16:37 Gel, Täze ýyl! | |
GEL, TÄZE ÝYL!
Goşgular
Gel, Täze ýyl, müň ýyllykdan söhbet aç, Ýüz ýyllyklar bizden uzak sähelçe. Seň şowhunyň dälmi, aýlanyp ýören, Il içinde obalarda, şäherde. Gel, Täze ýyl, ätle biziň Diýara, Gadamlaň mübärek, düşümli bolsun! Sen geleňde öýde şatlyk hem gülki, Yzy tükenmeýän bagt dogulsyn! Gel, Täze ýyl, Asmanyma Aý bolup, Arşdan ýere inip, bizi begendir! «Sen bize gelmeli, bize gelmeli», Çünki seni bize Alla berendir. Gel, Täze ýyl, garaşylýar sabyrsyz, Geleriňe nobatyňda, wagtyňda. Dünýä inmegiňe howlugşyň ýaly, Dogulmaklyk bar ekeni bagtyňda. Gel, Täze ýyl, gundagyňy sypyrda, Dykgat bilen seret töwerek-daşa. Ýör, Täze ýyl, ýoldaş bolup men seni, Äkideýin durmuşa... ARZUW Dilemeli bolsa Täze ýylmyzdan, Ilkinji nobatda saglyk dilärdim. Sussupeslik däl-de, ruhubelentlik, Şadyýanlyk, keýpiçaglyk dilärdim. Ulularmyz kiçilere pent eder, Ýaşkiçiler buýrulany pert eder, Erbetlige erbet kişi milt eder, Men onuň tersine gowluk dilärdim. Diýarym baý bolsun Günüň nuruna, Göwünlermiz ýylansyn oň howruna, Işlerimiz bolar ýaly ugruna, Belent maksatlara oňluk dilärdim. Ýurdumyzda dabaraly bellenýän Gelişi üýtgeşik her baýram, senäň. Aýaklarny deňlän atadyr-enäň, Gujaklarna agtyk-çowluk dilärdim. Garaz, dileglermiň soňlanmaz yzy, Bagtyýar Watanyň oglany-gyzy, Meniň deý arzuwçyl ynsanyň özi, Nesibeden ömre şowluk dilärdim. Myratgeldi HALLYÝEW. | |
|
√ Toba / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Ene hakynda / Goşgular - 28.05.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Wepasy hakda / Goşgular - 27.07.2024 |
√ «Elip» harpy / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Çaganyñ öweý enesine aýdany / Goşgular - 20.08.2024 |
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |