Laçynyň diňe bir leksiýalardan däl, bilesigeliji talyplardanam öwrenýän zatlarynyň aňyrsy – bärisi ýok. Olaryň arasynda gör, näçe dürli juwan bar. Olar biri – birine meňzemeýän häsiýetleri bilen geň hem gyzykly, hersi özbaşyna bir dünýä. Olaryň ugurlary bir bolsa-da Laçynyň kursdaşy Ýygnak (Laçyn bu oglanyň adyny heniz – henizlerem geň görüp ýör) dünýäniň diregini edebiýat hasaplaýar. Ol, haçan görseň, stoluň başynda saçlaryny barmaklarynyň daşyna towlap aldygyna klassyklaryň eserlerini okap oturandyr. Uzyndan saryýagyz Ary (bu at onuň lakamy bolsa gerek) rus dili bilen başagaý. Geplemezek Saparbibi pars dilini, ýaňra Myrat taryhy söýýär. Jumadurdy filosof. Ol şol ylmy özi döreden däldirin öýdenok. Ol gaty öwünjeň bolandan soň, Laçyn Jumadurdyny kän halanok. Üstesine-de onuň häsiýetinde birhili Myratberdä kakdyrýan häsiýetem bar. Özüni görmeklilikde asmandan asýar. Laçyny bolsa ähli kursdaşlaryndan gabanýar. Ony diňe özi üçin ýaradylandyr oý edýär.
Laçyn gyş kanikulyna gelende, Garagyzyňam okuwa gitmegi çynyrgadandygyny eşidip begendi. Ol muny Laçyna ýazan hatlarynda-da duýdurypdy. Gyzlar Garagyzyň golaýda durmuşa çykýandygyny-da, Laçyn gitmänkä toý tutulaýmagynyň mümkindigini-de gürrüň berdiler. Muny ol Laçyna ýazmandy. Şol gün agşam Garagyzyň özi-de geläýdi. Jorasy bilen süýji – süýji gürrüň edip oturan Laçyn Garagyzyň ýüzüne bir hilije hem kineli, hem-de garagolluk bilen gülümsiräp seredip goýberdi:
— Il gaty syr saklagyç. Biz ýaly içindäkisi daşynda däl.
— Aýtmasamam ýetirýärler, onsoň, buşlajagam bolup duramok – diýip, Garagyz jorasynyň gürrüňiniň äheňine görä jogap berdi.
— Bolmanda-da eşidilmän galmaz-la.
— Aýtjakdym. Senden gizläp nädeýin. Ýöne bu zatlary hata ýazar ýaly bolmady. Ind-ä düzeldem welin.
— Näme, bir hokga çykardylarmy?
Garagyz bolan wakany boýdan – başa jorasyna gürrüň berdi.
Garagyzy öň durmuşa çykarjak bolanlarynda, razylyk bermän, uly gykylyk edenden soň, ejesem, gelnejesem gyzlaryndan bidin gelenleriň habaryny almaga bogunlary ysmandyr. Garagyzyň erkek doganam şu meselede ondan bisorag gymyldamazlyklaryny tabşyrypdyr.
Garagyz gelnejesi bilen çaý içip otyrka, obadaşy Sapardurdylardan adam gelse, habarlaryny almalydyklaryny duýdurypdyr. Gelnejesi agzyna elten käsesinem içmän, ýerde goýup baldyzyna çiňerilipdir.
— Sapardurdyň näme, gyz, utan-a. Öňem bir gulagyma degdi welin, ynanmadym-la, ugrunda bar eken-dä asyl. Toba, toba-eý oturyp – oturybam şol telpegi aganmy indi saýlanyň.
Ýeňňedir – baldyzyň gürrüňlerini daşardan eşidip, Garagyzyň ejesem gelipdir.
— Näme sortduryşyp otyrsyňyz – diýip, ol düşege geçip oturandan soň, ýeňňe baldyzyň gürrüňine goşuldy.
— Myradyň enesi, gyzyň-a, Sapardurdylaryň habaryny alaýyň diýip otyr.
— Sapardurdy, Sapardurdy – diýip, Garagyzyň ejesi ýokarsyna seredip, daşyndan telim gezek gaýtalady.
— Kim gyz ol Sapardurdy? Mämmet goturyň oglundan başga obamyzda Sapardurdy atly meň-ä hakydama gelenok.
— Şol Sapardurdy-da şu gyzyňam diýýäni.
— Waý, toba-eý! – diýip, Garagyzyň ejesi ýakasyny towlady. – Bu nä masgaraçylyk?!
Gelnem gaýnyndan kem oturmady:
— Masgaraçylyk kemi ýok. Başyňa goýberilende-de, jyda ýöne atyňy ýeke çapybermeli däl-ä. Ýaşuly bar, ýaşkiçi bar. Biz-ä obanyň abraýly adamlarynyň habaryny alman gaýtaryp otyrys. Bu-da gel-gel ýigit gutaran ýaly... – Ol gürrüňini gutarman jemledi. — Biziň-ä, onsoň, ile çykarlygymyzam galjakgäl.
— Gelneje, aýt hany, ol şu görýän ýigitleriň haýsysyndan kem? Akyly azmy ýa-da bikär, çem gelen ýerde entäp ýörmi?
— Gyzylam bolsa seni telpegi agana razy bolup bermen. Şuny bilip goýaýgyn – diýip, gyzyň ejesi gönüledi. – Akyl sende bolmasa bizde bar. Toba-eý, il-gün näme diýer. Gel-gel indi Mämmet goturyň telpegi agan ogly Ata ýeserjäň lukman oglundan ileri boldumy? Gykylyklap ile ryswa etdiň.
Garagyz ejesiniňem, gelnejesiniňem garşy çykjagyny, gohlajagyny öňem bilýärdi. Özem az let iýmedi. Ol hemmesini çekmäge-de taýyndy. Emma ýeňňesiniň „başyna giden” diýip, sürüp oturyşyny göwnüne aldy.
— Näme ýöne „başyna giden” diýşip alaýdyňyz. Başyma gidip, ýüzüňizi ýere salan ýerim boldumy? Ýa görünmesiz ýerde göründimmi? Ýa bir bolgusyz „myş” gulagyňyza degdimi?
— Boý ýigitleri goýup, „telpegi aganyň habaryny alyň” diýip oturan gyz nireden abraýly bolýarmyş.
Garagyzyň gahary bokurdagyna geldi.
— Telpegi agan bolup, onuň näme, aýal kowup telpegi agdymy? Ýa onuň aýaly halaman, oňman aýrylyşyp gitdimi? Indi ol telpegi agan diýip ýalňyz geçäýmelimi? Meniňem kelläm egnimde, az oýlanmadym. Ölçerip – döküp gelen netijäm. Onsoňam, ilde – günde ýok zat däl.
— Başy boglanam bar, öýlenjek bolsa.
— Başy boglan ýok, diýýän barmy? Öz eňegiňe tutup otyrsyň, eje. Ýüregem bar-a adamda. Sulhy alypdyr. Menem diňe şony halaýan. Başga adam gözüme görnenok.
— Waý-eý, ýüzümiz çydanok. Hiý, bu gyzyň utanman diýip oturan zatlaryny?
Utanmaly ýerde utanman, utanmasyz ýerde gelnejesiniň tykyrap oturyşyny halamadyk Garagyz öňem jany ýanyp duransoň, sypaýyçylyk edip bilmedi.
— Utansaň, goşulma, gelneje! Ykbalym çözülýärkä, gyrada galyp bilmen. Onsoňam, seniň gara gaýgyň onuň telpeginiň aganlygy ýa agmanlygy däl. Muňa düşünmeýändir öýtme!
Ýakasyndan ot atylan ýaly bolaýmalydyr welin, baldyzynyň bu sözüni ýeňňesi ýüzüne-de almady.
— Waý-eý, sen kime çykanyňda-da, agzymyzyň ýagjarmajagyny ýa pasyrdadyp düýpli gyňaç daňynmajagymy bilýän-le. Gümüňe git! – Ol „gabryň teýine git” diýmekden-de gaýtjak däldi. Ýöne baldyzyndan ätiýaç edýärdi.
— Gitsemem, indi senden sorap gitmerin. Gapydan geleniň habaryny almaga-da adam taparyn, hossarsyz däldirin.
— Ýeňňeň goşulmasa, ejeňem goşulmaz. Kakaňam, doganyňam unamaz. Göwünlerini ýykyp giderin diýseňem, halha ýoluň!
Ejesiniň iň soňky sözüni aýdanyna Garagyz ynjady.
— Şu wagta çenli ýüzüňize gelip, göwnüňize degen däldirin. Eger bir ýerde agyrdanam bolsam, aýt. Ýogsamam beýdip, iň soňky sözüňi aýdyp, ýol salgy berip oturmagyn. Gaçyp gitjek bolsam, sala salyp, şerebeli sözleriňizi eşidip oturmazdym. Kakama-da, doganyma-da aýdyň. Olar näme diýýär. Şolaram siz ýaly paýhaslanman zat etmän, kimiň kimdigine göz ýetirmän, diňe şol aýyby üçin ýer depip durjak bolsalar, soňkusyny soň göräýjek.
Garagyzyň gelnejesem ýene arkan gaýyşdy:
— Ýog-eý, daş edewersin! Olaryň ýanynda beýle gürrüň etmäge biziň-ä ýüzümiz çydamaz. – Şeýle diýdi-de, ol gapdalyna gelip, nämedir bir zat sorap yrsaraýan oglunyň ýeňsesine iki şarpyk çaldy-da, tasanjyrap ýerinden galdy.
— Gözüň çyksyn, Myradyň enesi! Öň men näçe diýdim. Gulak salmadyň. Eline – aýagyna bakman, bermelidi Ata ýeserjelere. Öýden çykansoň baý sem bolar-da. Dagy gitjek ýeri nire – etmediň. Serpaýynam geýerdik, agzymyzam süýjärdi. Bilýädim-ä şu gyzdan oňňullygyň çykmajagyny. Ol gapyny bat bilen ýapdy.
Garagyzyň ejesi gelni çykyp gidenden soňam ýaýdanjyrap esli oturdy. Ol gyzyna käýäp, gatyrganyp ýol almajagyna düşündi. Onda-da göwnündäkini aýtdy:
— Eneň – ataňy ynjytsaň, baýnamarsyň, gyzym.
— Eje, häzir goýaly şu gürrüňi. Kakam, doganym gelsin, kim kimi ynjydýar, şonda aýyl-saýyl ederis. Gyz halyma olaryň ýüzüne gelip oturmaýyn diýdim. Senden tamam çykmady. Ýüzümiň ýedi gat hamy sypyrylsa-da özüm geňeşjek. Olar maňa senden has gowy düşünerler.
Garagyzyň ejesi bolmajagyny bilip, käýinip çykyp gitdi.
Şol gün agşam dawa uzaga çeken bolmaga çemeli. Garagyzyň gelnejesi çyrany ýary gijeden agansoň öçürdi. Ertesi ol tasanjyrap „Şolaryň hem akyly Myradyň enesi gyzyňkydan ibaly däl, ýene özlerine erkek diýjekdirler, özleri utanmasalar, namys etmeseler, bize näme, gelibersinler, aýdaý şolara” diýdi.
Garagyz doganynyňam, kakasynyňam Sapardurda göwünleriniň ýetýändigini bilýärdi. Olar köp oýlanyp oturman: „Ol aýbyny onuň özi diläp almandyr. Sapardurdy ýaly ýigit bolsa Garagyzyň özem razy bolsa, bize bolýar” diýipdirler.
Sapardurdy bilen Garagyzyň toýy ýanwaryň aýagynda Laçyndyr Ýagşymyradyň okuwa ugramazynyň öň ýanynda tutuldy. Garagyz jorasynyňam toýda bolmagy üçin, howaň maýlaryna-da garaşmandy.
Ýagşymyrat Güljemal bilen pagta ekiljek meýdanlara aýlanyp giçden soň geldiler. Bulara garaşyp – garaşmaz bolan Laçyn ýigidi gapydan girenden gyssady:
— Ýagşymyrat, seň bilen bir ýerik çykyp wagtynda barjak gümanyň ýok. Saňa garaşyp, gyzlaram öýkeledip goýberdim.
— Gyzlardan özüm ötünç soraýaryn – diýip, Ýagşymyrat gülümsiredi.
— Iliň öňünden barmaly halymyza süýrenişip, giç baraly, onsoň, Garagyz ikimizi mazaly ötünç soradar.
— Dawalaşyp durmaň-da geýiniberiň. Bir ýerik gitjek bolsaňyz, mydama uly dawa – diýip, Güljemal daşky tamdan bulara gygyrdy.
— Ogluň şol arkaýynlygy bolsa, gykylyk tapylar – diýip, Laçyn jogap berdi-de, geýinmäge durdy.
Ýagşymyrat şkafdan gyzyň ýeňiljek ýaşyl paltosyny çykaryp, oňa geýinmäge kömek etdi.
Gyşyň örküji bolsa-da howa diýseň ýakymlydy. Maýyldy. Ownukdan sepeläp gar ýagýardy. Jaýlar-da, baglar-da, ýer-de ak don geýen ýalydy. Özem ýap-ýagty, hemme zat aýyl – saýyl görünýärdi.
Laçyn asmandan gaýyşyp düşýän akja garlara aýasyny tutdy. Garjagazlar gyzyň ýylyjak elinde derrew eredi.
Ertirden bäri dowam edýän toý agşamlyk obanyň gyşky klubynda geçirilýärdi. Oňa ýaşlar çagyrylypdy. Obanyň gyşky we ýazky kluby obanyň çetinde, sportuň dürli görnüşleri üçin niýetlendirilen meýdanyň, oba adamlarynyň at berişi ýaly „aýlawyň” gapdalyndady. Oba ýyl-ýyldan giňelip gidip oturandan soň, ol aýlaw birwagt obadan uzakda ýerleşen bolsa-da, obadaşlaryň täze salnan ak jaýlary oňa golaýlapdy. Klub Laçynlardan birneme daşrakdady. Oňa obanyň içindenem, daşyndanam, kanalyň boýundanam barmak bolýardy.
Ýaşlar kanalyň boýuna çykdylar. Laçyn kanalyň beýik raýyşyndan yzyna – obasyna seretdi. Elektrik çyrajyklary bütin oba el bilen dür dänejiklerini sepip çykan ýaly, baglaryň arasynda ýylp-ýylp edişip, bir täsin görünýärdi. Wagt gije bolansoň, adamlaryň sesleri aýyl-saýyl eşidilýärdi. Obanyň ilersinde elektrik stansiýasynyň pat-pat edýän sesi has gaty çykýardy. Obanyň seýilgähinde ýaňlanýan mukam ajaýyp gyş gijesi uzaklara gidýärdi.
Mylaýym howa, ak gar, dumly–duşdaky janly hereket Laçynyň-da, Ýagşymyradyň-da göwnüni göterdi. Tämiz garyň üstünde Laçynyň ylgaberesi, edil çaga ýaly bökjekläp oýnaberesi geldi. Gyzyň ökjeli köwşi aşagy ýylmanak bolansoň, häli-şindi taýyp gyzy ýere ýazýardy. Ol ýykylmajak bolup Ýagşymyratdan ýapyşýardy. Keýpi kök gülüp-degip barýan Ýagşymyrat ýerden eglip bir petde gar aldy-da, Laçynyň ýaňagyna çaldy.
Garyny kakyşdyryp Laçyn bir petde gary elinde mazaly togalady. Ýigide çenedi. Şol wagtam gürpüldäp gaýtdy. Gyza galmaga kömek edip, Ýagşymyrat gülüp keýpden çykdy.
— Gyz-a urd-ow!
Laçyn ikinji gezegem gary mazaly togalady. Onýança ýigidiň zyňan gary onuň arkasyna gütläp degdi. Laçyn özünden ep-esli arany açan ýigide seredip durşuna ýene gary çenedi. Ýagşymyrat gaçmady. Ol paltosynyň ýakasyny galdyryp, ýüzüni ýarym açyp ýylgyryp durdy.
— Ur-da, näme dursuň! – diýip, ol gygyrdy.
— Soňundan gorkýan.
— Degmäýin.
— Degmezmiň?!
Laçyn gary ýigidiň ýüzünden çenäp zyňdy. Ýagşymyrat egildi welin, gar ýokardan dazlap geçip gitdi.
Muňa ikisem hezil edinip güldüler.
— Ýagşymyrat, gijä galaýsak, Garagyza özüň jogap berersiň – diýip, ýigidiň yzyndan ýeten gyz dillendi:
— Men-ä şeýle gözel gijäni goýup, jaýa giresim gelenok.
— Ikimiz daşarda oturybereris.
Ýagşymyrat gülümjiräp, elini gyzyň goltugyndan geçirdi. Laçynyň ýyly demi Ýagşymyradyň ýüzüne urdy. Ýigidiň ýüregini ýakymly duýgy gaplap aldy. Gyz ýylgyryp, ýigidiň elini goltugyndan aýyrdy-da, sesini çykarman, onuň gapdalyndan ýöräp gitdi.
Laçyndyr Ýagşymyrat kluba girenlerinde, toýa çagyrylan ýaşlaryň hemmesi diýen ýaly ýygnanypdy. Klubyň içi ses-üýn alşar ýaly däldi. Gülki, galmagal, aýdym-sazyň sesi jaýy göçüreýin diýýärdi.
Bular märekäniň içinden zordan diýen ýaly geçip, Sapardurdy bilen Garagyzyň ýanyna golaýladylar. Sowgatlaryny gowşuryp, juwanlary gutladylar. Sapardurdy gapdalynda utanjyrap oturan Garagyza Laçyndyr Ýagşymyrady ümläp:
— Garagyz, bulara-da toý tutmagy arzuw edelimi? – diýdi.
Laçyn çym-gyzyl boldy.
Garagyz Sapardurdynyň penjeginden çekdi:
— Utandyrmasana!
Ýaşlar Garagyz dagynyň gapdalynda ornaşdylar. Az salymdan Nartäç geldi. Ol ýalňyzdy. Nartäç töweregindäkiler bilen keýpsiz salamlaşdy. Toý eýelerini mübärekläp, ol-da Laçynyň gapdalyna geçdi.
Toý ýary gijä golaý sowuldy.
Toýdan birki gün geçenden soň, Laçyndyr Nartäç Garagyzy görmek hem-de okuwa ugramazyndan öň nahara çagyryp gaýtmak maksady bilen olara gitdiler. Barsalar, Garagyz öýlerinde ýok eken. Ony goňşularynyň biri nahara çagyryp alyp gidipdir. Sapardurdynyň ejesi gelniniň joralaryny nirede oturdyp, nirede duruzjagyny bilmedi. Derrew gazan atardy. Gelniniň yzyndan goňşularynyň gyzjagazyny iberdi. Salym geçmän, gyzjagaz öwrülip geldi. Iki gyzyň arasynda gyzyl kürteli ýyljyraklap gelýän Garagyz joralaryny görüp, gaty-gaty ýöredi. Laçyn bilen Nartäç howlugyp onuň öňünden çykdy.
Laçyn Garagyzyň egnine kakyp güldi:
— Amanmy gelin?! – Ol jorasynyň iki egnindenem tutup yzyraga itdi-de: – Tüweleme, sen-ä asyl aý ýaly gelin bolaýypsyň – diýdi.
Garagyz az-kem gyzaryp, garşysynda sesini çykarman, bulara tomaşa edip duran Nartäje ýüzlendi:
— Nartäç, senem barmyň dünýäde, ýat bolduň-la!
— Bar özüň-ä – diýip, Nartäç birhili ysgynsyz gepledi.
Garagyz joralarynyň hersiniň bir elinden tutup içerik girdi. Gaýnynyň demlän çäýneklerini gyzlaryň öňüne süýşürdi.
— Süýjünem uzat dünýäm – diýip, Garagyzyň gaýny bir jam käşiri göterip daşaryk çykdy.
Boýdaşlar degşip-gülşüp esli oturdylar. Günortan gyzlar gaýtjak bolup durka, Sapardurdy geldi. Ol gyzlar bilen salamlaşdy-da, nirede oturjagyny bilmeýän ýaly, ýaýdanjyrap durdy.
— Sapardurdy, ejeň ilerki öýdedir, çaý içseň baraý şo ýerik!
Sapardurdy „Kowmasaňam gitjek” diýen äheňde Garagyza seredip, mylaýym ýylgyrdy-da çykyp gitdi.
Nartäçdir Laçyn Garagyzlardan giçden soň gaýtdylar.
— Tüweleme, iliň bagtlydygyny. Görseň höwes edäýýärsiň. Garagyzdyr Sapardurda sered-ä, gadyrlydyklaryny – diýip, Nartäç ýolda uludan demini aldy.
Laçyn Nartäjiň bir ünjüsiniň bardygyny duýdy. Ýöne özi dil ýarmansoň, soranjyrap oturmady. Gyz diňe ýaz kanikulyna gelende, muňa göz ýetirdi. Nartäç beýleki gyzlar bilen birlikde salama gelip bilmese-de, aradan birki gün geçenden soň, ýörite jorasynyň ýanyna oturmaga geldi. Işdeş jorasynyň, onda-da gelin-gyzlaryň arasynda içini ynanýan deň-duşunyň obada bolmazlygy, galyberse-de Myratberdi bilen Laçynyň arasyna düşmegi Nartäjiň gussasyny goşalandyrdy. Nartäç durmuşa çykaly bäri hiç ýerik çykmady. Çykaýyn diýeninde-de, goýberilmedi. Onsoň, gelniň diňe bir Laçyny däl, beýlekilerem ýüregi küýsedi. Içi gysdy. Laçyny görmäge howlukdy. Onuň oba gelenini eşidende bolsa oturyp-turup karary ýetmedi.
Nartäç baranda, Laçyn içeriniň ähli goşlaryny çykaryp, pollaryny ýuwup ýör eken. Nartäç ýyljyraklap özüne tarap ugran gyz bilen nähili görüşjegini bilmän ýaýdandy. Laçyn Nartäji garsa gujaklady. Ol aglady. Jorasyny köşeşdirse-de, Laçynyň özem bozuldy. Ol derrew daşardaky sekä düşek atdy. Nartäji düşege geçirdi. Ylgaşlap, gazda çaý goýup geldi. Soň poluň galanja ýerini ýuwdy-da, suwuny dökdi. Elini – ýüzüni ýuwup, boýnuna oran saçlaryny aşak goýberdi. Laçynyň her bir hereketini höwes edip, sypdyrman synlap oturan Nartäç jorasy gapdalyna gelip oturansoň, pikirini aýtdy:
— Tüweleme, Laçyn, sen hasam görüklenipsiň.
Laçyn ýylgyrdy:
— Göwnüňedir.
Dogrudanam, Laçynyň ak ýüzi durlanypdyr. Ýaňaklary nar ýaly gyzaryp, öwüşgün atyp dur. Saçlary bolsa öňküsinden-de ösüpdir.
Laçynam jorasynyň ýagdaýlaryny soraşdyrdy.
— Otag-a azaldyp ýörensiňiz?
— Şeýledir-le, men-ä gidemok.
— Şeýlemi, näme, ýaraňokmy?
— Janym-a sag-la. Aý, ýöne Myratberdi işlemänimi kem görenok. Menem näme, kejine gaýdyp duramok. Gaýdaýsamam, gykylyk turuzýar. Ýogsam özüm-ä näler gidesim gelýä-le. Özüň ýalylar bilen açyk meýdanda gülüp-oýnap işläniň nämä degenok.
— Boýnuňa howut saldyrypsyň-da, onda – diýip, Laçyn Nartäje degdi.
— Näme diýseň, Laçyn jan, bärden gaýdýar. Oňşuk ýokdur. Şolaryň gapysyndan garalym bäri dişim-ä ýylgyrmady. Işden-güýçdenem bizar boldum. – Nartäç Laçyna içini döküp başlanyny özem duýmady. – Özüm owarrama-la, Laçyn jan. Özem işlänok. Il-günem „Dükanyň açyk wagty ýok” diýşip, zeýrenişip gelşip durlar. Ýer ýarylanok, menem giremok. Oň bolsa azaryna-da däl. Bolmanda, ertir – agşam gidip aç diýsem edenok. Gidäýse-de, barly-ýokly bir sagatdan dolanyp gelýär. Diýmäýin diýsem, ýaşy kesilen, özem ömür içgili.
Nartäç adamsynyň dükanyň derekli zatlaryny öýe getirdip ejesine iki bahasyna satdyrýandygyny-da gizlemän gürrüň berdi. Ol Laçynyň söýen ýigidine durmuşa çykanam bolsa, ençeme ýyllar bileje okan, işlän deň-duşundan syryny ýaşyryp bilmedi. Sebäbi Nartäç Laçyny beýleki gyzlardan özüne ýakyn tutýardy.
— Häli-şindi göwnüňe deglip agyrdylyp durulsa, söýgi diýilýän zadam öçýän eken, Laçyn jan. Häzir-ä ol meň gözüme hiç kimçe-de görnenok. Soňam şunuň ýaly ýaşaljak bolsa bilmedim – diýip, Nartäç uludan demini aldy.
Bir gün Myratberdä Nartäjiň köýnegi ýaranokmyş. Uzyn, sölpümiş. Ýene bir gün gyňajy. Ertesem bir hat görkezip, „Bu Laçyndan geldi. Ol: „Sen öýlenseňem meňkisiň, sen diňe maňa mynasypsyň” diýip ýazypdyr diýýär. Gözüňe basyp Laçyna öýlenerin diýýär.
Nartäjiň soňky gürrüňine Laçyn geň galdy:
— Senem, onsoň, şoňa ynandyňmy? Laçyn bir ullakan derýa bolup akanda-da indi onuň bir damjasam Myratberdä ýetmez.
— Wah, ynanarynmy? Seň hat ýazmajagyňy bilýän-ä. Saňa ynanamsoň, seni halamsoň, içimi döküp otyryn-da. Bilýänsiň-le, Laçyn, seni edil aýal doganlarymyň biri ýaly görýärin. Ýöne seň ýanyňda dilim keltedir. Ony bagyşlasaňam, bagyşlamasaňam öz işiň. Ýöne sen hemişe birhili maňa ýakyn. Garagyzyň ýanynda Myratberdiden zeýrenjek gümanyň ýok. „Gözüňiz çyksyn, size asyl geregem şol. Aýdanyma gulak gabardan dälsiňiz” diýip başlaýar.
— Ol diýer-le. Hakam bar-la! Ikimiziňem gulagymyzy şoň üçin az gazamady. Onsoňam näme, Nartäç, birini söýseň, onuň häsiýeti gözüňe görünmez eken. Näme üçindir, ony aňrybaş adam hasaplasyň gelip dur. Onuň nähili adamdygyny saýgarjak bolubam duraňok. Asyl onuň kemi bardyr, adamkärçiligi pesdir öýdüp kelläňe gelmese näme.
— Şol-da biziň bagtymyzy ýatyrýan – diýip, Nartäç Laçynyň gürrüňini tassyklady. – Laçyn jan, kä wagt dagy hut başymy alyp gidiberesim ýa aýrylyp oturyberesim gelýär. Ýene-de gep-gürrüňden, il-günden çekinýän-de ýaýdanýaryn.
— Ol pikiriň nädogry, Nartäç! Öýçülikdir, sene-mene edişmän bolmaz. Tersleşen aýrylyşyp durjak bolsa, onda bütewi maşgala bolmazdy. Ýöne Myratberdi çenden çykypdyr. Senem oňa erkiňi beripsiň. Beýtme, ondan çekinýändigiňi, gorkýandygyňy duýdurma.
Laçyn hemişekileri ýaly, bu gezegem Nartäje başardygyndan maslahat berdi: – „Meniňem göwnüm bar” diý, „Işlejek, göwün söýen ýerimde gezjek” diýiber, ilki ýalbaryp gör, gulak salmasa, göni diý”.
— Diýjegim-le, Laçyn jan, ýöne onuň içmeýän wagty ýok. Muňa bir haý diýýänem ýok. Ol gün-ä kolhoz başlygy çagyryp käýýänmişem diýýärler. Onam daş gulakdan eşidýän, öz-ä zat aýdanok.
— Uzak beýtdirmezler oňa, Nartäç. Gör-de duruber. Özüňem diýiber, gaty görse-de.
— Diýmämde azar bermese kaýylla men, oňa gep düşündirip bolmaýar.
Nartäç uzak oturman gaýtdy.
Şol ýyl pagta ýygymynyň öň ýany kolhozyň başlygy ýekeje ogluny öýerip uly toý tutdy. Ol günler güýzüň golaýlaýandygyndanmy-nämemi, howa adatdakysyndan birneme salkynlady. Günüň howry az-kem gowşady. Daýhanlar çürtüm işlerini azaldyp, pagta ýygymyna taýýarlyk görýärdiler. Toý güni dynç alyş günleriniň birine düşenden soň, meýdan işleriniňem böwşeňleşen wagty adamlar toýlaryny arkaýyn tutdular.
Indi ençeme gün bäri toýuň dabarasyny buşlaýan saz-söhbetiň sesi başlyklardan eşidilýärdi. Bu gün bolsa hakyky toý günüdi. Daňyň alagaraňkysynda obanyň ýaşulylary çäkmenlerini billerine gyssyryşyp toý ýerine alňasak eňşip barýardylar. Obada dogumly hasaplanýan, toýda – tomaşada märäkäni sowýan gaýratly aýallaram eýýäm irki hojalyk aladalaryny birýüzli edip, ýetişmediklerinem soňa goýup, gyňaçlaryny oklaw ýaly edişip, ýaşulylaryň yzlaryny basyşyp ugradylar. Obada üýşmeleň bolsa toýuň – märekäniň gelşigi ýaşulylar, köpi gören aýallar toý ýerik märekeden öň barýardylar. Ähli zat olaryň maslahaty bilen bolýardy. Biş-düş işleri ýaşlara ýetmeýärdi. Susagyň sapy mydama olaryň elinde bolýardy.
Şol gün Laçyn ir bilen guşlaryň sesine oýandy. Ol ýerinden ýeňillik bilen galyp, daş çykdy-da, çykan ýerinde belli hindi aýdymçysy Lata Mangişgariniň näzik sesine diň salyp esli durdy. Ertiriň tämiz howasy, hindi aýdymçysynyň ýakymly sesi gyzyň göwnüni göterdi. Ol özüni aýratyn bir lezzetli duýgynyň gujagynda duýdy. Gyzyň kireňsiz ýüregini şatlyk hem begenç duýgusy gurşap aldy.
— Laçyn, ertirlik taýynladym. Çäýnek – käseleri çaýkaşdyr bakaly, çaýam goýdum – diýip, Ýagşymyrat ellerini hereketlendirip, maşk edip durşuna, çykan ýerinde henizem doňup duran gyzy gyssady.
— Ýumurtga çakynansyň-da!
— Näme, oň ertirlik kemi barmy?
Çaýdan soň, Laçyn köýnegini pugtamak üçin içerik girdi. Ol ejesiniň Aşgabatdan getirip beren köýnekligini toýda geýmekçidi. Agşamsy bilen oturyp, onuň ýakasyny maşynda bejeripdi. Ýagşymyrat gelnaljy gitmek üçin ulagyny ýuwmaga gitdi. Edil bir sagatdan ulagy bilen gapa geldi. Iç işikde elini süpürip durşuna Laçyn ýüzlendi.
— Gelnalyja gitjekmi?
— Toba, gyzam gelnalyja gidermi?
— Biz gezelenç diýer ötäýderis. – Şeýle diýdi-de, Ýagşymyrat goşaryndaky sagada seretdi. – Wagt-a bar. Ol duldan asylgy dutaryny alyp, krowata arkasyny berip oturdy.
— Şeýtsene, Ýagşymyrat! Käwagt bir gulagymyzyň posuny açaýmaň bardy welin, şu günler-ä saza zar etdiň – diýip, Laçyn köýneginiň ýakasyny garyşlap görüp, pugtajak ýerini çatyp oturyşyna gepledi.
Ýagşymyrat dutaryny düzüp, çalyp başlady. Dutar „Apat” bilen „sallanjyrap” ugrady. Az salymdan ýigidiň labyzly sesi-de süýji mukam bilen utgaşyp başlady:
Gara gözli, galam gaşly perizat,
Aýda bilmen birje sözüm bar saňa.
Ýagşymyradyň ýakymly sesi gyzyň ýürek tarlaryna kakdy. Ýigit ýüreginden joşup çykýan aýdymyň sözlerini yhlas bilen gaýtalap – gaýtalap aýdýardy.
Laçyn asylam Ýagşymyradyň käýarym keýpi tutanda aýdýan aýdymlaryny, çalýan sazlaryny gowy görýärdi. Bu gün welin, ýigidiň sesi has ýakymly hem labyzly ýalydy. Ýigit kä dutara, kä gyza göz aýlap, ýaý ýaly gaşlaryny gerip ýuwaşjadan aýdýardy. Onuň gelşikli barmaklary tamdyraň gapagynda täsin oýnaýardy. Ýöne Ýagşymyradyň bakyşy gyzy birhili gozgalaňa saldy. Ol aljyraňňylygyny ýigide duýdurmazlyk üçin oňa degdi:
–– Ýaňy toý üçin bagşy getirmäge gidipdirler welin, eşitmändiris. Bizde-de biri bar diýäýmeli eken.
Laçynyň gürrüňine Ýagşymyrat güldi. Soň bolsa dutary öňünde dik tutup, oňa maňlaýyny söýedi.
Laçynyň dula görk berip, dikelipjik oturyşyna, gyzyň iki gapdalynda halynyň üstünde düýrlenip ýatan goňras saçlaryna, bir-de gyzyň kirpikmen gözlerine, ýaý ýaly gaşlaryna intizar seretdi-de:
–– Bu bagşy köpüň bagşysy däl – diýdi.
Ol sözi-de gyz ýigit özüne gönükdirip aýdýan ýaly duýdy. Ol Ýagşymyradyň ýanyndan turup gidäýenini kem görmedi. Ýigit «Aýnany» çalyp başlady. Bu saz Laçyna şeýle bir täsir etdi. Onuň saza goşup aýdyma gygyryberesi geldi. Ýigit ol sazy çalyp gutaranda bolsa, gyz onuň ýene bir gezek çalyp bermegini haýyş etdi. Ýagşymyrat ýylgyrdy:
–– Ýaňy kowup otyrdyň-la.
–– Haçan!
Gyz geňirgenip ýigidiň ýüzüne seretdi.
–– Men-ä saňa zat diýemok.
–– Sen diýmeseňem, gözleriň diýdi.
Laçyn gyzardy. Ol Ýagşymyrada näme diýjegini bilmedi. «Äl, munuň duýgurdygyny, ýüzüňe seredip, içiňdäkini biler oturar».
Ýigit «Aýnany» ikinji gezegem çaldy. Ol «Ýusup owganam», «Ýandymam» çaldy. Soň sagadyna seredip, ýerinden galdy. Ol goňşy obadan birki sany myhmany toýa getirmelidi.
Ýagşymyrat zil ak eşik geýindi. Ak eşik öňem görmegeý ýigidi has hem syratly görkezdi. Laçynam geýnip başlady.
Günorta golaý toý has gyzdy.
–– «Toý diýseň gury kelle togalanarmyş». Onda-da indiki toýlaryň haçan başlanyp, haçan sowlanyny duýmarsyň – diýip, bagyň saýasynda märekäni synlap, çaý içişip oturan ýaşulylaryň biri içki pikirini daşyna çykardy.
–– Şony aýtsana, sakgaldaş. Birwagt munuň ýaly toýlary diňe baýlar tutardy. Onda-da her kimiň öz orny bolardy. Başga bir ýaşuly onuň gürrüňini tassyklady.
–– Sered-ä bulara, asyl içinde çete çekilip ýa burça gysylyp oturanyny görmersiň. Edil-aýt, millet toýlary özleri tutýan ýalydyr. Ýadamany, ýaltanmany hem bilmezler. Barynyň keýpi kök, ýüzleri gülüp durandyr.
–– Hawa-da, döwür bar, döwür bar. Hanhalykga gelin-gyzlarymyza bir sered-ä, ýigitler bilen deň tans edişip durandyrlar. Seret, seň gyzyňam bar. Geňleýän ýok asyl olary. Ikimize galsa, sakgaldaş, şolar şeýder durarmy? Düşünjämiziň ýetişi-dä şol. Aslynda welin, oýlanyp otursaň, şo ýerde geňlär ýaly zat ýok. Ýaşlar bilýär, sakgaldaş, ýaşamagyň ugruny.
Başlyk bilen Güljemal aýlanyp, toýa serenjam berýärdiler. Olar ýaglyga towsulýan sütüniň ýanynda aýak çekdiler. Gelin-gyzlaryň arasynda bägül ýaly bolup, töweregine degip-gülüp duran Laçyna gözi düşende, başlygyň ýüzi birneme çytyldy. Ol içini gepletdi. «Äl, munuň beýle nepis ýaradylaýşyny». Başlyk yzyna dolanyp Güljemala ýüzlendi:
–– Häk, Güljemal, Laçyny bermediň-dä!
–– Başlyk senem, aýtdym-a sebäbini. Tüweleme, edinýän gyzyňyzam at dakar ýaly maşgala däl-le. Özem abraýly ýeriň çagasy.
–– Gelinligimize-de sözüm ýok-la, Güljemal! Ýöne Laçyn Laçyn-da. Oňa taý bolmaz. Gapydan gelenem „şony gelin edinseňiz bolmaýarmy” diýýär. Olam hiç-le. Bu bidöwlet oglumyzam, şondan başga gyz gerek däl diýip, başymyza itiň gününi getirdi. Bize ynanjagam däl eken. Özi bilen duşuşyp hoş söz eşiden däldir-dä, soň-a sesi çykmady.
Başlyk nahar daşap ýören ýigitleriň arasynda Ýagşymyrady görüp, ony saklady. Onuň egnine elini goýup, ýigide gülümjiräp seretdi-de şeýle diýdi:
–– Oglum, şu gün at çapyp ber.
–– Men başararmykam!
–– Başararsyň, oglum, başararsyň – diýip, aňyrdan gelýän Güljemal ara goşuldy.
Giç öýländen soň başlyklaryň ýeňse ýüzündäki giň meýdana ähli mähelle ýygnandy. Ol ýerde üç obadan gelen atlar çapylýardy. Bu meýdany at çapdyryp, göreş tutdurmak, her hili ýaryşlar, oýunlar geçirmek üçin başlyk iki-üç ýyllap iş edinip bejerdipdi. Obalaryň arasynda geçirilýän at çapyşyk, göreş, dürli ýaryşlar köplenç şu ýerde geçirilýärdi. Kä halatlarda ol ýeri etrap ýaryşlarynyň hem kä bir görnüşleri üçin peýdalanylýardy.
Şol meýdanda «bag gögeripdir» diýseň, ol ýere öň belet adamlaryň birem ynanmazdy. Ol meýdan ýap-ýaňam agaryp ýatan şorlukdy. Ygal bolsa onuň töweregindenem geçip bolmazdy. Başlyk ol ýer üçin wagt tapsa aladalandy. Telim gezek suw tutdurdy. Bag ekdirjek ýerlerine täze gum dökdürdi. Şeýdip, şorlugyň daşyna aýlap, töwerekläp bag ekdirdi. «Bu başlyk ägirt» diýşip şorlugy bilýän adamlar çarbaga gallanyp oturan meýdany görüp haýranlar galdylar.
Baglaryň düýbi bilen aýlaw berip gaýdýan atlary synlamak ula-kiçä lezzet berýärdi.
Toýuň tutumy uly bolandan soň, başlyk goňşy obalardanam adam çagyrypdy. Giň meýdany märeke gallap durdy. Iki-üç obadan gelen atlar çapylmalydy.
Meýdançanyň ortasynda çapyljak atlar aýaklaryny batly-batly urşup, ýer peşeýärdiler. Birnäçeleri bolsa keýerjekleşip märekä seredýärdi. Ses-üýn alşar ýaly däldi. Entek başlanmadyk ýaryşyň netijesini çaklap oturanlar-da bardy.
–– Laçyn ozar!
–– Haý näbileýin, geçen ýylky hasyl toýunda-ha ilerki obanyň Bürgüdinden galypdy.
–– Aý, onda çapyksuwary duşmady. Asyl ol enesi ýalamadyk at janawary öz ugruna goýbermän heläk etdi-how – diýip, ýaşuly sögündi.
–– Bu gezek kim çapýar ony?
–– Ýagşymyrat diýäýdiler öýdýän.
–– O bolsa bir zat eder. Baý, şu Nurmyrat neresse-de at çapmaga ökded-ow.
Murtlary jaýtaryp duran uzyn adam sekiniň üstüne çykdy-da, atlaryň, çapyksuwarlaryň atlaryny aýtdy.
Birinji tapgyrda Ýalkym obasynyň Tawusy birinjiligi aldy. Ýagşymyrat Laçyn bilen ikinji tapgyra goşuldy.
Pellehanadan üç at ýüzinligine gaýtdy. Adamlaryň gykylygy artdy. Sesleri gataldy.
–– Ýagşymyrat, atyň jylawuny çekme!
–– Mele galdyň!
–– Haý, Sakarja ozdy!
Hümer bolşup duran gelin-gyzlaryň arasyndan tomaşa edip duran Laçynyň ýüregi gürsüldäp başlady. «Galaýmabilseýdir». Ol Ýagşymyratdan gözüni aýyrman seredýärdi. Eger ünsüni başga tarapa sowaýsa, şol wagt Ýagşymyrat yza galaýjak ýalydy. Üç atyň üçüsem guş ýaly süýnüp gelýärdi. Ynha, olar pellehana golaýladylar. Häzir olaryň haýsysynyň öň geljegini aýtmak kyndy.
Şeýle bolanda, märeke has tolgunýardy. Her kim öz atyny öň getirjek bolýardy. Üç obanyň adamsy üç ýerden gygyrýardy. Birinji tapgyrda ikinji gelen ilerki obalylar namys edip ýarylaýjak bolýardylar. Olaryň düşünjesine görä, özleri hemişe birinjiligi almalydy. Muňa olar öwrenişipdiler. Gaýraky obalylaryň Jerenleri ýene öňe düşdi. Gykylyk, dawa. Birdenem goňras, syrdam, diýseň owadan Laçyn süýnüp iki atyňam deňinden geçdi. Şol wagtam pellehanada jaň kakyldy.
–– Berekella, Ýagşymyrat!
–– Haý, sag bol-a, gardaş!
Obadaşlary Ýagşymyrady göterip diýen ýaly atdan düşürdiler. Peşeneli, ak sakgally daýaw ýaşuly – başlygyň kakasy Ýagşymyradyň elini gysdy. Başlyk bolsa Ýagşymyrady gujagyna gysdy.
–– Berekella, oglum, senden tamamam şeýledi.
–– Ynha, baýragyňam!
Ýigit çekinjiräp yza çekilmekçi boldy. Emma onuň eline baýragy tutdurdylar. Ýagşymyrat owadan gyzyl ýüň seçeklini elinde saklap durşuna töweregine garanjaklady. Ol seýsi gözleýärdi. Emma ýigit gijä galypdy. Ýaňky ýaşuly onuňam baýragyny gowşuryp durdy.
Ýagşymyrat bulardan ünsüni sowdy-da, märekä göz gezdirdi. Ejesi hol aňry başda Ýalkym kolhozynyň başlygy bilen nämedir bir zat hakynda gaty-gaty gürleşýärdi hem özüne seredip ýylgyrýardy. Ýigit ýeňse ýüzünde duran gyzlara-da göz gezdirdi. Onuň gyzlardan saýlanyp, ýyljyraklap özüne bakyp duran Laçyna gözi düşende ýüzi öňküsindenem ýagtyldy. Ejesi daşda bolansoň, şol tarapa ugrady. Gelin-gyzlar seredişip duransoň, aýagy aýagyna çolaşyp zordan diýen ýaly Laçynyň ýanyna golaýlady. Ýaglygy uzadyp gyzaryp hem ýylgyryp duran ýigit diýseň syratlydy. Balkyldap duran utanjaň gözleri bolsa bent edijidi. Laçyn Ýagşymyrady heniz şeýle ýakyndan synlamandy. Onuň göwnüne bolmasa, töweregindäki gyzlaram Ýagşymyrada ogryn-dogryn seredýän ýalydy.
Ýigit ýaglygy gyza uzatdy.
At çapyşyk sowulsa-da, toý sowulmady. Ýagşymyrat bagşynyň edil gapdalynda oňa çaý guýup berip oturdy. «Şuň aýdym-sazyň gadyryny biläýşini» diýip, geçip barşyna Laçyn içini gepletdi. Ol şondan göni öýlerine gaýtdy. Ähli jemende toýda bolansoň, oba ümsümlikdi. Laçyn ýeňselerindäki baglaryň içinden geçende, birhili üýşendi. Sebäbi bütin töwerek tümlige bürenip otyrdy. Ol yzyndan biri gelýän ýaly töweregine gorka ser saldy. Şol wagtam biri onuň adyny tutdy.
Laçyn sesiň çykan tarapyna seretdi.
–– Myratberdi!
Gyz ýörejegini, durjagyny bilmän ikirjiňlendi. Onýança ýigit gyzyň golaýyna geldi. Ol sakynyp-sakynyp Laçynyň ýagdaýlaryny sorady.
Gyz ýigidiň soraglaryna gysgajyk jogap berdi-de gidiberdi.
–– Nirä howlugýaň, dursana!
–– Gürleşseň öýe bar, Myratberdi. Men seň bilen köçede gizlenpeçek oýnaşyp ýörjek däl.
–– Laçyn, men Aşgabada baraýsam kowmarsyň gerek? – diýip, ýigit gyzyň gapdalyndan ýöräp barşyna sorag berdi.
–– Gürrüňiň nätüýsli? Kowup-kowman Aşgabat nä meň öýümmi?
–– Azajyk dursana sluşaý, iki agyz gürrüňim bar.
–– Seň bilen gürrüňim gutardy. Myratberdi.
–– Beýtmesene sluşaý, adam ýalňyşman bolmaz.
–– Näme diýsene, Myratberdi! – diýip, Laçyn gaharyny ýuwdup arkaýyn gepleşmäge çalyşdy. –– Sen-ä bir samsyk ekeniň. Utan, şeýdip durmaga. Men seni birwagt ýadymdan çykardym. Onsoňam, Nartäje görkezýän günüňi bilmeýändir öýtmegin. Bolşuň şol bolsa, Nartäjem gider.
–– Nartäç maňa mynasyp däl.
–– Ýok, ýalňyşýaň, sen Nartäje mynasyp däl.
–– Gaharlanmasana, sluşaý şol kellesiziň gürrüňine-de ynandyňmy?
Laçyn Myratberdä gep düşündirip bilmejegine akyl ýetirdi.
–– Bilýämiň näme? Men seň agyz deňejek adamyň däl. Gowusy, daşda gez. Adymy tutmajak bol. Tutaýsaňam, oňňullyga garaşma!
Myratberdiniň öňki bady gowşady. Ol öz öňünde öňki Laçyn däl-de, düýbünden başga adam gördi. Ýigit gyza gahar edip Nartäje öýlendi. Ýöne Laçyny ömürlik ýitirerin öýtmändi. Öýünden kowanda-da, diňe gaharyna bäs gelip bilmän edýändir oý edipdi. Ol Laçyn geler, ýalbarar öýdüp garaşypdy. Ol bu meseleleri öz aklynyň kesişine görä ýeňil çözüpdi. Laçyna garaşandan soň, ol Nartäç bilenem iki göwünli ýaşapdy. Laçyny ömürlik ýitirenine henizem onuň akyly çatmady. Çaga ýaly boýnuny sallady. Ýigidiň bolup durşuna Laçynyň, näme üçindir, gülküsi tutdy. Birdenem erkek adamy şeýle halda görüp gahary geldi. Awusyny pürkmek isledi. Emma çemelenenem bolsa, geplemedi-de, ýigitden arany açdy. Laçyn uzaga gitmänkä, onuň yzyndan Ýagşymyrat ýetdi. Ol garasy ýitip barýan Myratberdini tanasa-da, Laçyna duýdurmak üçin gyza sorag berdi.
–– Ýaňky kimdi?
–– Myratberdi.
Şundan soň ikisem geplemedi. Ýagşymyrat gelşine içerik girdi-de, krowata geçip ellerini kellesiniň aşagynda goýup, pataloga gözlerini dikip ýatdy. Laçyn Ýagşymyradyň darygýandygyny aňdy.
Soňky wagtlarda Ýagşymyrat galagoplansa, näme üçindir, Laçyna birhili ýakymly duýuldy. Häzirem ol ýigidiň tukatlygyndan lezzet aldy. Munuň sebäbi Ýagşymyradyň gyzy gabanýanlygyndan bolsa gerek. Laçynyň birhili garagollyk edesi geldi. Ol çaý demläp, ýyljyraklap içerik girdi-de:
Arzuwy soň edersiň, Ýagşymyrat, gel, çaý içeli – diýdi. Ýigit içinde gopýan harasady, gyza duýdurmajak, özüni parahat alyp barjak bolup synandy. Emma ony başarmady. Çaý içip otyrka, özünden ygtyýarsyz ýüzüni sallady. Laçynyň bolsa ýigide degesi geldi. Içi byjyklady.
Ýagşymyrat esli dymyp oturandan soň:
–– Indiden soň ogar-ogar oýnaşyp ýörmegiň-ä birhili gelşiksiz. Öz akylyňam ýetýändir-le – diýdi. Laçyn geplemedi.–– Aýt, eger özüň jogap bermäge dözmeýän bolsaň, jogaby men bereýin.
–– Men oňa bermeli jogaby berdim.
Laçynyň sözüne Ýagşymyrat ynandymy-ynanmadymy belli däl, ýigit az salym böwrüni diňläp oturdy-da: «gör-dä» diýip ýerinden galdy.
Nartäjiň bu wakadan habary ýokdy. Ol muny agşam toýdan gelenden soň bildi. Umydy puç bolup paltasy daşa degen Myratberdi ähli gaharyny aýalyndan çykardy. Ol Nartäç gapydan girenden paýyş sözleri ýagdyryp başlady. Hiç zada düşünmän, kiçijik gözlerini gyrpyldadyp, adamsyna seredip aňk-taňk bolup duran Nartäç gykylygyň sebäbi toýdan giç gelenligidir öýtdi. Ol adamsy turup topulanda-da, sögende-de gaýtargy bermedi. Myratberdiniň muňa has gahary geldi: Ol: «Git-de meni ýamanla, bar git!» diýip, däli ýaly gygyryp Nartäje topuldy. Burçda bir gysym bolup oturan Nartäç Myratberdä ýigrenç bilen seretdi.
Şol günüň ertesi ir bilen Nartäç gidýänligini-de aýtman, öýlerinden çykyp, Laçynyň ýanyna gaýtdy. Laçyn jorasynyň ýüzünden Myratberdi bilen arasynda mazaly çaknyşygyň bolandygyny duýdy. Ol çaknyşygyň sebäbini-de az-kem çaklady. Gözünden boýur-boýur goýberip oturan Nartäje şu gezek maslahat bermekden ejiz geldi. Myratberdi aýdylana düşünmese, sözüni alga almasa, urup-sögüp horlap ýörse, näme maslahat berjek. «Aýrylyş» diýsinmi? Akylly adamlar beýle maslahat bermeýärler ahyryn.
Gyzlar Garagyzlara gitdiler.
Tomus lukmançylyk institutyna girip gelen Garagyz çagyryş hatyny alypdy. Onuň şatlygyny ýüzünden okap oturmalydy.
Garagyz deň-duşlaryny hezzetlemän goýbermedi. Bolan ýagdaýy Nartäjiň özi aýdyp bilmän oturansoň, nahar başynda Laçyn ol hakda Garagyza gürrüň berdi. Öňem Myratberdä belet Garagyz onuň etmişlerini eşidip geňirgemedi. Näme üçin beýdýärem diýmedi. Ol asyl bu zatlaryň hemmesinden habarly ekeni. Nartäjiň özi Garagyzyň ýanynda gürrüň gozgamansoň, olam goşulmandyr.
–– Özüm-ä elim-aýagym sagka, kişiň minnetini çekip, bir döwüm çörek iýmen – diýip, Garagyz öz pikirini aýtdy.
–– Çekmeseň nätjek? Menem şol tünekde öz hoşuma höwes edip oturamok.
–– Höwes etmeseň, talap et – diýip, Garagyz Nartäjiň pikirine garşy çykdy.
–– Gözüň ýaşyny sykyp müzzerip otursaň, öz siňegiňi, öz mertebäňi özüň gorap bilmeseň kim günäkär. Myratberdi ýaly adam seň depäňe çykar. Sylagam iki taraplaýyn bolýandyr. Edýän işiň dogrudygyna göz ýetirseň, kimem bolsa gepleşse bolar.
–– Şonuň bilen-ä gepleşip bolanok.
–– Gepleşmän hek ederler. Özüm-ä Myratberdi ýaly adamdan gep çekip, ýekeje günem ýaşamazdym. Sen menden maslahat soraýan bolsaň diýenimem etmelisiň, Nartäç. Sen şeýt, ertir tur-da işe git. Geleňsoň hytdy-pytdy edip azar berer welin, ünsem berme. Çenden çykyberse-de, göni ýüzüne dur. Diňlemese, ýekeje minudam durma, göni öýüňize gaýt. Gözi çykan ýaly yzyňdan barar.
Nartäç ylalaşdy.
–– Goý, birsalym entesin – diýip, Garagyz gürrüňini dowam etdi. – Ejesem ezeneginden galdyrmaz. Men oňa-da belet. Gidere ýeri bolmaz, olam boýnuny sallap, seň gapyňdan barar. Şeýtmese, meň zat bilmedigim. Şu oba-ha baran gapysyndan ýüz berilmejegini bilýändir.
Nartäjiň Garagyzlardan gaýdanda, göwrümi birneme giňedi.
Ýöne onuň Garagyzyň maslahat berşi ýaly, ertesi irden turup işe gidibermäge bogny ysmady. Onuň öz hyýalynda göwün ýüwürden zady, ýaýdanjaň bolansoň, aňsatlyk bilen başa barmady. Myratberdiden çekinmäge, gorkmaga endik eden gelin ýene ençeme wagtlap onuň täsirinden aňsatlyk bilen çykyp bilmedi. Myratberdiňem sag gününden serhoş güni köpdi.
Bir gün pagta ýygymy döwründe Nartäjiň işe çykmagyny haýyş edip, olaryň brigadirleri geldi. Nartäçden öň brigadire Myratberdi jogap berdi.
–– Nartäç bilen işiňiz bolmasyn. Iberesim gelse, sizden soraman ibererin.
Myratberdiniň jogabyny ýokuş gören brigadir yzyna öwrüldi-de:
–– Seň bilen işimiz bolmasa-da, Nartäç bilen işimiz bolar. Ol biziň öz işgärimiz. Bu gürrüňleri diňläp duran Nartäç saklanyp bilmän:
–– Men ertir işe bararyn – diýdi.
Brigadir çykyp gitdi. Nartäç diýen sözüniň üstünde tapyldy. Ol irden turup işe gitdi. Şu-da onuň Myratberdi bilen arasynyň çürt-kesik üzülmegine sebäp boldy. Agşam ol işden gelse, Myratberdi içerde köne ýorgany başyna çekip, iki eplenip ýatan eken. Nartäç geňirgendi. Sebäbi ol mundan ozal Myratberdiniň beýdip ýatanyny görmändi. Gelniniň yzy bilen içerik giren Çaman hüňür-hüňür etdi:
–– Maksadyňa ýetdiň-dä, başyna gören. Çem gelen ýerde ýamanladyň. Seň diliňden ýaňa öýde oturyp bilmedik.
Nartäç Myratberdiniň işden çykarlandygyna soramazdan düşündi. Ýöne gaýnynyň teýeneli sözi ýüregine batdy-da, saklanyp bilmedi.
–– Işlemeseň, boljagyň şoldur.
Nartäjiň sözi mundan ozal edenine “däl” diýilmedik Myratberdiniň ýüreginden ok bolup geçdi. Ol ýorganyny gaharly serpip goýberdi-de, böküp ýerinden galdy.
–– Seniň bir... Heşelle kakýamyň? Begenýämiň? Şu wagta çenli nirede bolduň.
–– Işde boldum.
–– Işde boldum? – diýip, Myratberdi Nartäjiň agzyna öýkündi.
Nartäjiň sarsman, gaýtargy berip durşuna Myratberdiniň gahary depesine çykdy.
–– Gel-gel saňa äriň sözünden brigadiriň sözi geçginli boldumy? Sen meniň dilimi kelte edermiň?
Myratberdi nämedir bir zat gözläp başlady. Muňa düşüş bolan Nartäç böküp gapa bardy.
–– Kemeriň biliňde, tentek. Ýöne bilip goý, eliňi galdyrdygyň gitdigimdir.
Nartäjiň gahardan ýaňa gözleri ýandy.
–– Oduňyz bilen girip, külüňiz bilen çykdym. Deň-duşuma, enem-atama zar bolup, şu gör ýaly tünegiňizde oturdym. Bilmediňiz. Men şonda-da size ýaranyp bilmedim.
–– Samrap durma-da geç beýläk – diýip, Myratberdi azgyryldy.
–– Ah-eý, muny urup ýola getirip bilesiň ýok. Başyna gidipdir, bu başyna giden, sered-ä gaýtargy berip durşuna – diýip, tama arkasyny berip duran aýal gaty-gaty gürledi.
Myratberdi gapa ýöneldi. Nartäç götünjekledi. Daş çykdy-da, gapyny batly ýapdy. Zarp bilen gelen gapy Myratberdiniň maňlaýyna degdi. Ol maňlaýyny tutup dazlap daşaryk çykdy. Nartäç eýýäm ýokdy.
–– Gaçyp nirä gidersiň, ýene geljek gapyň şudur – diýip, Myratberdi gargynyp yzyna dolandy.
Şoldur-şoldur, Nartäç öwrülip bu gapydan gelmedi. Myratberdi welin, garaşýardy. Ol uzagyndan Nartäjiň hemişelik çykyp gidendigine göz ýetirdi.
Ol ençeme wagtlap ile çykman başyny basyrynyp öýde ýatdy. Emma aý köp, gün kän. Olaryň haýsy birini şeýdip geçirjek. Onuň dost saýyp gatnaşyp ýören Ýazgeldisem «Halyň neneň?» diýip gapysyndan garamady.
Çaman bolsa ähli zatdan beter emeldar oglunyň dükandan çykarylanyna bir ölüp bilmedi. Sebäbi indi onuň elinde islän wagty ýigrimi bäşlikler bolanokdy. Ogly emeldar bolanlygynda, ol islän gapysyndan gyz tapaýjak ýalydy.
Ol ogly razymy ýa dälmi muny sorabam durmady-da, goňşy obalara gidip, gyz gözlegine çykdy. Emma Çaman baran gapysyndan «Size berer ýaly maşgalamyz ýok» diýen jogaby aldy. Obalaryndan gapy açmaga bolsa Çamanyň ýüzi ýokdy. Paltasy daşa degen Çaman göni bir ýyl geçenden soň Nartäji idäp yzyndan bardy. Nartäjiň ejesi gep nokatlap ýa gürrüňini uzaldyp oturman, gysgajyk jogap berdi:
— «Kör hasasyny bir gezek aldyr, Çaman, iki gezek aldyrmaz».
Ogly her näçe ýalbarsa-da, Çamanyň öwrülip Nartäçleriň gapysyndan barmaga gaýraty çatmady.
Nartäjem adamsyndan göwni mazaly döwlenden soň, onuň bilen bir brigadada işlese-de, oňa tarap ýekeje gezek gaňrylyp seretmedi. Myratberdi gürleşjek bolup, telim gezek synananda-da, gürleşmäge pursat bolanda-da, Nartäç oňa ýüz bermedi. Bir gün gijara Myratberdi onuň öňünden pete-pet çykdy.
–– Nartäç – diýip, ol boýnuny burdy.
Nartäç Myratberdiniň agzyndan çykjak sözüne-de garaşman, göwnündäkini aýtdy. Ol:
–– Öwrülip ýolumda durmagyn. Öňem ýagty ýalança ýaňy çykdym. Indi seň şol gör ýaly tünegiňe baryp girmen – diýdi-de, Myratberdiniň beýlesinden geçdi gidiberdi.
Myratberdi elini serip galdy.
Laçyn üçünji kursy gutaryp gelen ýyly Güljemal gyzyna göwnündäkini duýdurdy.
–– Gyzym, Laçyn jan, men bir zat aýdaýyn welin, gaty görmegin balam – diýip, ol söze başlandan, ejesiniň näme aýtjak bolýandygyny gyzyň derrew süňňi syzdy. Ol hakda gyz öňem telim gezek özbaşdak oýlanypdy. Häzirem, ejesi gürrüň berip otyrka-da, içinden pikir öwürýärdi.
Laçyn ýigidiň özi üçin öňki Ýagşymyrat däldigini bilýärdi. Ol gyza öňküsinden has ýakyndy, mähribandy. Muny duýmak Laçyn üçin ýakymlydy. Ýöne ýigit dymýardy. Onuň Laçyna söz aýtmaga diliniň barmaýandygyndan, gyzyň habary ýokdy.
Laçyn ejesine kesgitli «bolýaram» diýmedi, «ýogam». Bu-da Güljemaly iki daşyň arasynda goýdy. Bir gün ol Ýagşymyrat bilen çaý içip otyrka, ýüregi bilen zeýrendi:
–– Ýagşymyrat, meň-ä arzuwym başgady, oglum, – diýip, Güljemal nägileräk äheňde ogluna ýüzlendi: – Şu çaka çenli siziň ýüregiňizdäkini biljek bolup, öz agzyňyzdan bir söz eşitjek bolup garaşdym. Ol tamam çykmady. Ol-a bir gyz maşgala diýsem, senem dillenibermediň. Maňa galsa-ha gyz gözläp iliň gapysyny kakjak däl. Arkan gaýyşsa-da, ony senden gowa bermejegimi bilýän.
Agyr gussa leşgeri bilen Ýagşymyradyň depesinden indi. Ýigidiň güler ýüzi çytyldy. «Göwnänokmyka? Arkan gaýyşýan bolsa, göwnemedigidir. Ýogsam beýle gürrüň bolmazdy. Men şu wagta çenli öz-özümi aldap gezipdirin-dä. Laçyna göwün berip, ýene ýalňyşypdyryn-da».
Güljemal bolsa Ýagşymyradyň içki dünýäsinde gopýan harasatdan bihabar gürrüňini dowam etdi. Gyzy bilen gürleşip görmegini onuň özüne berk tabşyrdy. Sebäbi Güljemalyňam ýagdaýy Ýagşymyradyňkydan öwerlik däldi. Onuň gyzyndan hem oglundan närazydygyny soraman, ýüzünden okap oturmalydy.
Güljemal käbir ene–atalar ýaly «Meň edenim eden, diýenim diýen», diýip gygyrjak ene däldi. Muňa gyzam, ýigidem düşünýärdi. Şoňa görä-de onuň gamlanan, tukatlanan wagtlary olaryň özleriniňem ugry bolmaýardy.
Ýagşymyrat dymyp oturan soň, Güljemalyň ýene özi gepledi.
–– Indi çen boldy. Iliň seň ýalylary öýli-işikli boldy. Menem bir köpe görünmeli ahyryn. Çyksam «Hany, indi size toýa haçan barmaly? Ýagşymyrady haçan öýerýärsiňiz?» diýşip häli-şindi soraýarlar. Şonda men näme jogap berjegimi bilemok. «Bir sähetli gün bardyr» diýýän-de oňaýýaryn. Wah, Jahan görgüli diri bolanlygynda, bu zatlar maňa ýetjekmi? Görgüli ýumruk ýalyka şu gyza höwes ederdi. Oňa «gelnim» diýip bir çykardy, «gyzym» diýip bir çykardy. Durmuşda, diýeniň bolýamy. Iň bolman, Nurmyrat berin geläýmeli ahyryn.
Ejesiniň, kakasynyň ýatlanmagy öňem keýpsiz Ýagşymyradyň bokurdagyny doldurdy. Ol sesini çykarman oturyşyna, diňe ýuwdundy. Güljemalam ýaňagyndan syrygýan ýaşyny gyňajynyň çowy bilen süpürdi.
Ýagşymyrat sesini çykarman ýerinden galdy. Ol geýnip çykdy-da, gezim etmek maksady bilen kanalyň boýuna ugrady. Ýigit esli ýöräp kanalyň raýyşyna çykdy. Ýagşymyrat birinden göwni galanda ýa-da ýüregi gysanda, köplenç şu ýerik gelýärdi. Onuň özüniň bir oturýanja ýerem bardy. Garry söwüdiň aşagyndaky kertde oturyp, towlanjyrap akýan mele suwa serederdi. Kämahalam oňa ownujak daşjagazlar oklardy. Şeýdip, ol öz-özi bilen gürleşip köp oturardy.
Bu günem ol şol kertiň üstüne çykdy. Ýigidi tanyş gussa ýene basmarlap başlady. Onuň ganat bekläp ugran arzuwlary, umydy gyrlana döndi. Ýagşymyradyň belent başy ýene aşak egildi. «Meniňki boljak däl» diýip, ol daşyndan diýen ýaly aýtdy. Uludan-uludan dem aldy. Ýigidiň depesindäki söwüt agajy öz «hossaryna» duýgudaşlyk bildirýän ýaly, şahalaryny üstüne egip, ýigidiň arkan daralan tämiz saçlaryny sypady. Garry söwüdiň hem-de kanalyň boýuna düzülen uzyn-uzyn agaçlaryň depesindäki dynç almaga taýýarlanýan guşlar başyny aşak salyp, gama batyp oturan oba ýigidine gijesiniň rahat bolmagyny arzuw edýän ýaly, öz dillerinde jüýgüldeşdiler. Ownujak tolkunlar bolsa aşyr atyşyp, ýalňyz ýigidiň ýanyna howlukdylar. Emma dostunyň özlerine üns bermeýändigini görüp aşak serpdiler.
Ýigit töweregindäki janly durmuşa ünsem bermän, şol gamlandy oturdy.
Birden köçe tarapdan gyzlaryň gülküleri eşidildi. «Güljanlardan gelýän bolsalar gerek. Ertir ony durmuşa çykarýarlar». Ýagşymyrat birwagtky synpdaşyny ýatlady. Ýigit olaryň arasynda Laçynyň gülküsini tanady. Ýüregi gopdy. Şu aralykda biri duýdurman gelip, ýigidiň gözüni tutdy. Ýagşymyrat ol elleri derrew tanady. Ol gyzyň ellerini gözünden aýryp, aýalarynyň içinde mäkäm saklap yzyna öwrüldi.
–– Laçyn!
–– Hym...
Ýigit gyzyň goşaryny mäkäm tutup durşuna, onuň göni gözlerine seretdi. Laçynyň ini jümşildäp gitdi. Aljyrady. Ellerini boşatmak isledi.
–– Goýber.
Gyz eden oýnuna puşman etdi. Ýagşymyrat ýerinden galdy-da, gyz bilen boýdaş bolup durdy. Emma onuň özem aljyrady. Utanyp gulaklaryna çenli gyzardy.
–– Laçyn, goýbereýin – diýip, ýigit ýene esasy zady aýdyp bilmän ýuwdundy.
–– Elimi goýber, Ýagşymyrat, men näme diýseň razy – diýip, Laçyn howlukdy.
–– Dil ujundan sypsaň kaýyl bolup aýdýamyň ýa...
–– Ýok, çynym.
–– Meni bagyşla, Laçyn. –– Ýagşymyrat ýaýdandy.
–– Men ejeme Laçyn razy diýip aýdaýaýyn.
Gyzyň utanjyndan bägül ýaly gyzaran ýüzi aşak sallandy. Onuň ýeke agyzda beren jogaby birhili üýtgeşik eşidildi. Ýigide welin ganat bekletdi.
–– Aýdaý!...
Soñy.
Powestler