Begenjiň gelmejegi hakyndaky ajy hakykaty-da, ondan umyt üzüp kimdir biri bilen ýaşamaly boljakdygy hakyndaky ynanjy-da, Maralyň boýnuna alasy gelenokdy. Durmuşa çykyp oturyberse, Begenç bilen baglanyşykly yzda galan süýji günlerini ýatlamakdanam, Begenji söýmekdenem mahrum ediläýjek ýalydy. Diňe ýagty jahan bilen hoşlaşan güni Begenjini söýmekligi bes edip biljekdi. Maral üçin ýigidiň ornuny tutup biljek adam ýokdy. Ýöne Maral haçana çenli süýji günleriň ýatlamasy bilen göwnüni hoşlap ýörmeli. Boýna guwanyp, özüne teselli berip oturar ýaly, bolmanda oňa Begenjini ýatladyp duran ýadygärligem-ä ýok. Iň bolmanda ony ýigidiň ýurduny saklap oturmaga-da goýmadylar. Ýagdaý şeýle bolansoň, özüne ýalňyz ýaşap ýörmezligi maslahat berýän deň-duşlaryndan, obadaşlaryndan Maral gaty görüp ýörmelem däl welin... Ýolamana gezek gelende, olaryň bary bir çukura tüýküren ýaly. Olam şony duýup ýör.
Maral uludan bir demini aldy-da, Ýolaman gapdalynda oturan ýaly, oňa içini dökdi. „Saňa göwnüm ýetmän, dil ýetirýän bolsam öýkeläber. Ýöne özüň ýaly bir gerçegi unudyp bilmän ýörenligim üçin men ýazykly? Elbetde, ýekelik ýagşy däl. Näme şuňa düşünemokmy? Aňyrsyna-da geçýän. Özüme erkim ýetmese nädeýin. Men diňe Begenjiňki, Ýolaman. Şuňa düşün. Ol gözümiň öňünden diri gitdi. Ýeri, indi munyňa näme diýeýin. Göwnümde näme bardygyny biljegem bolup durman, öýňüze barmagymy talap etdiň. Seni şeýdip gelmäge näme mejbur etdi?
Maral gelnejelerine-de aýtman, Ýolamanlara gitdi. Maral gapydan girende, bir zada akyl ýetirdi. Maýa ýaly gelninden jyda düşüp, ýalňyz galaryn öýdüp Ýolaman pikir edipmidi? Ýa ol gelniň Maraldan kem ýeri barmydy? Dört ogly, onda-da ne ogullar, il guwanardy, fronta ýollap, diňe birine gözüm düşer öýdüp Ýolamanyň ejesi ýatsa-tursa heý oýuna getiripmidi? Hany onuň üç balasy. Olar bilen ömürlik hoşlaşanyny bilse enäniň durumsyz ýüregi şol wagt ýarylmazmydy. Sered-ä, indem bir gysym bolup ýatyşyna, Maralyň özem Begençden ýekeje gün aýra ýaşajakmydy. Şu zatlara Maralyň akyly öň ýetmedimikä! Maral bilen bir adam bagtly bolup biljek bolsa bolsun-da. onuň özüne-de şu bolup ýörşünden agyr-a düşmez. Näme etjek şu adamlaryň göwünlerini ýykyp, öz sarpaňy bil.
Gapyda säginen Maral içerde özünden hem Ýolamandan başga adam bolmandan soň töre geçdi-de, elini emaý bilen garrynyň maňlaýyna ýetirdi. Ýolamanyň ejesi gözüni açdy. Uzak wagtlap Maralyň ýüzüne seretdi. Onuň dodaklary müňküldäp, bir zatlar diýerli göründi. Emma hiç zat diýmedi. Diňe onuň ysgynsyz elleri Maralyň ýaňaklaryny sypady. Maral garrynyň döşüne başyny goýdy.
* * *
Durmuşda hemme zat göwnüňdäki ýaly bolaýýarmy? Maraldyr Ýolamanyň birigenine bir ýyl bolup barýar. Ysnyşyp gidibermediler. Eýsem indi «Biz-ä ýalňyşypdyrys» diýip, aýrylyşjak oturyberjekmi. Il-gün näme diýer. Maral bilen Ýolamany tanaman durlarmy? «Maraldyr Ýolaman oňşanok» diýip, akmagam ynandyryp bolmaz. Özlerem ynananok. Aýratynam Ýolaman. Ýigit oňşugam etjek. Ýöne onuň göwnüne Maral özüne durmuşa çykyp, ýalňyşan ýaly bolup dur. Ony Maraldan sorap boljakmy? „Meniň bilen bagtly bolmarsyň, Ýolaman” diýmänmidim diýse ýuwdunjak durjakmy? Ýolaman boldy-bolmady oňa des-deňdi. Maral dommarylyp ýörse, Ýolamanyň sussupes bolmanam görsündä. Şonda-da ýigit bir zada haýran galýar. Her hili ýagdaýda-da Marala bolan söýgüsi güýjemese kemelenok. Ýolamanyň häzirki bolşy utanjaň, gyzy söýen ýigidiň, oňa elini uzatmag-a beýlede dursun, söz aýytsa-da ürküzerin gorkusy bile ýaýdanyp ýörüşine meňzeýär. Bolmanda-da Ýolaman on sekiz ýaşan kakabaş ýigit däl. Maral bilen häli-şindi oýun edişibem duranok. Käýarym ýigidiň eli uzaýsa-da Maral ýokuş görüp ýüzüni çytýar, ynjaýar. Ýigit onuň barmaly tarapyny bilenokmyka? Maral her näme-de bolsa indi Ýolamanyňky ahyryn. Ýa heniz muňa akyly ýetenokmyka? Ynanan wagtam bor-da. Ýolamanyňam şu halaşy bilen Maraly özne ysnyşdyryp bilmese bolmadygy-da! Edil häzir-ä Ýolamana Maral bilen bir gapydan girip-çykyp ýörenine begenip oňaýmakdan başga alaç ýok. Bu ýigit üçin ýeterlikmi näme?
Ýolaman köpden bäri ýalbaryp ýörensoň, dükançy oňa diýseň owadan ýüň seçeklini ýygnap goýdy. Ol wagtlar bular ýaly zat tapdyrybam duranok. Ýigidiň ýygnan puly ýaglyga ýetmedi.
— Özümde bar, üstüni ýetirerin, tapan wagtyň getir-de beräý – diýip, dükançy ýaglygy ýigidiň, eline tutdurdy. Häzir ol begenjine ýyljyraklap iki bolup bilmän duran ýigidiň şatlygyna şärik. Ýagşylygam bilýäne etseň. Bir adamyny begendirmek kä wagtlar tapylgysyz lezzet berýär.
Ýolaman öýlerine howlukdy. „Heniz-ä täze zat alyp begendiren ýerim ýok. Ýolamanyň-a näme göwni bar, başyňa atyp, bir ýylgyrsaň, depäm gök direjek. Maňa ýylgyran ýerin bolýa”.
Ýolamanyň häzirki bolup barşy, Maral üçin ýaglyk däl-de, ullakan bir zat alyp barýana meňzeýärdi. Ýigidiň ähli mährem, söýgüsem şol ýaglyga siňip ol hem Marala gowuşjak ýalydy.
Ýolaman ýyljyraklap gelşine badyny saklaman, öýe girdi. Maral aýnanyň öňünde başyny darap durdy. Onuň ýaňyja ýuwlan ýüpek ýaly saçlary gerdeninden gaýdyp biline düşýärdi. Maralyň telim ýüwlan ketenisi uzyn hem syrdam bedenine syrlaşyp beýigini-beýik, pesini-pes mese-mälim görkezip durdy. Agyr ýyllar, ýiti gussa onuň maňlaýyna az-kem ýygyrt salanam bolsa, görküne zyýan ýetirmändi.
Maralyň uzyn-uzyn barmaklary maňlaýyndaky ýygyrtlary sypaýardy. Maral gapa öwrüldi. Onuň Ýolamana dikilen kirpikmen gözleri hiç zat diýmän, şol bada-da başga tarapa seretdi. Howy basylan Ýolaman özüni bir hili oňaýsuz duýdy-da, edil şundan bir minut öňem özüne ganat beren duýgularyň nirä sumat bolanyna akyly çatman, aşak bakdy. Ol özüni aýalynyň däl-de, halan emma söz aýtmaga çekenip ýören nätänyş gyzyň garşysynda duran ýaly duýdy. Ýaglyk gereksiz zada öwrüldi duruberdi. Ol öňe ümzük atanam bolsa, elleri aşak sallandy. Birdenem bolşudan utandy-da dillendi:
— Saňa bir ýaglyjak aldym welin...
Öz sesini özi tanamady. Ýolaman ýaglygyň daňysyny çözmän, Marala uzatdy.
— Sag bol, Ýolaman!
Maral şeýle diýse-de diýdi welin, Ýolamanyň ýaglygy uzadyşam ýeňsesinde gazyk ýaly bolup durşam, oňa şeýle bir ýokuş degdi welin, ýaglygy çözmäge elem, ýüregem diýenini etmedi. Emma çözmese Ýolaman ynjamazmy, ýaglygy aýnanyň öňünde goýdy-da ýüregi dolup, uzyn barmaklaryny ýüpek ýaly tarlara ýetirip içinden özelendi.
— Begenç. Begenç jan, hany sen! Dillen. Indi bu tarlary Maralyň özi oýnamaly boldumy. Daratmaga goýmazdyň, keýp edip boýnuňa orardyň, Begenç. Gygyrmaga, çagyrmaga hakym ýokdur. Dymaýyn. Emma tarlar seslense men nädeýin. Gerdenimde eliň yzy dur, men däl, gerdenler seslense nädeýin. Men däl, eşideňokmy, ýürek seslenýär, Begenç. Gara saça ak sepmänkä gel, eziz ýigit. Bolmanda ýekeje gezek didaryňy göreýin. Wah, seni guma garan ganyma nälet. Senem görýän, Ýolaman – diýip, Maral sojap diýen ýaly dem aldy. – Meni gadyr bilmezlikde aýyplap, ýüzüňden, gar ýagdyryp duranuňam bilýän. Penjegiň egniňden gaçanynam, şu sowgady etjek bolup, köpükden ýygnanyňam maňa mälim. Gaharlanma maňa, Ýolaman. Marala ýyly ýaglyk däl-de, yssy mähriň gerek. Mähriň meni çoýanok-da. Ýa sen ony maňa sindirip bileňokmy? Ýa seň mähriň Begenjiň Marala bagyşlan mährini gysyp çykarardan ejiz gelýärmi, Ýolaman!
Maralyň hyýalynda Begenç ýyljaryklap gapydan girdi. Duýdurmajak bolup, ýuwaşja basyp ýeňsesinden geldi-de Maraly gujaklady. Onsoň iki egnindenem tutup özüne tarap öwürdi. Gyzyl seçeklini başyna atdy. Yzrak itip synlap gördi-de, gujagyna gysdy.
— Maral!
Tisginip giden Maral yzyna öwrüldi. Ýolaman henizem dur. Emma Maralyň göwnüne adyny Ýolaman däl-de, Begenç tutan ýaly bolup duýuldy, gyýlyp adamsyna seretdi. Onuň kirpikmen garamyk ýaly gözleri içki harasadyndan habar berdi. „Gynandyrdym, bagyşla! Nädeýin. Sowgady höwes bilen alanam bolsaň, gowşurmagy oňarmadyň!” Özüme erkim ýetsedi, häzir ýanyňa baryp gözleriňe serederdim. Onsoň döşüňe başymy goýup „Günäm bolsa, öt Ýolaman” diýerdim. Şuňa häzir düşünmeseňem soň, düşünersiň. Şonda saňa meň bilen ýaşamak edil häzirki ýaly kyn düşmez, Ýolaman!
— Geç-dä, näme gapyda dursuň – diýip, Maral dillendi.
Bolup durşundan utanan ýigit birden-bire geçip oturybermegiň ugruny tapman, çüňkde duran kündüge ýapyşdy. Onsoň diline gelenini aýdyp goýberdi:
— Elime suw akytsana.
Yzyndanam puşman etdi. – Eliň kündük tutanokmy? Ugruna bolmasa edeniň telek bolar durar ekeni.
„Toba-tagsyr, ar aldygymyka” diýip Maral içini hümletdi. Şu sözi Begenç aýdaýan bolsa, Maral oňa kinaýalyja, gözüniň gytagyny aýlap, goýbererdi-de, hasyr-husur kündügi alyp, Begenjiň elinden däl-de, depesinden akdyryp keýp ederdi. Üsti öl-myjjyk bolan Begenç „öwfüldäp” gaçyp öýe giren Maralyň yzyndan gygyrardy.
— Senmi! Duruber bakaly, ele düşmän oňmarsyň.
Onsoň hiňlenjiräp özi ýüwnup başlardy.
Bu görnüşi hyýalyndan geçiren Maral suw akytmagy unudyp, şol bir nokada seretdi durdy. Birdenem adamsyna gözi düşüp utandy. Ýolaman aýalynyň bolşuny geňirgäp, gözüni gyrpman ýüzüne seredýärdi. Maral kündügi egdi. Suw elini uzadyp ýetişmedik Ýolamanyň depesinden guýuldy.
Ýolaman dikeldi-de güldi. Maralam ýylgyrman durup bilmedi.
Ýuwnup gelen Ýolaman töre geçip aýbogdaşyny gurup oturdy. Maral daşardan getiren ýarmaly okarasyny onuň öňüne süýşürdi-de özi gapdalyna baryp oturdy. Ýaglygyň daňysyny çözdi. Şol wagt gapydan bir oglanjyk boýnuny uzatdy.
— Ýok bol, aýt, gapydan, içerde näme maýmyn oýnaýarmy?
Maralyň ýüregi gopdy. Adamsynyň ýüzüne seretse-de, oňa kelam agyz söz aýtmady. Saçakdan bir döwüm otly gutap alyp, oglanjygyň yzyndan çykdy. Göwnüne deglen çaga Maralyň sesine yzyna seretdi. Emma aýak çekmän, ýüzjagazyny sallap öz ugruna gitdi. Bu ýagdaýa ýüregi gyýym-gyýym bolan Maral içerden çaga däl-de, özi kowlana döndi.
Öýkesini kimden çykarjagyny bilmän oturan Ýolamanam gaharyna aýdyp goýberen sözüne soň ökündi. „Ýeri çagada näme ýazyk bar” diýsene. Adam ugruny ýitirende, gyýgam ajar eken”.
Ýadaw bolansoň Ýolaman derrew gyşardy. Ýatsa-da ýatdy welin, kirpikli gözi çalyşmady. „Sen diri, Begenç, maňa görä, sen köp ýaşarsyň. Muňa göriplik edýändir öýtme. Ýöne ýagdaýyma düşün-de, özüňi ornumda goýup gör. Onsoň aýt, çydarmyň? Menem adam ahyryn. Meniňem göwnüm bar. Elbetde, yssy-ýyla zar däl. Geýimim ýuwulman duranok. Içerimem gül ýaly. Maraly saňa men tanatmaly däldirin-le. Her ädimde tersime gidip ýüzümi dalap duran yzgytsyz maşgala bolanlygynda, dogrymy aýdýan, ýekeje günem oňmazdym. Ýüzüme gelip, ýekeje gezek „şunyň bolanok” diýen bolsa, ýa bir gözüniň gytagy bilen sereden bolsa „wah” diýmezdim. Örteýän ýerem şol-da! Ýumşaklygy-da! Onsoň näme bahana tapjagymy bilemok. Onda näme üçin biz ysnyşyp gidiberemizok? Bize bir zad-a ýetenok. Ýa men ony halamokmy? Janymdanam eý görýän. Şonda-da onuň edýän ýagşylyklarynyň ondan birinem edip bilemok. Men-ä bilmedim. Şumat aramyzda däbşenekläp ýatan çagajyk bolsady, ysnyşsak ysnyşardygam. O-da ýok-da!”
Ýedilik çyra dümtünip jorap örýän Maral Ýolaman bilen däl, Begenç bilen gepleşýärdi. „Men diňe il bilen adam, Begenç. Haçana çenli öýe gelmän gaçgaklap ýörmeli. Ýekesirýän, Begenjim. Henizem özümi ýalňyz duýýan. Janyňa döneýin, häzir içerde sen bolsaň, Maralyň şeýder içini hümleder oturarmy”.
Begenjiň agşamlaryna gündelik gaýtalaýan şol bir sözleri Maralyň ýadyna düşdi. „Ýüregiňe düşenokmy! Bes edäýsene, Maral, şol tikiniňi. Geläýsene ýanjagazyma. Gülşüp-degşip, süýji-süýji arzuwlar edeli”. Maralyň äwmeýänini görüp, ýassykdan başyny galdyrar. „Onda menem barjak. Tap, maňa-da bir güýmenje”.
— Gel, sapak işip ber.
— Maňa tikinem öwredersiň, Maral jan!
— Öwrenäýseň kemem däl. Özüň-ä bir işsiz, menem ugruma goýaňok. Gowusy sen, maňa dutar çal-da beräý.
— Juk.
Hatda Begenç kä halatlarda igenende-de, Maral üçin ýakymlydy. Begenç unamadyk zadyny daşdan aýlap göwne degmez ýaly edip düşündirerdi.
Maral entek ulugyzdy. Işe barýarka bir gezek obadaş oglanlarynyň biri lak atypdy... Elbetde, sada ýigit öz duýgusyny göderäk mälim edipdi. Söz owadanlamagy başarmaýan ýigit ony şondan başga hili edip aýdybam biljek däl. Aýdaýsa-da ýasama bolardy. Tebigaty näzik gyzlar bolsa, hemişe ol zatlary aýyl-saýyl edip oňa akyl ýetirjek bolubam durmaýarlar-da, göwünlerine gelenini aýdyp goýberýärler. Şol gezek Maralam şeýdipdi. Yzly-yzyna suňşurylan sypaýçylyksyz sözlerden soň, utanyp gulaklaryna çenli gyzarýan ýigit sesini-üýnüni çykarman ozup gidipdi. Ikisiniň yzyndan atly gelýän Begenç hemmesini eşidipdi. Ol Maralyň yzyndan ýetip ýuwaşja gepledi. Sebäbi yzyndan kolhozçylar gelýärdi.
— Sypaýysyň öýdýärdim, Maral. Ol neresse seni halapdyr. Ýüregini açany üçin ol ýazyklymy? Ýa onuň söýmäge haky ýokmy? Sypaýyrak aýdaýaňda-da düşünerdi-le! Gepe düşmez ýaly ýigitmi ol. Göwnüne degip sarpaňy gaçyryp, erteki gün ýüzbe-ýüz boljak dälmi? Bir obadan özüňem. Bileje-de işleşip ýörsüňiz – diýipdi.
Şonda Maral utanypdy, ýöne gaty görmändi. Häzirem şol bolşuň, Maral. Adamda göwün bardyr öýdeňok. Ýolamanyň uklap bilmän ýatyşyny duýaňokmy? Ýa baryp, başyny sypaýaň-da depesiniň gök direjegine akylyň etmän otyrmyň? Ony özüňe kiçilik bilýäň. Ýolaman däl, sen oňa azap berýäň, Maral. Senden oňa perzendem-ä ýok. Onuň üçin Ýolaman däl, öňi bilen özüň aladalanmaly. Seni welin, dogtora-da ýalbaryp äkitmeli. Ýolamanyň saňa igenmäge-de, käýinmäge-de haky bar. Igenm-ä beýlede dursun, ýekeje gezek diline bir çoladymy. Oýlan welin, Ýolamany agyrtsaň, özüňem agyrarsyň... Ýolamanam şu durmuşa höwes edip ýetmedi. Oňa-da seň bilen ysnyşyp gidibermek, ýeňil düşen däldir. Dörjeläp dursa, oň ýarasam seňkiden ýeňil däl. Olaram ýere ýylan gömmedi, adam gömdi. Onda-da bägul ýaly gelni. Ah, ganym uruş.
Maral şol oýlandy oturdy.
Ejir çekýän iki ýürek birek-birege ysnyşmagyň ýoluny tapman, daňyny atyrdy.
Irden sessiz-üýnsüz çaýlaryny içdiler, Ýolaman ferma gitdi, Maralam işe. Öýke-kinäni tiz unudýan Ýolamanyň şol gün ýüzi açylmady. Maral bilen-ä ol düýbünden uzak öýkeleşip bilmezdi. Hemişe işden gelende:
— Maral, arma? – diýip, söze başlardy. Bu gezek ýigidiň dymmasy uzaga çekdi. Ol öýde çaý, nahara-da göwünjeň ýapyşybermedi. Ýüzüni asdy oturdy.
— Ýaraňokmy?
— Janym-a sag.
Şol bir sorag-jogap. Ýene dymyşlyk. Gaýyň öň ýanyndaky asudalyga çalym edýän ýürekgysgynç dymyşlyk. Maralyň pikir dünýäsinde özüne temmi berip, Ýolamana tarap bir ädim ädenem ýap-ýaňydy. Kynlyk bilen ädilen şol ädim yza tesjek-tesjek bolup durdy. Asudalyk bozuldy. Ahyr bir gün Ýolaman aýalynyň garaşmaýan soragyny berdi:
— Ýaglyk göwnüňe ýaramadymy, Maral? Başyňa atanyňa gözüm düşmedi-le.
Maral diline gelenini aýdyp goýberdi:
— Men ony satdym.
— Näme?
— Ýigit Marala çiňerildi. Onuň ýüzi erbet üýtgedi. Gözleri ýiteldi. Maral birinji gezek adamsyndan eýmendi. Başyny galdyrmaga ejap etdi.
— Şol sowgady men etdim, şoň üçin satdyň, hä! Atynmany özüňe kiçilik bildiň, şeýlemi? Ýa çagaň aç galdy-da, bir döwüm çörek tapman satdyňmy?
Maral özüne diýilmeýän ýaly, sesini çykarman jorap ördi oturdy. Bu ýagdaý Ýolamany köşeşdirmän ojükdirdi. Aýalynyň bu bolup oturyşyna düýbünden sylamazlyk diýip düşündi. Gahary gitdigiçe güýjäp, erkini elinden aldy. Ol Maralyň jorabyny silkip aldy-da, eliniň tersi bilen gapa zyňyp goýberdi. Munuň bilen-de gahary köşeşmedi. Maralyň iki egninden tutup, özüne bakdyrdy. Bu gezek Ýolamanyň penjesi Maralyň egnine has dözümli degdi.
— Saňa diýýän, daşa dönmüş, ýaglyk hany?
Maral egninden adamsynyň elini silkip aýyrdy. Böküp ýerinden galdy-da, dulda galdyrylgy ýorganlaryň gatyna elini sokdy. Gaharyna goýan ýerini tapman sermendi:
— Geregiň şol ýaglyk bolsun. Asyl ol maňa amanat berlen ogşuýa. Sowgat etjekmi birine. Maral islese, bir ýaglyga geçmeýändir öýtmegin. Saňa tapylan ýaglyk maňa-da tapylar. Ýüz tutubilsem bererler.
Maral köşeşmedi:
— Ýolaman almanda-da Maralyň eşigi gyt däl. Şol eşikleriniň könesinem seň äberen täzänden müň paý oňat görýärin.Geýýänem, olar amanadam berlen däldir.
Aýalynyň gürrüňlerinden özüçe many çykaran Ýolamanyň has-da ýüregi çişdi. „Meň üçin öňem diňe Begenç bardy, häzirem. Ömrüm ötýänçe şonuňkylygyma-da galaryn”.
Gyzyl seçekli patlap orta düşdi. Maral adamsynyň birä ýaglygy penjelänini, birem ýeňsesini görüp galdy.
Ynjalman daşaryk çykan gelniň ýüregi jigläp gitdi.
Gyzyl seçekliniň iň soňky uçgunlary ojagyň daşynda gaýyşyp ýördi.
***
Şol günleriň birinde Marallaryň obalarynda uly toý boldy. Kolhozçylar hem işden hemişekilerine görä irräk gaýtdy. Toýa atly bagşyň geljekdigi hakyndaky gürrüň uzynly gün oba adamlarynyň dillerinden düşmedi.
Maralam şol gün ota-çöpe güýmenmän işden irräk gaýtdy. Ol mekdebiň günortasyndan saga sowlup, öýlerine gönüledi. Mekdepden bäş-on ädim geçip birdenem aýak çekdi. Diňşirgendi. Birki ädim ätdi. Ýene diň saldy. Gulagam, duýgularam aldamdy. Maralyň göwresinde ysgyn galmady. Yraň atyp, goja tuda ýaplandy. „Eý, toba, toba” diýip telim gezek gaýtalady. Uludan-uludan dem aldy. Mertlige salsa-da, ýürek duýgysy özüniňkini gögertdi. Maral saklanyp bilmedi. Ol içi-içine sygman sojady. Agysyny daşyna çykarmakdan ätiýäç edip ejir çekdi.
Hawa, bu hut şol sazdy, Maralyň kalbynda ençe ýyllap gaýtalanyp duran şol mukamdy. Ol mukam indi Maralyň kalbynda däl, onuň garşysyndaky çaklaňja jaýda-da däl, asyl bütin töwerek şol mukam bilen seslendi.
Biz başda goja tuda ýaplanyp aglap duran Maraly gamgyn ýagdaýda goýup gaýdypdyk. Onuň şol „Goňurbaş mukamyny” diňläp durşy. Diňleýjisinden bihabar sazanda dutaryny bir wagt gapdalyna söýedi. Emma ol sazyň Maral üçin heniz hem arasy üzülenok.
Bu sazy çalan şol toýa getiriljek atly bagşy bolaýmasyn diýen pikir Maralyň kellesine geldi. Ýogsam onuň goja tuduň astynda elenip ýene näçe durjagy belli däldi.
Maral alňasak öýlerine bardy. Ýolaman heniz işden gelmän eken. Ol ne içersine, ne-de daşarsyna üns berdi. Ne-de adamsy üçin agşamlyk taýýarlady. „Toýa barar-da, owarram”. Ol şeýle diýdi-de, sandygyny açyp, gyzyl ketenisini çykardy. Köýnek täze däldi. Maral ony heniz gyzkada, gelinkä-de geýipdi. Ketenini ýakyn, eziz adamyň peşgeş beren gymmatly ýadygärligi hökmünde aýawly saklaýardy. Ol şeýle tolgunyp heniz toýa gitmändi. Oňa toý däl-de, bir mähriban adam garaşyp duran ýalydy. Maral çykaran eşiklerini ýygnamagy unutdy. Ep-esli ýerik ýeten soň, aýagynda köne köwşüni görüp yzyna dolandy.
Emma toýda hiç hili atly bagşam aýtmady, del sazanda-da görünmedi. Ýetişmändirler. Bagşylar başga toýa äkidilipdir.
„Goňurbaş mukamyny” kim çaldyka? Maral akyl ýetirip bilmän, uzak ýyllar ýoluna garadyp, ahyram bir ýerden peýda bolan eziz adamy garşylamak üçin her gün begenip-beslenip ýola çykan, iň sonunda-da onuň gelmejegine, özüniň aldanandygyna akyly ýeten adamyň gussaly duýgusyny başyndan geçirip, yzyna dolandy.
Şol jaýda obadaşlarynyň biri ýaşaýan bolsady, Maral oňa häzir däl, şol wagt işden gelýärkä girerdi. Özi üçin syrly jaýyň ýeňsesinde boýurganyp durmazdy. Ol jaýda Maralyň näbelet adamlary üç-dört aý mundan öň öz maşgalasy bilen şu oba göçüp gelen ýaş ýigit ýaşaýardy.
Maral tä ýadaýança durdy.
Indi birki gün bäri Marallaryň kolhozyna etrap barlag gelipdi. Kolhoz meýdanlary bilen tanyşdyrmak üçin barlagçylaryň gapdalyna Maralam goşupdyrlar. Şol barlagçylaryň arasynda goňşy kolhozdan bir başlyk aýalam bardy. Ol aýalyň dabarasyny Maral öň eşidýärdi. Etraba ýygnaga gidende, telim gezek özüni-de görüpdi. Şu gezek Maral onuň bilen içgin tanyşdy.
Başlyk bolaýsa, ellä golaýlan aýaldy. Emma onuň syratly göwresi merdemsidi. Edil polatdan ýasalan ýalydy. Maňlaýynda az-kem ýygyrdyň bardygyna garamazdan, ýüzi ýaş gelniň ýüzüne meňzeýärdi, gözleri ýanyp durdy. Gara saçlaryna ak sepenem bolsa, ony diňe siňe synlan saýgaryp biljekdi. Ýuzunden nur damaýyn diýýärdi. Ony Maralam halady welin, beýlekileriňem hormaty üýtgeşikdi.
„Sülgün daýza ony nähili gördüň? Muny neneňsi gördüň?” – diýşip häli-şindi oňa ýüzlenýärdiler. Ekin meýdanlarynyň ýagdaýy, olardan özlerinde galan täsirlerini Sülgün daýzanyň pikirleri bilen berkitmekçi bolýan ýalydylar. Başlykdan ýaşy uly adamlaram oňa „Sülgün daýza” diýip ýüzlenýärdiler. Hormat goýduklarydyr-da, elbetde.
— Maral jan, seň zwenoň (golaýda Maraly ýaşlar brigadasyna zwenewod belläpdiler) ýagdaýy ýaramaz däl, güýzlük bugdaýy köp ekeniňiz kem bolmandyr. Hasylam üýtgeşik bor. Şu ýyl asyl adamlaryň egninden galdyrýar. Halamadyk zadymam aýdaýaýyn keýgim, sen bir hili ýaş adama meňzeş däl – diýip, ol Maralyň ýüzüne dikanlap seretdi. – Tutuk görünýäň.
Maral müýnli ýylgyrdy.
— Göwnüňize bolaýmasyn?
— Göwnüme nämişlesin, şu gün-ä düýnkiňçe-de ýok. Ýaňyja biri bilen urşup aýrylana meňzeýäň. Meniň gelnimem seň ýaly tutugrak. Asyl şu ýaşlaryň özi bir hiliräk. Käsi sähelçe kynçylykda müzzeräýýär. Ynha, sen aýtmasaňam, kynçylyk, aýraçylyk çekeniňi ýüzüňden okap otyryn. Kynçylygy çekmedik barmy. Ynhalykga, üç ogly fronta ýollap, birine gözüm düşdi. Aglasam aglap oturmaly, köşeşjek gümanyň ýok. Ýöne aglanym bilen goşa balam direlip geljekmi? Urşuň gansyz bolmajagyny kim bilenok. Ýeňiş aňsatlyk bilen gazanylmady, jan gyzym. Edip otursa Sülgün daýzaňda gürrüň köpdür – diýip. Ol uludan demini aldy.
„Içiňdäkini ýüzüňden okap otyr” diýip, içini gepleden Maral Sülgün daýzany tanadygyça, öz-özünden utandy. Kynçylygy, şatyny Sülgün daýza Maraldan köp görmese, az gören däldir. Adam diýibem şuňa aýdaýsaň. Maral başlygy öýlerine myhmançylyga çagyrmagy göwnüne düwdi.
Önden barýan adamlar suwsan bolmaga çemeli, düşelgä tarap sowuldylar. Kölegesini haladymy ýa mele suwly ýabyň giň güzeri göwnüne hoş ýakdymy, Sülgün daýza düşelgä ýetmän, güzere sowuldy.
— Degme, şol taýda çaýlabersinler, ikimize şu ýeri has amatly, bizem çaýsyz goýmazlar – diýip, başlyk Marala ýüzlendi. Ýöne bularam kölegede arkaýyn oturmaga goýmadylar. Daşyndakylary gyzyl-gyran gülüşdirip oturan daýaw ak ýüzli adam-etrap başlyklarynyň biri kölegelerini magtap Sülgün daýza gygyrdy.
— Behişd-ä bärde, Sülgün! Gelmeseňiz özüňiz biliň, soňundan ökünersiňiz, Kaspiň üstünden öwüsýän şemaljygam şu taýdan geçýär.
Sülgün daýza-da olara degdi.
— Aý o taýdan nähili şemaljygyň geçýändigine özüm belet-le.
Başlygyň ýaňsysyna düşünen adamlar gülüşdiler. Ýöne olaryňam Sülgün daýza bilen degişesleriniň gelýändigi çyny.
— Ýa geliň, ýogsa-da ýer tapyň, topumyz bilen barýarys – diýşip çynlary bilen gygyrdylar.
— Siziň bir... Sülgün daýza çäýnegini göterip ýerinden galdy.
— Dünýäň gözelligi adamlar bilen-dä – diýip, ýabyň raýşyna çykyp, daş-töweregini synlap duran Maral içini gepletdi. Dogry, her adamyň gözelligi duýşy üýtgeşik bolýar – diýýärler. Ýöne iň duýgur adamam lälezarlygyň içine eltip goýsaň, töwereginde adam bolmasa ýüregi gysyp başlaýar.
Düýn Sülgün daýza Maraldan „deňzi görüpmidiň” diýip sorady.
— Ýok.
— Görmedik bolsaň şu gök maýsaly meýdany bir synla. Deňiz ýaly tolkun atýar.
Şol wagt Sülgün daýza eziz perzendini synlaýan mährem enä meňzedi. Dogrudan hem adamlar geň. Sülgün daýza-da daşyndan seretseň hiç zada baş galdyrmaýan „eksem, bejersem, hasyl alsam” diýip, haýdap ýören galjaň daýhana meňzeýär.
Başga tarapa hyýallandylarmy nämemi, Sülgün daýza Maraly çagyrdy.
Sanlyja günüň içinde Maral köp zatlary öwrendi. Iň bärkisi onda öz işine jogapkärçilik has artdy. Bolmanda ol şu wagta çenli meýdanlara-da, adamlara-da diňe brigadir jogap bermelidir öýdýärdi. Adamlaryň ir gideni, giç geleni bilenem işi bolmazdy. Brigadir haýsy bir işe ýetişsin. Kolhozçylara bolsa zwenewod has belet, sebäbi hemişe ýanlarynda. Sülgün daýzanyň täsirimi, ýa göwnüne şeýlemi Maral soňky wagtlar bir hili dogumlanan ýalam bolaýdy. Hatda, adamsy bilen aralaryndaky sene-mene-de ownuk bir zat ýaly bolup göründi.Ýolamandan kine saklap ýörmezligi göwnüne-de düwdi.
Myhmanlary ugrajak günleri başlyklary çagyrdy. Sülgün daýza Maralam goýbermedi. Olar çakylyga barmankalar bir mugallymyň öýlerine gitdiler. Golaýda Marallaryň obasyna göçüp gelen ol mugallym öň Sülgün daýzalaryň goňşusy eken. Oglunyňam söwer dosty.
Düýnki ilerki gatladadakylar Sülgün daýzanyň yzyndan baryp gaýdan ýigitleriň bir-ä öz ogly, beýlekisem Marallaryň obasyna göçüp gelen mugallym eken.
Tanyş kepbäni görüp Maralyň ýüregi gopdy. „Ýa şol mugallym sazanda, ýogsa-da Sülgün daýzanyň ogly”. Ol soramasa ynjalmady.
Siziň ogluňyz sazanda däldir-dä Sülgün daýza!
Aý, ýok sazanda-ha däl, ýöne dutar-a çalýandyr, näme?
— Hiç-le ýöne soraýdym – diýip, Maral çekinijiräp aýtdy.
— Mugallymyň aýaly – diýseň ýaşajyk gelin Maral dagyny edil gapyda garşy aldy.
— Öňi bilen-ä, gyzym, sen biziňkileriň salamyny kabul et – diýip, Sülgün daýza jaýa girip barýarka aýtdy. Onsoň her gün size garaşýandyklarynam duýduraýyn. Baryp gaýdanyňyzam hasaply, ikije gezek. Bizde hasapsyz zat ýokdur. Çalarak öýkeleýärlerem.
Mugallymyň gelni mylaýym ýylgyryp daşardan göterip gelen çäýnegini myhmanlaryň öňünde goýdy.
Sülgün daýza gyssanmaçlygyny duýdurdy. – Şol gelnem bir görsem. Ine, Maraly bileje alyp gideris. Kyn görüp durmaz-la, tanyşdyrar. Senem menden belet dälsiň.
— Kimlere eltmelidigini öňünden aýdyň. Kolhozymyz uludyr. Tapman sizem azaşdyryp ýörmäýin.
— Öz öýüňizi taparsyň-la, gyz. Onsoňam öýleşip ýörüp nätjek, gürleşiberiň şu taýda. Menem häzir gelerin – diýip, mugallymyň gelni Marala jogap berdi-de, howlukmaç çykyp gitdi.
Hiç zada düşünmedik myhmanlar biri-biriniň ýüzüne seredişdiler.
— Büýä oňaraýdy. „Men näme diýýän dutarym näme diýýär-ä” bardy. Üçümiziň gürleşenimiz bilen iş düzelýän bolsa gyssanjak oturjakmy? Ýa çagaryp dagy edäýjekmikä.
— O-da ahmal – diýip, Maral Sülgün daýzanyň gürrüňini tassyklady.
Kim ol gelin! Sülgün daýza ony öňem telim agzady. Onuň bilen nähili möhüm gürrüňi bar. Maralyň bilesi gelip içi byjyklasa-da özi agzaýança soranjyrap oturmady.
— Maral jan, senem baryp gökden düşen ýaly bolup oturma. Ol gelni görjek bolmagymyň sebäbini aýdaýyn – diýip, Sülgün daýza ahyr çaý başynda dillendi.
Oglum frontda bir ýigit bilen dostlaşypdyr. Kyýamatlyk dogan okaşypdyr. Asyl ýigidem ýigitmi, edil gyzyl ýaly eken, gyzym. Neressäm häzirem şony ýatlasa gözüne ýaş aýlaberýär. Ýa dutara ýapyşar-da, şol bir sazy çalyp otyr. Gürrüňinem edip gutaranok. Ol bir ýaradylan çaga eken.Hem dogumly, hem garadan gaýtmazdy – diýýär. Gaty degişgen bolmaga çemeli. Ökde sazanda-da eken.
Gürründeşiniň agzyna aňalyp oturan Maral ol ýigidiň kimdigini, oňa näme bolandygyny bilmäge alňasady.
— Näme bolar öýdýärsiň, gyzym uruşda adamlara näme bolýandyr – diýip, başlyk Maralyň soragyna jogap berdi-de, yzyny dowam etdi. – Neressäni agyr halda meýdan gospitalyna alyp gaýdypdyrlar. Balajygym durup bilmändir, komandirlerinden rugsat alyp yzyndan gidipdir. Bary-ýogy ýekeje sagat ýanynda bolupdyr.
— Gutulypmy, soň görüpmi? – diýip, Maral howatyrlanyp başlygyň ýüzüne seretdi.
— Hawa-da, gyzym, gürrüň bermegem, diňlemegem kyn. Ganym urşuň oduna ýanmadyk barmy? Ýöne ol ogullar diridir. Unudylmaz, gyzym olar. Şol ýigidem gara göz gelniň ýüreginde ýaşap ýörendir, şuny men aýnada gören ýaly bilýärin. Uruşdan ön brigadir, başlyk bolanlaryň ony tanamaýanlary ýok. Sizin öz başlygyňyz-a şony agzasaň, öňküligini tapanok. Başyny ýaýkaberýär.
„Begenç jan, meniň unudylmaz Begenjim, senmikäň ol!” Maralyň ýüregine bükgüldi aralaşdy. Endamyna sowuk der geldi.
— Seň keýpiňi bozdum, keýgim, ganym urşy ýatlamaýyn diýsemem bolanok. Ýatlasaňam ýanyberýäň. Yzynda perzendem galmandyr neressämiň. Şonda oglum „Diri gezsem, söz berýän, dost, gelniň ýalňyz bolmaz. Ynanaý ýeke-täk perzent dünýä inse, islese goý şoňky bolsun” diýipdir. Şondan soňam guzym onuň bilen hoşlaşypdyr. Gyzym şol ýigidiň gelnem şu obada bolmaly – diýip, Sülgün daýza elýaglygy bilen derini süpürip, ýeňsesindäki krowada arkasyny berdi. – Durmuşa çykypdyr özünem. Onsoň erkekler ony idäp ýörmäge namys edýär. Men-ä gelin oňarypdyr, akylly gelin eken – diýdim. Ýalňyzlyk ynsana ýagşy däl-ä. Wah, muňa kimiň akyly ýetenok. Neressam düýnem şoň üçin gelipdir, „eje tanyş diýýär, durmuşy nähili, bil” diýýär. Garaz, gepiň gysgasy, biz şony görmesek, tanyşmasak, ynjaljak däl.
Sülgün daýza käsesinde galan çaýy gapa serpip goýberdi-de öwrülip oňa çaý guýmady. Iki aýlyjak agtyjagymam bar. Gelnimiň sadalygyny şundan biläý, öň çagasy durmandan soň, „şu çaga bize şol ýigit üçin berlendir” diýýär. „Şol gelin ýalňyz bolsa gitjek-de beräýjek” diýýär. Gara çyny asyl. Özleri göçüp gelip gapdalynda ýaşaberjekmişler. Akylyňyza döneýin diýýän. Dogrym-da özümem şeýderdim.
Mugallymyň gelni bir çanak çekdirmäni myhmanlarynyň öňünde goýdy.
— Biz çakylyga-da gitmeli, jan gyzym, ynha yzymyzdan gelerler. Şol gelni ýene görmän galaryn – diýip, Sülgün daýza henizem öz gürrüniniň täsirinden çykyp bilmän, aňk bolup oturan Maraly gyssap, çanagyň başyna süýşürdi.
Mugallymyň gelni geňirgäp Sülgün daýzanyň ýüzüne seretdi.
— Daýzamy, tanaman aýdýarmyka gyz? Göçjek gelniň gapdalyňda otyr-a. Begenjiň gelni-dä şu!
Sülgün daýza çeýnäninem ýüwutman, Marala çinerildi.
Bir gyzaryp, bir agaryp oturan Maralyň dünýäsinde harasat has öň başlandy. Çaklamalary ony aldamandy. Şonuň üçin hem bu täzelik oňa başlyga täsir edişi ýaly güýçli täsir etmedi.
Sülgün daýza ýerinden gobsundy.
— Gel balam, men seni bir gujaklaýyn... Sülgün daýza bozulyp, Maraly ýene bir gezek gujagyna gysdy. Onsoň telim gezek ýuwdunyp dillendi.
— Jan balam, Maralym, aglama gyzym. Gün-güzeranyň, soňky bagtyň hakynda gürrüň ber, daýzaň bir ynjalyp gaýtsyň.
Näme gürrüň bersin Maral. Guwanyp gürrüň eder ýaly, ýa närazy bolup ýamanlar ýaly onda üýtgeşik durmuş ýok. Bagtsyzam diýip biljek däl, bagtlam.
Maral ýüregindäkini gizlemän aýtdy.
Maralyň durmuşy bilen içgin tanyşmasa, Sülgün daýza onuň häzirki gürrüňinden şeýle bir kanagatlanmady. Ýöne ol Marala çyny bilen şeýle diýdi:
— Begenjiň wesýetini ýerine salyp bilsek, bizin armanymyz ýok, keýgim. Perzentsiz diýme bileje guwanyberiň.Senem bir gelnim-dä? Ýeňiş janyň gitjek ýeri nire.
— Begenji sylanyňyza sag boluň, Sülgün daýza. Perzendine her kimiň özi guwansyn. Ýöne indikilerine kyn görmeseler, Begenjiň adyny dakaýsalar, göwnüm biterdi – diýip, Maral göwnündäkini aýtdy.
Çakylykçy geldimi, daşarda at kişňedi.
Ýolaman işden hemişekisinden ir geldi. Ol öýe girende, Maral köne düwünçekleri daşyna üýşürip, nämedir bir zatlar agtaryp otyrdy. Şol düwünçekleriň içinden Begenjiň tahýalary eline ilipdir-de, şolara gümrady. Tahýalaryň ikisem heniz täzedi. Birini Maral gyzka tikip, toýlarynyň öň ýany ýigidiň başyna geýdiripdi. Beýlekisini gelinkä, törde oturyp tikipdi. Begenç näme üçündir şol tahýalary aýap köp geýmändir. Adamsy girenden Maral tahýalary hasyr-husur ýygnady. Sebäbi Ýolamanyň geýip ýören tahýasy könedi. Elbetde, ýigit muny gördi. Ýöne görmezlige saldy.
Ýolamanyň ýüzi salygam bolsa, onuň keşbinde öýkeden, kineden hiç zat ýokdy. Ol gapyda köwşüni çykardy-da, Maralyň edil gapdaljygyna gelip, bir hili oňaýsyz ýagdaýda ýüzüni aşak salyp oturdy. Ýolamanyň oturyşyna Maralyň bir hili ýüregi awady. Şol bada-da adamsynyň siltäni ýadyna düşüp, ýüzüni asdy.
— Sen henizem öýkeläp otyrmyň, Maral. Özüňden boldy-da, ýogsam saňa heý gaňrylyp bakjakmy? Meni hiç halaňok-da. Ýogsam ysnyşyp gidibermeli welin. Şol ýaglygy daňynmadygyňam şoň üçin-dä.
Ýolaman ýene Maralyň agyrýan ýerinden tutdy. Onsoň ol öz-özüne beren öwüdinem unutdy.
Jogap berende Maralyň sesi ynjyly çykdy.
— Hawa, daňynasym gelmedi. Şol ýaglyk alynman geçse bolmaýarmy.
Aýaly öçli ýaly geplänsoň, häzir onuň bilen parahat düşünüşip bolmajagyna akyly ýeten Ýolaman näme ederini bilmän dymdy.
Ýolaman ýatlamadyk bolsa, Maral hiç haçan ýaglykly gürrüňe dolanyp geljek däldi. Öýke-kinänem unutmaga taýýardy. Sülgün daýza hakda gürrüň bermäge howlugyp otyrdy. Olara gitmek üçin rugsat sorajakdy. Ýolaman asyl ownukçyl eken.
Ýolaman çaýynam keýpsiz içdi-de dostlarynyň biriniň ýanyna çykyp gitdi.
Irdenem ol iýmän-içmän işe ugrady. Ol öýkelese şeýtgiçdi. Muňa-da Maralyň gynanýandygyny bilýärdi.
Giçlik öýe gelende, ýüküň üstünden bir ýassyk alyp, aşak oklady. Ýüzün düşdi-de, oňa bagryny berip ýatdy.
„Meni gepletjek bolup şeýdýär-dä! Ýatsa ýatybersin, maňa näme. Nahar taýýarlap, indem oňa ýalbarmak galdymy? Menem ýadap geldim. Iýmese gözel göwni”. Adamsyna üns bermezligi ýüregine düwse-de zenan ýüregi takat etmedi.
— Iýmän-içmän ýatyberjekmi? – diýip, ahyr dillendi.
Ýolamana-da geregi şoldy. Dikelip oturdy.
— Meň-ä işdämem ýok.
— Bolanjasyndan iýerler-dä?
— Ýüzüňi asyp otursaň, bokurdagymdam zat geçenok.
— Asmajak bolaryn-da!
— Men-ä indi şol ýaglyk ýaly zyňylmasam kaýyl geldim. Sen meni bagyşla, bolýamy?
— Men ony Esen agalara berjek bolup daňynmadym. Bilýäň-ä gudalaryna bergileri bardy, özem ýekeje ýaglyk. Şoň üçin gyzlaryny yzyna gaýtarman saklap otyrlar. Ynsap diýen zat ýok eken olarda. Saňa geňeşeýin diýip ýördüm. Esen aga dözmedim-dä.
— Öň aýdaýmaly ekeniň-dä!
Maral adamsynyň sözüni böldi.
— Adam ýaly soramadyň-da!
Ýolaman sesini çykarmady.
Çaý başynda Maral özüni Sülgün daýzanyň myhmançylyga çagyrandygyny aýtdy. Begenç hakynda eşidenlerini gizledi.
Saçakdan ilerräge çekilip, gapdalyndaky ýassyga tirsegini beren Ýolaman, edil garşysynda çaý içip oturan Maralyň arkasynda ýatan saçyna elini ýetirdi.
Ony goşarynyň daşyna sarap ýuwaşja çekdi. Ýüregi jigläp giden Maral adamsynyň ýüzüne seretdi. Maralyň saçlaryny şeýdip diňe Begenç oýnardy. Maral bolsa duýmadyk bolup, işi bilen gümra bolup oturardy. Ýa saçyny Ýolamandan gysgandy, ýa düýbi agyrdy, ony adamsynyň elinden çekip aldy-da, arkasyna zyňyp goýberdi.
— Gysganýarmyň?
Ýolaman dikelip oturdy.
Adamsy goşaryndan tutaýar öýdüp hyýalyna getiren Maral oňa tarap gözüniň gytagyny aýlap goýberdi-de, yzyraga süýşüp oturdy. Hyýalynyň özüni aldandygyny bilibem utandy, ýöne gynanmady. Ol özüne azar bermese, şonça oňat görýärdi.
Belki-de, Ýolaman Maral bilen beýle «gödek» oýun etmäge çekinipdir. Bar, çekinmänem ekeni-dä! Maraly gujagyna-da gysdy-da. Maral uludan demini aldy. Ol gujak Begenjiňki däl ahyryn. Gujaga dolanda, ýürek gürsüldäp urmajak bolsa, ol gujak kime derkar. Maralda indi çigidiň gabygy ýalam duýgy galdymyka?
–– Begenjiň dutaryny çalmaga rugsat etjekmi, Maral!
Ýolaman başyny galdyrman, sagyndaky ýassygy hiç bir maksatsyz çepine oklady. Bu onuň özüni oňaýsyz duýdugydy.
Duýdansyz soraga Maral geňirgendi. Adamsyna çiňerildi.
— Begenjiň dutaryny? Ony näme etjek! Saz çalyp bilýärmiň?
Ýolaman geplemedi. Onuň göwnüne alandygyny duýan Maral ýerinden galdy. Içki tamda asylgy duran dutary eline aldy. Gabyndan çykaryp, emaý bilen döşüne gysdy.
Begençden soň bu dutarda saz çalan adam ýok. Ondan bärem ylaýyk ýedi ýyl geçipdir. Ýolaman dutaryň gapagyny birki gezek kakyp gördi. Onsoň dutary düzdi-de çalyp başlady.
Ýolaman seredäýmäge Maraly görmeýän, oňa üns bermeýän ýalydy. Emma onuň küýi-pikiri sazynda-da däldi. Ol Maralyň içki syrlaryny ýüzünden okamakçy bolýan ýaly, wagtal-wagtal oňa gözüni aýlaýardy.
Maral häzir nämäniň pikirini edýärkä? Şu sazyň diňe özi üçin çalynýandygyny duýýarmyka? «Goňurbaş mukamyny», «Aýnany» Maralyň tolgunman diňläp bilmeýändigini Ýolaman näme bilenokmy? Maralyň huşunyň ugry ýokmuka? Ýolamanyň Begenç bilen öýlerinde telim gezek oturyp tamdyra çalanlaryny ýadyndan çykaraýdymyka? Ýolaman saz öwrenmek üçin Begenjiň ýanyna az gatnapmydy. Bir gezek Begenç «Goňurbaş mukamyny», «Aýnany» bassyr yzly-yzyna telim gezäk çalanda, Ýolaman törde edil ýaşyl kepderi ýaly bolup, keşde çekip oturan Marala ätiýaçlyraga-da garapdy. Şonda Begenç: «Sen sazyň kakuwlaryna üns ber, Ýolaman, gelnejeňden çekinme, onuň ýüregine düşmez. Bu sazlary daň atýança çalsamam irmän diňlär» diýipdi. Şonda Maral myssa ýylgyryp, Begenje bir bakypdy-da, ýene, işi bilen bolupdy.
Ýolaman ýene Maralyň ýüzüne seredip goýberdi. Onuň ýüzi bir agaryp, bir gyzarýardy. «Gaşlaryňy çytma, Maral, men Begenç däl. Bu barmaklar tarlary özüne boýun egdirýän ezber barmaklaram däl. Emma ussat bolmadyk ýerde, şägirdem diňlenýändir. Gulak as, Maral, bu saz däl, bu meniň saz bilen ýüregimden gaýnap çykýan sözler».
Maral kemteresinden sarsanokdy. Onuň eli gapdaljygynda ýatan iş düwünçegine-de uzamady. Ýekeje minut hysyrdanman oturyp bilmeýän gelinden geň. Sazyň iň kiçijik inçe öwrümlerine çenli belet Maral ol sazy yzarladygyça, özüniň barha ysgynynyň gaçýandygyny duýdy.
Sazyň inçe öwrümlerini Ýolaman Begenje görä gysgarak gaýtalaýardy. Kirişler dartylmaly, ýerinde az-kem gowşap ýetmeli ýerine ýetmän gaýdýardy. Näzik, şirin däl-de, bir hili tarňyldap, ýognasrak ses çykarýardy. Emma jaýda «Goňurbaş mukamy» ýaňlanýardy. Maral üçin häzir şol ýeterlik dälmi? Onuň hyýalynda Sülgün daýzanyň gök deňzi-maýsalar aramja şemala başlaryny yrap, tolkun atýardy. Başy ak telpekli Begenç haýallyk bilen deňzi gulaçlaýardy.
Maral özem duýman, elini ýüregine ýetirdi. Onuň ýüzi erbet çytyldy. Dutary beýläk oklap, Ýolaman Maralyň egnine ýapyşdy.
–– Saňa näme boldy, Maral!
–– Ýüregim agyrýar, Ýolaman.
Maral ysgynsyz bir gapdala gyşardy.
El-aýagyny ýitiren Ýolaman ilki doktora ylgamalymy ýa goňşulara aýgyt edip bilmän elendi. Aýalyny ýalňyz goýup gitmäge-de gorkdy.
–– Maral, Maral, gözüňi bir açsana!
Ol aýalynyň başyny emaý bilen ýassyga goýdy-da goňşulara eňdi. Onsoň doktora gitmegi ýüregine düwdi. Ýöne Maraly ýene bir gezek görmese ynjalmady. Eşidenlerinden ýürekleri ýarylan, ylgaşyp gaýdan goňşularyndanam öň öýe geldi. Ýolaman hernäçe ýalbarsa-da, özelense-de Maral ne gözüni açdy, ne-de gepledi.
Doktor gelip gidenden soň özüne geldi. Ýene gözüni ýumdy. Irden gözüni açsa-da geplemedi. «Maraly ýitirerin gorkusy» bilen sanlyja sagadyň içinde Ýolamanyň ýüzi gara-ört boldy.
Şundan soň asyl Maralyň öňküligi bolmady. Iň ýamanam, iýeni gaýdyp, az wagtyň dowamynda uzak ýatan hassa döndi.
Şol günler Maralyň adamsyna diýseň ýüregi awady. Ýolamanyň bir aýagy fermada, bir aýagam öýdedi. Maral sagalýança, ony gazanyň başyna eltmedi. Içerik-daşaryk özi seretdi. Maral aýak üstüne galyp gitdi. Ol sagalsa-da, Ýolamanyň ynjalygy ýokdy. Onuň göwnüne henizem aýaly ýüregini tutup, bir gapdala gyşaraýjak ýaly bolup durdy. Şonuň üçin her gün agşam işden gelende:
–– Maral, nähili, hiç ýeriň azar berenok gerek? – diýip, soraýardy.
Men-ä tut ýaly, nämä gorkup ýöreniňe düşünemok.
–– Sen hor-da, Maral.
–– Ýolaman, ol günki sazy çalyp beräý – diýip, Maral bir gün adamsyna ýalbardy.
–– Men indi saz çalman, Maral.
–– Gaty ýalbarsamam.
–– Yzyndanam ýürejigiňi tutup ýykylsaň hä – diýip, Ýolaman gülümsiredi. –– Bolýa, saz çalyp bereýin. Ýöne başga saz.
Ýolaman aýaly ýalbaran soň, «Goňurbaş mukamyny» öwrenje-de bolsa, ýene çaldy.
Maral bolsa düwünçegini çözüp, nämedir bir zatlar agtaryp başlady. Eline Begenjiň tahýalary ildi. Ýerinden galdy-da, olaryň birini sesini çykarman, saz çalyp oturan Ýolamanyň başyna geýdirdi.
Beýlekisini Ýeňşe niýetläp goýdy.
Şol gün Maral adamsyna hyýalyna getirmejek, eşidäýse begenjinden ganat beklejek bir habary buşlasy geldi. Ýöne muňa utandy, ýaýdandy. Ahyr dillendi. Adamsynyň adyny tutdy-da dymdy. Dutaryň gapagyna kä wagt bir kakyp oturan Ýolaman başyny galdyrdy.
–– Bir zat diýjek bolduňmy Maral?
–– Men Sülgün daýza şeý diýjek?
–– Hawa.
–– Ýüzüme seretme, ýogsam utanýan.
Ýolaman ýüzüni öwürdi.
–– Bolýa, seretmäýin, aýt.
–– Bizem öz Ýeňşimize garaşýas – diýjek.
* * *
Kolhoz meýdanyndaky çagalar bagynda indi Maralyňam oguljygynyň gamsyzja sesi eşidildi.
–– Maral, ogluň aglaýa, gel gyz!
Maralyň ol çakylygy eşidip, oguljygyny emdirmek üçin düşelgä tarap ugranam şoldy welin, oba tarapdan ylgap gelýän oglanjyk onuň ünsüni çekdi. Oglanjygam düşelgä ýetip saklandy. Demi-demine ýetişmän sojady.
–– Begenç geldi!
Maralyň göwnüne bolmasa ýer sarsyp, asman gümmürdän ýaly boldy. Şol wagt onuň kalbynda nämeleriň bolup geçendigi belli däl welin, aýallar-a bir onuň köwşüni eline alanyny görüp galdy.
Ýol-ýodany unudan Maral ne gyzgany saýgarýardy, ne-de beýlekini. Hasanaklap barşyna töňürtgä büdüräp iki-üç gezek ýykylyp galdy. Kanal ýaly ene ýapdan böküp geçdi.
Onuň göwnüne Begenç gapylarynda Marala garaşyp ýyljyraklap gollaryny gerip duran ýalydy. Ol özüni eýýäm söwer ýarynyň gujagynda duýupdy.
–– Begenç jan, janyňa döneýin. Bilýän, seň geljegiňi bilýän-ä men – diýip, şol bir sözüni gaýtalap eňip barýardy.
Maral diňe haňlap duran gapylaryna baryp aýak çekende edil ýarym sagadyň içinde başyndan geçen duýgularynyň indi onuň aňynda hiç wagt gaýtalanmajakdygyna akyly ýetdi. Ol ne eltisine, ne-de dere batyp demi-demine ýetmän sojap gelen gelinleriniň ýüzüni ak tam edip durşuna düşünip bilmän öwelip duran gaýynagasyna üns berdi.
Maral şol tut agajyna ýüzüni berip Begençden ölüm habary edil şu gün gelen ýaly ses edip aglady. Ol şonda söýgüli ýary bilen ömürlik hoşlaşdy.
Obalarynda Begenç atly bir ýigidiň goşun gullugyny gutaryp gelendigini ol soň bildi.
Soñy.
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Powestler