GARAŞARYN ...
Aýyn bolmasa, Aýnur ýene gyzlar ümä üýşdigi, şol bir söhbetine başlaýar: „Wah, wah, jeňe gidip jeňde galan gerçekler ata ýurdynda beýle düzgünleri, beýle-beýle derejeleri görmänjik gitdiler-dä? Haýp, haýyp. Ýag iýip, ýüpek geýip, ýaýnap ýaşamaly zaman geldi.
Aýnur ejeňiziň çal kellesinden geçen wakany men aýdaýyn siz diňläň-de oýlanyň? Rahat durmuşyň manysyna şonda düşinersiňiz...
* * *
Aýnur, saňa ýalan maňa çyn, sada çopanyň ýagdaýyna düşün-de, meň ýazygymy öteweri. Yşk heseri tüweleýläp peşmek deý togalap tas gapyňyzdan çykarypdy. Hudaý diýen ýerim bar eken. Zordan onuň jylawyny çekdim. Tarypyňy öňem eşidipdim. Dostum magşugyny küýsäp gidipdir-de şonda senem göräýpdir. Ol seni şeýle bir taryplady, weli eý hoý, ak gijeler aý seni görse, utanyp gizlenermiş.
Bisabyrlyk edip, şol wagt seni tas agtarmaga gidipdim. Geňirgenip ýylgyrýarmyň? Ýa gaharyň gelýärmi? Gelmez. Sebäbi sen akylyň öýjügi, gyzlaryňam şasy. Bu hut joraň sözleri. Dagy name, aýyň nury bolar-da şa bolmazmy? Onsoň ol şa türkana sadyk guluna geňirgenmez-le.
Garyp çopan saňa aşyk boldy, Aýnur. Dostuma gelin getirmäge gelnalyjy gitdik. Şonda seni gyzlaryň arasynda görüp aşyk boldum. Bir eýjejik bolup sülmiräp, baga ýaplanyp durdyň. Sen görmediňem, synlanýanyňam duýmadyň. Örüp-örüp goýberen altyn saçlaryň göwräň bilen ugurdaş topugyňa düşüp ýatyr. Ajaýyp gözleriň, pamykdanam ak güler ýüzüň suratyny çekmäge mende güýç ýok. Başaramok. Birden-birdenem, akylymy alyp, utanjyrap bir owadan ýylgyrýarsyň. Aýnur, sen ýylgyraňda bütin dünýä nur çaýylýar. Dagy näme? Aý dünýäni nurlandyrýar ahyryn. Onsoňam ýylgyryşlar adamyň dünýäsini açýar diýýärler. Düýşümde men saňa akja guzy sowgat berýärin. Ak zady gowluga ýorýarlar. Sen bolsaň maňa akgaýma tahýa geýdirýäň. Aýnur, hatymy okaman ýyrtyp zyňaýmagyn. Saňa ýazýan sadaja sözlerim ýürek mahrim bilen eýlenendir. Ynanaý şuňa. Men ondan üýtgeşik owadanlap ýazyp bilemok-da.
Meniň bagtymsyň sen, Aýnur. Muny ýüregim duýýar. Ýygra çopan diňe seniň bilen bagtly bolar. Sen sada dünýämiň, garyp göwnümiň soltany. Wah, hyrydaryň ýetikdir-le, oňa çopanyň akyly ýetip dur-la. Ýöne ýürege buýrup bolýarmy näme? Ne öýde, ne-de çölde özüme orun tapýaryn. Mežnunam meň ýaly horlanan däldir. Amanadyny tabşyrmanka, haty alanyňdan çopan pahyryň ýagdaýyna düşün-de suratyňy iber, hoşmy? Menem ibererin. Ýöne çopanyň şähere gidip surat aldyrmaga wagty bolarmyka? Wah, sen gerekleseň Stambula gidip aldyrmalam bolsa aldyraryn. Ýöne hany mende oň ýaly bagt. Geň görme, Aýnur gatyrganma-da. Seni her gün düýşümde görýärin. Bele-dä sen, hakyky aşyklar magşugyny düýşünde görüp aşyk bolýarlar. Menem şolaryň biri-dä. Ynanaý, saňa hut ýürejigimi açyp otyryn.
Biziň illerimizde ajaýyp köl bar. Adamlar ony „Bagt köli” diýip atlandyrypdyrlar. Bu adamlarymy, sen goýaý: At dakmaga şeýle ökde şular. Bagt köli şeýle bir owadan, töweregem asman bilen bäsleşýän gür baglyk. Gelseň bolýar, ikimiz el tutuşyp bileje bagt kölüne gezelenje gideris. Bagt kölünde gezenler bagtly bolýarmyş diýýärler. Ykbal bizi birikdirse, ikimizem bagtly bolarys. Aýnur, arzuwlarymam ýazaýynmy? Men okap agranom bolaryn, sen okap dogtar bolarsyň. Sen adamlary bejerersiň. Men obamyzy gülzarlyga öwrerin.
Beýle derejelere ýetip, adamlardan alkyş almagy ikimize Hudaý jan miýesser etsin-dä! Ederem enşalla. Sebäbi ikimiz hiç kimi hiç wagt ynjytmarys. Beýle adamlary Hudaý halarmyş.
Sada çopanyň yzly-yzyna ýazýan hatlary gözel gyzy oýlandyrdy. Pälwan sypat, türkana ýigit onuň hyýalyndan gitmedi.
Ahyrda gün yrman gatnaýan sawçylar, Aýnuryň razylygy bilen onuň hossarlaryndan hoş söz aldylar.
Aýnuryň hossarlary, deň-duş joralarydyr obadaşlary obanyň gül ýüzli şamelegini isleg-arzuwlar bilen bagt ýoluna atardylar.
Nätanyş oba aýak basanda Aýnur tolgunyp içini gepletdi. Sen bagtyýarlykdan uçaýjak bolup, meni ýyljyraklap garşylarmyň? Näbileýin-dä, ýygralykdan gizlenip yşyklaýmasaň. Bolýar-da çopan ýigidim, arzuwly magşugyna gowuşmak, her goç ýigide nesip etsin-de, bukulup garşylaýsynlar.
Bir günlük ýoly söküp gelen gelnalyjy Şanepesleriň gapysynda aýak çekdi. Gapyda toý märekesi azdy. Aýnury kejebeden düşürdiler. Öýe saldylar. Şanepesiň ejesi gelip, başy gyzyl kürteli gelniň iki egnine kakdy-da, emaý bilen ýüzüni açdy. Soň sesini sandyradyp gepledi:
– Aýa meňzeş, gül ýüzli gyzym, balajygymy düýn alyp gitdiler. Ol seniň ýoluňa garap-garap gitdi. Hoşlaşmaga pursat bermediler. Balamyň sag-aman dolanyp gelerini dileg et, gyzym, ganym uruş uly iliň başyna gelen bela boldy. Mendenem göwün etme! Dem-dynjyňy al gyzym.
Şanepesiň ejesiniň bokurdagy dolup sözleri bölüp-bölüp aýtdy. Men seni, gyzym gelşiň ýaljak edip yzyňa iberjek. Wah, bu Şanepes balamyň tabşyrygy. Başyňa kürte atylanam bolsa, nika gyýylmadyk gyzym, men saňa gyňaç daňdyryp bilmen. „Gelnim” diýibem bagtyňy baglap bilmen. Ýalňyz balamy toýa ugradamok.
Bagta tarap ädim äden Aýnur duýdansyz başyna düşen apata akyl ýetirip bilmän, ortarada gözüni tegeläp saňsar ýaly bolup durdy. Onuň gulaklary şaňlap, kellesi güwläp soňabaka hiç zat eşitmedi. Başyny tutup emaý bilen aşak oturdy. „Çopan ýigidim, şumy meni garşylaşyň, ganym uruş, saňa nälet bolsun!”
Aýnury yzyna gaýtardylar. Uly il gynandy. Heniz beýle-beýle wakalary gören-eşiden bolmandyr.
Aýnur esli wagtlap öýden çykman oturdy. Ol iki-üç günüň içinde sary ýüplige döndi. Şol bir pikirler otursa-tursa ony terk etmedi. „Wah, didarlaşyp, hoşlaşybam bilmedim Şanepes, ne gül ýüzüň gördüm, mährem ýigit, ne gujagyňa dolup mähriňden gandym. Hany, ol taryplaýan bagt kölüň. Sowgat berjek akja guzyň nirede. Sünnäläp bejeren tahýamy kime geýdireýin Şanepes! Arzuwlaryň özüň bilen gitdimi? Wah, gelin edip kürte atdylar Şanepes. Tahýa geýip gezeýinmi? Uly gyz men, gyňaç daňyp gelin bolup gezeýinmi?! Nädeýin?!
„Şükür et-de, ile çyk balam! Beýdip basyrnyp gussa batyp oturma. Beterinden saklasyn!” diýip, iki didesini jeňe ýollan Tokga daýza gyzyna häli-şindi göwünlik berdi. Balaň gam çekip, saralyp-solup oturar-da ynjalygyň bolarmy?
Bir gün ir bilen Aýnuryň kakasy işden howlukmaç geldi-de, öýüň törinde bir zatlara güýmenip oturan gyzyna ýüzlendi:
– Aýnur jan, hany geýin gyzym. Ol okuw geçýän esgerleri agşam ýola salýarlar diýip eşitdim. Arasynda olam bolmaly. Ýör, gyzym, senem gör-de, hoşlaş-da gaýdyber, soň armanly bolma. Men görünmän beýleräkde bolaryn. Her kim kakasy getiripdir diýmesinler.
Gyz ýerindenem gozganmady, başynam galdyrmady. Kakasy gapynyň agzynda irikge bolup durşuna ondan jogaba garaşdy.
– Ýa gidesiň gelenokmy, gyzym. Ataňdana utanma. Kakasynyň boýurganyp durşuna gyzyň şeýle bir nebsi agyrdy. Onuň bokurdagy doldy. Geplände sesi sandyrap çykdy:
– Wah, kaka jan, men ony görmesem, tanamasam nädip hoşlaşaýyn.
Gyzyndan beýle jogaba garaşmandan soň kakasynyň ýüzi üýtgedi.
Ol özüni lampa aşak goýberdi.
Aýnur ahmyrly içini gepletdi:
„Şanepesim, hoşlaşmaga käbäň bilen barsam bolardy. Ony alyp gelýänçäk, sen durjakmy, ol ýerde”.
Aýnur tahýada geýmedi, gyňajam daňynmady. Çaklaňja ýaglyjagyny kellesine daňyp, bilini bek guşap işe gidiberdi. Aňyrsyna bärsine göz ýetmeýän ekin meýdanlary, deň-duşlary birneme göwnüni açdy. Ol agyr ýyllar ne gije dek oturyldy ne gündiz. Urşuň agyr labyry çaganyň-da, gojanyň-da egnine düşdi. Ýöne her kim ýeňişli güne garaşyp umyt bilen ýaşady.
Bu wakadan esli wagt geçensoň bir gün Aýnur Şanepesiň bir aýagyny aldyryp uruşdan dolanyp gelen habaryny eşitdi. Ol hiç kime hiç zat diýmän, eşejigini mündü-de goňşy oba tarap ýelik ýasaýdy. „Men umytly ýaşadym-a Şanepes, ikimiz gowşaýmaly. Arman maýyp bolup gelipsiň-dä, eziz ýigidim, kysmatdyr-da. Aýnura baglanan ýüregiň ýerinde dälmi? Kiçelmegin, sada ýigidim. Il derdine ýaradyň. Başyň dik bolsun! Didaryňy görüp gujagyňa dolsam, geň görmegin Şanepesim. Utanjym seň gujagyňda galsyn. Öz-özüne göwünlik berip, Aýnur açlygynam, suwsuzlygynam, gorky-ürkünem duýman, esli ýol ýöräp, sorap-idäp Şanepesleriň gapysynda aýak çekdi. Onuň bir hili ini jigiläp gitdi. Pyşyrdady: „Wah, çopan ýigidim, obaňada atdaşyň bolup biljegi kellemä gelmese näme? Anyklardym-a”. Şanepesleriň gapysynda asylan ullakan gulp poslap gidipdir. Onuň haçan urulanam belli däl. Gapydaky ojagyň gyralary içine ýumrulyp gidipdir. Onda bu golaýda nahar bişirilene meňzänok.
Jaýyň öňündäki ullakan şatut mert ýigide meňzäp, başyny asmana tutup sarsman otyr. Haýaljak öwüsýän säher şemaly onuň şahalaryny yralaýar. Aýnuryň gulagyna Şanepesiň sesi gelen ýaly boldy. Ol bu şatut hakynda gyza ýazypdy:
”Aýnur, gapymyzda läheň şa tut ösüp otyr. Haçan asandygym ýadyma düşenok. Ýöne onuň merdemsi şahasyndan asylan tanap bize ol gurbanlykdan beýleki gurbanlyga hiňňillik bolup hyzmat edýär. Gapymyzam mydama hümerdir. Bilýärmiň näme, Aýnur? Men şonda seni özüňe meňzäpjik duran akja bäbejigimiz bilen bile üwrärin...
Aýnur eşekden düşmän, ýar ojagyna kökerilen ýaly sermi-sar bolup durşuna heniz posa alynmadyk akja boýnuny burup eşejigini yzyna öwürdi. „Şanepes, yhlasyň meni saňa baglady. Tä akja guzy göterip, gapymyzdan girýänçäň garaşaryn... Sen meniň hyýalymda şol türkanalygyň, sadalygyň bilen ýaşar ýörersiň. Diri bolsaň säher şemaly, meň salamymy saňa gowşurar. Dirisiň. Ol bir ýöne salam däldir Şanepesim. Ol meniň Watan hem sen hakdaky aýdymlarymdyr. Ol aýdymlar seň kalbyňa ganat beklär, güýç berer. Ýeňiş bilen gaýdyp gel, çopan ýigidim. Men saňa jeňe gidip tä azaşyp-tozup ýat illere düşen iň soňky esger gelýänçä garaşaryn...
Şirinjemal GELDIÝEWA.
Hekaýalar