13:25 Kerep | |
KEREP
Goşgular
Ýaşyl "Wolga" süýnüp barýar ýol bilen, Gögerçin deý gelin, Ýigit hem bahar. Göreçleri dumanlapdyr dideleñ, Ýoldaky salgym deý ereýär takat. Ýa öñdäki ZIL-iñ sypdyran daşy, Ýa gelne ençe ýyl özün ideden Bagt guşy Urlup, "Wolgañ" aýnasyny Baglady kerep. A möýe derek Ikisine gerdi ganat - ýerganat. Ýaşyl "Wolga" siñip gitdi bahara... Ýaşyl "Wolga" süýnüp gaýtdy şähere... Gelin ses-selemsiz çugudyp otyr, A ýigide häzir derkar däldi gep... Şäheriñ üstünde eriş-argaç sim Misli bir kerep... Gelin öýe gelýär, Ýañy pyntyk ýaran üzüm dalbary Gerilip dur kerebi deý düşdüşiñ. (Wah, ýürek daşdan däl, ýogsa ol ony Atyp saljak mañlaýyndan başdaşyñ...) Oguljygy dolýar gelniñ gujagna, Ýöne gözlerine siñe seretse: Neresse çaganyñ iki görejem Duran kerep-le... Nobatguly REJEBOW. | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |