08:12 Gazediñ gyrasyndaky ýazgylar | |
GAZEDIÑ GYRASYNDAKY ÝAZGYLAR
Sözler
Ol şeýle bir zäherli weli, ony çakan ýylanyň özi öläýýär. *** Men oňa däli diýdim, ol maňa däli diýdi. Kimiň dälidigini kesgitlejek bir däli. *** Ol gündizine sadyk musulman. Gijesine goňşusynyň sygyryny ogryn sagýar. Hudaý gije uklaýandyr öýdýärmikä? *** Ýusubyň köýnegi gan içinde diýdiler. Köýnek dagy nämemiş, ýüregim gan içinde, ýüregim! *** Meniň duşmanlarym şeýle asylly, billerinde ganly palta asylgy. *** Mukaddeslik, namys, eepa hakda agzalýan bolsa, ýalandan ägä bolaweri. *** Beýik-beýik daglaram ýumrula-ýumrula beýgelýär. *** Reklamasyny ýetirseň, pyşbagany uçýar diýip satyp bolýar. *** Men Ezraýyla “Siz” diýýänlerden däl. *** Kölegede duranyň kölegesem bolmaz. *** Adamzat ömrüniň baharyny ýaşady, gyşyna ýetdi. *** Dünýäni kowalap tutjak bolup barýarkaň yzyňa-da bakaweri: seni kowalap gelýänem bardyr. *** Gara sowuk diýme, eredigiçe gözýaşyna bak. *** Çüýresem-de güle dökün bolmak üçin çüýreýän. *** Bäý, bäý, onuň üýtgäýşini. Edil bulutdan ýasalan ýaly-da. *** Ol ölümine näme sebäp boljagyny örän bilesi gelýärdi. *** Zäher gahardan ýasalýar. *** Gorkagyň pikirleri eýesinden öň gizlenýär. *** Hoja Nasreddiniň bir obadaşy agzy-burny kislorodly, gepläp bilmän yatyrmyş.”Gepläp bilmeyän bolsaň ýagdaýyňy ýazyp beräý” diýip, Hoja Nasreddin kagyz-galam uzadýar. Hassa zordan ýazýar: - Eşşek ogly eşşek şlangany basma, kislorod gelenok! *** Ol şeýle bir ugurtapyjy. Gurt görse aga diýýä, aýy görse daýy diýýä, içýanyň penjesinde uklap, ýylanyň kölegesinde gezip bilýär. *** Nesimini dabanyndan soýan jellat, bu gün meniň dabanyma ýapyşdy. *** Gybat edýänleriň bir gudrat bilen dili doňsa, birküç günden dili doňmadyk az galsa gerek. *** Bir şägirt Jelaleddin Ruma: “Maňa bir sözde maslahat beriň” diýse, Rumy şobada: “Uklama!” diýip jogap beripdir. Şägirt o sözüň aňyrsyndaky many hakda uly kitap ýazanmyş ve aradan çykanda “Uklaýar diýmesinler” diýip jesedini dik jaýladanmyş. *** Hakykata ýetmegiň ýoly ýaly uzak ýol ýokdur. *** Ol ýylanlara zäher paýlaýanlardandy. *** Karz dileseň hezil edinýär. Derrew çykaryp berýär. Ýöne gaýtaryp alýança ýatladyp öldürýär-dä. Häzir ýene jaň eder. *** Kimi görse akyl berýär. Aklyň bit bazarynda-da bir köpüge alynmaýanyna üşügi ýetmeýär. *** Eý, Allam! Özüňden özgä mätäç etme. *** Öleniň dosty kän. *** Ol ähli kişini ýüzüne öwýär. Bäý, öwýär-ä. Gözleri bolsa: ”Öwgä aldanýarmyka, aldanmaýarmyka?” diýip çiňňerilýär. *** Adamy gaty içgin tanajak bolma, umytsyz galarsyň. *** Akylly adam aýagyň ýöremek üçin berlenini unutmaýar. *** Her janda bir köňül bardyr, her köňülde Kerbela. *** Ol arakdan mes bolanda: ”Bu dünýäde her kim bir zat satýa. Biz-ä adam satyp ýamanlyk görmedik” diýdi. *** Kölege bolup ýaşamakdan Alla saklawersin. *** Jelladym bolsa-da işine ussadym bolsun. *** Akyldaryň sargydy: "Patyşadan gorkma, attutaryndan gork.” Oraz ÝAGMYR. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |