KITAPHON
Ol kitaba gadyr goýýan kişidi. Her ýyl zähmet rugsadyna çykanda, uzak säherlere gidip, geň-taň kitaplary alyp gelerdi. Bu çykdajyly sapar üçin puly ýylboýy tygşytly ýaşap, öňünden ýygnardy.
Sapardan gelende, getiren kitaplaryny gola salşynyň taryhyny şüwlümini ýetirip gürrüň bererdi. Käbirini kitaphon tanyşlarynyň onuň üçin öňünden ýörite satyn alyp goýandyklaryny, käsini köne kitaplar satylýan dükanjyklardan tapandygyny, käsini bolsa Sankt-Peterburgda ýa-da Don boýundaky Rostowda bardygyny eşidip, Moskwadan şol şäherlere otluly ýa-da awtobusly gidip tapyp alandygyny aýdardy. Ýaşy ýetmişe ýetip barýan adam üçin beýle alys saparlaryň aňsat düşmeýändigi bellidi.
Elbetde, onuň bu bolşuny geňirgenýänler-de bardy:
—Ybraýym aga, Moskwa ýaly ýere gidibem getirýäniň şu köne kitaplarmy? Özüm bolsam-a, bärde satyp, girdeji görüp boljak delje harytlary alyp gaýdardym –diýýärdiler.
Şeýle ýagdaýda goja:
—Gulagym agyr, näme diýmekçi bolýanyňa düşünmedim –diýip oňýardy. Ol ynam etmeýän adamyna kitaplaryny okamaga bermeýärdi. On ýyl gowrak bir edarada bile işlänimizsoň, men onuň ynamyna girenleriň biridim.
Biziň kitaphonluk gatnaşygymyz Ybraýym aga işi goýansoň hem öňküsi ýaly dowam edýärdi. Bir gezek kitabyň gadyr-gymmaty barada gürrüň edip otyrkak, ol menden:
—Plutarhy okapmydyň? –diýip sorady.
—Ýok, okamandym, ýöne onuň gadymy döwrüň taryhçysydygyny bilýän.
—Ine, şonuň ýazmagyna görä, Isgender Zülkerneýn (Aleksandr Makedonskiý) pars patyşasy Dariý bilen söweşip, onuň ýurduny eýeläpdir. Goşun serkerdeleri Isgendere Dariniň gymmatbahaly daşlar bilen bezelen, altyndan ýasalan, at-owazasy dünýä dolan meşhur sandyjagyny getirip: «Ynha, oljalaryň iň ajaýybyny hem gymmat bahalysyny kabul et!» diýip gowşurypdyrlar. Ol sandyjagyň içi bolsa her dürli lagl-jowahyrlardan dolumyşyn.
Isgender sandyjagyň içindäki gymmatbahaly zatlary döküp, ony boşadypdyr.
—Sen oňa şolardan gymmatly näme salmakçy bolýaň? –diýip, ondan goşun serkerdeleriniň birisi sorapdyr.
—Elbetde, «lliadany». Bu kitap meniň elmydama ýanymda göterýän kitabym. Mundaky pähimler gymmatbahaly daşlardan has bähbitliräk –diýip, Isgender jogap beripdir.
Ybraýym aganyň şeýle gürrüňlerinden soň, men özümi oňaýsyz duýýardym. Az okandygyma, onuň bilýänleriniň üçden birini-de bilmeýänime utanýardym.
Onuň maňa okamaga berýän kitaplary durmuş pelsepesinden doly, juda seýrek gabat gelýän täsin hem gyzykly kitaplardy. Özüm okap çykamsoň, olary käbir tanyş-bilişlerime-de okamaga berýärdim. Muny Ybraýym aga bilenokdy.
Bir gezek welin bu nysagym meni puşmana getirdi. Hudožnik tanyşlarymyň birine okamaga beren kitabymy yzyna alyp bilmän görgi ýamanyny gördüm. Her gezek soranymda, bahana bilen sypýan suratkeş ony ýitiren bolarly. Adatça, alan kitabymy dessine okap, yzyna berýänime endik edinen Ybraýym aga gabat gelşenimizde: «Hany, şol kitaby getirmediňmi?» diýen terzde ýüzüme sowally bakýardy.
Şeýle çykalgasyz ýagdaýa düşüp ýören günlerim, edaramyzdan bir işgär Moskwada okaýan oglundan habar tutmaga gidermen boldy. Men bu mümkinçiligiň tapylanyna begendim. Oňa kitabyň bahasyny artykmajy bilen berip, salgysyny aýdyp, alyp gelmegini özelenip haýyş etdim. Ybraýym aganyň ol kitaby nireden, nähili alandygy baradaky gürrüňi ýadymdady.
Indi umyt bilen garaşybermelidim. Ýöne maňa «Köne kitaplar satuwda köplenç ýalňyz nusgalykda bolýar. Boş geläýmese...» diýen göwnüçökgünlik hem aralaşypdy. Meniň bagtyma, ol işgärimiz ýaňky kitaby tapdy getiräýdi. Şeýdip, Ybraýym aganyň maňa bolan ynamy synmady. Ol öňküleri ýaly, del hem içi «göwherli» kitaplaryny okamaga berýärdi. Men bolsa ol kitaplary gyzyl tapan ýaly garbap alyp, dessine okap, yzyna gowşurýardym.
Soňky döwürde Ybraýym aga ýygy-ýygydan ýoňlaýardy. Onuň esasy derdi gan basyşynyň ýokarylygydy.
Bir gün okamaga beren kitabyny yzyna eltenimde bolsa, ol:
—Kitaplarym har bolmaz ýaly, kime goýsamkam diýip köp oýlanýan. Çagalarym-a kitaphon kişiler däl. Söwda-satuwa imrinýärler –diýip, gussaly dillendi.
Men oňa:
—Ybraýym aga, beýle diýmäweriň. Entek ömür öňdedir. Siziň bilen ýene kän-kän del kitaplary bile okarys –diýip göwünlik berdim.
Ýöne ol iň göwrümli hem täsin kitabyň-ömür kitabynyň paýawlandygyny aňan ýaly, şondan soň uzak ýaşaman dünýäsini başgalady. Bu meniň üçin agyr ýitgi boldy. Durmuşa akylly-başly düşünmäge çalyşýan, kitaba gadyr goýýan, belli bir salykat kämilligine ýeten, ownuk, nebsiňi otugdyryp aldaýan hysyrdylardan daş durup, öz şahsy «meni» babatda irginsiz aladalanyp, seýrek kemala gelýän bir oňat adam ýogalypdy.
Patasy sowlansoň, maňa onuň ogly til etdi:
—Agam, gelip gitsene!
Özümden ep-esli ýaş uludygyna seretmezden, kitaphonluk sebäp bolup, aramyzda birek-birege deň derejeli, diýseň ygtybarly sarpa dörän Ybraýym aganyň öýüne, hamana, ol öňümden ýene-de ýylgyryp çykaýjak ýaly bolup, hemem «Näme üçin çagyrdylarka?» diýip, iňkise gidip bardym. Ogly meni garşylap, çagyrmagynyň sebäbini aýtdy:
—Kakam kitaplaryny size bermegi wesýet etdi.
Soňra meni belet otagyma —Ybraýym aganyň kitaply otagyna, köp gezek didarlaşan ýerimize alyp bardy:
—Ynha, kitaplary öz goýup gidişi ýaly dur.
—Sag bolsun... –diýip, men Ybraýym aganyň bu çykalgasyna juda tolgundym.
Hatar–hatar tekjelerde tertipli ýerleşdirilen kitaplar-hersi bir tapylgysyz hazyna. Şeýle kitaplarynyň bardygy üçin men Ybraýym agany bijaý bagtly adam hasaplardym.
Hat stolunyň üstünde aýratynja duran kitap meniň ünsümi çekdi. Ol hudožnik tanşymdan yzyna alyp bilmän, Ybraýym aga Moskwadan getirdip beren kitabymdy.
Kitaby goluma alyp, daşky sahabyny açanymda, bir bölejik kagyza ýazylgy ýazga gözüm düşdi: «Meniň okamaga beren kitabym däl».
...Wagt geçip dur. Ömür diýilýän-özüňiň kimdigiňi subut etmek üçin berilýän puryja barha azalýar. Baky gelen barmy?
Ynha, indi Ybraýym agadan miras galan hemem öz ýygnan kitaplarymy, har bolmaz ýaly, men kime goýsamkam?
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar