19:01 Gadymy Rimde jelepçilik | |
GADYMY RIMDE JELEPÇILIK
Taryhy makalalar
Romul we Remiñ enesine çopanlar Lupa diýer ekenler. Lupa sözi hem-ä "urkaçy möjek", hemem "jelep" diýmegi añladypdyr. Häzirki döwürde "jelep" sözüniñ manysy Rim döwründäki ýaly manyny berenok. Sebäbi bugünki gün jelep diýlende, öz ar-namysyny we mertebesini aýak astyna alyp tenini mugtuna ýa-da puluna satyp ýören zenan göz öñümize gelýär. Jelepleri ýüzlerine çalýan goýras kosmetiki çalgylary, parikleri we imperator Awgustyñ döwründe zynahorlugy pişe edinen aýal-gyzlaryñ geýip başlan ýörite egin-eşikleri arkaly Rimiñ aristokrat aýal-gyzlaryndan tapawutlandyrmak kyn bolmandyr. Olar dürli-dürli reñkli eşikleri geýnipdirler. Köçeleriñ ugrunda ýa-da jelephanalaryñ öñünde oturypdyrlar, ýa bolmasa aýak üstünde müşderi "awlamaga" çalşypdyrlar. Rimli aýal-gyzlar aristokrat aýal-gyzlar ýaly däp boýunça uzyn etekli köýnegi ýaly däl-de, jelepleriñ terzinde geýinen ýagdaýynda, oña garşy amala aşyrylan zorlukly jynsy hereketler üçin ýeñilleşdiriji ýagdaýlar göz öñüne tutulypdyr. Rimiñ jelepleri hakynda gymmatly maglumatlary köplenç rimli ýazyjylar Desim Ýuwenalyñ, Mark Marsialyñ eserlerinden, şeýle-de arheologik gazuw-agtaryş işleriniñ tapyndylaryndan, hususanam Wezuwiý wulkanynyñ atylmagy netijesinde otly läbigiñ aşagynda öz döwründäkisi ýaly şo durşuna üýtgemän saklanyp galan Pompeý şäheriniñ galyndylaryndan edinip bolýar. Jelephanalary öýle sagat 15:00-dan öñ açmak gadagan eken. Rimde diýseñ näz-kereşmeli, ýörite taýýarlanýan jelepler bolupdyr. Olar uruşda ýesir düşen gyrnaklaryñ yzynda gelen çagalardyr olar bilen binika jynsy gatnaşykdan çagalardan, ýa bolmasa köçä zyñylan gyzjagazlaryñ arasyndan ýörite saýlanyp-seçilip alnypdyr. Gelejekki jelepler bäş ýaşyndan başlap ýörite mekdeplerde okadylypdyr. Näz-kereşmeli gürlemek, erkegi hyjuwlandyrmak, kosmetiki serişdeleri çalynmak, teniñe idi-yssywat etmek, matematika, edebiýat, şygyrýet, surat çekmek, heýkeltaraşlyk, iñ esasanam söýgi sungatynyñ inçe syrlary öwredilipdir. Şeýle gyzlaryñ teni ýele-güne gaýzykmasyn, güne ýanmasyn diýip, olar hiç hili daşary çykarylmandyr. Olara düşek pozalary we partnýoryñ bilen sypañ-sermeñ edişmegiñ ýollary birme-bir öwredilipdir. Zenan bilen zenanyñ arasynda sypañ-sermeñ edişmegi ussatlyk bilen başarýanlaryñ we mundan aýratyn lezzet alýanlaryñ taýýarlygy soñabaka beýleki jeleplerden aýratynlykda geçilipdir. Olar aýratyn otaga alnansoñ baý we dul aýallara partnýorlyk etmek üçin taýýarlanypdyr. Jelebiñ iñ uly ýaragy bolan ten hereketleri we gepleýişi her gün öwran-öwran gaýtalanyp, iñ inçe aýratynlyklaryna deñiç, hatda ndip birdenkä ýüzüñi asmak we jak-jaklap güleniñde agzyñ gyralarynda, ýañakda çukanak yzlary galdyrmak öwredilipdir. Ýylgyryp duran ýüzüñ her bir erkegiñ isleýän zadydygy üçin, ýylgyryşyñ kemter bolmazlygy bilen birlikde, ýasama bolmazlygyna hem uly üns berlipdir. Jeleplere durmuşa çykmak düýbünden gadagan edilipdir. Sebäbi jelepleri ilkinji gezek düşegine saljak müşderileriñ iñ baý ýa-da iñ köp pul seçip biljek kişi bolmagy üçin olar jelephanalaryñ başlygy tarapyndan ýörite saýlanypdyr. Jelepçilige girişen zenanyñ ýerine ýetiren işi üçin müşderisinden näçe köp pul "goparyp" bilse, bu onuñ hojaýyny üçin uly abraý hasaplanypdyr. Gyzlar gaty baý bolmasa ýaş ýigitleriñ düşegine salynmandyr. Sebäbi "Ýaş ýigitler öküz kimindir, siziñ haýyñyzy alar. Orta ýaşan erkekler bolsa siziñ islegiñizi gowy kanagatlandyrar we nädende sizden kanagatlanjakdygyny gowy bilýärler" diýipdirler. Megerem, olar başga-da bir sebäpden: gyzlaryñ ýaş ýigitlere aşyk bolmasyndan çekinen bolsalar gerek. Haýsy ýurtda we haýsy döwürde bolanda-da, ýetişip barýan ýetginjekleriñ aglabasy öz jynsy isleglerini kanagatlandyrmak üçin jelepleri saýlap alýandygy hemmä mälim hakykatdyr. Jelepçilik käbir jemgyýetde ahlak gymmatlyklaryny belli bir derejä çenli kadalaşdyrýan ulgamdyr. Rimiñ aristokrat maşgalalaryndan çykan akyly-huşy ýerinde ýaş ýigitlere jelephanalara, keýp çekilýän meýlishanalara we myhmanhanalara barmak olary terbiýeläp ýetişdirmegiñ çäginde edilýän işleriñ bir bölegi bolupdyr. Kämillik ýaşyna ýeten we baý rimli erkekler bolsa dogabitdi azat ýa-da soñ azat edilen gymmatbahaly oýnaş edinipdirler. Şäherlerde bir ýa-da birnäçe jelephana işläpdir. Ýöne jelephanalar porsy ysly we saglyga ýaramsyz ýerler bolansoñ, mundan çykalga tapmak üçin hem-de azajygam bolsa weneriki keselleriñ öñüni almak üçin jelephanalaryñ gapysynyñ öñünde ýuwunalgalar goýlupdyr, erkekleriñ jelephana girmezden öñ şol ýuwunalgada ýuwunmagy talap edilipdir. Rimde jelepçilige özbaşyna bir söwda pudagy hökmünde garalypdyr. Jelepçiligem edil gul eýeçilik ýaly girdeji getirýän we jemgyýet tarapyndan oñlanylýan pudak bolupdyr. # Çeşme: J.P.Baldson "Roman women – Their history and habits" 1975, J.F.Gardner "Women in Roman law and society", 1986. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |