GOŞA ÇYNAR
Her gün säher ukudan oýananymdan eýwana çykyp, goşa çynara salam bermek, soňam töweregiň gözelligini synlamak indi maňa adat bolup galypdyr. Ine, bu günem ýene eýwana çykdym. Goşa çynaryň başyndaky guşlaryň şirin jürküldisi säheriň mylaýym howasynda täsin bir owaz bolup, kalba dolýar. Men her gezek şol owaza maýyl bolup, näce durýanymy bilemok. Ýöne meni her gün säher eýwana alyp çykýanam, uzak mahallap tebigatyň bu gözelligine baglaýanam gür baglaryň bir gyrasynda ygşyldap oturan goşa çynar. Olaryň her ýapragy, her şahasy meniň üçin aýratyn bir dünýä. Şol dünýäniň gujagyna dolmak indi maňa ýetilmaz arzuw bolup galdy. Gowusy, men muny başdan başlaýyn…
Toýdan soň gelin bolup, aňrymy bakyp oturmadym. Içeriniň bar keşgini öz üstüme aldym. Meniň bu häsiýetim gaýyn eneme juda ýaraýardy. Dogrusy, ol meni edil öz gyzy ýaly eý görýärdi. Menem ýetim ösemsoň, ony öz ejem diýip, kabul etdim. Şonuň üçinem biz mydama bilejedik. Toý-tomga-da, beýleki ýerlere-de bileje giderdik. Biziň şeýdip agzybirje bolup ýörenimize gözi gidýänler az däldi. Agzym bimaza bolanda gaýyn enemiň meniň daşymda elewreýşini, meni goraglaýşyny görenler biziň bolşumyzy maňlaýyna sylýardy.
Toýlynyň söýgüsi, gaýyn enemiň mähri meni bagtyň çürdepesine çykarypdy. Söýgüli ýar, agzybir maşgala, indem toýly bolup, bäbege garaşmak meniň ýaly ýetim ösen gyzyň arzuw edip, ýetip bilmejek bagtydy. Şol bagty goramak, ony tutuş ömre ýetirmek meniň üçin kyn däl ýaly bolup görünýärdi.
Ilkinji perzendimiz dünýä inende Toýlynyň begenji , gaýyn enemiň buýsanjy, ilkinji perzende bolan mähir, kalbymy ýaryp barýan söýgi meni şa tagtyna atarypdy. Käte-käte men öz bagtymyň birden sarç mal ýaly ürküp gidäýmeginden gorkardym. Şol pursat öz ýanymdan Beýik Alla ýlbaradym. Eýsem näme, adam bir çig süýt emen diýilýär ahyry. Sähel zatdan göwnüň galyp, bagtyňa badak ataýmagyňam daş däl.
Gaýyn enemiň Begenç jany gowy görşi çceniň-çakyň däldi. Gijede-gündizde Begenji maňa ýetirmeýärdi. Gaýyn enemiň agtyga hamraklygy bir tarapdan, gowy bolsa-da käte-käteler men öz ýanymdan oglumy ondan gabanýardym. Meniň bu häsiýetimi duýan gaýyn enem:
– Bagty jan, seň balaň meň balamdyr. Men ony näçe gowy görsemem, bagrymy gersemem, ahyry ony dünýä getiren sensiň. Seň ornuňy eýeläp biljek adam ýokdur. Ýöne agtyk bir süýji zat. Öz balaňdan hem süýji ýaly bolup dur meň göwnüme-hä.
Men sypaýçylygy elden bermedim.
– Daýza, ol siziň göwnüňizedir. Meniň sizden aýry zadymam, ýüregimem ýok. Dogry aýdýaňyz, siziň balaňyz meň mydarym, agtygyňyz ýüregimiň bölegi.
– Dogry dýýýäň, gelin jan, şu zatlara düşüneniň hem bir gowy zat. Az ýerde aramyza sowuklyk düşmese ýagşy.
Men gaýyn enemi gujakladym-da onuň ýaňagyndan taýly gezek öpdüm.
– Siz meniň ejem ahyry, heý-de sizi ynjydyp bolarmy?
Şeýle bagtyýarlykda özümi çaga basanynam, ýaşymyň birçene ýetip, gelinli, agtykly bolanymam duýmandyryn. Ogluň ora, gyzyň gyra ýetensoň, bu durmuşa garaýşyňam, oňa düşünişiňem başgaça bolýan eken. Gaýyn enemiň daşymy gallap, her pursatda goldaw berip durmasyna halys werdiş bolamsoň, ol görgüli ýurduny täzeledi weli, atdan ýykylan ýaly boldum. Bu ýitgi bilen ylalaşýançam esli mahal geçdi. Indi meniň özüm gaýynlyga ýetişdim.
Şol gün weli men gaýyn enemiň juda artykmaç zenandygyna ýene bir gezek göz ýetirdim. Şol gün Begenç jan üçin goňşy obada biriniň gapysyny açdyk. Sorag –idegden soň, öý eýesiniň aýdan sözleri häzirem gulagymda ýaňlanyp dur.
– Hä-ä, Hurmagözeliň gelni diýsene. O pahyr bir üýtgeşikdi. Indi olar ýaly paýhasly adamlar çüpäp barýa. Gyz göçürmeli bolsam, sizden artykmaç ýere bererin öýdemok. Şonda-da, garaz, yrymyna ýagşy, soraşaly-ideşeli.
Begenjiň toýuny uludan tutduk. Soňam köp mahal geçmänkä, olaryň rysgyny aýyrdyk. Dogrusy, meniň çagalarym hem enesi ýaly ýumşakdy. Şonuň üçinem olaryň dostlary-da köpdi, gatnaşýan ýerleri-de. Ikinji oglum Nury dul degşir goňşymyzyň ogly Wepa bilen tirkeşýädri. Asla olaryň iýenleri aýra gidenokdy. Olar mydama ekiz ýaly bilejediler. Ýokary okuwa-da bile girdiler. Bir toparda okap başladylar. Bularyň dostlugy şeýle bir ýürekdendi weli, aýdyp-diýer ýaly däldi. Şonda ir bahardy. Menem öýde ol-bu işlere gümra bolup ýördüm. Nury bilen Wepa öýe ylgap girdiler.
– Eje, biz ýowardan gelýäs. Ine, seret, herimize bir çynaryň nahalyny berdiler. Nirede oturdaly bulary.
Men eýwana çykdym-da, ho-ol aňyrrakdaky açyklygy görkezdim. Olar çaga ýaly bolup, biri-birinden öň ylgaşlap öýden çykdylar. Olaryň begenji meniň kalbyma nur çaýdy. Ikisiniň boýuna gywanyp, yzlaryndan seretdim. Soňam eýwana çykyp, olaryň bag ekişini synladym. Çynarlary goşaja edip ekdiler. Men ýokardan gygyryp, öz pikirimi aýtdym.
– Beýle ýakyn ekmäň, soň olara ösmek, şaha ýaýratmak kyn bolar.
Olaryň ikisem birden dillendi:
– Özümiz ýaly-da bularam . Bize gollarymyzy germek kyn däl-ä, ine seret.
Şeý diýdiler-de, olaryň ikisem birden ellerini gerdiler. Men olaryň oýnuna hezil edinip güldüm.
– Haý, bezzatar, çagalygyňyz galjak däl-dä siziň.
Soňam olar gelip, hersi bir ýaňagymdan öpdi.
- Bular biziň dostugymyzyň bakydygyny gojalan çagymyz hem ýatladyp durarlar, şeýle dälmi, eje!
Bularyň dostlugyna çynym bilen guwandym. Çünki ol ýürekdendi. Belki, ene bolanym ücin ol maňa şeýle görünýändir. Ýogsam dost bolup, tirkeşip ýören çagalar başga-da kän ahyry.
Nuryň hamraklygy hem edil enesi ýalydy. Bizi az salymlyk görmese-de, ýüregi çydam edenokdy. Men onuň bu hamraklygyny nämä ýorjagymy bilemokdym. Ýöne beýle-beýle bolar diýip, asla ýadyma-oýuma-da düşenokdy. Bir zat boljak bolsa, asyl onuň ücin sebäbem gerek däl eken. Ýa biziň bagtymyz üçin şeýle zatlar boldumyka? Şeýle hamrak çagam birden üýtgedi gidiberdi. Indi onuň eje bilenem, kaka bilenem seri ýokdy. Okuwyna-da jany-teni bilen ýapyşýandyr öýdemok men ony. Soňabaka ol birden-birden düňle oturmany çykardy. Nuryň jan ýaly dosty hem edil öz oglum ýalydy. Bularyň bolşuny üýtgeşik görsemem, olaryň şol goşa çynara mähriniň egsilmeýändigi meni birneme köşeşdirýärdi. Soň görüp otursam olaryň ikisem döwrüň elhenç keseli bilen kesellän eken. Her näçe boýun almajak bolsamam, ol hakykatdy. Men olary şol beladan dyndarmak üçin kän elewredim. Lukmanlardan delalat isledim, köne tümmeklerden haraý gözledim. Ýöne iki balanyň Nurynyň hem onuň dostunyň derdine derman tapmadym. Bir ýerde çagalary bu aýylganc beladan saplaýan bar diýseler, äginmän gitdim. Emma olaryň derdine derman tapyp bilmedim. Elbetde, bu zatlar ezelde maňlaýda bardyr-da. Tüýs çagajyklaryma guwanmaly çagym balamyň şol bela sataşmagy meni otdan alyp, suwa saldy. Arman, elimden gelen zat bolmady.
Hasaplap otursam ondan bäri esli ýyl geçipdir. Birmahalky goşa çynaryň boýy asman bilen bäsleşýär. Her daýym Begenç jan gelip, käte-de kakasy olara idi-ysywwat edýär. Goşa çynar weli hic zat bolmadyk ýaly parlap ösýär. Iki dostuň yrym edip eken çynarlary indi meniň ücin mukaddeslige öwrüldi. Her gün irden eýwana çykyp, ilki bilen goşa çynary synlamak meniň üçin adat bolup galdy. Her säher balalarymyň adyny tutup, çynarlara salam berýän. Göwnüme bolmasa, goşa çynar Nury jan bilen onuň jana-jan dosty Wepa bolup görünýär maňa. Onsoň esli salymlap men olar bilen gürleşip durýan. Meniň bu bolşuma näme üçindir Toýly düşünenok. Gaýta:
– Beýdip özüňi horlamak bolmaz ahyry. Indi ykbala boýun bolaý senem – diýýär.
Ykbala boýun bolmak meň üçin gerre diýen belanyň eneleriň başyna salan oýny bilen razylaşmak ýaly bolup dur. Men ony edip bilerin öýdemok. Şol bela üçin meniň hamrak balam ýaly ençeme ýigitler onuň gurbany boldular.Şol bela üçin elinden dür dökülýän ýigitler gara ýere duwlandylar. Onsoň neneň edip, şol ýowuzlygyň oýny bilen ylalaşjak. Dogry. indi o ýowuz balanyň soňuna sogan ekildi. Ýöne ýüreklerde bitmez ýara goýup gitdi ol.
Ýene goşa çynaryň başynda mesgen tutan guşlaryň owazyna maýyl bolup durşuma Toýlynyň ýanyma geleninem duýmandyryn,
– Ogul ýerinde ogluň bar, gyz ýerinde gyzyň. Şolaryň barlygyna şükür et. Şol bagtyňa guwanmany başar. Şol bela duçar bolan ýeke seniň çagaň däl , Hudaýdan daş düşme.
Men onuň näme diýjek bolýanyna düşünýän. Ol şeýdip meni goraglajak bolýar. Ýöne könekiler “Bala ýüregmiň başy” diýip, ýöne ýerden aýtmandyrlar. Ene bolsaň, ýüregiňi böleklere bölüp, balalaryňa paýlaýan ekeniň. Ine, menem ýüregimiň paralanan bölegine her gün şeýdip em edýän. Ýüregiň bölegini unutmak ene üçin külli günämikä diýýän. Şol goşa çynar meniň ýüregimiň bir bölegi däl-de, onuň tutuş özi bolup görünýär maňa. Olar her gün irden maňa salam berýärler, menem olara. Biz indi esli mahal bäri şeýdip birek-birege teselli.
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar