14:14 Durmuşy dynnymjyklar / hekaýalar toplumy - Paý | |
PAÝ
Hekaýalar
Obada Bekgiň ogly Nunna ýaşaýa – oňa il arasynda: “Üçkişi” diýilýä. Taryham şü... ...Ýetmiş başynjy ýyllar. Kolhoz döwri. Haçan görseň millet meýdanda. Sallançakdan düşüp, emedek-emedekden patdyk-putduga geçdiňmi – “Düş, doganlaň yzyna! – Üleşikde seňem adyň ýazylyp, paýyň ba!”. Hatda obaň köçelerem, byrgad-byrgad (brigada) bölüngi. Obada iň kiçijek, ýaňy dil bitenjelerden sorasaňam: “Pelan köçe, pelan köçe – Pylanyň birgady! Pelan köçeden pelan köçäň ikinji çatrygyna çenlem – Pelanyňky!” diýip, sagynman sanar durar. Günde günortanam tutuş byrgad üçin janly soýlup, gazan atarylar. Byrgadyň aşpezem – “Demirriş” (Demirdiş) diýilýän kempirdir. Hyrsyz ýüz-ä edil, bäşinji klasyň “Gadymy dünýä taryhy” kitabyndaky Müsür hudaýlarynyň adamkamat, çüňklek-çüňklek kelleli suratlary ýalydyr. Gabak astyndanam bolsa, ogrynça nazar oklaýdygyň, iniň tikenekläp gider. Megerem, şo biologiýa kitabyndaky: “Darwyýn” diýlip ady ýazylgy jemendäň: “adamlar – maýmyndan azan” diýeni çyn bolsa, onda bu Demirriş kempir beýlekilerden tapawutlykda, gargadan ýa gyrgydan azan bolmaly. Özem ýeriň ýüzünde näçe ýaşandygam näbelli oň – altmyşmy, bäş ýüzmi, iki müňmi – anygyny bilýän ýok. Assyrynlyk bilen pyşyrdap, ejelerinden sorasalar-a, hemmesiniňem eşidýäni: “Ah-heý, ça:am! Biz oglankagam şü Demirrişiň dört alyn diş-ä ak polatdy, özem hut şü kaddyndaky aýjyndy!” bolýa. Ýöne, nahar bişirişine welin söz ýok. Ýogsa: “bedroýyň naharam tagamsyz bolýa” diýlenem bolunýandyr... ...“Yssy-sowuk” diýmän, şüdügärde ýa ekinzarlykda bil büken byrgadçylar, günorta naharyna çykyp, meýdan düşelgesine üýşer. Demirriş kempir hiç kimi mähetdel etmez. Ýuwnup-ardynyldygy, derrew susagyny häzirläp, gazandan her kime ýetdik paýyny guýmaga başlar. Täzeje et atylan, bygyrdap duran çorbadan almaga her kes öz tabagy bilen barmalydyr. Dogrusy, birgatdaky oglan-uşaklar, öýlerinde ejeleri, mundanam süýjüdip, malgam ýaly çorba bişirip bersär-ä: “Nene çörbäm-äý!” diýip dodak çöwrüşen borlar. Bu taýda bolsa, Demirriş daýzaň guýany az bolup durandyr. Olam içiňi ýakaýyn diýen ýaly – çaýdyr-çöreg-ä näçe gerek bolsa leýisdir welin – özüne somlanan tabaga, adam başyna birje süňk bilen iki bölegem kärtişge atar. Şonda-da bir gezek Nunna, kelläň gyzgynyna, özi ýaly: “Inni näme hokga goparsamkam?” diýip, gözleri elek-çelek, ýanyp duran bezzat deňdeşleriniň üçüsi bilenem birden jedel etdi: -Şü Demirrişden, doýýançam ýeter ýaly, artyk omaça paý alaryn! -Ölseňem almyýaň! O seň ýalyjak köpbilmiş jikjikileri, heniz şo: “Napolýon” diýilýän işigaýdan, dünýä inmänkä, gowrup iýip, meýdanam edendir! -Alaryn! -Almarsyň! -Alsam nä? -Almasaň nä? -Almasam...onna...onna...men siziň her biriňizi bir gün agşamara byrgaddan öýe barlanda, maşşyndan düşýän çatrygymyzzan tä öýňüze çen arkamda “eşekmünni” edip, hopbalap, äkidýän! Yrzamy? Ýöne, alaýsam, siziň üçüňizem, günde biriň meni şo taýdan şo taýa çen şeýdip daşaýaňyz! Erkekçemi?! Ber, eli! Bäh! Üç bezzat, ülpetlerini edil beýdip, gepi çürt-kesik edäýer öýtmändiler. Ýöne, Nunna hälden bäri gyjalat bere-bere, indi götin gaýdyp, syrt gaçyrmagam birhili. Ýöne, bü, mekirligi, öňem üçüsiniňkini gaýnadyp, oňam köpügini alyp, onam guradyp üýşüreňde-de, hemmesiniňkä iki esse gelýän köpbilmiş, birdenkä aýdýanyny edäýse nätjek? Ile masgar-a bolarlar-ow! Äý-ý! Bolýa-laý! “Ýedi sapar ölüp bolmaz, birisinden sypyp bolmaz” diýipdirler! Olar demsalym ýeňsejiklerini gaşap durdylar-da, aýgytly el berişdiler: -Erkekçe! Kak şapbady! Nunna elýeterdindäki olaň dördüsine ýeterlik edip uýalary tarapyndan berlen, çanakpisint äpet tabaga ýapyşdy. Aýgyt bilen dikeldi. Ýüz-gözüni asudalykdan dolduryp, ojakbaşynda gaýmalaýan Demirriş daýza tarap ýöneldi. Bulaň üçüsem, ala-pakyrdy bolup gülmäge taýyn, oň yzyndan tiňkesini dikip otyr. Arasynda, heniz Nunna kowulmanka, oň söbügine ýagly susak bilen toňkuldadylyp, jyrrardylyşyny göz öňüne-de getirýärler. Tomaşa başlamasdan burun ozalam, pynhandan-pynhan kikirdeşen bolýarlar. Gulaklaram jam ýaly. Häzir gopjak hezilligiň birje owazynam sypdyrmazlyk üçin jan edýärler. Onýança Nunna gazanyň başyna ýetdi. Çorba guýlanda dökülmezligi üçin, mähnet tabagyny gazanyň erňegine diredi. -Näçe?-diýip, hamana Nunnada köýüp ýatan ary galan dek, Demirriş kempir hemişeki yzgytsyzlygy bilen ýüzüni eňşitdi. Bolşam: “Näçe adam?” diýip, düzüwlije soramagy-da özüne kiçilik bilýän ýaly. Nunna jinnek ýalam aljyramady. Göwnübirlik bilen egnini gysdy-da, hetjikledi: -Men! Nunna! Bekgiň ogly! Üç kişi. Demirriş kempir sesini çykarman oň tabagyny ilk-ä ýaglyja, sogany-pomidory gaýym ýetirilen çorbadan doldurdy. Soňam gazanyň düýbünden susup alyp, üç sany omaçadyr, alty dogramça-da kärtişgäni atdy. Nunnaňam keşbinde ýekeje dagam gymyldy emele gelsin-dä – şo öňki parahat äwmezekligi bilen, howlukman öwrüldi-de, yzyna gaýtdy. Garagollaram agzyny öweldişip, aňkaryp otyrlar. “Oýunçy utulanyny bilse ýagşy” – şondan soň üç günläp, agşamara Nunna günde bir dostuny “eşek” edinip, öýlerine gaýtdy. Bu waka il-güne ýaýransoňam lakamy ömürlik “Üçkişi” bolup galdy. | |
|
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Alty daýy / hekaýa - 05.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |