10:29 Gumdan tapylan ýürek / dowamy | |
"Gözleriňem agyn gözlerne meňzeş, Gaşlaryňam edil... Çelliň gaşlary" diýip, Tylla görejime bakanda, Döküldi ýaşmagna ýakut daşlary. Bir mahallar agamjanyň elleri, Şu sazaklaň saýasyny tämizläp, Ýogynly çomuç ýaly bilekleň, Barmaklarny sypalapdyr ezizläp. Ýogynlygy sazak ýaly saçlaryň, Örümleri oýnalypdyr, çözlenip, (Şo öpümleň arasynda henizem, Agam janyň ysy ýatyr gizlenip). Düýe çopan bile Köşek çopany, Biri-birisine bolupdyr aşyk. Men duşuşan bolsam, bäş depe aşyp, Bular duşuşypdyr kyrk depe aşyp. Emma bir gün selälligiň öň ýanda, Selälligiň şamy bolupdyr Tylla. (Otuz desse ýüzlük bolupdyr Tylla, Iki düýe şaly bolupdyr Tylla). Atasyna bir söz gaýtaryp bilmän, Dilli dünýäň laly bolupdyr Tylla. Şonda ör-boýuna galan bolsady - özi hem ýeterdi, maksat myrada. Agamam ýererdi, maksat-myrada. Menem belki, beýle günlere düşüp, Zyňylyp ýörmezdim, her gün bir oda. Özüne-de ýetýär, ejiziň kösti, Iline-de ýetýär, ejiziň kösti, Öz erkini özi gorap bilýänler, Hem özüniň dosty, Hem iliniň dosty... Dem salymda şunuň ýaly bir pikir, Kellämde aýlandy, ýene-de çykdy. Häzir Tylla bilen beýle gepleşmek, Samsyklyk edene meňzeş boljakdy. Içimi çekdim-de, jogaba derek, Menem onuň gözlerinden ogşadym. Agamyň ýüregin ereden gözler, Goý, meniňem gözlerimde ýaşasyn! ... Ýene agzymyzy gulplady ýaşmak, Ýene-de yrgyldap başlady ýürek, Kyrk bäş dürli düýebaşlygmyz ýaly, Al-elwan öwüsýär, bütin töwerek. Çar ýanymyz ýaşyl mahmally sazak, Çar ýanymyz ýaşyl mahmally çeti. Ýaşyl mahmallaryň aralygyndan, Görünýär gyrmyzy mahmalyň çeti. Eçilmek eçildi, çölüň asmany, Guýdy bu ýyl ýagyş yzyna ýagyş, Ýazdan soňam, solman ýatan mahaly, On ýyldan bir gezek edýär ol bagyş. Kem-kemden yzda galdy, gyrmyzy depe, Öň ýanymyz selin bilen ýüzärlik, Ýüzärlikli depäň bäri ýüzünde, Dymyp ýatyr, müň tümmekli mazarlyk. Hemmesiniň gonambaşysy bolup, Ýatyr ortarada juwazçy Hojam, (Ömründe ýylgyrman dünýäden geçen) Hojamyň on tümmek kybla ýüzünde, Yzyn süýnüp ýatyr kakamdyr, ejem. Kakamyň üstünde keýikokara, Ejemiň üstünde gyzyl gülälek, Göýä ezizlerim meň derdim hakda, Bir zatlar, bir zatlar, Gepleşýän ýalak. "Meni gaýgy etmäň, mähribanlarym, Başymy çararyn, dik bolsa başym!...' ... Ardynjyrady-da gaýyn atamyz, Burdy Günbatara ineriň başyn. Gerdi gujagyny Gyzyl guýymyz, Açyldy gaşymda gelnejemli tam, Öz balaňa azar ýerilsin diýip, Gurmandyň- ony mähriban atam! Gyzlar oýlan tek ineriň üstünden, Gök kürteli, uz ýaşmakly gyz düşdi... Üç aý bäri ynha, ýene öňümde, Segsen sany eti çyjylan düýe, Her böwründe adam bukulaýmaly, Bakylanam düýe, bakanam düýe. Mal diýene eýe gerekdir, eýe. Her howaň suwundan suw içýändir ol, Her eýäň gpzünden suw içýändir ol. Eýäniň gözünden içmedik ýolsa, Nowaň hem suwundan, Içmez hiç mahal. Düýeleriň aýak düşmedik ýere, Sürdüm, kyrk depeden aşyryp sürdüm, Eger oglan dagy bolaýan bolsam, Ýüz depeden aşyrybam sürerdim... "Sen oglan bolmaly ekeni" diýip, Başymdan kän gezek sypapdy ejem, Men bolsam, ejemiň edýän arzuwyn, Manysyna pikir bermeden geçen, Şahyr baryn goltugyma göterip, Owlak ýaly böker-böker giderdim. Özümiň klasdaş joralarymyň, Hemmesiňiň öňün çeker giderdim. Ak selinli, ak depeleň üstünde, Her gün bir goşgyny beklärdim ýatdan. Ömür-ha ýadyňdan çykmaz ekeni, Çagalyk döwrüňde okalan zatlar. Ýatdan bilýän ähli gazal-goşgymy, Göçürseň bolardy, uly bir diwan, (Bu sözleri meniň özüm aýdamok, Bir ýaşulyň aýdanlaryn gaýtalýan). Okan zatlarymda goşgulysy däl, Goşgusyz ýazylan zatlaram kändi. Diňe Aýna, Sona başgalasy däl, Üýtgeşik-üýtgeşik atlysam kän. Atlaryň käbiri orusça ýakyn, Käbiri arapmy, pasyça ýakyn, Biziň ýaly gumly çagalar üçin, Düşünmesi-de kyn, Aýtmasy-da kyn. Sözler tagaşyksyz, atlar uzyndy, Ýatda berk galany - Mýunhauzyndy. Bir atanda, bir çybyga düzüpdir, On bäş durnanymy, otuz durnany. Çaga bary göge çybyk zyňyşyp, Öwrenýärdi, şonuň ýaly urmany. Tüňňüjigem şol "hauzyna" öýkünip, Ýere diräp, emelsizje aýagyn, Zyňanda taýagyň guş sürüsinden, Tas öz gözün çykarypdy taýagy. Ezizem taýagyn saldy asmana, Taýak şüwläp gitdi, atylan ugra, Taýak gelip düşdi, çagaň üstüne, Gapdalyna düşdi üç sany garga. Indi bolsa, üç ýyl bäri Ezizim, Taýhynlap ýör faşist diýen gargany, Çagalyk günlermi ýadyma salyp, Çalyp barýan "Synny gulply" bugrany. Reňkine görä, gylygna görä, Bardy bizde her düýäniň bir ady, Ýöne ol atlynyň ýörgünlisi, Budundaky tagmasyna görädi. Düýelerim has uzaga darganda, "Synny gulpuň" ýokdy, belli bahasy. Alkymyn dolduryp, süýnüp ugranda, Ýol berip barýandyr, sazak şahasy. Дуйелерим хас узага дарганда, gara tüýli, uzyn aýaklarynyň, Her haýsyn bir depä basyp barýandyr. Gülnäz bolsa, hatabyndan ýapyşyp, Gum sazyna gulak asyp barýandyr. Suwulganlar, alakalar, towşanlar, Dazyrt-dazyrt hine busup barýandyr. Diňe düýeleri gaýtarmagam däl, Bugramyň başga-da gymmaty kändi. Onuň howdy- ýöräp ýören klasdy, Özi bolsa, ýöräp ýören mekdepdi. Hatabynyň, halygynyň arasy, Durşuna kitapdyr, durşuna depder. Oňa "kitaphana" diýýänem bardy, Emma "kitaphana" diýerdi köpler. Gumlynyň durmuşy - özüne görä, Şäherliň durmuşy - özüne görä. Emma weli, gyzlar sähranyň sazy, Has ajapdyr şäher sazyna görä. Çölsöýer, sährajan gyzyň sözünei, Göwnüňize almaň şäherjeň gyzlar, Bilip bolmaz, birden gaharňyz gelse, Geliň, çöle geliň, gaharjaň gyzlar! Il aýtmyşlaý "Hydyr gören bu gumlar" Hem gaharyň, hem işdäniň dermany. ...örküç-örküç depeleriň üstünden, Çapyp barýan goşaörküçli bugrany. Şol depeleň iň beýginiň üstünde, Güne gargap otyr, dym gyzyl hažžyk, (Günümizi beýdip batyrýançaň, Şol günüň astynda bolarsyň bižžik). Şol gyzyl hažžygyň, beýle ýanynda, Haýbat atyp ýatyr, ýene bir zemzen, (Seniňem maksadyň şoň ýaly bolsa, Ýoldaşyň gününe düşersiň senem). Bet pygylly iki dostuň üstünden, Sürüp geçdim, bir gapdala sowulman. Ýok, ýok, seň maksadyň erbet dälmişin, Nirä gaçýaň, arkaýyn ýat suwulgan. Görmedik bolsam-da olaň ýatanyn, Seniň ýatanyňy görýän men, görýän, Päkize gursaklaň üstünden sürmän, Diňe gurrumsyklaň üstünden sürýän... Zemzen, hažžyk bary dazyrtda-dazyrt, Ýetip barýan düýeleriň yzyndan, "Armaweri gyzym, gaýrat et gyzym!" Diýip, biri habar tutdy gyzyndan. Bilýänsiňiz, bir Eziziň aýagyn, Taýak bilen omurypdym dyzyndan. Dälileri taýak ýola getirse, Agzyny hem ýola getirýär taýak... Gapdalymdan dor atyny säpjedip, Geçip gitdi, dili süýjäň ýekaýak. Indi el gatmadan elli bizardy. Arz etmesem razydy müňde biýr. Düýnki "Söýýän-söýýän" diýýän dilleri, Indi asyl "Gyzym-gyzym" diýibir... Segsen gola darganyň, segsen düýäniň, Her haýsyny çöpledim bir gapydan, Keýikli depeden aňryk ýetemde, "Gülnäz" diýip, bir ses geldi ýapydan. Sakga çekdim, gara bugraň başyny, Goldan zompa çykdy, ak atly ýigit, Egni goşhaltaly, başy şyrdakly, Çep jübüsi zynjyrly, sagatly ýigit. Bir seretsem, Geldi. Eziziň dosty, Meniň halasgärim, Täze doganym. "Seni gözläp ýörün, ertirden bäri" Diýdi-de, çekdi ol atyň jylawyn. - Gülnäz, biz-ä gidýäs, Gelýänçäk sag bol! (Böküp düşdi, boýnap duran atyndan). Ýyljyraklap, bir bölejik kagyzy, Çykardy ol telpeginiň daşyndan. Ezizimden gelen hatmyka öýdüp, Iki elim bilen garbadym haty, Emma ol Ezizden gelen hat däl-de, Ýene bir ezizi ugratjak hatdy. -Şu hat mundan üç aý gelipdir, (Açdy ol bölejik kagyzyň gatyn) Kakam asyl seni alyşy ýaly, Ogluny hem aljak bolupdyr satyn. Woýenkoma goýun baryn äkidip, Gizläp ýörse nätjek, powestka hatyn, Bu söwdasam ýene başa barmandyr, Diýip, ýylgyrdy-da maňlaýlak oglan. -Bolýa, onda gitdim! Hoş, sag bol, uýam! - Hoş, dogan! Sag aman gaýdyp gel, dogan! Elin uzatmaga utandy ýigit, Ýigidiň eline uzady elim. Salamym-sargydym tamam bolýança, Boşap, ýere gaçdy, dört sany çilim. "Ezize-de, agama-da Salam aýt!" Ýadatdym, bir zady ýüz gezek aýdyp, Bolýa, bolýa, Gülnäz, arkaýyn bolaý! Onsoňam, aňyrsy, aprel ýa-da maý. Ýeňiş bilen bile geleris gaýdyp. "Ezize-de, agama-da Salam aýt!" Ýene-de bir gygyrdym men yzyndan. Bu sargydym geň bolsa-da şu mahal, Şo mahal geň däldi, çölüň gyzyndan. Göwnüme bolmasa, hemme gidçänler, Bir ýere, bir jaýa barjak ýalydy. Hökman Ezizimem görjek ýalydy. Hökman agam janam görjek ýalydy. Gazýetde ýüz gezek okanam bolsam, Söweşiň ýüz ýerde gidýäni hakda, Olar mahal-mahal, her hüjümden soň, Duşuşýan ýalydy, uly ýygnakda. Şo ýygnakda soňky hüjümler hakda, Marşallar ýygnanyp, edýändir doklad, Diýip, öz ýanymdan gezerdim çaklap. Indi görüp ýörsem, oň ýaly doklad, Ol ýerlerde däl-de, bärräkde aňsat. Ol ýeriň doklady başgarak eken, Hüjümden soň täze hüjümi saklap, Tüpeňini oklap, topuny oklap, Okuň gutaran ýerinde, okuň deregne, Öz göwräňi topuň agzyna oklap, Şo ýerde etmeli ekeni doklad. Şo beladan aman gutulyp bilseň, Sag elin gulagynyň ýanymda saklap, Ýene komandiriň ýanyna gelip, O ýerde etmeli ekeni doklad. (Gazýetden köp zady bilip bolanok, Gelenleň dilinden bilýänler köp zat). Ynha, ýene şo ýerlere ugrady. Ýene-de bir çopan - Ýene bir doklad. Şo ýere depere geçjegmi bilsem - Altyn sagrysyna bökerdim men hem! Onuň yzy bilen seslendi ýürek: "Gitseň tutardyň-la senem bir derek!" Ýöne gazýetleriň ýazyşy ýaly, Bu ýerde-de adam şonçarak eken. Olara ýag gerek, olara çörek, Olara ok gerek, olara däri. Eger şu zatlary olaň üstünden, Sallap otursady Asmandan biri. Олара яг герек, олара чорек. Олара ок герек, олара дари. Onda ýeke men däl, gumuň içinde, Kärin üýtgetmejek az-az tapylar. Daňdan bilen woýenkomyň gaşynda, Joralary bilen Gülnäz tapylar. Frontçy däldigňe kemsinmegin sen, Frontam frontdyr, Kolhozam front. Moskwa dünýäde belent zat bolsa, Ony belent edýän ondanam belent. Kim nirede köp iş bitirip bilse, Şol adamyň ýeri dälmidir, şo ýer? Bu mesele hemme ýere degili, Gozgasam, kä kişiň çetine deger. Käbir adam muňa ownugam diýer, Ýöne weli, uluzatdyr, bu gürrüň, Sona joram bilen bir düýä münip, Kolhoza azyga gidipdik bir gün. Barsak, galyň-galyň murtlak pyýada, Hat ýazyşyp otyr jaýyň içinde, Daşarda-da bägül ýaly gelinler, Pagta suw tutup ýör, laýyň içinde. Özüm bolsam, hemmesiniň galamyn, Ýeke-ýeke kakyp alyp elinden, Murt bitse-de aň bitmezleň ýerini, Doldurardym bägül ýaly gelinden. Murtlulary bolsa, gije-gündizläp, Çykarmazdym, gowaçanyň pelinden, Ýeri, şu zatlary biz aýtmalymy, "Wekil" baryp, Garagumuň çölünden. "Bu nähili biynsaplyk bolýarmyş?" Salyşdyk başlyklar, brigadir bile, Şol murtlylaň iň daýawnyň ýerine, Uz ýaşmakly gelin geçdi ir bile. Hawa, kim nirede gerekli bolsa, Onuň şo ýerde hem bolmagy gerek, Ýola düşdi, ýene-de bir il ogly, Gerek bolsa, ýeter maňa-da gezek. Ýola düşdi, ýene-de bir çöl ogly, Ömründe bir gezek gysdy gyz elin. (Onda-da gysany dogannyň eli, Göwnüňi giň tut eli gysyljak gelin! Nesip bolsa, toýuňyz bararyn, Pişmeden dolduryp, gyzyl saçagy). Henizem bukjamyň içinde ýatyr, Şonuň ýere taşlanan çilim püçegi. Şindizem kagyza dolangy ýatur, Şonuň agzy degen ýartyja çilim, ... Şeýdip, ýene-de bir ezizi balasyn, Watan goragyna ýollapdy çölüm. Gyz ýaly ýylgyryp, salgydym diňläp, Ýere garap, durupdy ol bir sagat. Henizlerem göz öňümden gidenok, Goňurja goş halta, zynjyrly sagat. Eý, sen, o doganmy äkiden düýe, Eý, sen, bu doganmy äkiden ak at, Ýene müňläp-müňläp doganlar bilen, Getir meniň doganlarmy salamat! Ýanwaram, fewralam, aprelem gelýär. Maýam gelýär, ölmän, ýörseň sag-aman. Ynha, indi, onuň aýdan sözüne, Otirup-oturyp, haýranlar galýan. Eý, sen, Gurt guýsunyň goýun çopany! Çopansyrap ýören welimidiň sen? Ýeňşiň aprel, maýda geşjegin, Sekiz aý öňünden nädip bildiň sen? Gije-hündiz ýedi dürli gazýeti, Okasam-da, ellerimden düşürmän, Ýa-ha, ony okapdyryn düşünmän, Ýa-da ony düşünýänler düşünýär. Edil ynha, seniň aýdyşyň ýaly, Ýazda geldi, maýda geldi şo ýeňiş, Biziň öýmüzde-de gyşyň başynda, Çykaryldy, köwüş yzyna köwüş... Ýeňşiň ilkinji buşlugy bolup, Meniň Çölli agam gowuşdy, çöle, Emma urşuň ýene-de bir buşlugun, Alyp geldi agam öz ýany bile. Hemmeler kaýyldy beýle buşluga, Onsuz uruş bolmajagam aşgardy. Ýogsa, onuň ady "Uruş" bolmazdy. Başga zat bolardy... Ezizläp, başymdan syoalan sag el, Tiken çümse, "Wah..." diýilýän çep aýak, Aramdan üzülip, nirde galdyň dyz? Nälet saňa, nälet, şol atylan ok! Dogrumyka oka nälet okamak? Ok deregne çekiç ýasabam bordy. Kätmen, çarşak, gopuz ýasabam bordy. Nan dürtülýän tikeç ýasabam bordy. Olardan oragam bolardy ýasap, Müňläp, traktoram bolardy ýasap, Ýok, ýok, ol oklaryň özünden däl-de, Olary ýasandan sorarys hasap! Nirelerde galdyň, mähriban aýak? Haýsy ýerde galdyň, başym sypan gol? Bu sowallar derrew ýada düşýärdi. Bir seretseň, düşenokdam şo mahal. "Hoş, oglum!" diýende sabyrly ata, Sözsüz hoşlaşanda takatly gelin, Beýle wagt takaty bilmeýän ene, Balasyn bagryna basanda telim, Hemmesi-de munça-munça şikese, (Neterrägine-de) müň kaýyldylar. " başyň aman bolsun!" diýipdi bary, Eliň ýa aýagyň diýmändi olar... "Gözüň aýdyň! Gözüň aýdyň!" seslerden, Gözüm-de, alnym-da aýdyň bolupdy... Guýudaky ýüz adamyň içinde, Diňe bir aýalyň ýüzi salykdy. Ýeňişli kyrk bäşiň şol gyşyndan soň, Ýaňy ätlämizde ikinji gyşa, Toý tutulan tamymyzyň içinde, Gopdy bir gün masgaraly tomaşa. "Elimi uzadýan ýerimden tapýan, Sen ýaly emelsiz lokga eti!" Diýip, edil gözlerimiň alnynda, Ýürüp öýden çykdy, öýmüziň iti. Ýüregim bulanýa şony ýatlasam, Şu nokatda gutaraýyn ol hakda... Ynha, indi ýedi ýylyň içidir, Kemsidilip, taşlanylan şol "lokga" Öz bagtyny tapdy, başga gujakda. On ýyl pzal Gök sazaklaň içinde, Toplary oýnalan, çözlenen saçlar, Çomuç ýaly, örümleriň içinde, Agam janyň ysy gizlenen saçlar, Halas bolup, bigadyryň elinden, Başky gadyrdannyň ýassygy boldy. Ol saçlaryň eýesiniň kimligi, Siziň hemmäňize bellidi. Bir gün Tylla biziň öýmüze geldi. Dolanyp, yzyna gaýtmady, Tylla. Garrylar diýişdi: "Harlananlaryň ikisinem birden ýalkady, Alla". Allamy ýa dälmi okary ýalkan? Edip oturjak däl, ol hakda dawa. Ýöne aýtjak zadym: Ýazyň başynda, Kyrk çapar goýberdim on alty oba. Öňem toý tutupdym, agam gelende, Emma toýy tutup bilmändim belent, (O günleriň güzeranna, ýagdaýna, Özüňiz mendenem beterräk belet). Şeýle bir toý tutdym, ýazyň başynda, Onuň ýaly toýy, görmänmiş guýy, Ol toý agam janyň ýeňiş toýudy. Daşyndanam goşdum, üç sany toýy: Hem agamyň Tyllasyna ýeteni, Hem Tyllanyň myrafyna ýeteni, Myrafyna ýetenleriň arakygynda, Gülnäziňem şöhratyna ýeteni. Dört toý däl-de, bäş toý diýseňem boljak, Size-de baglyrak bu irnik sowal, Meger oňa gelnejemiň gitmegniň, Toýunyňam goşanm bolmagym ahmal. Elim boşaşanda bir çete çykyp, Guwandym, syn saldym, tutýan toýuma. Çarhly guýyň ýandan mekdebe çenli, Mähelle düzülip dur, gumuň boýunda. Bir gapdalda, gyzyl pürçük gyz-gelin, Bir gapdalda ak sakally agalar. Ýigitler ylgaşyp, ýaglyga bökýär, Bir gapdalda ýene bökýär çagalar. Oglanlaram, agalaram, gyzlaram, El çarpýar, gülüşýär, keýpine şärik. Çagalar ýaşyny aňryk islese, Agalaýar ýaşyny isleýär bärik. Şeýdip, geçip barýar, durmuş diýen zat. Çagalar - ullakan bolasy gelýär, Agalaň - nowjuwan bolasy gelýär. Hiç birisi öz ýaşyna kaýyl däl. Özgäniň ýaşyny alasy gelýär. Agalar ýaşlykda eden ýalňyşyn, Düzetmegi arzuw etse ýamaşgan, Çagalar ýalňyşyň nämedigine, Nädip düşünsinler, entek ýalňyşman, Biriniň arzuwy - ýalňyş düzetmek, Biriniň arzuwy - ýalňyşsyz ösmek, Iki arzuwyň hem arzuw kemi ýok. Ýaşasyn düzetmek, Ýaşasyn ösmek! Indi şu toý bilen gutarmalymy? Hany ol beýleki tutuljak toýlar? Hany ol dört ýyllap, gaýra seretmän, Diňe ilerligne bakan guýular? Diňe dört ýyllapmy, beýle bakyşlar? Ynha, eýýäm iki dört ýyllap, "Gumuň o çetinde biri gelenmiş" Diýilse, şo ýere at goýýar ilat. Ezizimden weli gördüm-bildim ýok, (Ulurak bolarly front diýlen zat) Nirede sen sözen boýly Ezizim? Sen nirede täze tapylan dogan? (Meni Ezizime ýetirmek üçin, Soka degip, alny çapylan dogan?) Hany siz Atanýaz, Berkeli, Öre, Abyr, Kemek, Bally, Rejebaly?... Nirede, nirede, nirede olar? Kime bermeli men beýle sowaly? Müň adama berdim, beýle sowaly. Bu sowalda adam seljerenokdy. Bu sowaly çözüp bilýänem ýokdy, Bu sowaly çözüp bilýänem ýokdy. "Gelmez" ýa-da "Gelmez" diýmedi hiç kim. Biragyzdan "Geler" diýdi hemmeler. Öli giden ýerden gaýdyp gelen ýok, Diri giden adam, megerem geler... Şol teselli bile, şol umyt bile, Garaşyp ýörün men henize çenlem. Hem garaşmaly men, hem göreşmeli, Göreşmek üçinem bolmaly sagdyn, (Göreşmekde bolsa, bagtyň deň-ýary, Sagatlykda dälmi galany bagtyň?!) Başarmajak bolsam şol ikisini, Ozalda eneden näm üçin dogdum? Men özümki, emma özümkem däl, Men halkyňky bolsam, Meňkidir halkam. Garaşyp, özümi horlap ýörmäge, Hakym bardyr, emma ýokduram hakym. Garaşarynam men, Göreşerinem, Özüm horlarynam, Horlamarynam. Garaşmak umydym gaçaýanda-da, Maňa basalyk biýr, ýene bir ynam, Eziz birdir, ýene ömrümem birdir, Meger, ýetip bilmen, täk özüm meniň. Bärde betbagt bolmagym üçin, Gurban bolan daldir, Ezizizm meniň... Soňy | |
|
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Kyssa -3: poemanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Kyssa / poema - 12.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessan - 03.03.2024 |
√ На Хиву! / поэма - 28.07.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ "Aşyk-Magşuk" / dessanyň dowamy - 03.03.2024 |
√ Ýol başynda ene bilen / poema - 14.09.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |