KEREMLI DAGLAR
Bäş-alty ýyllykda iş sapary bilen Köýtendaga gitdim. Meniň maksadym biraz wagt Gowurdakdaky kükürt käninde bolup, kükürdiň açyk usul bilen alnyşy barada gazete makala ýazmakdy. Onsoňam, ol ýerde suratkeşlik mekdebini gutaryp, «Üç-dört ýyl baý tebigatly ýerde işlemekçi» diýip giden, köpden bäri duşuşyp bilmän ýören hudožnik dostum ýaşaýardy.
Ol okumyş, zehinli kişi bolandygy üçin, onuň bilen her gezek duşuşanymyzda biri-birimizden täze öwrenmeli, biri-birimizden täze eşitmeli zatlarymyz juda köp, duşuşyk wagtymyz bolsa örän çäkli ýaly bolup görünýärdi.
Maňa onuň gylyk-häsiýetiniň ýaraýşy ýaly, çekýän suratlary-da ýaraýardy. Durmuşa umyt döredýän nurana, geň suratlardy. Reňkleri ýiti hem aýyl-saýyldy.
Ol meni gadyrly garşylady:
—Şu gün geleniň gowy boldy, erte tapmazdyň. Daga gitmekçidim –diýdi. —Eger göwneseň, bile gideris.
—Daglyk näme işiň çykdy ýa-da keýpinemi? –diýip, men gyzyklandym.
—Keýpine däl-le. Bir burma şahly dag tekesiniň yşgyna düşdüm. Şonuň gözlegine gitmekçi. Näme üçindigine häzir düşünersiň –diýip, ol üsti örtülgi suratyň ýanyna alyp bardy. Suratkeşleriň täze dünýä inderýän suratyny, işi soňlaýança, ýaman gözden gabanyp örtüp goýýandyklaryna men beletdim.
Ol ýapynjany birýan serpdi welin, burma şahly dag tekesiniň entek doly ýazlyp gutarylmadyk keşbi peýda boldy. Onuň birgeňsi burum–burum şahlary, uludan owadan gözleri, syrdam göwresi, dagyň çür depesinde, uçut gaýanyň gyrajygynda buýsançly durşy diýseň täsirlidi.
—Bu dag tekesini maňa bir awçy görkezdi. Beýle owadanlygy men heniz görmändim. Soň özüm hem daga gidip, ony agtaryp tapyp, dürbüde synladym. Ýöne ýakynyna baryp bilmedim. Suratyň ýasamalykdan daş bolmagy, gowy çykmagy üçin meniň ony ýene-de bir gezek, eger başa barsa, golaýjakdan synlamagym zerur –diýip, dostum matlabyny düşündirdi.
Men onuň bilen daga gitmäge höwesek boldum. Ertesi daň bilen ugramagy ýüregimize düwdük.
Men şäher eşigimi çykaryp, dostumyň beren sadalaç eşiklerini geýdim. Ikimiziň gabaramyz deňräk bolansoň, onuň eşikleri maňa laýyjak hem amatlydy.
Gerek-ýaragymyz salyngy goşhaltalarymyzy arka atyp, daň bilen ýola düşdük.
Dag tebigaty täsindi. Dürli öwüşginli reňkler sepilen ýaly gaýalar, olaryň dilkaw-dilkaw jülgelerinde bitip oturan belentli-pesli agaçlar, kä ýaýbaň, käte-de inçelip, gaýanyň düýbüne gysylyp ätiýaçly ötmeli dag geçitleridir ýodajyklary geň hem syrlydy.
Belende galdygymyzça agaçlar ownap, otlar selçeňleşip barýardy.
Dostum wagtal–wagtal dürbüsini gözüne tutup, dagyň belent gerişlerini, arçadyr kerkawlaryň aralaryny ünsli synlaýardy. Soňra dürbüsini maňa–da berýärdi.
Men hem «Dag tekesini ilki görüp, dostumy begendirmek bagty nesip etmezmikä?» diýip, gaýalaryň öwrümine, arça tokaýjyklaryna ünsli äňedýärdim.
—Men geçen gezek ony hol agaçlaryň arasynda gördüm –diýip, ol kiçeňräjik arçalaryň gür biten ýerini görkezdi. Men şol ýere dürbi tutdum. Agaçlaryň biriniň başy çalaja yranýan ýaly göründi. Muny dostuma aýtdym. Ol ýaňky ýeri dürbüde synlady-synlady-da:
—Dogrudanam, şol agajyň başy yranýar. Ýör, baryp göreli! – diýdi.
Barsak, bir dag tekesi arça daňylgy tora çolaşyp, sypmakçy bolup dyzaýardy. Onuň burum-burum şahlarynadyr aýaklaryna çolaşan tordan boşamak mümkin däldi.
—Bu şol dag tekesi-dä! –diýip, dostum begendi. —Brakonýerleriň guran toruna düşüpdir görgüli. Muny nädip awlamazlar ýaly edip bolarka? Şeýle owadan jandar, dözer ýaly däl! –diýip, biraz wagt oýa batyp durdy-da, kellesine bir pikir gelendigini duýduryp, «Tapdym» diýýän terzde ýylgyrdy. Bilindäki gaýşyny çözüp, tekäniň boýnuna dakdy:
—Haýry deger gerek? –diýip, ýüzüme seretdi.
—Degse gerek! Itleriň-ä boýnuna boýunbagy dakyp, eýelidigini aňladýarlar.
—Hawa, bu teke eýeli! Muňa degmek bolmaýar! Goý, boýnundaky kemeri görüp, hut şeýle pikir etsinler! –diýip, tapan çykalgasyndan hoşal boldy.
Dag tekesi, dogrudan-da, owadandy. Biri-birine şeýle meňzeş burum-burum şahlary üç sany täsin aýlaw döredip, depesinde dikligine ösendi. Gür gara sakgaly, boýnundan aşaklygyna döşüne tarap seçelenip, ýere ýeteňkirläp duran uzyn kümüş reňk çöpürleri bardy.
Dostum dag tekesini eýlesinden-beýlesinden gowy synlansoň:
—Bar, janawar, gaýdyp gola düşmejek bol! –diýip, tory kesip, boşadyp goýberdi. Ol daşdan daşa böküp, gaýanyň öwrüminde gözden ýitdi.
Dostum maňa ýüňi ýeten dag tekesiniň sürüden daş bolmadyk ýerde ýeke gezýändigini, diňe höwür döwründe geçileriň arasyna barýandygyny gürrüň berdi.
Biz dag tekesini boşadan ýerimiziň biraz beýleräginde, ullakan arçanyň düýbünde düşläp, çaý içmegi ýüregimize düwdük. Garbanyp bolup, ýumşak arça pürleriniň üstünde dynç almaga gyşardyk.
Dostum biraz oýlanyp ýatansoň:
—Durmuşda käte-käte düşnüksiz geň zatlar bolýar. Men soňky günler bu dag tekesini ýakyndan synlamagy şeýle bir arzuw etdim welin, hiý sen goýaý. Ýöne şol arzuwymy nähili amala aşyrjagymy bilemokdym. Sarç dag tekesiniň golaýyna bilniksiz barmak asla mümkin däldi. Bu gün şol arzuwym birhili geň ýagdaýda aňsatja amala aşdy duruberdi. Indi men suratymy şowly soňlap bilerin. Gerek bolsa, men ony gelip, ýene-de synlaryn –diýdi.
—Hawa, bu gün bize bir täsin ýaradylan jandary synlamak bagty miýesser etdi. Goý, ol dag tekesini keremli daglar öz penasynda aman saklasyn-da! –diýip, men dostumyň pikiri bilen ylalaşdym.
Dag howasy tämizdi. Arçadyr kerkawlaryň buzgunç ysy garyşan howa ukyňy tutdurýardy.
—Şu ýerde biraz irkilip tursak hezil ederdik –diýip, men gerinjiredim.
—Irkil, päsgel berýän ýok! –diýip, dostum ýylgyrdy. —Men bolsa şu arçanyň keşbini zarisowka geçireýin. Ýaşamyl, owadan arça ekeni. Muňa zerefşan arçasy diýýärler. Diňe bärde —Köýtendagda bitýär –diýip, hiç haçan ýanyndan goýmaýan galamdyr çaklaňja surat depderçesini çykardy.
Men goşhaltamy ýassyk edinip, gözlerimi ýumdum. Ýaňy ymyzganyp ugranymam şoldy, togarlanýan daşjagazlaryň «şygyrdysydyr» aýak sesi eşidildi.
Ses gelen tarapa esedip, egni goşa tüpeňli uzynak agajet adamyň bize tarap ýetip gelýänini gördüm. Onuň gelşi gaharlydy. Ol gele-gelmäne:
—Tory siz kesdiňizmi?! –diýip, azymly sorady.
—Hawa, biz... –diýip, dostum jogap berdi.
—Näme üçin?
—Tekäni boşatmak üçin.
—Kim size ony boşat diýdi?
—Ynsabymyz.
—Häý, siziň bir... –diýip, nätanyş sögündi.
—Diliňi sakla-how, ýogsam... –diýip, dostum ýerinden çalasyn turdy.
Awçynyň bolşy meniňem çetimi gyzdyrdy.
—Ýogsam nädersiň. Hany, gel... –diýip, nätanyş tüpeňini egninden eline aldy-da, bize çenedi.
Rejäniň geň däldigini görüp, men oňa sowukganlylyk bilen ýüzlendim:
—Hany, köşeşsene–how! Sen kim özüň? Dag tekesini awlamak bolmaýandygyny, näme, bileňokmy?
—Meniň üçin bolýar.
—Kanun hemme üçin hem deň. «Gyzyl kitaba» girizilen jandary awlamak bolmaýar –diýip, dostum gahardan ýaňa saňňyldady.
—Kanuny bilmeýändir öýtme, habarly. Meniň ýörite rugsat hatym bar. «Ülkäni öwreniş muzeýinde» goýmak üçin burma şahly dag tekesiniň gäbi gerek. Şony tutup bermegi menden haýyş etdiler. Düşündiňmi?!
—Ýok, düşünmedim. Düşünmegem islämok! –diýip, dostum batyrgaý jogap berdi. —Belki, seniň adamlara tüpeň çenemäge-de rugsat hatyň bardyr?!
—Azap edip tutan tekämi boşadyp, tory kesip haraplap, eýsem näme, taňryýalkasyn eşiderin öýtdüňizmi? –diýip, ol gitmek bilen boldy. —Beýdip ony halas edendirin öýtmäň. Menden sypmaz. Bu gün tutmasam, erte tutaryn.
—Beý, zandyýaman adam eken-ow –diýip, dostum ara açyp barýan awçynyň yzyndan ýigrenç bilen seretdi.
Birdenem:
—Heý, aýak çek! –diýip, oňa gygyrdy.
—Hawa, näme? –diýip, ol sägindi.
—Ýaňky tekäni tutmanyňda bolanokmy?
—Ýok, bolanok.
—Eger pul bersem?! –diýip, dostum teklip etdi.
—Näçe berersiň?
—Ýüz dollar.
—Az bolýar.
—Onda näçe bereýin?
—Iki ýüz.
—Sen-ä bir ynsapsyz adam ekeniň! –diýip, men ara goşuldym.
Dostum maňa:
—Sen dur, goşulma! Özüm gürleşerin –diýip, awçynyň alkymyna dykylyp bardy. —Bolýar, ylalaşdyk. Sözüň erkegiň sözümi?
—Hawa.
—Onda, erte sagat dokuza uly bazaryň gapysyna bar. Men saňa iki ýüz dollary şol ýere eltip bererin. Ýöne şondan soň welin ýaňky tekäni tutaýsaň, menden oňatlyga garaşma.
—Her pisint adam bar-ow... –diýip, awçy ýaňsyly güldi. —Dagda gezip ýören tekäni pul töläp halas etmek saňa nämä gerek?
—Gerek, men hudožnik! Asla-da, men şol tekäniň öldürilmegini islämok. Onuň suratyny çekýärin –diýip, dostum pert jogap berdi.
—Barysy düşnükli. Gürleşdik –diýip, awçy goluny göterdi.
Biz bolan ahwalata keýpimiz gaçyp, ýola düşdük. Men dostumyň eden geň «söwdasynyň» gowy çykalga däldigine düşünsem-de, oňa bu barada dil ýarmadym. Uzak wagt dymşyp ýöränimizsoň, ol janyýangynly dillendi:
—Ýaňky ýaly biderek adamlaryň bardygy gynandyrýar.
—Sen oňa juda eçildiň welin, gynanaňokmy? Az pul-a däl –diýip, men dostuma öz pikirimi aýtdym.
Ol:
—Zeleli ýok. Arada Köýtene syýahata gelen daşary ýurtlular üç-dört sany kartinamy satyn aldylar. Pulum ýeterlik –diýdi.
Ertesi irden çaýymyzy içip, men-ä kükürt känine, magdançylaryň işleri bilen gyzyklanmaga gitdim. Dostumam awçy bilen hasaplaşmak hem-de oduk-buduk azyk alynmak üçin bazara ugrady.
Öňler şahta usulynda gazylyp alynýan kükürt magdanyny indi üstüni açyp, karýer usulynda alýardylar.
Bu täze usul öňkä görä arzan hem-de amatlydy. Ýöne bu usuly ornaşdyrmak birbada aňsat düşmändir. Täze işe gelen ýaş inženeriň teklip eden bu usulyna kükürt käniniň ýolbaşçylary kes kelläm garşy bolupdyrlar. Paltasy daşa degen ýaş inžener özi bilen pikirdeş iki-üç sany işgäriň goldawyna bil baglap, ýolbaşçylar merkeze uly ýygnaga giden çagty şahtany partladyp goýberipdir.
Bu «başynagidenligi» üçin ony suda beripdirler, ýyl kesip, türmä basypdyrlar.
Şahta partlap, kükürtli gatlagyň üsti serpigip açylansoň, ony ekskawator bilen ap-aňsatja susup alybermelidigine, bu usulyň örän amatly ekendigine göz ýetirip, kükürt käniniň ýolbaşçylary özleriniň ýalňyşandyklaryna düşünipdirler.
Ýaş inžener iki ýyla çeken horluklardan, kemsidilmelerden soň, mamladygy subut bolup, türmeden boşapdyr. Ýöne, oňa «käbir sebäplere görä» iş bermändirler. Ol maşgalasyny alyp, Aşgabada göçüpdir.
Her täze başlangyjyň könäniň çygryny deşip çykýandygyny, köp gurbanlardan soň durmuşa ornaýandygyny ýene-de bir gezek subut edýän bu gussaly waka hakda eşidip gynandym.
Magdan käniniň üstünlikleri barada «gazete ýaramly» makala üçin gerekli delilleri belleşdirdim. Zerur adamlar bilen gürleşdim.
Magdançylar şäherçesiniň magdan känine juda golaý gurlandygy, bu ýerde ölüm-ýitimiň ýokarydygy, hatda aýratyn çaga gonamçylygynyň bardygy, onuň barha ulalyp barýandygy, magdan käninden kükürt bilen garyşyp adam saglygy üçin zyýanly beýleki magdanlaryň hem çykýandygy barada-da assyrynlyk bilen gürrüň berenler boldy. Olar şäherçäni howpsuz aralyga —başga ýere göçürmegiň, magdançylaryň, olaryň maşgalalarynyň saglygy hakda pugta aladalanmagyň zerurdygyny tekrarlaýardylar.
Men kükürt käni bilen bagly işlerimi birýaňalyk edip, öýlänler dostumyňka geldim. Onuň ýüzi salykdy. Meniň oňa ilkinji sowalym şu boldy:
—Nätdiň, awçy bilen hasaplaşdyňmy?
—Ýok, ol gelmedi.
—Belki, tutdurarsyň öýdüp gorkandyr?!
—Bolşy-ha gorkjaga meňzemeýärdi –diýip, dostum awçynyň näme üçin gelmändigine özüniň-de hiç düşünip bilmeýändigini ýaňzydyp, eginlerini ýygyrdy.
Awçy gelmändigi üçin görmegeý dag tekesiniň janynyň howp astyndadygy, galyberse-de, magdançylaryň gözgyny durmuşyny görendigim zerarly maňa-da lapykeçlik aralaşdy.
Agşam samolýota yzyma biledim bardy. Çaý içişlikden soň men dostuma bu barada aýtdym. Ol uçar menzilinden samolýota mündürip goýbermäge döwtalap boldy.Men onuň bu niýetini ret etdim:
—Ugradandan ýoldaş bolmaz! –diýip ýola düşdüm.
Gowurdak şäheriniň aeroporty çaklaňja. Oňa uçarlar hem seýrek gonýar, sanalgyja reýs bar.
Biletlere bellik etdilýän ýere baranymda kime gözüm düşendir öýdýäňiz? Ýolagçylaryň arasynda şol dagda duşan awçymyz hem bardy. O-da meni gören dessine tanady. Allanäme geýnüwlidigi üçin bu wagt ol sypaýy görünýärdi. Ýöne onuň içki dünýäsiniň galagopludygy duýulýardy.
Ol samolýota ilki münüp, boş oturgyçlaryň birine geçip ornaşdy. Men hem bilesigelijilikdenmi ýa-da kejir batyrgaýlykdanmy, garazhaý, onuň ýanyna baryp oturdym.
Uzak wagt dymşyp uçanymyzdan soň, men oňa özümi juda gyzyklandyrýan sowal bilen ýüzlendim:
—Belleşen ýeriňize barmansyň-la?
—Meni beýle binamysdyr öýtme! –diýip, ol pert jogap berdi.
—Beýle bolsa, başda söwdalaşmaň näme üçindi?
—Seniň ol suratkeş ýoldaşyň puldar kişi bolan bolýar, synaýyn diýdim. Ýigrenenim —hemmäni pula satyn alyp, bar zady pul bilen düzedip bolar öýdýän adamlar.
Biraz dymşyp oturanymyzsoň, ol içki galagoplygyna basalyk berip, başardygyndan parahat dillendi:
—Sen žurnalistmi?
—Hawa.
—Kükürt käninde bolduňmy?
—Boldum –diýip, onuň «maňa beletdigine» geňirgenip baş atdym.
—Ýeri, onsoň, nähili gördüň magdançylaryň durmuşyny?!
—Pajygasy ýetik. Bir batyrgaý, ýaş inžener kükürdi açyk usulda almagy teklip edipdir. Emma goldaw tapmansoň, «başyny etegine salyp», şahtany partladypdyr. Ony suda berip, ýyl kesipdirler. Iki ýyllyk güzapdan soň, ol özüniň mamladygyny subut edip bilipdir. Emma oňa öňki işini bermändirler. Indem, ynha, kükürdi şol inženeriň tapan täze, amatly usulynda alýarlar. Ýöne howply magdan önümçiligi bolandygy üçin radiasiýa ýokary, keselçilik, ölüm–ýitim köp. Başga ýerlerde gabat gelmeýän çaga gonamçylygy bar. Ýaşaýyş ulgamyny howpsuz ýere göçürmek, adamlaryň saglygy barada aladalanmak zerur –diýip, men oňa magdan käni barada özümde galan täsirleri gysgaça aýdyp berdim.
—Bular hakda gazýede ýazmakçy bolýaňmy?
—Ýok, ýazaýanymda-da çykarmazlar...
Şondan soň biz tä Aşgabada ýetýänçäk dymşyp gitdik.
Samolýot ýere düşüp, soňky duralgasyna tarap tigirlenip ugranda, ol gussaly dillendi:
—Ine, şol çaga gonamçylygynda biziňem bir gyzjagazymyz ýatyr.
Men onuň bu gürrüňine allaniçigsi boldum:
—Sen gowurdaklymy?
—Hawa, men şol ýerde önüp-ösdüm –diýip, ol baş atdy. —Magdan käninde dostlarym işleýär. Aşgabatly žurnalistiň gelendigini hem şolardan eşitdim. Salgy berişlerinden sendigiňi bildim.
—Özüň nirede işleýäň?
—Aşgabatda, awçylyk jemgyýetinde. Işimi halamok. Ýöne öz ugrumdan ýerleşip bilmänimsoň, «Ata-babamyz awçydy» diýip, baraýdym.
Onýança-da, samolýotyň gapysy açylyp, stýuardessa gyz düşmäge çagyrdy.
Biz aerowokzaldan şähere ugraýan ulaglaryň duralgasyna çykdyk. Mundan beýläk herimiz öz ugrumyza gidibermelidik. Ol maňa dikanlap seretdi-de:
—Şol bolşum üçin bagyşlaň! Durmuş meni juda silterledi, henizem oňly aýňalyp bilemok –diýip, müýnli ýuwdundy. Onuň ýene-de nämedir bir zatlar aýtmakçy bolýandygy, ýöne aýtmalymy, dälmi, kesgitli netijä gelip bilmän ýaýdanýandygy duýulýardy. Teýahyram ol dillendi:
—Men... Men... şol şahtany partladan inžener...
Dagdaky bolşy üçin ýek ýigrenen-de bolsam, häzir oňa bolan ýigrenjim ýatyşypdy. Adamyň başyna düşýän agyr külpetleriň ony niçik günlere salýandygyny, soňky hüý-häsiýetine näzeýilli täsir ýetirýändigini göre-göre gelýäs.
Meniň oňa haýsy-da bolsa bir hoş söz aýdyp, duýgudaşlyk bildiresim geldi. Elini gysyp:
—Gaýrat et, barysy düzelişer... –diýdim.
Biz hoşlaşdyk. Ol köpsanly ýolagçylaryň arasynda gözden ýitdi. Hawa, şondan soň men oňa gabat gelmedim.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar