00:22 Heýkelçi | |
HEÝKELÇI
Goşgular
«Mermer daşynyň her bir böleginde adam şekili bar. Adam şekiline getirmek üçin onuň diňe gerekmejek ýerlerini aýraýmaly». Dawid Mikelanjelo. Diňe bir mermer däl, Ähli daşlaram, Seretsem siňe, Meňzeýär saňa. Bürünjem, Poladam. Misdir demirem Meňzeýär saňa. Boýy göge ýetýän belent çynaram Meňzeýär saňa. Bili iki gujak ýüz ýaşly tudam Meňzeýär saňa. Alaňlardan akyp ýatan çäge-de Meňzeýär saňa, Gözüm ýetdi şol äňede-äňede, Ýene ýüzlerçe zat Meňzeýär saňa. Bir olaň artykmaç ýerin aýyrmak Hemem timar bermek galypdyr maňa. Megerem, seň mertebäňe, Aklyňa Aşyk bolup dünýädäki barça zat, Saňa meňzemäge çalşyp gezendir, Eý, gözellik täji, Beýik Adamzat. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Köwşümi / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ “Türkmenler açypdyr Amerikany...” / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Güýz we men / Goşgular - 09.11.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Jadyly duýgy / Goşgular - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||