HAJYMUHAMMET AGA
Öwez şäherde doglup, önüp-ösen bolsa-da, ata-baba aňrysy Garrynohur obasyndandy. Ol ýerde daşgynrak garyndaşlary hem ýaşaýardy. Seýregräjigem bolsa, gatnaşygy ýitirenokdylar.
Öwez söwda adamsydy. Başga ýurtlardan geçginli harytlary getirip satýardy. Onuň dükany adamlaryň ýygjam ýaşaýan ýerindedigi üçin söwdasy oňunady. Nebsini şagladanokdy. Ol Muhammet pygamberiň öwüt-ündewleri ýerleşen Hadyslaryň birinden «Terezide aldamak musulman ymmatynyň çökder günäleriniň biridir» diýlen pähimi okansoň şoňa eýerýärdi.
Söwdasy barha şowlap, döwleti artyp barýan Öwez obasy Garrynohurda öz hasabyna metjit gurup bermegi niýetine düwdi. Dag obasyna ýörite gidip, bu barada garyndaşlaryna sala saldy. Olar oňa: «Bu mesele ynjyk mesele. Obamyzyň mollasy, ýaşulular saňa metjit gurmaga rugsat berjekmi —ýok, belli däl» diýdiler. Öwez: «Olar bilen gürleşip, rugsat alalyň» diýdi. «Bu iş bize başartmaz» diýdiler. Öwez: «Kim başarar?» diýdi. «Obanyň çetinde ýaşaýan Hajymuhammet aga başarar, şony diňlärler» diýdiler. Öwez: «Onda gideliň Hajymuhammet aganyňka» diýdi.
Hajymuhammet aga segsenden geçendigine seretmezden özüni ykjam tutýan, agrasdan siňňitli gürleýän, ýüz-gözi nurana, peşeneli adamdy. Ol Öwezi ünsli diňläp, ondan çyny bilen sorady:
—Dogryňy aýt, seniň metjit gurup bermekçi bolýan puluň halal gazançmy?
—Hawa, halal.
—Boldy... –diýip, Hajymuhammet aga bu sogap işi obanyň mollasydyr ýaşululary bilen gürleşip bermegi boýun aldy. Öwezi olar bilen duşurdy. Olar Öweze: «Bärde beýle tutumly gurluşyk edip biljek gurluşykçy ýok» diýdiler. Öwez olara «Gurluşykçyny şäherden özüm getirerin» diýdi. Olar Öweze: «Metjidiň nähili boljagynyň ülňüsini biziň bilen ylalaşarsyň» diýdiler. Öwez olara «Ylalaşaryn» diýdi. Olar Öweze: «Ýerli arçynlykdan, degişli guramalardan rugsady özüň alarsyň» diýdiler. Öwez olara: «Özüm alaryn» diýdi. Şondan soň olar Öweze: «Gurluşykçylaryň ýatjak ýeri, iýip-içjek owkady biziň boýnumyza. Beýle sogaply işe bu biziň goşandymyz bolar» diýdiler. Öwez olara: «Sag boluň» diýdi.
Metjidiň gurulmaly ýeri görkezilip, gurluşyk rugsady, ülňüsi, gurluşyk enjamlaryny eltmek, gurluşykçy tapmak ýaly hysyrdyly işleri birýaňalyk edýänçä, Öwez mazaly surnukdy. Şeýle-de bolsa, «ýadadym» diýmän, sogap iş edýändigine begenç duýgusyndan kuwwat tapynyp, «sähetli gün» diýlip, bellenip berlen senede gurluşygy başlady. Işlere göz-gulak bolup durmaklygy garyndaşy Saparala tabşyryp, özi şähere dolandy. Her gün til edip, ýagdaý bilen gyzyklanyp durdy. Gerek-ýarak zatlary dessine tapyp ýollady. Saparalynyň «Metjidiň diwaryny örüp, şu gün pylança kerpiç belentlige göterdiler» diýip berýän hasabaty Öweziň gulagyna «ogluň boldy» habary kimin hoş ýaraýardy.
Ine, bir gün welin, işler bulaşdy duruberdi. Saparaly oňa til edip «Gyssagly gelip-gitmeseň boljak däl» diýdi. Öwez ondan: «Gurluşyk işi howply iş. Bir maýyp-müjriplik ýüze çykdymy?» diýip sorady. Saparaly: «Ýok, maýyp-müjiriplik ýüze çykmady» diýdi. Öwez: «Onda näme boldy?» diýip gyzyklandy. Saparaly: «Gurluşyk ýatdy» diýdi. Öwez: «Nämüçin?» diýdi. Saparaly: «Telefonda düşündirmek kyn» diýdi.
Öwez dessine ýola düşdi. Barsa, dogrudanam, gurluşyk ýatypdyr. Gurluşykçylar gurluşygyň alkymyndaky epeý çynaryň kölegesinde, bir bolmasyz iş eden çagalar ýaly, ýüzlerini ýere salşyp otyrlar. Metjidiň örülip adamboýy göterilen diwarynyň kölegesinde bolsa obanyň ýaşululary üýşüp durlar. Öwez baryp salamlaşan dessine, obanyň mollasy, uly-kiçi sarpa goýýan Remezan aga janyýangynly dillendi:
—Öwez jan, gurluşygy men sakladym.
—Näme üçin, Remezan aga?
—Bular har kimin häsiýetsiz adamlar. Içýärler, çekýärler, paýyş gürleşýärler. Bulara metjit gurduryp bolmaz...
Ýanynda duranlar hem Remezan agany makullap, «Hawa-da.... Hawa» boluşdylar. Öwez näme diýjegini bilmän aljyrady. «Hany, men bular bilenem salamlaşyp, ýagdaýy anyklaýyn» diýip, gurluşykçylaryň ýanyna bardy. Olaryň ýaşulusy Halmet aga soralaryna mähetdel, ýagdaýy düşündirdi:
—Öwez, inim, gurluşyk işi agyr iş. «Ýadawlygy aýraly» diýip, işden soň az–kem içdik. Çilimem, näme ömürboýy çekip gelýänlerimiz bar. «Paýyş gürleşmäň, aýal-ebtat, çaga-çuga eşidip durlar» diýmesine diýýäs welin, aramyzda halys dili endik edinen bir-iki sany ýaş-ýeleň bar. Ine, Remezan aganyň gaharynyň gelmeginiň sebäbi.
—Halmet aga, bu bir ýöne-möne gurluşyk däl ahyryn. Biraz salykatly bolaýmaly ekeniňiz...
—Wah, başaryp bolsa, näsini aýdýaň. Ýaramaz endikden dessine saplanmak kyn. «Indikimize bek bolarys» diýýäsem welin, Remezan aga eňegine tutup dur.
Onýança-da, bu gürrüňi kesesinden diňläp duran Remezan aga dillendi:
—Öwez jan, bu gurluşykçylaryň barybir bolmyýa. Metjit gurmak üçin ozaldan halal kişiler gerek. Şu meseläni saňa öň aýtmagy unudypdyrys. Indi gijem bolsa, düzüwli gurluşykçy tapjak bol!
Şäherden alysda ýerleşýän dag obasyna gidip, öýünden saýry ýatyp işlejek gurluşykçy tapmak çetindi. Onsoňam, her ýeten gurluşykçyny bu mukaddes tutuma getirip boljak däldi. Senedinden oňat baş çykarýan, işine eli werziş kişi bolmalydy. Munuň örän kyn meseledigine Öwez şu gurluşykçylary jemlände göz ýetiripdi. Ol halys aljyrap «Nätsekkäk?» diýýän terzde Saparalynyň ýüzüne seretdi.
Saparaly:
—Hajymuhammet agany getirmesek bolmaz –diýdi.
Öwez:
—Şol bir çykalga taparmy? –diýdi.
Saparaly:
—Tapar –diýdi.
Öwez adamlara:
—Mümkin bolsa, Hajymuhammet agany alyp gelýänçäk garaşyň –diýdi.
Adamlar Öweze:
—Bolýar, garaşarys –diýdiler.
Hajymuhammet aga bolan ahwaly eşidip, derrew maşyna oturdy.
Ol adamlaryň salamyny alyp, hal-ahwal soraşdy. Öweziň gürrüň berendigine seretmezden, gurluşygyň ýatmagynyň sebäbi bilen içgin gyzyklandy.
Remezan aga oňa hem Öweze aýdanlaryny aýtdy. «Bular har kibi häsiýetsiz adamlar. Içýärler, çekýärler, hapa gürleşýärler. Bulara metjit gurdurmak külli günädir» diýdi. Ýanynda duranlar hem onuň bilen pikirdeş gopdular.
Ara dymyşlyk düşdi. Hemmeler Hajymuhammet aganyň kesgitli bir zat diýmegine garaşýardylar. Şol näme diýse, şoňa görä bolmaga taýyndylar.
Hajymuhammet aga özüne mahsus agraslyk bilen dillendi:
—Adamlar, eşegiň eti haram, zähmeti halaldyr.
Bu delil ýüreklerine jüňk bolan Remezan aganyňam, oba adamlarynyňam, gurluşykçylaryňam ýüzleri ýagtylyp gitdi.
Meseläniň oňatlyga çözülendigine gözi ýeten Halmet aga:
—Rugsatmydyr, işläberelimi? –diýip, Remezan agadan sorady.
—Rugsatdyr, işläberiň. Ýöne içmejek, çekmejek, paýyş gürleşmejek boluň. Size, näme, sogap gerek dälmi?
—Elbetde, bize-de sogap gerek. Dogry dälmi, oglanlar? –diýip, Halmet aga gurluşykçylaryň ýüzüne seretdi.
Olar, «Hawa» diýşip baş atdylar.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar