IKIÇÄK
Seniñ diwardaky suratyñ göýä iň kiçijik hereketlerimi hem sypdyrmak islemeýän ýaly, giñ otagyñ ähli ýerinde meni yzarlap dur. Eýläk öwrülsemem, beýläk dolansamam, seniñ mährem nazaryñdan sypyp bilemok. Göwnüme bolmasa, az salymlyk aýralyk mähriñe mähir goşan ýaly. Edil şuş-şu mahalam señ gözleriñden çykýan mähir birbaş ýüerge ýetip, meni ezmerläp barýar. Bu nämedenkä? Belki, senem edil şu mahal meni küýseýänsiñ. Belki-de, meni göresiñ gelip, ýüregiñ üzülip barýandyr. Aslynda, seniñ nazaryñdan syçrap çykýan uçgunjyklar dälmidi ikimizi bir göwrä öwren gudrat?! Eýsem, şol dälmidi arzuwly ýaşalýan günlere mähir-muhabbet gatan gudrat! Şondan bäri şol şuglanyñ hiç haçan, ömür-ahyr soňlanmazlygyny beýik Biribardan dileýän. Ine, häzirem ertir sapardan gaýdyp geljekdigiňi bilip dursamam, göwnüm hut şu pursat seni küýsedi.
Seniň o zatlardan habaryň ýok bolmagam ähtimal. Şol gün ikimiz ilkinji gezek bileje gezelenje gitmegi wadalaşypdyk. Seniň wadaly ýere baranyňam, maňa garaşa-garaşa lapykeç halda gaýdanyňam bilýän. Ertesi gabatlaşanymyzda:
- Seni bimaza edenim üçin bagyşla, işiň kändigini bilmändirin—diýip, menden ötünç soradyň.
Seniň bu bolşuň meni haýran etdi. Sebäbi ötünji men soramalydym, duşuşyga baryp bilmedik mendim. Sen weli ýa meni utandyrmajak bolduň, ýa-da edalylygyň üstün çykdy. Garaz, şondan soň, ikimiz bir hili ysnyşdyk gidiberdik. Ýogsam talyplaryň arasynda saňa göz gyzdyrýan gyzyň az däldigini senem bilýärdiň, menem. Seniň syratyň, kaddy-kamatyň gyzlaryň elýetmez arzuwydy.
Toý gününiň başagaýlygy, onuň süýji hysyrdysy bir seniň başyňdady. Sebäbi ýetim bolaňsoň, öz göbegiňi özüň kesmeli bolupdyň. Şol birmahalky arzuwlar indi dura-bara hasyl bolup barýar. Hudaýa şükür, depseň deprenmez günümiz, gül ýaly perzentlerimiz bar. Ýöne adamyñ arzuw-hyýallarynyñ çägi barmy? Gowudan gowusyny isleýäň. Onsoň men seniň öýde ýok çagyň kalba guýan ak arzuwlaryňy yzarlap, hyýalymda seýle çykdym. Ine-de, men ikimiziň şol arzyly ýerimizde. Aşgabadyñ ileri ýakasyny ikä bölüp geçýän derýanyñ kenary säher bilen juda owadan . Iki kenary jähekläp oturan gök arçalar, akly-gyzylly güller gözüñi dokundyrýar. Ýuwaşjadan ädimläp barşyma şemalyñ ugruna çalajadan tolkun atýan durnagöz suwy synlap, göwün ýüwrütdim . Seň öz aýdyşyň ýaly, ýagşy arzuwyň lezzeti başga. Şol halat göwnüm gül-gül açylyp, ýaşlygyñ derwezesinden girdim-de, şol birmahalky ajaýyp döwrana dolandym. Onsoñ ikimiz kiçijik gaýyga mündik-de, şol dury suwda ýüzüp başladyk. Durşuma näz-kereşme bolup, saňa tarap uşajyk tolkunlary sepeläp oýnamaga başladym. Monjuk-monjuk bolup düzülýän düwmeler gün şöhlesine älemgoşaryñ öwüşgini bolup, seçelenýär. Sen weli, menden gözüñi aýryp bilmän, şol ajaýyp şuglañ bilen bagrymy-kalbymy tutuşlugyna gaplap otyrsyñ. Owal-ahyr ýatdan çykmajak şol pursat añyma ömürlik ýazylypdy.
Onsoñ suw çüwdürimleriniň şabram şelpeleriniñ owazy dutaryñ goşa taryndan çykýan şirin mukamlar deýin meni ezizläp başlady. Şol pursat hyýalymda durnagöz suwuň ak damjalarynyň edýän owazy “Goñurbaş mukamy” bilen başlanyp, “Awçy mukamyna” çenli dynuwsyz ýañlandy. Şonda bu dünýäde diňe ikimizkäk mukamlaryñ dünýäsini boýlan näzik köñlüm derýa bolup, çasly akyp ugrady. Ak arzuwlarym bolsa ummanyñ äpet tolkunlary ýaly, uç-gyraksyz kenaryna tarap çyrpynyp, dünýämi düýrmegi bilen gaplap aldy. Onsoñ juwanlygyñ heseri yşkyñ alawly oduny ölçerip, kalbyñ çuñ ýerlerinde harasat turuzdy. Şonda hyjywym, yhlasym seniň henize çenli maña aýdyp bilmän, kalbyňda göterip ýören syryňy syzdyrdy. Indi meniñ üçin bar zat aýandy. Seniň meni söýýändigiňe, meniñ adymy aýdym edinip, şonuñ bilen ýatyp turýandygyňa şol pursat düşündim. Onsoñ…onsoñ…
Şeýle halatda bu giñ jahanda öz arzuwlaň bilen ikiçäk galyp, dünýäñ lezzetini duýmakdan süýji zadyň ýokdugyna düşünýäñ. Şeýle duýgular kalbyñy gaplanda dünýäñ, ýaşaýşyñ manysy üýtgäp, ýagşylyk etmäge ymtylýañ.
Onsoň töwerek-daşyñ durşuna gözellige, ýagşylyga öwrülýär-de, süññüñe üýtgeşik bir ýeñillik aralaşýar.Edil şol dem öñüñde alynmajak gala, ýetilmejek sepgit ýok ýaly görünýär. Gijäniñ tüm-garañkylygy hem seniñ nazaryñda başgaça ýalkym saçýar. Onsoñ bu mähnet dünýäniň iñ bir kiçijik güljagazy-da seniñ gözüñe Erem bagynda bitten bägül bolup görünýär. Bägülleri çynyň bilen synlanyñda, olaryñ gözelligem, hoşboý ysam durkuñy durşy bilen gaplap alýar. Aslynda, bägüller açylanda dünýäniñ hoşboý ysa bürenýändiginiñ sebäbi-de olaryñ türkmeniñ ulugyzyna meñzeşliginde bolsa gerek. Türkmeniñ ulugyzy asyllylygy, syratlylygy, owadanlygy, edalylygy bilen ýigitleri bendi edýän bolsa, bägülleriñ öz dünýäsi bar. Ana, şol dünýä, şol ajaýyplyk olaryñ reñkine görä berlipdir. Tylla günüñ öwüşginini alan sap-sary bägüller! Ulugyzyñ ýañagyna meñzäp duran al-elwan bägüller! Yşka dolan ýüregiñ gyrmyzylygyny perine siñdiren bägüller! Olaryñ iñ owadany, ysynyñ iñ hoşboýy hem gara bägüller!
Bägülleriñ türkmen gözeline meñzeşligi, näzikligi olaryñ öz ösen topragyndan reñk alýanlygynda bolsa gerek. Türkmeniñ zenan maşgalasynyñ edalylygy, öz ojagyna wepalylygy hem şu topragyñ keramaty bolmaly. Türkmeniñ zenanam, edil dünýäniñ beýleki halklarynyñ zenanlary ýaly owadan, näzik, asylly. Ýöne ojaga, söwer ýara wepadarlykda türkmen zenanyna taý geljek başga bir maşgala ýer togalagynda az-az bolsa gerek.
… Seniñ şol mährem nazaryñy yzarlap, onuñ şuglasyndan nurlanan kalbymy türkmen gözeliniñ wepadarlygy baradaky oýlaryñ gaplap almagynyñ sebäbini indi añlajak bolýan. Asly, zandy merdana türkmen ýigitleriniñ edermenliginiñ, batyrlygynyñ biziñ zenanlarymyzyñ wepadarlygyndan gözbaş alýandygyna indi-indi akyl ýetirýän. Sebäbi olar jeñe gidenlerinde watan üçin, il üçin wepat bolanlarynda-da ojagynyñ odunyñ öçmejekdigine magat göz ýetiripdirler. Bu ynam, wepadarlyk türkmen zenanynyñ mertebesini belende galdyryp, ony öýüñ Hudaýynyñ deñine eltipdir. Bir günlük wysaldan soñ, ömrüni ýar ojagyna baglan türkmen zenanynyñ hasabynyñ näçeräkdigini geçen asyryñ pajygaly urşy dünýä aýan edipdi. Ana, şol baky wepadarlyk türkmen ýigidiniñ kalbyny, ýüregini tutuşlygyna eýeläpdir. Şeýdibem, zenanlar öz gerçek ýigitlerini merdanalyk atyna ataryp, olara edermenlik donuny geýdiripdirler. Şol ilkinji gezek duşuşyga barmadygam bolsam, seniň zenan naşgala ynanjyň biziň durmuşymyzyň gönezligi bolan eken. Seniň suratdaky keşbiňden çogup çykýan yssy mähre çoýynyp, türkmen gözelleriniñ wepadarlygy hakdaky oýlary boýladygymça, seniñ nazaryñdaky şuglanyñ öçmejekdigine bolan ynam süññümi tutuşlygyna eýeledi. Şondan soñ men iki ynsanyñ kalby, ýüregi, süññi, dünýäsi-düýrmegi bilen birleşende, bakylyk döredip bilýändigi baradaky hakykata göz ýetirdim…
Ogulgerek Ussaýewa.
Hekaýalar