GÖROGLY JEMGYÝETI
Men Gorkut ata eýýamyndan soň gelýän eýýamyň gürrüňini hut gul, garabaş meselesine ýöne ýere baglap goýmadym. Meniň türkmen ruhunyň bürgüt eýýamy diýip at beren we XI–XVI asyrlar aralygy diýip kesgitlän eýýamymyň jemgyýetçilik garaýyşlarynyň özboluşlylygy şu meselede has aýdyň ýüze çykýar. Bu eýýamy belli bir şahsyýet bilen baglanyşdyrmaly bolsa, onda muňa Görogly eýýamy diýmelidiris. Şol jemgyýete-de Görogly jemgyýeti diýmelidiris. A näme üçin anyk hem hakyky taryhy şahsyýetler – Seljuk ýa osmanly soltanlary, garagoýunly ýa akgoýunly şalary barka, bu ýere Göroglyny getirmeli diýilmegi mümkin. Jogap bereýin: Biziň gürrüňimiz ylmy taryhy gürrüň däl-de, ruhy hem filosofik tebigatly oýlanmalardyr. Munda ylmy hakykat bilen göçme manyly metaforiki yşaratlar tebigy suratda utgaşýar. Şeýle tebigatly gürrüňe bolsa ýarym çeper, ýarym taryhy şahsyýetler has oňat laýyk gelýär. Aslynda ruhy tebigatly gürrüňe ylmy pikirlenme-de, çeper-pelsepewi pikirlenme hem laýykdyr. Eger ylym onuň dogrulygyny, anyklygyny üpjün etse, pelsepe we metafora onuň köp zady aňlatmak ukybyny kepillendirýär. Bize ylmy anyklyk bile ruhy umumylaşdyrma deň derejede gerekdir.
Şeýlelikde, Gorkut ata jemgyýeti bilen Görogly jemgyýetiniň arasyndaky tapawut şundan ybaratdyr: birinjisi daşky dünýä üçin ýapyk jemgyýetdir, ol öz aýry kanunlary bilen ýaşaýan jemgyýet. Ikinjisi bolsa açyk jemgyýetdir, daşky dünýä bilen aralygynda hiç hili serhet goýmaýan bir taryhy-jemgyýetçilik ýaşaýşydyr. Hut şonuň üçinem, indi Göroglynyň dilinden «Garabaş hatyn bolmaz» diýen söz eşidäýmersiň. Gorkut atanyň jemgyýetinde gul, garabaş, çory hiç mahalam özüňkä öwrülmändir, şol öňki ruhy kesekiligine, bigäneligine galypdyr. Munuň özi gadymy grek demokratiýasynda gullaryň giden bir gatlak bolşy ýaly bir zatdyr. Göroglynyň eýýamynda bolsa özge ýerden getirilen zenan diňe bir aýal bolman, eýsem mertebäniň eýesi bolupdyr. Göroglynyň özüne-de, ogluna-da, ýigitlerine-de özge ýerden aýal alýandygyny ýatlalyň. Bu ruhy-jemgyýetçilik hadysasynyň aňyrsynda örän düýpli taryhy üýtgeşiklik ýatýar. Bu beýik Seljuklaryň, gaýry türkmen soltanlyklarynyň giňeliş, özge halklar, medeniýetler we milletler bilen gatyşyk, garylyşyk prosesini aňladýar. Bu türkmen ruhunyň dünýewileşmegi, dünýäleşmegi, dünýä üçin açyklaşmagy we açylmagydyr.
Görogludaky we Gorkut atadaky jemgyýetçilik giňişlikleri we jemgyýetçilik atmosferasy hem düýpli tapawutlanýar. Gorkut atanyň dünýäsi – tebigatyň goýnundaky dünýädir. Şol sebäpden ol ýerde tebigy giňişlik, tebigy peýzaž esasy zatdyr. Göroglynyň eýýamy – türkmeniň orta asyr şäher ýaşaýşyna we şäher medeniýetine ymykly geçen döwrüdir. Şonuň üçinem, bu ýerde emeli peýzaž, adam aňy we eli bilen döredilen giňişlik agdyklyk edýär. Gorkut ata eýýamynda türkmeniň ýaşaýyş giňişligi dag, derýa, sähra bilen gurşalan ýurt, orda hem öýdi. Bu kitabyň çeper dilindäki aňlatmalar, meňzetmeler hem tebigatyň hadysalaryndan, tebigata tebigy gatnaşykdan ýasalandyr. Çünki bu çarwa medeniýetidir. Men medeniýet sözüni giň ruhy manyda, milletiň ýaşaýşynyň özboluşly formasy manysynda aýdýaryn. Göroglynyň medeniýeti – şäher medeniýetidir. Gorkut bilen Göroglynyň hersi dialektiki ösüşiň bir ujunda durup, birinjiden ikinjä geçiş – türkmeniň obadan şähere, asyl siwilizasiýadan dünýä siwilizasiýana göçüşdir, elbetde, hemme zat tegelek boýunça gaýtalanma, täzä – oňat, unudylana köne diýilýär. Özüniň spiral şekilli taryhy-jemgyýetçilik ösüşinde türkmen ýokarky ýaly geçişi öň hem başdan geçiripdi: Gara handan Oguz hana geçilen döwür şeýledi. Emma wagtyň bar zady weýran edýän hereketi netijesinde biziň has aňyrky taryh baradaky hakydamyz has öçügsilenip, ilkinji geçişiň anyklyklary ýadymyzdan çykyp gidipdir.
Göroglynyň eýýamynda nähili giňişlikler bar? Bular – erkgala (döwlet edaralarynyň ýerleşýän ýeri), köşk, meýhana, haremhana, bazar, serhowuz, çarbag. Munuň özi sözüň hakyky manysyndaky şäher medeniýeti we şäher ýaşaýşydyr. Indi türkmeniň ýurdy şäher, gala – Çardagly Çandybil, beýleki şäherler. Şäher bar ýerinde bolsa döwlet hem syýasat bolýar. Eger Gorkut atadaky esasy jemgyýetçilik aňy sungat we din bolsa, Görogluda täze aň-syýasat doly kemala gelýär. Şonuň netijesinde bolsa türkmen häsiýetinde hem üýtgeşiklikler bolup geçýär. Öňki eýýamdaky ar-namyslylygyň, batyrlygyň hem gönümelligiň üstüne bu eýýamda aýlawlylyk, hilelilik, at oýnatmak goşulýar. Her näçe Görogly diýilse-de, Görogla gözsüz batyrlyk däl-de, aýlawlylyk hem hile-pirim mahsusdyr. Ol syýasatda-da, söweş meýdanynda-da, adamlar bilen gatnaşygynda hem pirimiň ussady. Ol emel etmegiň ussady. Onuň dürli ýerlerde, dürli pursatlarda her hili sypata, rola girip, öz maksadyna ýetişi hakyky syýasatçyny ýada salýar. Çykalga gara güýçde däl-de, emeldedir.
Gorkut ata döwründäki ýaly baş kesip, gan dökmekde däl-de, baş kesmän, ussatlyk bilen iş görmekdedir. Göroglynyň hünäri başgadyr.
Şäher jemgyýeti gatlaklaryň, hünärleriň sansyz köpdürlüligi bilen tapawutlanýar, patyşa, han, beg, galandar, gassap, peşşap, bakgal, ýasawul, sypaýy, paýeki, wezir... Bular şäher atmosferasyny amal edýärler. Aslynda «Görogly» orta asyr türkmen jemgyýetiniň çeper suratydyr. Munda, aýdaly, «Syýasatnamadaky» teoretiki pikirleriň, howaýy ýazgylaryň janly durmuşdaky janly hereketini görüp bilersiňiz.
Göroglynyň söweş emelleri-de hakykatynda Seljuklaryň, osmanlylaryň real taryhda ulanan söweş taktikalarydyr. «Göroglynyň» gymmaty – şu meselelerde gaýry dilli, gaýry ýurtly, gaýry ruhly alym-taryhçylaryň däl-de, hut türkmeniň garaýyşlaryny, görüşlerini özünde jemleýänligindedir. Onuň ýetmiş iki dil bilmegi – seljuk dünýäsiniň dil, medeniýet köpdürlüliginiň alamatydyr.
Biz taryhdan seljuklaryň ojagynyň Balkan, Dehistan bolandygyny, şol ýerde berkäbem, soňra 1045-nji ýylda taryhy ýeňşi gazanyp, dünýä çykyp ugrandyklaryny bilýäris. «Göroglynyň» Çandybili-de şol ýerde ýerleşýär. Kitapda ýokarky şäherler, ýerler köp orny eýeleýär.
Emma jemgyýetçilik gatnaşyklary meselesinde adalat hem deňlik meselesinde öňki türkmen-oguz töreçiligi dowam etdi. Göroglynyň atasy ýurduň soltanydygyna garamazdan, öz ogly Mömine gelinlik tapyp bilenok. Çünki hanyň ogly hem bolsa, hiç kim onuň kemis ogluna gyz berenok. Bu ähli adamlaryň jemgyýetdäki deňligini, häkimiň hem hiç kime sütem, zorluk ýa mejbur etmek usulyny ulanyp bilmeýändigini görkezýär.
Göroglynyň asyl mekany Çandybil hem bolsa, onuň ähli hereketleri bu mekanyň çäginden daşarda bolup geçýär. Onuň hereket meýdany – bütin Orta Gündogar. Eýsem-de bolsa, munda seljuklaryň taryhy hereketi görünýär.
Çünki Görogly bürgütdir, bürgüt bolsa ömrüniň köp bölegini uçuşda geçirýär.
Publisistika