Gürrüňçiligiň soňuny Babines jemledi. Ol serginiň iňňän netijeli bolandygyny, hökmany suratda onuň öz miwesini berjekdigini, “üýtgedip gurmak” döwründe partiýanyň we hökümediň öz öňlerinde goýan wezipesiniň hötdesinden suratkeşleriň aňyrýany bilen geçjekdiklerine ynanýandygyny dabaraly suratda belläp geçdi. Şeýle hem indiki gezege çenli myhmanlar üçin dilmaç tapmaklygyň aladasynda boljakdygyny aýtdy. Hut şeýle hem boldy. Şondan bir hepde geçenden soň gurnalan ikinji sergide, ýörite çagyrylyp getirilen terjimeçileriň üsti bilen, daşary ýurtly suratkeşlerem öz pikirlerini aýtmana mümkinçilik gazandylar.
Karpat daglary bolsa bizi entegem gynaýardy, ýüz bermeýärdi. Çünki, muňa onuň haky bardy. Ýegoryň, Gajybekiň aýdyşy ýaly ýüzbe-ýüz durkaň Karpat daglarynyň keşbini başgaça beýan etmek mümkin däl. Çünki, gözel görnüşlerinden başga, onuň özge hiç bir dagyňka meňzemeýän üýtgeşik, özboluşly hüý-häsiýetlerem bar. esasanam güýz aýlary. Şol döwür onuň özem däli-porhan bolýar, goýnuna girenem ýeldirgedýär. Pleneriň güýz aýlary geçirilendiginiň sebäbem hut şonuň bilen bagly bolsa gerek.
Dagy näme, bir görseň-ä ine, göm-gök asmandaky ak bulutlar lemmer-lemmer, gat-gat bolşup, hiç bir hereketsiz doňşup durandyrlar. Taňrynyň tegelegi bolsa şöhlesi bilen ýapylaryň ýaşyl gerişlerini gyzdyryp, süňňüne mähir siňdirýändir, reňňine-reň goşýandyr. Birdenem şemal öwser-de, ýyrşaryşyp duran ak bulutlaryň ýeňselerinden südenekledip allaowarralara tarap alyp ugrar. Olaryň ornuna eginleri gara ýapynjaly, gollary ujundan ot syçrap duran gara gürzüli gaharjaň gara bulutlary getirer. Günüň öňüni örter. Şonda ýapylaryň ýaşyl reňkiniň ýitisi peseler-de, daş-töwerek birsyhly solgun sowuklaç, içgysgynç görner. Daş-töwerek garalar. Ýagşyň ysy geler. Al-asmandan çawup gaýdan seýrek damjalar ilk-ä maňlaýyňa, ýaňaklaryňa gonar. Soň edil maýdagöz elekden geçiýän ýaly owunjakdan sepelär. Jybarlar. Çisňär. Süňňüňi sowadar. Gaçara, bukulara ýer gözleder. Gök gübürdär. Zemini zenzele gaplar. Şondan soň ýagyş güýjerlär. Çabga guýar. Doly geler. Dergazap dag ýeli ýagmyr daşamakdan ýaňa ýagyrnylary ýagyr bolan gat-gat bulutlaryň ýokarky gatyny Günorta Demirgazyga tarap kowalasa, aşaky gatyny Demirgazykdan Günorta tarap kowalar. Ortakysynyň bolsa ýakasyndan ebşitläp tutar-da, Gündogardan Günbatara bakan süýräp ugrar. Birdenem üç gatyň üçüsiniňem bilinden goluny geçirer-de, kak towlan ýaly towlaga-da, ýanbaşyndan aýlap dikbaşak eňterer. Ýapylaryň ýüzüne “pagşyldadyp” urar, başlaryny ýaýkaşyp oturan agaçlaryň üstünden şowurdadyp guýar. Şonda sen erkini gara tupanyň eline beren sergezdan bulutlar bilen ýüzbe-ýüz bolarsyň. Ikiçäk galarsyň. Isleseň gerişlerinden sypalarsyň, isleseň gözýaşlaryndan goşawuçlap içersiň. Hemişe asmanda gaýyp ýören elýetmez dildaryňa zemin üzre duşan dek ýüzüňe sylarsyň. Gowşaksy süňňüňde özüňe birhili golaýlyk duýarsyň.Ony eziziň, mähribanyň saýarsyň-da, bir toplumyny gujaklap bagryňa basarsyň. O-da seni öz hossary saýar we alyslara tarap rowana bolmazdan burun ýaňaklaryňdan sypalar öz dilinde bir zatlar diýip ýylymsy sözler bilen gulagyňa pyşyrdar. Soňam ýagty ýalançyny ýene bir gezek görmek üçin iň soňky deminde ýerinden galan hassa dek esli ýere çenli süýeklerini süýräp gider-de, tellerini tasadyp asmana göteriler, ýaňy bir aýralygy süňňüň syzyp ugrandanam onuň ornuna başga bir toplum geler. Sen onuň bilenem bir demde mähriban boluşarsyň, syr berip syr alyşarsyň. Salamlaşarsyň. Sadalyk bilenem hoşlaşarsyň.
Hä, diýmänem Gün çykar. Ýapylaryň ýüzi öňküsindenem has açyk, ter görnüşe eýe bolar. Bar zat tämizlener. Otlaryň baldajyklaryndaky gözýaş deý bulduraşypjyk duran nepisje damjalaryň ýüzünde ýedi öwüşginli älemgoşar görner. Gürgümme gara tokaýlyklaryň süňňünden syzyp çykýan çal ümür dag gerişlerinden göterilýän ak dumana goşular-da, howlukman asmana galar. Şol ýerde-de gözüň ýagyny alyp barýan owadan, arassa ak buluda öwrüler. Lemmerlener. Duran ýeriň dag gerşi bolsa-ha ho-ol, aşakdaky çuňňur jülgelerden göterilýän ak bulutlary görüp, olardanam belentdedigiňe buýsanarsyň. Ýöne, ol ahwalat üçin belent daglara minnetdar bolmalydygyňy welin unutmarsyň. Ak dumana duwlanan bu giň dünýede şol dem asman kaýda, zemin kaýda bilinmez. Sen göýä howada, asmanyň bir ýerlerinde uçup ýören ýalysyň. Jülgelerden göterip gelýän ümürleç ak bulutlaram deňiňden temeklerini taýzardyşyp geçibermezler. Olaram edil ýagmyrly gara bulutlar kimin gelerler-de, ak, ýüpek pile deý daşyňa çolanarlar, arka-boýunlaryňy sypalaşdyryp ejirli ýüzüňden ogşarlar, agyzlaryny agzyňa goýup çyg demlerini içiňe üflärler. Öýkeniňi asallalarlar. Nepesiňe-nepes, ruhuňa-ruh goşarlar. Kalbyňda ýumşaklyk dörederler. Meýmirederler. Çuňňur ukuda ýatyrkaň hyýaly, süýt köli deý ak düýşüň içine düşen dek üýtgeşik bir hala getirler. Sen olaryň gerişlerine atlanyp alyslara aşmak üçin elleriňi uzadarsyň. Emma eliňe zat ilmez. Uran ýeriň boşluga gider durar. Duman doly syrylansoň gözýetimem açylar. Dünýe giňar. Ýüz-müň röwüşden doly owadan, öwrenişen dünýäňe dolanandygyň üçin sen ýene-de begenersiň. Edil süýji hem hoşsurat ukudan oýanan dek uludan bir demiňi alarsyň-da, ýüzüňe dür däneleri sepilen ýaly ýaldyraşyp ýatan ýaşyl ýapylaryň her ýerräginde ikiden, üçden ikbaş ýaly çürrelişip oturan ot küdelerini edil birinji gezek görýän ýaly höwes bilen synlarsyň. Olar saňa agyr işden soň dynç almaga oturan daýhanlary ýatladarlar. Ine-ine, turup gitseler gerek diýen oý seriňe geler. Derrewem oba tarapdan ýene-de şol ýekeje sygryny idip gelýän başy ak ýaglykly, aýagy köneje ädikli, göwşüllän çit köýnejiginiň üstünden sary giden güpbi ýa penjek geýnen garryja kempir görner. Soň ýene biri, ondan soň üçinjisi peýda bolar. Ýap-ýaňyja ýagyş suwuna birkemsiz ýuwulan bol ota sygyrlaryny goýberenlerinden soň olar bir ýere üýşerlerde, kütelişen gözlerini biri-birlerinden gizleşip gybata oturarlar. Käte alyslara bakarlar-da, şol ýapylaryň ýüzünde, güýzüne tylla sary, tomsuna göm-gök, gyşyna ap-ak dona bürenýän sümme tokaýlyklaryň arasynda, hälki göwsünden ak bulutlar göterilen çuňňur jülgeleriň içinde, bir ujy al-asmanda elesläp görünýän gabaraly gaýalaryň arasynda geçen ýaşlyk ýyllaryny ýatlaşarlar. Birdenem gara görnüm ýerdäki gyrymsy tokaýlyklaryň içinden bir akja towşanjyk ylgap çykar-da, olaryň üznüksiz görünýän söhbetleriniň arasyny keser. Ýaşyl ýaýla görk berip gelşine gyzyl gözlerini çerreldip daş-töweregine sereder. Yzyndan hiç kim kowalamaýan hem bolsa öz-özünden basga düşüp iki ýana elewrär. Kempirleriň daşyndan aýlanar. Sen-ä öňem bir ýerde gördüm öýdýän diýýän ýaly, gapdallarynda durup ýüzlerine çiňeriler. Olaryň “gyk-bagyndan” gorkubam yzyna öwrüler. Ozalam şol ýerde bir zatdan tebil tapyp gaýdandygyna garamazdan baryp ýene-de şol gyrymsy agaçlaryň arasyna sümüler. Gybatdan az-kem ünsleri sowulan kempirler bolsa ýene-de alyslarda galan, günler baradaky süýjümtik gürrüňlerine dolanarlar.
Howwa, Karpat daglarynyň özge ýurduň daglaryna meňzemeýän şon deýin üýtgeşik häsiýetleri bar. Şonuň üçinem, her hepdeden bir gezek geçirilýän özara sergilerimizde: “Gussaly Karpat”, “Dumanly Karpat”, “Güneşli Karpat”, “Karpatyň ýaşyl ýaýlalary”, “Karpatda nur ýagýar”, “Karpatyň ak bulutlary” diýen ýaly atlar bilen çykarylýan işleriň sany artyp başlady. Ol eserleriň çeperçilik derejesi dürli-dürli. Ýöne, Karpat daglary suratkeşlere ýüz berdi, günälerini geçdi, diýerden welin entek ir.
Her niçik hem bolsa ugur şoňa tarap. Araba ýerinden gozgandy. Jygyldysy azaldy. Işiň ümzügi ilerledi. Ene mähriniň ýylymsy ysy gelip başlady.
Şeýdip eteginden ogşap, boýnundan aslyşyp, ýörşümize men ýeke bir Karpat daglarynyň däl, eýsem onuň goýnunda gyşlap ýören balalarynyňam başga hiç bir ýurduň adamlarynyňka meňzemeýän hüý-häsiýetleriniň, üýtgeşik ykballarynyň bardygyna göz ýetirdim.
Şol gün bizi Karpat daglarynyň iň beýik aşalgalarynyň biri bolan “Pakiti” belentligine alyp gitdiler. Ol ýerde şolar ýaly üstünden ötüp aňyrsyna aşylýan belentlige “perewal” diýýärler. Awtobus öwrüm-öwrüm ýollar bilen “yňlaý-yňlaý” ahyry aşalganyň süýr depesine çykdy. Gyralary gyrymsy agaçlar bilen gaýmalanan jülgeler, oýtum-oýtum kölçeler, ýaşyl ýapylar ho-ol, aşakda galdy. Ozaldanam uly bolmadyk ýodajyklar ýokary çykdygymyzsaýy inçele-inçele ýaşyl begresiň üstüne gaçan ak sapaga döndüler. Onda-munda kowçum-kowçum oturan ýaşyl, gyzyl, gök çerepissaly çaklaňja ak jaýjagazlar bolsa ýap-ýaňyja dürli reňklere boýalyp indem gök köýneklije oglanyň etegine oklanan ýaglaz aşyklara meňzediler.
Awtobusdan düşenimizden soň belentligiň aňry ýüzem edil elimiziň aýasynda ýaly aýdyň göründi. Ýöne, o çetde gözýetim has uzak. Asman beýik. Ýapylaryň ýüzünde welin şol bir tanyş görnüşler. Bölek-bölek tokaýlyklar, dik oturan sansyz-sajaksyz ot küdejikleri, ekilen ýa-da sürülen meýdan, ot orup ýören gojalar, ýene-de şol bir sygyr bakyp ýören kempirjikler... Ho-ol aňyrrakdaky oýda bolsa kiçeňräk oba görünýär. Aşalganyň galan iki tarapy welin, şol bir gerişligine tä, kim bilýär nirelere çenli uzalyp gidýär. Üstem gür tokaýlyk. Şonuň üçinem aňyrsy görnenok. Inem bolaýsa iki ýüz metrden giň däl. Howa oňat. Gün şöhle saçyp dur. Asman dury. Göm-gök. Gögüň hemişelik hemşerileri bolan akja bulutlar bolsa biziň bu ýerde nä işler gaýyrjakdygymyzy gözleri bilen görüp ondan soň ugramakçy bolýan ýaly, dik depämizde aýaklaryny sallaşyp, ýyrşarylyşyp otyrlar. Garynlaryny gasyn-gasyn edip dik duranlaram, aýaklaryny uzyn salyp ýanyn ýatanlaram bar. Mahlasy, hemmesi arkaýyn. Bu ýagdaý ýeke bir şu günüň däl, eýsem ýene-de ençeme günüň şular ýaly asuda, parahat boljakdygyny aňladýar.
Ýöne, ýeri-gögi bezäp duran şol gözel görnüşleriň görküni bozmak üçin ýörite edilen ýaly, biziň düşen ýerimziň edil elli-altmyş ädim beýle ýanynda depe ýaly “pestisit” üýşmegi akjaryp ýatyr. Depäniň kä ýerinde ýarty, kä ýerinde bütin, içi pestisitli haltalar görünýär. Bu ýagdaý biziň barymyzyň lapymyzy keç etdi.
―Bu şu töwerekde kartoşka ekýän kolhozlaryň işidir ―diýip, Babines seňregini ýygyrdy. ―Ýörüň bolmasa biraz beýleräk süýşäýeliň.
Şol wagt plener başlaly bäri gürrüňçiliklerde-de, oturşyklarda-da kän bir sesini çykarman ýylgyryp ýören, barypýatan naturalist, Özbekistandan gelen Ýahýonyň gyryljak sesi eşidildi.
―Aý, bolýa-laý... Oňaýalyň-laý... Sebäbi siz gaçyp özüňizi biziň Andižanymyza ataýanyňyzda-da bu üýşmekden gutulyp bilmersiňiz...
―Ol-a dogry.. ―diýip bir ýerden Gajybekiň sesi eşidildi. ―Soýuzyň haýsy künjüne barsaňam öňüňden öňi bilen şu üýşmekleriň çykjakdygy-ha çyn...
Ol ikisiniň aýdanlaryny hemmeler tassykladylar. Menem tassykladym. Şonuň üçinem şol ýerde goş ýazdyrdyk. Günortan sagat birlerde, şol ýerde garbanmagy wadalaşybam herimiz bir tarapa ugradyk. Üstündäki azyk-owkatlarymyzy düşürdi-de, ikindinaralar geljekdigini aýdyp awtobusyň sürüjisem rola geçdi-de, ur-tut gelen yzyna tarap tutdurdy. Goşda Babines bilen pan Trembaç galdy.
Men ýoldaşlarymdan saýlandym-da, gerşiň üsti bilen Günorta tarapa ugradym. Çat maňlaýdaky seýregräk oturan bir bölek gyrymsy agaçlykdan geçdim. Soň açyk meýdan bilen azajyk ýöredim-de, pes oýa indim. Gyralaryny gür gara tokaýlyk tutup ýatan jarlaryň içinden urup geçip ýene-de beýige çykdym. Durup daş-töweregime garanjakladym. Has göwnejaý görnüşler tapmak niýeti bilen ýene-de ýolumy dowam etdirmek isledim. Edil şol wagtam sag tarapdaky oýuň içinde, beýik sosna agaçlarynyň arasynda ýanaşyk oturan üç sany hütdüjege gözüm düşdi. Saklandym. Siňe-siňe syn etdim. Olaryň ikis-ä juda ir terk edilene meňzeýär, ýöne biriniň welin içinde henizem ýaşalýandygyny güman etmek mümkin. Men şol tarapa ýöneldim.
Jaýlaryň sag tarapyndaky ýapynyň oty orlupdyr-da, ähli ýerde edilişi ýaly, olardan ikbaşa meňzeş ujy çüri küdejikler boglupdyr. Orlup, ýöne entek çalykdyrmak üçin serlip goýlan ýerlerem bar. Megerem kartoşka bolsa gerek, ýapynyň çep tarapynda bir zatlar ekilipdir we eýýam ep-esli ýeriniň hasyly köwlenip alnypdyr.
Eger-de şol ujy çürüje ot küdejikleriniň arasyndan başy karpat gussullarynyňky ýaly depesi beýik, etegi ýaýbaň hem saýawan ýaly aşak abanyp duran galyň, garamtyl-gök şlýapaly, aýagy gonjuna çenli palçyga bulaşan köneje ädikli, uzyn penjekli, penjeginiň aşagyndaky ýakasy köneje keşdeli ak köýneginiň bili çermege dakylýan tokasyz kemer bilen guşalgy, sakgal-murty ak däl-de çal, gyrçuw, jikgelleri gyzyl, içi çyg gökje gözleri gülüp duran ýetmiş ýaşlaryndaky ýaşuly zompa çykaga-da:
―Zdorowenko buli, pane! ―diýip, ýadaw hem aýgytly ädimler bilen maňa tarap gaýtmadyk bolsa, men elbetde, bu ýerde janly-jemende ýokdur öýdüp ýolumy dowam etdirerdim we dünýeden sowa oturan bu hojalyk bilenem, onuň eýýämhaçan maňa mähriban görnüp ugran eýesi bilenem hiç haçan ýakyndan tanşyp bilmezdim.
Men salama salam bilen jogap berdim-de, ýaşula tarap göwünjeň ädimledim. Aramyz golaýlandanam ol elindäki çalgy oragyny sömelişip duran küdeleriň birine söýedi-de, şlýapasyny çykaryp baş egdi. Soň gelip elleşdi. Şlýapasyny geýdi. Hal-ahwal soraşdy. Bu jelegaýyň adamsy däldigimi daş keşbimden aňyp bu ýerlere nädip, nireden düşendigim bilen gyzyklandy. Aljak maglumatyny alyp bolandan soňam:
―O-o-o!.. Dale-ko, dale-ko... Duže dale-eko...―diýip, ukrain diliniň günbatar şiwesinde gürledi. Dag şemalyna ýaşaran gözlerini aýasy bilen süpürip durşuna başyny ýaýkady. Jübüsinden tas gutaryňkyrlaberen “Awrora” çykardy. Hödür etdi. Men başymy ýaýkadym. Şondan soň ol: ―Pr-a-awilno, ne tre-ebe, se ýe duže pagano... ―diýdi-de, ýaňadandan elini jübüsine sokdy. Ýarsy ak-ýarysy gara, köneje müşdük çykardy. Çilimini şoňa ötürdi. Agzyna ýetirdi. Içinde bary-ýogy üç dänesi galan otluçöpüň birini çykaryp çilimini otlady. Agzyndan tüsse goýberip durşuna boguljyrap gepledi. ―Ýak was weliçati? ―Men adymy aýtdym. Adymy atamyň ady bilen bilelikde tutup oturmagyň hökman däldigini düşündirdim. Ol maňa ýene bir gezek elini uzatdy. ―A mene klyçe Iwanom. Po batkowyý Ýurýewiç. Iwan Ýurýewiç znaçit. Familiýa moýa Redyý. ―Şondan soň ol egnimdäki etýudnigime tarap baş atyp mylaýym ýylgyrdy. ―Malýuete...
―Da, Iwan Ýuriýewiç, malýuem. Za etimi priýehali.
Ol:
―Do-obre, do-obre... ―diýdi-de, elimden tutup külbejigine tarap ýöneldi. Meniň ukrainçe düşünmeýändigimi aňansoň sözlerine mümkin boldugyndan orsça garmaga çalyşdy. ―Piýdäm do domu. Çaý budem piti, sala s hlebom budem ýisti... Ýesli bude potribne, ýeşo koe-çto naýdýem...
Soňky sözleri aýdanda ýaşulynyň gözleri ýiteldi. Gultundy. Birdenem sakga saklandy-da, meniň musurmandygymy ýa hristiandygymy, içýändigimi ýa içmeýändigimi sorady. Men musurmandygymy, ýöne içere zat tapylsa onuň özünden kem galmajakdygymy aýtdym. Ýaşuly hezil edip güldi. Şondan soň onuň birhili aýaklaram ýeňlän ýaly boldy. Men ondan nämüçin bu töwerekde özünden başga janly-jemendäniň ýokdugy barada soradym.
―Bu-uli-i... ―diýip, ýaşuly ho-ol, aşakdaky jülgäniň içinde garalyp görünýän aralyga bakan elini uzatdy. ―Şo ýerde iki öýli bardy, ýöne olaň, göçüp gidenine esli wagt boldy.
―Öýde ýeke özüňizmi?
Bir ädim öňümden loňkuldap barýan ýaşulydan jogap bolmady. Men soragymy gaýtaladym. Ol aýak çekdi-de, ýüzüme üşerildi. Maňa tarap egilibräge-de, gulagyny agzyma golaýlatdy.
―Proşu pane?
Gojanyň gulagynyň agyrrakdygyny, “antennasynyň” sähelçe aralykdanam tutubilmeýändigini men şonda bilip galdym we soragymy üçünji gezek gaýtaladym. Ol birhili gussa batan ýaly boldy-da:
―Howwa, howwa...Ýeke özüm... Indi ýeke özüm... ―diýip ýene-de hütdüge tarap höküdikläp ugrady. ―Öňler ýeke däldim. Bäş gyzym bardy. Ýöne, durmuşa çykdylar-da sülgüniň jüýjeleri ýaly pytradylar ötägitdiler. Aýalymyň ýogalanyna bolsa indi on ýyl bolup barýa... ―Ýaşuly aýak çekdi-de, asmana seredip çokundy. ―Sarstwo ýeý nebesnoe. Gowy adamdy bende...
Iwan Ýurýewiç şondan soň ot üýşmekleriniň birinden ýüzugra bir goltuk aldy-da, mal ýatagy bolsa gerek, hütdükleriň has egbarragyna tarap ýöneldi. Oty gapynyň agzynda goýup özi içeri girdi. Şol wagt içerden birbada üç haýwanyň sesi eşidildi. Biri mäledi, biri molady, birem “hork-hork” etdi. Men bilesigelijilik bilen döläniň içine boýnumy uzatdym. Emma gözedürtme garaňkylykdan ýaňa hiç zat gözüme ilmedi. Hatda Iwan Ýurýewiçiň özünem saýgaryp bilmedim. Şonuň üçinem men garaňkylyga ýüzlenmeli boldum.
―Muň içi ýaman garaňky-la, Iwan Ýurýewiç...
Gojanyň sesi güňleç çykdy.
―Şeýtmeseň bulary siňekler gününe goýanog-a...
Sesiň yz ýany bilenem garaňkylygyň içinde çalymtyk sudur tolkun atdy-da, edil alkymymda ýaşulynyň ýygyrt atan üçburç süýnmek hem aksowult ýüzi göründi. Şol ýüzüň ýüzündäki salparyp duran ýaryk-ýaryk galyň dodaklar, düýbünde üç-dört sany sary diş somalyp duran çym-gyzyl kentlewük, ullakan agyz, eýýämhaçan ujuna palçykmy, paçjamy bir zat ýelmeşen gönümel burun, ýagta tarap bakmany kyn görýän jöwhersiz gözler,şol gözleriň üstüni örtüp duran gögümtil gabaklar, ösgün gaşlar dogrusyny aýtsam meni birbada düýrükdirmänem durmady. Özümi birhili gorkunç düýşüň içine düşen ýaly duýdum. Ýaşuly bolsa çykyşy ýaly daş işikde ýatan pili garbap aldy-da ýene-de garaňkylygyň içine siňip gitdi. Garaşdyrýandygy üçin ötünç sorap mallaryň aşagyny arassalady. Üýşen hapalary iki sany köne setile guýup äkitdi-de, bir çetde duran ders üýşmeginiň üstüne dökdi. “Indiki ýyl üçin dökündir bi..” diýip, öz-özi hümürdendi. Şondan soň hälki gapynyň agzynda goýan otuny göterip ýene-de dölä girdi. Ota imrigen bolsalar gerek, goýun bilen sygryň sesi çykmady. Doňuz welin birsyhly horkuldady durdy. Oňa çenlem ýaşuly ýegdekläp çykdy-da, gala alan ýaly uly joşgun hem dabara bilen:
―Piýdämo? ―diýdi.
―Doňza zat bermediňiz-le?..
―Oň höregi başgadyr. Oňky şu wagtam öňünde bar. Soňrak ýene biýrin.
Maňa henize çenli ýewropaly daýhanyň öýüni, onda-da bular ýaly ýigriminji asyryň ähli mümkinçiliklerinden mahrum galan, geçen asyryň durmuşyny ýatladyp duran ot-ojaksyz, yşyksyz öýüni görmek miýesser etmändi. Şonuň üçinem, ol öýüň içindäki iň owunjak zatlara çenli maňa geň, nätanyş göründi.
Bosagadan ätleýşiň ýaly burnuňa urýan çygly, ýakymsyz ysam, öý goşlarynyň çalam-çaş bolup ýatyşam,ýuwlup-ardylmadyk gap-çanaklaryň çalamünder bolup durşam, bu golaýda syrylyp-süprülmedik äpişgeleriň tot-tozan basan, aýnalarynyň ýüzündäki kirşenlerem ol öýüň öz mähribanyndan hakykatdan-da has ir jyda düşendiginden habar berýär. Megerem, başda eýwan hökmünde ulanylan bolsa gerek, giren agzyňdaky ullakan otagyň içi birgiden oba hojalyk gurallaryndan, ussaçylyk enjamlaryndan doly. Terslin-oňlyn, üsti-üstüne goýlan döwük-ýenjik stoldyr, stullaryň, şkafdyr-tumboçkalaryň gapdalynda sünnälenen-u-sünnälenmedik pürsler, uzynly-gysgaly tagta bölejikleri çaşyşyp ýatyr. Şol zatlaryň aşagynda bir ýerde köneje welosipediň ramasy göze ilýär. Şonuňky bolsa gerek, diwarda iki sany pokryşkasyz, simleri sallanyşyp duran tigir we posly zynjyr asylgy dur. Ýene bir ýerde bir tarapy tutawaçsyz rul, köneje tikin maşyny tagaşyksyz halda çaşyşyp ýatyr. Başga bir çüňkde bäş-üç sany täzeje agaç çelek biri-biriniň üstüne münderlenip goýlupdyr. Üç hatar çekilen ap-akja ýüpden bolsa birgiden çaga eşijekleri asylgy.
―Şularyň hemmesi öz gyzjagazlarymyňky... ―Iwan Ýurýewiç bozulandygyny bildirmezlik üçin menden ýüzüni gizläp durşuna gamgyn gürledi. ―Kiçijikkäler geýen eşikleri... Saklap ýörün. Gowy edýän, goý dursun. Menden näme, ot-suw isleýämi bular? Hany, geçsene, girsene.. Proşu...
Ortaky jaýa girdik. Edil ertekili flimlerdäki ýaly garypja daýhanyň öýi. Işigiň sag tarapynda kerpiçden örülen, üstünde iki adam arkaýyn ýatybiljek, kerpiçden örülen rus peji. Çepde üstüne köneje düşek atylgy agaç krowat. Jaýyň süňňi ýonulyp biri-biriniň üstüne ýanyn goýlan togalak, berýoza agaçlaryndan tutulypdyr. Penjireleri kiçijik. Şonuň üçin içeri garaňky. Dar hem ýürekgysgynç. Diwardaky suratlarda kim-kimleriň bardygyny juda golaý baraýmasaň saýgarmak kyn. Olaryň arasynda gojanyň öz suratam, çagalarynyň, aýalynyň suratam bar, ýöne köpüsi Isa pygamber bilen bibi Merýemiňki.
Ortaky jaýda köp eglenmän törki jaýa geçdik. Äpişgesi iki bolansoň ol birneme ortadaka görä ýagtyrak. Umuman, gyşyna sowuk bolansoň äpişgelerini ýörite kiçi goýýan ekenler. Törki jaýyň ortaky jaýdan ýene bir tapawutly tarapy onuň ortarasynda ullakan, elde ýasalan agaç stol dur. Her tarapynda-da özi bilen boýa-boý agaç oturgyç. Stoluň üstüne onçakly köne bolmadyk ak skatert örtülen. Bir burçunda ir döwür neşir edilen, jiltleri gopuşyp ugran “Ýewangeliýa” dur. Ýüzünde şekillendirilen haç we kitabyň ady çala bildirýär.
―Iwan Ýurýewiç! Ähli maşgalaňyzyň jem wagtam şu jaýda ýaşaýamydyňyz?
―A kak že!.. ―Goja hossar tapynan ýaly göçgünli gürläp başlady. ―Ine, bu krowatda başda-ha Nadýajygym ýatýardy. Nastýa bilen. Nastýa diýýänim onuň gurjagy. Ýarmarkadan getirip beripdim. ―Iwan Ýurýewiç beýleki krowadyň ýanyna bardy. ―Ine, munda bolsa ikinji gyzym Oksana ýatýady. Haçan görseň myrlapjyk ýatandyr. Bir, derlegenjedi özem. Ýöne, biçak aglakdy. Oýandygy geçi ýaly lägiribererdi. Mahlasy, ol ýa-ha ýatmaly, ýa-da aglamalydy. Aralyk diýlen zady bilmezdi. Ejes-ä bir kemi bardyr şuň, diýip mahal-mahal dogtora-da äkiderdi. Äkiderdi diýýän-dä, hakykatda welin ikisinem men özüm äkiderdim. Arabaly. Başga ulagam ýok, bäri-bärde doktoram ýok. Ýöne, görüp otursak hiç kemem ýok ekeni. Öz bolşy şeýle ekeni oň. Garaz, Hudaýtarapyn ynjyk ýaradylandyr-da. Ulalansoňam şeýle bir öýkelek bolup ýetişdi welin, Hudaý saklasyn. Bir zat diýdigiň dikleşäýesi gelip dur. Özüň eglişik edäýmeseň goýjak gümany bolmaz. Durmuşa çykansoňam galmady şoň şo häsiýeti. Gaýtam beterledi. Adamsy bilen dagy telim gezek aýrylyşyp barlyşdy. Ýöne, her niçigem bolsa henize-bu güne çenli ýaşaşyb-a ýörler. Çagalaryny gowy görýändiklerinden bolmagam mümkin, adamsynyň gowulygyndan bolmagam mümkin. ―Goja uludan demini aldy-da, stoluň başyna geçdi. Maňa-da “otur” diýip yşarat etdi. Çat maňlaýyna geçip oturanymdan soň ýene bir gezek uludan bir sowuk demini aldy-da, sözüni dowam etdirdi. ―Soň Lýuba bilen Anýa boldy welin, bu krowatlaryň ikisinem şolara berdik-de, Nadýa bilen Oksanany ýaňky ortaky jaýdaky pejiň üstüne geçirdik. Soň Kristina boldy. Spasýonnaýa znaçit... Halas edilen diýmek-dä. Bolmasy kyn boldy-da Hudaýyň gudraty bilen ejesem, özem halas bolaýdy. Ana, o-da Lýubany pejiň üstüne kowdy-da... ―Iwan Ýurýewiç başda Nadýanyň ýatan krowatynyň ýanyna bardy. Ýaýjygyny elledi. ―...O-da Lýubany pejiň üstüne kowdy-da, şu krowady eýeledi. Esli mahal ýatdy şuň üstünde. Şeýdip ýylyň-ýylyna biri-birlerini peje tarap gysdylar gitdiler oturdylar. Ýetişenjesem daşky gapydan “zyrp-zyrp”. Bir görsek töweregimiz boşap galypdyr. ―Goja ýene-de stoluň başyna geçdi. Sag eliniň süýem barmagy bilen gözüniň ýaşyny süpürdi. ―Baý-ba-a-a! ―Meň bujagaz hütdüjegim bir wagtlar guşuň höwürtgesi ýalydy. Gije-gündiz içiniň “jürküldisi” ýatmazdy. “Jüýpüldisi” kesilmezdi. Ýekşenbe günleri ýarmarka gidip gelersiň welin, “jüýgül-de-jüýgül” bolşup öňüňden çykarlar. Ýaňky seň inen beýigiňde ýoluňa garap durandyrlar. Garaň görünendenem alawagyrdy boluşyp aşak inerdiler. Ulujalary öňde, tokarjalary ortada. Has körpejeleri iň yzda, sozan-da-guýruk bolşup bararlar-da, gezek-gezegine gujagyňa dolarlar.Sähelçe zat bilenem göwünleri biter. Birine hüşüldewük beren borsuň, birine pyrlampaç, ýene birine pökgüjik. Her gezek gurjak beýlek-ä getirip bolanok. ―Iwan Ýurýewiç birdenkä dymdy. Soňam ellerini serdi-de, meniň ýüzüme seredip ajymtyk ýylgyrdy. ―Ine, indem hersi bir ýerde...
―Nirede olar bu wagt? Daşmy?
Goja “näme diýdiň”, diýen manyda maňa tarap egildi.
―Proşu pane?..
―Daşmy diýýän olaryň ýaşaýan ýerleri?
―Dördüs-ä daş. Daş diýýäler-dä, men özüm-ä dogrusy olaryň niredediklerinem bilemok. Özlerenem görmeýänime ençeme ýyl-a bolandyr. Ýaňky aglakdy diýýänim welin şu golaýda. Goňşy raýonda. Beýlekileriň habarynam şondan eşidýän. Ýöne, o-da iki-üç ýyldan bir geläýmese gelibilenok. Geler ýalam däl. Ine, özüň pikir et-de göräý, onuň eşikleriniň-ä ýarysy daşary ýurduňky. Bu görünýänleriňkiden üp-üýtgeşik. Owadan. Berk. Özem geýinmäni gowy görýä. Adamsam eline pul düşdügi öýkelemesin diýip öňi bilen şoňa eşik äberýä. Öý goşlaram şolar ýaly. Gymmatbahamyşyn. Telewizir diýermiň, magnitafon diýermiň, adyny tutan zadyň barmyşyn. Holodilnik dagy ikimişinmi, üçmüşinmi... ―Ýaşuly aşak bakyp kemşerdi. Çilim otlandy. ―Näbileýin-dä, özleri şeý diýýäler-dä. Çyn bolmagam mümkin. ―Iwan Ýurýewiç gyzyny aklamakçy bolýan ýaly ýüreginden syzdyryp gepledi. ―Ýeri, onsoň ol nädip o zatlary taşlap bäri gaýtsyn? Töwerek-daşlarynda bolsa entäp ýören ogry-jümri köpmüşin. Eýesiniň ýokdugyny bildikleri öýüni ýaraga-da zatlaryny göterip gidiberýämişinler. Oksananyň hut özi şeý diýip aýdýa. Ýalan sözlemejegi çyna oň. Menem aýdýan, olar ýaly bolsa diýýän, ýagdaýyňa görä boluber, men zerarly zyýana bir galaýma, diýýän. Aý, näme, dogram-da. Nirede bolsalaram janlary sag bolsun. Hor bolmasalar bolýa. Men näme, men Hudaýa şükür öz günümi özüm görüp ýörün. ―Ýaşuly maňa tarap aýalaryny gerdi. ―Şu elleriň jany sag bolsa, men hor bolman. Gyş ýakjak odunymy ýygnap bilýän, döwnäp bilýän, naharymy bişirip, çaýymy demläp bilýän. Ertirine-agşamyna sygrymy sagyp bilýän. Seredip gören bolsaň aşalgadan aňyrdaky oýda bir oba bardyr, ana, her on-on bäş günden şoňa gidip çaý-çörek, duz, un diýen ýaly gerek-ýarak zatlarymy alyp gelýän. Gidibilmesem öten-geçenlerden sargaýan. Ýaňky giren agzyňdaky çelekleri gördüňmi? Ana, şolaram özüm ýasaýan. Öýçülikde kelem, hyýar, duzlamak üçin zerur zat bolansoň ýasap ýetişseň gelip alyp gidip durlar. Sowalgama ýetýä...
―Iwan Ýurýewiç, bu çet ýerde oturşyňyza çagalary nädip okatdyňyz?
―A-a...Çagalarymy? Ýaňy şu perewalyň aňry ýüzündäki oýda oba bardyr diýdim-ä? Ana, şol oba Rakiti obasy. Şu belentligem şoň adyna... ―Iwan Ýurýewiç böwrüni diňledi. ―Belki ol oba şu perewalyň adyny göterýändir?.. Može buti. Ony men takyk bilemok, ýöne, ir döwür şonda dört klasa çenli mekdep bolardy. Biziňkilerem şoňa gatnardy. Sebäbi biz şol oba degişlidik. Biz şumadam şoňa degişli. Ondan soň çagalary Liskowense iberdik. Ol ýerde üç oba üçin ortalyk orta mekdep bardy. Internat. Üç oba diýýänimiň bir-ä öz Rakitimiz. Ikinjisi ýaňky Liskowesiň özi. Üçünjisi bolsa Nowoselissa. Ana, şol üç obany birikdirip bir kolhoz döretdiler. Adyna-da “Peremoga”goýdular. Pobeda znaçit. Ýeňiş. Merkezem näme, Liskowes boldy-da, orta mekdebem, medpunktam, oba sowedem, kolhozyň kontoram barysy şonda açyldy. Çagalaram orta mekdebi ana, şo ýerde, internatda ýatyp okadylar. Ondan soňam biri institut diýip gitdi, ýene biri uçilişe diýip gitdi, soň durmuşa çykdylar, maşgala ulaşdylar, garaz kem-kemden höwürtgelerinden daşlaşdylar ötägitdiler...
Tötänden düşen myhman bolamsoň özüm üçin ýat bolan bu çet künjek, nätanyş ýaşuly, onuň durmuşy barada az wagtyň içinde köp zat bilesim gelýärdi. Şonuň üçinem bir soragdan başga bir soraga, bir temadan başga bir tema duýdansyz geçenimem, gojanyň sözüni bölüp morta bir sorag berenimem bilmän galýardym. Ýöne, ol munuň üçin ynjap duranokdy. Birazajyk kürtdürjek ýaly edýärdi-de, soňky soraglaryma-da edil öňküleri ýaly, höwes bilen jogap berýärdi.
―Ýeri onsoň bu ýerde size toksuz kyn bolanokmy. Köseneniňozmy?
―Nämesi kyn bolsun oň?
―Aý, ine, iň bolmanda iýmit saklar ýaly holodilnik gerekdir, radio, telewizor...
―Ýa he-eý, nämedeýin men o zatlary? O zatlar size gerek. Öwrenişipsiňiz-de indi oňubileňzok o zatlarsyz. Maňa bolsa geregi ýok. Jojukjagaz beýleki soýsam-a jylka etlerini syrdap alyp maýdaja dograýan. Mazaly duzlabam üç litrlik, iki litrlik aýna bankalara dykýan. Agzynam berk ýapaga-da salkynjak ýerde goýýan,welin, asyl mizänogam! Ýere gömseň-ä hasam gowy. Ana, onsoň haçan täze et iýesiň gelse açyp al-da iýiber. Süňklerindenem holodes edýän. Ana saňa taýýar zakuska! Haçan ýüz gram ýelmäsiň gelse hyýardyr kelemiň gapdaly bilen basyber! Biz ony häzirem şeýderis. Ýa nahar ataraýynmy?
―Ýok, ýok, nahar gerek däl, asla hiç zadam gerek däl. Men häzir gitmeli, işlemeli.
―Rabota ne wolk, w les ne ubejit ―diýip, ýaşuly ortaky jaýa tarap ýegdekläp barşyna şadyýan seslendi. ―Meň bilen “dogan-dogan” bolman ädimiňem ätmersiň. Onsoňam ýaňy özüň aýtdyň-a, seň bilen gidişerin diýip...
―Aý, men ony ýöne aýdaýdym.
―Ýönäň bolmaz...
Iwan Ýurýewiç bir grafin ýasama arak, bir läläni dolduryp holodes, iki sany köpgyraňly bulgur, ýarym buhanka kesilen nan, şeýle-de iki sany dürtgüç, başga bir lälä salyp duzlanan hyýar, düýp sogan, bir bölek sala getirdi. Dograşdyrdy. Dolabara edip bulgurlara arak guýdy.
―Al onda! Işiň şowly bolsun! Karpat daglary garşy alsyn! ―Içdik. Iwan Ýurýewiç şondan soň ýene-de ýaňky edip oturan gürrüňlerine dolanyp geldi. ―A, galan azyklar üçin bolsa holodilnik hökmanam däl. Duzlan zatlaryň-a çelekde durýa. Kartoşka-da şeýle durýa. Salanam-a özüň bilýäň. Süýt-gatyk ýaly zatlary bolsa saklajagam bolamok. Özümden artanjasyny oňa-muňa berýän goýberýän. Onsoňam sähel gaýrat etseň gyş gelýä. Bütin dünýä holodilnige dönýä. ―Ol birdenkä elini silkip goýberdi. ―Ýogsa-da biz nämüçin ýö-öne holodilnik, holodilnik diýip bolgusyz zadyň gürrüňini edip otyrys-aý? Gümüne gitsin-le şo zatlar. ―Iwan Ýurýewiç ýene-de guýuşdyrdy. ―Hany sen gowusy özüň hakda gürrüň bersene! Öňürt-ä söz aýt, yzyndanam göter-de gürrüň ber.
Men onuň şanyna söz aýtdym. Içdim. O-da içdi. Şondan soň men özüm hakda, ýerim-ýurdum, ilim-günüm hakda gürrüň berdim. Soň ony pejiň gapdalynda oturdyp suratyny çekdim. Ýöne, öýüň içiniň alagaraňkylygy zerarly diňe galam bilen çekmeli boldum. Şeýdip günüň ýarysyny täze tanşymyňkyda geçirdim. Günortanlyk edinmek üçin ýoldaşlarymyň ýanyna gitmekligi goýbolsun edip, ýaşulyny daşarda Karpat daglarynyň fonunda çekmekligi ýüregime düwdüm.
―Bu zatlar saňa näm-ä gerek, ―diýip, Iwan Ýurýewiç güldi.
Men ep-eslije holodesi demir çemçä mündürip aňryma iberjek bolup oturşyma:
―Ýadygärlik üçin gerek, Iwan Ýurýewiç, Karpat daglaryny onuň perzentleri bilen deňeşdirmek üçin gerek. Sizi uzakdaky Türkmenistanyň halky bilen tanyşdyrmak üçin gerek ―diýdim-de, etýudnigimi süýräp gapa bakan entirekläp ugradym. ―Grafiniňem ýanyňa alaý, Iwan Ýurýewiç!
Açyk howa ikimize-de oňaýly täsir etdi. Şonuň üçin iş arasynda-da içmegimizi dowam etdirdik. Içdigimizsaýam birhili açylyşdyk gitdik oturdyk. Ýöne, ol göwnüme ekeni. Artyk içilen ýasama aragyň azaryny men esasan ertesi çekdim. Men asylam bir gün gowy içenimden soň ertesi heläk bolýardym. Telim günläp aragyň adyny tutsalaram, çüýşesini görkezselerem ýüregim bulanyp, öýkenim agzymdan çykyberýärdi. Her gezegem öz ýanymdan gaýdyp içmezlige şert edýärdim. Içip otyrkam welin dünýä gözüme gülgün öwüsýärdi. Ýüzüm açylýardy, süňňüm ýeňleýärdi, dilim süýjeýärdi.
Şol gezegem şeýle boldy. Iň esasy zadam elim açyldy. Iş gowy gitdi. Goja bilen Karpat daglarynyň arasyndaky haýsydyr bir baglanyşyk, meniň işimi ýeňilleşdirdi. Reňkler dürs düşdi. Iwan Ýurýewiçiň içi entegem açylmadyk syrlardan doly gojaman keşbi bilen onuň fonunda elesläp görünýän Karpat daglarynyň keşbi edil bir gulakdan düzülen goşa dutar kimin sazlaşdy. Utgaşdy.
Bir görsem Gün gyzar ikindine golaýlapdyr. Men ýaşulynyň galam bilen çekilen suratyny özüne sowgat berdim. Aşagyna gol çekdim. Wagtyny görkezdim. Ýadygärlik iki agyz söz ýazdym. Eden hezzet-hormaty üçin minnetdarlyk bildirdim. Soňundanam zatlarymy ýygnaşdyrdym-da, hoşlaşmak üçin elimi uzatdym. Saklanyp bilmänem gujakladym. Goja hamsykdy. Birdenem gujagymdan sypdy-da, häliden bäri gapdalymyzdaky stoluň üstünde hekgerip duran grafiniň bokurdagyndan ýapyşdy. Guýdy. Birini meniň elime tutdurdy. Birinem öz eline aldy.
―Al! Na pdsdşok!
Içdik. Içişimiz ýalam dünýe-äleme elhenç bir ümsümlik aralaşdy. Tokaý, dag, ýapylaryň ýüzi, guş-gumursy barysy birden dymdy. Hatda gök asmanyň ýüzi bilen uçup barýan akja samolýodam näme üçindir sessiz-üýnsiz sündi gitdi. Bir görsem Iwan Ýurýewiçem çat maňlaýymda sessiz-üýnsiz iki ýana hallan atyp dur. Agzy gymyldaýa, ýöne içinden sesi çykanok. Birdenem gulagym açyldy. Şol çaka çenli aýdanlaryny eşitmedigimi daş keşbimden duýan ýaly, Iwan Ýurýewiç çygly gözlerini jüýjerdip täzeden dillendi.
―Men diýýän-ä... seni ugratjak diýýän... Beýdip bu ýerde hoşlaşan bolup galjak däl diýýän... ―Ol entirekläp geldi-de, bir eli bilen egnimden aslyşdy. ―Razumel?..
―Düşdüm, düşdüm Iwan Ýurýewiç, ýöne men özüm giderin.
―Proşu pane?
―Özüm giderin diýýän.
―Gitseň gidiber, ýöne men seni hökman ugradaýmaly.
Deňinden geçip barýarkak meniň gözüm mal jaýynyň ýazzy maňlaýyndaky “1920” diýen ýazga düşdi. Men ony nämüçindir ýaňy gelen badyma saýgarmandyryn.
―Iwan Ýurýewiç, şu döle ýigriminji ýylda salynanmy?
Ýaşuly ýalandan gaharlanan boldy.
―Döle, döle... Seň özüň döle!.. ―Ol ýatagyň agzyna bardy-da, aýasy bilen “pat-pat” edip söýesine kakdy. ―Bu döle däl-de, biziň ilkinji höwürtgämiz. Kakam pahyryň salany. Men şunda doguldym. Şunda-da kemala geldim. Otuz dördünji ýyl ýedenjini gutaranymda şu jaýdadyk. Men asyl öýlenenimde-de şu jaýda öýlendim. ―Iwan Ýurýewiç elini ýatak bilen häzirki ýaşap oturan jaýynyň aralygyndaky hütdüjege tarap uzatdy: ―Soň kakam maňa ana, şony salyp berdi. Birneme özümi tutamsoňam ýaňky oturanymyzy saldym. ―Iwan Ýurýewiç gürrüňe başlaly bäri gör, näçenji gezekdir uludan demini aldy. ―Men Hudaýdan närza däl, ýöne, käwagt oturýan-da pikir edýän. Hudaý jan bir oguljagazam beren bolsady, onda beýdip, tokaý kirpisi ýaly külbämden bir özüm girip-çykyp ýörmeli bolmazdym, diýýän... ―Gojanyň jikgeleri gyzaryp duran gökje gözlerinden çogup çykan ajy gözýaşlar ýaňaklaryndaky gasynlaryň arasy bilen aşaklygyna tarap syrykdy-da, dürterişip duran sakgal-murtlarynyň arasyna siňip gitdi. ―Ýöne, göwnümi aldaýan bolmagymam mümkin, sebäbi, ogul bolaýanda-da onuňam meni taşlap bir ýerlere gidibermejekdigini kim bilýä?..
Men gojanyň ýene bir gezek gujakladym. Gujaklap durşuma-da aýam bilen arkasyna kakdym. Soňam agzymy gulagyna golaýlatdym-da ýuwaşlyk bilen:
―Näme düýbünden bermedimi ýa... ―diýdim.
Köňlüniň bozulmagy bilen gojanyň zehinem bulaşdy. Gürlemesem kynlaşdy. Birdenem gujagymdan sypdy-da:
―Nämäni? Nämäni bermedimi? Kim nämäni bermelimişin maňa?! Sen näme hakda gürrüň edýäň? Menden näme hakda soraýaň?.. ―diýip, duran ýerinde aýaklaryny tarpyldatmaga, ellerini kelemenletmäge başlady. Men ony zordan sakladym.
―Ine, şumatjyk aýtdyňyz-a, Hudaý ogul bermedi diýdiňiz-ä...
Ol:
―A-a-a!.. ―diýip gygyrdy-da, şapladyp maňlaýyna ýelmedi. Edil öňküsi ýaly parahat görnüşe girdi. ―Berdi-i... Yzly-yzyna ikisini berdi. Başda berdi özünem. Ýöne durmady. Ikisinem berşi ýaly aldy. Elbetde özüne gerek bolandyr-da. Ojagazlaryň ikijigem häzir behiştde guş bolup uçup ýörendirler. Bardygym öňümden çykarlar, “jürk-de-jürk” bolşup. Edil ýarmarkadan gelenimde uýajyklarynyň öňümden çykyşlary ýaly. ―Goja aşak bakyp yraň atyp durşuna iňkise gitdi. ―Ýöne men olary tanap bilermikäm? Ýa özleri tanaýarlarmyka? Tanasalar dagy näme sowgatjagaz etsemkäm? Nämejagaz alyp gitsemkäm? ―Iwan Ýurýewiç ysgynsyz güldi. ―Ýeri, behişde goýberiljegiňi näbilýäň diýsene, staryý hryç...
―Goýberilersiňiz Iwan Ýurýewiç, goýberilersiňiz. Şol ýere goýberilýänlerem sizden artyk adamlar däldirler...
Goja başyny ýaýkady.
―Haý, näbileýin-dä... ―Şondan soň ol meniň golumdan tutdy-da, gitmeli ugrumyza bakan ýöräp ugrady. ―Her niçigem bolsa atamdan, enemden galan höwürtgämi taşlab-a gitmedim. Taşlamanam. Ölýänçäm-ä taşlaman. Hernäçe daş gitse-de ahyrsoňynda guşam öz höwürtgesine dolanyp gelýär ahyry. Menem şeýtdim. Nirä gitsemem ýene-de dolanyp şu ýere geldim. Başga bir ýeriň eşretini şu ýeriň külpetlerine çalyşmadym. Nirede bolsamam şu dagyň garly gerişlerini, sümme tokaýlyklaryny, şujagaz köneje külbejiklerimi küýsedim. Ýadymdan çykarmadym. Çünki, bir gezek bagry badaşan adam Karpat daglaryny, tä, ömrüniň ahyryna çenli unudyp bilmeýä. Ýürekden gowy gören bolsaň senem unudyp bilmersiň. Öz gyzgyn çägeleriňi, daglaryňy, il-günüňi küýsäp yzyňa dolanarsyň, emma unudyp bilmersiň.
Iwan Ýurýewiç birden-kä ýüzüni ýokary tutdy-da, aýdyma zowladyp ugrady.
...Ostawte glubokiý son,
Narodnyý golos zowýot was,
Ne zabudte o swoýim,
Naş narod lýubimyý...
Ýadyndan çykarypmy ýa içginiň täsirimi goja aýdymyň yzyny ýatlabilmän kürtdürdi.
―...Da žiwet swobodnyý.. Da žiwet swobodnyý.
Birdenem ol “tfu” etdirip diýip, bir gapdala tüýkürip goýberdi-de, başga bir beýde başlady.
...Otdalite ne priýateleý burýa,
Da sodreet sprawedliwoe russkoýe zemlýa,
Želanie russkiý wožd
Russkiýe da žiwet narod
Prosim Boga wyşnego,
Da poderžit russkogo,
I dast weka luçşego...
Ýadadymy ýa hakykatdanam aýdyp boldumy, Iwan Ýurýewiç “has-has” edip barşyna: ―Bu biziň gimnimiz. Entek Çeh döwletiniň düzümine girýän wagtlarymyz aýdýan gimnimiz―diýip, buýsanç bilen düşündirdi. ―Sowet hökümedi bu ýerlere soň geldi. Kä-än soň geldi. Urşuň öň ýanlary geldi. Ýaňky gimni bolsa biz entek mekdepdekäk, nyzama durup aýdardyk.
―Gimn ruslaryňky ýaly-la, Iwan Ýurýewiç!
―Proşu pane?
―Ginm ruslaryňky ýaly-la diýýä-än!
―A ýak že! Başga kimiňki bolsun?
―Siz ukrain dälmi näme?
―O-o-o... Bu ýerde ukrainlerem, ruslaram, wengerlerem, çehlerem, slowaklaram ýaşaýandyr. Başga-da adyny tutan milletiň badyr. Ýöne biz ruslar. Biz özümizi ir döwürlerden bäri Karpat ruslary diýip atlandyrýarys. Zakarpatskiýe russkiýe, znaçit. Owalbaşda biziň aňymyza guýulyşy şeýle. Galanynam Hudaý bilsin.
Bu wagt biz biri-birimiziň golumyzdan tutup ýapa dyrmaşyp barýardyk. Ýöne, men ony alyp barýanmy ýa ol meni alyp barýarmy, belli däl. Her bäş-üç ädimden saklanýarys, birtopar gürrüňleriň başyny agyrdýarys, çilim çekýäs, gujaklaşýarys, hoşlaşýarys, aýrylyşybilmänem ýene-de ýokarlygyna tarap dyrmaşyp ugraýarys. Iwan Ýurýewiç men demimi gatyrak alsamam bir zat diýendir öýdüp ýüzüme çiňerilýär. “Proşu pane”? diýip, gulagyny agzyma golaýladýar. Hiç zat diýmändigimi bilenden soňam edil, Karpat daglarynyň käýarym gara bulutlara garylan gözýaş bilen içini döküşi ýaly sadalyk bilen ýüregini dökmegini dowam etdirýär. Çehler zamanynda bu ýerde iki partiýanyň bolandygy, biriniň “sossial-demokratik”, beýlekisiniň “agrar partiýa” diýlip atlandyrylandygy, sossial-demokratlaryň esasan işçilerden, agrarlaryň bolsa daýhanlardan ybarat bolandygy, otuz ýedeinji ýylda bolsa bu ýere madýarlaryň gelip çehleri kowandygyny, otuz sekizinji ýylda özüniň eýýäm Wengeriýada gulluk edip ýörendigi, şol ýerdemi ýa soň, jahan urşy döwründemi, bir ýerlerde aý ýarym ýaly söweşip ýaradar bolandygy, şondan soň öýüne goýberilendigi, nämüçindir hut şol sebäbe görä, sürgünden sypandygy barada meniň üçin düýbünden düşnüksiz, Karpat daglarynyň tebigatyndanam has çylşyrymly gürrüňlerden yzyny üzmän eňterýär. Ýöne, şol wagtky edip barýan gürrüňlerine dogrusy onuň özem gatybir düşünip barýandyr öýdemok. Çünki, gürrüňçiligimiziň o wagtky terzem, edýän hereketlerimizem uzak wagtlap bile iýip-içip uçursyz kök bolan iki serhoşyň arasyndaky bolup geçýän düşnüksiz alasarmyk, jogapkärçiliksiz ertesi ýekejesem ýadyňa düşmejek, ýadyňa düşäýse-de öz-özüňi gysyndyrjak hereketlerden, gürrüňlerden başga hiç zat däldi. Ýöne onuň şol düşnüksiz gürrüňleriniň aňyrsynda tutuş ömürbeýanynyň ýatandygy, ony şol gysga wagtyň içinde maňa gürrüň berjek bolup ak ýürekden jan edýändigi welin çyn.
(dowamy bar)...
Powestler