22:07 Kesel / hekaýa | |
KESEL
Hekaýalar
Uly çatrykda iki sakaldş sataşdy. Ikisi-de ýetmişe golaýlan iliň sylagly adamlarydy. Biri Aman aga: ol ortaboý togalagrak, ak ýüzli, ak sakgally, ýaşy uly bolsa-da, ýaş ýigitmikän diýdirýän uçup-gonup duran adamdy. Salyh aga bolsa uzyndan iri süýekli, daýaw, garaýagyz adamdy. Onuň ýanynda özi ýaly, uzyndan horrak, garaýagyz, saçyny bir sere edip ýören ogly Ýusubam bardy. Bular salamlaşyp, saglyk soraşanlaryndan soň Salyh aga: -Aman kesselläpdir diýdiler. Gowumy indi ýagdaýlaryň? -Salyh, şu kesel gelse, gitmesi kyn eken. Hälem, Döwran doktorymyz bar. Bir derman äkelip berdi welin, gutuldym oturyberdim. -Aman, nämeden kessellediň, haçan kesellediň özi? -Häzir biraz gyssaglyrakdym. Wagty bolsa arkaýynlykda gürrüň bererin. Bolýa saglygyň -diýip, Aman aga öýlerinine gaýdýan ýola sowuldy. Salyh aga: -Bäh, şu diýýän Döwran doktorymyzam güýçlow. Gapdalynda ogly Ýusup: -Güýçli, güýçli. -diýip ýylgyryp başyny ýaýkady. -Amanyň özi nämeden keselledikän? -Aman agaň keseliniň taryhy uzak. -diýip, Ýusup nazaryny bir nokada dikip biraz salym dymyp durdy-da, heh edensoň ýüzüne ýylgyryş çaýyldy. Güýzüň günüdi. Agaçlaryň ýapraklary saralyp, arasynda birde-ikide ýere gaçyp başlanlary-da bardy. Howanyňam taby ýokdy. Bir görseň, garalyp, bir görseňem, gülalagüllük bolup oturyberýärdi. Oba brigadirine tomusda gijä galyp gelibilmän galan dökün gelipdir. Aman aga dagy şondan ýetdik paýyny alaýaly diýip, almasagam barybir adymyza aldy diýip ýazylar, iň bolmanda indiki ýylda mellek ýere bereris diýip, ogly Aşyr bilen eşekarabada brigadirleriňkä gitdiler. Mekan brigadiriň öýüniň dört tarapy agaçlardan diwar edilen deý, diňeje bir ýeri girip çykar ýaly ulurak ýol geçýän açyk ýer bardy. Onuň daşyndan içindäki öýem görnenokdy. Şol açykdaky ýoldan içine girseň, ine, köşk ýaly jaý. Öýüň kölegesinde bolsa, akja, gar deý ýanyp duran suw ýaly toýota. Öýüň çar ýany bolsa agaçlardanam soň ýene-de, kiçeňräk sim böleginden germew bilen aýlanan. Öýüň degre-daşy betonlanansoň arassajady. Mekan şol jaýyň kölegesindäki ýörite ýasadylan uly sallançaga ýaplanyp, iki ýana haýaldan çaýkanyp otyrdy. Içki germew bilen agaçlaryň aralygynda bolsa oba gelen dökün bir üýşmek depe bolup ýatyr. Aman aga arabany saklap, -Mekan! -diýip dillendi. Ses gelen tarapa gözlerini ýalt-ýult edip seredip: -How, salawmalikim. Aman aga. -diýip, Mekan ýeride garsa turup, şol tarapa ýöräp ugrady. Mekan kelteden, saryýagyz, tos-togalak, saçlary selçeňlenen, goşa eňekli adamdy. -Walikim salam. Gurgunmy, gurgunçylykmy? -Howa, şükür. Özüňä işlije gelipsiň öýdýän. Dökün almalymy? -Howa, döküne geldik. Depe bolup duran dökünüň bärsinden seredip durup: -Inim, bu azodyň haltalysy ýokmy? -Ýokdyr. -Haçan haltaly alanymyz ýadymyza-da düşenok. -Aý, agam, maňa-da gelýäni-dä şu, näme edeýin. -Bor-da... -diýip Aman aga eline bedre alyp, Eşekarabany çetiräge daňyp gelen ogly Aşyra: -Hany, gabyň agzyny aç! -diýip, depe döküne bedre urdy. Haltalar hatarlandy. Ýigirimi halta golaý bolansoň Mekan: -Bolar indi, çekip göräýeli! -Tut, haltaň bir ujundan, gel kömek et. -Aman aga, bilim agyryp durdy-da. Aman aga ogluna garap hany götereli diýen manyda kellesini siltäp göýberdi Iki bolup derrew terezä goýup ölçediler... Iň soňunda Aman aga tereziniň üstüne münüp: -Hany, inim, menem bir ölçe! -diýip, blaknodyna belläp duran Mekana garady. Ol bolsa ruçgasyny blaknodynyň içine salyp, tereziniň daşyny eýlä-beýlä süýşürip ugrady. -Näçe geldi. -diýýänçä ogly Aşyr: -Altmyş bir! -diýip dillendi. Mekanam yzyndan: -Howa, altmyş bir. -diýip gaýtalady. Aman aga tereziden düşüp, Aşyr bilen gaplanan haltalardan araba bäş-altysyny ýükläp, donunyň daşyndaky ýaglykdan guşagy çekdirdi-de: -Gaýdaly onda! -diýip, Aman aga ogluna garady, Aşyram araba goşulan eşegiň ýüpünden tutup ýola çykdy... Güýzüň güni... Hemme adamlar öz işleri bilen başagaý. Aman aga gyzlarynyň iki günlük ýygan pagtasyny araba ýükläp, Aşyra eşegiň ýüpüni tutduryp, özi gapdaldan pyýada Mekanlara haýdadylar. Baryp, arabany terezä golaýyrak edip, gaplary düňderdiler. Onýança Mekan brigadir hem goltugyna blaknodyny gysdyryp ýetip geldi-de: -Salawmalikim, Aman aga, pagta getirdiňizmi? -diýdi. -Ýok, ýöne geläýdik. -Haý, agam, oýnuň baraý. -diýip, Mekan gülümjiredi. Aman aga ogly bilen gaplary terezä goýdularam Mekanam gaby çalaja süýşüren boldy. -Sag bol, özümizem bir zat ederis. -diýip, Aman aga gaşyny çytdy. -Birýüz bäş gelişi. -diýip Mekan bir terezä bir Aman aga esetdi. -Arassasy näçe? Myrat kalkulýatoryny çykaryp, -Ýüzden on, gabynada bir aýyrýas, deňdirem, togsan dört kilo bolýa agam. Aman aga başyny ýaýkap, Aşyr bilen gaplary göterip pagta üýşmeginiň üstüne dökdüler. Myrat öýüne tarap gitdi. Aşyr gaplaryň pagtasyny döküp, gaplary ýygnaşdyryp ýördi welin Aman aga tereziň ýanyna gelip, ilçegni ýazdyryp, üstüne münüp, daşyny eýlä beýlä süýşürişdirip ýörkä, Aşyr derrew ylgap gelip: -Hany, men ölçäýin. -diýdi. -Ölçe hany. Aşyr tereziniň daşyny süýşürip, -Elli dokuz. -diýip, kakasyna garady. -Näçe, näçe? -Elli dokuz, ine! Aman aga tereziň üstünde duran ýerinde başyny egip terezä garady. -Bäh, elli dokuz çyndanam. -Kaka, horlanypsyňmy, öň azot alanmzda altmyş birdiň dälmaý?! Aman aga dymdy-da: -Ýör. -diýip, ýola düşdi. Gelýän ýerinde oýlanyp gitdi. -Bäh, horlanypdyryn, soňky döwür biraz ýaramajak bolýadym welin, şoňa horlandymykam... Aman aga öýüne gelip karary bolmady. O jaý bir geçdi, bu jaýa bir geçdi. Daşary çykdy, içeri girdi. Onuň bu bolşuny gören Jemile gelneje: -Aman, näme, aýagy bişen towuk ýaly eýlä bir geçdiň, beýlä bir geçdiň. Bir ýerde durumyň bolmady? Aý, birazrak ýaramajak bolýan öýdýän, -Hä, näme boldy? -Biraz horlanypdyryn, bu gün brigadiriňkide ölçetdim weln iki kilo ýeňil geldim öňküden, biraz ýarawymam ýok. -Beýle ýarawyň ýok bolsa oba doktoryna görnüp gaýdaý. -Dogry aýdýaň. Şu gün gidip barlanaýyn. Aman aga çäkmenini egnine atyp, oba lukmany Döwranlara eňdi. Uly jaý gum-gukluk, ne-adam bar, ne-de gara. Bir gapyň agzynda towuklar gokgullaşyp gezip ýör diýäýmeseň, ses-seda ýok. Aman aga daş işigiň agzynda duran ýerinde: -Döwran! -diýip seslendi. Biraz gapyny kakdy. Ine, bir ýerlerden Dowranyň ogly Serdar bir elinde telefon bir elinde-de şapbat ýaly çöregi alyp daşa çykdy. Aman aga: -Aý, köşek, kakaň nirede? –diýdi. Serdar çöregi gäwşäp telefona seredip duran ýerinde: -Mellekde. -diýip jogap berdi. Aman aga kellesini ýaýkap: -Bäh, hazirki ýaşlaraý. -diýip, ilerligine ýöräp ugrady. Döwran daýaw göwdesini çalt- çaltdan hereketlendirip, Jöweniň içine edil maşyn giren ýaly ala-tupan edip, gara der bolup, oragy çaltdan çekýärdi. -Döwran, arma how! Döran kellesinem galdyrmady. Ol şakyrdyň içinde ol sesi eştmedem. Aman aga ýakynraga baryp ýene-de, -Arma how! Döwran elindäki gujaklap oran bir desse jöwen otuny ýerde goýdu-da kellesini galdyryp, ýeňi bilen maňlaýynyň derini süpürip, -Salawwmalikim, Bar bol Aman aga! -diýdi. -Walikim salam, gurgunmy, gurgunçylykmy? -Şukür Hudaýa, gowymy özüňizem. -diýip, Döwran Aman agaň ellerini gysyp sorady. Biraz gaşlaryny çytyp, ýüzüne bulut çöken ýaly edip, assa sesli: -Aý, onçakly gowlug-a däl. -Hä, name boldy agam? -Ýarawym ýogurak. -Hany, ýör hany, öýe baraly. -diýip, Döwran oragy ýere zyňyp goýberdi-de, elini öýüne tarap salgady. Döwran donuny daşarda çykaryp goýdu-da, ellerini yuwyp, gapyň agzyny açdy. -Gel agam, gir hany. Aman aga agras basyp içe girdi. Içki jaýa baryp, -Agam, näme bolýar, aýt hany. -diýip, Döwran el-ýüzüni süpürip Aman aga garady. -Inim, yarawym ýok, oňkiden iküç kilo horlandym. Birzatlar et, däri-derman ýazýamyň. Döwran, Aman agaň eýlesine-beýlesine seredişdirip, elini, maňlaýyny tutup: -Bah, agam sende hiç hili kesel ýok, sap-sagad-a sen. -diýdi. -O nähili, sagdyn adamam horlanarmy? -Onçasyn-a bilmedim. Emma, sende kesel ýok. Hemme zat ýerbe-ýer ýaly. -Onda nä horlandymkam? -Iş döwrüdir. Horlanaýansyň. -Bäh, öz-ä birhiliräk boldy. Aý, näme gaýdaýyn onda men. -diýip, Aman aga göwünli-göwünsiz ýerinden galdy. -Çaý içeli, agam, biraz ýadawlygyň çykar. -Sag bol, inim, ýöräýin men. Aman aga şol gaýdyşyna öýüne geldi. gelip-gelmänkä-de, aýaly öňünden çykyp, -Ýeri, doktor näme didi? -Diýen zady ýok. Janyň tut ýaly sagat diýdi. Iş döwri bolansoň horlanansyň diýdi. -Dogrudyr. Senembir iş döwri birki kilo horlandym diýip doktora ylgabermek gerek däl-ä! -Hany, derrew doktora git. -diýip, maslahat beren sen dälmidiň?! Aýaly aşak bakyp, demini çykarman ýene işleri bilen boluberdi. Aman aga aradan on onbäş gün ötürip ölçege baran güni, gel, ýene-de bir agramymy ölçäp göräýeýin diýip, terezä münüp, agramyny Aşyra çekdirdi welin, bu sapar elli sekiz kilo geldi duruberdi. Onuň ýene içine howsala düşdi. Allajanlarym bu nämeboldugyka? Beýle horlanyp barýan. Ýene bir kilo, ýöne ýere däldir bi. Şu gün ýene Döwranyň ýanyna baryp göreýin hany. Aan aga öýüne gelensoň, Dowranlara gitdi. Jemile gelneje Aman aga gitmänkä: -Ýeri eýgilikmi, indi näme diýip barýaň Döwranlara? -Ýene bir görnüp gaýtmasam bolmady. Ýene bir kilo horlanypdyryn. Aman aga Döwranlara gelip gapyny kakdy. -Gel, gel, giriber! -diýip, Döwran seslendi. Aman aga içeri girdi. Döwran ýerinen turup: -Salawmalikim. Gel, Aman aga! -Walikim salam, saglykmy? -Şükür, gel, agam saçak başyna geç! - diýip Döwran elini töre salgady. -Ýok, sag bol, ýene birde. -Ýok diýme, gel, agam, otursana. Ýagşy myhman aş üstüne. Gel, gel! Aman aga töre geçip çöküne düşüp otyrdy. Döwran ortadaky tabagy bir eli bilen Aman aga tarapa süýşürip, bir eli bilen çörek uzadyp: -Al, Aman aga! -diýdi. Çaý-nahardan boldum edip töwir galdyrylan soň Aman aga gep goşdy. -Döwran, men-ä. saňa barlanaýaýyn diýip geldim. Ýene bir gowy edip barlamasaň bolanok. -Näme boldy agam, eýgilikmi? -Ýene horlanypdyryn, ysgynym ýogyrak. Döwran, Aman aga bilen beýleki jaýa geçensoň, onuň eýlesine-beýlesine geçip seredişdirdi. -Agam, özüň-ä sagat ýaly. -Döwran, menem geljek däl how seň ýanyňa ýöneýere. Oň iki kilo, indem bir kilo horlandym. Sen doktor-a, bilmelä şu zatlary sen! -Agam, aý, şu iş döwrüdir. Şoň hasabyna horlanýansyň. -Iş döwrinde öň bular ýaly bolmaýa-da, gelip-gelip şu ýyl iş üçin şular aly bolaýmalymy? -Bor, Aman aga, size häzir güýje geler ýaly bir sany asmaukol edeýin. Başga agyr artykmaç keseliňiz ýok. Şondan soň sagalarsyňyz. Onnaňam gelejem-de aýdyň, bir towuk çorbasyny aram-aram bişirip berip dursun.-diýip, Döwran sumkasyndan gerekli zatlaryny çykaryp Aman aganaň elinden asma ukol asdy. Aman aga sanjymy alyp bolup, Döwran bilen sagbollaşyp öýlerine gaýtdy. Gelişine-de, ketekden bir sany horazy alyp damagynam ileri çetiräkde çalyp, aýalyna gygrdy. -Jemile, jemile! Aşhandan bir eli susakly Jemile gelneje çykyp-çykman, -How! -diýip dilendi. -Me, şuny arassala-da, agşama çorba et şundan. -Eýgilikmi. Döwran näme diýdi ýogsada. -Howa, Döwranam asmo ukol etdi, arasyndada towuk çorba içip dur diýdi. -diýip, Aman aga elindäkini Jemile gelnejä uzatdy. Ine agşam çorba-da içildi. Heme zat gülalagüllük. Aman aga günaşa diýen ýaly ölçege baranda agramyny ölçeýä welin şol oňki agram elli sekiz ösüş ýok, ýogsa towuk çorba-da günaşadan diýen ýaly içilip, ketekde-de towuklar azalyp ugrady. Şonda hem peýdasy bildirenok. Aman aga giçki çaý wagty ýassyga ýaplanyp bir eline käsäni alyp, -Bäh, Döwranyň aýdyşy ýaly etsegem peýda berenogaý. Jemile geleje-de oturan ýerine ýokary galybyrak, -Aýtdym-a, şu Döwranyňam bilýän zady ýok how. Ýöne ugur alla şoňky. -Çyndanam şeýlemikän ýa. Öz-ä obarada öwýädiler ony. -Kim öwsünäý ony. Diňe özüniňkiler öwýär, Döwranjan-da Döwranjan diýişip. -Bah... -Howa-la, bolmasa saňa aýdarda pylan derman içmeli, pylan keseliň bar diýip. Aradan biriki gün geçdi welin obada bir sadaka boldy. Obaň adamlary herkim her ýerden üýşdiler. Bu märekede Jemile gelneje aýallaryň arasynda düşdi Döwranyň üstünden. -Ol-a zadam bilenok eken. Amanyň keselinem anyklap bilmän, ýöne towuk çorba, towuk çorba iç diýip aldy-ýatdy. Başga aýdýan zadam ýok -diýip, arasynda ýene käbir zatlary goşuşdyryp aýdyberdi. Adamlarada gep erek. Şondan soň biri Döwrany eýleki aýala ol zat bilenokmyş diýse beýleki aýdanda ukolam dogry urup bilmändir diýýär. Aý, garaz on onbäş adam eşidýänçä Aman agany horlanyranam, ýalňyş derman ýazanam Döwran boldy oturyberdi. Güýz aýam ahyrlap gelýär. Sowuk bireýäm urup, agaçlardyr ýylgynlaryň diňeje şahalaryny goýupdy. Ähli otlar, ekinler diýermiň egnin gysyp, başyny salyp, mürreýişip otyrlar. Ýabyň düýbünde galan azowlak suwlaram durlanyp durnaň gözi ýaly dup-dury bolup, üsti bolsa sähelçe buzjaryp ýatyrdy. Saýrak guşlaryň ýerini gargalardyr kepderiler eýeläpdiler. Gargalar haçan görseň süri bolup talançylyk edip ýörendirler. Agşamara gijesine biriniň bugdaýyny çöpläp ýörendirler. Irdenem ýygnalmadyk ekin meýdanlardaky jöwenleri talap ýörendirler ýa-da bir ýerde harman üýşürilip ýanynda adamgara görünmese gapdalyndaky dikilip goýulan garantga-da üns bermän şoňa ýapyrylyşarlar. Howa-da haçan görseň ýagjak-ýagjak bolup garalyp ýagybilmän Günüň öňüni garaldp durandyr. Şemalam bir gaýradan birem aşakdan öwüsýärdi, bellibir ugry ýokdy. Hemme adam öz işleri bilen başagaý obada kiçeňiräk çagalar diýmeseň hemmesiniň öz işi bardy. Ine-de ir säher, bulutlar Günüň öňüni tutmana biraz gijä galypdyrlar. Gün ýalbyrap şöhlesini äleme saldy. irdenki düşden gyrawdan soňky çalaja duman we guran ot çöpleriň üstündäki gyraw damjalary günüň şöhlesi bilen çakyşyp ýaldyraşyp göwnüňi göterýärdi. Aman aga ir bilen öňki gün ýygylan pagtany ölçedip gaýdaýyn diýip, Eşekarabany goşup Aşyr bilen ýola düşdi. Baryp gaplary arabadan düşürip, gaplaryň üstünde biraz oturdylar Mekanam bir ýerlerden geler diýip. Emma, wagty bilen gara bermänsoň. Aman aga Aşyra -Bar, Mekandan habar alyp gaýt. Ölçege geldik diý. Aşyr bar habar alyp gaýt diýýenden derrew öýe tarap ýöneldi. Gelip ganyny kakdy. Içerden Mekanyň ogly Allamyrat çykdy. Aşyr ölçege geldik diýenden öýüne ylgap girip, -Kaka, Aşyrdagy ölçege geldik diýýär. -Bar, oglum, häzir barýan, azyrak garaş diý. Allamyrat kakasynyň sözlerini ylgap baryp Aşyra ýetirdi. Aşyram gaýty ýene ölçegiň başyyna. Gelip, -Häzir geljek diýýär, kaka! Olar şol garaşyp oturyşlaryna on on bäş minut oturansoňlar Mekan blaknodyny goltuklap, işikden çykyp gerindi-de, assa ýöräp gaýtdy. -Agam, salawmalikim! -Walikim salam. Saglykmy? -Gowymy agam, pagta getirdiňmi? -diýip, Aşyryňam salamyna älik berip, ikisi bilen elleşdi. -Howa, menä şuňa pagta diýýän. Onnaňam ölçege gelenleri eglemän ugradaýmalydyr-da. Hemme kişiňem işi-dedi bar. -Çaý içip oturdym-da. Nädýä gutaranokmy pagta? Obada azalyp ugrady. Sanaýmaly adamda galdy. -Ýene bir hepdelik ýygarlyk bar, soň dynýan! -Bolýa, äkeliň-äkeliň hemmesini ýygyp. -Gel, hany, Aşyr. -diýip, Aman aga gabyň bir çetini tutdy. Pagtany ölçäp dökdüler Aman aga on gün diýen ýaly agramyny ölçäp görenoky, gel kilomy göreýin-de diýip Aşyra -Gel, ölçäp goýber. -diýdi. Aşyr derrew tereziň daşyny süýşürip, ulusyny kyrkda goýdy, kiçisindem on altyda goýup, -Kaka, eli alty! –diýip, Aman agaň ýüzüne garady. Aman agaň ýüzi duw ak boldy. Derrew terezä seretdi. Çyndanam elli alty. Aman agaň birki gün öň sähel bilini agyrdypdy welin ind-ä, öňküsindenem has howsala düşüp, içinden -Bah, Allajanlarym, näme bolýaka maňa, gün-günden horlanyp barýan.Bu gidişine ýakyn arada çöpe dönýän men... Aman aga derrew eşegaraba mündi-de, -Sür, Aşyr gideli. -didi. Bular Mekanlardan çykyp, biraz ýöräp-ýöremänkä, Oba lukmany Döwran bilen gabatlaşdylar. -Salawmalikim, Aman aga! -diýip, Döwran golaýlaşan badyna salam berdi. Gaşlary çytylan, yüzi-gözi boz-ýaz Aman agadan zordan walikim salam diýen söz çalajadan eşidildi. -Aga saglykmy. Bu nä keýpiň ýok? -Keýp boljakmy, saglyk bolmasa! Döwran birzat diýip diýmänkä Aman aga ýene sözüni janygyp dowam etdi. -Özüňem doktor bolýan bolsaň meniň keselimi anyklap bir alajyny tapyp ber. Ara bir salym dymyşlyk düşdi, onýança gaýradan her ýerden bir basyp daýaw pyýada biri ýetip geldi saçlary gözüne düşüp duran gulagynda naguşnik, horrak, güne gowy garalan ýeňsiz maýkada ellerem kisesinde. Gelip-gelmanem: -Salawmalikim, Aamn aga, Salawmalikim Dowran aga, Gowymň Aşyr! -diýip, hemmesi bilen elleşip çykdy. Aman aga ýene sözüni dowam etdi. -Inim, Döwran, özüň doktor-a, bilmel-ä sen şu zatlary. Name üçin horlanýanymy. Eýýäm bir aýda alty-ýedi kilo horlandym. -Aman aga asyl senda kesel ýok bolmaly. Ýöne bu gün öýe bar, ýene bir barlap göreýin! -Aman aga horlandym diýýäňizmi nide ölçediňiz agramyňyzy? -diýip hälkii gelen Ýusup gepe goşuldy. -Aý şähere gidip barlanaýmasam senden-ä haraý bolmaz. -diýip, Aman aga Döwrana-da gulak asman, Ýusubyňda gepine jogap bermän bir elini siltäp ýoluna ötägitdi. Döwranyň ýüzüne urulan ýaly çym-gyzyl boldy. Uludan demini alyp, başyny ýaýkady. Ýusup bolsa: -Döwran aga, Aman aga horlandym diýýär, näme boldy özi? -Howa, horlanýan diýýär. Senem zat bileňok diýýär. Men-ä haýrandyryn, sap-sagat adam, horlanýan, saglygym ýok, ýaramaýan diýýär. -Agramyny nirde ölçäp gördükä? -Nirede ölçände näme tapawydy bar. -Tapawydy gaty köp. -Aý, bilmedim, Mekan brgadirde ölçändir-dä, şondan başga ýerde terezem-ä ýok. -Şonda ölçän bolsa düşünikli. -Nämesi düşünükli. -diýip, Döwran Ýusubyň ýüzüne bir zat gözläp tapan ýaly dikanlap seretdi. -Şonda ölçäp horlandym diýýädämi?! -Howa! -Şoň üçin ýaramok diýýärmi? -Howa. -Aýow, Myrat brgadiriň terezisidir-da how. Onuň nählilidigni nä bileňokmy? Döwranyň ýüzüne birbda ýylgyryş çaýylp, ýagtylyp gitdi. Soň ýene-de, Günüň öňüne bulutlar üýşen ýaly bolup, -Aý, ony aýtsaň, Aman aga her hepdede meň ýanyma baryp, bir kilo horlandym, iki kilo horlandym diýip dur-a. Mekanyň terezisi bir durkda durmazmy? -Aý, agam indi pgta sezon gutaryp barýar, pagta gelmesi azalýar, onsaň... biliber-dä. Döranyň ýüzi ýenede bulutdan çykan Gün ýaly bolup, gözlerem ýanyp gitdi, Ýylgyryşy daýaw yüzünde gasynlary döretdi. -Ýusup sagja bol-a. Öňden bäri saňa sataşan bolsam bu günlere galmajak ekenim. Özümem oýlanyp göräýmändirin-dä. Ýusup hiç zat diýmän çalajadan ýylgyrdy-da, -Bor, agam, saglygyň, men ýöredim. -Bor, Ýusup, sagja bol! Şol güniň ertesi Aman aga öýüde gunorta çaýyna ýaňy oturan wagt, gapyny kakyp Döwran doktor -Salawmalikim Ama aga -diýip, içeri girdi. -Gel, walikim salam, otur, çaýam geler häzir. -Ýok, Aman aga çaýa oturmaýyn, howlukmajyrakdym. Men bir zady size gowşuraýaýyn diýip gelipdim. -Nmäni? -diýip, Aman aga ardynjrady. -Derman -diýip, Döwran jübüsinden içinde mäşden sähel ulyrak dänejikler ýaly emma her dürli reňkli kiçijek gutyjygy çykaryp uzatdy. -Ine, aga, seniň keseliňi edil el bieln aýyryan ýaly eder şu. Her günde dört sapar iç gutarýança. Nädersiň onsaň edil öňki agramyň ýene dikelip, tut ýaly bolaýsaň. Onsaň doňuzy nogtalabermeli bolarsyň . Aman agaň ýaplanyp ýatan ýerinden ýeke dyzyna galyp, -Bäh, nätdiňaý, çyndanam kömek edermi? -Howa, hökman kömek eder! -Hany, getir! -diýip, Aman aga elini uzatdy. Aman aga eline şol dermanly gutujygy alyp, çaga täze oýunjak alyp berende begenişi ýaly begedi. -Inim, onsaň munuň bahasy näçe? -Agam, janyň sag bolsun, hiç zat gerek däl. Aaan aga öňküsindenem bgenip, -Aý, inim, gutulaýarynmy çyndanam şunuň bilen. -Howa, gutularsyň. Ýöne şu dermany içip bolýançaň agramyňy ölçejek bolma. Derany içip bolarsyňam bzardan öz adyňa bir terezi satyn al! Şol terezide öýüňde ölçäp gör agramyňy. Döwran sözini ýene bir gezek gaýtalap: -Hökman öz başyňa terezi alyp şonda ölçegin! -Bolýa, hökman öz adya bir terezi alaýaryn. Öýde-de, ony-muny ölçemäne gerek bolar. -Howa, dogry aýdýaň. Bor onda, Aman aga men gideýin. -Arkaýyn oturyp, çaý-naharlaşyp gidäýmelidiň-dä, Dowran. -Ýok, agam, gidiberäýin men. Saglygyňyz. Sag-aman gutulyň. -diýip, assa basyp Döwran gapydan çykyp gitdi. Şodur-şodur Aman aga gaýdyp Döwranyň ýanyna horlandym diýip barmady. Aýallaň dilindäki gybatlarda bolsa, Döwran lukman güýçli, hemme keseli bejerip bilýän adam boldy oturyberdi. Ahmet ARAZOW. | |
|
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |