14:39 Galypdyr | |
GALYPDYR
Goşgular
Ýaşlygymda sen ezizläp tapanym, Ilki söýgim kalba siňip galypdyr. «Söýýän» diýip, uz boýuňa bakanym, Hol alysda arman bolup galypdyr. Garaşardym sen diýp ähli wagtymy, Sen bolsa özgeden gözläp bagtyňy, Sanmadyň meň yşkdan beslän tagtymy, Aýdan sözleň perman bolup galypdyr. Nagtdy ýürek bilen diýen sözleriň, Getirerdiň gülün bogup ýazlaryň, Öýküneniň ýaşa boýap gözleriň, Gözleriňde sürmäň bolup galypdyr. «Gel, söýgülim!» diýip halyn soranym, Ömrüzaýa kimin bolup durmanym, Söýsem-de, söýgimden galyp armanym, Ykbalymda derman bolup galypdyr. • DILLER BILEN Mele saçym çözdüm-ördüm, Mymyk öwsen ýeller bilen. Saýrak guş dek saýrap gezdim, Şirinzyban, diller bilen. Argyn boldy, bu nä derdim, Darkaş gurdum ýyllar bilen. Şygyr bossanyna girdim Ylham gelen ýollar bilen. Watan diýip gujak gerdim, Lebzim halal, güller bilen, Wepa berdim, eziz gördüm, Sähra, çölün, peller bilen. Ýar jemalyn gözel gördüm, Menek-menek hallar bilen. Gül meňzini deňäp ýördüm, Ter açylan güller bilen. Säher köňle timar berdim, Salam alyp eller bilen. Oda-köze janym urdum, Köýse ynsan allar bilen. Giň howlyma timar gurdum, Ol leýlisaç, tallar bilen. Giň törüme bezeg berdim, Jandan eziz dostlar bilen. Edep-sowat, bilim berdim, Körpelere ýyllar bilen. Bir bitewi jana girdim, Mährim siňen iller bilen. Başym egip sowal berdim, Köp zatlara synlar bilen. Gör, dynçlygy eziz gördüm, Azat ösen ýeller bilen. Maral ANNAÝEWA. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |