DUTARYÑ OWAZY
Şol gezekki gürrüň Ogulnaryň hakydasyndan çykmady. Otursa-tursa, onuň beýnisinde şol sözlemler ýaňlandy durdy. Ogulnar onuň näme üçindigine düşünjek bolup, kän oýalandy. Sebäp diýseň, gazma dutardan çykýan şiirinden şirin mukamlaryň aşygy bolansoň, olardan gowy baş çykarýandyryn öýdýärdi. Ýöne sazlaryň, mukamlaryň her haýsy bir hili reňkde öwüsýändir diýip oýlanokdy. Şonuň üçinem ol mukamlary gaýta-gaýta diňlemäni çykardy. Her gezegem ol sazandanyň goşa tary kakyşyny durky bilen yzarlady. Her gezegem mukamlar onuň gözüniň öňünde türkmen sährasynyň gülzarlygyny, aňyrsyna-bärsine göz ýetmeýän Garagumuň ürgün çägeliginiň ajaýyplygyny janlandyrýardy. Şol dem Ogulnar sähranyň hoşboý ysyny alan ýaly bolardy-da, birbaş beýnä dolýan oýlar tutuş süňňi elendirerdi. Şonda onuň hyýalynda “Men sazyň-mukamyň jadysyna berlip, olaryň owaz aýratynlygyny ünsden düşürýän bolaýmaýyn. Bu mukamlaryň owazy diňe ýaşyl ýaýlalaryň gelşigi bolan gülälekleriň ygşyldysy däl, ol türkmen topragynyň öz perzendine söýgüsi. Ana, şol söýgi bilen lukmanyň bejergisini birleşdirseň, näsag üçin iňňän peýdaly bolardy. Men muny hökmän subut etmeli.
Näsaglaryň öz diňleýän sazlarynyň owaz aýratytnlygyny yzarlamagy hökman däl. Mesele hassanyň jadyly dünýä özüni oklap, onuň gudratyny kalbynyň çyňlygyna siňdirip bilmeginde. Meger, şonda şirin owazlar inçe duýgy bilen hassalaryň derdini dep eder, bedeni keselden saplar” diýen ynam has-da berkärdi. Jorasy bilen egin deňäp barýan Aknur Ogulnaryň pikirini böldi:
- Ogulnar, seň mukamlary, aýdym-sazy juda gowy görýändiigiňi bilýän, ýöne köçeden ýöräp barýarkaň, töweregiňem unutmajak bol. Ýogsa-da, sen sazanda ýigide aşyk bolan-a dälsiň-dä hernä.
- Heniz-ä aýdym-sazdan başga aşygym ýok. Ýöne olaryň dünýäsi meni barha özüne dartyp gidip otyr. Men oturyp-oturyp saz çalyp bilmeýänime ökünýän. Ýöne sazanda ýigit bagtymdan çyksa, ykbalymdan müň mertebe razy bolardym.
- Ykbaldyr bü, olam biçem däl, sazanda duşaýmagyň hem ahmal. Ýöne islegiň saz öwrenmek bolsa, häzirem giç däl.
- Öwrenmesine öwrenerin, emma dutaryň tarlaryndan çykýan owaz bilen ýüregiň urşy deň gelmese, ondan saz bolmaz, sendenem sazanda çykmaz.
- Şoň üçinem “Sen-senden” başga sazy çalyp bileňokmy?
- “Sen-sen” elime dutar alyp, ilkinji öwrenen sazym. Ýöne ýaňky aýdyşym ýaly, tarlaryň owazy bilen ýüregimiň urşy deň gelmänsoň, türkmeniň bu mukaddesligini harlamazlyk üçin ol niýetimden el çekdim. Halypalar “Iň bolmanda dutar çalmany özüň üçin öwren, göwnüň küýsän çagy, dünýäňi gam basanda şondan datly melhem ýokdur” diýdilerem weli, baş galdyrmadym.Ynha, indi diňe şo hakda oýlanýan. Özem hassalaryň keselini lukmanyň bejergisi bilen utgaşdyryp, saz bilen alyp barmagy arzuw edýän. Çünki iň näzik hem inçe duýgularyňy yzarlap bilýan sazlar keselliniň derdiniň dep bolmgyna-da ýardam eder.
- Ogulnar, mukamlaryň dünýäsine dolmak üçin olary seň söýşüň ýaly söýmeli, seň duýşuň ýaly duýmaly. Seň saz hakyndaky gürrüňleriňi diňleýän weli, özümem şol dünýä siňesim gelip dur. Dogrudanam saz-söhbetiň güjüni saglygy goraýyşda has giňden ulanmak peýdaly bolsa gerek.
Ýanýodadan assa ýöräp, özara gürrüň edip barýan gyzlaryň söhbeti olaryň yzyndan garama-gara gelýän ýügdiň ünsüni çekdi. Ol gürrüňi diňlemejek bolup, el telefonyna güýmendi. Ýöne ýene-de gyzlara gulak asanyny duýman galdy. Çünki onuň gürrüňe goşulasy gelip, ýüregi agzyndan çykap barýardy. Bu gyzlaryň nä kär edýändiklerini, saza, sungata söýginiň olarda nä derejededigini bilmek isgegi ahyry üstün çykdy. Ol ädimini çaltlandyryp, gyzlaryň deňine ýetdi. Gyzlar ýigidi görüp, birbada dymdylar. Ýigidem olara söz gatmagy eda bilmedi. Olar şeýdip esli mahallap ýörediler. Ogulnar Aknura “çaltrak ýöräli” diýip, yşarat etdi. Muny aňan ýigit şundan gowy pursatyň bolmajakdygyny duýdy:
- Gyzlar, bagyşlaň, aýybam bolsa, siziň söhbetiiňiziň bir ujy çalarak gulagyma ildi weli, günämi ötersiňiz-dä. Menem aýdym-sazy, sungaty ýüregim bilen gowy görýän, özümem Medeniýet institutynyň talyby...
Gyzlardan ses çykmansoň, ýigit has ekezlendi-de Ogulnara ýüzlendi:
- Men size orkestriň çalmagynda ýerine etirilen halk mukamlarynyň ýazgysyny tapyp bereýin.
Ýigdiň duýdansyz teklibi Ogulnary gyzyklandyrsa-da birbada näme diýjegini bilmän, dymdy. Gyzlardan belli jogap eşitmedik ýigit ýöwselledi:
- Gyzlar, meň bolşum şeýle. Birine bir zat zerur bolsa, elimden gelenini edenimi gowy görýän. Göwnüňize zat gelmesin, men muny sungatyň hatyrasyna dile getirdim. Türkmeniň saz sungaty dünýäniň iň ajap hem şirinn owazy diýsemm, öte geçmesem gerek. Şeýle dälmi?
Ogulnar nädip seslenenini duýman galdy:
- Olaryň arasynda Nury Halmämmediň “Dutaryň owazam” bolarmyka?
-Siz isleseňiz, hökman bolar.
-Şol sazy diňlämde türkmeniň uç-gyraksyz sährasy, lummurdap akýan Jeýhun derýasy, belent başly daglary, ymgyr giden düzleri göz öňümde janlanýar. Onsoň men şol ajaýyplyklaryň jümmüşinde erkana ýaýnaýan halkymyza, onuň bagtyýarlygyna guwanyp, aňyrsyna çykyp bilemok. Gümmürdäp çykýan owaz tutuş lälezar meýdanlaryň täze bir röwüşde öwsüşin görkezýär. Şonda bütin dünýä, barlyk ýaşyl dona bürenýän ýaly. Bu meger, meniň hyýalymda şeýledir. Ýa-da ol meniň bu şirinligi kabul edip bilşimdir. Onçasyny bilemok, ýöne sazlaryň, mukamlaryň her haýsynyň özboluşly reňki bar diýenlerine ynanýan. Asla her notanyň, her perdäniň öz reňki bolaýmaly. Şoň üçinem kesel bejermekde sazlaryň ähmiýetiniň kiçi-girim bolmajakdygyny duýýan.
Gürrüňdeşiniň diňe bir aýdym-sazlaryň muşdagy bolman, onuň bu baradky düşünjesiniň sazşynaslaryňkydan kem däldigini duýan ýigit geň galandygyny gizläp durmady:
- Siz-ä duranja bir zehin ekeniňiz. Saza-söhbete düşünýänler bilen söhbetdeş bolmak hem bagt. ”Dile geldi, bile geldi” diýleni, rast gürrüň saz hakynda barýarmy, siz “Awçy mukamyny” diňläniiňizde nähili duýgulary başdan geçirýäňiz?
Ogulnar ýigidiň näme diýjek bolýandygyna bada-bat düşündi. Çünki bu mukam onuň kalbynda sähranyň ak jerenlerini yzarlap ýören awçyny däl-de, aşyk ýigdiň ýürek owazyny janlandyrýardy. Sazyň iň soňky kakuwynda jerene degýän gülläniň gyzyň dünýäsinde gopdurýan harasaty Ogulnara ýigidiň ýöne ýerden “Awçy mukamyny” ýatlamandygyny aňlatdy:
- Näme diýseňizläň, ýaş ýigit, gürrüň saz-mukam barada gidensoň, söhbetdeşimiň nätanyşdygynam unudaýypdyryn. Bagyşlaň, mukamlaryň täsirine düşen ýürek hakdaky gürrüňi soňa goýmasak, biz eýýäm geljek ýerimize geldik. Sag boluň—diýdi-de, jorasynyň golundan tutup, derrew arany açmak bilen boldy.
- Men size duşandygyma, azajyk-da bolsa, sungat hakda söhbetdeş bolandygymyza begenýän. Ýöne men saz ýazgylaryny size nädip gowşurmalydygyny bilemok.
- Biz şü täze açylan hassahanada lukman. Ogulnar hem Aknur.
Ýigidiň ara açanyna mähetdel Aknur kinaýaly gürledi:
- Nätdiň gyz, ony. Sen-ä tasdanam “Gyzy goýberseň, tamdyraça gider” diýenlerini hakykata öwrüpdiň. Hernä wagtynda saklanaýdyň.
- Eýsem şol gep ýalandyr öýdýärmiň? Aňyrsynda bir zat bolmasa, türkmen ony nakyl edip ulanmazdy. Sazda-sungatda neneňsi gudratyň bardygyny bilmek üçin üýtgeşik üşük gerek däl. Olary duýmagam ýeterlik. Saz ýaňlananda meň ýüregimiň gürsüldisini bir eşitsediň. Men özümi göýä şol mukamlar bilen jahana gelen ýaly duýýan. Onsoň bütin älem meniň gözüme başga bir dünýä, başga bir gudrat bolup görünýä. Şol jadyly sungat baradaky söhbetlerden ganma ýok maňa. Onsoň ony çalýanam meň gözüme aýratyn görünýa. Sazanda saz çalanda edil gapdaljygynda oturyp, onuň dünýäsindem dem alasym gelýä. Şol şirinlige tutuş durkum bilen dolasym gelýä. Ana, türkmen gyzyny sazanda imrindirýän üýtgrşik gudrat şol. Onsoň, şol gudratyň jadysyna eýlenen ýürek tamdyraçydan aýra durmuşy islemez.
- Haý, duraweri, bü sözleriňi ýaňky ýigit eşidäýmesin.
- Onda onuň çalýan sazyny iki bolup diňlemeli bolarys.
- Oňa meň näme dahylym bar?
- Ikimiz jora dälmi näme? Joraň şol gudratyň jadysyna baglananda, sen ony ýeke goýmarsyň-a. Birden menem özümden ygtyýarsyz sazandanyň yzyna düşüp gidibermäýin.
***
Şol günüň ertesi Ogulnary bölüm müdiriniň çagyrýandygyny aýtdylar. Ogulnar ony täzelikde öňe süren teklibi, ýürekden ejir çekýän näsaglaryň bejergisinde nusgawy sazlary ulamnak bilen baglydyr diýip, güman etdi. Müdiriň otagyna girende ol gözlerine ynanmajak boldy. Müdiriň gabat garşysynda düýnki ýolda duşan ýigit otyrdy. Dem salymyň içinde Ogulnaryň beýnisinde ahyrzaman gopdy. Ol bu ýigdiň näme üçin gelip biljekdigine birbada akyl ýetirip bilmän, görkezilen ýere geçip oturansiň, demini dürsedi.
-Ogulnar, bu ýigide Aýdyň diýýäler. Aýdyň, bu-da biziň ýaş hünärmenimiz Ogulnar. Ogulnaryň alyp barýan ylmy işi häzirki döwürde örän wajyp. Muny alymlaryň maslahaty hem gollady. Halkymyz üçin zerur bolan “Sagdyn bedene -sagdyn ruh” diýen düşünjä hem tüýs gabat gelip dur. Çünki ýürek keselinden ejir çekýänlere günüň belli-belli wagtlarynda nusgawy sazlar, halk heňleri diňledilse, olaryň duýgularyna, ruhy dünýäsine täsiri köp bolarmyka diýip, pikir edýäris. Ynha, Aýdyň bu meselede bize öz kömegini teklip edýär. Sen neneň görýäň?
Ogulnar assyrynlyk bilen Aýdyňy synlady. Onuň düýnki sözleri ýöne gepbaşy üçin aýtmandygyna düşündi.
- Aýdyň, men size örän minnetdar. Goldawyňyz üçin sag boluň. Men bu teklibi orta atyp, täzelik aýdandyryn öýdemok. Näsaglary saz bilen bejermek lukmançylykda ozaldan ulanylyp gelinýär. Ýöne men onuň ugruny hem tärini birneme üýtgetmekçi. Näsalar günortan dynç alanlarynda otagda ýuwaşjadan ýaňlanýan mukamyň astyna bolsalar, olaryň bedeniniň doly gowşamagyna, nerw dartgynlygyň peselmegine, şeýlelikde, keselden tiz saplanmagyna getirer. Çünki nusgawy sazlaryň jadyly güýjüne halkymyz mydama-da uly sarpa goýupdyr. Gyzamyk çykarýan hassa-da aýdym-saz diňledipdirler . Sebäp türkmen halky aýdym-sazyň gudratyna ynanypdyr. Şoň üçinem dermanlar, sanjymlar bilen utgaşdyrylyp ulanylan şeýle bejerginiň oňat netije berjegine menem ynanýan.
Bölüm müdiiri Ogulnaryň sözüni tassyklady:
- Düşündim, halkymyzyň sagdynlygynyň hatyrasyna ulanyljak nusgawy sazlary Aýdyň getirer. Bu tejribäni gijä goýman, ertirden başlabereris. Senem, inim, gowy-gowy sazlardan getiriber. Olar indi bize näçe diýseň, gerek bolar. Çünki mylaýym owazyň astynda bejergi aljaklaryň sany barha köpeler.
Müdiriň iş otagyndan Aýdyň bilen tirkeşip çykan Ogulnar soragly nazaryny ýigide dikdi.
- Meni bagyşlaň, ilki siz bilen gürleşmän, müdiriň ýanyna gelenimiň sebäbi, ol meniň uly agam. Düýn siz bilen gürrüňdeşlikden soň, keseli saz bilen bejermegiň dogrudanam uly ähmiýetiniň boljakdygy barada kän oýlandym. Ahyry men öz pikirimi hem-de siziň delilleriňizi agama aýtsam, olam gyzyklandy. Ozalam şu teklibiň özüni gyzyklandyrýandygyny aýdyp, meni çagyrdy. Ine, men size şu sazlary getirdim. Hemmesinem orkestr çalýa. Gerek bolsa, dünýä halklarynyň nusgawy sazlarynam getirerin. Mende Pürli Saryň, Mylly agaň, beýleki ussatlaryň çalan sazlaram bar.
- Sag boluň, Aýdyň siz meniň gökdäki dilegimi ýerde gowşurdyňyz.
Aýdyň Ogulnar bilen hoşlaşyp çyksa-da, göwnüne bolmasa, bir zady galan ýaly boldy. Ol bir bahana tapyp, yzyna öwrülmek isledi. Ýöne muny ejap bilmän, höwesini böwetlemäni başardy. Duşuşygy ýene bir güne galdyrdy.
Ogulnaryň täze iş usulynyň tarapdary barha köpeldi. Sazly bejerginiň oňat netije berýändigine, näsaglaryň ruhybelentligine guwanýan Ogulnar hassalaryň ýanynda köpräk eglenmäge, olar bilen saz-söhbet, sungat barada, onuň ynsan duýgusyna täsiri hakda gürleşmäge irinmedi. Sazyň dünýäsine girip, onuň şirinligine özüni aldyran ynsanyň ruhy sagatlygy Ogulnaryň esasy aladasydy. Sebäbi ruhy sagdyn ynsana aňsat-aňsat kesel tär etmeýär. Ogulnaryň bu ynamy Aýdyňy hem gurşap aldy. Olary biri-birine has ýakynlaşdyrdy. Aýdyň Ogulnary bir gün görmese, mukamlar hakdaky söhbetini diňlemese, bir zady kem ýaly bolar durardy.
Şol gün Aýdyň Ogulnaryň garaşmaýan gürrüňinden başaldy:
- Ogulnar, men saňa şeýle bir ylygypdyryn weli, başga ýerde hiç kararym ýetenok. Ýürek diňe saňa tarap atygsaýa, ýüregim diňe seni küýseýä, seň adyň bilen urýä. Diýmek, ikimizi bir gudrat-sungatyň ajap dünýäsi bir ykbala gatypdyr öýdýän.
- Menem saňa halys öwrenişipdirin. Ýöne onuň nähili duýgudygyny aňşyryp bilemok. Özüme düşünemok. Bu seň maňa goltgy berýäniň üçin minnetdarlykmy ýa-da başga bir duýgymy, şony seljerip bilemok.
- Mmaňa parhsyz däldigiňi gözleriňden görýän, garaýşyňdan duýýan. Seniň mukamlary duýup bilşiň ýaly, menem seň tutuş durkuňy duýýan. Boýnuma alýan, seni ýeke gün görmesem, ýüregim karar tapanok. Senem meni görmeseň, ýüregiň gysýar gerek?
Ogulnar jogap bermäge ýetişmänkä, Aýdyň sözüniň üstüni ýetirdi:
- Diýmek, ol söýgi bolmaly. Dogrusy, men seni ilkinji gezek görenimden haladym. Bu ýeke bir seniň sungata söýgiň üçin däl, şol gezek “Dutaryň owazy” barada gürrüň edeňde kalbyňda joş urýan hyjuw meniň erkimi alypdy. Şondan soň, diňe sen hem-de seniň kalbyňda baky orun eýelän mukamlar baradaky pikir bilen ýaşaýan. Ogulnar, meni köseme-de, “Dutaryň owazy” barada, onuň täsiri barada aýtsana. Men ol sazyň üýtgeşikdigini duýsamam, şol ugurdan okasamam, onda şeýle inçeligiň, duýgynyň, söýginiň jemlenendigini bilmeýän ekenim. Ony maňa sen düşündirdiň. Türkmeniň lukman gyzynyň sungata, mukamlara teşne kalby meni ömürlik bendi etdi. Sensiz maňa eşret ýok. Ogulnar, indiki çarşenbede ejem dagy size gudaçylyga bararlar. Sen garşy däl gerek?
- Näme diýsene, Aýdyň, saňa belli bir jogap bermezdern öň, men seniň çalýan sazlaryňy diňlemeli . Diňe şonda men ýüregimiň gürsüldisini duýup bilerin.
– Ol juda bir kyn mesele däl, diňlejegiň saz bolsun. Okuw mekdebimizde ýörite otaglar bar, sen diňlemäge ýaltanmasaň bor.
Pioninanyň klawişlaryndan gümmürdäp çykýan owaz Ogulnary süýji hyýallara gark etdi. Hut şu mahal üznüksiz ýaňlanýan şirin sazlar ony ak bulutlaryň arasynda ganat ýaýyp ýören laçynlaryň deňine çykardy.
Kir-kimirsiz asmandan ýere bakanda onuň gözüne ilki ilen zat dutaryň ak şäheri bezäp duran älemgoşar öwüşginli belent keşbi boldy. Ogulnar hyýalynda älemgoşaryň reňklerini dutaryň tary saýyp, oňa elini ýetirende, joşguly saz tamamlandy. Aýdyň “Dutaryň owazynyň” täsiirinden çykyp bilmän oturan Ogulnaryň oýlaryny böldi:
- Ogulnar, ýüregiň indi näme diýýär?
Ogulnaryň dymmagy Aýdyňy ganatlandyrdy:
- Toýumyzda ilkinji ýaňlanjak ine, hut şu saz “Dutaryň owazy” bolar. Nika ýüzügini biz birek-birege şu mukamyň astynda dakarys.
- “Dutaryň owazy” bilen nika ýüzügini dakynsak, bizi bu sungatyň baky birleşdirdigi bolar, Aýdyň!
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar