ÇAKYLYK
Hallynyň toý çakygygyny alanymdan, uly höwes bilen ýol şaýymy tutup başladym. Çärýek asyr bäri maşgala bagtyna guwanyp, onuň toýuny toýlaýan boýdaşymyň şatlygyna şärik bolasym gelýäni çynymdy. Esli mahal bäri oba gara salmanymdan soň, bu ýerde bolan özgerişlere haýran galyp, obanyň ortarasynda seleňläp oturan täze medeniýet öýüni nazarlap barşyma, şo-ol birmahalky güzere sowulanymam duýmandyryn.
Ene ýabyň güzerinde aýak çekip, ýalpyldap duran raýyşdan suwa elimi uzadanymdan, garşydaky hyşalykdan galan gögerçiniň güsürdisine tisginip gitdim. Tyýpylmakdan ýaňa ýylçyrap duran güzerde özümi saklamak aňsat düşmedi. Suwa ýykylmazlyk üçin raýyşdaky hyşadan ýapyşdym. Olam şobada gopup, elime geldi. Gülçüldäp ýere uruldym. Suwa gaçmandygyma şükür edip, töweregime garanjakladym. Hernä meniň aljyrap durşymy gören adamyň ýokdugyna begendim.
Zordan aýak üstüne galdym-da, birmahal bat alyp, suwa bökýän ýerimize bardym. Ol henizem öňküsi ýaly ýalpyldap durdy. Ýöne bu golaýda çaga görnenokdy.Megerem, howanyň çigrekligi zeralydyr. Men obanyň tämiz howasyndan ganman durşuma, bir dem gözümi ýumdym-da dünýä diň saldym. Şonda ilki bilen gözümiň öňünde bahar bägülleri ygşyldap başlady. Olaryň sergin şemala çalaja yranýan başlary nähilidir bir ajap mukamy çalýan ýalydy. Men onuň haýsy mukamdygyny saýgaryp bilmän, azara galdym. Ol birden batlanýardy, birdenem gowşaýardy.
Men kalbymda çalynýan mukamyň täsirinden esli mahallap çykyp bilmedim. Şeýdip näçe mahal oturanymy bilemok. Ýöne ýaňky çym-gyzyl gülälekler birden tylla reňk ýapraklara öwrüldi-de, dünýä ýagtylyk berdi. Heniz özümi dürsäp ýerişmänkämem, älem-jahany ak bulutlar eýeledi. Men näme bolýandygyna düşünmedim. Bu ýagdaýyň huşumdygynam, hyýaldygynam aňşyryp ýetişmedim. Şo bada hälki otlukdan turan gögerçiniň jykyrdysyna gözümi açdym. Soňam az wagtlygam bolsa, çagalygyň dünýäsine doldum.
...Hally, Nabat, Gözel dördimiz ýaňy güzere gelip gelmänkäk, Aşyr dagy bir ýerden çykdylar. Olar bizden öňürdip, raýyşdan bat aldylar-da, özlerini suwa urdular. Biz olaryň entek-entekler suwdan çykmajagyny bilip durduk. Şonuň üçinem aşaky güzere gitmäge hyýallandyk. Edil şo pursat Aşyr suwdan böküp çykdy-da, bize tarap ylgady.
- Waý, ýylan çakdy meni. Tizräk ejemi çagyryň—diýip, sesiniň ýetdiginden gygyrdy-da elindäki ýylany bize tarap oklap goýberdi. Çirkin sesi weli barha batlanýardy:
_ Waý, ölýän-eý, ejemi çagygyryň-eý.
Biz oba tarap ylgadyk. Aşyrlaryň öýi daşrakda bolansoň, ilkinji gapa Oraz kakamlara urduryp girdim.
- Oraz kaka, Aşyry ýylan çakdy. Ýabyň gyrasynda çabalanyp ýatyr- diýdim.
Oraz kakam köwşüni zordan aýagyna ildirip, ýaba tarap ylgady. Gelsek oglanlar hezil edip, biziň üstümizden gülüp durlar.
- Aý, samsyjaklar, suw ýylany adam çakarmy?
Oraz kakamyň gahary geldi:
- Heý, şeýle-de bir mojuk oýyn bolarmy? Hany, dargaň öýli öýňüze.
Oraz kakam käýinjiräp öýlerine ugrandan, oglanlar ümsüm geýinmäge başladylar. Biz olaryň giderine garaşýandygymyzy bildirmezlik üç ene ýabyň raýşyndaky gülleri ýygyp başladyk. Olar weli äwer ýaly däldi. Gaýta çaýyrlyga çekilip, Aşyr başlyklaýyn çep aýkalrynyň üstünde bökjekläp, köýnekleruiniň ýeňini gulagyna salyp, onda galan suwy aýyrmak üçin ak kebelek, gök kebelek diýip, bökjekleşmäge durdular. Biziň bu oýnumyzyň özüne ýetesi gyzygy bardy. Suwdan çykaňsoň, köýnegiň etegi bilen hem-ä gulagyňa giden suwy sorduryp bolýardy, hemem biziň özboluşly tansymyzdy. Kim bir aýgynyň üstünde näçe köp bökjekläp dursa, şol günki süýji paýymyz şonuňkydy. Biziň aramyzda halys ýörgünli bolan bu edähedimizi oglanlaram alyp göteripdi. Biz olaryň şowhunyna tomaşa edip durduk weli, Aşyr Halla degip başlady.
- Hally, aýdaýsana halyň bolmasa-da seň adyňa näme üçin Hally dakypdyrlar. Ýa-da sen haly ýaly owadanlygyň üçinmi? Hally oňa jogap bermedi weli, Aşyr hasam öjükdi.
- Hallyjykmy halyjyk?
Aşyr duýman durka Hally oňa ýapyşdy-da köýneginiň ýeňini gopardy.
- Ine, näm üçin meň adym Hally. Aldyň ek almytyňy. – Ol jyrym-jyrym bolan eňi tutup durşuna ony Aşyra tarap zyňyp goýberdi. –Bu-da seniň ýaňky oýnuňa derek.
Aşyram ur-tut Hallynyň saçyndan çekdi. Hallam ondan galardy däldi. Boldular hydta-da mytda. Bir görsek, Aşyryň ýüzi gara gan. Hallynyň ýiti dyrnaklary ony persala edäýipdir. Bize olary aralaşdyrmak iş boldy. Indi-hä köşeşdiler öýdýän diýenimizden Aşyr möňňürip başlady.
- Indi men nädip öýe baraýyn. Ejem maňa näme diýer. Köýnegim täzejedi ahyry. Muny Myrat daýymyň toýunda berdiler maňa. Oglanlar pakyrda berdiler.
- Eý, sen ýüzüňi nätjek? Gara gan bolupsyň-a.
Hally Aşyra ýalbaryp başlady.
- Ýörüň hemmämiz bize gideliň. Öýde hiç kim ýok. Aşyryň köýnegini bildirmez ýaly edip çataryn. Ejesi bilmezem.
Biz Hally bilen ylalaşyp, olara tarap ugradyk. Ol biziň öňümize düşüp barşyna agzy-agzyna ýetmän gürleýärdi.
- Ine, görersiňiz, Aşyryň ýeňiniň gopandygyny sizem saýgaryp bilmersiňiz. Men ony şeýle bir gelşirip çataryn weli, aňk bolar galaýarsyňyz. Ýeň dagy nämejik. Jigilerimiň köýneklerine çenli özüm tikýän.
- Hally ýöne ýerden öwünenok eken. Biz oňa-muňa gýümenýänçak, ol eýýäm Aşyryň ýeňini ýabşyryp tikdi weli, dogrudanam edil bile biten ýalydy. Nirede tikin bardygyny saýgarar ýaly däldi. Hally tikin-çatyna beýle ökdedir öýdemokdym. Ýogsa olam edil biz bilen deňje “elim işli bolsun” diýip, suwa, ýele goýbermek üçin tahýa baryny tikipdi. Men geň galanymy gizlejegem bolmadym:
- A gyz, sen nädip muny bilduiremez ýaly edip tikip bildiň. Hakyt, biler ýaly däl-dä.
Ol maňa ünsen bermän, Aşyra köýnegini uzatdy:
- Indi beýdip ýalan sözleme. Ýogsam balaksyzam galarsyň.
Biz Hallynyň ejesi kakasy gelmänkä dargaşdyk. Şoldur-da şoldur oglanlar bizden gaça duranlaryny kem görmediler. Bizem olary küýsäp durmadyk. Onýyllygy tamamlan badymyza Hally bilen Aşyr toý tutdy. Olaryň toýy obamyzda ýaňyja ulanylmaga berlen medeniýet öýünde boldy. Medeniýet öýüniň owadan binasynda Hally bilen Aşyryň gol tutuşyp barşy henizem göz öňümden gidenok. Bagtyň çürdepesine çykan boýdaşymyzyň şatlygyna bizem şärik bolduk. Toýda Aşyr öz duýgularynyň Hallynyň köýneginiň ýeňini goparan pursatyndan başlandygyny, hut şol pursat heniz ýetginjekligiň gapysyndan ätlemänkä, Hallynyň ýüregini ogurlandygyny, erk-ygtyýarsyz söýginiň dünýäsine dolandygyny buýsanç bilen aýtdy. Aşyryň sözleri maňa türkmeniň bu mukaddes duýgyny neneňsi aýap bilýändiginiň şaýady ýaly bolup göründi. Sebäbi kalbyňda tutaşan yşk oduna döz geläýmek aňsat-aňsat iş däl. Onda-da heniz oglanlygyň dünýäsinden doly saýlanmankaň. Eýsem tötänlikden joşan duýgynyň bady heniz söýginiň nämedigini doly saýgaryp ýetişmedik ýetgimjekleri onuň ajap ýurduna alyp gider, onam ilden gizlin saklarlar diýseň ynanar ýaly däl. Ýöne bu hakykardanam şeýledi. Olaryň söýgüsine diňe birek-birek diýip urýan ýürekler şaýat bolupdy. Ine, häzir men olaryň goş birikdirip, maşgala bolanlarynyň çäriýek asyrlyk toýuna barýan. Ýolumyň ene ýabyň boýundaky güzeriň üstünden düşmeginiň ýöne ýerden däldigini ýatladan ýakymly wakalar boýdaşymyň bagtynyň şaýady deýin kalbymy nurlandyrdy. Bu hem-ä çagalygyňa syýahat etmekdi, hemem bagtyýarlygyň hözirini görüp, söýgi ummanynyň kenaryny yzarlaman, birek-biregiň mährinden ganyp ýaşaýan dostlaryňa guwanmakdy.
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar