyň arasyndaky soňky sapar bolupdy. Bu sapar Merkez bilen Türkmenistanyň arasyndaky köp zatlaryň üstüni açypdy. Bu sapar Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň aňynda birgiden heserler, oýlanmalar salypdy.
...Birýukowa aeroportda daş-töweregini kän synlady, megerem, aeroporta pisindi oturmadyk bolarly, ýöne ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady.
– Meniň siziň respublikaňyza ilkinji gezek gelşim. Maksadym: meseleleriňizi öwrenip, kömek-ýardam bermek – diýip, Aleksandra Pawlowna Saparmyrat Ataýewiçe düýn telefonda aýdan sözlerini gaýtalady.
– Örän gowy, örän gowy, biz şeýle maksat bilen Merkezi Komitetden gelinmegine, ýagdaýymyzy görüp, ýardam edilmegine kän garaşdyk. Respublikanyň ýagdaýyny öwrenip, degerli kömek-goldaw bermegiňizi isleýäris. Çözülmän ýatan meselelerimiz bolsa kän. Olary sizsiz – merkezsiz çözüp hem boljak däl – diýip, Saparmyrat Ataýewiç uçardan düşen sekretar bilen maşyna tarap ýöräp ugrady.
– Ähli respublika kömek soraýar. Ýöne siz merkezde aňyrsy tükenmeýän baýlyk bardyr diýip pikir etmäň. Kömek soramak üçin ilki bir zatlar bermeli, iş bitirip soň kömek soramaly. Nätanyş bir ötegçiden pul-kömek soramagyň nähili ýakymsyz täsir galdyrýandygyny bilýäňizmi? Merkezde hem artyk zat ýok – diýip, Birýukowa sesine nazym berdi.
– Siz maňa nädogry düşündiňiz öýdýän, Aleksandra Pawlowna. Men kömek-goldaw diýenimde nätanyş bir ötegçiniň baýlygyny göz öňünde tutup aýdamok, ýok, men şol «nätanyş ötegçiden» öz berýän zatlarymyzyň, baýlyklarymyzyň hiç bolmanda 5-10 göterimini soraýaryn.
Birýukowa bu sözlere geňirgendi:
– 5-10 göterim diýýäňizmi? Ony bereris, otuz-otuz bäş göterim hem bereris. Haryt gatnaşyklary baradaky Leniniň syýasatyny bilýänsiňiz ahyryn.
– Wah, bilmesine biz gaty köp zatlary bilýäris. Ýöne Türkmenistandan diňe alynýar, Türkmenistan diňe çig mal ojagy, käni hasaplanýar.
– Men size kömek etmäge söz berýän, ýoldaş Nyýazow!
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy sekretar zenan bilen ozal ikiçäk oturyp tanyşmadyk-da bolsa, Aleksandra Pawlownany tanaýardy, onuň belent kürsä ýetiş taryhyndan hem habarlydy. A.P.Birýukowa sowet ulgamynyň ýetişdiren kadrydy, ol ulgamda bolsa orta, ýokary partiýa işinde, deputatlaryň arasynda pylança göterimi aýal maşgala bolmaly diýlen berk kada bardy, ýogsa ol hol çet oblastlaryň birinde işäp ýörmeli aýaldy. Emma bir säw bilen ýokaryk çekilipdi, sandygynyň ýabygorludygy bilnibem L. I. Brežnew döwründe sowet profsoýuzlaryna atylypdy. Sowet profsoýuzlary bolsa, kommunizmiň mekdebi. Ol ýer okaman, işlemän mes ýaşap bolýan ýerdi. Ynha, golaýda bolsa ony hünärmen hökmünde ýaňadan, işiň gyzgyn ojagyna taşlapdylar. Tutuş uly Sowet Soýuzy üçin ýeňil senagat on ýedinji derejeli pudakdy, emma yza galak Türkmenistan ýaly respublika üçin weli, ol esasy pudak bolup, bu aýalam respublikanyň ykbalyny çözmeli adamlaryň başydy. Respublikanyň ykbalyny çözjek diýen pikir bilenem gelipdi. Elbetde, ol bu saparynda respublikanyň ykbalyny «çözüpdi», ýöne başgarak çözüpdi.
SSSR ýaly uly döwletde tutuş ýeňil senagat ýaly çylşyrymly pudagy ýöretmek we dolandyrmak üçin döwlet möçberinde pikir öwrüp, dünýä derejesinde pikirlenip bilýän hünärmen bolmalydy. Saparmyrat Ataýewiç bu gelen hörpi belent aýalyň derejesiniň pesdigini güman edýärdi, emma beýle pesdir öýtmändi.
Aleksandra Pawlowna, öňi bilen, Gorbaçýowyň salamyny aýdyp, Merkeziň talaplaryny ýeke-ýeke sanaşdyryp başlady: pagtany-da, ýüpegi-de, miwäni-de, bakjany-da, üzümi-de köp bermeli. Köp bermeli!..
Saparmyrat Ataýewiç ýylgyryp oturşyna myhmanyň sözünem kesmedi, bellik hem etjek bolmady, Aleksandra Pawlowna bolsa bu talaplary «üýtgedip gurmak» diýen söz bilen, bolsa-bolmasa, berçinleýärdi. Myhman gürläp boldy, Saparmyrat Ataýewiç myhmanyň gözüne nazaryny dikip:
– Aleksandra Pawlowna, toprak merkeziň talabynam, partiýanyň talabynam bilmeýär. Toprakdan aljak bolsaň bermeli, toprak ambar ýa hazyna däl. Tebigatyň milliard ýyllap taýynlap goýan kömür gatlagy hem däl. Topragyň öz mümkinçiligi bar. Her gektardan on sentner pagta hasylyny almak üçin topraga zat bermeseňem bolýar, emma ýigrimi, otuz, kyrk sentner aljak bolsaň, ony iýmitlendirmeli, ugruna seretmeli. Hawa... Daýhany işletmek üçin hem iýdirmeli, geýdirmeli. Daýhan gul däl... Bilýäňizmi, bir mahallar Wawilonda gullar bolupdyr. Ýunan ýa Rim gullaryndan tapawudy wawilonlylar öz gullaryna öýlenmäge, çaga öndürmäge, külbe edinmäge rugsat beripdirler, olara taryhda «Külbeli gullar» diýlip at berlipdir. Ol gullaryň çagalaram, aýallaram gul eýesiniň guly bolupdyr. Biziň daýhanlarymyz, dogrusyny aýtsak, şol külbeli gullar. Olaryň çagalarynyň ýerden ýöräni gowaçanyň içinde. Olar gowaçanyň içinde dogulýar, işleýär, ölýär...
– Siz näme diýmekçi bolýarsyňyz? – diýip, Aleksandra Pawlowna gözlerini höwlendirdi.
– Men işi, gatnaşyklary üýtgedip gurmaly diýjek bolýaryn. Mihail Sergeýewiç bütin ýurtda üýtgedip gurma syýasatyny alyp barýar, eger biz işleri hem gatnaşyklary üýtgedip gurmasak, maňlaýymyz baryp gaýa diredi, mundan aňyrda ýol ýok! Daýhanlary gamçy bilen işledip bolanok, ony taryh subut ede-ede geldi. Toprak bolsa gamçyny hem bilmeýär... Respublikada bir million gektardan gowrak ekin ýeri bar. Ekerançylyk ylmynyň talaby boýunça ýerleri çalşyryp, gezekleşdirip ekmeli. Oňa biziň ýagdaýymyz ýok. Diňe pagta, pagta!.. Hawa, Aleksandra Pawlowna, pagta frontunda ilkinji bolup toprak hatardan çykdy, ikinjiden halkymyz!..
Saparmyrat Ataýewiç özüne otuz ýedinji ýylyň nazary bilen gorkup seredip duran zenana ýüzlendi:
– Men size käbir sanlary aýdaýyn, belläp alaýyň, Merkeziň pagta syýasatyny amal etjek bolsaňyz, gerek bolar...
SSKP MK-nyň sekretary içinden gaharlanýardy, haýsydyr bir kiçijik respublikanyň ýolbaşçysy, hamana, ony öz işgäri ýaly hasaplaýardy. Gör muny, onuň ýaranjaňlyk edip ýürege düşer diýip çaklaýan adamy, onuň öňünde hasabat berip bilmän gara suw bolmaly adam, ondan rüstem söz urýar... Elbetde, özüni oba hojalygy boýunça Gorbaçýow ýaly görýän aýal muňa çydap bilmeýärdi, ýöne Saparmyrat Ataýewiçiň ýüzüne seredeninde, nähilidir bir gudrat ony tabynlyga iterýärdi. Ol ýokary okuw mekdebiniň talyby ýaly bolup, bellik depderçesini alyp, ýazmaga durdy.
– Aleksandra Pawlowna, siz Orsyýetde önüp-ösen adam. Gündogardaky suwaryş ulgamyny gören hem dälsiňiz. Ertirden başlap görüň, ol örän çylşyrymly iş. Türkmenler suwaryş ulgamlaryny müňlerçe ýyllardan başlap kämilleşdiripdirler, emma biz ol usullary bir zaman taşlamaga mejbur bolduk, traktorlar bilen ene ýaplary, aryklary gazýarys, traktorlar bilen arassalamaly bolýarys. Şol sebäpli hem ata-baba düzgüni boýunça ýabyň iki gapdalyna agaç ekip bilmeýäris. Agaç ekilse, ýabyň içini ot-çöp basmaýar. Biziň ýaplarymyzy bolsa gamyş basdy, suwuň üçden biri atyzlara barman ýitýär...
– Türkmenistanyň topragy asylam duzly toprak. Ygaly az ýurtda toprak mydama duzly bolýar. Köpçülikleýin gowaça ekenimiz üçin ýerleri zeý basýar, duz alýar. Sebäbi, gowaça iň bir köp suw talap edýän ekin!.. şeýle... – diýip, ol zeý basan ýerleriň umumy gektar sanyny aýtdy...
Aleksandra Pawlowna, biz topraga kast etdik, topragy zorladyk, harladyk, mundan buýana topraga bolan garaýşymyzy üýtgetmesek, toprak bilen gatnaşygymyzy üýtgetmesek, biz bu toprakdan hasyl alyp bilmeris, üstesine bu topragyň üstünde ýaşamagam hyllalla bolup barýar – diýip, Saparmyrat Ataýewiç respublikadaky keselçilikler barada maglumat berdi... – Çykalga nirede? Çykalga Merkez bilen respublikanyň arasyndaky gatnaşygy üýtgedip gurmakda!.. Biziň on bäş-ýigrimi milliard dollarlyk girdejimiz bar, emma şonuň bary-ýogy bir milliardy bize berilýär. Ol hem ekmäge, dikmäge, hasyl ýygnamaga ýetýär. Eger bize umumy girdejimiz gaýtarylyp berilse, biz aňyrsy iki-üç ýyldan respublikadan bir ýarym million tonna pagta hasylyny alyp bileris. Topragymyzy halas ederis.
Bu bir!.. Ikinjiden, Türkmenistan diňe çig mal respublikasy bolup galmaly däl! Türkmenistan Soýuzyň pagtaçylyk brigadasy bolmaly hem däl. Türkmen aýallary diňe pagtaçy dogurmaýar. Biz arly ýyl depämizden gum sowrup pagta hasylyny öndürýäris, bir kile ýüpek pagta üçin Merkez bize bir ýarym manat pul goýberýär. Aýdaly, ony Iwanowoda işläp, ýigrimi bäş manat girdeji görýärler. Biz näme diýip öz pagtamyzy özümizde işlemeli däl. Muňa biziň halkymyzyň ylym-sowat derejesem ýetýär, dünýägaraýşam...
– Iwanowodakylar näme işlemeli? – diýip, Birýukowa sorag berdi.
– Maksat işlemek bolsa, iş tapyp bolar. Onsoňam Iwanowolylara iş tapyp bermek maksady bilen türkmenistanlylara sütem etmek bolmaz ahyryn.
Hanha, Ýaponiýa gaty daşyň üstünde otyr. Toprakdan olaryň alýan zatlary ýok diýerlik. Ýöne görüň-ä, dünýäni aňk edýär, dünýä önüm berýär. Iwanowonyň zähmetsöýer halky bar. Ol halky beýik işlere ugrukdyrmak gerek. Pagtany şu ýerden Iwanowo alyp gitmek – işi gowy gurnap bilmeýäniň, aňsadyna bakýanyň işi. Pagtany özümiz işläp bileris. Ras, türkmen halky pagtany öndürýärmi, ony ahyrky kämillige eltip, mata edip, geýim-gejim edip, hözürinem görsün!
Soňra Saparmyrat Ataýewiç Türkmenistanda öndürilýän beýleki zatlaryň ählisini ýeke-ýekeden sanap, pul bahasyny çykaryp başlady. Şeýde-şeýde ol gaz bilen nebite ýetdi.
Saparmyrat Ataýewiç Türkmenistanyň halk hojalygy, ykdysadyýeti bilen baglanyşykly ähli maglumatlary ýatdan bilýärdi. Ol depderine seretjek hem bolup duranokdy. Birinji sekretaryň ýatkeşligi ýokary wezipeli myhmany haýrana goýdy.
Saparmyrat Ataýewiç janygyp-janygyp gürledi:
– Diňe bir mysal. Biz soňky 15 ýylyň dowamynda gazyň 1 trillion 390 milliard kub metrini, nebitiň 200 million tonnasyny, pagta süýüminiň 7,5 million tonnasyny, köp mukdarda kükürt, ýod, brom, köp sanly himiýa önümlerini öndürdik. Umuman alanyňda, Türkmenistanyň SSSR-iň maýasyna goşan goşandy takmynan 180 milliard dollara golaý. Şolardan bize diňe zähmet hakynyň öwezini dolmak üçin 3,5 milliard berildi. Eýsem bu adalatlylykmy? Biz infrastrukturamyzy ösdürmek, umuman, öz ykdysadyýetimizi ösdürmek hukugyndan mahrum. Türkmenistanda öndürilýän 1 million tonna pagtanyň diňe ýüzden üç bölegi özümizde gaýtadan işlenilýär. Ýöne öz önümlerimizi özümiziň gaýtadan işlemäge höwesimiz, islegimiz uly.
Tebigy gazyň dünýä gorlarynyň 33 prosentinden gowragynyň Türkmenistanyň çäklerindedigine biz guwanýarys. Biziň gazymyzdan birnäçe daşary ýurtlar peýdalanýarlar. Ýöne Türkmenistanyň halky welin, öz gazynyň eşretinden mahrum. Ine, şu meselede-de biz adalatly çözgüde garaşýarys.
Birýukowa örän gerekli, täsin maglumat hökmünde Saparmyrat Ataýewiçiň ýatdan aýdan sanlaryny depderçesine ýazýardy, käte bir gürrüňdeşiniň ýüzüne geň galma, makullaýjylyk bilen baş atyp seredýärdi.
– Şeýle, Aleksandra Pawlowna, soýuzyň býujetiniň girdejisini Türkmenistan berýär. Hawa, hawa. Respublika şeýle gazanjy berläýeninde hem tutuş Türkmenistany mermerden gurup bolýar, emma bize berilýän zat ýok... Men muny bilýän, häzir her bir türkmen hem menden az bilmeýär. Bu zatlar, takygyny aýdanyňda, adalatsyzlyk bolýar, adalatsyzlyk edilen ýerde dostluk bolmaýar. Türkmeniň bir nakyly bar: «Dost dost, mamla rast!».
Soňra gürrüňçilik haly sungatyna baryp diredi. A. P. Birýukowa:
– Türkmen halysy owadan haly, emma özüne düşýän gymmaty hem ýokary. Ony azaltmak üçin emeli süýümleri ulanmaly, ýüňi az ulanmaly... – diýdi. Ol entek türkmen halysyny nädip dokamalydygy barada oratorlyk etjekdi, emma Saparmyrat Ataýewiçiň gülküsiniň manysyna düşündi-de, oňaýsyz dymmak bilen boldy.
– Aleksandra Pawlowna, näme diýip biziň türkmen halylarymyz dünýä bazarynda geçmeýär? Bilýäňizmi?
– Elbetde, bilýän, siziň halylaryňyz gaty gymmat!
– Ýok, tersine, biziň halylarymyz gaty arzan, ynha, şonuň üçinem olar dünýä bazarynda geçmeýär.
– Düşünmedim.
– Türkmen halysy – gözellik! Ol ýöne düşek ýa diwardan asylýan bezeg däl. Ol adamzat genisiniň döreden ajaýyp gözelligi! Haly ganatly bolýar. Haly ýöne ýere ertekilerde uçmaýar!.. Halylar gymmat bolmaly. Halylara emeli reňkler bilen reňklenen ýüplerden çitmek bolmaýar. Haly tebigatyň özi ýaly tebigy bolmaly. Reňkleri, ata-babalaryň edişi ýaly, diňe ot-çöplerden almaly! Biz haçanda ot-çöplerden tebigy reňk alyp, saryja goýnuny köpeldip, tüýs saryja tohumyndan bolan goýnuň inçe ýüňünden haly öndürmegi öwrensek, onda biziň halylarymyz dünýä bazaryny baglar!..
– Men size düşünýän, Saparmyrat Ataýewiç, emma onsuzam haly gaty gymmat, halkymyz ony alyp bilmeýär...
– Halk alyp bilmeýär diýip halyny haraplap bolmaz, Aleksandra Pawlowna! Haly diňe bir düşek däl! Haly beýik sungat, ajaýyp gözellik. Ol her bir adamyň öýünde bolmaly diýen zat ýok! Rembrandyň, Goýýanyň, Welaskesiň suratlary her bir öýde dursa niçik bolar! Hakyky haly hem şeýle beýik sungat eseri. Ol dünýä köşklerini, muzeýlerini, belent mertebelileriň ýygnanyşyk geçirýän mejlishanalaryny bezemeli!..
Birýukowa ýeser ýylgyrdy.
– Halyçy bir gelniň öýüne baryp göreniň biri, ol gelniň öýüniň halydan doludygyny, gapynyň eňsisine çenli halydygyny aýtdy...
– Dogrudyr. Çünki türkmen gyz-gelinleri jepakeş, Aleksandra Pawlowna! Olar işde sekiz sagat işläp geldim diýip boş oturmaýar. Eýýäm gelin bolup öýe düşeninden soň geljekki oglunyň-gyzynyň durmuş toýlary üçin haly dokap başlaýar... Haly ýöne bir sowgat bolman, geljekki nesle gowşurylýan tug, sanjak!.. Şeýdibem gadym zamanlardan haly kämilleşe-kämilleşe özbaşyna bir keramata öwrülipdir. Şol halyçy gelin kyn güne düşüp, horlansa gapysyndaky maşyny satar, malyny satar, emma halys çykgynsyz ýagdaý bolaýmasa, halysyny satmaz!.. Haly her bir maşgalanyň senenamasy, hatyraly ýadygärligi!..
– Eýse, maşyn alyp münüp bilýän halkymyz türkmen halysyny edinmeli däl-dä!
– Baş üstüne, hanha Türkmenistanda ençeme haly fabrigi bar, öndürip otyr, alyberiň! Ynha, ol halylary düşek edip ulansaňam bolýar, satsaňam bolýar, diwardan gözellik bezegi hökmünde assaňam bolýar... Ýöne ol halylary daşary ýurtlarda aňsat satyp bilmersiňiz, sebäbi, taryhyň pajygaly wagtlarynda türkmen halky dünýäniň dürli ýerlerine düşüp, şol ýerde ýaşaýarlar, olar hakyky haly dokap, dünýä bazarlaryna çykarýarlar. Ol halylar şol adamlaryň ýaşaýan ýurdunyň halysy adyna gideni bilen, barybir, türkmen halylary!.. Olar hakyky halylar! Ynha, şolar ýaly haly dokamany ýola goýsak, biziň halylarymyz ýerde ýatmaz!
Gürrüňçilik uzaga çekdi. Saparmyrat Ataýewiç respublikada her bir öndürilýän önümiň girdejisini, çykdajysyny, soýuzda satylandan soň respublika gaýdyp berilýän ölmez-ödi puly jikme-jik ýazdyrdy. Iň yza galak respublikanyň ýolbaşçysyndan özüniň az bilýäninden, aýdan zadynyň ters bolup çykýandygyndan utanyp ýygrylýan Birýukowa edepli okuwçy ýaly bolup, Saparmyrat Ataýewiçiň aýdan sanlaryny jikme-jik ýazyşdyrdy, tekliplerini belleşdirdi...
– Ýoldaş Nyýazow! Men size bir zady açyk aýdaýyn. Men siziň gürrüňleriňizi diňläp, dogrusy, aňk boldum. Siz meniň Türkmenistan hakdaky pikirlerimi sözüň hakyky manysynda çepbe çöwürdiňiz. Men sizden gizlemäýin, men öň Türkmenistan Soýuz federasiýasynyň egninde otyr diýip pikir edýädim. Siziň öndürýän ähli önümleriňizden doly habarym ýokdy. Ine, men siziň maglumatlaryňyzy ýazyp aldym. Bu maglumatlara sereden adam, eger ol adamyň üýtgeşik bir üşügi ýok hem bolsa, düşünäýmeli – Türkmenistan ýerasty hem ýerüsti tebigy baýlyklara örän baý respublika eken. Henize-şu güne çenli bu respublikadan diňe alnypdyr, adamlaryň maddy-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak üçin bolsa hiç zat edilmändir. Siz örän dogry aýdýarsyňyz, Türkmenistanyň çig mallarynyň köpüsini hiç ýere äkitmesizden hut şu respublikada gaýtadan işläp boljak. Onuň üçin bolsa, degişli pudaklaryň zawoddyr fabriklerini gurmak zerur. Ýöne, Türkmenistanyň tebigy baýlyklary, olary ýerinde peýdalanmak, adamlaryň ýaşaýyş ukladlaryny gowulandyrmak hakda hiç hili mesele goýulmandyr, şeýle hem bu respublika düýpli öwrenilmändir. Ýoldaş Nyýazow, siz maňa dogry düşüniň, Soýuz federasiýasy uly, onuň ähli pudaklaryndan bir adamyň doly baş çykarmagy asla mümkin däl. Ýöne siziň öz wajyp, köre hasa bolup duran wezipeleriňiz, meseleleriňiz barada özüňiziň aladalanmagyňyz gerek eken. Aglamadyk çaga emme ýok. Sowet adamlarynda şeýle bir häsiýet döräpdir: olar öz meselelerini merkezden gelip çözüp bermeklerine garaşýarlar. Ine, ýaramaz kesel. Özem bu ýaramaz kesel biziň ýerli ýolbaşçylarymyza hem ýokaşypdyr. Netijede bolsa, bir syna bolup işlemeli äpet döwletiň ähli ýerlerine, ýönekeý zatlaryna çenli tabşyryk-görkezme bermeli bolýar. Bu hem mümkin däl zat...
– Aleksandra Pawlowna, bizi üns berip diňländigiňiz, ýagdaýymyza düşünip, kömek bermäge söz berendigiňiz üçin örän minnetdardyryn – diýip, Saparmyrat Ataýewiç sözüni jemledi.
A. P. Birýukowa respublika saparynyň soňunda respublikanyň partiýa aktiwi bilen Ministrler Sowetiniň mejlisler zalynda duşuşyk geçirildi. Adatça bolşy ýaly, uly ýygnak boldy.
Saparmyrat Ataýewiç ýygnagy açyp, A. P. Birýukowanyň iş sapary barada gysgaça maglumat berip, soňra myhmany münbere çagyrdy.
Zaldakylar ör turup el çarpyşdylar, gazetlerde nygtap-nygtap ýazyşlary ýaly dowamly, şowhunly el çarpyşmalary boldy!
Saparmyrat Ataýewiç myhmana hezzet-hormat goýup, onuň respublika saparyna belent baha berip, Birýukowanyň goltugyndan gop berip goýberdi. A. P. Birýukowa münbere çykdy.
Ol al-elwan öwsüp, ýylgyryp durşuna zala minnetdarlyk sözlerini aýtdy-da, köne döwür çinownikleri ýaly bolup papkasyny açyp, entek Moskwada ýazylyp, göwnüne jaý edilen teksti ýapyrylyp okady. Tersoturda säginip, nokatda togtap okady. Respublikany kemsiz tankytlady, respublikanyň ýolbaşçylarynyň, halkynyň üýtgedip gurmagyň many-mazmunyna doly düşünmeýändiklerini, edilýän işiň, öndürilýän önümiň ýokdugyny, türkmen halkyny Merkeziň mugt ekläp ýörendigini, Türkmenistanyň Merkeziň boýnuna düşen musallatdygyny – dotasiýada oturandygyny öwran-öwran nygtady.
Ilki Saparmyrat Ataýewiç Birýukowanyň bolşuna geňirgendi, onuň ähli zada düşünip, ýene şeýle gabahat sözleri okamagyna jany ýandy, ol gaharyny basyp, öz-özüne göwünlik berdi. Diňe onuň gursagynyň bir ýerinde üýtgedip gurma bolan hyrujynyň, höwesiniň biri öldi! Ýüregi awady! Nähili uly baý döwlet, emma kime ykbaly ynanylýar diýip öz ýanyndan gynandy!
Dowamly çapak çalan zalam serpmeden gaýdan ýaly bolup otyrdy. Türkmenistana Merkezden her hili derejedäki ýolbaşçy gelipdi, ýöne olaryň hiç biri hem halkyň öňüne çykyp, şeýle gabahat töhmet atmandy. Olar SSKP MK-nyň sekretaryndan kömege umydygärdiler, emma sekretar «Merkeziň indi sizi eklemäge ýagdaýy ýok, öz günüňizi görjek boluň, utanyň» diýip, hemle urýardy.
Saparmyrat Ataýewiç bu bilmeýän, bilenden öwrenmegi hem islemeýän sekretar bilen jedele girip, ony kemsiz tankytlajakdy, ýöne Saparmyrat Ataýewiç sowetler mekdebiniň körügine beletdi, kadrlara beletdi, bu adam sekretar hem bolsa, jedele girmäge mynasyp sekretar däldi. Tötänleýin adamdy.
Ýygnak suslandy. Birýukowa dokladyny tamamlady, ýerine ugrady, el çarpan kişi hem bolmady, diňe prezidiumda oturan birki adamdan başga...
Saparmyrat Ataýewiç ýerinden turup, ýygnagy gysgaça jemledi.
Birýukowa ýüzüni galdyrman, gara dere batyp otyrdy, hatda ol burçak-burçak derleýäninden hem bihabar bolmaly.
Saparmyrat Ataýewiç ýygnakdan soň A. P. Birýukowa:
– Men size respublikanyň ýagdaýyny jikme-jik düşündirdim. Biz uly Soýuzyň üçden bir býujetini amal edip durkak, bizi Soýuzyň boýnunda oturan hökmünde tankytlamaňyz näme? – diýdi.
– Men nädeýin, ýoldaş Nyýazow, meniň hünärmenlerimiň beren maglumatlary şeýle. Men özüme berlen maglumatlary aýtdym – diýip, ol mydyrdady.
Beýik Serdaryň Merkezden gelen zenana nebsi agyrdy. Sebäp onuň ýagdaýy juda gözgynydy. Onuň başarýan zady ýokdy. Bagty çüwüp uly kürsä ýetipdir. Ýöne ol zenanda «Men bu kürsä mynasyp däl» diýen gaýrat hem ýokdy. Öz başarmajak kürsiňde oturmak Beýik Serdar üçin namysdy-ardy, utançdy, haýasyzlykdy. Ýöne bu zenan öz wezipesini jandan-tenden gowy görýärdi. Ol kürsüsinden gitmezlik üçin eline taýýarlanyp berlen islendik nutugy okamaga taýýardy. Eýsem Birýukowalar partiýada azmy? Ýok, partiýanyň ýolbaşçylary kileň Birýukowa pisint adamlar! Bir zat anyk: beýle ýolbaşçylar bilen döwleti döwlet edip bolmaz. Ýurdy Birýukowalar weýran eder.
Döwletiň berkligi döwletiň ýolbaşçylarynyň ahlagyna daýanýar.
A. P. Birýukowa – Merkezden gelen myhmanyň öňi hem soňy boldy...
SSSR, şol günden ýykylyp başlady...
Garaşsyzlygyň başy başlandy...
Emma entek ony duýýan adam az-azdy...
7.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy Aşgabat şäherine ýolbaşçy bolan wagty bir zada akyl ýetirdi: agalyk sürüji ulgam, ýagny sosialistik ulgam çüýrük. Bu ulgam uzaga gitmeli däldi, çünki emeli usulda ýasalan sosialistik ulgam ýaşaýşa ukypsyzdy. Garşylyk ýok ýerinde ösüş ýok! Bu ulgamyň kemçiligi gaty köpdi:
Birinjiden, döwletiň maly-emlägi, baýlygy ortalykdy, ýagny, hiç kimiňki däldi. Stalin ýaly atyp, basyp, ýok edip saklaýmasaň, ony goramak mümkin däldi. Hol aşaky garawuldan başlap Birinji sekretara çenli şol ortalyk zatdan hantamadylar, olar sähel maý tapdyklary ogurlajakdy!
Ikinjiden, işleýän işinden hiç kimiň öz bähbidi ýokdy. Işleseňem şol bir aýlykdy, bardym eşek, geldim eşek etseňem, bir aýlykdy.
Para, tanyşlyk, gözboýagçylyk, iň erbedi-de, adamlar hiç zada ynanmaýardy, garaz, ulgamyň keseli köpdi. Ol köp kesel bilen uzak ýaşap bolmajagyny Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bilýärdi. Sebäbi, ol kesel düwnük keseline öwrülipdi. Saparmyrat Ataýewiç Angliýanyň, Amerikanyň, Fransiýanyň, Ispaniýanyň, Portugaliýanyň, Türkiýäniň, Ýaponiýanyň taryhyny öwrendi, olaryň döwlet gurluş aýratynlyklaryny, milli gymmatlyklaryny pähim mizanyndan geçirdi. Bu uly döwletleriň ählisi ýaňy-ýakynda hem ençe-ençe koloniýalaryň eýeleridi. Soňky ýigrimi-otuz ýylda olar koloniýasyny ýitirdi oturyberdiler.
Saparmyrat Ataýewiç gije-gündiz okady, düýbüne akyl ýetirjek bolup okady. Ençeme ýyl urşup, gyrmyzy ganyny döküp, basyp alan ýurtlaryny – koloniýalaryny ne beýle ýeňillik bilen elden giderýärkäler? Sebäbi nämekä?
Sebäbi aýan boldy.
Dünýä kämilleşip, ösüp barýardy. Geçen asyrda, şu asyryň birinji ýarymynda kolonial döwletlerini ezip, talap barýan ol döwletler soňlugy bilen koloniýalaryny eklemeli bolupdy. Saparmyrat Ataýewiç taryhyň ol wakasyny SSSR-däki bu waka bilen gabatlaşdyryp gördi. Takyk geldi.
Orsyýet respublikalaryň ählisini diýen ýaly eklemäge mejbur bolupdy. On bäş respublikadan üç-dört sanysy bolmasa, galanlary Orsyýetiň, umuman, döwletiň gaznasynyň hasabyna ýaşaýardy.
Pul, kän emläk, baýlyk ýagşy zatdyr. Dogan doganyň öýünden mugt iýip ugrasa, duşman bolar.
Aga öz guluny uzak ekläp gezmez, çünki ol guluň üstünden baýamak üçin guly tutupdy ahyry.
SSSR diňe berk taglymat, dabaraly çagyryşlar esasynda eňip barýar, emma ol uzak eňmez, durup, böwrüne diň salar!
Dünýäniň uly kolonialistik döwletlerinde şeýle boldy, munda-da şeýle bolaýmaly!..
Saparmyrat Ataýewiç pelsepeçi Wolteriň aşygydy. Ol onuň göwnüne jüňk bolan sözlerini ýandepderine göçürip alýardy.
Ýandepderi diýmek hakydanyň hakydasy diýmek. Ilki hakydaňa ýazmaly, soňra depderçäňe. Depderçäňe ýazyp durkaň hakyda has hem gowy ýazylýar. Wolter aýdýar: «Hudaýyň bir ady Tötänlik, Hudaý käbir eden işine öz adyny goýmagyň ýerine Tötänligiň adyny goýaýýar» diýip.
Dünýäniň taryhynda Tötänlik zerarly baknalykdan çykan döwletler köp! Serediň, Ýewropada ikinji jahan urşunda dünýä gan-da-pyçak boldy. Uly imperialistik döwletler uruşdan ganyny sarkdyryp, zordan süýrenip çykdylar. Netijede Afrikada, Aziýada birnäçe döwletler ýeňillik bilen baknalykdan çykdylar. Olary tötänlik, ýagny Beýik Perwerdigär halas eýledi...
Saparmyrat Ataýewiç diňe gerekli adamy kabul edýärdi, hiç ýere çykman, garadaň bilen gelip, gijäniň bir wagtyna çenli işleýärdi. Ol özüni, döwleti taryhy pursata taýynlaýardy. Ol işleýärdi. Ýöne her edip, hesip edip ony gutlaýardylar. Ýoluny saklaýardylar, tä işden çykýança garamlap durýardylar, garaz, ony gutlaýardylar. Her kim oňa buýsanýardy. Onuň belent derejesine gözi gidýänem köpdi, ýöne olar Saparmyrat Ataýewiçiň gerdenindäki garamatdan bihabardylar.
Onuň gerdeninde tutuş ýurt durdy.
Onuň gerdeninde garamaýak, harlanan halk otyrdy.
Onuň gerdeninde talanan respublika otyrdy.
Saparmyrat Ataýewiçiň aňynda, ruhunda, kalbynda, gözüniň öňünde bolsa başga bir Türkmenistan – beýik geçmişli Türkmenistan ýaşaýardy. Ol şol Türkmenistana ymtylyp, şol Türkmenistana bakan ümzük atýardy, emma ülkäniň başynda owsar, aýagynda gandal, gözlerinde şal bardy...
Ýok, ol ozalky birinjiler ýaly, bäş gün oturaýyn, amanja oturaýyn diýip biljek adamlardan däldi!
Ol beýik ynam hem ruh bilen ýaraglanan adamdy, beýle adam ýa maksadyna ýetýär ýa-da...
Saparmyrat Ataýewiç ýaňadan habar beriş serişdeleriniň başlyklaryny, ähli gazetleriň redaktorlaryny çagyryp, giňişleýin gürrüň etdi. Ýurduň ýagdaýy barada, Türkmenistanyň ýagdaýy barada, aýratynam, Türkmenistanyň taryhy barada köp gürledi. Ol redaktorlar bilen belli edebiýatçylaram, belli taryhçylaram çagyrypdy. Taryhy romanlaryň, powestleriň, kino, teatr eserleriniň ýokdugyny tankytlapdy. Emma...
Emma Mürzeweliň aty ýaly terse depýärdiler.
Ýene şol dabaraly doganlyk, ýene şol «Ýigrimi dörtdür doglan ýyly türkmeniň!..»
Ýogsa Saparmyrat Ataýewiç gönüläp diýen ýaly aýtdy ahyry! «Türkmen halky öz taryhyny, taryhy emer-damaryny bilmeli» diýip. «Ýazyjylar, taryhy roman ýazyň, neşirýatlar birinji nobatda çap ederler» diýip, neşirýatlara görkezme berdi. «Dramaturglar, drama eserlerini dörediň, teatrlar birinji nobatda goýarlar» diýipdi.
Bolmady!
Soňra Saparmyrat Ataýewiç Taryh institutynyň işgärlerini çagyryp, gypynç etmezler ýaly çaý içişlik gurap, arkaýyn gürrüňçilik etdi. Ýüregi gyýym-gyýym boldy, asyl görüp otursa, türkmen taryhyny öwrenen ýekeje hünärmen hem ýok bolsa näme tutuş institutda!
Her zady öwrenen hünärmen bar, emma türkmen taryhyny öwrenen, bilýän taryhçy ýok!
Çöregi taryhdan iýýän alym türkmen taryhyny bilmese, beýlekilerden näme aýyp-syn etjek!
Ol taryhçylaryň türkmen taryhyndan bilýän zatlary SSSR-iň öwreden taryhy, ol galp, ýalňyş, gerek däl taryh!
Ýazyjylar türkmen taryhyny bilmese, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary türkmen taryhyny bilmese, talyplardan, halkdan näme aýyp-syn etjek!
Tarpdan başlamaly!
Ol şol ýyl mekdeplerden başlap orta, ýokary okuw mekdepleriniň «Türkmenistanyň taryhy» sapagyny giňeldip okatmaga görkezme berdi, taryh fakultetine alynýan okuwçylaryň sanyny esse ýarym köpeltdirdi.
Aşgabat şäheriniň proýekt institutyna, arhitektorlara milli röwüşli jaýlaryň taslamasyny taýynlap, milli röwüşli binalary gurmaga görkezme berdi.
Nyýazowyň her bir ädimini yzarlap Merkeze arza yzyna arza gönderip ýatan ahmyrçyllaryň güni geldi!
Nyýazow aýgytly karara geldi. Nazym Hikmetiň aýdyşy ýaly, «Sen ýanmasaň, men ýanmasam, ol ýanmasa – kim ýanar!»
...Başy aýlanan adamyň başy düzelýänçä köp wagt gerek!.. «Ata-babaň nadan bolupdyr, hat-sowadyň bolmandyr» diýlip ynandyrylan adama özbaşdak pikirlenip, özbaşdak gadam urdurýançaň köp wagt gerek!
«Serhetden aňyrda diňe duşman ýaşaýar, kiçi halklaryň zamany geçdi, kiçi halklar döwlet gurup ýaşap bilmeýär» diýlip ynandyrylan halka öz kiçi däldigini bildirmek, ynandyrmak üçin köp wagt gerek!
Musa pygamber halkyny Müsüriň gulçulygyndan alyp gaýdyp, kyrk ýyllap çöl-beýewanyň içinde aýlaýar. Tä olaryň kellesindäki pikirler täzelenýänçä!
Muhammet pygambere daşa, her dürli yşaratlara uýup ýören halkyndan Hudaýa ynanýan ýaran toplamak üçin ýigrimi ýyl gerek bolýar!
Türkmen halky gaflat ukusyndan oýanyp, halallyk ýoluna düşýänçä näçe wagt gerek bolarkan?!»
Saparmyrat Ataýewiç oýlandy, soňam ol: «Gyssanma, gyssanma, gyssanma» diýip, öz-özüne akyl berip, ýuwaş-ýuwaşdan öz kalbynda döreden halallyk taglymatyny türkmen halkynyň durmuşyna ornaşdyrmaga, türkmen halkynyň gursagyna guýmaga başlady...
Adamzadyň taryhyny alymlar iki sany uly döwre bölýärler. Ol döwrüň birinjisine ezeli taryh, ikinjisine medeni taryh diýilýär. Şeýle bölünişigiň özüne ýeterlik zerurlygy bar. Bu zerurlygyň manysyna biz degişli döwürleriň nämedigini bilsek, akyl ýetireris. Ezeli taryh – iň ilkinji taryh, doly öwrenilmedik taryh. Aslynda bu soňky hakyky – medeni taryhyň gözbaşydyr.
Türkmen Garaşsyzlygynyň hem özboluşly ezeli taryhy bar. Ol taryh 1985 – 1991-nji ýyllary öz içine alýar. Hut şu döwürde türkmen halky Saparmyrat Ataýewiçiň ýolbaşçylygynda özüniň täze taryhy şaýoluna düşüp ugrady.
Elbetde, bu hem tekiz we çarkandaksyz ýol bolmady. Hut şu döwür içinde Garaşsyzlygyň esaslary goýuldy. Bu Saparmyrat Ataýewiçe juda kyn düşdi. Sebäbi halk kalbynyň jümmüşinde ýagty geljek hakyndaky süýji arzuwlary saklaýan hem bolsa, iş ýüzünde bu arzuw anyk maksatlara we hereketlere geçerden entek juda uzakdady. Saparmyrat Ataýewiçiň gerdenine şol arzuwy anyk maksatlara we hereketlere öwürmek wezipesi düşüpdi. Ol muňa oňat düşünýärdi. Şonuň üçinem ol mundan beýläk özi we milleti üçin taryhy hereketiň ýörelgelerini işläp düzmäge girişdi. Onuň ilkinji aýdyňlaşdyran hakykaty – millet mundan beýläk maksatsyz ýaşamaly däl, uly taryhy maksady edinmeli diýen hakykatdy. Türkmeniň geçmişini mazaly öwrenen Saparmyrat Ataýewiç hut şu ýeriň hem türkmen üçin çatakdygyny bilýärdi. Soňky sekiz ýüz ýylyň içinde milletiň öňe tutarlyk beýik akyldarlary we syýasy işgärleri hem geljek babatda diňe umumy, howaýy arzuwlardan aňry geçmändiler. Anyk maksatlar, anyk amallar kemterlik edipdi. Bolaýanda-da uzak wagtlaýyn däl-de, birki onýyllygyň maksatlary bolupdy.
Türkmeniň täze ýoluny açmak üçin şol howaýy arzuwçyllyk bilen ownukçyl anyklygyň arasyndaky altyn ortalygy tapmalydy. Saparmyrat Ataýewiç iki hili hereket etmegi ýüregine düwdi: açyk hem-de aşaklyk bilen. Açyk hereketde sowet hökmürowanlygynyň şertlerinde mümkin bolan ähli serişdeleri ýurduň we milletiň özygtyýarlylygyny amal etmäge ugrukdyrmalydy. Aşaklyk bilen hem milletiň uzak geljegine gönükýän amallary bitirmelidi. Saparmyrat Ataýewiç türkmeniň dini ynançlarynyň, dünewi däp-dessurlarynyň mukaddesligini dikeltmegi, respublikanyň ykdysady mümkinçiliklerini ýuwaş-ýuwaşdan onuň öz hajatlaryna gönükdirmegi, bilim, ruhy ulgamlar, milli gymmatlyklary aşaklyk bilen ornaşdyryp başlamagy ýüregine düwdi. Bu ýerde käbirleri ýaly maňlaýyňy diwara urmak milletiň geljegini elden gidermek bilen barabardy.
8.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy bütin ömrüni ýurda, il-güne, watana bagyşlan adam. Hany, käşgä Şweýsariýa ýaly baý ýurduň bolsa, onda ol ýurda serdar bolsaň, janyň ujy boljak.
Käşgä Orsyýet ýaly köp halkyň bolsa, onda başga gep!
Hiç bolmanynda, özbaşdak, berkarar ýurduň bolsa, onuň kiçidigini bildirmän, uly ýurda öwüribem boljak!
Ýok, hijisi däl! SSSR atly mähnet döwletiň iň çetinde ýerleşen yzagalak, ençeme ýyllap talanan, haýsy ýerine penjäňi ursaň opurylyp duran, gamgyn, gussaly ýurduň meseleleriniň sany-sajagy ýok. Ýaman derdem, işlemäge-de ýol berenoklar, öz kelläň bilen çözüp, ýaňy bir işi ýola goýýaň welin, derrew garşyňa çykýarlar, şeýdibem etjegiňi hem etdirenoklar. Diş gysyp, diş gysyp, Saparmyrat Ataýewiç halys bez bolýar. Ol şu ýerde agyr derde batyp otyrka Hindistanda ýaşap geçen Mürze Han Galyp atly beýik bir türkmen şahyryna bagyşlap ýazylan goşgy ýadyna düşdi. Ol goşgy haýsydyr bir hindi şahyry tarapyndan, jany ýakylyp ýazylan şygyrdy...
Mürze Han Galyp...
Saparmyrat Ataýewiç altmyş dokuzynjy ýyl komandirowka ugranynda kioskdan «Indiýa» atly žurnaly alypdy. Ol žurnaly görüp otyrka, gözlerine ynanmady. Hakyt Mürze Han Galyp Hindistanyň iň beýik şahyry, asly hem türkmen diýip hindi alymy ýazypdyr. Hindi halky ony şeýle bir hormatlaýarmyş, hatda oňa «Hindi Ýolbarsy» diýip lakam hem dakypdyrlar.
Bir hindi şahyrynyň Hindi Ýolbarsy Mürze Han Galyba bagyşlap ýazan goşgusynda şeýle setirler bar. «Eý, beýik hindi Ýolbarsy, sen ýaşap geçen zamanyňda, her niçigem bolsa, bagtlydyň, çünki ol zaman duşman kim, dost kim – aýyl-saýyldy. Sen duşmana, basybalyjylara garşy göreşdiň, ýurduň üçin göreşdiň. Indi bolsa şol duşman biziň halkymyzyň aňyna, ruhuna, ganyna siňip gidipdir. Dost-duşman, dogan-saýry garym-gatym bolupdyr. Indi biz kime garşy göreşjegimizi bilemzok...»
Bu pikir Saparmyrat Ataýewiçiň aňyna tagma bolup ýazylypdy. Basybalyjylar bary-ýogy ýüz ýyl töweregi ýurtda agalyk sürdüler. Taryh üçin hiç zat bolan bu kiçi pursatda uly bedibagtlyklar boldy. Häzir düşünjesi pes garamaýak halkyň ýanynda däl, ýokary bilimli adamyň ýanynda «Ýurdum bakna, halkym garaşly» diýip gör. Ol seni gümgidene gidirmeýärmi? Olar bolmalysy şeýledir diýip düşünýär. Olar aňyny, ruhuny, ýaşaýşyny, ýaşaýyş obrazyny, hatda çagajyklaryny hem şol ýola rastlap, arkaýyn ýaşap ýörler. Çagalary ene dilini bilenok, ene-atasy oňa guwanýar! Gyz-gelinleriňem birnäçesi ýewropaça geýnip, orsça gürlese, dünýä siwilizasiýasynyň çür depesine çykandyryn öýdýär...
Pagta fronty gaty köp ýyllar dowam edip, toprak zora tutulyp dermanyň-himiki dökünleriň kömegi bilen bol hasyl aljak bolup, toprak kemsiz zaýalanypdy...
Derýanyň, türkmeniň keremli derýalarynyň suwlary zaýalanypdy, olaryň ählisine diýen ýaly zeýkanallary guýdurylýardy...
Tebigatyň zaýalanmagy – ilatyň jan saglygynyň hem ymykly zaýalanmagynyň alamatydy.
Iň eýmenç ýeri – halkyň aglaba bölegi muny bilmeýärdi. Merkeze akyp ýatan baýlyklary – gazy, nebiti, pagtany öz türkmen gaznasyndan gidip ýatandyr hem öýtmeýärdi.
Gany sarkyp duran gyzyl baýdagy tugy hökmünde, SSSR-i Watany hökmünde kabul edipdiler.
«Ataňyz-babaňyz nadan bolupdyr, Türkmenistanda hiç haçan döwlet hem bolmandyr, hat-sowadam bolmandyr, taryham bolmandyr» diýip, gulagyna guýlan halk köpçüligi şoňa doga kimin ynanýardy, «bagtyýar döwre ýetiren» Kommunistik partiýadan minnetdardylar.
Ata-baba ulanylyp gelnen däp-dessurlar ýitip, türkmeniň gylyk-häsiýeti üýtgäp barýardy.
Beýik Serdar türkmen halkynyň öz halklygyndan näderejede daşlaşandygyny takyklamak isläp, respublikanyň esasy gazetleriniň, köpçülik habar beriş serişdeleriniň redaktorlaryny çagyryp, olara türkmen dili hem rus dili meselesi barada köpräk makala çap etmäge görkezme berdi. Makalalar çap edilip, eşitdirilip, görkezilip ugranynda ol görýän gözlerine, eşidýän gulaklaryna ynanmady. Ilatyň aşaky gatlagynyň wekillerem, intelligensiýa wekillerem döwlet diline esasy üns berip, türkmen dilini on ýedinji derejeli zat hökmünde belleýärdiler. Aýratynam, ýazyjylar, şahyrlar, alymlar, hudožnikler, kompozitorlar beýik rus diliniň ähmiýeti, rus halkynyň türkmen halkyna kömek berşini magtap, arşa galdyrýardylar. Şonda, iki sany ýazyjynyň makalasy Saparmyrat Ataýewiçiň hakydasynda ömürlik galdy. Olaryň biri – özüni döwletiň baş şahyrydyryn öýdüp ýören kişidi, ol pasportdan millet diýlip ýazylan belgini ýok etmeli diýip gygyrsa, ikinjisi «her bir türkmen rus dilini hökman biläýmelidir, türkmen dilini bilesi gelse bilsin, ol öz işi» diýip ýazyp, ol pikiri hem makalasynda gara setirler bilen nygtadypdy.
Ol kişi ýurduň atly adamlarynyň biridi. Merkezi «Prawda» gazetiniň respublikadaky habarçysy bolmak bilen, özüni respublikanyň ýolbaşçysyndan hem ýokarda goýýardy. Ol dürli makalalar ýazyp, ýokardan «pylanyny kyhlamaly» diýlip barmak çommaldylsa, şol adamy ýerden alyp ýere sokýardy. Işden aýrylan Birinji sekretardan başlap respublikanyň edebiýatynda, sungatynda at gazanan adamlarynyň hem birnäçesini «Prawdada» kül edip, göz görkezip, şol işleri üçinem donuna sygman gezýärdi... Ol täzelik ýazanokdy, ýok, şeýle kül ediji makalalar otuzynjy ýyllardan başlap ýoň bolupdy. Ýöne ol ýyllar metbugatda tankytlanan adamyny ýa Sibirden çykarýardylar, ýa gitse gelmez ýola atarýardylar...
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy gözledi, her bir makalany, publisistik çykyşy agtaryp okap, öz diline, ýurduna, halkyna bolan söýgini agtardy. Ol her hili zatlaryň, pikirleriň üstünden bardy, dürli zatlary tapdy. Ýöne türkmene bolan söýgini welin tapyp bilmedi. Lapykeç boldy.
Birki hepdeden soň ýaňadan şol redaktorlary çagyryp, olara türkmen halkynyň taryhy, beýik geçmişi, gadymyýetde guran döwletleri barada, türkmeniň gadymy edebi miraslary, dini miraslary, dini kitaplary barada giňişleýin gürrüň berdi. Garaz, ýol salgy berdi.
Emma netije ýene ýaramaz bolup çykdy. Respublikan gazetleriň berip başlan makalalary ýene aňlaryna sowet aňyýetiniň guýan pikirleri – ata-babalarymyz baryp ýatan nadan, sowatsyz bolupdyr, çarwa durmuşda ýaşapdyr, ömür döwlet diýen zady bilmändir, agzala bolupdyr, türkmen bir agza bakjak halk däl, hernä Lenin türkmeniň bagtyny açyp berdi, Lenin, partiýa ýaşasyn diýen lenç edilen pikirler boldy...
Bu zatlar Saparmyrat Ataýewiçiň kalbyna sygmaýardy, beýnisine ynjalyk bermän, gara başyny daşlara urasy gelýärdi.
9.
Beýik Serdar ir zaman, oglanjykka daglar bilen höwrükdi. Ol daglaryň gujagynda goýun bakdy, daglaryň görküne aşyk bolup keşt etdi, daglarda Göroglynyň ruhunyň bardygyny duýdy. Entek aýagy çepeklije mahallary daglaryň jülgelerinde, derelerinde dowarynyň yzynda aýlanyp ýören mahallary daglary dünýäniň başlangyjy diýen netijä geldi. Hudaýtagala zeminiň bir ýerine gelýän bolsa, ol hökman daglara gelip gidýändir diýip ynandy. Keremli, keramatly erenler, pirler, ýagşyzadalar bir ýerde mesgen tutup düşleýän bolsa, meger, şu daglarda mesgen eýläp, şu daglara seýil edýändirler diýip ynandy!
Ynha, indi dünýäniň beýik alymlary daglary älem bilen habarlaşyp duran dünýä antennalary diýip ýazýarlar.
Gadym zamanlardan pynhan gudraty saklap galan tibetli ýoglar Gimalaý daglaryny älemiň antennasy diýip düşünýärler, ynanýarlar.
Alymlaryň çaklamasyna görä, Gimalaý daglarynyň gowaklarynda ruhundan aýrylyp goýlan adamlar ýatyrmyş.
Adamzat diňe dünýäni geografik taýdan açyp, oňa bütinleý akyl ýetirdim diýip gykylyk turuzýar. Ýok, adamzat dünýäniň diňe daşyna aýlanyp gördi, diňe dünýäni bölüşip, serhet çekdi. Bolany!
Adamzat özüni dünýäniň ýalňyz eýesidir öýdýär, hut şol nukdaýnazardanam çemeleşip, dünýäniň başyna bedibagtlyk baryny getirip gidip otyr. Emma dünýäniň eýesi bar! Adamzat bary-ýogy dünýäniň ýaşaýjysy!
Adam ogly Darwiniň taglymaty esasynda dörän adam däl, dünýä hem Marksyň, Leniniň taglymatlary esasynda aýlanyp duran dünýä däl. Ýöne biz dünýäniň diňe daşky keşbini görýäris, onuň ruhy, gudratly, keramatly keşbini bolsa nega bir bagty gelen adamlar görýär!
Dünýä – gudratlar dünýäsi!
Älem – gudratlar älemi!
Daglar dünýäniň, älemiň gudratynyň ilkinji sahypasy!
Dinler – dünýäniň, durmuşyň, adamzat ýaşaýşynyň pynhan dünýä açylan ikinji sahypasy! Entek onuň näçe müň, näçe million sahypasy bar! Alla bilsin!
10.
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşynyň hasaby boýunça Türkmenistany erem bagyna öwürýän döwür eýýam ýetip gelýär. Alymlaryň tassyklamagyna görä, ýedi ýüz ýyldan dünýä boýunça howa üýtgeýär. Alymlaryň pikiri ras bolmaly, sebäbi seljuklar kuwwatly döwlet guran mahaly Türkmenistana gelen jahankeşdeler, Merw, Nusaý, Köneürgenç, Şährislam, Dehistan – Maşat Misserian ýaly dünýäde owadan, gözel, ajaýyp ýurduň ýokdugyny ýazypdyrlar. Ýerli taryhçylaryň diwanlarynda hem ol maglumat bar. Ozal jenneti toprak, gür tokaýlyga bürenen gözel ýurt ýene birmahalkysy ýaly jenneti gözel bolaýmaly. Mongollar bilen bedibagtlyk aralaşan bu ýurduň başyndan şol bedibagt sekiz asyry tamam bolup gelýär. Howa-da üýtgär, döwür-döwranam üýtgär! Türkmeni Allatagala ýalkar! Saparmyrat Ataýewiç oňa ýüregi bilen ynandy.
Beýik Serdar galyň-galyň kitaplary okap, miladydan öňki I asyrda ýaşap geçen ýunan alymy Diadoryň, biziň eramyzyň I asyrynda ýaşap geçen Strabonyň eserlerinde türkmen topragy hakda edilýän söhbetlerine aşyk boldy. Soň bu hakda mukaddes Ruhnamasynda hem ýazdy. Olar bu topragyň bereketine aňk bolandygyny şeýle bir süýjüdip gürrüň berýärler. Şonda türkmendigiňe begenip, depäň gök direýär. Olaryň ikisem şu ýerlerini paý-u-pyýada aýlanyp çykypdyrlar. Belki, olar hem şu ýerde dynç alandyrlar. Bu ýerleriniň ilatyna «bagtly ilat» diýip at berlendigini tassyklaýarlar. Olaryň beýan edýän zatlaryny okanyňda, näme üçin türkmen halkyna dünýä halklarynyň bagtly ilat diýendiginiň sebäbi aýan bolýar. Dünýäniň hiç bir ýurdy özüniň baýlygy, täsin tebigaty, täsin, bol miweleri bilen bu ýurt bilen – Türkmenistan bilen bäsleşip bilmez diýýär olar. Türkmenleriň ýurdy gaty köp şäherli, gaty uly, mes toprakly ýurt diýýär olar. Bir düýp üzümiň hasyllylygy 450 kilograma, injiriňki 3 tonna, hozuňky iki tonna barabar bolýar, ýere dökülýän däneler bolsa geljek ýylyň bol hasylynyň düýbüni tutmaga bolelin ýetýär. Ol ýerde dub agajyna meňzeş bir daragt bar. Onuň ýapraklaryndan bala meňzeş suwuklyk akýar. Ýerli ilat ony iýmit hökmünde peýdalanýar. Tokaýlarda balçylyk bilen meşgullanýarlar. Balkan dagynyň, Köpetdagyň eteklerindäki zeýtun, hoz agaçlaryndan önýän bereket bütin dünýäniň halklaryny artygy bilen üpjün etmäge ýetjek diýip ýazypdyrlar. Mysaly beýle gadymyýetden getirmek nämä gerek, otuzynjy ýyllarda Türkmenistanyň baýlyklaryny öwrenmek üçin Moskwadan ähli ugurlar boýunça alymlar, şeýle hem ýazyjy-şahyrlar toparlary gelipdi. Olar hem Türkmenistanda önýän önümleriň ymgyr köplügine, ýerasty baýlyklaryň uçursyz känligine haýranlar galypdylar. Olar Türkmenistanyň ýerasty baýlygy boýunça dünýäde deňsiz-taýsyz ýurtdugy barada janygyp-janygyp ýazypdylar. Ýöne ol ýazylan zady respublikanyň ýolbaşçylary okamasa näme! Wah, olar okadam diýeli! Olaryň islegini, etsem-petsemini Moskwa diňlemese näme!
Aşgabat şäherkomynyň birinji sekretary bolup işlän döwründe Moskwada Saparmyrat Ataýewiç belli sowet ýazyjysy Nikolaý Tihonow bilen duşuşypdy.
Nikolaý Tihonow Türkmenistanyň, türkmen halkynyň çyn janköýeridi. Şonda Nikolaý Tihonow Saparmyrat Ataýewiç bilen tanşyp, äpet göwresine muwapyk bolmadyk ýeňillik bilen garsa gujaklapdy.
– Sende türkmen halkynyň geçmişdäki nuranalygyny, giňligini, mähremligini görýärin. Ine, simwol. Türkmen diýseler, seni görkezäýmeli. Ýöne geçmişdäki türkmenleriň simwoly. Bu günüň däl.
– Nikolaý Semýonowiç, näme üçin bu günüň däl?
– Sen meni gepletjek bolýarsyň. Bolýar, men saňa aýdaýyn, ýoldaş Nyýazow! Men türkmen halkynyň taryhyny, tebigatyny gowy görýärin. Otuzynjy ýyllarda men üç gezek Türkmenistana bardym. Onuň ähli ýerini paý-u-pyýada aýlanyp çykdym. Şonda men Kerbabaýewe, beýlekilere kän ýalbardym. Siz ýazyjy, ýazyjy hem öz ýurduny bäş barmagy ýaly bilmeli, ýörüň, bileje, pyýadaja Türkmenistanyň ähli obalaryna aýlanalyň diýdim. Obalarda ýaşuly adamlaryň gürrüňlerini diňläliň diýdim. Her dürli bahana tapyp, ýeke ýazyjy hem meniň bilen gitmedi. Meniň ýeke özüm gitdim. Ähli obalaryňyzda boldum. Hawa, hawa, ähli obalaryňyzda, köp çopan goşlarynda boldum. Ýuriý Trifonow hem meniň maslahatym bilen Türkmenistanyň ähli ýerinde bolan ýazyjy. Netijede, «Teşneligiň gandyrylyşy» atly üýtgeşik bir roman ýazdy. Leonid Lnonow bilen duşuş, hökman duşuş. Onuň Türkmen taryhy hakda okan zatlary hasam kän. Özem ol türkmen halkyna aşyk. Türkmen bolasym gelýär diýip, ol ürç edip türkmen dilini öwrendi. Onda türkmen dutary hem bar. Iki-üç sany saz çalmagam başarýar ol. Men näme diýmekçi bolýaryn: türkmene türkmen bolup düşünmeli. Ýogsam bize gaty kyn düşýär. Siziň dünýäni aňk etjek däp-dessurlaryňyz bar. Özem ol däp-dessurlaryňyz antik döwrüniňki bolmaly. Men ynanýaryn, türkmenden güýçli eser çyksa, onda şol eser diňe türkmen halkynyň üýtgeşik däp-dessurlary, adaty, türkmençiligi gaty inçelik bilen beýan edilen eser bolar. Men saňa şu pikirimi welilik hökmünde aýdýaryn. Ýadyňdan çykarma. Entek türkmeniň türkmençiligi, däp-dessury dünýä edebiýaty üçin basyrylyp ýatan biçak üýtgeşik hazyna. Ynanaý maňa. Men saňa ikinji bir pikirimi hem aýdaýyn. Türkmenistan ýaly, ýerasty baýlygy kän ülke dünýäde başga ýokdur. Diňe ýerasty däl, ir-iýmişleriňiz bilen hem siz dünýäde iň baý ülke. Türkmenistanda önýän hoz siziň her bir adamyňyza ýylda on iki kileden bermäge ýetýär.
– Ýalňyşýan bolaýmaň, Nikolaý Semýonowiç?!
– Ýok, ýalňyşamok. Men muny birgiden hünärmen bilen hasapladym. Men ylmy hasaplamalarymy aýdýaryn. Köpetdagdaky, Balkan daglaryndaky zygyr, zeýtun ösümliklerini gör.
SSSR-i diňe Türkmenistanyň zygyrynyň, zeýtunynyň hasabyna ýaşadyp boljak. Özem bolçulykda.
– Zeýtun hakda-da, zygyr hakda-da, olary ösdürmek, öndürmek hakda-da hiç hili mesele goýlanok, onuň hem sebäbi bar...
– Köpetdagyň eteginde bir zawod gurulsa, zawodda-da zeýtun ýagy alynsa, onda dünýäni zeýtun ýagy bilen doly üpjün etmäge, SSSR-iň ýyllyk býujetine barabarlykda girdeji almaga mümkinçilik bar.
– Nikolaý Semýonowiç, men siziň bu baradaky makalaňyzy birmahal okapdym. Siziň gozgaýan meseleleriňizi döwlet derejesinde öwrenmeli hem çözmeli.
– Ine, ine, ahyr meniň eşitmek islän zadymy aýtdyň. Ýöne döwletiň aýdylýan zady durmuşda barlap göresi gelenok. Her kim öz wezipejiginden gorkýar. Maňa tabşyrylmasa gezibereýin-le diýip, ýumşajyk kürsüsinde kofejik içip otyr ol.
– Nikolaý Semýonowiç, men Köpetdagyň eteginde ulaldym. Siziň aýdyşyňyz ýaly, türkmen daglary birmahal sümme tokaýlyk bolupdyr. Siziň diýýän hozlaryňyzam, zygyryňyzam, zeýtunyňyzam bolupdyr. Ýöne bu gün taryhdaky ol daglar, ol ösümlikler ýok. Öňki Girkaniýa, bag-bakjaly, gür sümme tokaýly ýurt bu gün ýalaňaç. Özem soňky altmyş-ýetmiş ýylyň içinde ýalaňaçlandy.
– Ýoldaş Nyýazow, men seniň bilen ylalaşýan, men saňa ynanýaryn, sebäbi, men otuzynjy ýyllardan soň Türkmenistana, onuň daglaryna aýlanmadym. Ýöne sizde «Bir akan ýerinden akarmyş aryk» diýip pähim bar. Rast, öň bar bolsa, ony bu gün hem edip bolar. Ol ýerdäki derýalar gurady diýip, gol gowşurmak jenaýat.
– Türkmen halkyna edýän janköýerligiňiz meni – dogrymy aýdaýyn – juda begendirdi. Siziň ýaly janköýerlere men örän az gabat gelýärin. Men size örän minnetdardygymy aýtmak isleýärin.
– Biziň topragymyza bal önýän ýurt diýýän ekenler. Haçan-da türkmen topragy öňküsi ýaly, bal önýän, dünýädäki iň baý künjege öwrülse, men şonda rahatlanaryn. Bu meniň baş maksadym.
– Ine, munyň bolýar. Seniň ýaly aýdyň maksatly adamlar ýok. Türkmenistanda bal-bereket önse, sowet halkynyň bagtynyň getirdigi bolar, SSSR-iň baýlygy artar. Ahalda ýigrimiden gowrak derýanyň bolandygyny men ýatdan bilýän. Artyk, Gyzgynçaý, Kelteçynar, Ýanbaş, Garasuw, Pöwrize, Altyýap, Sekizýap, Arwaz, Börme, Kölýap ýaly derýalar bütin Ahaly Garagum kanalyndan öň suw bilen üpjün edipdir. Men Garagum kanalynyň çekilmegine garşy.
– Näme üçin?
– Ahala suw eltmek diýmek, ýaltanyň işini aňsatlaşdyrmak diýmek, Elbetde, bu meniň öz subektiw pikirim. Ýalňyş pikir edýän bolmagym hem mümkin. Ýöne meniň hem pikirlerim üns berilmeli pikirler.
Rewolýusiýadan owal Ahal suw bilen doly üpjün bolupdyr. Ýigrimi ýedi sany derýa Ahal sebitlerini suw bilen doly üpjün edipdir. Şonuň üçin türkmende Ahal topragy dünýäde ilkinji bugdaýy döreden toprak hasaplanýar. Suwarymly ekerançylyk dünýäde ilkinji gezek Türkmenistanda ulanylypdyr. Kanalizasiýa ilkinji gezek Jeýtunda – Ahalda peýdalanypdyr. Jeýtun Aşgabatdan bary-ýogy otuz kilometr uzaklykda. Hawa, men türkmen taryhyny öwrendim. Taryhda bolsa şeýle ýazylypdyr. Türkmenistan suwarymly ekerançylygyň we ak bugdaýyň ilkinji watany hasaplanýar. Arçalaryň aşagynda ýatýan garlar Ahal derýalaryny suw bilen üpjün edipdir. Ýöne arçalara talaň düşensoň, derýalar guramak bilen bolupdyr. Ýoldaş Nyýazow, Garagum kanalyny getirenden arçalary ekmek, suwarymly ekerançylygy ýola goýmak amatly dälmi? Amatly. Arçalar ekilse, ol ýeri ýakyp-ýandyryp barýan ülke däl-de, birmahalkysy ýaly ýene subtropik ülke bolar. Dünýäniň ähli ýerlerinden gelnip hezil edip dynç alynýan ýer bolar. Girkaniýanyň, Maşat-Misseriýanyň tozap ýatan ýerdigini aýdýarsyň. Men saňa ynanýaryn. Men ol ýeriniň tozap ýatan ýer bolmaly däldigini aýdýaryn. Ol ýerlerde öň hem derýa kän bolmandyr. Ol ýerleri diňe kärizleriň hasabyna tokaýlyk bolupdyr. Şol tokaýlyklar bu gün ýok diýýärsiň. Sebäbi köpsanly uruşlarda bal ýaly suw berip duran kärizler gömlüpdir. Ol kärizleri duşman ýakynlaberende gömenem türkmenler. Soň ol gömlen kärizler arassalanmandyr. Netijede hem ol ýerdäki kärizler gömlüp, tokaýlar ýitip, gurap gidipdir. Sen aýt, bu gün Balkan sebitlerine Garagum kanalyny çekeniňden ata-baba kärizlerini dikeldeniň amatly dälmi? Amatly. Ýöne bu zatlara baş galdyrýan adam ýok. Iň erbet ýeri näme diýsene, Garagum kanalynyň suwy bilen Balkan sebitini tokaýlyga öwrüp bolmaz. Kärizleri dikeltseňiz welin, ol ýerleri ýene gür sümme tokaýlyk bolar. Men bu zatlary janym ýanansoň aýdýaryn. Göwheriň üstüniň gömülmegini islämok. Türkmen ýazyjy-şahyrlary bolsa, diňe Lenin, partiýa hakda goşgy ýazmakdan başga zatlary bilmeýärler. Men Lenin, partiýa hakda goşgy ýazmaly däl diýmekçi bolmaýaryn. Ýok, ýok. Olar hakda-da ýazmaly. Ýöne öz taryhyňy hem halkyňa ýetirmeli. Siziň ýazyjylaryňyzyň gruzinlerden, ukrainlerden, litwalylardan, galyberse-de, özbeklerden nusga almagy gerek. Berdi Myradowiçe «Nebitdag» romanynda, ine, şu zatlar hakda ýazsaň, gaty uly iş etdigiň bolar diýdim. Lenin baýragyny alarsyň diýdim. Tas ýüregi ýarylypdy. Ýazmady. Baýrak welin aldy. Ýazyjy näme üçin ýazmaly? Il-güne bähbitlisi bolsun diýip ýazmaly.
– Sag boluň, Nikolaý Semýonowiç, sag boluň!
– Ýoldaş Nyýazow, men seniň bu sagbolsunyňy seniň şahsy sagbolsunyň hökmünde däl-de, türkmen halkynyň sagbolsuny hökmünde kabul etjekdirin – diýip, Nikolaý Tihonow loh-loh gülüpdi. – Men Köpetdagdan, Balkan daglaryndan bal önjegine ynanýaryn. Men ol daglaryň häzirki ýaly ýalaňaç bolman, birmahalky ýaly, tokaýly boljagyna, türkmeniň topragynda toý boljagyna ynanýaryn...
Beýik Serdar Nikolaý Tihonowyň peşeneli göwresini, janykmalaryny ýatlap oturyşyna, onuň bir pikirini öz ýanyndan gaýtalady: «Wah, siziň taryhyňyz ýaly taryh rus halkynda-da bolsady, bütin ömrümi Gýugonyňky, Balzagyňky ýaly gapyny içinden kiltläp, açaryny hem ýokarky etaždan aşak elimiň ýeten ýerine çenli zyňyp, dünýäni unudyp diňe ýazardym, diňe ýazardym». Tihonowyň türkmeniň taryhyna guwanjy geçmişden bir wakany Beýik Serdarymyzyň ýadyna saldy. Geçmişde şu toprakda ýaşan danalar haýsydyr bir daşlaryň kömegi bilen zerur mahaly ýagyş ýagdyryp bilipdirler.
11.
...Iki aýlap asmandan nem dammaýar. Ilatyň maly gyrlyp, tebigy bedibagtlyk başlaýar. Şonda tebigatyň syryna beletler şol daşlaryň kömegi bilen ýagyş ýagdyrjak bolup başlaýarlar. Öz halkynyň ogly Jelaleddin soltan hem şol daşlaryň gudraty bilen ýagyş ýagdyrmakçy bolýar. Yhlas edýär. Ynha, gün öýleden agýaram weli, şeýle bir ýagyş başlaýar. Çagba! Ol goýar ýerde goýmaýar, dört-bäş gün ýagyp, ilatyň mal-garasy buýup ölüp başlaýar. Jülgelerden sil gelip heläkçilik bolýar. Hatda soltan Jelaleddiniň çadyryna hem barar ýaly bolmaýar. Şonda soltan Jelaleddiniň kakasynyň aýal dogany Daýa hatynyň: «Sen älemiň hudawendi ahyry. Sen daşlar bilen ýagyş ýagdyrmagyň ussady däl, şonuň üçinem gereginden artyk ýagdyryp, ýagyş bilen ilaty heläk etdiň. Sen ol daşlaryň ugruny bileňok ahyry» diýip duranyny hut Nesewi gulagy bilen eşidipdir. Soltan bolsa ejesine: «Ýok, ýagdaý seniň aýdyşyň ýaly däl, düýpgöter başgaça. Bu ýagyş meniň yhlasymyň netijesi» diýipdir.
Ýurduň soltanynyň yhlasy onuň islendik raýatynyň yhlasyndan artyk!
Ýurduň baştutanynyň ýurduna bolan söýgüsi tutuş ilatyň söýgüsinden artykdyr!
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy ýurduň baştutany, ol tutuş raýatlaryň göterýän garamatyndan köp ýurt garamatyny göterýändir!
Beýik Serdaryň yhlasy tutuş ýurduň ilatynyň yhlasyndan has galadyr!
Beýik Serdar Daýa Hatynyň ady ýadyna düşeninde gyýyldy. Daýa Hatyn Köneürgenç şasy soltan Muhammediň aýal dogany. Şol döwürde soltan maşgala agzalarynyň her biriniň bir ýerde häkimlik edendigini biz bilýäris. Daýa Hatyn hem häkim bolýar. Onuň saldyran kerwensaraýy Çärjew – Darganata daş ýolunyň 173-nji kilometrliginde şindem dur. Emma taryhçylar Daýa Hatynyň kimdigini bilmän, her kitapda onuň bilen baglanyşykly dürli-dürli rowaýaty getirýärler...
Wah, ony taryhçylar nireden bilsin! Bu maglumat SSSR taryhynda ýok! Ol taryhçylaryň bolsa geçmişi dörüp biljek, anyklajak, dikeltjek bolýanam gaty seýrek.
Türkmeniň altmyş asyrlyk baý taryhy, nega bir halkda bolýan baý taryhy daşary ýurt arhiwlerinde, golýazmalar fondlarynda, harabalyklarda hyrydaryna, eýesine intizar garaşyp ýatyr. – Kim olary diklejek, kim ol beýik taryhyň agysyny aglaýan?
Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy dikelip oturyp ýalaňaç, köse daglara syn etdi, göwnüne bolmasa, ýalaňaç daglar altmyş asyrlyk türkmen taryhynyň harabaçylygy ýaly bolup ýatyrdy. Ol harabaçylygy öz kalbynda duýdy...
Beýik Serdaryň gözüniň öňünde respublikanyň zeý basan ekin meýdanlary janlandy, ol ýowuz, gazaply görnüş gudrat bilen Beýik Serdaryň kalbyna girdi...
Beýik Serdaryň gözüniň öňünde sosializmiň harabaçylygy janlandy, ol görnüşem onuň kalbyna girdi...
Adam kalby – tebigatdan, adam paýhasy – taryhdan, adam aňy bolsa durmuşdan nem alýar. Dil – halkyň ruhunyň maddylaşmagydyr. Eger şeýle bolýan bolsa, onda milletiň dilindäki özgerişler onuň ruhunyň özgerişleriniň ýüze çykmasydyr. Ine, biziň häzirki dilimizde juda işjeň ulanylýan sözleriň biri – «kalp» sözi. Gyzykly hem biraz geňräk zat – biziň köne edebiýatymyzda «kalp» sözi tas ulanylmandyr diýerliklidir. Emma XX asyryň şygryýetinde hem, kyssasynda hem, sözleýiş dilinde-de «kalp» sözi leýs bolup ýatyr. Biziň pikirimizçe, munuň milli ruhuň özgerişi bilen baglanyşygy bar.
XX asyrda türkmen ruhy tebigat bilen hemsyrdaş boldy. Öň «dünýä» sözi bilen aňladylan tebigat biziň üçin asly aýry bir zatdy, biz «bizdik», dünýä bolsa «oldy» Geçen asyrda tebigat hem biziň özümize öwrüldi. Biz tebigatyň goýnundadygymyzy boýun aldyk. Türkmen ruhy juda dünýewileşdi. Netijede hem biziň tebigat bilen arabaglanyşygymyzy aňladýan düşünjeler has işjeň ulanylyp ugrady. Kalp – tebigatyň goýnunda özüni tebigat bilen asly bir hasaplaýan türkmen şahsyýetiniň aňlatma birligidir. Kalp tebigat şahsydyr. Muňa bu sözde duýgynyň we duýguçyllygyň juda açyk ýüze çykýanlygy hem şaýatlyk edýär.
Emma, şol bir wagtda-da, türkmen tebigaty XX asyrda zaýalanyşy ýaly, hiç wagt hem zaýalanmandy. Hawa-da, özgeriş hemişe iki taraplaýyn – oňyn we tersin şekilde bolup geçýär.
Beýik Serdar hemişe-de tebigaty gowy görerdi. Tebigatyň goýnunda özüni enäniň gujagyndaky çaga ýaly duýýardy. Emma adam çykyp, ýurt eýesi bolandan soň, onuň türkmen tebigatyna gatnaşygy has hem çuňňurlaşdy. Ol indi diňe tebigatdan lezzet alman, eýsem onuň ykbaly üçin uly jogapkärçilik duýgusyny hem başdan geçirýärdi. Kemally perzendiň öz enesini bagtly göresi gelşi ýaly, ol türkmen tebigatynyň gözel, baý hem-de owadan bolmagyny isleýärdi. Muny onuň owadan kalby küýseýärdi. Sebäbi, içki owadanlyk özüne daşky barabarlygy isleýärdi. Saparmyrat Ataýewiçiň inçe, dürli duýgy öwüşginlere baý, tämiz, durnagöz suw kimin arassa, mawy giňişlik kimin dury, gök tokaýlyk kimin ter, gök daglar kimin howalaly, sähra şemallary kimin mylaýym kalby bardy. Beýle kalp daşdan öz barabarlygyny isleýär. Emma, soňky ýüz ýylyň dowamynda, her hili synaglardan ini bez bolan, ekologik emelsizliklerden dagdy bolan, biperwaýlykdan bagty ýatan türkmen tebigatynda beýle barabarlyk galmandy.
Türkmeniň negözel tebigaty görkden-görmekden aýrylypdy. Duýgur şahyrana kalply Saparmyrat Ataýewiç muny ezýet bilen kabul edýärdi. Onuň zandy gözeldi. Gözellik bolsa, görmeksizlik bilen alşyp bilmeýär.
Tihonowyň türkmen tebigatyna garaýyşlarynda ykdysady, maddy matlap bardy. Her kime diýseňem onuň zandynyň kysmy başgaça. Galyberse-de, ol bu topragyň däl, başga topragyň ogly. Onda nep, peýda görmek islegi tebigata bolan gatnaşygyň manysyny kesgitleýär. Saparmyrat Ataýewiçiň tebigata gatnaşygy bolsa bütinleý başga hilli. Şu ýerde-de biz bu beýik şahsyýetiň baş sypatyna ýene bir gezek göz ýetirýäris. Ol sypat ähli zadyň esasynda ruhy goýmak ýörelgesidir. Kalp, zand diýilýän düşünjeler hem ruha degişlidir. Diýmek, hemme zat – şol sanda tebigata gatnaşyk hem ruhdan başlanýar.
Saparmyrat Ataýewiçiň tebigata garaýşynyň esasynda maddy, ykdysady nep däl-de, gözellik, ýagny ruhy gymmatlygy ýatýar. Onuň kalby türkmen tebigatynyň hem özi ýaly gözel we owadan bolmagyny isleýär. Şol düýpli sypat hem anyk bir zatda – Saparmyrat Ataýewiçiň türkmen arçasyna bolan mähremliginde oňat ýüze çykýar. Arça – gözelligiň, özem baky gözelligiň nyşanydyr. Ol arly ýyl ýaşyl öwsüp otyr. Ýaşyl diýmek bolsa terlik hem ýaşaýyş diýmekdir. Ýaşyl diýmek ýaşlyk, onda-da baky ýaşlyk diýmekdir.
Saparmyrat Ataýewiçiň öz gadymy ýurduny ýaşyl arçalar kimin ömürbaky ýigdeldesi, juwan edesi gelýärdi. Ýaşlyk, juwanlyk türkmen tebigatyna-da, türkmen jemgyýetine-de, türkmen ruhuna-da gaýdyp gelmelidi. Solup-saralan sähralara, ýanyp ýatan daglara ýaşyl reňkli, arça reňkli jan girip, olary direltmeli, ýaşaýşa gaýdyp getirmelidi.
Arça ruhubelentligiň simwoly. Sebäbi, ol gyşyň aňzagynda-da, tomsuň jöwzasynda-da ýan bermän, baky ýaşlygynda, ýaşyllygynda otyr.
Arça janlylygyň simwoly. Ýaşyl – diriligiň, sary – ölümiň reňki, garrylygyň reňki.
Diňe şeýle kalply adam türkmeni taryhy ýaşaýşyň bakylygyna we gözelligine getirip biljek eken.
Türkmen dilinde «ýaz», «ýaş», «ýaşyl», «ýaşaýyş» sözleriniň hemmesiniň düýbi, köki birdir.
Millet – patyşasynyň göwnünden, kalbyndan reňk alýar.
Hut şonuň üçin hem türkmeniň durmuşynda Beýik Serdar ýolbaşçy bolaly bäri ýaşlyga, ýaşyllyga, ýaşaýşa, ýaza ymtylyş özüniň bütin taryhynda iň ýokary derejesine ýetdi.
Saparmyrat Ataýewiçiň gözüniň öňünde ysgynsyz, ýary zeý suwuna öwrülen Amyderýa, Murgap derýasy, Tejen derýasy janlandy, olaram onuň kalbyna girdi. Öz-özüne göwünlik berip:
– Eý, Allam, sen maňa Oguz han atamyň ýurduna, halkyna, iline, watanyna bolan söýgüsini, pähim-paýhasyny ber!
Eý, Allam, sen maňa Gorkut atamyň kethudalyk paýhasyny ber, men bu iliň agzyny, güýç-gudratyny bir edip, kalbymda ýaşap ýören döwleti guraýyn!
Eý, Allam, daglara baryp ýagşy dilegler eden Pyragynyň owazyny eşidensiň, sen meniň hem bagrymdan çykýan sedalaryma diň sal-da, maňa Göroglynyň gaýratyny, Pyragynyň parasadyny ber!
Eteginde namaz okap oturmaly, halal toprak ýaly agras, daglar ýaly paýhasly, çeşmeler ýaly arassa türkmen beýik bir döwlet gurup, beýik bir döwletde ýaşamaga mynasyp halk ahyry!.. Maňa keremiňden kerem ber, eý, Allam!..
Osman Öde.
Publisistika