HYÝAL GUŞY
Men doglanymda äpişgämiziň öňünde ösüp oturan belent agaja üýtgeşik bir guş gelip gonupdyr. Özem ol hakyt maňa seredýärmişin. Onuň haýsy guşdugyny bilmek üçin kakam oňa golaýlanda, ol kuwwatly ganatlaryny batly-batly kakyp, uçup gidipdir. Dessine al-asmana göterilip, bulutlaryň aňyrsynda gözden ýitipdir. Kakam bu alamaty ýagşylyga ýorup, ejeme:
—Biziň oglumyz şol guş kimin parlap, belent uçar. Erjel, batyrgaý kişi bolar –diýipdir.
Ejem oňa:
—Beýle bolsa oglumyzyň adynda Guşjan goýaly –diýipdir. Şeýdibem, meniň adyma Guşjan goýupdyrlar.
Men şeýle ýeňillik biln uçup bilýärdim. Sebäbi ganatlarymyň gerimi giňdi. Çalaja galgatsam ýeterlikdi. Kämillige ýetip, ilkinji gezek uçýandygym üçin haýsy belentlige galandygymy bilmek isleýärdim. Elbetde, bürgüt uçýan belentlige galkmandygyma düşünýärdim. Onýança-da, deňimden geçip barýan iki sany garga gözüm düşdi. Olar öz aralarynda meniň gürrüňimi edýärdiler.
—Bu guşlaryň haýsy görnüşine degişli?
—Bilmedim-dä... Ol adama meňzeýär...
—Adamda ganat bolmaýar.
—Belki, tilsim bilen edinendir.
—Gel oňa hüjüm edeli.
—Dogry aýdýaň. Gözüni çokaly. Biziň uçýan belentligimizde onuň nä köri bar.
Gargalar şeýle diýşip, ýerli-ýerden maňa hüjüm etdiler. Olaryň hüjümi okgunlydy. Goranmak üçin bir elim bilen gözlerimi tutup, beýleki elimi ýetişibildigimden galgadýardym. Beýtmegimden haýyr azdy. Gözsüz galmagym mümkindi.
Gargalardan başymy gutarmak üçin biraz belende göterildim. Ýöne ol belentligiň dazzarkelleriňkidigine dessine düşündim. Sebäbi ol ýeriň howasynda burnuňy gaňryp barýan porsy ys bardy. Bu ys dazzarkelleriň ysydy. Olar süri-süri bolşup haýsydyr bir jandaryň jesedini agtaryp, göwnühoş gaýyşyp ýördüler. «Maslykçy guşlaryň uçýan belentliginde uçanymdan, gowusy ýene biraz ýokaryk göterileýin» diýen pikire geldim. Indiki galan belentligimde, göräýmäge, hiç kim ýokdy. Hezil edip uçup başladym. Ýöne ir begenipdirin. Bu belentlik bürgütleriň uçýan belentligi bolup çykdy.
Meniň bürgütlere sarpam uludy. Bu guşlaryň ýitigözli, mert hem asylzadadyklaryny bilýärdim. Olaryň kethudasy, gojalmakdan ýaňa ýelekleri çuw–ak bolan bürgüt maňa:
—Sen biziň uçýan belentligimize göterilipsiň –diýdi.
Men onuň sarpasyny saklap:
—Bagyşlaň, bu belentligiň siziňkidigini bilmändirin –diýdim.
Ol maňa:
—Sen gowusy öz belentligiňi tap –diýdi.
Men ýene-de biraz belende galkdym. Indi bulutlaryň ýanjagazyndadym. Ýöne ol belentlikde hem uçýan guşlaryň bardygyna, olaryň durnalardygyna tiz düşündim.
Durnalar beýleki guşlar ýaly başly-barat uçanokdylar. Toýnuk gurap, tertipli uçýardylar. Olaryň öz sürübaşysy, hersiniň hatardaky orny bardy. Olar salykatly, pähimli guşlardy. Bimaksat gaýyşyp ýörmeýärdiler. Durmuşyny tertipli dolaýardylar. Meniň olara sarpam bürgütlere bolan sarpamdan pes däldi. Olaryň meniň bilen işleri hem ýokdy. Deňimden geçenlerinde men olara edep saklap salam berýärdim. Öz uçýan belentliklerini menden gabanybam duranokdylar. Gaýtyp: «Tüweleme, kuwwatly ganatlaryň bar. Olary aýawly saklajak bol!» diýşip öwüt berýärdiler. Men ahyrsoňy amatly belentlige çykanyma begenýärdim. Iýmek-içmek üçin ýere inip, soň ýene arşa galkýardym. Möhümiň çykyp, ýere ineniňde ýa-da arşa öz belentligiňe galkanyňda başgalaryň uçýan belentliklerini kesip geçmek bolýardy. Bu ganatly jandarlaryň arasynda däbe öwrülipdi.
Meniň diýseň belentden uçýanyma gözi gidýänler köpdi. Guwanýanlar hem: «Ine, başaryp bilseň, şeýle belende galkmaly. Dereje diýip, şuňa diýäýseň!» diýişýärdiler. Bahyl kişiler welin, meniň ganatlarymyň gyrylmagyny isleýärdi. Ýere inip, adaty adamlaryň arasynda bolanymda, duýdurman, kuwwatly ganatlaryma uçmaga päsgel bersin üçin ýelimdir şepbeşik närseleri sepýärdiler. Men muny soňundan bilip galýardym. Zaýalanan ganatlarymy tämizlemek kyn düşýärdi. Olar muňa kesämden hezil edinýärdiler. Meniň indi arşa galkyp bilmejegim barada bolgusyz gürrüňleri ýaýradýardylar.
Men welin, ähli erjelligimi tijäp, ýene-de arşa galkýardym. Meniň parlap göge göterilişimi görüp, ol bimährem kişiler elheder alýardy. Özlerine şeýle ganat bermändigi üçin Perwerdigärden nadyl bolýardylar. Aslyýetinde welin, günä Perwerdigärde däldi. Özlerindedi. Olaryň hem ganaty bardy. Ýöne kuwwatsyzdy, ejizdi. Serçeleriň uçýan belentliginden ýokaryk galkmaga mümkinçilik berenokdy. Sebäbi olar öz ganatlaryny meniň edişim ýaly, türgenleşdirip, belent uçuşlara taýynlanokdylar. Irginsizligi talap edýän bu hupbatly işden daş durýardylar, biagyrlyk edýärdiler. Men bolsa bütin ömrüme ganatlarymy bekedip, has belende galkmak aladasy bilen ýaşaýardym.
Meniň durnalaryň uçýan belentligindäki özboluşly galkynyşym dowam edýärdi. Muňa buýsanýardym. Ýöne bu buýsanjym uzaga çekmedi. Muňa zeminde näler bolýanyny arşdan synlap, kert gaýada gurnan höwürtgesinde sarsman oturan garry bürgüt sebäp boldy.
Men onuň öz galkyp bilen belentligim babatda näme pikirdedigini bilmek isleýärdim. Ykrar edilmegime mätäçdim. Bu barada soranymda, ol:
—Hawa, seniň çykyp bilen belentligiň göz giderlik. Ýöne ol durnalaryň uçýan belentligi. Eýýäm ýetilen sepgit. Öň aýdyşym ýaly, sen öz belentligiňi tapsaň gowy bolar –diýdi.
—Meniň has-da ýokaryk göterilmegim gerekmi? –diýip soradym.
—Eger başaryp bilseň –diýdi.
Ine, şondan soň men Günüň deňine galkmagy niýetime düwdüm. Ganatlarymyň güýjüni artdyrmak üçin irginsiz türgenleşdim. Erkimi beketdim. Sebäbi beýle töwekgelçilikli uçuş üçin polat kibi taplanan erk möhümdi. Ähli babatda özümi uçuşa taýyn hasaplanymsoň, baky hem nurana Güne garşy galkdym.
Bulutlar tüýdülen ýüňe meňzäp bireýýäm yzda galdy. Uç-gyraksyz mawy giňişlik başlandy. Ol giňişlikde ýeke-täk men—çuw-ak ganatly Guşjan uçup barýardym. Özümiň şeýle tiz uçup bilýänime haýran galýardym. Ganatlarymyň hereketi göze-de ilenokdy. Tes-tegelek tylla Gün oňa golaýladygymça ulalýardy. Ýiti şöhleleri ýakyp-ýandyryp barýardy. Men öz-özüme: «Besdir, şu belentlikde saklan!» diýýärdim. Emma ganatlarymda entek kuwwat barlygy, öz başarnygymyň näderejededigini subut etmek hyjuwy meni öňe tijeýärdi.
Günüň gyzgyny barha artyp, indi men gyzyl oduň içinden uçup barýan ýalydym. Ganatlarym lowlap ýanýardy. Şeýle-de bolsa saklanamokdym. Hamana, indi men öz başarnygymy Güne subut etmek isleýän ýalydym. «Gün —Gün ahyryn. Güne golaý barsaň, ýakar!» diýlen gadymy pähimi unudypdym. «Barybir boljagym boldy. Negözel ganatlarymdan dyndym. Häzir aşak gaçaryn» diýip oýlanýardym. Diňe erki güýçlülik edip, öňe dyzaýardym. Ýöne hatardan çykan ganatlarym uçmak ukybyny ýitirip, aşaklygyna garşy kelemenläp gaýtdym.
«Şu badym bilen aşak gaçsam, tike-tike bolaryn» öýdüp gorkýardym. Ähli erkimi ganatlaryma jemläp, olary mümkingadar galgatmaga çalyşýardym. Bu aňsat düşenokdy, ejirlidi. Galgadanym bilenem olaryň haýry pesdi.
Ine-de, men ýere patlap düşdüm. Bu ahwala meniň janköýerlerim gynandylar. Göripler welin, hezil edindi. Indi olaryň gözüni gyjyndyryp arşa galkýan Guşjan endam-jany kül-owram bolup bihal ýatyrdy. Tebip meniň sagaljagyma ynam etmän, başyny umytsyz ýaýkaýardy. Men mejalsyzdym. Günüň deňine galkmaga kuwwat tapynan Guşjanyň indi ýerinden gozganmaga-da ragbaty ýokdy.
Özüme zor salyp gözlerimi açýaryn. Penjiräniň öňünde ösüp oturan äpet agaja gözüm düşýär. Ol ýaşamyl agaç. Ony atammy ýa-da atamyňam atasy ekipdir. Men doglanymda-da onuň şu äpetligi ekeni.
Ynha-da, ol agajyň şahasyna täsin bir guş gelip gonýar. Özem ol hakyt maňa seredýär. Bu guş men doglanymda gelen guş bolsa gerek. Ol barada kakam gürrüň beripdi.
Onuň hiç zatdan gorkmaýandygy, islendik howpuň garşysyna gypynç etmän çykjakdygy, zandynda gaýduwsyzlyk bardygy garaşsyz tekepbirlik bilen töweregine keýerjekläp bakyşyndan duýulýardy. Mawy öwüşgin atyp duran kuwwatly ganatlary bolsa älem giňişliginiň islendik belentligine galkmaga mümkinçilik berýändir diýdirýärdi.
Ony göreniňde, ejizlik umma gaçyp, gursagyň hyjuwdan dolýardy. Men oňa:
—Seniň ýaly täsin guşa heniz gabat gelmändim –diýýärin.
Ol maňa:
—Men erteki bilen hakykatyň arasynda ýaşaýan Hyýal guşy –diýýär.
Men oňa:
—Sen maňa aýt, men ýene-de uçup bilerinmi? –diýýärin.
Ol maňa:
—Elbetde, uçarsyň. Sen erjel adam –diýýär.
Men oňa:
—Ganatlarym gyryldy ahyryn... –diýýärin.
Ol maňa:
—Olar ýene-de öser –diýýär.
Hemra ŞIR.
Hekaýalar