HÜÝPÜÝPIK
1.
Hüýpüýpigi görüpmidiňiz?
Diýseň owadan guş.
Halys garrap dünýäden öten enesiniň soňky wesýetini berjaý etmek oňa aňsat düşenokdy.
Iki-üç asyr mundan ozal edilen jadygöýlükleriň yzyny tapyp, olary ýerli-ýerine goýuşdyrmak üçin, bu senetden juda ezberlik bilen baş çykaryp bilmek zerurdy.
Elbetde, onuň özüne göwni ýetýärdi.
Enesiniň öwreden «käbir zatjagazlaryndan» ötri, özi hem bu ugra degişli bir ýerde bir tär bar bolsa öwrenip kämilleşipdi. Häzirki döwrüň kompýuter tilsimatyny hem jady işlerinde ulanmagy birkemsiz başarýardy. Ertekiler kitabyndaky şu ertekini bolsa ol eýýäm üçünji gezek okaýardy. Rowaýata öwrülip giden bu waka içgin düşünmek isleýärdi. Şeýtmegi onuň senedi talap edýärdi:
«Bir mally-döwletli adamyň görk–görmeginiň waspy oba aşan owadan gyzy bar ekeni. Ol döwürde gyz ýetişse, jar çekdirip: «Pylan gün pylan kesiň gyzy özüne ýigit saýlajakdyr-la-haw! Öýlenmek niýeti bar kişiler şol gyzyň öňünden synagdan geçmäge çagyrylýar-la-haw!» diýip, çar töwerege jar çekdirilýär ekeni.
Ynha, onsoň belleşilen gün ýaňky gyz gabsalaryny giňden açyp, sagyna kakasyny, soluna ejesini alyp, synlap oturmaly ekeni.
Özüne hem atyna serenjam berip «ýigit göründä» gelenler bolsa gezek-gezegine ýaý atmak, gylyç salmak başarnygyny, her dürli at oýunlaryny, edim-gylymyny görkezip, gyzyň öňünden geçmeli ekeni.
Kim göwnüne ýarasa, gyz öňündäki haşamly sažda duran gyzyl-gyzyl almalardan alyp, ýaňky ýigidi urmalymyşyn. Birden ýalňyşyp ýa-da pikirinde yrgalyk edip gyz niýetinden el çeken bolmasyn diýip, ýaňky ýigitler şerte görä, onuň öňünden üç mertebe geçmelimişin.
Gyz üç gezekde-de şol bir ýigidi patladyp urup dursa, onda gyzyň şony ymykly saýlandygyna göz ýetirip, toý tutup, nikalap berýärmişler.
Ýaňky baýyň gyzy welin, ene-atasynyň talap etmegi bilen şeýle synagy birnäçe gezek geçirseler-de: «Bu ýigitleriň hijisi hem maňa mynasyp däl. Birisiniň salyhaty pes, biri suwjuk, beýlekisi bodul» diýip, ötegçi ýigitleriň hiç birisini-de saýlamaýar ekeni.
Şeýdibem, onuň ýaşy ötüşip barýarmyşyn.
Däbe görä, öňündäki göçmese, yzyndaky uýalaryny-da çykarmaýarlar.
Şonuň üçinem baý gaharlanyp: «Sen ýa-ha özüňe mynasyp ýigidi tap, ýa-da meniň diýenime barmaly borsuň» diýipdir.
Çykalgasyz ýagdaýa düşen gyz «Bolýar, men göwnüme laýyk ýigidi özüm gözläp taparyn» diýip, jadygöý aýalyň ýanyna baryp, özüni bir owadan guşa öwürmegini, jahany aýlanyp özüne mynasyp ýigit gözlejegini, haçan-da şeýle ýigidi tapyp gelende bolsa, ýene-de başky gyz kaddyna salmagy haýyş edipdir.
«Beýdip özüňi kyn ýola ataranyňdan, biraz kiçigöwünli, irigöz bolanyň ýagşydyr» diýip, jadygöý aýal onuň haýyşyny bitirmekden birbada boýun gaçyrypdyr.
Emma, gyz halys özelenip duransoň, islegini berjaý edipdir».
2.
Hüýpüýpigi görüpmidiňiz?
Diýseň owadan guş.
Hernäçe çylşyrymly hem bolsa, enesiniň ýene–de bir wesýetini berjaý edip bilenine ol begendi.
Gyz göz giderlik owadandy. Egninde gadymy şahy lybaslary bardy.
«Wagtyň muňa täsir etmändigine haýran galaýmaly» diýip, ol içinden pikir öwürdi. «Belki, bir görnüşden başga görnüşe geçendigi üçin wagt muny unudandyr? Belki-de, enem wagtyň garşysyna bir jady tilsimini ulanandyr?»
Her dürli kompýuterlerdir «jady işleri» amala aşyrylýan çylşyrymly abzallardan doly otagda duran gyz aljyrapdy.
Bu ýerde oňa ýeke tanyş zat naşyja kapasadyr şonuň içinde ýatan alaja ýeleklerdi.
Bigam uçup ýörkä tutup, ony şol kapasa salyp getiripdiler.
«Indi bolsa ol adam keşbinde. Özem, haýsydyr bir düşnüksiz zatlar ýerleşen otagda...».
Ol daş-töweregini synlap, äm-säm bolup duran gyza ýüzlendi:
—Bilýäňizmi, häzir näçinji asyr?
Gyz bilmeýändigini ýaňzydyp, eginlerini ýygyrdy.
—Ýigrimi birinji! –diýip, ol çintgedi. —Sizi bolsa... —Öňünde ýatan köneje ýazga göz gezdirdi. —Meniň jadygöý enem baryp-ha on ýedinji asyrda guşa öwrüpdir. Diýmek, siz üç asyr gowrak şol keşbiňizde gezip, özüňize mynasyp ýigit gözläpsiňiz.
Onuň äheňindäki ýaňsyny gyz halamady. «Özüňe mynasyby tapmak beýle aňsatdyr öýdýärmikä?».
Asla-ha, gyzyň göwnüne bolmasa, üç asyr üç ýyl ýaly tiz geçipdi. Sebäbi, ol bu gözlegine şeýle bir imrinipdi welin, wagtyň nähili geçeni-de duýulmandy.
Galyberse-de, guşa öwrülensoň, oňa töwerekdäki howp-hatardan janyny goramagam ýeňil düşmändi.
Ol käbir ýagdaýlar barada gyza aýtmagy makul bildi:
—Jadygöýler bakydyr öýdýärler. Ýok, jadygöýler hem baky däl. Asla, «Älem hakyda gaznasyndan» gaýry hiç bir zat baky däl. Eger meniň garryja enem sözüne juda ygrarly bolmadyk bolsa, siz elmydama-da guş keşbinde galardyňyz. Ynha, ol maňa goýup giden «Wesýetnamasynda» haýsydyr bir sebäbe görä başga keşbe öwren adamlaryny tapyp, yzyna öwürmegimi wesýet edipdir. Onuň soňky islegini bitirmek meniň borjum. Şonuň üçinem, isleseňiz-islemeseňiz, men sizi öňki keşbiňize öwürmeli boldum.
—Sag boluň! –diýip, gyz oňa minnetdarlyk bildirdi. Sebäbi guş bolup özüne mynasyby gözlemek biraz ýadadypdy.
Onsoňam, «Üç asyryň dowamynda ýigitleriň hiliniň gowulaşan bolmagy-da mümkin. Özüme mynasyby men indi gyz keşbimde gözläbem taparyn» diýen pikire gelipdi.
Ol gyzyň bu niýetini aňan ýaly:
—Mümkin bolsa, bärik geliň! –diýip, äpişgäniň öňüne çagyrdy. «Synlaň!» diýýän terzde daşaryk ümledi.
Äpişge köçe tarapady. Ýoldan dürli kysymly maşynlar geçýärdi. Olary saçlary gytyk bejerilen, kaşaň geýnüwli, daşyndan göräýmäge allanäme ýigitler sürüp barýardy.
Hoşlaşmaly pursat gelipdi.
—Siziň nebereleriňiz, ynha, şu salgyda ýaşaýar –diýip, ol gyza bir bölejik ýazgyny berdi.
Gyzyň ýazga düşünmejegini bilýärdi. Sebäbi ol guş durmuşy bilen ýaşapdy. Aradan geçen wagt hem ýoňsuzdy.
—Üç asyrda käbir zatlaryň üýtgemegi mümkin ahyryn. Ynha, mysal üçin, köçeleriň atlary we ýene şuňa meňzeşler... –diýip, ol ýarym degişme bilen ýylgyrdy. —Gaýgy etmäň, meniň kömekçim sizi barmaly ýeriňize ulagly äkider.
Ol soňra gyzyň eline naşyja kagyza ýazylyp, aşagyna möhür basylan haty dabaraly gowşurdy:
—Biler bolsaňyz, bu —«Kepilnama»! Siziň hakykatdan hem mundan üç asyr ozal özüňize mynasyp ýigit gözlemek niýeti bilen guşa öwrülendigiňizi tassyklaýan resmi hat. Kimdigiňizi garyndaşlaryňyza subut etmek üçin gerek bolar.
* * *
Hüýpüýpigi görüpmidiňiz?
Diýseň owadan guş.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar