GUÝRUK
Ganjyk guýruk bulady.
Wah, gowy ganjyk bolanlygynda ol guýrugyny bulamaly däldi. Owalbaşda guýruk oňa bulap ýörmek üçin däl-de, uýat ýerini ýapmak üçin berlipdi ahbetin. Emma ol guýrugy bulamak üçin, barça köpekleri öz ýanyna çagyrmak üçin berlendir öýtdi. Haýran galaýmaly ýeri, birbada onuň pikiri başa barmady. Nämüçindir köpekler onuň guýruk bulamasyna ähmiýet bermediler. Ol muňa bir ölüp bilmedi. Özüne üns berilmezligini müçesiniň kiçiliginden gördi: «Ýa-da bular meniň guýrugymy görmeýärlermikä? Wah, görýändirler-le, ýöne görmedikden bolýandyrlar». Şeýle pikir aňyna dolanda, onuň gany depesine urdy: «Duruň bakaly, men siziň baryňyzy diňe öz yzymda ylgar ýaly etmesem...» — diýip, erbet sögündi. Şol günden soň onuň küýi-köçesi köpekleriň ünsüni özüne çekmek boldy.
Ganjyk guýruk bulady.
Bu gezek ol ähli köpekler görer ýaly, guýrugyny has ýokary galdyryp bulady. Şonda onuň görünmesiz ýerleri-de bulutdan jyklan Gün ýaly bolup, hiç bir zada perwaý etmän öz peýwagtyna garysyny ýassanyp ýatan köpekleriňem nazaryna ildi. Ana, şondan soň köpekler köpekligini edip başyny galdyrdylar, olaryň birnäçesiniň erninden biygtyýar hyllygy syrygyp gaýtdy. Elmydama şeýle bolaryny isläp gelen naşyja ganjygyň göhi geldi, özüni mazamlamagyny dowam etdirdi. Ahyry köpekleriň birnäçesi oňa sary loňkuldaşyp gaýtdylar.
Köpek baryny yzyna düşürip bilenine hernäçe içi gülse-de, ganjyk näz edip olardan gaçan boldy. Emma, aslynda suw meýilli bolansoň, degdim-gaçdym edip oýnaşyp ýörmäge uzak çydap bilmedi, köpekleriň birini arkasyna aldy. Sada köpek onuň arkasyna hopba bolsa-da boldy welin...
Köpegiň maksady derrew düşmekdi. Ýöne öz tamasynyň tala daňlandygyna giç düşünip galdy. Hernäçe urunsa-da, ganjyk ony goýbererli däldi. Özüniň köpeklere gereklidigini uly ile mazamlamak isleýärdi. Şonuň üçin egninden uýat donuny sypyryp, köçe-köçe aýlanyp bu ýagdaýy güjeňleýärdi. Onuň bolup ýörşüni her kim bir hili kabul etse-de, oňlaýany az-azdy. Köpler haýasyny ýitiren ganjygy näletleýärdiler. Bir mahallar, ganjygy guýrugyny bulanda, oňa çyny bilen guwanyp gezen eýesine näme diýersiň, hatda şolam bu ýagdaýy juda ýokuş gördi. Onda-da öz ganjygyny ak guş hasaplady. Ähli günä ganjygynyň üstündäki köpekdedir öýdüp, uzyn syrygy onuň depesinden inderdi...
Aslynda welin, ähli zat başgaçady, ganjyk guýruk bulap goýmandy. Dogry-da walla, «Ganjyk guýruk bulamasa, köpek neýlesin?!.».
Döwran AGALYÝEW.
Oýlanmalar