19:10 Elýetmez şaha | |
ELÝETMEZ ŞAHA
Oýlanmalar
Men seni söýdüm, özem şeýle bir söýdüm welin, käteler öz söýgimden özüm heder ederdim. Şeýle pursatlarda gözlerimi çalaja ýumup, Allatagaladan ýüregime giňlik dilärdim. Onuň bimahal dörän söýgimi gursagymdan büs-bütin syryp-süpürerini islärdim. Emma her gezek seniň mähirli ýylgyryşyň, birhili syrly bakyşyň ýaňy peselip ugran söýgi odumyň üstüne nepýag guýana döndererdi. Göwnüme bolmasa, sen meniň ýüregimi okap, bilgeşleýin maňa ýylgyryp bakýan ýalydyň. Şeýdibem, ýaňy peselip ugran ýürek odum her gezek seni göremde täzeden lowlaýardy. Şeýle pursatlarda onuň ýakyp-ýandyryjy howruna çydaman ikiýana urnardym, ah çekerdim. Soňundanam her edip, hesip edip şol ody öçürmäge çalşardym, çünki men seni söýmeli däldim. Hernäçe islesemem, ýanyp-köýsemem, bu zatlaryň bary meniň gursagymda öz ýanym bilen bakyýa äkitjek ýalňyz syrym bolup galmalydy. Sebäbi sen-ä durmuşa çykmadyk uly gyz däldiň, menem boý ýigit däldim. Ikimiziňem gol doly maşgalamyz, çagalarymyz bardy. Wah, ýöne söýgi o zatlara seredýärmi diýsene?! Ana, meniň seni söýşümem şonuň üçin-dä! Seniň näzli bakyşlaryň duýgyma hyjuw berip, käte-käte akylymdan rüstem geliberýärdi. Näz bilen gürleýşiňi diýsene, göwnüme bolmasa, şol pursat seniň dahanyňdan ýönekeý sözler däl-de, asal döküliberýän ýalydy. Näz bilen asalyň garyşygyndan zybanyňa gelýän ol sözleriň jadysy her gezek meniň söýgimiň közüni köredýärdi. Şeýdibem, näzli bakyşlar, näzli sözleýişler seni barha beýgeldýärdi. Şol näzler seni elýetmez şaha öwürýärdi... Dogrusy, bir mahallar seniň özüm üçin beýle elýetmez şaha öwrüljekdigiň hakynda asla oýlanmazdymam. Indi welin, hyýalymda seni bagt bagymyň iň belent şahasyna deňeýärin hem-de gijeler çirim etmän, şol şaha nädip el ýetirip boljakdygy baradaky oýlaryň girdabyna gark bolýaryn. Çynymy aýtsam, ozallar sen meniň-ä däl, asla hiç kimiňem nazaryna ilmezdiň, şaham! Çünki sen ejizjediň, pessejikdiň, seni görmek isleseň, hökman egilmeli boljakdy. Emma kimiň eglesi gelýär?! Adam ogly egleninden gaýşarybrak gezenini kem görenok ahyryn. Şol mahallar menem egläge-de seni görmek, ejizje baldajygyňy sypalamak barada pikirem etmändirin. Şeýdibem seniň öseniňi-de, elimiň ýeterinden ep-esli saýlananyňy-da duýman galypdyryn. Bir günem... Hawa, şol göge bakyp ýörşüme bir günem seni ýokarymda görsem nätjek? Ana, şonda sen ilkinji gezek meniň nazaryma ildiň. Özem, ýöne bir ilmek däl, hatda elýetmez bolup göründiň. Haýran galaýmaly, şonda saňa el ýetirip görmek islegi döredi. Arman, indi bökemde-de ol arzuwymyň amala aşjagy gümanady. Aňymda at çapýan şu pikiriň özem meni kejikdirýärdi. Sen welin, buýsançly başyňy asmana tutup, gün-günden belende galýardyň, şaham. Men bolsa, hol aşakda seniň barha belende galyp, elýetmezlige öwrülip barşyňy synlap, içimi hümledýärin: «Mümkin, saňa el ýetirip bilmeýänligim gowudyr, şaham! Birden saňa elimi ýetiräýsem, hökman seniň üstüňe münjek bolaryn. Üstüňe münsem bolsa, sen ýene-de menden pesde galarsyň. Onsoň, men ýene-de ýokarky şahalara serederin hem-de olara el ýetirmek hakda göwün ýüwürderin. Wah, nätjek, ebedinde ynsan oglunyň ýasawy şeýle-dä! Şonuň üçin seniň elýetmezligiň gowudyr, şaham! Goý, sen elmydama elýetmezligiňde gal, menem seni elmydama depämde göreýin! Döwran AGALY. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |