16:43 Geçen urşuñ ganly meýdanlaryndan... | |
GEÇEN URŞUÑ GANLY MEÝDANLARYNDAN...
Goşgular
Geçen urşuň ganly meýdanlaryndan Öýlerine dolanmadyk ýigitler. Ak durna öwrülen bolaýmasynlar Diýip pikir edýärin kä wagtlar. Ganat baglap, gygyldaşyp olaryň Bize habar gatýan bolmagy ahmal. Belki şonuň üçin göge göz diksek Bizi agyr oýa batyrýar asman. Şu gün agşamara ýene synladym Olaň toýnuk gurap gygyldaşyny – Ýatlatdy bu görnüş jeň meýdanyndan Öňe bakan süýşüp barýan goşuny. Durnalar kimiňdir adyny agzap Geçýär üstümizden ýylyň-ýylyna. Näme üçin durnalaryň “gyk-gygy” Beýle çalymdaşka awar diline. Meger, zordan ganat kakýan durnalaň Ýadawlykdan endamjany owlandyr. Olaň hatarynda bir boş ýer gördüm Belki şol ýer meniň üçin goýlandyr! Ine, bir gün menem siňer giderin, Al-asmanyň ümezine-ümrüne. Şonda gol bularyn ganatym bilen, Ýerde galan adamlaryň baryna! Resul GAMZATOW. | |
|
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |