20:22 "Dünýäni söýgi halas eder!" | |
"DÜNÝÄNI SÖÝGI HALAS EDER!"
"Tomaşaly däli dünýäniñ soñy, Gugaryp boş galar, halydyr-haly". Seýitnazar Seýdi / "Doludyr-doly" "Häzir adamzada oýlanmak gerek, Ýaşamalymy ýa-da oda köýmeli?!" Öwezdurdy Nepesow / "Faeton" planetasy" Dünýäniñ we adamzadyñ ömrüniñ paýawlap barýandygy baradaky howsalaly pikirler eýýäm ýarym asyrdan gowrak wagt bäri dünýä jemgyýetçiligini gulgula salyp gelýär. Soñky ýyllarda bu hasam güýjeýär. Şonuñ üçin dünýäniñ ahyrky günleri baradaky dürli-dürli howsalaly sýužetler kinofilmlerdir çeper eserlere-de ýeterlik täsirini ýetirýär. Baryp 1951-nji ýylda "Dünýäniñ soñlanan güni" ("День, когда остановилась Земля" / "The Day the Earth Stood Still") atly atly kinofilmi ekranlaşdyrylypdy (kinofilm 2008-nji ýylda gaýtadan surata düşürildi). Häzire çenli adamzadyñ soñy hakyndaky kyýamat sýužetli döredilen kinofilmleriñ sany altmyşdan geçdi. Ýöne belli ýazyjy Juma Hudaýgulynyñ "Zamana ahyr bolarmyka?" makalasynda hem aýdyşy ýaly, "barybir ertir ýok bolup gitjek bolsak, şol filmleri görkezmekligiñ nämä gerekdigine..."[1] düşünemzok. Çünki, şular ýaly kinosýužetleriñ bu howsalaly kinofilmlere biparhlyk bilen tomaşa edýänleriñ kalbyny hapa işlerden azajygam bolsa daşlaşdyryp, adamkärçilige ymtylma duýgusyny döredýändir öýdemzok. Megerem, munuñ gelejekde bolaýjak ýa-da asla bolup bilmejek katastrofalary ýörite iş edinen kinorežissýorlardyr, prodýuserleriñ, senaristleriñ kisesine, umuman kinoindustriýa pudagyna millionlarça dollar girdeji getirmekden başga zada peýdasy ýok bolsa gerek. Çeper edebiýat hem mundan ýetdik paýyny alýar. Esasan ylmy-fantastiki žanrda döredilýän şeýle çeper eserlerden amerikan ýazyjysy Sýuzen Kollinziñ "Açlyk oýunlary" ("Голодные игры" / "The Hunger Games") romanlar tapgyryny, rus ýazyjysy Dmitriý Gluhowskiniñ "Metro 2035", "Metro 2034", "Metro 2035", amerikan ýazyjysy Kurt Wonnegutyñ "Galapagos", ýapon ýazyjysy Hideýuki Kikutiniñ "Amneziýa atly şemal" ("Ветер по имени" / "A wind Named Amnesia"), amerikan ýazyjysy Kormak Makkartiniñ "Ýol" ("Дорога" / "The Road") romanlaryny görkezmek bolar. Hatda şeýle žanrdaky hekaýa ýazmaga şu setirleriñ awtory hem synanşyk edipdi.[2] Şeýle eserler giñ okyjylar köpçüliginiñ arasynda-da uly seslenme döredýär. Mysal üçin, D.Gluhowskiniñ "Metro 2034" romany neşir edilenden soñky ilkinji alty aýynda kitap bazarynda satylan ekzemplýary eýýäm 300 müñden geçipdi. Munuñ özi nämäni añladýar? Megerem, adamzat özüniñ soñunyñ golaýlaýandygyny hemme taraplaýyn kabul eden bolarly. Belkäm, şonuñ üçindir ol haý-haýly kinofilmlerdir şüweleñi ýetik ylmy-fantastiki çeper eserler bilen öz-özüni güýmemäge çalyşýar. Çünki, Lew Tolstoýyñ hem aýdyşy ýaly, "Dünýäniñ we adamzadyñ soñunyñ erbetlige tarap barýandygyny bilmeýän ýok, emma hiç kim özüne erbetdir öýdenok". Ynha, bar mesele hem şunda! Makalanyñ başyny dünýäniñ soñy hem-de kyýamat sýužetli eserlerden başlanam bolsak, gürrüñimiziñ esasy özeni bu agzalan zatlar däl-de, haçanam bolsa gelmeli gulgulaly günlerden öñki, ýagny häzirki günlerde durmuşa geçirip başlan käbir howsalaly tejribeleri hakynda bolar. Belli ýazyjy Sapargeldi Annasähet Iner oglynyñ "Kyýamatdan bir söz diýdim baýakda..." makalasynda aýdylyşy ýaly, "Kosmos giñişliginden güzürdäp gelýän haýsydyr bir gara belanyñ Ýer togalagyny pytradyp kyýamat goparjagyna garaşmagyñ asla geregi hem ýok! Şol gara bela biziñ öz içimizden döredi! Olam şeragatdan, kesapatdan, zelalatdan ýaña gara daşa öwrülen ynsan ýüregi ahyry!"[3] Ýokarda ýazmaga synanyşdym diýen "Pelle" hekaýamda hem şo biziñ içimizden dörän "gara belanyñ" doññaradaşlaşmagy netijesinde adamyñ adamdan bigäneleşiş prosesini kyýamat gününden bir epizody bermek arkaly suratlandyrmaga çalşypdym. Hawa, adamzat demografik köpelişiñ görlüp-eşdilmedik derejä çykyp, ýedi milliarddan hem geçip gideninemi, nämemi, biri-birine mähremleşmegiñ deregine, biri-birinden barha uzaklaşyp, doýgunlaşyp barýar. Indi sosiologlar dünýä ilatynyñ çakdan aşa köpelmegi tebigy resurslaryñ ýetmezçiligine getirmeginden ätiýaç edip başladylar. Biziñ pikirimizçe, häzirlikçe mundan ätiýaçlanmagyñ geregi ýok. Eger ýer togalagynyñ az sanly adamlaryñ we toparlaryñ doýmaz-dolmaz holtumynda jemlenen tebigy baýlyklary adamzadyñ bähbidine gyradeñ paýlansa we peýdalanmagyna gönükdirilse, onda ýakyn gelejek üçin bu howpdan çekinmese-de bolardy. Ýöne gapdalynda depesinden günde-günaşa inip duran bombadan we özlerinden başgany "kapyr" diýip yglan eden eli awtomatly haýwanlaşan wagşy terrorçy toparlardan gaçyp, resmi däl ýollar arkaly gaýykly-kürekli haýsam bolsa bir ýurda özüni atyp halas bolmak isleýän ene-atanyñ gözmonjugy ýaly çagasynyñ deñziñ tolkunlarynyñ kenara zyñyp taşlan jansyz bedeninden birjigem jogapkärçilik duýmaýan baý-bezirgen arap şeýhleriniñ pullaryny nirä sowjagyny bilmän, portugal futbolçysy Kristian Ronaldo daşy altyn sahaply "Gurhan" sowgat berýärkäler, ýa-da öz gapdalynda ýüz müñläp arap goñşy ýurtlara bosgun bolup durka Angliýanyñ adybelli futbol klublarynyñ aksiýalaryny satyn alýarkalar, ýa bolmasa belli türk ýazyjysy Eziz Nesiniñ sözi bilen aýdanymyzda diñe bir ýylda "ýaraglanşyga çykarylýan çykdajy bütindünýä açlyk problemasyny çözmeklige ediljek çykdajynyñ ýüz essesine barabarka" şeýle ätiýaç öz wawwalylygyny saklap galsa gerek. Howp diñe dünýä ilatynyñ çenden aşa köpelmegimi? Ýok. Hut "harby kakyndan ýaña kelleleri titräp duran imperialist generallaryñ"[4] "abat illeri bibat etjek" ýadro ýaraglary hem dünýämize az howp abandyrmanam duranok. "Uruş gutaransoñ batyr köpeler" edip, Ikinji jahan urşundan ýeñliş bilen çykan Ýaponiýanyñ Hirosima we Nagasaki şäherleriniñ parahat ilatynyñ üstünden atom bombasyny inderendiklerini az görýän ýaly (elbetde, bu terrorçylykly operasiýa ýaponlara göz görkezmek däl-de bütin dünýäni özünden eýmendirmek maksady bilen amala aşyrylypdy -H.T.) "Sowuk uruş" döwründe amerikan jeñbazlary Aýda bir atom bombasyny ýerleşdirip, ony partlatmagy hem meýilleşdiripdi. Munuñ sebäbi bolsa, SSSR-e göz görkezmekdi.[5] Şu ýerde türkmen derwüşi Hoja Ahmet Ýasawynyñ "Zamana ahyr bolsa akyl gitgeý, Adam ogly bir-birini tutup depgeý"[6] diýen setirini ýatlap, Allanyñ halan welisiniñ dogaýy jümleleriniñ müñ kerem mamladygyna göz ýetirýärsiñ. Bir tarapdan kontinentara maýlama Ýer togalagynyñ klimatyny üýtgedýär. Klimat üýtgeşmeleri boýunça halkara ekspertler toparynyñ bellemegine görä, XXI asyryñ ahyryna çenli howanyñ gyzgynlyk derejesi öñküsinden 4-5 gradus ýokarlanar. Bu bolsa deñiz derejesiniñ ýarym metre çenli galmagyna, netijede, dünýäniñ iñ uly kenarýaka şäherleriniñ suw astynda galmagyna sebäp bolar.[7] Kontinentara maýlama, ýadro urşy, demografik partlaýyş (ilatyñ köpelmegi) we beýleki howplar kiçi döwletlerdir garamaýak halky has beter basga goýaýjak ýalydyr welin, bu howplardan iñ köp endişä galýanlaram, ýene dünýäni öz täsirinde saklamak isleýän imperial güýçlerdir. "Assa gaçan namart" edeniñ bilen janyñy halas edip bolaýjagam welin, bu gülkünç tejribeler, gülkünçiliginden ötri, adamzat jemgyýetiniñ nä derejä gelip ýetendigini we nähili howply uçudyñ gyrasynda durandygyny görkezýär. Ýakynda ABŞ-nyñ NASA kosmos gullugy tarapyndan Utah ştatynyñ çöl zolagynda Mars saýýarasynda ýaşamaga taýýarlyk görlüp başlandy. Tejribe koloniýasynda alymlaryñ käbiri Marsda ýaşamaga uýgunlaşmak üçin 5 m2 hüjrelerde ýaşaýar. Olar kosmosda iýmitlenilýän ýörite pastalardan iýmitlenip, kosmonawt eşikli ýatyp-turýarlar. Hytaýlylar hem amerikanlardan kem galman Gobi çölünde şeýle koloniýa gurdular. Olar bu ýerde gelejekde başga saýýaralarda oññut etmegiñ ýollaryny tejribe edýärler. Ýöne emeli koloniýalar adamzadyñ halas boluşyny üpjün edip bilermikä? Bu aýdylanlar ylmy-fantastiki kinofilmleriñ senariýalaryna meñzeş görnübem biler. Emma hut şu günlerden başlap şeýle senariýalary durmuşa geçirip başladylar. Käbir alymlaryñ pikirine görä, amerikanlaryñ we hytaýlylaryñ bu synanşygy peýdasyz we öz-özüñi aldamakdan başga zat däl. Sebäbi, ýagtylyk tizligi bilen gidilende Güne 8 minutda, iñ ýakyn ýyldyza 8 ýylda, goñşy galaksikadaky ýyldyzlaryñ birine bolsa 2 million ýylda ýetmek mümkin. Oýlanşykly çemeleşilende diñe orbitalar adamzadyñ halas bolşuny üpjün edip biler diýen inçe umyt bar. "Gaçan gutularmy" ýa-da gaçman oturan... ony biljek däl welin, gojaman zemini jähenneme öwrüp, nirädir bir ýerlere gaçyp gidenimiz bilenem, hemme zat gowluk gutaraýmasa gerek. Hezreti Alyda (r.a) bir söz bar: "Ertir kyýamat gopjagyny bilip duranam bolsañ, eliñdäki agajy ekmän goýma!" Diýmek, ynsan ogluna hiç bir ýagdaýda ynamyny, umydyny, biri-birini söýgini, ýagşylyga bolan ymtylyşyny ýitirmek bolmaýar. Çünki azerbaýjan ýazyjysy Röwşen Abdylla oglunyñ hem aýdyşy ýaly, "ynamyny we wyždanyny ýitiren adam jemgyýet üçin iñ howply mahlukdyr".[8] Bardy-geldi ýokarda agzalan howplar zerarly zeper görüp, perişan hallarda galaýan ýagdaýymyzda-da, D.Gluhowskiniñ romanlaryndaky mutasiýa prosesini başdan geçiren we dünýäni kellä geýjek bolup duran mahluk jemendesi ýaly däl-de, halkymyzyñ gadymdan gelýän asylly däp-dessurlaryna, müñýyllyklaryñ dowamynda kämilleşip gelen ruhy gymmatlyklarymyza mäkäm ýapyşan halatymyzda mümkingadar az zelel görjekdigimize tüýs ýüregmiz bilen ynanmagymyz gerek. Goý, erte niredir bir ýerden harsañ bir meteorit bölegi gelip depämizden inenmişem-dä. Türkmen "Bir başa bir ölüm" diýip oýnamaga aýtmandyr. Ha dünýäniñ bir gün ömri galypdyr, ha biziñ... Tapawudy näme? Haýsydyr bir saýýara gaçyp gidenimizde niýetimizi-pälimizi düz tutmasak, ynsapdyr mähir-muhabbet duýgulary birwagt ölüp giden ýüreklerimiz bilen baran ýerimizde uzak ýaşarysmy? Gojaman zemini jähenneme öwrüp taşlan "gara bela" ol ýeri-de jähennem etmezmi? Biz şu günki gün biri-birimiziñ gadyryny bileliñ, şu gün birek-birege ýakynlaşalyñ, bir-birimize hemdem bolalyñ, söýmäge, söýülmäge mynasyplary söýeliñ, söýüleliñ! Etse etse "DÜNÝÄNI SÖÝGI HALAS EDER!"[9] | |
|