21:47 Gorkut ata jemgyýeti | |
GORKUT ATA JEMGYÝETI
Publisistika
Türkmen jemgyýetiniň ösüşini yzarlanyňda bir häsiýetli aýratynlyk göze ilýär: spiral şekilli ösüşde tezis bilen antitezisiň çalyşyşy ýaly, türkmen taryhynyň bäş eýýamynda hem taryhy işjeňlik bilen taryhy hakyda hemişe bir-biriniň ornuna gelýärler. Ine, Oguz hanyň döwri – taryhy işjeňlik döwrüdir, ondan soň gelýän Gorkut atanyň döwri – hakydanyň döwrüdir. Soňra seljuklar, elbetde, ýene işjeňlik döwri, ondan soňky döwür – XVIII, XX, şertli aýdylanda, Magtymguly döwri ýene taryhy hakydanyň döwrüň mazmunynyň kesgiýletji alamata öwrülen döwrüdir. Soňky bäşinji döwür – biziň eýýamymyz bolsa, ýene taryhy işjeňlik eýýamydyr. Emma ol şol bir wagtda hakydanyň hem eýýamydyr. Eýýamlaryň şu hili işjeňlik-hakyda gerdişini synlanyňda, bir oturyp oýlanýan, birdenem işjeňlige geçýän, soňra ýene oturyp oýlanýan, soň ýene gyzgalaňly işe girişýän adam göz öňüne gelýär. Beýle ýagdaý, megerem, bütinleý tebigy ýagdaýdyr. Şeýle taryhy hereket milletiň taryhy ömrüni uzaldyjy bir usuldyr. Çünki başdanaýak üznüksiz işjeňligiň milleti halys surnukdyrmagy, onuň fiziki hem ruhy gujuryny bütinleý ýoga çykarmagy, şonuň ýaly-da, soňsuz hakyda işiniň milli ýaşaýşy ýata, gowuşgynsyz ýaşaýşa öwürmegi mümkindir. Günbataryň ylmy dilinde aýdylanda, işjeňlik bilen hakydanyň gezekleşigi sözüň oňyn manysynda konserwatizm bilen liberalizmiň gezekleşigi görnüşinde göz öňüne gelýär. Elbetde, taryhy hem ruhy hakykat biziň şu hili görşümizden has köpöwüşginli we hakyda bilen işjeňligiň özara gatnaşygy has çylşyrymly hem köpmanylydyr. Herhal, şeýle görüş taryhy bitewülikde we aýyl-saýyllykda görmek isleginden gelip çykýar. Bu bir taryhyň özi däl-de, ony görmegiň hem görkezmegiň bütinleý adaty iş usulydyr. Şeýlelikde, Gorkut ata jemgyýeti hakyda jemgyýetidir. Taryhy işjeňlik ikinji orna geçip, hakyda baş orna geçensoň munda güýçli akym, hereket däl-de, asuda hem sazlaşykly birsydyrgyn durmuş dowam edýär. Bu jemgyýet gutarnykly kesgitlenen, wekilleriniň jemgyýetçilik keşbi we aýdyň jemgyýetçilik gatnaşyklary doly kemala gelen jemgyýetdir. Şeýle jemgyýetiň tebigatyna oňat aralaşmak üçin, Oguz han bilen Gorkut atanyň şahsyýetlerine deňeşdirme röwüşde bakmak amatly bolar. Bu röwüşde ilki üns bermeli tapawut – şahsyýetleriň adynyň yzyna tirkelýän atlarda. Oguz – han, patyşa; Gorkut – ata, goja, hoja. Diýmek, Oguz han öz jemgyýetiniň başynda we içinde duran şahs. Gorkut ata bolsa öz eýýamynyň gapdalynda we deňinde. Birinji – jemgyýeti iş ýüzünde dolandyryjy, ikinji bolsa – jemgyýete ruhy taýdan belli bir aralykda serenjam berýän şahsyýet. Biri – syýasy – taryhy şahsyýet, beýlekisi – ruhy şahsyýet. Türkmen taryhynyň ikinji eýýamynyň syýasy däl-de, ruhy şahsyýeti birinji orunda goýmagynyň özi-de bu eýýam, bu jemgyýet barada köp zady aýdýarmyka diýýärin. Ýogsa bu eýýamda syýasy şahsyýetler az hem bolmandyr. Emma eýýamyň ruhy mazmunyny aňlatmakdaky hökmürowanlyk ruhy şahsyýetiň paýyna düşüpdir. Näme üçin beýle? Çünki eýýam şeýle – beýik-beýik taryhy wakalardan, taryhy hereketlerden doly işjeňlik döwründen soň türkmen aga taryhy arakesmä çykdy. Işjeňlik döwri – «Gorkut ata» eserinde «oguz zamanlary» hökmünde ýatlanylýar. Bu eseriň gözelligi parahat hem asuda ýaşaýşyň gözelligidir. Eserde daşky duşmanlar bilen bolýan göreşleriň az beýan edilmeýändigine garamazdan, munda hiç hili tragediýa hem pajyga ýok, asla duýulmaýar. Munuň düýp sebäbi jemgyýetdäki içki azatlygyň mese-mälim amal edilenligindendir. Gorkut atanyň eýýamy – şahsyýetleriň erkinlik eýýamydyr. Hut şonuň üçinem, bu eýýamyň ruhy suraty – gurtdur. Gorkut ata – hakyda eýesi diýdik. Halkynyň geçmişini oňat bilýändigi üçin hem ol parasatly gojadyr. Onuň maslahatyna hanlar hem, begler hem, serkedeler hem gulak asýarlar. Şeýle hormat-sylag, täsirlilik diňe bir parasat bilen baglanyşykly däldir. Gorkut ata – keramatly şahs, diri öwlüýä. Onuň şahsyýetinde örän gadymy Oguz ynançlary hem garaýyşlary jemlenýär. Baryp juda gadymy döwürlerde oguzlaryň ynançlarynda gökdäki Taňry bilen baglanyşygy bolan şahslar uly orun tutupdyr. Irki döwürlerdäki porhanlar, soňky döwürleriň işanlary, öwlüýäleri şol şahslaryň görnüşleridir. Türkmen taryhynyň ikinji eýýamy täze şahsyýeti öňe çykardy. Ol Gorkut atanyň şahsyýetidi. Umuman, milli taryhymyzyň ösüşine jemgyýetçilik gatnaşyklary, jemgyýetiň hem şahsyýetiň arabaglanyşygy nukdaýnazaryndan seredeniňde, şuny aýtmalydyrys: taryhyň her eýýamy öz öňe çykarýan şahsyýetleriniň hili, görnüşi we gabarasy bilen bir-birinden tapawutlanýar. Her şahsyýet görnüşiniň aňyrsynda özboluşly aýratyn jemgyýet durýar. Aslynda-da jemgyýetçilik gatnaşyklary – munuň özi jemgyýetçilik mazmuny we ähmiýeti bolan şahsyýetleriň arasyndaky gatnaşyklardyr. Bu ýerde aýratyn gatlak akyl taýdan umumylaşdyrylyp, bir şahsyýet şekilinde göz öňüne getirilýär. Muňa türkmen paýhasynyň anyklaşdyrmak, şahsyýetleşdirmek, nusgalaşdyrmak işi diýip bolardy. Oguz han eýýamyndaky goja, şol döwürde hanyň kölgesinde galýan goja indi jemgyýetiň ruhy ösüşini kesgitleýji birinji şahsa öwrüldi. Şeýle ruhy-taryhy öwrülişik Gorkut atanyň şahsyýetinde aýdyň görünýär. Gorkut ata – türkmeniň ruhy mugallymy hem ruhy kazysy. Munuň şeýledigini onuň galamynyň astyndan çykan şol ajaýyp eser boýdan-başa doly subut edýär. Ata, däde, weli, ozan – bu adam jemgyýetiň pikirini – anyk taryhy durmuş, taryhy wakalar bilen baglanyşyklylykda döreýän pikiri bakylyk bilen baglanyşdyrýan şahsyýetdir. Ol wagty bakylyga, bir nesliň pikirini indiki nesle gatýan jemgyýetçilik wagtyň çäginden çykýan keramatly adamdyr. Öz kitabynyň her boýynyň soňunda dünýä panylygyndan, bakylykdan söz açýandygy onuň şahsyýetiniň şu möhüm aýratynlygyna bir ştrihdir. Oguz handa şeýle aýratynlyk ýokdy. Ol öz döwrüniň içinde, anyk harby-syýasy wakalaryň içinde ýaşapdy we taryhy wagtyň çäginden aňryk kellesini uzadyp görmek onuň küýüne-de gelmändi. Gorkut atanyň şahsyýetindäki şeýle düýpli özgerişligi diňe yslam bilen baglanyşdyrmak hakykatyň bary-ýogy ýaryny aýtmak bolardy. Beýle özgeriş ilki bilen türkmen ruhunyň öz içki ösüşiniň hil netijesidir: Gorkut atada, onuň eýýamynda Oguz handan bäri bolup geçen mukdar özgermeleri geldi-geldi-de, hil özgermä geçdi. Taryhy hakyda doly kemala geldi. Bu hakyda bolsa wagtyň, anyk bir döwrüň çäginden aňryk garap görmäge millete ruhy ukyp berdi. Çünki hakyda, dogrudanam, onlarça taryhy nesilleriň bitewi bir ruhy ipostasa öwrülmegidir. Hakyda – dürli nesilleriň biri-biri bilen gaýybana duşuşýan ruhy meýdanydyr. Hakyda – dünýäniň ilkinji, esasy hem baş hakykatyna göz ýetirmegiň usulydyr. Biziň beýik türkmen dilimizde «hakyda» hem «hakykat» sözleriniň bir kökden – hak diýen sözden gaýdýanlygynyň çuňňur manysy bardyr. Şu ýerde hem taryhy ösüş we taryhy tesiş, milletiň beýgelmegi we milletiň dargamagy ýaly hadysalaryň düýp sebäbi we mehanizmi ýatýar. Aýdaly, her bir taryhy nesliň durmuşa öz gatnaşygy bolýar. Şol gatnaşykdan hem nesliň durmuş baradaky garaýşy, nesliň öz Sözi gelip çykýar. Eger taryhy nesil bir öz Sözüni bilýän bolsa, öňki nesilleriň Sözünden bihabar bolsa, onda millet ruhy taýdan çüpreýär we taryhy tesiş başlanýar. Eger-de nesil özünden öňküleriň hem sözünden habarly bolup, öz Sözüni şolaryňkynyň umumy owazyna garyp bilýän bolsa, onda millet beýgelýär we taryhy ösüşe ruhy esaslar döreýär. Biziň ýetmiş ýyldaky taryhy neslimiziň betbagtlygy – onuň gulaklarynyň dürli sebäplere görä, öz Sözünden başga zady eşidip bilmänligindedir. Gorkut ata ýaly welileriň hyzmaty nesilleri ruhy taýdan baglanyşdyrýan hakydanyň eýesidigindedir. Gorkut ata şu taryhy wezipäni ýerine ýetirdi: Ol Oguz hanyň gazananlaryny umumylaşdyrdy hem Seljuklaryň beýge galmagyna ruhy esas bolup hyzmat etdi. Beýik Gorkut ata taryhyň öwrüm edýän pursatynda ýaşap, nesilleriň ruhy-taryhy gazananlaryny bir-birine gatmakda bize beýik nusga görkezdi: onuň çeper-taryhy kitabynda türkmeniň yslamdan öňki jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň yslam gymmatlyklary bilen şeýle tebigy hem sazlaşykly utgaşdyrylyşyna aperin diýesiň gelýär. Rowaýatlara görä, Gorkut ata yslamy Pygamberiň öz zamanynda kabul eden türkmen ýaşulusydyr. Gorkut atanyň hyzmatlary arkaly yslam türkmeniň ruhy mazmunyna tebigylyk bile girip gitdi we onuň güýjüne güýç goşdy. Onuň millet hökmünde täzeden ýokary galmagyna sebäp boldy. Milletiň ikinji taryhy deminiň açylmagyna ýardam etdi. Gorkut atanyň jemgyýeti sözüň doly hem hakyky manysynda azat, demokratik jemgyýetdi. Çünki ol azat hem erkin şahsyýetlerden durýan jemgyýetdir. Munda hiç bir adam başga biriniň erkini çäklendirmäge meýil hem etmeýär. Sebäbi näme? Aslynda, türkmençe azat jemgyýet, demokratik jemgyýet diýmek näme? Bu sowala biziň milli taryhymyzyň tejribelerine esaslanyp, ol tejribeleri paýhas taýdan umumylaşdyryp, şeýle jogap bermek bolar: Demokratik jemgyýet azat şahsyýetlerden ybarat jemgyýetdir. Şeýle gurluşyň kemala gelmegi üçin içki hem daşky şertler zerurdyr. Içki diýip men bu ýerde jemgyýetçilik şertleri, esaslary göz öňünde tutýaryn. Şu manyda erkinlik, azatlyk berk kanunylyga, hemmeleriň deňligine esaslanmalydyr. Emma kanunylyk, deňlik howaýy bir zatlar bolmaly däl, onuň anyk hem janly syýasy, ruhy hem maddy serişdeleri bolmaly. Şeýle serişdeler bolup köne türkmen jemgyýetinde özboluşly milli ýaşaýyş düzgünleri hyzmat edipdir. Gaty gadymy döwürde şol jemgyýetçilik milli ýaşaýyş düzgünlerine töreçilik, soňra bolsa türkmençilik diýlipdir. Esasy zat, şeýle jemgyýetçilik ygtykatlarynyň kepili bolan iş ýüzündäki güýçli häkimiýet hem ruhy awtoritet bolupdyr. Diýmek, jemgyýetçilik düzgünleri we ygtykatlary howaýy zatlar däl-de, anyk hem janly adamlar arkaly amal edilýän ýörelgelerdir. Gorkut atanyň kitabynda Baýandyr han şol häkimiýeti, Gorkut atanyň özi bolsa şol ruhy güýji alamatlandyrýan şahsyýetlerdir. Gyzykly ýeri, jemgyýetçilik azatlygyň şeýle kepilleri dürli adamlardyr we olar bir-biri babatda garaşsyzdyrlar hem-de biri beýlekisiniň işine gatnaşýan däldirler. Eserde Baýandyr hanyň, ýa bolmasa, Salyr Gazanyň haýsydyr bir adamyň işine gatyşyp, ony kemsidýändigini görüp bolanok. Tersine, iň soňky boýda Gazan hanyň her ýylda bir gezek öz öýüni ýagmalatmak däbiniň bolandygy gürrüň berilýär. Däp – jemgyýetçilik endigidir. Şeýle däp oguz jemgyýetinde han bolsun, beg bolsun, garamaýak bolsun – hemmäniň deňligini görkezýär. Hatda häkimlik ediji şahsyýet hem jemgyýetden üzňeleşen, jemgyýet üçin ýapyk adam däl-de, şol jemgyýetiň jümmüşinde ýaşaýan, ondan üýtgeşik syry ýa-da meşgullanmasy bolmadyk adamdyr. Ýa-da başga bir häsiýetli waka. Kitapdaky esasy adamlaryň biri Derse hanyň ogly bolanok. Onsoň ol aýalynyň maslahaty bilen uly sadaka berýär. Aýgyr, bugra, goç baryny soýduryp, il-halka sadaka berýär. Bergilileri bergisinden dyndarýar, aç görse doýrup, ýalaňaç görse don ýapýar. Bu waka owadanlygy üçin däl-de, şol jemgyýetiň tebigatyny hem özboluşlylygyny görkezýänligi üçin gyzyklydyr. Şol jemgyýetde adamlar maddy baýlyk jähetden deň bolmandyrlar. Emma bu jemgyýetde deňsizligiň ýa-da adalatsyzlygyň döremegi üçin esas bolup bilmändir. Sebäbi näme? Sebäp marksizmiň öwredişiniň tersine, deňsizligiň ýa-da jemgyýetdäki adalatsyzlygyň köki, çeşmesi maddy baýlygyň özünde däl-de, ol baýlyga bolan jemgyýetçilik gatnaşygyndadyr. Esasy zat eýeçiligiň formasynda däl-de, jemgyýetçilik pikiriniň hem jemgyýetçilik psihologiýasynyň formasyndadyr. Şahsyýet – maddy gatnaşyklaryň önümi däl-de, jemgyýetçilik pikiriniň önümidir. Gep şahsyýete jemgyýetiň garaýşynda, jemgyýetçilik gymmatlyklarynyň şahsyýete garaýşyndadyr. Eger jemgyýet götermese, adamyň baýlygy hiç zatdyr. Derse hanyň hususy baýlygy – jemgyýetçilik mazmunly hususy eýeçilikdir. Şonuň üçinem, onuň şahsyýetiniň gymmatynyň we hökmürowanlygynyň ölçegi diňe bir zat – jemgyýetiň ony göterýändiginde ýa götermeýändigindedir. Aslynda waka nämeden başlanýar. Waka Derse hanyň baýdygyna, döwletlidigine garamazdan, ony Baýandyr hanyň kemsidip, gara öýde oturtmagyndan başlanýar. Munuň sebäbi hem onuň oglunyň, gyzynyň ýoklugynda. Bu düýpli hem manyly zat. Ogul-gyz – seniň at-abraýyň, jemgyýete dahyllylygyň, il sanyna goşulýandygyň görkezijisi. Ikinjiden, iň soňunda Derse hany maksadyna ýetirýän, ony kemsitmeden dyndarýan hem il. Bir agzy dogalynyň aklyşy bilen ol ogully bolýar. Munda uly many bar: «Alla barýan ýol il-günüň üstünden geçip gidýär. Il-gün bolmasa, adam, hatda han, baý hem hiç kim». Üçünjiden, Derse hana şu hili işi etmegi maslahat beren onuň aýalydyr. Köne Oguz jemgyýetinde aýalyň nähili uly şahsyýet bolandygy haýran galdyryjy faktdyr. Umuman, jemgyýetiň erkinlik baradaky düşünjesiniň derejesini onuň aýala bolan gatnaşygy aýdyň görkezýär. Şonuň üçinem, Gorkut ata öz kitabynda türkmen aýallarynyň nusga alarlyk şahsyýetleri barada köp gürrüň berýär. Aýal erkekden artykmaçdyr – ine, Gorkudyň esasy ideýallarynyň biri. Aýal erkekden akylly, aýal erkekden ugurtapyjy, aýal erkekden has batyrgaý, aýal erkekden rehimdar. Ine, köne oguz jemgyýetçilik pikiriniň tapan gymmatlyklary şudur. Gorkut ata ruhy hökmürowan diýdim. Şonuň üçin hem at bermek funksiýasy bu ýerde Oguz handan Gorkut ata geçýär. Gorkut ata jemgyýetçilik ýaşaýyş düzgünlerine boýun egmek islemeýäne göz görkezip hem bilýär. Bu hakykat kitabyň däli Garçar bilen baglanyşykly wakalarynda has aýan bolýar. Ýöne meniň bu waka başga tarapdan çemeleşesim gelýär. Adam il-gün bilen adam diýdim. Dogry. Emma bu dialektiki hakykatdyr. Şeýle dialektikanyň o ýüzünde ikinji bir many hakykaty hem bar: Il-gün hem adamlar, adam bilen il-gündür. Jemgyýet hem şahsyýetler bilen jemgyýetdir. Şolaryň biri-de däli Garçardyr. Garçar köne türkmen şahsyýetiniň mysalymydyr? Elbetde. Ýöne näme üçin? Aslynda, şahsyýet kimdir?! Şahsyýet – azat, erkin adamdyr. Onuň azatlygy içki taýdan esaslandyrylandyr, daşky taýdan hem kepillendirilendir. Şahsyýetiň içki esasy türkmen jemgyýetinde onuň ar-namyslylygydyr. Ar-namyslylyk – mertebe, jemgyýetiň talaplaryna we gymmatlyklaryna şahsyýetiň ruhy barabarlygy we ruhy gaýtargysydyr. Şonuň netijesinde jemgyýet bilen şahsyýetiň arasynda ruhy hem hukuk deňagramlylygy emele gelýär. Däli Garçaryň öz gymmatyny, buýsanjyny bilýänligi göz giderlilikdir. Ol minneti namysyndan çekýär. Bu onuň öz pikiri, işi bilen gazanylandyr. Haçan-da adam öz mertebesini ýitirende, ol şahsyýetlikden gury sanlyga geçýär. Şeýle halatda, türkmen «onuň ile çykarlygy galmady, onuň iliň öňünde ýüzi ýok» diýip aýdýar. Şeýlelikde, şahsyýetiň görkezijisi bolan ar-namys hususy düşünje bolman, eýsem raýatyň jemgyýete, jemagata gatnaşygyny we barabarlygyny görkezýän ahlak-jemgyýetçilik düşünjesidir. Gorkut atanyň nusgasyndaky oguz jemgyýetinde şahsyýetleriň arasyndaky ruhy gatnaşyklar namys we hünär ýaly gymmatlyklar arkaly sazlaşdyrylýar. Bu ikisi şahsyýetiň kämilliginiň onuň il hataryna goşulýanlygynyň görkezijileridir. Galan zatlar – at, ýarag we beýlekiler bolsa şol içki gymmatlyklaryň daşky, maddy amal edilmesidir. Jemgyýet öz kanunlary, şol kanunlary amal etmegiň janly serişdeleri bilen şahsyýetiň azatlygyny kepillendirýär, emma kepillendirilen azatlygy amal etmek adamyň öz erkine we kämillik derejesine gönüden-göni baglydyr. Şahsyýet bilen jemgyýetiň arasyndaky şeýle deňagramlylyk özboluşly türkmen ruhuny döredýär. Onuň döreýşi we ýaşaýşy tebigydyr, janly prosesdir. Ine, Gorkut «Garabaşa don geýdirseň, hatyn olmaz» diýýär. Garabaş – özge ýerden, ýat ruhy sredadan getirilen gyrnak. Eýsem, ýokarky pähimde milletparazlyk ýokundysy barmy? Elbetde, ýok! Bu pähim oguz-türkmeniň öz jemgyýetçilik-ruhy sredasynyň bolandygyny, daşyndan geleniň muňa gatyşyp, sazlaşyp bilmeýändigini görkezýär. Hatyn – şol döwrüň türkmen zenanynyň beýik bir şahsyýet nusgasydyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |