14:58 Gar bilen çaga | |
GAR BILEN ÇAGA
Goşgular
Säherde başlan gar Henizem ýagýar, Asman ýere ýazýar mahmal düşegin, Bir ene oglunyň yzyndan garýar: «Daşa gitme, ýykylaýma, köşegim!» Köşegniň bolsa ylgasy gelýär, Ýykylasy gelýär garyň üstüne, Aýagy taýdygy, jak-jaklap gülýär, Gülýar, garyn kakyp galýar dessine. Ylgaýar ýene-de, Diýseň keýpi kök, Duýmaýar, ýaňagy nar dek gyzarýar. Gyşyň gözelligni ilkinji gezek Görýär, Ony bar kişiden gabanýar. Ak gary, Ak donly bagy gabanýar Hem öýlerne golaýlaşan asmany. Başarsady, Bordy hasam bagtyýar Gözýetimi gujagyna gysmany. Armam, oň gujagy heniz örän dar, Oňa ýerleşjek däl bu çal gözetim. Ejesi ýylgyrýar, Oglun çagyrýar: «Ýör, öýe gaýdaly, gel, jigerbendim» Jigerbendi bolsa gaçýar tersine, Gaçýar barha ejesiniň ýanyndan. Nä wagt geldikä? Indem, görsene, Çekip dur, çagajyk meniň synymdan. «Ýör, däde, biz taýyp oýnaly, garda, Goý, ejemem görüp ýylgyrsyn, gülsün...» Ýykylyp gülküni döretmek nirde, Meniň ýaşym nirde? Wah, bu näbilsin. «Ýör, däde, biz taýyp oýnaly, garda Başarmasaň öwredeýin» – ýalbarýar ...Çaganyň islegin aňlaýan ýaly. Säherde başlan gar Henizem ýagýar. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ynan, Läläm / Goşgular - 18.09.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Ged enarel-yşka-lil-uşşagy min hejel huda... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 20.07.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Içgepletme / Goşgular - 12.05.2024 |
√ «Başarsaň göwnüňi sergin saklagyn...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |