15:05 Kenarsyz umman / hekaýa | |
KENARSYZ UMMAN
Hekaýalar
Ol asylgy duran köýneklerini ýene bir gezek gözden geçirdi. Jorasynyň toýuna olaryň haýsysyny geýjegini bilmän, esli salymlap tykykyrap durdy-da, olary birin-birin elleşdirdi. Göwnüne bolmasa, haýsy köýnegini eline alsa, beýleki ondan has owadan gelişýän ýaly göründi. Onsoň ol özi bilen boýdaş aýnanyň öňüne bardy-da köýneklerini ýeke-ýekekeden egnine deňäp pyrlandy. Ahyry ol ýakasyna owunjak keşde çekilen goňura ýakyn gyrmyzy atlazyny geýmegi müwessa bildi-de, ony bir tarapa aýyrdy. Soňam özüne serenjam berip başlady. Gaşyna, gabagyna çalaja sürme çaldy, saçyny timarlady. Gyzy bezenip-beslenip öz otagyndan çykanda ejesi dillenmän durup bilmedi: -Balam, toýa barýanyň-a bilýän weli, öňüň gijedir. Kän eglenmäwergin. Gaýtjak mahalyň jaň etseň, jigiň alyp gaýdar. -Bor. eje, köp eglenmejek bolaryn. Ýöne ilden öň hem gaýdyp bilmerin. Hemmeler bilen bile turmaly bor-da. -O-la şeýledir weli, nä wagt, nä zamana. -Diýýäniň näme, eje jan, oba-gara oňatlyk. Pylan bolupdyr diýip, eşidýän dälsiň. Hiç kimiň seň bilen işi ýok. - Her zat gyz maşgala gije-girim gezip ýörmese ýagşy. - Sen alada etme, wagtynda gelerin. Ejesimi köşeşdirip, öýden sallanyp çykan Şamar özüne garaşyp duran Kömege gözi düşenden tisginip gitdi. “Bü näme işläp ýörkä? Men munuň belli jogabyny berdim ahyry. Ýüregiň almadyk adamsy bilen gürleşesiňem gelenok . Bü weli, irmän-arman yzarlap ýör meni. Ol meniň Maýsanyň toýuna gitjegimi nireden eşitdikän? Wiý, ýogsa-da olar garyndaşdyr-ow. Şonda-da adamy beýdip yzarlap ýörmek gowulygyň alamary-ha däl. Gaty-gaýrym diýip, göwnüne degmäýin diýýän weli, bolanok. Ahyry ajyşmaly bolaýmasak ýagşy.” Şu pikirleri beýnisinde aýlap ýetişen Şamar Kömege üns bermän, deňesinden geçibermek isledi. Ýöne Kömek oňa geçmage maý bermedi. - Şamar, salam. Meni birje minut diňlesene. Onsoň sen näme diýseň, şo bolar. Öldürseňem, galdyrsaňam öz eliňde. - Men hiç kimi öldürjegem, galdyrjagam bolamok. Seň özüň birhili geň adam. Haçan görseň meni garawullap ýörsüň. Indi bir bes edäý-dä. - Käşgä bu zatlar maňa bagly bolsady. - Eýsem kime bagly? - Ýürek diýip bir zat bar. Ýadyňa düşýärmi, şo gezegem men saňa kän zat aýdypdym. Emma sen meni diňlemediň, ýürek sözümi eşitmediň. Ana, şondan bärem men oňa diýen etdiirip bilemok. Aýaklarymam menden bidin size tarap gaýdyberýä. - Haý-haý, ýigit, duraweri. - Meň çypbakaý çynym, sen bolsa oýundyr öýdýäň. Ýagdaýyma düşünäý-dä, Şamar. - Kömek, eger ynanýan bolsaň, mende-de bar şo ýürek. Onuň weli, seni göresi, sesiňi eşidesi gelenok. Onsoň men näme etmeli? Menem öz ýüregimi diňlemeli borun-da. - Men-ä bilmedim. Şamar, seniň ýüregiň heý bir ýumşamazmy? - Seň öz ýüregiňe erk edip bilmeýşiň ýaly, menem oňa diýenimi etdirip bilemok. Ýogsam sen erbet oglanam däl. -Meň ýüregim diňe seň adyň bilen urýar, Şamar. Söýgi ynsana ýokardan berilýär, özem tutuş süňňüňe siňýär diýýänleri gaty çyn eken. Onsoň ýüregem oňa boýun. Eger-de meň söýgim ýokardan bolmadyk bolsa, menem beýdip seni azara goýmazdym. Seň aýdyşyň ýaly, gyzam kän, oglanam. Ýöne olaryň içinde bir sen görünýäň maňa. Şamar, bu zatlary men ýöne ýerden aýdamok. Ol meniň ýüregimiň nalasy. Senem maňa düşünjek bolaý. Seň ýanymdakaň dünýä diňe meňki ýaly. Ynanaý, lap edip aýtdygym däl, seň ýanyňdan ýöränimem özüme bagt bilýän. Menem şo toýa barýan, toýdan çykaňda-da bile gaýdaýaly. –Gaty dilewar bolupsyň-la, Kömek. –Yşkyň ataşy dilime dür saçýa. Şamar. –Haý-haý, duraweri, oglan. Birden şahyr bolaýma. –Şeýdip seň yzyňda ser- sepil bolup ýörşüme olam daş däl. Şamar Kömegiň çyny bilen aýdýan sözlerine diň salyp barşyna içini gepletdi. “Kömek gyzlaryň mylaýym bakyşa, süýji sözlere durumsyzdygyny bilýän bolarly. Ýogsam beýdip saýrap barma nire, Kömek nire. Onuň çyny bilen aýdýan bolaýmagy hem ahmal. Maşgalanyň berkligi üçin aýalyň adamsyny söýmegi hökman däl, tersine, erkek adamyň aýalyny çyndan söýmegi gerek diýýäler weli, ol çyn öýdýän. Sebäp zenan maşgala bir zada berlende bölek-büçek däl-de, tutuş düýrmegi bilen berilýär. Maşgalanyň bagtam belki, şonda bolsa gerek...” Olar tirkeşip toýa baranlarynda mähelle bary ýygnanypdy. Kömek saçagyň başynda Şamaryň garşysynda ýerleşdi. Çünki onuň her dem salymda Şamary synlasy, onuň mährinden ganasy gelýärdi. Haçanam bolsa, birwagt Şamaryň söýgüsini gazanjakdygyna bolan inçejik umydy elden gidiresi gelenokdy. Şamaryň hem bu çak bar küýi-küçesi Kömegiň hälki sözlerindedi. Toýuň bütin dowamynda ol gözüni Şamardan aýryp bilmedi. Nazarynyň Kömegiň otlukly bakyşy bilen sataşmazlygy üçin ol häli-şindi tansa çykdy. Ýöne Kömegiň Şamara syrly bakyşlary gyzlaryň hem nazaryndam sypmady. Olar maý tapsalar, Şamara degip başladylar. -Şamar, sen söýgiňi gizlejek bolup, azara galýaň weli, Kömegiň bolşyna bir seret. Ol seni gözi bilen iýäýsem diýýär. -Dünýä-dä bü. Söýenem köp, söýilýänem. -Olam-a şeýle weli, Kömek ýaly ýigidiň raýyny ýyksaň, “dannan dan uçrar” bolaýmasa. Onuň gözlerine seret ahyry. Söýgi ummanyny çyrpyndyryp saňa tarap owsun atyşy nämä degmeýär. Men-ä şeýle söýgiň öňünde durup bilmezdim, asla durjagam bolmazdym. -Menem şo hakda az oýlanamok. Ýöne Kömegiň öz aýdyşy ýaly, ýürek diýip bir zat bar, şoňa diýen etdirip bilemok. Toý gijäniň birwagtyna çenli dowam etdi. Ýaşlaryň kalbyny heýjana getiren sazlar paýawlady. Olar ikibir-üçbir bolup turup başladylar. Şamar joralary bilen tirkeşip ugranda, bir ýerlerden Kömek peýda boldy. -Gyzlar, menem siz bilen gidäýeýin? Olaryň hiçisinden ses çykmansoň, Kömek gyzlaryň yzyna eýerdi. - Toý gyzykly boldy, siziň tansyňyza höwes bilen tomaşa etdim. Menem basym toý etjek, meň toýumda-da şeýdip tans ediň. Menem size guwanaýyn. Kömegiň bu sözlerine Şamar tisginip gitdi. Onuň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Häliden bäri dili durman söýgi sözlerini gaýtalaýan Kömegiň bu näme diýdigi bolýarka? Ol kim bilen toý tutjakka? Erkek adamlarda belli söz bolanok öýdýän”. Göz astyndan Şamary synlap barýan Kömek Şamaryň kalbynda gopýan harasady kalby bilen duýdy, - Toý diýsem öýlenýändir öýdäýmäň. Maňa ýaş hünärmen hökmünde täze obadan jaý berdiler. Şoň toýuny tutjak. Ýöne ejem dagy iki toýy birikdiräýeli diýip, ýeň berenoklar. Şoň üçinem... Kömegiň sözüni jemläp bilmän tykyrap durşuna gyzlar gülüşdiler. - Şamar razylyk berse, goşa toý tutjak diýsene. Diline getirip bilmän duran sözüni gyzlardan eşiden Kömek hezil etdi. - Wah, näsini aýdýaňyz, “Käşgä myhman suw dilese” diýýälermi gadymkylar. Ýöne hany mende oň ýaly bagt. - Onam diýme, Şamary yrsagam yraýarys. - Eser şeýtseňiz, horaz sesini eşitmadik, dik duran keteni menden. Şamar sakga durdy. -A gyz, muny nätdiňiz, meni bir ketenä çalşaýdyňyz-la. Siziň jora bolaýşyňyzy. Gyzlaryň jakgyldysy gijäniň garaňkysyny ýaryp, alyslarda ýaňlandy. - Seň arkaňdan keteni köýnek geýäýjekdik-dä... - Geregiň keteni bolsa, işi haýyr. Ony size menem sowgat edip bilerin. - Biziň lowurdap duran keteni geýesimiziň gelýäni çyn, gyz. Sen oýna ýazdyrma. - Meňem çynym. Kömek ara düşdi. -Şamar, joralaň sözüni ýykmasana, menem beýdip ýüregimi ýakyp, otly köýnek geýip ýörmäýin. - Biriniň sözüni ýykman, beýlekiniň göwnüni galdyrman, özüme jeza bermelimi? - Söýen ýürege rehim edeniňde jeza bolýarmy? Meniň gara çynym, Şamar. Men söýgi ummanyna girip, onuň kenaryny gözleýänlerden däl. Meniň giren ummanym kenarsyz. Şoň üçinem haýsy tarapa ýüzsem-de, kenara ýetjek gümanym ýok. Tä ömrümiň ahyryna çenli hem şol kenarsyz ummanynda ýaşamagy özüme kasam etdim. Diýmek, maňa senden başga gyz gerek däl bu jahanda. Kömegi diňledigiçe, Şamaryň ýüregi ersdi. Onuň edil şu pursatda, näme üçindir dünýäni Kömegiň duýşy ýaly duýasy, görşi ýaly göresi geldi. Şobada älemgoşar ýaly bolup görünen durmuş ony özüne imrindirdi. Bir demde ol öz ýüreginiň aýdymynyň Kömegiň kalbyndaky owaza sazlaşýandygyny duýdy. Şamar yssy mähriň hut şu pursat ýüregine ornandygyny duýsa-da, bu zatlaryň şeýle tiz bolup geçýändigine akyl ýetirip bilmedi. Belki, bu-da söýginiň bir gudratydyr. Ol şeýdip ýürekleri, ykballary birikdirýändir... Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |