10:41 Eziz dostum / powest | |
EZIZ DOSTUM
Powestler
Yurdaman sazandanyň gapysyny kakanda, tolgunyp içerden çykjak adamy görmäge alňasadym. Ýüregim gürs-gürs urýar. Gapy açyldy. Garşymda Azat dur. Durmuşda geň zatlar bolýar. Kä halatlarda günler biri-birine meňzeş, şol gaýtalanyp duran ýalydyr. Kä halatlarda bolsa, her minutyň öz manysy bar. Şol minutlar bütin ömrüňe öz täsirini ýetirýär. Şundan soň her gezek Azady ýatlanymda ony köplenç şu bolşunda, kirpikmen gözlerini giňden açyp, geňirgenip duran ýagdaýda göz öňüne getirýärin. Stoluň başyna nädip geçenim, nirede nädip oturanym ýadyma düşenok. Ýurdaman gapdalymdamy ýa-da başga ýerik geçip oturypmy, muny-da duýmadym. Geňirgäp ýüzüme seredýändir. Özüme erkim ýetenok. Ýüzüm gyzýar. Dodaklarym titir-titir edýär. Beýle ýygralyk maňa nireden geldi? Esli salymdan soň az-kem özüme geldim. Buýra-buýra saçly garaýagyz ýigit daş-töweregine hyzmat edýär. Eňegi-de edil jaň dakylan ýaly. Menem ýygralykda aýplap ýetişdi. Ony öňem bir ýerde görüpdim öýdýärin. Azat kän geplänok. Gyrmyzy gülli ullakan çäýnekden çaý guýup, bir käsäni Ýurdamana beýlekisini maňa uzatdy. Ýurdamanam maňa golaý oturgyçda ornaşan eken. Jaýda adam azam bolsa, gopgun ýeterlikdi. Stoluň başynda bizden başga-da üç-dört sany ýigit bilen, birki sany gyz bar. Olaryň birinden özgesi talyp. Geljekki artistler – diýip, buýra saçly ýigit, Azatdan öňürti bizi myhmanlary bilen tanyşdyrdy. Bizden soňam ikisi geldi. Bir almany iki bölen ýaly meňzeş gyzlar. Gyzlaryň birinden başgasy stol bilen başagaý. Ol töweregindäkiler bilen goşulyşdy. Men barha köşeşdim. Başymy welin galdyryp bilemok. Azat edil maňlaýymda. Ol töweregindäkiler bilen az-kem gülüp-degişse-de, maňa ýekeje agzam söz gatanok. Onuň özüňe duýdurman seni synlamak häsiýeti bar. Men muny ilkinji gezek duşanymda-da duýdym. *** Çagalykda ýetim galyp, doganymdyr ýeňňemiň elinde ösdüm. Ýeňňem meni läliksiretmedi. Ýeňňemden çekinip, bir-ä yzyma gyz tirkäp öýe gelmäge, birem tikinimi göterip, deň-duşumyň ýanyna gitmäge het edip bilmedim. Ýöne, juwan ömrümde bezenip-beslenip toý-tomga çykmadym, deň-duşlarymyň arasynda gül-gül açylyp ýazylyp-ýaýrap gezmedim diýsem-ä ýalançy. Elbetde, ýeňňeme galsa, ol öýdenem çykarjak däl. Ertirden agşama çenli dyzymy epmän ylgardym. Çensiz ýadan wagtlarym kändi. Ýöne içeriniň işleri irizmezdi. “Çöregiňi bir ýumruk ýaly gyza bişirtmeli däl-ä” diýşip geňirgenýän aýallaram tapyldy. Çörek bişirmekde, nahar taýýarlamakda oňarman kösenmedim. Onsoň emgenmän edýän haýsy bir işiň höwes döredenok. Ýöne ýeňňemden ýekeje gezek “Şunyň bolupdyr” diýen sözi eşitmedim. Oňa edenim az göründi. Içeri kaksam, keçeleri “tüýtjek”, kakmasam “tozan”, çörek bişirsem “petir”, aldyrsam “turşy”. Suwa gitsem “gelemok”, tikin tiksem “elim haýal” boldum. Gepiň gysgasy irden çykyp gidip, agşamara doganym işden gelende, öýe köwlenýän ýeňňemiň her gün bir bahana agtaryp yrsaramasy barha degnama degdi. Akylym ýetdigiçe, onuň yrsaramalaryny ýokuş görüp başladym. Olaryň her biri ýüregime iňňe bolup sanjyldy. Sebäp diýseň, çagalykdan saýlandygymça, erkinligi küýsedim. Öýden çykdygym meni düýbünden başga bir dünýä gurşap alýar. Deň-duşlarym bilen gülüp-oýnap mekdepde okamaklygy gelnejem maňa gadagan edip bilmedi. Elwan gülli gollarda, ýaşyl donly meýdanlarda, belentli-pesli depelerde ýaýnap aýdym aýdyp, gezmegi-de çäklendirdi, ýöne kesip bilmedi. Sebäbi ol mundan habarsyz galdy. Ota-çöpe gidenimde, deň-duşlarym bilen dilleşip şol meýdanlarda duşuşýandygymy birde duýsa, birde duýmady. Üstesine-de sadaja gyzlyk dünýämi bezeýän şeýle bir geň-enaýy zatlar bardy. Ol zatlar ýeňňemiň igençlerinden, bolgusyz yrsaramalaryndan has belentde durýardy. Durmuşymy bezeýän gyzlyk, ýaşlyk dünýämiň baýlygy – ol meniň arzuwlarymdy. Ol arzuwlar öýde-de maňa güýç berýärdi. Agşamlaryna içki jaýymyza geçýärin. Gapymyzy ýapýaryn. Radiýony ýuwaşja açýaryn-da, tikin tikip başlaýaryn. Bir edip bilmeýän zadym bagşynyň gapdalynda goşulyp des-deň gygyryp bilemok. Ýeňňem bilen agam öýde bolmadyk wagtlary bagşa goşulup hiňlenýärinem. Soň bolsa gijäniň bir wagtyna çenli ýeňňemden bukup goýan kitaplarymy okaýaryn. Ol kitaplar ýakyn maslahatçym, janköýer hemram. Meň eý görýän zadym göwün ýüwürtmek. Öz hyýallarym bilen gümra bolup, olardan şeýle bir lezzet alýaryn, öz öýmüzde ýalňyz oturandygymy-da unudýaryn. Hemişe şadyýan joram Gülbaharam, deň-duş boýdaşlarymyň hemmesi şol bada ýanjagazymda tapylýar. Özlerem ala-ýaz. Hersi bilen degişip-gülüşip keýpden çykýaryn. Ýürek syrlarymy olara gürrüň berýärin. — Gülälek, biz-ä seni öýdeniçer bolup gidersiň öýtmändik. Neneň kararyň ýetýär. Gel-dä aramyza, bileje okadyk, bileje-de işläli-dä. Öýde näme bar! – diýşip deň-duşlarym meni işe çagyrýarlar. — Siziň araňyzda bolmagy men näme höwes edemokmy? Barjak-la. Goýberenoklar – diýip men olara hyýalymda jogap berýärin. Işe gitsem ýeňňem oba gezip biljek däl. Gündizlerine-de gelnejem öýde bolmadyk wagty men erkin. Bir gün gelnejem öz aýdyşy ýaly “bir iş” bilen goňşulara çykdy. Doganym işden gelýänçä köwlenmejegi belli. Çöregi düýn bişirdim. Kir aladamam ýok. Içeri-daşary gül ýaly. Nahar atardym-da, endigim boýunça ýene içki jaýa geçdim. Gelnejemiň begresine basma basýaryn. Daşarda ýagyş ýagdy, diňdi, ýene ýagdy. Birden-birdenem gün göründi. Günbatara bakyp duran aýnamyzyň açyk gözünden tutymyzy ýuwaşja galgadyp, salkynjak şemal içerik girdi, ýüz-gözümi sypady. Goňşymyz radiýosyny açypdyr. Aýdymçy ýigidiň dury sesi uzakdan maňa iňňän ýakymly eşidilip dur, eşidilip dur. Akja aýajyklary bilen ýumagymy ondan-oňa pyzyp keýpden çykan alaja pişigim çabdymyň synynda uka gidipdir. Aýdymçy ýigidiň sözlerini agzyndan aldym-da, adaja ses bilen başymy ýuwaşja yrap aýdym aýdyp başladym. Kalbymy şirinden-şirin duýgular gurşap aldy. Hyýalymdaky zatlar hakykata öwrüldi-de, meni heýjana saldy. Aýnamyzyň agzynda äpet saz guraly peýda boldy. Bu äpet saz guralyny ilkijni gezek bir ajaýyp sazanda bagyşlanan kinofilimde görüp höwes etdim. Kümüş ýaly buýra-buýra saçly, durky bilen gunduza meňzäp duran sazandanyň keşbi, meni haýran eden göçgünli hereketleri heniz-henizlerem gözümiň öňünden gidenok. Ol şol äpet saz guralynyň garşysynda ak guşa meňzäp dünýäni mukamdan dolduryp çalyp otyrdy. Soň men şol kinony hernäçe höwes etsem-de görüp bilmedim. Sazanda welin, telim gezek düýşüme girdi. Saz çalmagy-da öwretdi. Hut sazandanyň oturşy ýaly oturyp şeýle göçgünli halda çalýarmyşym. Indem şol saz guraly aýnamyzyň öňünde dur. Akja tutymyzam ýüpek seçeklerini şybyrdadyp, oňa owsun atýar. Köpden bäri hyýalymda maňa hemra bolan nätanyş ýigit gapydan girdi-de, saz guralynyň başyna geçdi. Ak köýneginiň ýeňlerini tirsegine çenli çermedi-de, içerde meniň bardygymy-da unudyp çalyp otyr. Tutymyz indi gerilip-gerilip ýigidiň alyn saçlaryny sypaýar. Saz bolsa altyn çeşmäniň dury suwy ýaly, öz maýdalyna bir täsin akyp dur, akyp dur. Doňan ýaly bolup otyryn. Bokurdagym dolup-dolup gidýär. Nirededir bir ýerde “garry mama sanajyny kakyp”, asmany ala takyrdy edýär. Biziň jaýymyzyň depesinde welin, älemiň soltany Gün ýyljyraklap garap dur. Goşa kepderi uçup gelip aýnamyzyň agzyna gondy, öz dillerinde jürküldeşip sazanda bilen “ümmülleşdi”. Olara gözüm gitdi. Ýigidi hiç kime-de meňzedemok. Başga birini onuň ornunda-da goýup bilemok. Ol meniň üçin nätanyş bolsa-da, iň ýakyn, iň mähriban adama öwrüldi. Men oňa hyýalymda öz isleg-arzuwlarymy telim gezek gürrüň berdim. Gam-gussamy paýlaşdym. Agşam gelnejem erbet göwnüme degdi. Ýalan töhmet ýüregime ot bolup basyldy. Eziz doganymyň aladaly hem gamgyn keşbi şol bada gözümiň öňüne geldi. Ol töhmete ynanandyr. Birden ýarylyp içini boşadyp bilýän adamlar, megerem, soň köşeşýändir. Men welin, beýdip bilmedim. Diňe gelnejem öýden çykyp ugranda, ýüregime sygman dil açdym: — Töhmet atýarsyň, gelneje. Ol hyrra yzyna öwrüldi: — Ol niräň töhmeti. Näme ýigit bilen duranyň ýalanmy? Aýt, ýalan bolsa. Sesiň çykmaz asyl. Jylawyňy goýbersem, etmejek zadyň ýokdur. Bir gysym ota gideniňde bolşuň şu dälmi? Agaň-a indi, kemally, başyň bogulsa razy. Başga dagy näme etsin. Gelnejem çykyp gitdi. Men welin ortarada doňan ýaly bolup durun. Deň-duşlarym bilen bir sellem durmak ýa gepleşmek aýypmy? Göwün diýen ýigidini saýlap, halap bilýänem özüm ýaly gyzdyr-a. Men ony etmedim-ä. Şu töhmetden soň, müýnüm bolmasa-da, gaçgynym doganym boldy. Ýüzüne seretmeg-ä beýlede dursun, garasyny görsem, utanjymdan bir ýere girmedim. Iň ýakyn adam ýüz bermese, öz öýüňde-de, özüňi artyk duýýan ekeniň. Her halda doganym ýekeje agzam agramly söz aýtmady. Ýöne onuň iki oduň arasynda örtenýändigini duýmak hemişe-de agyr düşýär. Mahal-mahal oturyp, doganym bilen derdinşesim, oňa içimi dökesim gelýär. Ondan ýakyn, ondan eziz kimim bar. Ol meň üçin hem ataň hem enäň ornuny tutdy. Ýüregim dolup dursa-da, doganymyň öňünde özümi aklamaga synanmadym. Neneň synanaýyn. Ýeňňemiň sözüni ölçermän-dökmän gyzyla gaplaýan adamyň öňünde neneňsi özümi aklaýyn. Okuwymy gutaryp, mekdepden arany açypdyryn-da, ýeňňemiň meni öýden daşaryk çykarmajak bolýandygyny ol näme bilenokmy? Belki-de, gykylykdan gaçýandyr. Oýlanyp-oýlanyp hiç kime göwün bermändigimi, gelnejemiň aýdýan zatlarynyň ýapa degmeýändigini doganyma şeýle bir ynandyrasym geldi. Asyl bu pikir maňa hiç ynjalyk bermedi, şonda-da aýdyp bilmedim. Soňabaka gelnejem ot ýygmaga-da ibermedi. Bu welin maňa iňňän agyr degdi. Ahyr ölçerip-döküp netijä geldim. Belet ýerim gudaçylyga gelip, özüme sala salynsa, ikirjiňlenmän razylyk bermekligi ýüregime düwdüm. Sorap gelýänler az däldi. Sawçylaryň arasynda ýat-da bardy, ýakyn-da, tanyş-da bardy, nätanyş-da. Gelnejemiň bolsa batyrgaý jogap bermäge bogny ysanokdy. Bize şäheriň etegindäki obadan doganymyň eý görüp gatnaşan adamlarynyň biri gudaçylyga geldi. Olary özümem tanaýaryn. Birküç ýyllykda obamyzda oturyp hem gidipdiler. Ogullaryna welin beletçiligim ýok. Şol wagt şäherde okaýar diýýärdiler. Ýöne “gyzyl ýaly ýigit” diýşip, öwýänlerini bilýärin. Doganym oýlanan bolmaga çemli, belet ýeri, özüme sala saldyrdy. Isle oňlaň, isle oňlamaň, jogaby nagt berdim. “Ile ýaran, maňa-da ýarar” diýdim. “Gyz doganynyň bir ýigit bilen gizlin duşuşýandygyna” güp ynanan doganymyň gulagyna bu jogap geň eşdilipdir. Şonda-da bu gezek ondan iňňän razy boldum. Razylyk berenimden soňam, ol sawçylaryň habarlaryny alman ýaýdanyp gezdi. Bu zatlaryň soňunyň näme bilen gutarjakdygy hakynda oýlanmadym. Soňuny saýmazlyk, belki, batyrlykdyr, belki-de, kem akyllar şeýdýändirler. Dogrusy, bilemok. Soňuny soň göräýjek. Ýöne toý sähedi bellenip, ol gün ýakynlaşdygyça, howsalam artdy. Bir hepdäniň dowamynda alasarmyk duýgulardan, içgepletmelerden ýaňa saňsar boldum. Gülbahar gelse, içimi bir boşatsam. Sala salsam. Özüme ýat bir dünýä aýak basýaryn-a. Ertir toý diýilen güni asman depämden inip gelýän ýaly howpurgap daşaryk çykdym. Gapymyzda diňşirgäp ep-esli durdum. Birdenem bir zat ýadyma düşdi-de, yzyma dolandym. Öýe girip ketenimi geýdim. Dagy näme? Dostlary bilen hoşlaşmaga gidýän adam sallam-sajak bolup gitmezä. Gülbahar bilen meňzeşje alnan gülýakamy dakyndym. Hemişe gülýakamy dakynamda Gülbahary ýatlaýaryn. Onuň durmuşa çykyp gidenine indi ýyl dolup barýar. Käýarym bir gelýär. Geldigem ikijigimiz şol bir barýan ýerimize ak derekleriň aşagyna el tutuşypjyk gidýäris. Şonda hiç bir güýç meni öýmizde saklap bilenok. Elbukjamdan tahýamy alyp geýdim. Aýnanyň öňünde ep-esli durupdyryn. Näme üçindir öz-özümi synladym. Aýnadan maňa Gülälek seredýär. Onuň dik ýüzündäki gelşikli göni burny, şar gara gözleri, gyrmyzy öwüsýän ýaňaklaryndaky gap-gara haly häzir maňa şekilsiz göründi. Maňa mähirli diýýärler. Belki, Gülälegiň gözelliginiň syry-da, gara gözlerindäki üýtgeşik mährinde jemlenendir. Edil häzir-ä şonda mähirem duýamok, şöhle-de. Synladygymça öz-özümden göwnüm geçip barýar. Ýaňaklarymam içine giden ýaly. Saçlarym öňüme çolaşyp durmaz ýaly, olaryň uçlaryny ýeňsämde daňdym. Bedrelerimi alyp, obamyzyň gaýrasyndaky ýaba tarap ýöneldim. Gamlananymda syrdaş, şatlananymda şärik bolan gülälekli meýdanlar, mele suwly ene ýap, goşa derek bilen hoşlaşmaga barýaryn. Bir zady bilýärin. Ýene gelerin. Ýöne şol wagt nähili duýgyny başdan geçirjegimi bilemok. Ýekeje zat maňa aýan, ýaşlyk hyjuwy bilen dolup-daşyp, bu meýdanlara teşne nazaryny salan buýsanjaň gyzyň ulugyz bolup bu meýdanlara gelmejegine aklym ýetýär. Gidip barýaryn, meni barha gam basýar. Ýabyň güzerine bardym. Daş-töweregimi synlap esli durdum. Onsoň ýabyň beýle ýüzüne geçdim-de, oturdym. Yzyma nazar aýladym. Bu ýerden gür baglyga bürenip oturan obamyz görünýär. Seredip doýup bilemok. Belki, ejemem ulugyzka, sallanjyrap şu güzere suwa gelendir. Ol wagt daşam bolsa, agyzsuwy şu ýapdan daşalypdyr. Ýuwaşjadan aýdym aýdyp başladym. Uzyn-uzyn derekler depämden seredip, apbasy ýaly ýapraklaryny şabyrdadyşyp sesime ses goşdular. Her gün obamyzdan şu derekleri synlamany oňat görýärin. Olar obamyzyň aýrylmaz hemrasy. Hemişe aýdym aýdanymda joşup aýdýaryn. Şu güzerde goşa derege ýaplanyp, ýap-ýaşyl depelere seredip, sesimiň ýetdigine gygyrýaryn. Aýdymlarym obamyzyň depesinden asman giňişliginde uzaklara ýaýlyp, arzuwlarymyň yzyndan ýetjek bolýan ýaly ýaňlanyp gidýär. Häzir welin arzuwlarymam arany açypdyr. Aýdymlarymam gaýgyly. Dereklerem göwnüme bolmasa öýkeli ýaly. Şahalaryny depäme egip, hasratymy paýlaşanoklar. Şu oturşyma deň-duşlarym ýeke-ýekeden göz öňüme geldi. Eziz joram Gülbahary küýsedim. Dünýäde dostluk ýaly belent zat barmyka? Şatlygymam, gam-gussamam onuň bilen bagly. Begensemem, gynansamam öňi bilen Gülbahar ýanymda tapylýar. Birdenem gözümiň öňünde Azat daýandy. Ol öňki duran ýerinde goşa derege ýaplanyp, meniň bilen adaja gürleşýär. Egninde-de şol öňki ýeňsizje ak köýnegi. Başy açyk. Ýüpek ýaly seçelenip duran saçlarynam apbasy ýapraklar sypaýar. Uludan bir demimi aldym. Dereklere göz gezdirdim. Hiç zat görmänim soň, ýüregim yzaly gyýyldy. Maňa iki gezejik sataşan, emma duýgur, düşbi, bilesigelijiligi bilen meni aňk eden dostuma öwrülen, ýigit, golaýda bolsaň içimi dökerdim. Basyrylgy ýatan duýgularymy dörjeläp, kalbymy gozgalaňa salan eýsem sen dälmi? Saňa aýtjak zadym kändi Azat! Aýdyp bilmejegimem bardy… Ýeňňemden sypyp, seni ýekeje gezek gözledimem. Ýadyňa düşýärmi, ilkinji gezek duşanyňda-da senden çekinmändim, Azat! Ýöne şonda maňa iňňän geň bolup göründiň. Nireden, nähili, haçan peýda bolanyňy aňmadym. Aýdymlarym dup-dury asmanda, ala-meýdanlarda, hol depelerde aýlanyp ýörkä, menem olaryň yzy bilen syýahata ugrapdym. Birden saňa gözüm düşdi. Uzaklara seredip duran ekeniň. Belki, arzuwlaryň yzy bilen senem bu ajaýyp dünýämize syýahata ugransyň. Şonda sen aýdymymy soňlanymy-da duýmandyň ahyryn. Az-kem gozgalaňa düşüp, bedrelerimi dolduryp ugrajak bolanymda, ukydan açylan ýaly bolup, birden maňa tarap ýöneldiň. Şol bada-da aýak çekdiň. Ýalňyz gyzy ürküzmekden gorkduňmy? Ýa-da edepsizlik hasap etdiňmi, bilmedim. — Seniň çensiz labyzly sesiň bar! Daşymdan aýdyp bilmedik zadymy içimden aýtdym: — Ses-ä sende bar eken, Azat! Sözläniňde-de edil perdeden çykýan ýaly. Başymy galdyrman gidiberdim. Sen bolsa başga hiç zat diýmän, şol duran ýeriňde edil ak guşa meňzäp, yzymdan seretdiň durdyň. Şondan soň näçe gezek goşa deregiň aşagyna gelip gideniň mälim däl. Ýöne ikinji gezek name üçindir seni köne tanyşlarymyň biri ýaly gördüm. Utansamam şonda saňa birki gezek höwes edip seretdim, Azat! Muny duýansyň, ýöne duýmadyk bolduň. Duýsaň duýuber, name gözellige seretmek aýypmy? Syratyň seretmez ýaly däl-dä! Ýaraşykly ýüzüň, ýylgyranyňda has nurlanýan eken, Azat! Özüň muny duýýanam dälsiň. Ýöne bir hili agras göründiň. Hemişe bir zat hakda oýlanýan, pikirlenýän ýaly bolup duýuldyň. Bir şahajygy eliňde oýnap, hamala diýersiň, onuň ýapraklarynda bir gudrat bar ýaly, ondan gözüňi wagty bilen aýyrmadyň. Onsoň başyňy galdyryp, maňa garadyň: — Menden çekineňok gerek. Saldamly ädimläp, edil gapdaljygyma gelip durdyň. Şonda, belki senden, belki daş-töweregimde bolup biläýjek gözleden ätiýaç edendirin, çekindim, ýüregim gürs-gürs urdy. Saňa golaýdan seretmäge utanyp, suwuň akyşyny synladym. — Adyň näme? Gözümiň gytagyny aýlap goýberdim-de, jogap bermedim. Bir oňat ýylgyrdyň. — Aýdaý, buşlap ýörmerin. Tanyşsak gowy-da … Öz adyňy aýtdyň. Menem gizläp durmadym. – “Gülälek, gülýalak” diýip ýuwaşja gaýtaladyň. “Adyňy bilip dakypdyrlaram” diýdiň. Soň ýene maňa ýüzlendiň. — Derekleriň gaty gözel. Çynary görüpmidiň. — Ýokla-diýdim. — Çynar ýaly bularyň. “Derekleriň” diýeniňi geň gördüm. Olary näme men ekdimmi? Duran ýeriňden birki ädim yza ädip, derekleri birinji gezek görýän ýaly olary täzeden synladyň. Derekler ýapraklaryny şybyrdadyp täsin owaz etdi. Ol owazy şu gün diňlemeli dal. Emma onuň owazasyna ünsümi çekdiň. — Bularyň çynar-a däl, hut özüňe meňzeýär, Gülälek. Syrdamlygy üçin gözel-diýdiň-de diňşirgendiň. Derekler seniň sazandaň, Gülälek. Hudožnik bolmanyma gynanýaryn. Seniň bularyň hemmesi gudrat-la, durşy bilen täsinlik-le. Öň duýmandygyma ökünýärin.Günde bir gelip synlap giderdim. Sen derekleriň şybyrdysyna diň salyp, düýbünden towlanjyrap akýan ýaba-da, iki gyrasyna düzülen gyrymsyja gökje agaçlara-da synladyň, birki ýyllykda muny obadaşlarymyz oturdypdyrlar. Daş-töwereginde ýazylyp biri-birini ýassanyşyp ýatan beýikli-pesli depelere-de göz gezdirdiň. Onsoň gabagyň astyndan maňa bir gezek nazaryňy aýladyň-da, şeýle diýdiň: — Ýene ýekeje aýdym aýtsana, Gülälek! — Men näme bagşymy? — Senden çaksyz oňat bagşy çykar. Şony duýýarmyň? Edil mahmal ýaly sesiň bar – diýip, ýüzüme bakyp mylaýym geplediň. Soň duran ýeriňde çommalyp, edil garşymda oturdyň. Aramyzda ýap bolansoň gozganmadymam. Men hakda hemme zady bilesiň geldi. Şol gün Gülbaharyň ornuny tutduň. Köne dostlarym hökmünde saňa ýüregimi açdym. Arzuwlaryma şärik bolduň. Sende bir jady bardyr, Azat! Ýogsam men aňsat-aňsat Gülbahardan başga adama içimi dökemok. Ýa hyýalymda yzarlap ýören ýigit sen bolaýma, Azat! Özüň hakda az gürrüň berdiň. Kanikula gelendigiňi, talypdygyňy aýtdyň. Daş-töweregimi garanjaklap oturam soň, ynjalygyň bolmady. Şol wagtam gelnejem yzymdan barypdy. Açary tapmandyr. Atasy öýüne gitjek bolansoň alňasapdyr. — Gülälek okagyn. Sende zehin bar. Ýene gelerin, kömek gerek bolsa aýdaýgyn – diýipdiň. Gelmediň, Azat. Ýa gelseňem çapraz düşdük. Uzakdaky dostlarym, edil häzir ikiňizem küýseýärin. Derek boýly Azat, gözellikde saňa taý gelip biljek ýigidiň seýrekdigini bilýärin. Gülbahary görerin, seni welin, Azat, bilmedim, ýene görermikäm... Gelnalyjylap şowhun bilen alyp ugradylar. Ses edip agladym. Käbäm ejem ýola salmady. Ýüregimde beslän ýigidimiň ýylgyryp öňümden çykmajagy üçin agladym. Eziz obamdan, obadaşlarymdan daşlaşyp barýanlygym üçin agladym. Ulagdan düşürdiler. Ýöräp barýaryn. Aýagym göwrämi göterenok. Ýüregim gürsüldäp agzymdan çykyp barýar. Jaýa saldylar. Oturtdylar. Edil tikeniň üstünde oturan ýaly. Ne şowhuna goşulýaryn, ne şatlyga şärik men. Uzynly gün daşymy gallan gelin-gyzlar gije ýalňyz galdyrdylar. Kimdir biriniň garşymda gelip oturandygyny duýup saňňyldadym. Gorkymdan ýüregim ele düşen guşuň ýüregi ýaly çalt-çalt urdy. Ol baldyzym eken. — Gelneje daş çykjakmy? – diýdi. Üstümden ýük aýrylan ýaly, zöwwe ýerimden galypdyryn. Gapydan baldyzymdan öň çykypdyryn. — Seni horlapdyrys-da gelneje. Ol başga-da bir topar zatlary gürrüň berdi. Hiç zat eşidemok. Gidip otyryn. Ol yza galypdyr. Şonam duýamok. — Sen galaý indi – diýýän. Jogap ýok. Seretsem, ýalňyz özüm. Ýeňil dem aldym. Ýüzüme sowujak şemal çaldy. Yzyma bir garadym-da aýak çekdim. Bolup durşum awçydan sypan towşana meňzeýär. Baldyzym ardynjyrady. Hut gulaklarymy iki elim bilen tutdum-da ylgadym. Birdenem aýak çekdim. Nirä, näme üçin barýaryn? Injiklerim saňňyl-saňňyl edýär. Edil ogurlykda tutulan ýaly galpyldaýaryn. Edýän işimiň telekdigine düşünýärin. Emma mende yzyma garamaga isleg ýok. “Öz razylygyň bilen gelmediňmi, Gülälek! Sen adamlara näme jogap berjek”. Diňe aklyma aýlananymdan soň, daş-töweregime garanjakladym. Gözedürtme garaňky. Baglaram, meýdanlaram tümlüge basyrynyp otyr. Obanyň çetinde bolmaga çemelim. Käýerde, käýerde üýrýän itleriň sesi uzakdan eşdilýär. Men indi gorkymdan galpyldap başladym. Onda-da yza ätmäge mende gurbat ýok. Baldyzym gözleýändir, alnasaýandyr. Howsala ýüregimi tüýt-müýt edip barýar. Nirä gitjegimi, näme etjegimi bilmän elenip durun. Edil şu wagt Azat göz öňüme geldi. Nätanyş ýigitden eýmenýändigim üçinmikä? — Gelen yzyma ýene bir gezek garadym. Ümsümlik. Yzyma ýöredim. Onýança-da garşymda hümür-sümür eşidildi. Edil üşedýän ýaly-da men, baldyzym bilen bir aýal garşymda dur. — Saňa näme boldy, gelin! Başymy aşak salyp durun. Awçydan sypan towşan ele düşdi. Ol indi galpyldanok-da, kysmatyna kaýyl. Bir haýukdan soň elýaglygymy agzyma tutup pyşyrdadym: — Başym aýlandy. — Şeýle boljagyny öňem bilýärin. Şu yssyda bassyrynyp, onda-da yzyn günem iýmän – içmän otursaň başyňam aýlanar-gözüňem. Çaşyp ýykylaýmansyň henizem – diýip, baldyzymyň gapdalyndaky aýal jibir-jibir etdi. Kör iden ýaly edip ugradylar. Baldyzym aldygyna ýüzümi ýelpeýär. Ýogsam häzir alyp barýan yssam ýok. Daşymda-da hozanak. Getirip öňküje ýerimde oturtdylar. Öýdäkileriň bary daşymda. Biri çaý, biri nahar getirişip, galdylar bir azara. Men welin barha gysylýaryn. Ýalňyz goýsalar aglap-aglap içimi bir boşatsam. Ahyr bir özümem galdym. “Seň bilen ýüzbe-ýüz boljak ynsan özüňden pes adammy? Bolşuň nähili? Ýöne ýigidiňem ýüzüni ýuwmadym. Bu zatlary göwnüne aljak ýigit özüň bilen ýüzbe – ýüz bolman öýlenmezdi. Ol seni tanap ýa halap adam iberipmi? Barybir ynjalmadym gulagymam gapyda. Şonda-da onuň açylanyny duýmandyryn. Garşymda biri gelip oturdy. Kürtämiň synyny ýüzüme çekdim. Ýüzüm-gözüm bütin bedenim lap-lap gyzýar. Ysytma tutýan ýaly galpyldaýaryn. Ýüzüme seredýän bolmaga çemeli. Kürtämiň synyndan ýuwaşja çekdi. Bek ýapyşdym. Ol güldi: — Ýüzüňi aç-da, öýmüzde ikimizden başga adam ýok ahyryn. Şol oturşym. — Menden bir utanma ahyryn, Gülälek! Ýüzüňi bir galdyr-da. Ýüzümi galdyryp biljekmidim. Kürtämi başymdan aýyrmakçy boldy. Iki elim bilen ýapyşdym. Hezil edip güldi: — Goýber-dä! Edil çaga ýaly eglip ýüzüme seretdi. Gapydan onuň adyny tutup gygyrdylar. Ýene nahar uzatdylar. — Ejem ikimize ýürek goýupdyr, Gülälek! Muny iýmesek bolmaz. Ol ýüregi iki bölüp ýaryny elime tutdurdy. Saçakda goýdurmady. — Hökman iýäýmeli. Öňem aç-suwsyz bolup ýüregimizi ýardyň. Ynjalygym bolmady. Göze-başa düşüp durmaga öýdäkilerden utandym. Ýogsam bir çanak çekdirmäni özüm iýdirjekdim. Muny Ýurdaman agzamadyk bolsa gowy bolardy. Dadanymam bogazyma tegek boldy. — Sen bize göwünsiz gaýtdyňmy, Gülälek! Ol şeýle bir parahat gepledi, hamala diýersiň nätanyş gyz däl-de, dostlarynyň biri garşysynda oturan ýaly: — Men-ä, dogrusy, gelnalyja gidenime ökündim. Namysa goýduň. Aglap dynar ýerde dynmadyň. Adamlardan utandym. Ýogsam “Gülälek, närazy bolsaň gitme, zarym bar zorum ýok” diýjekdim. Hatyma-da jogap ýazmadyň. Çakylyga-da çykmadyň. Ak derekler şaýatdyr. Saňa garaşyp onuň aşagyny torç etdim. Men pyşyrdap diýen ýaly gürledim: — Men-ä hatam alamok. Ýurdaman geňirgendi. Hat gelnejemiň eline düşendir. Onuň maňa gowşurmajagyny Ýurdaman nireden bilsin. Ýöne bu hakda gelnejemiň dil ýarmandygyna menem geň galdym. — Dogrudanam hatlarymy almadyňmy, Gülälek! – diýip Ýurdaman çintgedi. Ýekeje hatam almandygymy ynandyranymdan soň, ol gaty gynandy. Ýüzüme-de bir hili göwni galyp seretdi. Onuň gözlerinde: “Sen öz erkiň bilen gelmediňmi, Gülälek’’ diýen ýazgy bardy. — Hat hiç-le. Doňýürek ekeniň, Gülälek. Telim gezek pete-pet gelsegem, ýekeje gezek gabagyňam galdyrmadyň. Şonuň üçin razylyk bermersiň öýdüp az gorkmadym – diýip, Ýurdaman bir hili närazy dillendi. Ýurdamany ýekeje gezegem görmändigimi boýnuma aldym. Bu gezek ynanmady. Ol talypka, biziň mekdebimize tejribe geçmäge gelipdir. Ol wagtlar dokuzynjy synpda okaýardym. Ýöne ýoldaşlary okatsa-da ol bizi okatmady. Ilkinji gezek meni zalyň ugrunda, mekdebimiziň diwar gazetini asyp durkam görüpdir. Seredip-seredip geçip gidipdir. Soň meni günaşa diýen ýaly görüpdir. Tejribelerini gutaryp gaýdanlaryndan soňam ol obamyza telim sapar barypdyr. Özem meni görmek üçin. Ýöne her sapar gabat gelende dil ýarmaga ýürek edip bilmän gaýdypdyr. Bolsa-da Ýurdaman meni sanlyja günde özüne öwrenişdirdi. Beýlekilerdenem uzak çekinmedim. Ulysy – kiçisi daşymda. Bir diýenimi iki gaýtaladanoklar. Bir zada ýapyşsam baldyzym derrew elimden alýar. Gaýynenemiň hoşgylawlygy, mähremliligi beýlekileriň çaky däl. Otursam-tursam meni eý görüp dünýäsine taý görýär. Halaýan zadam baýdak ýalyjak edip bezäp-besläp goýbermek, ile çykarmak. Baldyzym ikimizi ýekeje toýdanam alyp galanok. Ikimizem boýdaşja. Baldyzymam meni tapsa başga adam küýsänok. Tirkeşipjik çykyp gitsek, gaýynenem yzymyzdan seredip guwanyp-guwanyp galýar. Käwagt ol bize Ýurdamanam goşýar. Dogrymy aýtsam, henizem Ýurdamanyň ýüzüne dikanlap seretmäge utanýaryn. Ol welin maňa hemişe üýtgeşik bir mähir bilen garaýar. Aslynda onuň tebigaty şeýle ýakymly. Ýetimlikde kemsitmelerden soň söýlüp, hormatlanyp ýaşamaklygyň nämedigini göz öňüne getirip görüň. Bir gün öýdäkileriň birem galman toýa gitdi. Birinji gezek Ýurdaman ikimiz ikiçäk galdyk. Çaý demläp Ýurdamany çagyrdym. Gelibermedi. Gapydan seretdim. Elini maňlaýyna diräp oýlanyp oturşyna ol muny duýmady. Ony bimaza etmäge dözmedim. Ýöne bir zada haýran galýaryn. Şu öýe düşüpdirin-de, Ýurdamanyň dostlarynyň ýanyna çykanyny, teatra, ýa bir ýerik gezelenje gidenini görmedim.Ýap-ýaňyja toýa-da ýalbarybam alyp gidip bilmediler. Golaýda dostlarynyň biri gelip, diýip-diýip gitdi. “Barmasaň geljek däl. Iş şu adamlarda-da bar. Ýöne bu bolşuň bilen alan galaňam bolmaz. Uzagam gitmersiň. Eýýäm saglygyň ýary ýok’’. Iş bolup onuň bar güýmenjesi köne harabadan ýa depeden tapylan bir daş ýa küýze döwükleri. Düýn günortanlar ol nämedir bir zat gözläp, içerde ters aýlandy. El işimi goýup, oňa aňalyp oturşyma, güldüm: — Näme gözleýärsiň, Ýurdaman! — Bir küýze bölejigi bardy welin görmediňmi? — Wiý, men-ä ony, içerini süpürenimde zyňyp goýberdim. Ýerde ýatan eken-ä, gerekdirem öýtmedim. Ýurdaman geňirgäp ýüzüme seretdi: — Soraman zyňaýmak bolarmy, gerek zat ahyryn ol. Ýurdaman gynandygyny duýdurman, nirä zyňandygymy sorady-da, şol bada gapa ýöneldi. Sakladym. Küýze döwügini eline tutdurýançam, ol ynjalmady. — Bizde ullakan küýze bar, Ýurdaman, özem abat, gerek bolsa getirip bereýin – diýdim. — Oň ýaly küýze özümizde-de bar, Gülälek. Ol köne küýze döwüginiň gadymdan galan ýadygärlikdigini, ondan geçmişimiz hakynda köp zatlary öwrenip bolýandygyny düşündirdi. Soň bolsa, hemişekisi ýaly işine gümra boldy. Meniň bolsa oturyp kararym ýetmedi. Ýurdamanyň getirip beren kitaby ýadyma düşdi-de, onu tekjeden gözläp tapdym. Diňe iki-üç sahypasyny okadym. Ony stoluň üstüne oklap goýberdim. Dogrymy aýtsam, häzir Ýurdaman bilen bir ýerik gidesim, gezesim geldi. Kitabyň sesinemi, ýa-da näme işleýändigimi bilmek üçinmi Ýurdaman yzyna bir gaňyrlyp seretdi. — Näme kitaby halamadyňmy, Gülälek? – Ol şeýle diýdi-de ýene öz işi bilen gümra boldy. Men turyp radioň nurbatyny towladym. Bagşynyň dury sesi içerini doldurdy. Bagşynyň taryp edýän dilberem hyýalymda seýkin basyp sallanjyrap gapymyzdan salama geldi. Göwnüm göterildi. Ýurdaman işläp otyrka, goh bolsa halanok. Muny onuň jigileriniň bolşundan aňýan. Elbet-de, hem diňläp, hem işläp bolýan däldir-dä.Eger şeýle bolsa, olam bir gezejik işini goýsun-da aýdym diňläýsin. Ýurdaman ýazmasyny goýdy-da dikelip oturdy. Görmedik boldum. Özüm welin häzir içerde bagşa goşulyp aýdyma gygyryberesim geldi. Ýurdamandan çekindim. Birden geň göräýmesin. Ýurdaman edil gapdaljygyma gelip, şeýle ýakymly ýylgyryp ýüzüme seretdi. — Kararyň ýetenokmy? — Ýör gezelenje gideli, Ýurdaman! Bilýäňmi, şu wagt howa şeýle ýakymly. — Niräk gidesiň gelýär? — Aý, nirä bolsa-da! Kino gidäýeli! — Ejem gaty görer-dä! “Işlejek’’ diýip galyp, gezip ýörsek. Ýurdamany öýden çykarsam gaýynenemiň begenjegini bilýän-le. Ýap-ýaňam “stola daňylan” ogluna iňirdäp–iňirdäp gitdi. Muňa özüniňem akyly ýetip dur. Ýöne bahana gözleýär. Menem bolmazyna tutdym: — Onda özüm ötägitjek. Ýurdaman. Şkafdan eşiklerini çykaryp, sesini çykarman geýnip başlady. Kinodan çykyp pyýadalap gaýtdyk. Özem ýuwaşja ýöräp. Asuda ýaz gijesi edil gündizlik ýaly. Ýurdamanlaryň obasynda bir – birini ýassanyşyp ýatan depeler az. Muňa derek obalarynyň günortasyndan belent daglar abanyp dur. Şu daglar-da, olaryň dik depesinden şaglap inýän şaglawuk-da meni şeýle bir özüne çekdi. Dagyň depesinde oturyp eziz Ýurdamanymyň öz obamyza meňzeş gür baglyga bürenip oturan obalaryny doýman synlasym geldi. Elimden gelse, ak dereklerem obalarynyň günbataryndan geçýän ene ýabyň boýuna hatarlajak. Häzirem men şaglawugyň sesine diň salyp daş-töweregimi synlap gelşime Ýurdamana sorag berdim: — Sen tebigaty söýýärmiň, Ýurdaman! — Tebigaty söýmän bolarmy? Soňam başga zat diýdi: – Kinony halamadyň öýdýän, Gülälek! — Sen haladyň, bolýar-da. Kino alymlaryň durmuşundan eken. Boýdan-başa çekeleşip geçdiler. Ýurdaman sarsman oturdy. Men bolsa idili zat düşünmedimem. Sorag bersemem, “soň” diýýär. Soňam aýdylan zat ýok. — Şu gün saňa minnetdar, Gülälek! – diýip, ol elimi eline alyp ýuwaşja gysdy. Hem öwrendim, hem dynç aldym. Kelläm ýeňledi. Ýurdaman ikimize täze jaý berildi. Gaýnym göwnemän soň, göçmekçi däldik. Ýöne obadan şähere gatnap işlemek Ýurdamana kynrak bolýar. Onsoňam gaýnymlaryň çaklaňja jaýlarynda bizsizem girip-çykýan ýeterlikdi. Ýurdamanyň jigisi, doganoglan agasy gelni hemem çagalary bilen ýaşaýardy. Göçüp gaýtsagam bir aýagymyz şo taýda boldy. Iki otagdan ybarat çaklaňja jaýymyz edil şäheriň ortarasynda ikinji gatda ýerleşýär. Ullakan goşumyz bolman soň, ol otaglar biziň üçin giň hem ýagty. Ýurdaman ir bilen işe gidýär. Menem içeriniň işleri bilen. Tikine güýmenýän. Goňşularymyz işde bolansoňmy, nämemi jaýymyz ulam bolsa ümsümlik. Käwagtlar daşaryk çykyp oturýaryn. Içerde-daşarda garry – gurty görünýär. Olar bilen ümmüldeşýän. Oba öwrenşenimdenmi, soňabaka az-kem ýüregim gysdy. Mahal – mahal giň şäher, äpet jaýlar, aýna ýaly otaglar gözüme dar göründi. Deň-duşlarymy, ot ýygýanja pellerimi, gülälekli meýdanlary, mele suwly ene ýaby küýsedim. Gülbahary ýatladym. Derekler saz çalsa, suw tolkun atsa, menem tanyş güzerde oturyp, bolmanda ýekeje gezek sesimiň ýetdiginden bir aýdyma gygyrsam. Aýdymlarym ýaňlansa dursa, Gülbaharam diňlesin, goý, beýlekilerem. Olar meniň aýdymlarymy gowy görýärdi. Birdenem Azadyň sözleri ýadyma düşdi: “Okagyn Gülälek. Adamlarda seýrek duşýan ýakymly sesiň bar!” Şol wagtlar ýüregime sygmadymyka? Ýa duýgularymy paýlaşmaga Azatdan ýakyn adam tapylmadymyka? Ýa ol maňa beýlekilerden has oňat düşündimikä? Öz arzuwlarymy oňa joşgun bilen, özem şeýle bir açyk ýürek bilen gürrüň berdim, häzir ony şonuň ýaly joşgun bilen aýtmaga sözem tapjak däl. Tikin tikip oturşyma geň zatlar ýadyma düşýär. Şol arzuwlary näme üçin Ýurdaman bilen paýlaşamok. Ýa olary unudaýdymmykam? Ýa Ýuradamanam şol arzuwlaryň hut özümikä? Onda maňa bir ýetmeýän zar, şol derekleriň aşagynda oturyp aýdym aýdyp gaýdybermekmikä? Onuň işi aňsat. Agşam Ýurdaman geler welin aýdaýyn. Iş-ä köpdür. Boş günlerem ol edil kagyzlaryna daňlan ýalydyr. Şonda-da aýtsam gider. Işden boşadygy öýe eňýän Ýurdaman eglendi. Men ol öýlerine gidendir öýtdüm. Garaňky gatlyşmanka ýola düşdim. Özümem olary küýsedim. Ýurdaman öýlerine barman eken. Meniň bilen des-deň gapydan girdi. Öýdäkiler gülüşdüler. Gaýynenem: — Aýtdym-a men, Gülälek bolmasa, daňsaň durjakmy o taýda. Içerigem giren däldir – diýdi. Ejesiniň degişmesine jogap bermedi-de, Ýurdaman ýöne ýylgyrdy. Ertir dynç güni bolansoň gaýynenemem bizi goýbermejek boldy. Özümem obada galanymy kem görmedim. Ýurdaman göwnemedi, işi köpmüş. — Gülälegi goýda, özüň ötägit onda. Ýurdaman sesini çykarman ýüzüme seretdi. Gaýynenem ýene hezil edip güldi. Daşaryk çykamyzsoň, Ýurdamana göwnümdäkini aýtdym. Ýurdaman aýak çekdi. — Onuň ýaly bolsa galaý. Ejem bilen ötägit öýňüze. — Meýdanlara-da aýlanjakdym-da seň bilen. — Haýsy meýdanlara? Onda näme bar? — Aý hiç, ýöne gowu-da. — Ýör onda, yzymyza gaýdaly. — Işim köp diýýäň-dä. — Köp bolanda näme, seň gezesiň gelýän bolsa, galaýarys. Ýurdamanyň galasynyň gelmeýänini ýüzi aýdyp dur. Dolanmadym. Men weli hyýalymda çagalygymyň hemrasy bolan şol meýdanlarda gezip keýpden çykdym. Dynç güni Ýurdaman stoluň başyndan galmady. Agşamlyk ol meni teatra alyp gitdi. Niredendir bir ýerden eşidilýän saz, meni oturan badyma özüne bent etdi. Teatryň jaýy-da, mahmal tutuly lowurdap duran sahna-da ertekidir dessanlardaky erem bagyny ýadyma saldy. Çar tarapdan düşýän şöhleleri bir bada saýgarmamsoň men asyl sahnanyň töründen gün dogup gelýändir öýtdüm. Sahnada çepiksije, ýöne gaty owadan gyz peýda boldy. Ol şeýle bir dury sesi bilen aýdym aýdyp başlady welin, oňa aňk bolup galypdyryn. Beýle-de bir näzik, owazly ses bolar oguşýan. Asyl sahna çykan edil ýag içen ýaly. Näzijek Leýlini sahnadan goýberesim gelmedi. Sesim bardyr öýdüp monça bolup ýörşüme edil häzir utandym. Hiç wagtam sesimi beýle erkin goýberip bilmerin. Tomaşaçylar mendenem beter. Leýliniň üstüni gülden doldurdylar. Bize ýeňsesini öwrüp, taýajygyny galgydyp duran saçlak adamy soň görüpdirin. Ony birwagt gören kinofilmimdäki sazandama meňzetdim. Ýolda Ýurdamandan ýene bir gezek şu opera alyp gitmegini haýyş etdim. Ol meni “Keýmir köre ”alyp gitmäge söz berdi. Bilesigeliji çaga ýaly oňa ýol boýy sorag ýagdyrdym. Hemmesine ýadaman jogap berdi. — Leýli ýaly aýdym aýdyp biljegimi bilsem, özüm-ä ömrüm ötünçä okardym – diýdim. Ýurdaman: — Onuň üçin diňe okamak ýeterlik däl, tebigy sesem gerek, Gülälek – diýdi. Oýlandym: “Wah, ses men-de ýokmuka?” Soň-soňlaram Leýliniň sesi gulagymdan gitmedi. Ertesi ownuk-uşak işlerimi gutardym-da, eýwana çykyp, tikin tikmäge oturdym. Goňşy jaýda kimdir biri saz çalýar. Aýnalary açyk bolmaga çemeli, sazyň ýakymly sesi gulagyma gelip dur, gelip dur. Sazyň şeýle ýakymlydygyndanmy, ýa çagalykdan aýdym-saza bolan duýgymyň çuňlugundanmy, belki-de, meni aňk eden Leýliniň sesiniň täsiri, bilmedim, durkum bilen gulaga öwrülip saza berildim Howa edil ýazyň güni ýaly maýyldy. Martyň golaýlandygy duýulýardy. Aýnamyzyň tutusyny syrdym-da iki tarapynam daşaryk açdym. Ýakymlyja howa bilen gün şöhlesi-de içerik girdi. Sazyň sesi aýyl-saýyl gelip başlady. Aýnadan ilki bilen jaýymyzyň ýeňsesindäki uzyn-uzyn agaçlary synladym. Agaçlar ak derekleri ýadyma saldy. Soňra asmana göz gezdirdim. Asmanda her ýerde, her ýerde ak bulutlar görünýär. Dury asmany, örän seýrek, ak bulutlary uly gyzkamam ak derekleriň aşagynda oturyp synlaýardym. Ýüzümi salkynjak şemala tutup, gerilip durşuma özümi häzir eýwanda däl-de, şol giň meýdanlarda, ak derekleriň aşagynda gördüm. Şemal egnime, arkama dökülişip ýatan ýaňyja ýuwlan, heniz örülmedik ýüpek ýaly saçlarymy galgadýardy. Uzak garaşyp şatlykly pursata ýeten adamyň bolşy ýaly, şeýle göwnihoş, keýpi kök ýüregi atygsap nirädir bir ýerik howlukýan, kimdir birine ýetjek bolýan ýaly, süýji duýgyny başdan geçirip ýuwaşja aýdym aýdyp başladym. Pianinonyň ýuwaş-ýuwaşdan pessaýlap, birdenem gatalyp gidýän owazy parahat deňiziň ýuwaşap, birdenem batly–batly kenara urulýan tolkunlaryny ýadyma saldy. Bir görsem tolkunlary iki ýana serpip Azat ýetip gelýär. Egninde bir wagtky ýeňsizje ak köýnegi, çal jalbary bar. Onuň şol öňki mähribanlygy. Ol: — Gatyrak aýtsan-a, Gülälek! Menem eşideýin, ilem diňlesin – diýýär. “Bolýar, bolýar, Azat diňle” diýip hakykatdanam ol garşymda duran ýaly oňa jogap berdim. Saz kesilipdir. Men weli aýdyp durun... Şu durmuş meniň üçin hemişelik dowam etjek ýalydy. Ertesi goňşy jaýda ýene şol saz ýaňlandy. Sazandany görmek höwesi ynjalyk bermedi. Men daşaryk çykdym-da sazandanyň eýwanynyň garşysyna geçdim. Köçeden içerik irginsiz seretdim. Pianino aýnanyň agzynda däl eken, içerden maňa hiç kim görünmedi. Gynanyp yzyma dolandym. Şu jaýda ýaşap başlalymyz bäri ep-esli wagt geçenem bolsa şol gapydan girip çykýana gabat gelmedim. Jaýda adam ýaşamaýan ýaly. Galan goňşylarymyz bilen içgin tanyşmasagam garaz salamymyz bardy.”Kim bolanda saňa näme ” diýip içimi gepletdim. Emma elim işde, pikirim başga ýerde. Heniz hiç ýerde hiç kimden diňläp görmedik şol şirin mukamymy şeýle ussat çalyp bilýän nähili adamka? Belki ony sazandanyň özi döredendir? Sazanda Gülälegi jadylamagy göwnüne düwüpdir. Sazanda meniň üçin pälwan ýigide öwrüldi. Men onuň sazyna aşyk. Öýlän jaýdan sazyň sesi çykmady. Ertesi birigünem eşidilmedi. Sazanda ýok bolmaga çemeli. Girip-çykyp diňşirgenip halys boldum. Ertesi şol sazy ol dutarda şeýle bir ökdelik bilen çaldy welin, tikinimi goýup daşa dönüp oturuberipdirin. Bedenimiň jümşüldäp-jümşüldäp gidýändigini duýdum. Gapdalynda oturyp bir diňle-dä! Wah, şu sazy Ýurdaman çalsa bolmaýarmy? Goňşyň goňşa barmagynyň aýby ýokla, ýöne men bir hili çekinýärin. Saza bolan söýgimiň irde-giçde şolaryň gapysyndan eltjekdigine düşündim. Gelnejem öýden çykdygy men ertekileri, dessanlary, ýazyjylaryň kitaplaryny okaýardym. Olardaky pälwan sypat ýigitlere-de aşyk bolýardym. Bir gün açaryň şakyrdysyny eşidip ylgap gapa bardym. Tutawaja ýapyşsamam, gapyny açmaga ýüregim etmedi. Bahanasyz daşarygam çykyp biljek däl. Goňşy jaýda aýak sesini eşitdim. “Gelipdir.” Ir bilen sazyň sesine oýandym. Kalbymda şeýle bir ýakymly duýgy peýda boldy. Men ol duýgudan bihuş bolup gymyldaman ýatdym. Göwnüme eziz goňşylarym-da, bütin älem-de şatlygyma şärik bolup, şol şirin mukama diň salyp, hezil edip meýmiräp ýatan ýaly bolup duýuldy. Edil şol wagt gün şöhlesi-de aýnamyzdan giripdir-de jaýymyza nuryny paýlap, indem Ýurdamanyň baş ujundaky aýnamyzyň öňünde bökjekleýär. Hut saza goşyp tans edýär. Oňa gözüm gitdi. Ol sazandanyň başyny sypap şirin sazyny diňläp-diňläp gaýdan bolaýmasyn. Megerem altyn gün sallanjyrap, sazandanyň aýnasyndan girendir-de parahat hem ukyda ýatan älemi şirin mukamlar bilen oýarmaga öz sazandasyna kömege ýetişendir. Onuň eber barmaklaryna kuwwat berendir. Takadym ýetmedi. Ýeňiljek krowatdan düşdim-de, eýwana çykyp aýnasyny daşyna itdim. Howa salkyn eken. Äpişgäniň birini ýapyp, beýlekisini çalaja açdym-da diwara ýaplanyp durdum. Sowujak şemal arkamda ýatan saçlaryma güýji ýetmän alyn saçlarymy galgytdy. Saz heniz eşitmedik sazymdy. Ol ýuwaş – ýuwaşdan akgynly gidip şadyýan gyzyň aýdymy ýaly barha güýçlenip ýakymly soňlanýardy. Hiňlenip sazy yzarlamakçy boldum. Başarmadym. Ünsli diňledim-de ýene synandym. Onsaň sazyň badyna ýuwaşja yranyp durşuma Ýurdamany synladym. Onuň bir eli ýassygynyň üstünde. Beýleki goşarynam ak örtügiň üstüne atypdyr-da, edil çaga ýaly süýji ukyda ýatyr. Ýelek ýassyk onuň ýüpek ýaly saçlaryny, kireňsiz parahat ýüzüni gizläp bilmändir. Sazyň sesine maýyl bolup Ýurdamanyň syratly keşbinden gözümi aýryp bilmän uzak durdum. Saz meni Ýurdamanym bilen sallançaga salyp yraýan ýalydy. Henize–bu güne çenli şeýle süýji duýgyny başdan geçiremok. Kalbyňy heýjana getirýän şirin mukama berlip, süýji ukyda ýatan söwer ýaryňyzy özüne duýdurman guwanyp synlamak siziňem paýyňyza düşüpmidi. Sazanda sazyny meň üçin çalýarmyka? Sazda gudrat barmyka? Meň üçin-ä bu heniz görlüp – eşidilmedik gudrat. Men şol gün öýde kalbymda galan aýdymy uzynly gün ýuwaşjadan aýtdym. Agşam Ýurdamandan goňşy jaýda kimiň ýaşaýandygyny soradym. Ol şol ýakymlylygy bilen ýylgyrdy-da: “Uzynly gün öýde bolup, goňşylaryňy özüň tanamasaň, men nireden bileýin, Gülälek” diýdi. Onsaň ýüzüme seretdi-de: — Gaty bilesiň gelse aýdaýaryn. Ol bir tanyşym – diýdi. — Tanşyň bolsa sen olara barmazmydyň. — Aý ikimizem başagaý – birimiz stola, beýlekimizem pianino daňylypdyrys. Ertesi Ýurdaman oýarman işe gidipdir. Atam öýmüzde içerde menden ir turýan ýok. Sygyr sagyp, çaý demläp, şondan soň gelnejemi oýarýaryn. Indi her gün irden turup ertirlik taýýarlanymda Ýurdaman aladalanýar: — Meň üçin biynjalyk bolmasana. Bir käse çaýy ýa içýän, ýa içemok. Gaýnatmagam, demlemegem wagtymy alyp duranok. Daňdan sermenip ýörme – diýip, her gün aýdýar. Ýogsam bileje çaý içmegi näler gowy görýär. Ýurdamanym aladamy edende bar zady unudýar. Ýurdamandan aýra düşüp ýatlan wagtlarymda, ony hemişe ir ertir çagynda ak köýnekli çaga ýaly ýeňiljek dem alyp parahat uklap ýatan ýagdaýynda göz öňüne getirýärin. Oýarmaga dözmän uzak wagtlap seredip durýaryn. Hyýalymda gujaklap, ogşap–ogşap oýarýaryn. Hawa ol diňe hyýalymda şeýle, özüm weli ony şar gara saçlaryny oýnap oýarýaryn. Ir turmasam, men ony edip biljek däl. Ýurdaman işe, menem gaýnymlara gitdim. Çörek bişirip, ýanlyk ýaýdym. Ýurdamanym agşam hezil eder. Öler jany täzeje el mesgesi bilen mele myssyk nan. Şolar bolsa nahar küýsänok. Gaýynenemiňem gelni bilen hümmüldeşip çaý içesi gelýär. Günortanlar öýe geldim, süňňüm ýeňil, keýpim kök. Küýümdäki welin şol saz. Edil serhoş ýaly bolup ýörün. Öz – özüm ýylgyrýaryn ýüregim bolsa gör nirädir atygsap dur. Goňşy jaýdan sazyň sesi çykanok. Çykmasa çykmasyn. Içeriniň işleri bilen hysyrdanyp ýörşüme telim günläp gulagym ganmadyk şol saza hiňlendim ýördüm. Ony kiçijik öwrümlerine çenli ýat bekläpdirin. Sesime özüm guwanyp barha batlandyryberipdirinem. Hyýalymda eziz goňşym jaýynda däl-de edil garşymda oturyp, maňa goşup saz çalýar. Sesimi doly goýberip märekäniň öňünde aýdym aýdyp görüpdim. Aýdym mugallymymyz ýalbaryp duran soň mekdebimizdäki aýdym-saz kružogyna gatnaşypdym. Ol mylaýym adam bolansoň, ýekelikde aýdym aýtmaga-da yrypdy. Şol wagtlar gyzlar ýek – tük bolaýmasa, iliň ortasyna çykyp kän aýdym aýdanokdy. Şol gün obamyzyň medeniýet öýünde çykyş edipdim. Men ilki utanyp aljyradym. Soň ikinji aýdymy sesimi erkinräk goýberip aýtdym. Şeýle bir el çarpyldy welin, ýüregimiň gürsüldisi adamlara eşidilendir oý etdim. Ol aýdymy maňa ikinji gezek gaýtalatdylar. Öýe gelsem gelnejem maňa “sowgat” taýýarlap oturan eken. Şol güni ýatlasam henizem özümi bedenimden çybygyň awusy gelip duran ýaly duýýaryn. Orta mekdebi tamamlanymdan soň gelnejemiň ýanynda dil ýaryp bilmedim. Doganymy gowy görýärdim. Şonuň üçin ony närazy edip gidesim gelmedi. Göwnüm göterilip, darajyk aşhana gözüme giň sahna öwrüldi-de, oňa nahar taýýarlamak üçin girmän hut aýdym aýtmak üçin giren ýaly joşup – joşup aýdym aýtdym. Hyýalymda mähriban obamyz, goşa derek, giň güzerli ene ýap şu darajyk jaýda gözümiň öňünde jemlendi. Aýnamyzdan uzaklara seredip durşuma ýanýol bilen topar–topar bolşup gelýän adamlary höwes bilen synladym. Ýüregimi ýaryp gelýän şatlygyň sebäbine düşünmesemem, ony adamlara buşlasym geldi. Şol adamlara goşulyşyp gör niräleredir gidesim geldi. Wah adamlar muny duýanoklar. Olar maňa dahylsyz şol gidişip barýarlar. Edil häzir şolaryň arasynda bolmadygyma kemsindim. Şu adamlaram Ýurdamanym ýaly bir edarada işleşip, işden çykyşyp gelýän adamlardyr. Keýplerem kök, göwünleri hoş. Maňa-da şolaryň arasynda bolmak nesip etsin. Oýlanyp öz-özüme jogap berip ýylgyrdym. “Adamlar maňa dahylsyz däldir. Eýsem sazanda maňa dahylsyzmy? Kalbymy gozgalaňa salan, maňa ganat beklän şol dälmi? Agşama howlukdym. Ýurdamana nämedir bir zatlar gürrüň beresim, öz duýgularymy onuň bilen paýlaşasym geldi. Ýurdaman iýmän – içmän, stoluň başyna geçdi. Moskwa gitmekçi bolýar. Ylmy ýolbaşçysy şol ýerde maslahatlaşmaly zady bardyr-da. “Muňa her gün bir zat tapdyraýýaram”. Höwes edip bişiren böregimiň hamyr bolup barýandygyna gynandym. Özümem iýmän-içmän garaşdym. Bu-da owarram, özüne nebsim agyrýar. Bilýärin, günortanam ine-gana naharlanan däldir. Onsoň aşgazany agyrmazmy? Gijeler ýatyp bilenok. Bolmanda özüne bir haýpy gelmeli. Nahary guýup öňüme alsamam bokurdagymdan zat geçmedi. Içki jaýa geçdim-de Ýurdamanyň ruçkasyny elinden aldym. Ol geňirgäp ýüzüme seretdi. — Nahar guýdum, sowatsaň öýkelärin, Ýurdaman! — Gülälek! Men ony gepletmedim: — Ýalbarma, işiň köpdügine ynanýaryn. — Gülälek, eňegiňe tutma-da ýagdaýyma düşün – diýip, hakykatdanam ol närazy bolup sözümi agzymdan aldy. Uzynly gün ýygnakda boldum, hiç zat edip bilmedim. Häzir bolsa pikirlerimi çugdamladym. Men kejikdim. — Çekeleşip durmaga wagt mende-de ýok. Ertirki öýden çykyp gidişim. Han-ha kirimem ýatyr, ütügimem. Ýa olar iş dälmi? – diýip öz ýakasyndan aldym. Ýurdaman goýmajagymy bilip ýaýdanjyrap ýerinden galdy-da, saçagyň başyna geçdi. Bir agzam geplemedi. Iki bölejik böregi agzyna saldy-da, bada ýerinden galdy. Çöregiň duzunam datmady. Mesge-de çykaryşym ýaly galdy. Ýurdamana azar berenime gynandym. Şol gün keýpsiz ýatdym. Ertesi gaýynenemlere gidip, gijara öýmüze gelsem, Ýurdaman garaşyp alňasap oturan eken. Goňşymyz doglan gününe ikimizem çagyrypdyr. — Haýsy goňşymyz – diýdim. — Baraňsoň bilersiň. — Aýtmasaň gitjek däl. — Geýinsene, Gülälek, şonsuzam gijä galdyk. Garaşdyrmak ýagşy däl. Ine, indem Azatlarda otyrys. Buýra saçly ýigit eýýäm meni üçünji gezek gyssaýar. — Nahar sowady, keýgim. Tarelka elimi uzatdym. Ýekeje bölek eti agzyma salandyryn-da, bokurdagyma tegek boldy. Ýurdaman elime dürtgüç tutdurdy. Utanyp gulaklaryma çenli çym-gyzyl boldum. Azat welin muny duýdy. Onda-da duýmazlyga salyp, şeýtmäge ol gaty ökde, gapdalyndaka bir zatlar diýdi. Üçümiziň başagaý bolşup oturyşymyzdan töweregimizdäkileriň habary ýokdy. Şu-da bir gowy zat. Ýigitler aldygyna gyzlara degýärdi. Ýigitleriň delräk degişmelerini gyzlaryň gaty görmän, gulagynyň duşlaryndan geçirip oturyşlary meň üçin geňräk. Ýöne ýigitleriň gyzlary sylaýşam, olara hormat goýşam mende ýakymly täsir galdyrdy. Onsoňam, meni bir zat geň galdyrdy, märeke ýygnan Azat, hyzmat edýänem başgalar. Ony asyl gyzy-ýigidi ýerinden galdyrmasalar näme. Azat dogrudanam agrasrak bolmaga çemeli, ol köp gürlänok. Birem beýlekiler ýaly içini tutup gülenok. Iýlip – içilip bolunanyna mähetdel, Azady pianinonyň başyna geçirdiler. — Kompozitor, tans sazlaryndan birini çalsana! – diýip, ýigitleriň biri dillendi. Azat kompozitormyka! Ol maňa diňe talypdygyny aýdypdy. Göçgünli saz içerini doldurdy. Ynsan kalbyna saz ýaly täsir edip bilýän gudrat barmyka? Turup böküberesiň gelýär. Ikibir – ikibir tans edip başladylar. Stoluň başynda diňe men otyryn. Menem uzak goýmadylar. “Öwrederis-de, öwrederis”. Ýurdaman ýaly ýalbaryp durman elimden tutup orta çykardylar. Inçe uzyn, ak ýüzli gyz, zalymyň saçlaram edil topugyna düşüp dur, bilimden gujaklap aýlap başlady. Oňarmadym. Häli – şindi aýagyny basdym. Azat şol maňa tanyş aýdymyň sazyny çalyp başlady. Ýöne onuň ilkinji diňleýjisi özüm ekenim. Azadyň daşyna tegelenişip sazy iki-üç gezek gaýtalatdylar. Aýdyp bermegini haýyş etdiler. Göwnemedi. — Men bir synanyp göreýin – diýip, garaýagyz gysgarak gyz orta çykdy. — Aýnalar bir ýapykmyka? Goňşularyň-a zähresi ýarylar – diýip oglanlaryň biri gulagyny tutdy. Gyz oňa gülümsiräp seretdi-de, zat diýmedi. Azat aýdymyň sözleri ýazylan kagyzy gyza uzatdy-da, ýuwaşjadan akgynly çalyp ugrady. Ýüregim gürs-gürs urdy. Men şu aýdymy häzir sözsüzem aýdaýjak ýaly. Garaýagyz gyzyň dogrudanam erkin, güýçli sesi bar eken. Ýöne aýdymy gaty bir oňarmady. Ýa sözünde ýalňyşýar, ýa-da gygyrmasyz ýerinde zowladýar. Azadyň giňdigini, gyz ýalňyşýar, ol gaýtalaýar. Aýdym gutarandan, näme üçindir, Azat maňa seretdi. — Belki sen synanyp görersiň, Gülälek. Men aljyradym, ony oňlamadym. Olam ikinji gezek gaýtalamady. Ýöne hersi bir egnime ýapyşan iki gyz ugruma goýman orta çykardy. Beýlekilerem «Aýt-da aýt». Ýurdamanyň ýüzüne seredipdirin. Onuň ýüzünden hiç zat aňyp bilmedim. Asyl ol aýdym-saz bilenem däl. Çakylyga işgärlerinden bir ýigit gelipdir-de, onuň bilen bir zadyň jedelini edýär. Azat aýdymyň sazyny çalyp başlady. Saz meni şol bada öz dünýäsine alyp gitdi. Galdym bir derde, aýtmak kyn, aýtmasaňam gelşiksiz. Azat girişi eýýäm üç gezek gaýtalady. Diňe ol başyny galdyranok, galanlaryňam hemmesiniň nazary mende. Garşymda, edil ýakynjygymda Azat – bir wagtky içimi döken dostum otyr. Düýnem sazandanyň garşysynda oturyp aýdym aýtmak meniň üçin ýetilmejek arzuwdy. Häzir bolsa, çym gyzyl bolup, utanjymdan nirä girjegimi bilmän durun. — Aýtsan-a gyz, nämeden utanýaň, şularyň hemmesem özüň ýaly – diýip, gyzlaryň biri dillendi. Azat ýagdaýyma düşündi: — Gülälek öwrenşen soň aýdar. Hany, bir salym tans edeliň. Ol başga saza geçdi. Ýüküm ýeňledi. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Taraşa -3/ powestiñ dowamy - 15.02.2024 |
√ Ene / powestiñ dowamy - 14.01.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopanyñ üç ýoldaşy - 03.07.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Pürli - 06.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Duşagy tisgindiren agy sesi - 06.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |