GELDI NAZAROW
Türkmen edebiýatynyň folklorynyň geçmiş taryhyna nazar salnanda, edebi-çeper mirasyň toplanyp, timarlanyp şu günki günlere etmeginde uly hyzmatlary bolan mirasgärleriň, meşhur şahsyýetleriň üstünden barylýar.Şol mirasgärleriň biri-de filologiýa ylymlarynyň doktory Geldi Nazarowdyr.
Zehinli, çaksyz işeňňir, gyzmaragam bolsa janköýerlikde, ynsanperwerlikde, adamkärçilikde taýyny tapaýmak çetin Geldi Nazarow hakynda onuň bilen işleşen alymlaryň ýazan ýürekdeş pikirlerine goşulyp, olaryň dürli pikirlerini çuňlaşdyryp bilmesegem bu uly alymy tanaýanlygymyz, sarpa goýýanlygymyz üçin ýagşyny ýatlamagy özümize müwessa bildik. Söhbedi alymlaryň ýatlamalaryndan başlamakçy.
1978-nji ýylda Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda gaýbana aspirantura bäsleşik yglan edilýär. Ony anyklamak maksady bilen häzir TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň direktory, TYA-nyň habarçy agzasy, filologiýa ylymlarynyň doktory A.Aşyrow şol instituta barýar. Onuň ilkinji kakan gapysy G.Nazarowyňky bolup çykýar. Ylmyň, onda-da jogapkärli ýapyşmaly ugruň näderejede kyndygyna entek göz ýetirmedik ýaş ýigit alymyň özüne beren gürrüňini ýatlap:
„Bilýän, iş kyndyr. Gözüň köküni gyryp, golýazmalaryň çaň-tozanyna garylyp, oturmagy köp adamlar halanok. Emma sen türkmen halkynyň geçmiş mirasyny dikeldýärsiň, ony halka gaýtaryp berýärsiň. Bu gaty jogapkärli we hormatly zardyr“. Halk hazynasynyň içine çümüp, ömrüniň kyrk ýylyny geçiren Geldi Nazarow hakynda D. Nuralyýewiň ýatlamasy A.Aşyrowyň pikirleri bilen utgaşyp gidýär.
„Geldiniň saýlap alan ugry biçak kyndy, hemme çeşmeler arap elipbiýindedi, özünem köp ýerlerden toplap getirmelidi. Ýa-da öň ýygnanan okamasy kyn,saýgarmasy hyllalla çeşmelerdi. Sähel nokadyny galdyryp okasaň, başga many berip duran sözler, setirler, bentler, golýazmalaryň düýp kynçylygydy.“
Şol kynçylyklara seretmezden, alym ol wagt türki dilli golýazmalaryň katalogyny düzüpdi.
Bu şol ugurdan işleýänler üçin uly gollanmady. Salgylar esasynda islän golýazmaňy alyp bolýardy. Onuň kandidatlyk dissertasiýasy üçin saýlap alan temasam irginsiz zähmeti, gözlegleri talap edýän kyn temady. Ol XIX asyr Horezm edebiýatynyň taryhyna degişlidi. Alymyň ähli zehinini, gaýratyny jemläp, ürç edip ylmy esasda işlän temasy türkmen nusgawy edebiýatynyň läheňleriniň biri Nurmuhammet Andalybyň döredijiligidi. Beýik şahyryň poemalaryny-da, goşgularyny-da, dessanlaryny-da ilikdüwme öwrenipdi. Alym ol şahyryň döredijiligini gündogar edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiligi bilen deňeşdirip, diňe şahyryň özüne degişli özboluşly milli häsiýetlerini öňe çykarypdy.
Olary seljerip türkmen hem dünýä edebiýatyny baýlaşdyrmakdaky hyzmatyny açypdy. G.Nazarow Andalybyň „Ýüsüp-Züleýha“ dessanynyň tankydy tekstini taýýarlap, 1991-nji ýylda ylymlaryň doktory diýen alymlyk derejesini alypdy. Bir giden golýazmalaryň arasyndan Nurmuhammet Andalybyň bütewi, sagdyn, hut özüniňki bolan golýazmasynyň asyl nusgasynyň tekstini taýýarlap, okyjylara hödürlemek juda hossaly, irginsiz zähmeti, zehini talap edýän kyn işdi. „Ýusup-Züleýha“ eseriniň sýužetiniň kökleri juda uzaklardan gaýdýardy. Ol bütin dünýä ýaýrap Gündogar edebiýatynda-da işlenen temady. Andalyp „Ýusup-Züleýhany“ işlemekde nähili täsirlenipdir, bu ajaýyp esere nämeler goşulypdyr, onuň şahyryň özüniňki bolan milli özboluşlylygy nirede, ine, uly alymyň üns beren irginsiz gözlegleriniň netijesinde öňe çykaran meseleleri şulardy. „Tekstologik derňew mundan buýanky alnyp barylýan ähli edebiýaty öwreniş işleriniň fundamentidir“ diýip, alym Ý.E.Bertels ýazypdy. Bu hakykatdy. Öz awtografy bolmandan soň milli mirasymyzyň asyl nusgasyny dikeltmek kyndy. Sebäbi aýdyjylaryň, käsi düşünmän tekstlerde ýalňyşlyklar goýberilýärdi. Meselem, „Ýusup-Züleýha“ dessanynyň poeziýa bölümine iki ýarym müň setire golaý başga goşgy, prozasyna, üç ýüz setire golaý goşmaça goşulypdy. Dessany şol goşmaçalardan arassalamak üçin alymyň näçe kelle döwendigi öz-özünden düşnükli.
G.Nazarow Andalybyň „Nesimi“ poemasynyň hem tankydy tekstini taýýarlaýar. Tekst sözbaşysy bilen „Ylym“ neşirýatynda 1978-nji ýylda neşir edilýär.
Sözbaşyda G.Nazarow bütin Gündogara täsirini ýetiren Nesiminiň terjimehaly, döredijiligi barada gymmatly maglumatlar berýär. Hakykatdan hem, Nesimi mertligiň, öz ideýasyna wepalylygyň nusgasy hökmünde halkyň aňynda ýaşaýar.
G.Nazarowyň milli mirasymyza eden hyzmaty „taýýar aşyň“ eýesi diýlýändendäldi.Gyş diýmän, tomus diýmän ýurdumyzyň dürli-dürli künjeklerinden, hatda ýurdumyzyň çäginden daşardan-da gymmatly golýazmalary ürç edip toplapdy. Şol baýlygy ata-babalaryndan galan gymmatly miras hökmünde bagyrlaryna basyp bermejek bolýan käbir „baýlyk“ eýeleriniň elinden almagyň nä derejede kyndygyna, göz ýetiren mirasgärdi. Bile bir institutda işlänimizden soň, G.Nazarowyň bir golýazmany gola salyp bilmän, Tejene iki gezek gideni ýadymda. „Hä-k şu adamlarmy,köpeldip ýene gaýdyp, özlerine beriljek ahyryn, hiç şuny ynandyryp bolanok“ diýip, käýinerdi.
Halkymyzyň milli ruhy baýlygyny ele salmak ugrunda janserek bolşy diýip aýdar ýaly däldi. Onuň üstesine-de halkyň bu ajaýyp mirasyny zeýli zyndandan çykarmak üçin eden yhlasyny, gören hunabasyny söz bilen düşündirer ýaly däldi. Mirasgär alymyň hemaýat isläp barmadyk edarasy, kakmadyk gapysy galmandy. Ol şu ugurdan hemaýat edip biljek ýolbaşçylara hat üstüne hat ýollapdy. Ol nesillere ruhy kuwwat bermek üçin institutyň ýolbaşçylarynam aýaga galdyrardy. Işgärlerine-de ynjalyk bermezdi. „Golýazmalar zeýli ýerzeminde ýatyr, siziň bolsa piňiňize-de däl“ diýip gatyrganardy. Işi bitibermese, onuň gyzmarak häsiýetiniň bardygyny-da aýdypdyk, dargursaklygynam, üstüne goşsaň ne gije ýatyp bilerdi, ne-de gündiz ynjalyp gezerdi. Bir iş bilen ýanyna baran işgäriňem bölüm müdiri agyrly gürrüňine başlardy welin, özüniň näme üçin baranynam ýadyndan çykarardy. Onuň pikiriçe, il baýlygyny ýerden ýörän goramalydy, aladasyny etmelidi. Ol: „Şol hazynanyň nägünlükler bilen toplanýandygyndan habaryňyz barmy?“ diýip barha hopygardy. Geldi Nazarowyň arzuwlary Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşdy. Golýazmalar zeýli „zyndandan“ halas edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow öz çykyşlarynda halkymyzyň edebi, ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän baý milli edebi mirasymyzyň täze Bagtyýarlyk zamanamyzyň esasy ruhy binýatlarynyň biridigini öwran-öwran nygtaýar hem alymlarymyzy şol mirasy toplamaga, öwrenmäge, many-mazmunyny seljerip halka ýetirmäge çagyrýar. Bu hakykata has ir düşünen, halkyň folklor baýlygyna juda aýawly garap, ony gözüniň göreji ýaly goran G.Nazarowyň özem şol baýlygy sünnäläp-sünnäläp toplapdy.
Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda alymyň halkyň arasyndan ýygnan ertekilerdir hekaýatlary, rowaýatlary, goşgulary ençeme bukjalarda saklanýar. 3070F -nji bukjada ussadyň galamyndan çykan biri-birinden çuň mazmunly, kämil, milli ruha ýugrulan halk baýlygynyň ençemesi öwrenilerine garaşýar. Olary Geldi Nazarow 1964-nji ýylda Sarahsda ýaşan türkmeniň atly bagşysy Muhy bagşynyň dilinden ýazyp alypdy. Ol çeşme rowaýatlary, gysgajyk-gysgajyk hekaýatlardyr ertekileri öz içine alýar. Folklorçylar, ony öwrenijiler, edebiýatçylar, hatda dilçiler üçinem her taraplaýyn uly ähmiýeti bolan bu eserleriň ençemesi halka ýetirilip ýygyndylary bezäpdi. At-abraýy bilen türkmen halkynyň arasynda mertebesi belent tutulýan taryhy, edebi şahsyýetler: Mollanepes, Gaýyby, Magrupy, Kemine, Keýmir kör hakyndaky hakykata juda ýakyn rowaýatlaryň bu şahslaryň ömrüni, döredijiligini öwrenmekde ähmiýeti juda uludy.
Milli saz sungaty bilen baglanyşykly mazmun taýdan gunt düşen ýaly, bu kyssalarda, öňi bilen sazyň gudraty, ony döreden sazandalaryň ilhalar adamkärçilik sypatlary, saz sungatyna garaýyşlary, söýgüsi hakynda gyzykly pikirler orta atylýar. Onsoň saza, heňe, sungatyň syrlaryna düşünýän inçe duýguly Muhy bagşynyň aýdyp beren rowaýatlary juda gyzykly mazmuny, diliniň şireliligi, owazlylygy, milli gahrymanlary, kalba täsir edýän şirin owazy bilen uly alymyň galamynyň aşagynda täzeden jana girip, olaryň owazy okyjylaryň kalbyna siňýär. Bu çeşmede türkmen halkynyň, agras, sabyrly, geçirimli we beýleki milli häsiýetlerini özünde jemleýän „Bähbit aga“ atly ajaýyp hekaýat hem beýik lirik Mollanepesiň daşky keşbi barada juda gerekli maglumat berýär.
Halk paýhasy nämeler döredenok?! Ýygyndyda „Möjek we çopan“ atly juda geň erteki bar. Bu aňyrsy-bärsi görnüp duran çaklaňja erteki. Emma ertekide möjegiň üstibilen akylyňa-oýyňa gelmeýän ideýa öňe sürülýär. Möjek çopandan bir tokly dileýär. Çopan baýdan birugsat berip bilmeýändigini aýdýar. Möjek çopana sürini özüne tabşyryp, baýdan rugsat sorap gelmegini haýyş edýär. Sürini, möjege tabşyryp, akyly ýerindäki haýsy adam gider? Möjek sürä degmejegine ant içip, awy ýalaýar. Şol antda-da möjek çopana şeýle diýýär: „Öýümi ýeke ýerde dikip, ýeke tezek, garasöýmez bolaýyn. Baýlygymy ýalňyz iýýän baryp ýatan husyt bolaýyn. Gyzymy çykarman, günäsine galýan deýýus bolaýyn“. Halk möjegiň üsti bilen baýy paş edip, akylyna getirýär. Tüýs erteki-dä. Baý bu sözleriň hut özüne degişlidigini duýup, pälinden gaýdýar. Halk oňlamaýan gylyklaryny şu ýol bilen paş edýär. Ertekini döredýän halk, olar „Möjek nire, baý nire?“ diýip duranok. Şuňa meňzeş çuň mazmun alymyň toplan beýleki ertekilerine hem mahsus. Olarda halallyk, zanny päklik, ar-namyslylyk, sahylyk ýaly häsiýetler açylýar.
XIX asyryň aýagynda şahyrlaryň, bagşylaryň durmuşyndan ýazylan terjimehal häsiýetli ençeme dessanlar döredilipdir. Olaryň beýleki dessanlardan tapawudy, olarda köplenç şol şahslaryň durmuşy bilen bagly anyk wakalar beýan edilýär. Şu häsiýet hatda XVII-XVIII asyr edebiýatynyň görnükli wekili Babarahym Meşrebiň özi tarapyndan däl-de, döwürdeşleri we soňkular tarapyndan düzülen dessan häsiýetli (ýöne ol dessan däl–Ş.G.) eserine-de mahsus. Onda şahyryň goşgularyndan saýlanyp alnyp, Meşrep diwananyň dünýä inen gününden başlap, tä ömrüniň ahyrky pursatlaryna çenli bolup geçen wakalar kyssada beýan edilipdir. Şol wakalar şahyryň goşgularynyň mazmunyna kybapdaş gelýän kyssa bilen doldurylypdyr. Nobatnyýaz Saýylynyň „Saýyly we Boýnyýogyn“ dessanynda-da onuň ömrüniň belli bir pursatlary beýan edilip, şol mazmuny öz içine alýan kyssa bilen başlanýar. Dessandaky „Gözleriň-gözleriň“, „Apat“, „Neneň edip ýaranar men ýar saňa“, „Ýagma bulut“, „Eýleme“, „Ýara meni“, „Dilberim“, „Tapylar“ we ş.m. goşgulary Boýnyýogyn (Aýlar) bilen bagly dürli pursatlarda dörän goşgulardyr. Çuňňur söýgini, ynsanperwerligi, asyllylygy ündeýän bu goşgular häli-häzire çenli bagşylaryň dilinden düşmän gelýär. Dessanyň başlanyşy beýleki dessanlardan üýtgeşik. Ol anyk wakany beýan edýär. Onda waka salyrlarda Pürnazar diýen bir baýyň toýundan hem şol toýda bagşylaryň aýdyşygyndan başlanýar. Ol toýda saryklardan Kör Gojaly, salyrlardan Nobatnyýaz, Töre Gara ýaryşýar. Nobatnyýaza gezek iň soňunda ýetýär. Ol şol toýda bagşylar bilen ýaryşyp, olardan ýeňilýär.
Toý sowlansoň Nobatnyýaz, göwnüne teselli bermek üçin Aýlar hanlara gidýär. NobatnyýazyAýlar öýe çagyransoň, gyzyň nazarynyň öňünde durup bilmän şol pursat bagşylaryň hem halkyň söýgüli aýdymyna öwrülen „Apat“ diýen goşgyny döredýär: Ol goşgy:
Galam gaşly, gara gözli perizat,
Aýda bilmen birje sözüm bar saňa.
Hijriňde köýmüşem dat bilen bidat,
Iki çeşmäm bir görmäge zar saňa.
diýen setirler bilen başlanyp:
Saýyly diýer, istäp geldim men wepa,
Wepa istäp geldim, sen berdiň jepa,
Hijriňde hasta men, sen bergil şypa,
Şypa istäp geldim, men bimar saňa.
diýen bent bilen tamamlanýar.
Şonda Aýlar ýigide degip: „Hassa bolsaň öýüňde ýat, bu ýeri hassahana däl“ diýip jogap berýär. Nobatnyýaz öýkeleýär. Ol „Bilbil uçup gül degresin zag aldy“ diýen setirler bilen başlanýan „Aldy“ diýen goşgusyny döredýär. Aýlar han oňa jogap berýär.
Bu bagda seýr çeken bu neneň güldür,
Bu jaýlarda ölen garyp bilbildir,
Güle aşyk bolan bu neneň zagdyr,
Sen bilbil, sen zagdan heder eýleme.
Boýnuýogyn diýer, bu nä käýişler,
Yşkyň söwdasynda hor boldy başlar,
Bagda mesgen tutmaz bigäne guşlar,
Sen bilbil sen, zagdan heder eýleme.
„Bujagaz sözleriň bilen meni aldamarsyň“ diýip, Saýyly Aýlar handan öýkeläp gaýdýar. Soň Ahala gidýär.Ol ýerde „Ýar onda aglar“, „Onda bar“, „Özüň ýetir ýara meni“ ýaly goşgularyny döredýär.
Nobatnyýaz Ahalda uzak ýyllar biri-biri bilen öýkeleşip ýören iki maşgalanyň arasyndaky towyň çözülmegine sebäp bolýar. Myhman ýeri toý edýän baý aýal bilen gatnaşmansoň,bagşy toýa gitmeýär, myhman ýerinde aýdym aýdýar. „Salyrlaryň bilbili gelipdir“ diýşip, adamlar toýdan sypbasypyrlyp gaýdýarlar. Gaty gedem baý aýalynyň özi çakylykçy gelýär hem öý eýesinem, bagşynam, toýuň märekesinem alyp gidýär.
Gutarylmadyk bolsa-da, dessana girizilen ideýa-mazmuny, formasy taýdan dokuzy düzüw uzak ýyllar halka ruhy kuwwat berip gelen, aýdym edilip aýdylansoň bilbiliň owazy ýaly gulagyňa gelip duran ol ajaýyp goşgularyň türkmen edebiýatyny, sungatyny baýlaşdyrmakda-da hyzmaty juda uly. Beýle setirler her galam tutanyň elinden dünýä inip duranok.
Dessanda Nobatnyýaz Saýylynyň bagşyçylyk sungatyna uly orun berilýär. Ahalda aýdym aýdanda, „Salyrlaryň bilbiliniň“ her aýdymyna bir düýe tutar ekenler. Dessanda bu ýerde diňe bir bagşynyň mertebesi belende göterilmän, türkmen halkynyň saz-sungatyna bolan söýgüsi-de beýan edilýär.
Dessan gutarylmadyk. Ol bagşylaryň ýaryşy we Nobatnyýazyň gyzdan öýkeläp Ahala gitmegi, ol ýerdäki käbir wakalar hem Ahaldan yzyna gaýdanda Aýlaryň Ýagmyra berlendigini eşitmegi bilen tamamlanýar. Dessanda kyssa bilen biri-birine baglanýan goşgularyň juda kämildigini, akgynly okalýandygyny, diliniň şirelidigini, milliligini belläpdik. Olarda liriki gahrymanyň inçe duýgusy ezberlik bilen açylýar.
Golýazmalar hazynamyzyň 1025F belgili bukjasynda G.Nazarowyň Tejen etrabyndan Allanur Annanur oglundan ýazyp alan folklor eserleriniň ençemesi saklanylýar. Ol 109 sahypadan ybarat, halkymyzyň iň ajaýyp sypatlaryny açyp görkezýän ýamany ýazgaryp, ýagşyny mertebeleýän ertekilerden, biri-birinden gyzykly, manyly rowaýatlardan durýar. Munda-da G.Nazarow iň kämil kyssa eserlerini saýlap alypdyr. Ýygyndyda „Kim ynsaply?“ „Patyşa aýaly we wezir“, „Garrynyň wesýeti“, „Möjek we çopan“ ýaly kämil kyssa eserlerini ýazga geçiripdir. „Ýerden hasyl alan“ daýhanda zähmetsöýerlik „Kim ynsaply“ atly ertekide adalatlylyk, „Meşrep diwana“ atly rowaýatda halallyk ýaly türkmen halkyna mahsus bolan ideýalar ündelýär. Bukjada Keýmir köre degişli başga-da iki rowaýat, ençeme ownuk kyssa eserleri saklanylýar. 1046-njy çeşmede mirasgäriň ýazyp alan Aşykynyň, Durdy Gylyjyň, Magrupynyň käbir goşgulary „Hüýrlukga-Hemra“ dessanyndan käbir bölekler ýerleşdirilipdir.
G.Nazarow belli alym Muhammetnazar Annamuhammedow bilen Özbegistanyň, Täjigistanyň türkmenler ýaşaýan etraplarynda, obalarynda bolup, türkmenlere degişli ençeme maglumatlary toplapdyrlar. Şol sanda Täjigistanyň Firdowsi atly kitaphanasynda Täjigistan YA-nyň Gündogaryň ýazuw ýadygärliklerini öwrenýän bölüminde, Özbegistanyň ülkäni öwreniş muzeýinde bolup, türkmen halkynyň edebi çeper mirasyna degişli ençeme maglumatlary toplapdyrlar. Şeýlelikde, bularyň hemmesi G.Nazarowyň halk baýlygyny irginsiz ýygnap, ol baýlygyň juda gadryny bilip, olary timarlap, käbirini neşir etdirip, halka ýetirmäge howlugan zähmetsöýer alymdygyny subut edýär. Ol maglumatlar hem folklora degişli çeper eserler milli hazynamyzyň 1145-nji bukjasynda ýerleşýär.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly