12:26 Deñiz tolkunlary / hekaýa | |
DEÑIZ TOLKUNLARY
Hekaýalar
Ol çyrpynyp ýatan deňzi synlap oturyşyna aşyrym-aşyrym bolup gelýän ak tolkunlaryň oýnuny gözden salmazlyga çalyşýardy. Ho-ol aňyrdan, nirelerdendir bir ýerden, deňziň çuňluklaryndan bat alyp gaýdýan tolkunlar kenara gelip urulýardylar-da, çym-pytrak bolýardylar. Tolkunlaryň zarbyna töwerege syçraýan damjalar kenary ýuwup-ýylmaýardy-da, ýene yzyna deňze dolanýardy. Her gezegem ol öz yzynda, kenarda owadan nagyşlary galdyryp gidýärdi. Tolkunlaryň kenarda galdyrýan yzlarynyň biri-birine asla meňzemeýändigini edil şu pursat duýan ýaly Jeren olary has içgin synlap başlady. Synladygyça-da ony nähilidir bir üýtgeşik duýgy gaplap aldy. Belki, gojaman deňiz şeýdip tolkunlar arkaly öz syryny adamlara aýan ekmek isleýändir. Belki-de, kenarynda üýtgeşik bir gözelligiň dörändigine guwanjynyň alamatydyr. Bularyň haýsy biri bolanda-da tolkunlar üçin onuň tapwudy ýok ýaly, güwläp ýatan goja deňziň üstünde oýun turuzýardylar… Jeren ak köpük bolup, kenara urulýan tolkunlary sanap oturyşyna olary ynsanyň iň näzik duýgulary bilen deňeşdirdi. Soňam olary sanap başlady “Bir, iki, üç…” Soňa-baka ol hasabyny ýitirdi. Sebäbi ho-ol, aňyrdan ak köpük bolup gelýän tolkunlar kenara ýetýänçä badyny birneme peseltse-de möwjemesi ýatarly däldi. has möwjeýärdi. Göýä ol öňünde duran zatlary ýutmaga taýýarlanýan ýaly bolup kükreýärdi. Jeren şeýdip ak tolkunlary synlap, esli oturandan soň, çägä ýaplandy. Indi tolkunlaryň bady has güýjän ýaly boldy. Tolkunlaryň birsydyrgyn kenara urlup durmasy oňa gaýtalanyp duran durmuş öwrümlerini ýatlatdy. Eýsem ynsan ömri bilen tolkynyp atan deňizde nähili meňzeşlik barka? Ol muny seljermek isleýän ýaly nazaryny uzaklara dikdi. Göwnüne bolmasa, ho-ol, aňyrda, uzak gözýetimdäki göm-gök deňiz has asuda ýaly bolup göründi. Jeren bu çak deňziň jümmüşindäki hasraty duýmady. Sebäbi daşdan synlanyňda hiç zat öz syryny aýan edenok ahyry. Bu durmuşda-da hut şeýle. Şonda Jereniň hakydasynda öňräkki waka janlandy. Şol gezek Jeren uzakda iki juwanyň bir göwre ýaly bolup durşuny synpap, öz ýanyndan olara guwandy. Özüni şol gyzyň ýerinde goýup gördi. Birdenem öz pikirinden elheder alan ýaly tisginip gitdi. Soňam öz-özüni köşeşdirdi. “ Men name üýtgeşik zady arzuw etdimmi? Aşyk- magşuk bir göwrä öwrülse, oňa ýetesi name bar? Bagtyň başlangyjy şol dälmi ? …” Onsoň Jeren özüni Atajan bilen bileje duýdy. Şol pursat ýakymly duýgulardan lezzet alan göwre pagyş-para eredi. Kalbynda söýginiň ody tutaşan Jeren süýji hyýallara gark bolup näçe oturanynam, hälki juwanlaryň özüne ýakynlaşanynam duýmady. Ol gyzyň ýigide müň näz bilen: - Beýtmesane, oglan –diýen sesine aýňaldy. Ýigit gyzyň näzine özüçe düşünen bolarly: -Aýyň deňindäki, Aýbölegim, seniň bilbiliň owazy ýaly sesiň şirinligi, aý jemalyň meni eredip barýar ahyry. Onsoň ellerim diýen etmejek bolup dur. Jeren öz pikirlerinden aýňaldy-da, owadan suw çüwdürimleriniň arasyndan assa basyp gelýän juwanlary synlady. Olaryň söýgüsiniň ýiti şuglasyndan reňk alýan suw damjalary indi Jerene başgaça bökjekleýän ýaly bolup göründi. Suw danjalarynyň şybyrdysy birsydyrgyn eşidilmän, göýä bu owazy äleme ýaýmak isleýän ýaly dürli heň edýärdi. Şol ajaýyp owaza durky bilen berlen Jeren iki juwanyňam oňa maýyl bolandygyny duýdy. Indi gyz ýigide näz etmasini goýdy-da: -Diňle, Azym, şu şirin owazy eşidýäňmi?- diýdi. - Seň eşiden owazyňy , heý-de men eşitmenmi? Bu biziň ýürek owazymyz ahyry. Bu bizi söýgi dünýäsine getiren, ikimizi bir göwrä öwren mukam, aşyklaryň arzuwy, ýürekleriniň telwasy. Meň-ä oňa mukam diýmäge-de dilim baranok. Ol aşyklaryň kalbynyň hakyky owazy bolup eşidilýär maňa. Jeren ak bulaklaryň owaz edýändigini, olaryň ynsan kalbyny ýerinden gozgap bilýändigini eşidenem bolsa, şu çaka çenli suw çüwrürimleriniň çalýan heňini duýmandygyna gynandy. Şaglap inýän suwuň owazy ýüreginiň taryna urulýan ýaly boldy-da, özüne ýakynlaşyp gelýän Aýbölek bilen Azyma derek göz öňüne daraýy donly gözel geldi. Ol gözel ýeri ynjytmajak bolýan ýaly messan-messan basyp, ýuwaşjadan ara açyp barýardy. Şol dem Jereniň bu daraýy donly gyzy ýakyndan synlasy, onuň bilen birsellem söhbet edesi geldi. Şol niýet bilen ýerinden gozganandan daraýy donly gyz zym-zyýat boldy-da ýene-de Aýbölek bilen Azymyň pyşyrdysy eşidildi: - Azym, sen meni söýýäň gerek? - Ony saňa näçe gaýtalamaly, hawa, söýýän, özem janym bilen. - Ine, meniň her dem senden eşitmek isleýän zadym. - Men her dem söýýän diýip dursam, onuň lezzeti gaçar. Ýöne meniň saňa bolan söýgim edil deňiz tolkunlarynyň öz kenaryna birsydyrgyn urlup durşy ýalydyr. Ara az salymlyk böwşeňlik düşeni bilen söýgim soňlamaz, Aýym. Gyz ýigide gysmyljyrady; - Deňiz tolkunlary ýaly diýdiňmi? - Hawa, deňiz tolkunlary ýaly. Sebäbi olar sansyz hem yzy üzülmeýär. - Men heniz deňzi göremok. Onuň tolkunlarynyň nähilidiginem bilemok. - Toý tutarys weli, ötägderis bileje. Aýbölegiň sesi begençli çykdy; -Awazamy? Suratlarda onuň owadanlygyny synlap doýup bilemok… Olar ara açandan Jeren daraýy donly gyzy gözledi. Indi ol bökjekleşýän damjalaryň owazynda başga bir şirin mukamy eşitdi. Ýüregi elendirip-elendirip ýaňlanýan bu mukamyň sazandanyň dünýäsini tutuşlygyna gözellige öwerendigine düşünmek kyn däldi. Şol ajap dünýä melul bolup outran Jeren Atajanyň ýanyna geleninem duýmady. Diňe onuň ýumşajyk elleri saçynyň taryny sypanda özüne geldi. -Name oýa batdyň? Jeren onuň sowalyna sowal bilen jogap berdi: - Sen deňziň çyrynyp, gomlaryny kenara urşuny gördüňmi? - Suw çüwdirimleriniň arasynda otyrkaň, deňiz tolkunlary nireden ýadyňa düşdi? - Aý, birden ýatlaýdym-da… Awaza-da geçen ýylky gidişimiz… Ynha, Jeren ýene-de şol arzyly kenarda otyr. Ol deňziň üstünden ýaňy dogup gelýän Güni synlamagyň lezzetini duýmak üçin bu gün kenara has ir gelipdi. Özem daňdanyň süýji ukusynda ýatan Atajany turuzmaga dözmän, myhmanhanadan ýuwaşlyk bilen çykypdy. Ana-da, alysdan, çyrpynyp gaýdýan deňiz tolkunlarynyň üstünden Gün tegelenip galyp ugrady. Onuň şuglasy ak tolkunlaryň üstünde birenaýy oýun edýärdi. Şol belent-belent tolkunlaryň üstünde çarlaklar perwaz urýardy. Olar ak köpük bolup süýşüp gelýän tolkunlara özlerini urup, ol ýerden balyk tutmaga çalyşýardylar. Tolkunlar weli, çarlaklary-da, özlerine müň dürli öwüşgin berýän Gün şöhlesini-de, ak çägeli kenary-da hasaba almaýan ýaly kenara birtsydyrgyn urlup durdular. .. Indi Jeren Azymyň öz söýgüsini näne üçin deňiz tolkunlaryna deňändigine düşündi. Sebäbi ummanyň çuňluklaryndan joşup gaýdýan tolkunlarda aýratyn bir gudrat bardy. Ony diňe kalbyň, ýüregiň bilen berleňde duýup bolýan eken.. Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Syrly dagdan / hekaýa - 24.12.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
√ Men şu gün gyz boljak / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |