16:09 Laçyn / powest | |
LAÇYN
Powestler
Okuwyň başlanmagyna az galypdy. Talyplaryň aglabasy obadan gelipdi. Mundan iki-üç gün öňem haňlaşyp ýatan jaýlaryň içi uly gowurdy. Gijara ak ýüzli, daýanykly, diýseň görmegeý ýigit umumy ýaşaýyş jaýlaryň birinden çykyp, ýüzüni gündogara tutup ugrady. Howa salkyndy. Günbatardan öwüsýän ýeňiljek şemal ýakymlydy. Ýagşyň ysyny getirip, birhili lezzet berýärdi. „Tüýs gezelenç edip ýörmeli gije-dä” diýip, ýaňky içini gepletdi. Ýigidi uzaga gidermediler. Yzyndan gygyrdylar. — Telegramma bar saňa, Ýagşymyrat! Ýagşymyrat yzyna dolandy. Begenjinden süňňi ýeňledi. Şatlygyny içinde saklap bilmän, gapa barýança ýyljyraklap gitdi. — Dost, öňräk çykmaly ekeniň. Uzyn gün garaşdyň. Çykdyňam geldi – diýip, Ýagşymyrat bilen bir jaýda ýaşaýan oglanlaryň biri telegrammany uzatdy. Ýigit telegrammany hasyr – husur açdy-da, göz gezdirdi. Ýigidiň ýüzi boz-ýaz boldy. Der basdy. „Bu nähili beýle bolýar!” — Ýagşymyrat, gel çaý içeli – diýip, ýokarky gatdan bir gyz ýigidiň depesinden seredip gygyrdy. — Sag boluň, çaý meýlim ýok. Şeýle diýdi-de, ýigit töweregindäkilere syr bildirmezlige çalşyp, iki gat jaýyň gapysyndan girdi. Ol basgançaklar bilen ýokaryk dyrmaşyp ugrady. Aýagy – aýagyna çolaşyp, zordan çykdy. Ýigit gapyny açyp, özüni ýüzünligine krowada goýberdi. Ýassyga bagryny berdi. Ýagşymyrat özüni bilip, ilkinji gezek öz-özüne erk edip bilmedi. Ýüregi gürsüldäp, agzyndan çykaýjak boldy. Ol başyny galdyranda, kellesinden agyr bir zat asylan ýaly bolup durdy. Gözleri ümezledi. Elektrik çyrasynyň yşygy hemişekileri ýaly ýagty bermän, sargylt şöhlä öwrüldi. Dört diwar gysyp–gowurdy. „Onda geljek däl-dä! Men ertire howlugýardym-la” Ýagşymyrat hyrçyny dişledi. Ýigit gyzy şu gün geler öýdüpdi. Oturyp – turup, zordan gününi batyrypdy. Telegramma bolmasa-da, otla çykypdy. Ýolagçylaryň arasyndan gyzy tapman, lapy keç bolup yzyna gaýdypdy. Onuň garaşýan gyzy okuwa gelmelidi. Türkmen döwlet uniwersitetine giriş ekzamenini berip gidipdi. Ýigidiň garaşan bu telegrammasy gyzyň okuwa gelýänini habar bermän, Ýagşymyrady toýa çagyrýardy. Gyz obadaş bir ýigide durmuşa çykmakçydy. *** „Bereket” obasynyň demirgazygyny Amyderýa, günortasyny bolsa Garagum derýasy erňekläp otyrdy. Baga bürenip oturan bu oba oklaw ýaly köçeleri, tertipli salnan jaýlary, köçelere görk berýän al-ýaşyl gülleri bilen beýleki obalardan tapawutlanýardy. Obanyň görki hellewleşip oturan gür baglaryň düýbünden ýapjagazlar bir enaýy şildireşip akýardy. Gözbaşyny derýadan alyp gaýdýan Ene ýap obany deň ikä bölüp, mele suwuny güjeňleýän ýaly dolup daşýardy. „Bereket” obasy gurply obalaryň biridi. Oba adamlary, ylla diýersiň, bir maşgalanyň agzalary ýaly agzybirdi. Biri-biriniň gynananyna gynanyp, şatlygyna bolsa şatlanýardy. Üstünligine çaksyz guwanýardy. Oba ululygy taýdan beýleki obalardan şeýle bir tapawutlanmasa-da, toýdur şagalaňyň köpüsi şu obada geçýärdi. Käbir bäsdeş obalaryň adamlary: „Şu obanyň toýy tükenenok welin, ogullaryny iki-üç gezek öýeräýýärmikäler” diýşip degişýärdiler. Ine, şu obada, mele suwly ene ýabyň bir ýüzünde Laçyn beýleki ýüzünde-de Ýagşymyrat dünýä indi. Laçyndyr Ýagşymyrat çagalykdan bir öýde, bir maşgalada diýen ýaly önüp ösdi. Laçyn bilen Ýagşymyradyň kakalary bir günde Watan goragyna gitdiler. Şondan soň bu iki maşgala has ysnyşdy. Olaryň iýenleri–içenleri aýry gitmedi. Indi maşgalabaşy bolup galan Güljemaldyr Jahan işe gidenlerinde, Laçynjygy düşbüje Ýagşymyrada tabşyrýardylar. Üç-dört ýaşlyja Laçyn galpagyny tegeläp, özünden sähel uly Ýagşymyradyň yzyndan galmazdy. Bir gün duýdansyz gelen habar baýdak ýaly gelniň – Jahanyň durmuşyna awy gatdy. Jahan özüni näçe mert saýsa-da, gaty ejizledi. Maýa ýaly gelin sykylyp, bir gysym boldy. Güljemal Jahanyň derdini deň paýlaşdy. Aglasa aglady, gülse güldi. Emma ykbal Güljemaly Jahandan-da aýra düşürdi. Aýyň bölegi ýaly gelin garahassallykdan aýňalyp bilmän, ýogaldy. Ýagşymyradam Güljemalyň başyna galyberdi. Güljemal çagajyklary aç–suwsuz etmejek bolup pelesaň urdy. Tapanjasyny ot bilen garyp, iki çaga bişirip berdi. Özüniň ençeme gijeler aç ýatyp, aç turan wagtlary-da boldy. Bir gün Güljemal işden gelende, Ýagşymyratdyr Laçynjygyň ojagyň başynda garabaşlaryna gaý bolup duranlaryny gördi. Çagalaryň ikisem ojagyň üstüne boýunlaryny uzadyp seredişýärdi. Ýagşymyradyň elinde ullakan kesewi bardy. Hemişe olary ojagyň başynda görmedik Güljemal geňirgendi. — Näme işleýäňiz o taýda? Güljemal ojagyň başyna bardy. — Eje, saňa çorba bişirýäris – diýip, Ýagşymyrat edýän işine göwni hoş bolup dikelip, eljagazlaryny bykynyna urup, hondan bärisi gaýşaryp durdy-da, Güljemala seretdi. Güljemal ojagyň ortasynda töweregine akbaşyň öçügsi közjagazlary üýşürilen şakäsäni görüp ýylgyrdy. — Samsyjaklar, çorba käsede bişirilýänmidir? Laçyn allygyna saýrap göjek ýasandygyny, Ýagşymyradyň bolsa aw awlandygyny gürrüň berdi. Ýagşymyrat uzyn gün iş edinip, iki sany serçe tutupdyr. Bagty ýatan serçejikleriň bolsa diňe kellelerini ýolup garnynam ýarman şol durşuna käsä atyp üstündenem suw guýupdyrlar. Ýelekleri oňly ütülmedik guşlar suwuň içinde garynlaryny pökgerdip, ganatlaryny gerişip ýatyrdy. Güljemal çagalaryň bişiren „çorbasyny” dökdi-de, ät bolmazlyklary üçin guşjagazlary arassalap, ikisine gowrup berdi. Şeýle ýagdaýda Güljemal ýaryna garaşyp, umyt bilen ençeme ýyllary arka atdy. Emma uruş gutaranda-da, obadan giden adamlar ýek-ýarym gelenlerinde-de, Güljemalyň adamsyndan habar – hatyr bolmady. Ýagşymyrat ýedi ýaşyna ýetende, okuwa gatnap başlady. Laçynjygam bäş-alty ýyllap bileje önüp-ösen, oýnan hemrasyndan aýrylyp öýde galasy gelmedi. Ýagşymyratsyz ýarym gününi geçirmek Laçynjyk üçin hyllalla boldy. Ýürejigi gysdy. Bir ýerde durmady. Ejesine yrsarap, azar ýamanyny berdi. Bir günem Ýagşymyradyň yzyndan mekdebe bardy. Mugallym „delje” gyzjagazy erkine goýman, sapakdan çykardy. Gyzjagaz eginjigini gysyp, mekdebiň agzynda tä Ýagşymyrat okuwyny, gutarýança oňa garaşmaly boldy. Güljemal ýalbar – ýakar edip, Laçyny telim gezek alyp gaýtdy. Laçyny bu ýagdaý bilen öwrenişdirjek bolup, onuň özi gyzjagaz bilen gurjagam oýnap gördi. Laçynyň bileje oýnaýan deň–duş gyzlaryny öýlerine-de çagyryp gördi. Işiň – aladaň bar, beýdip haçana çenli gyzjagaz bilen oýnaşyp oturjak. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, şol wagt Laçyny bereýin diýse, obada çagalar bagam ýokdy. Güljemal gyzyny goňşularyna goýup işe gitse, gelende Laçyn ýene mekdebiň agzyny alyp joňkaryp otyrdy. Ahyry ol gyzyny alyp, okuw bölüminiň müdiriniň ýanyna bardy, ýagdaýyny düşündirdi. Laçynyň adyny žurnala ýazman, wagtlaýyn alyp galdylar. Ol ýylgyrypjyk Ýagşymyradyň gapdalyna baryp durdy. Ýagşymyrat bilen oturýan oglan yza geçmeli boldy. Her gün Ýagşymyrat irden Laçynjygyň elinden tutup mekdebe ugranda, Güljemalyň gözlerine ýaş aýlanýardy. Kepderijiklere ýeke özüniň guwanmaly bolandygyna ýüregi gyýylýardy. Geçen günlerini ýatlanda Güljemalyň içine ot düşüberýärdi. Kä wagtlar ýalňyz özi oturyp, geçenlerini ýatlap, göwün ýüwürdýärdi. Şeýlelikde, agyr ýyllar geçdi. Güljemalyňam egni galyp başlady. Ol köp ýyllar bäri bir egne pagtaçylyk brigadasynyň brigadiri bolup gelýärdi. Ol öň-ä Atamyrada garaşyp, soňam iki çaganyň boýunlaryny burdurmajak bolup durmuşa çykman oturdy. Durmuşyň ajysyny – süýjüsini gerdeninde ýalňyz çekdi. Çagalar ulaldy. Laçyn ejesi ýaly uzyn, sarymeňiz görmegeý gyz bolup ýetişdi. Gyzyň diňe gözüniň üstünde ýaý berip duran gaşlary, kirpikmen ullakan goýun gözleri kakasynyňka meňzeýärdi. Ol ejesi ýaly işjanlydy. Gönümeldi, alçakdy, öýde bolsun, işde bolsun, onuň ýanynyň gelin-gyzsyz wagty bolmazdy. Işden ýa-da okuwdan soň, gyzlar Laçynlara üýşüp, içerini ala-ýaz edişip tikin tikýärdiler. Okan zatlary hakynda jedelleşýärdiler. Laçyn jedelde utmasa ynjalmaýardy. Ine, bu günem irden Ajapnur ejeleriň täze edinen gelinlerine baş salýardylar. Gök gapyly belent jaýdan çykan iki gyz eginleşip, uly ýabyň boýuny syryp, günortalygyna ugrady. Olaryň biri uzyn boýly, daýaw, ýörände çaýşanaklap ýöreýän, ullakan gözleri owasynyň daşyna çykyp mölterilip duran, garaýagyz burunlak gyzdy. Onuň ady Garagyzdy. Beýlekisi çepiksizje, ýüzüniň çep dulugy narly, gaşlary bilen gytyjak kirpiklerine çenli sap-sary gyzdy. Oňa Nartäç diýýärdiler. Gyzlar az salym ýöräp, ýabyň raýşyndan pese düşdüler. Ýaby erňekläp oturan almadyr erik, şetdalydyr nar agaçlary bilen basyrynyp oturan kiçijik baglygyň içinden geçdiler-de baglygyň gutaran ýerinde ullakan ýaşyl gapyly eýwany demirgazyga bakyp duran jaýyň gapysynda saklandylar. Gyzlaryň ikisem birden gygyrdy. Laçyn, aý Laçyn! Gapy açyldy. Goňras saçlary dyzyna düşüp duran, diýseň görmegeý gyz ýyljyraklap içerden çykdy. Näme, jarçy ýaly zowladyşyp dursuňyz, giriberiň-dä! — Zowlatmasak eşidýärmiň. Basym bol, heniz geýinmändirem – diýip Garagyz ony gyssady. — Häzir, Garagyz jan, häzir! Laçyn çykyşy ýaly çalt içerik girip gitdi. Şol bada-da syrdam bedenine şapylaşyp duran öräň owadan täzeje ýaşyl köýnegini, nepis sünnälenip bejerilen tahýasyny geýip çykdy. Nartäç içini gepletdi: «Çaksyz görmegeý-dä, geýeni gelşip dur. Iň bolmanda, şoň saçlary bir mende bolsa bolmaýarmy?» Laçyn dagy gapysy aýal-gyzlardan hümer bolup duran jaýa sowuldylar. Giň eýwanly uzyn jaýyň gapysynda düşek ýazylypdyr. Ýaş gelini oturdyp, uly gyzlardyr, gelinler onuň töweregine tegelenipdirler. Aýallar bolsa aralykda esli boşluk goýup, oturan ýerlerinde biri-birine gezek bermän, gürrüňe gyzypdylar. — Laçyn ýok-da, Laçyn ýok-bolşup alaýdyňyz. Hanha, olaram gelýär – diýip aýallaryň biri ýerinden galdy. Beýleki aýallaram gürruňlerini goýup, ellerini çermeşip ykjamlanyşyp durdylar. Laçyn aýallara salam berip, gyzlaryň arasyna baryp durdy-da, burçda gyzyl kürteli ýapyrylyp oturan gelne höwes bilen seretdi. Gyzyl kürteden gyzyň uzyn gupbasy ýokaryk çykyp durdy. Laçynyň göwnüne bolmasa, gelin başyny aşak salyp gyzlyk döwri bilen hoşlaşýan ýalydy. Aýallaryň gykylygy Laçynyň pikirlerini duw-dagyn etdi. «Gaýratyňyz bolsa geliň bärik» diýip, etli-ganly, daýaw, ak posalak,saçyndan ýany ak girip ugran aýal orta çykdy. Laçynam uly «söweşe» taýarlandy. Ol gelniň ýanyna aýallar geçip bilmez ýaly edip gyzlary ýerli-ýerinde goýuşdyrdy. Özem ortarada durdy. —Laçyn, çykar pälwanlaryňy orta. Ýa özüň çykjakmy? – diýip, ellerini bykynyna urup duran şilliň uzyn aýal seslendi. Laçyn uzyn saçlaryny kellesine orap durşuna aýallara ýüzlendi: — Saçdan tutmaly däldir. Başga näme oýnuňyz bolsa görkeziberiň. Ykjamlanyşyp duran aýallaryň hemmesi birden häki daýawyň ýolbaşçylygynda gyzlaryň üstüne topuldy. Gülki- gowur sesleri asmana göterildi. Iki tarap mazaly garpyşdy. Laçyn aýallary ýeke-ýekeden göterip düşegiň üstüne basýardy-da, ýene öňki ýerine dolanyp barýardy. Sebäbi ol ýerden böwsüp, aýallaryň gelne tarap geçäýmekleri mümkindi. Her kimiň öz saklamaly ýeri bardy. Garagyz daýaw togalak aýal bilen gidişýärdi. Onýança-da olar biri-biri bilen gujaklaşyp gaýtdylar. — Garagyz ýeňläýme! — Sag bol-a, Laçyn! — Wäk, aýagym. — Saçymy goýber – diýen ýaly sesler gülki-gowur sesleri bilen garyşyp, töweregi göçüräýeýin diýýärdi. Gyzlar köplük bolandan soň «söweş» uzaga çekdi. — Beräýmäň – diýşip, tomaşa gelen ýaş-ýeleňler gaýrarakda seredişip duran ýerlerinden gygyryşýardylar. Gyzlaryň gürrüňe güýmeneninden peýdalanyp, gyrada hiç zada goşulmadyk bolup duran girdenejik aýal assyrynlykda gyradan gelne golaýlady. Birdenem pişik ýaly oňa tarap zyňdy. Ol gelniň kellesinden gujaklap oturşyna näçe çekselerem ony goýbermedi. Onýança-da aýallar kömege ýetişdi. Şeýdip, gelne baş saldylar. Gyňaç daňdylar. Ýene bir näzenin gyz aýallara goşuldy. Ak gynaçly, ak gelni gyzlar alyp gitdiler.Laçynlaryň obasynda gelne baş salnandan soň, ony birki öýe salama eltmek däbe öwrülipdi. Gelniň bir gapdalynda onuň synyndan tutup barýan Laçyn al-ýaşyl gülleriň içinde aýratyn ösen gyrmyzy bägül ýaly saýlanyp durdy. Ol gyzlaryň hersine bir degip, töweregini ala-ýaz edip barýardy. Gyzlary gözleri bilen ugradan aýallar Laçyn hakynda gürrüň gozgadylar. — Tüweleme, edil ejesi-dä! Dogumlydygyny, tas bilimi omurypdy – diýip, häki şilliň uzyn aýal dillendi. Onuň gürrüňini alyp göterdiler. — Hawa-la, boýam bir gyza degýär. Seret, bolup barşyna dagy. Baryndan saýlanyp dur. — Äl, özem, tüweleme, owadan gyz! — Güljemal-a geleni gaýtaryp otyrmyş. — Hany ony Ýagşymyrada berjekmişem diýýärler-le. — Ol-a birhili-le, gyz. Dogan ýaly bolup ösmedilermi olar! — Ösenlerinde näme, Ýagşymyradam, tüweleme, ýigit dagy däl. Özüm-ä gyzym bolsa, diläp gelseler iki elläbem berjek. — Laçynam Ýagşymyrada beräýse, Güljemal är işini bitirýär. — Hawa-la, onuň edenini özümiz-ä oňarjak däl. Şol iki çaga diýip, ömrüni ýarpylady. Aýallar pişmeli okarany gapdallarynda goýup, çaý içişip oturyşlaryna ýene-de ençeme adamlaryň başlaryny agyrtdylar. Gyzlar gelni goňşy jaýa eltenlerinde, içeriden ak ýüzli, görmegeý ýigit çykdy. Gyzlar ýylgyryşyp oňa geçmäge ýol berdiler-de: — Gelin görjek dälmi, Myratberdi, isleseň gel görkezeli – diýşip, oňa lak atdylar. — Ýigit gözüni güldürip Laçyna bir seretdi-de, zat diýmedi. Gelniň synyndan tutup duran Laçyn gyzaryp aşak bakdy. Myratberdiniň çykan gapysyndan garry aýal göründi. Ol gelniň ýüzüni açyp, maňlaýyna syldy: — Tüweleme, aý ýaly, Myratberdime-de şunun ýaly akja gelni Hudaý ýetirsin. — Garaýagyz bolanda bolmaýarmy? – diýip Garagyz jakgyldap güldi. — Haý, şeýtan diýsäni. Gyzlar gelni ýene birki öýe eltip yzlaryna dolandylar-da, toý pişmelerini alyp, öýli-öýlerine dagadylar. Garagyz bilen Laçyn bile gaýtdy. Myratberdileriň deňinden geçende, Laçyn ýigit ýylgyryp gapydan çykaýjak ýaly olara tarap seredenini duýman galdy. Ýigidi ýene bir gezek görmek höwesi gyza ynjalyk bermedi. Ädimini haýallatdy. Emma öz-özünden utandy. Özüne söz aýdýan oba oglanlarynyň arasynda Laçynyň diňe Myratberdi-de nazary eglendi. Dek düýn Laçyn goňşularynyň täze gelinlerini görmek, hemem bir sellem oturmak üçin tikininem alyp olara gitdi. Gelin törde gyýarak bakyp otyrdy, onuň garşysynda Laçynyň deň-duşlarynyň biri, hemem jaýyň beýleki böwründe Myratberdi bilen gelniň adamsy oturan eken. Laçynyň ýaýdanýandygyny duýup, ony goýman töre geçirdiler. — Biz ynha, turjak-la – diýip gelniň adamsy dillendi. Saçlary guşaklygyna düşüp duran, derek ýaly uzyn, diýseň syratly sarymeňiz gyz ýigitleriň ikisiniňem gözüne ildi. Myratberdi içki pikirini bada daşyna çykardy: — Tüweleme, Laçyn-a tanar ýalam bolmandyr. Gyz başyny galdyrmady. Ýöne ýigidiň gözüni aýyrman özüne seredýändigini welin aňdy. Özüni oňaýsyz duýsa-da,bu ýagdaý oňa birhili ýakymly täsir etdi. Şonuň üçinem ol özüne uslyp bilmese-de, sapak işende iňňä sapak ötürende, göz astyndan ýigide garap goýberenini duýman galdy. «Ýigitde-de beýle göz…Çensiz owadan-la. Men öňem-ä ony görýärdim-le. Syn etmedimmikäm. Beýle syratlydyr öýtmändim». Myratberdini ýene bir gezek synlamak islegi döredi-de, Laçyn gabagyny galdyrdy. Göreji ýigidiň göreji bilen kaklyşdy-da, tisgindi, der basdy, şundan soň gyz gabagyny galdyrmaga ýaýdandy. Diňe ýigitler çykyp gidenlerinden soň, birneme özüni dürsedi. Laçyn orta mekdebi tamamlan ýyly okuwa gitjekdi. Mugallym bolmak onuň çagalykdan arzuwydy. Şol ýyl ejesi näsaglady. Oňa esewan edere özünden başga adam bolmansoň, okuwyny ikinji ýyla goýdy. Ýagşymyrady bolsa ugruna goýman, ol ýyl okuwa ugratdylar. Ikisi bir öýde, dogan ýaly ösensoňlar, Laçynyň Ýagşymyratsyz ýüregi gysdy. Güljemal özüni oňat tutandan soň, gyz pagta ýygymynyň öň ýanynda işe gitdi. Laçynyň işden galanyna köp wagt geçmedigem bolsa, onuň pagta meýdanlaryna gözi düşende göwnüne bolmasa, uzak ýyllar geçene döndi. Ol ertiriň tämiz howasynda edil çaga ýaly ýyljyraklap elindäki goşlaryny iki tarapa hallanladyp, pessaý ses bilen aýdym aýtdy. Ýoluň gyrasyndaky baglara gonan guşlar dürli owaz edip gyzyň sazyny çalyp berdi. Bütin töwerek, yzda galdyran obasy oňa “hä” berdi. Adamlary işe howlukdyrýan horazlaryň sesi, garynlarynyň aladasy bilen meýdana ugran sygyrlaryň molamasy bilen goşulyşyp edil ýanyňda ýaly eşidildi. Niredendir, bir ýerden traktoryň tarryldysy-da geldi. Laçyn bu sesleri göýä birinji gezek eşidýän ýaly durup – durup diň saldy. Kimdir biri ertiriň tämiz howasynda aýdyma gygyrýardy, çopan bolsa gerek. Laçynyň öňünden çykan bolmady. Şonda ol işe has ir ugrandygyny duýdy. Ol işlemeli meýdanyna golaýlanda gyzyň edil golaýjagyndan bir sülgün güsürdäp uçdy. Laçyn gorkup honda düşdi. Soň bolsa guş ýüreklilik edenine hezil edip güldi. Üç-dört gektary tutup, ýazylyp ýatan gowaçaly meýdanlar ajaýyp mawy deňizi ýadyňa saldy. Şemala ýuwaşja yranýan gowaçalar bolsa, asuda deňziň ownujak tolkunlaryna meňzedi. Şol “tolkunlary” höwes bilen synlan Laçyn obadaşlarynyň gelerine howlugyp yzyna seretdi. Ýetip gelýän suwça gözi düşübem begendi. — Tüweleme gyzym, işe çykdygyňmy? Gutuldygy bolsun ejeňem. Düýn sorap barybam göwnüm hoş bolup gaýtdym. Gyzym halys ýekesiretdiňiz. Meýdanyň gelşigi Güljemal eken – diýip, suwçy hoşallygyny duýdurdy. Laçyn tokmak ýaly saçlaryny kellesine orap, ellerini çermäp işe başlanda, özüni deňiziň tolkunlaryny iki ýaňa serpip, ýüzüp barýan ýaly duýdy. *** — Salawmaleýkim, Güljemal daýza! — Aleýkim, gurgunmyň, Guldurdy, gel, geç. Guldurdy gyssanmaçdygyny aýdyp, giren ýerinde çommalyp oturdy. Güljemal ýataly bäri Guldurdy onuň işini ýöredýärdi. — Gür ber, ýagdaýlaryň nähili? Işden basylaňok gerek? — Ýagdaýlar-a, Güljemal daýza, öwerlik däl – Guldurdy ýerinden galdy-da, daş işige nasyny tüýkürip goýberdi. Soň agzyny süpürdi. – Başlygam gyssap, janymy alyp barýar. Adamlara-da özüň belet, Güljemal daýza! Buýrup bolanok. Adamlar gowudyr, Guldurdy, sen olara buýrjak bolubam durmagyn. Öňem saňa telim gezek aýdypdym. Nirede näme bar. Haýsy ýer taba gelipdir, haýsy meýdana otag zerur. Nirä suw tutmaly, nirä dökün dökmeli. Traktorçylaryň gerek-ýarak zatlary bardyr. Barýançam şolara göz-gulak bolsaň... Daýhanlara bolsa kä ýarym „arma” diýseň bolar. Güljemal işiň ýagdaýy bilen günde gyzyklanyp duranam bolsa ýene-de soraşdyrdy. Guldurdy düýn üç gektarlygy otap gutaryp bilmändiklerini aýtdy. Güljemalyň jany ýanaýdy: Ol zordan dikelip oturdy: — Ýeri, indi men saňa näme diýeýin. Hut özüň ýaly adama nagaraňy döwüp otursaňam uslyp däl. Döweňde-de ýokanok saňa. Ýan-biş azaryňa-da däl. Geçen ýyl şol ýerden neneňsi hasyl alanymyzy unutdyňmy? Wah, wah, ot pagtany ýere sokandyr. Guldurdy diňe çagaly aýallary ol ýerik iberendigini häzir brigadirden gizledi. Sebäbi Kürtüň ýerinem ot basyp barýardy. Ýöne başlygyň özüne käýýändigini boýun aldy. — Güljemal duýsa deriňe saman dykar – diýdi başlygam – diýip ýuwdundy. Güljemal hasam odukdy. — Başlygam käýýän bolsa ol ýeriň ýagdaýy has erbetdir. Häzir git-de çagalylaram, suwçylaram, asyl ýerden ýöräni şoňa sür. Ýeňsesine sapan degen ýaly bolup, Güljemallardan çykan Guldurdy ýol boýy içini hümledip gitdi. „Muňa günde gelip, gowaçanyň ýagdaýyny aýtmasaň-a, bir däl, aýtsaňam, iňirdäp janyňy alyp barýar. Gije-gündiz ylgasaňam, muň göwnüne etmek kyn. Bir ýeriň hasyly azrak bolaýanda-da, plan dolman galasy ýok-la. Oturan ýerinde hemmesine ýetjek”. Guldurdy gidenden soň, Güljemal aýnanyň tutusyny goýberdi-de, ýene düşegine geçip gyşardy. Emma ynjalygy bolmady. „Igli çaga ýaly nägünlükler bilen ýetişdirýärsiň. Ýeri, indi agza-burna gelen zady haşal ota basdyryp oturyberseň. Az-owlak meýdanam däl”. Inini–boýuny alyp, kemala gelen gowaçany indi otuň igledip bilmejegine Güljemal düşünse-de, onuň gowaça peýda etmejekdigini bolmanda, gozalara zyýan berjekdigini bilýärdi. Güljemalyň turup işe tutduryberesi geldi. Gaýralaryn gorkusyny etmän, sähel öýünden daşlaşsa igenip duran lukmandan çekindi. Ir bilen Laçyn dagynyň gülşüp – degşip, gowaça meýdanlarynyň gyrasyndan girenlerem şoldy, Guldurdy olary gyssap üç gektarlyga ýollady. Kürtüň ýerinden ol daş däldi. Laçynyň gözi gözellikde. Ol ellerini kölegeledip, meýdanyň gutaran ýerinden başlanýan gamyşlygyň aňry ýanyndan towlanjyrap akyp ýatan derýa nazaryny dikdi. Derýanyň aňrysy görnenok. Gyzyň gözüne asman bilen ýer derýada tapyşan ýaly bolup duýuldy. Bütin gözýetim göm-gök. Aňyrsam suw. Göwni göterilen Laçyn öýme ýaglyjagyny galgadyp, derýanyň kenaryna çykyp bir salym alakjap ylgasy geldi. Derýa, salam berdi. Derýa-da üstünden sowadyp goýberen şemaljygy bilen gyzyň nar ýaly ýaňaklaryny sypady, maňlaý saçlaryny galgatdy. Bu söýgüli ýigidiň yssy mähri kimin gyza hoş ýakdy. Kalbyny gozgalaňa saldy. Giň meýdanyň görki gowaçalar näme, olaram ýaşyl ýapraklaryny şemala yraşypjyk soltanlaryna salam berýän ýaly eglip galdy. — Peliň bir başyndan giriberýäris dälmi, Laçyn – diýip, oglanlaryň biri kätmenini arassalap durşuna, gyza ýüzlendi: Laçyn oglanlara däl-de, kinaýalyja gülümsiräp, saçlaryny başyna orap duran Garagyza garady. Oglanlaram düşüş, biri – birleriniň ýüzlerine manylyja seredişip ýylgyryşdylar. Geçen anna Meret gedemiň meýdanynda oglan-gyz goşulyşyp, gowaçany bilelikde otapdylar. Şonda oglanlar ýaltalyk edip, işiň köpüsi gyzlaryň gerdenine düşüpdi. Laçyn mundan habarly. Oglanlaryňam şu gün gyzlar bilen goşulyşyp işlemejeklerine gözleri ýetikdi. Şonda-da „janlaryny barlap gördüler”. Onsoňam, Garagyzyň çetine degmek üçin „goşulyşyp işläliň” diýşip barha dyzadylar. — Otag aýallaryň işi – diýip, oglanlaryň biri onuň maňlaýyna geçip gürledi. — Aýal – paýal diýip diliňi goýberme – diýip, Garagyz çyny bilen madyrdady. – Otaman, tansam edersiň. Biziň arkamyzdan kölege söýüp ýatmaga ýaman öwrenipsiňiz. — Başarsaňyz sizem ýatyň. — Ýatmarysam, ýatyrmarysam. Bile-de işlemeris, hany, ýola düşüň – diýip, Garagyz uzyn oglanyň gürrüňine görä jogap berdi. — Ýüregiň gysýan bolsa, alaý Uzukjemalyňy ýanyňa. — Uzukjemala gitmez – diýip, ýaş, görmegeý gelin ýylgyrdy. — Dawalaşjak bolsaňyz, paý alalyň. — Ýok, ýok, Laçyn jan, paý gerek däl, görkezen ýeriňden işläp başlarys – diýip uzyn Laçynyň sözüni kakyp aldy. — Laçyn oglanlaryň otamaly ýerlerini salgy berdi. — Nätdiň-aý, muny Laçyn?! Heý, şol giden meýdany agşama çenli otdan çykaryp bolarmy? Gowaçadan kän ahyry olar – diýip, uzyn ýaýdanyp kellesini gaşady. — Bolmanda, ol günkiňiz ýaly sömelişip dursaňyz, gutaran zadyňyz bolmaz. — Yza galsak kömekleşer-dä, Garagyz. Garagyz ýylgyrdy-da, sesini çykarman gowaçalaryň bir gyrasyndan girdi. Laçynam Garagyzyň gapdalyndan baryp işläp başlady. Gyzlaryň galanlaram iki bölünişip gowaça meýdanynyň hersi bir gapdalyndan girdi. Oglanlaram boýunlaryny sallaşyp ýaltalyk bilen öz paýlaryna tarap ugradylar. Olaryň bolup baryşlaryna gyzlar hezil edip güldiler. Dogrudanam, gyzlar bilen gülşüp-degişip işlemäge öwrenen oglanlar olardan aýra işlemegi ýokuş gördüler. Günä özlerinde bolansoň, seslerini çykarman ylalaşmaly boldular. Soň sessiz işleşip ýörüşlerine oglanlaryň biri dillendi: — Şu gezeg-ä, gardaş, gyzlar biz bilen haklaşdy. Gör, olaryň gülkülerini, megerem, bize gülýändirler. — Gyzlar gülmäge zat tapýarlar, gardaş. Şonuň üçinem olar bilen işlemek hezil-dä. Gülmänem, degmänem, işlemänem başarýarlar. Ynha biz welin, işe başlanymyza näçe salym geçdi. Şonda-da işläp, öndüren ýerimiz ýok. Serediň paýlaryny eýýäm ýarpylapdyrlar. — Bizem-ä şu gün şolardan galmajak bolmaly. Oglanlar özara gürleşip haýdaýardylar. Garagyz oglanlara degmek isledi: — Armaweriň, dynjyňyzy aljak dälmi, ýigitler. — Dynç alar ýaly biz entek iş edemizok. Siz ýadan bolsaňyz alyberiň. — Siz-ä, işletjek bolsaň, aýry paý beräýmeli eken. — Ind-ä aýry işlemejegimiz hak. — Geliň onda çaý içeliň. Oglanlar gyzlaryň ýanyna gelip guşluk çaýyny içdiler. Bir sellem gülşüp-degişdiler. Onsoň ýene her kim öz paýyna ugrady. Bir gün gijara Laçyn sowuk suw almak üçin öýlerinden ses ýetim daşlykdaky guýa ugrady. Onuň guýa golaýlany hem şoldy welin Myratberdi pete-pet geldi. Ýigit aýak çekdi. — Gurgunmysyň, Laçyn! Gulaklaryna çenli gyzaran gyz aljyrady. Säginip bedresini ol elinden beýleki eline geçirdi. Myratberdi ýylgyrdy-da geçip gidiberdi. Laçyn guýunyň başynda-da süňňüni saklap bilmedi. Ol içki dünýäsinde gopýan harasady göýä uly il bilýän ýaly tolgunyp, daş-töweregine garanjaklady. Hemişe guýynyň başynda garry-gurty görende, oňa suw çekip berýän gyz bu gün bili bükülen ogulsyz-gyzsyz kempire-de üns bermedi. Garry gyzyň bolşuny geňräk gördümi ýa-da ondan kömege garaşdymy suw çekilýän bedräni guýa sallaman könelişen gözlerini gyza dikip esli durdy. Laçynam dur. Ýüregi-de, huşy-da ýigit bilen giden gyz häzir garryny görenokdy-da, diňe Myratberdini görýärdi. Garry ahyr gyzdan kömek ýetmejegini duýdy-da, bedräni guýa goýberdi. Gyz birden özüne gelip, hasyr-husyr ýüpli bedrä ýapyşdy. Garry güldi. Laçyn ýüpli bedräni ýerde goýdy-da, garrynyň suwuny göterip, olaryň öýlerine eňdi. Ol yzyndan mytdyldap gelýän aýalyň: «Wah, balam özüm äkiderin, indi goýaý» diýenine-de gulak asman, bedrelerini onuň gupba ýalyjak kiçijik jaýyna salyp yzyna dolandy. Laçyn öýlerine barýança, pikire gark boldy. «Garasyny görüp duruberipdirin. Ol-a geçip barýa, menem durun. Ilde-günde meň ýaly utanman şeýdip ýören ýokdur? Ejem duýsa, Ýagşymyrat eşitse, nähili bolar. Bolşuma olam geňirgenendir». Gyz işde bolsun, öýde bolsun Myratberdiniň şol ýylgyryşy onuň gözüniň öňünden hiç gitmedi. Soňabaka ony şeýle bir küýsäp başlady welin, oturyp-turup karary ýetmedi. Birdenem «mende göwni bolmasa näderin» diýen pikir kellesine geldi-de, gyzyň bütin kalbyny eýelän lezzetli duýgysynyň suýjüligini duýdurmady. Guldurdy ir bilen gelip Laçyna Garagyz bilen Kürtüň ýerinde suw tutmalydygyny aýdyp gitdi. Şonda Laçyn pilleri döwük bolansoň, dükana sowuldy. Geň görmeli zat, dükan açyk eken. Myratberdi haladynam geýmändir. Ýigit gyzy ýyljyraklap, edil ýitirip tapan ýaly garşylady. — Bow, Laçynka, sen nire, bu ýerleri nire. Meň dükanyma-da seň aýajyklaryň düşjek eken. Wah, bar zadym seniňki. Hany dillensene, nämejik gerek! Gyzy dogrudanam, alyp-ýolup barýan ýigit has aljyratdy. Bir seretse, özi bilen eginleşip dur. Laçyn çekinjiräp yza tesdi. — Hany ýör, ýaýdanmasana. Hazynamy görkezeýin. Halanja zadyňy alsana. — Maňa pil gerekdi. — Pil?! Ýigit hezil edip güldi. — Sen-ä oňaraýdyň. Heý, seniň ýaly gyza-da pil tutduryp bolarmy? Hany, başga zat sorasana. Gyzyň gaşlary çytyldy. Ýigit alakjap, şol bada içki jaýa girip gitdi-de, ýylmanak pilsapyly bir pil alyp geldi. Laçyn elini uzatdy. Myratberdi gyzyň gözlerine seredip, bir enaýy ýylgyrdy-da, pili arkasynda gizledi. — Ýüzjagazyňy galdyr, hany! Bir oňat ýylgyrmasaň, pil almarsyň, keýgim. Laçyn pile uzadan elini çekdi-de, gyzaryp durşuna çalaja başyny galdyrdy. Ýigidiň göreçleri gyzy ýene jadylady. Ol bir agaryp, bir gyzaryp ýene pile elini uzatdy. Myratberdi pilsapynyň daşyndan onuň elinden tutdy. Laçyn zähresi ýarylan ýaly yza çekildi. Pil ýere gaçdy. Ol pilem alman, dazlap dükandan çykdy. Gyzyň ýüregi gürsüldäp agzyndan çykaýjak boldy. Göýä elinde ýigidiň eliniň yzy galan ýaly, öwran-öwran goşaryna garady. Öz-özünden utandy. Ogurlykda tutulan ýaly, töweregine garanjaklady. Gelýäne – gidýäne gözi düşmän soň ynjaldy. Laçyn Garagyzyň yzyndan ýetip, piliň ýokdugyny aýtdy. — Şeýlemi? Zyýany ýok. Ilerki öýleriň birinden alarys-da, agşam getirer beräýeris – diýip, Garagyz gapdalyndan haslap çym-çyzyl bolup ýöräp barýan gyza içgin seretdi. — Haşşyldyň dagy nähili?! Itden dagy gaçaýan-a dälsiň? — Hawa, itden gaçdym, dükanynda daňylgy eken. Laçyn öz gürrüňine özi ýylgyrdy. Myratberdiniň ýerliksiz hereketini her näçe gaty görse-de, gyzyň kinesi uzaga çekmedi. Öýkesi ýaz gününiň buludy ýaly kem-kemden syrylyp, dagap gitdi. Ol gün Laçyn üçin üýtgeşik gün boldy. „Ol meni söýýär, söýýär” diýip bokurdagyna sygdygyndan gygyrasy, dünýä buşlasy geldi. Adamlara söýgüni buşlamak aýypmy näme? Gyz ýüregini näzik duýgy gaplady-da daş töwerek, meýdan, bütin tebigat täzeçe bir görnüşe girip, aýratyn gözel göründi. Ol keýpiköklükden pelden-pele, geçip, joýadan-joýa towsup aýdym aýtdy. Gyz ýylan ýaly towlanjyrap akýan ýapjagazlaryň başynda oturyp, suwy eli bilen ýokaryk sowrup, suwuň ýüzünde düwme ýasap keýp etdi. Birdenem ýerinden galyp, piline söýenip durdy-da, ýaşajyk gowaçalaryň depesinden seredip, suwuň ýapjagazlardan lummurdap akyp joýalara sowluşyna keýp etdi. Garagyza-da degip gün-mydar bermedi. Ony telim gezek duýman durka suwa itdi. Garagyz bir görseň, pile ýaplanyp, bir seretseňem, gowaçalaryň ol başyndan bu başyna ýöräp şadyýan aýdym aýdýan jorasyna höwes etdi. — Laçyn jan, gatyrak aýtsana, diňläp hezil edeýin-le – diýip, ol peliň gulagyny bekläp, beýlekisine suw açyp durşuna jorasyna gygyrdy. Laçyn hezil edip güldi. Agşamlyk ol öýlerine ýöräp däl-de, uçup gaýtdy. Şadyýan jorasynyň şu günki bolşy Garagyzyň gözünden sypmady. Jorasynyň araky beren soragy güpbe ýadyna düşdi-de, öňem içi byjyklap duran gyz pursat arap Laçyna ýüzlendi: — Baýak näme aýtjakdyň-a, Laçyn, aýtman goýduň. — Ol günmi! — Laçyn Garagyza bir seretdi-de soň aşak bakdy. Laçynyň ikirjiňlenýändigini Garagyz duýdy: — Näme indi syryňam menden gizläp başladyňmy? Aýtma onuň ýaly bolsa. — Gizläp-gizlemez ýaly üýtgeşik syrym ýok-la. — Üýtgeşik bolmasa aýdardyň-da. — Öýkeleme, senden gizlesem ozal gürrüň gozgamazdym. Laçyn göwnündäkini gös–göni aýdyp goýberdi: — Men Myratberdini halaýanymy aýtjakdym. — Näme, haýsy Myratberdi gyz, ol! — Ýuwaşrak-la, gyz? Yzymyzdan adam gelýär ahyryn. Goňşyňy tanaňokmy? — Obada indi şondan başga ýigit gutarypmy. Gizlese-de Nartäjem şoň ugrunda heläk. — Goýa! Laçyn gabanjaňlyk oduna tutaşdy, ýüzi üýtgedi. — Belki, ol Nartäji halaýandyr. — Ol Nartäç bilen-ä däl. — Näbilýäň? — Bilýän-dä. Laçyn gowşady. Garagyz welin gönüledi: Myratberdi kimi halasa şony halasyn, sen bir oňa ýanaşma. — Ine-dä, Garagyz seň gürrüňiň. Seň ýanyňda hemme zat ap-aňsat. Söýgi diýilýän zat «Pylany meni söýsün, onsoň menem ony söýerin-dä?» diýlip garaşylyp durulýan zatmydyr. Söýseň söýer oturyberersiň-dä. — Şoňa göwün bermezdim. Bir kelpeňdir-le ol. — Seň asyl göwnuň ýetýäni bir barmy? Oraz gotur, Sapar kelte, Meret ýaňra, Aşyr dymma. — Meret ýaňra-da bolsa, Myratberdini şoň basyp giden yzyna-da aljak däl. Ýap-ýaňy dälmidi onuň papagyny maňlaýyna geýip, obaň içinde işsiz, söw-söw syryp ýöreni. Jorasynyň gürrüňleri Laçynyň ýüregine batmady. Emma Garagyz oňa ünsem bermän, Myratberdi barada bilýänlerini orta dökdi: — Kärýakmaz, garasöýmez baryp ýatan. Berdi Uzynyň Ýazgeldisi bolaýmasa, onuň oba oglanalary bilen tirkeşenini görmersiň. Şol häsiýeti aýdyp durmanmy, onuň kimdigini: — Her zat diýseňem, Garagyz, Myratberd-ä erbet däl-le — Hawa-la, kä ýarym görmäge erbedem däl. Ýöne sana onuň görküne aşyk bolanja gyz diýerler. — Ýalňyşýaň, Garagyz, men ony käýarym däl günaşa görýän. Ýazgeldileriň gapysy görnüp duransoň, olara gelse tä gidýänçä gözüm şolaryň gapysynda. Men onuň gülküsine aşyk, gözlerine, gürleşişine aşyk. Garagyz jany ýanyp, elini silkip goýberdi. — Belet çöpüm-le. Saňa häzir düşündirmek kyn. Ýöne şoňa göwün berip bagt tapmajagyňy aýnada gören ýaly bilýän. Näme diýseňem men oňa-da, saňa-da belet. Ikiňiziň araňyzda ýer bilen gök ýaly tapawut bar. Ol seniň diýjek adamyňam däl, söýjek ýigidiňem. Şuny ilem unamaz. — Ony soň görübereris. Laçyn öýlerine tarap sowuldy. Garagyz her näme diýse-de, otursa-tursa Myratberdiniň keşbi Laçynyň gözüniň öňünden gitmedi. Okasa, kitabyň ýüzünde, işlese, gowaçalaryň içinde Myratberdi ýylgyrdy durdy. Soňabaka ony şeýle bir küýsäp başlady welin, gyzyň hiç ýerde karary ýetmedi. Ýigit içini ýakaýyn diýen ýaly, soňabaka Ýazgeldilerde-de görünmedi. Gyz Myratberdini görjek bolup, telim gezek olaryň öýleriniň deňinden geçdi. Birki günlükde ýigidiň alňasak bir ýerik barýandygyny Laçynyň daşdan görüp galandygyny hasaba almasaň, gyzyň ony görmek üçin eden ähli synanyşyklary biderek boldy. Laçyn soňabaka öz bolup ýörşünden utanyp başlady. Bir gün Garagyzlara kitap almaga gidende, ýolda Myratberdi sataşdy. Birinji gezek gyz adamlardan nägile boldy. “Ýeri, başga ýol gytmy, şu köçeden ömründe geçmeýänlerem, süsdürilişip, paý-pyýada şu ýolda. Ýogsam Düýeçileriň dagy uçar gonubermeli köçesi bar-a. Käşgä seretmän bir geçseler”. Laçynyň garanjaklap durşundan onuň çekinýändigini aňan Myratberdi gyzy görmek üçin öňem telim synanandygyny, öýlerine bolsa barmaga çekinendigini howul-hara gürrüň berdi. — Duşuşyp bilmerismi, Laçynka! – diýip, ýigit çaksyz mylaýymsyrap gyzyň ýüzüne garady. – Gaty haýyş edýärin. Wagtyň bolsa agşam baga geläýsene! Gyzyň başyny atanyna mähetdel ýigit ýyljyraklap geçip gitdi. Garagyz özelenipler ýalbarsa-da, Laçyn olarda oturmady. Ýüregi gursagyny ýaraýyn diýýän gyzyň bir ýerde oturyp karary ýetjekmi? Laçyn her näçe batyrsyrasa-da, agşam duşuşyga ugranda hamana diýersiň bir görünmesiz ýerde görnüp bir bolmasyz iş edýän ýaly gysylyp, gysylyp bir gysym boldy. Ýogsam ol begenjinden uzynly gün guş bolup uçup, agşama zordan ýetipdi. Laçynyň göwnüne bütin oba özüne seredip duran ýaly. Ol obalarynyň seýilgähini beýle giňdir öýtmändi. Aňrybaşyna çykýança gyzda ne sabyr-takat, ne-de ysgyn mydar galdy. Alleýanyň gutaran ýerindäki arçanyň aşagynda duran ýigide gözi düşüp bolsa, barja mydarynam ýitirdi. Saňňyldap, aýagy göwresini götermejek boldy. Ol ýigide ýekeje gezek nazar saldy. Myratberdi welin, ilkinji duşuşyk däl-de, göýä Laçyn bilen köpden bäri duşuşyp ýören ýaly, alçaksyrap gyzyň alkymyna dykyldy. Ol ellerini ap-ak kiteliniň jübüsinden çykaryp gyza uzatdy. Laçynyň elini aýasynyň içinde saklamak, oýnamak isledi. Gyzyň kösük ýaly ak barmaklary ýigidiň elinden sypyp gitdi. Gyz elini arkasynda gizledi-de götünjekledi. — Ýa walla, utanmasana, sen meni söýýäň ahyryn. Gizleseňem eşidýärin, Laçynka? Ýöne göwnüň bolar-da, horlanar ýörerlermi? Duýdursaň men otkaz etjek däl ahyryn. Heý, seniň ýaly gyzam söýmän bolarmy? Hatjagaz ýollanam bolsaň, ylgap gelerdim. Şu obanyň bol çöpi Myratberdi. Ýüzüne urlan ýaly bolan gyz gulagynyň eşidip duran zatlaryna ynanjagyny – ynanmajagyny bilmän, birhili bolup ýigidiň ýüzüne garady. Ol asyl ullakan bir açyş eden ýaly, özünden göwni hoş, ellerinem ak balagynyň jübüsine sokupdyr-da, gaýşarylyp gülümsiräp dur. Gyz parahat gepläp bilmedi: — Kimem saňa gep ýetiren bolsa, ýalan sözläpdir. Senem şoňa ynanyp gelen bolsaň ötägit. — Sluşaý, öýkelemesene! Gyz garşydaşyny gepletmedi. Onuň öz sözlerini hetjikledi. — Otkaz etjek däl eken. Şumy indi gürrüň tapyşyň? Söýgi eliňdäki zatmy? Onda Nartäjiňem göwni sende ýaly-la. Belki, oňa-da göwnüň bölekdir. Myratberdi hezil edip güldi-de, Laçynyň egnine patladyp urdy. Gyz has geň galyp çytyldy-da, yza çekilip durdy. Ýigit muňa ünsem bermän jogap berdi: — Sluşaý, seniň ýaly peri owsun atyp durar-da, Nartäji men sary pişik ýaly edip, başyma ýapaýynmy? Özüň-ä bigörküne ýapyşaýmansyň-a. Eýsem men Nartäje mynasypmy? Hany aýt! Görki jähenneme-le, boýam bir garyş ahyryn, onuň. — Nartäjiň adamkärçiligini hiç kimiňki bilen deňäp bilmersiň. Adama öňi bilen häsiýet gerek dälmi? Näme üçin o hakda gürrüň edeňok? — Görki bolmasa, häsiýetini başyma ýapaýynmy? Heleýim bar diýip, men-ä ony yzyma tirkäp ile çykyp bilmen. Sakyrtga ýaly bolup, sluşaý, şol bolşuna-da öz ýagdaýyny bilenok, maňa aşykmyş. Myratberdi tüýkürip goýberdi-de, sözüniň yzyny ýetirdi: — Gitsin-le walla, daşda gezsin. Obaň ähli gyzyny söýer ýaly müň sany ýüregim ýok. Laçyn ýigidiň görmegeý ýüzüne, lowurdap duran şar gara tämiz saçlaryna ýene bir gezek gözlerini aýlady. Laçynyň ýüreginde besläp, gije-gündiz didaryna zar bolup, ýören ýigidi ynha, indi garşysynda dur. Gyz şu minutlary, gör, näçe gijeler, näçe gündizler arzuw edipdi. Ynha ýetdem-dä! Ynsan üçin iň bagtly pursat şu dälmi? Onda näme üçin ýigidiň edýän oýunlary-da, gürrüňleri-de gyza ýaranok. Çytylyp dur. Soň ol şu bolşuna puşman etmezmi? Laçyn has ynjykmyka? Gyzyň pikirlerinden bihabar, Myratberdiniň çytylyp duran gyza uzak seredip takady ýetmedi. — Sluşaý, Laçynka, biz janly adamlar ahyryn. Heýkel däl-how. Eşidýämiň, sen meni küýsäne meňzeş däl-le. Myratberdi gyzyň goşaryndan şapba tutdy. Laçyn ot basylan ýaly tisgindi-de elini silkip goýberdi. — Dek, dur. Bu gezek gyzyň sesi ynjyly hem gaharly çykdy. — Bolýa, bolýa, boýun egýärin, hökümdarym, lepbeý. Myratberdi iki elini gowşuryp, gyzyň öňünde gös-göni bolup durdy. Myratberdiniň agzyna aňalyp durşuna, Laçyna ýigidiň agzyndan çykýan gürrüňleri ol däl-de, göýä özüne ýat başga bir adam aýdyp duran ýaly duýuldy. Onuň hereketlerini-de halamady. Myratberdi bolsa indi bir elini bykynyna urup, beýlekisini kelemenledip ýetişibildiginden güpläp başlady. Ol gürrüňiniň yzyny Aşgabatda söwda tehnikumynda okan döwürlerine sapdy. Talyp ýyllary Myratberdä köp gyzlar aşyk bolupdyr. Emma Myratberdi olaryň birinem halamandyr. Sebäbi şäher gyzlary ýeňles hem kelpezmiş. Oba gyzlary bolsa saýhallymyş. Şeýle bolansoň, şäher gyzlary gelip aýagyna ýykylsa-da, Myratberdi olaryň söýgülerini kabul etmändir. Ýigit güplemek güpledi. Soňabaka onuň gürrüňleri Laçynyň ýüregine düşdi. Maňzyna batmady. Howlugýandygyny telim gezek duýdurdy. — Howlukmasana, sluşaý, meni taşlap nirä gitjek? Gitseňem, keýpiň bolmaz, Laçynka, sen meniňk-ä. Şu obada diňe ikimiz biri-birimize taý. Myratberdi şeýle diýdi-de, özüne bakyp, gözlerini balkyldadyp duran gyzy sen–men ýok, gujagyna gysdy. Gahary depesine çykan gyz hopukdy-da, ýigidiň döşünden batly itip goýberdi. Myratberdi entiräp gitdi. Ol özüni dürsedi-de, hiç zat bolmadyk ýaly ýylgyrdy. Bu welin gyza onuň eden ähli hereketlerinden beter ýokuş degdi, saklanyp bilmedi. Alkymyna bardy-da, ýigidiň dulugyna ähli güýji bilen şarpyk çaldy. Ýigit ýüzi ters öwrüläýendir oý etdi. Ol elýaglygy bilen şarpyk degen ýaňagyny tutup dazaryldy: — Sluşaý, bolşuň nähili dälirediňmi? Sen-ä bir samsyk ekeniň. Söýseň ogşatmalam bolarsyň, gujaklatmalam. Ýogsam seni kim başyna ýapsyn. Myratberdiniň soňky sözleri gyzyň gulagyna ýetmän galdy. Duşuşyk Laçynda birhili gamgyn ýatlama galdyrdy. Onuň kalbyny eýelän süýji duýgularyna kimdir biri talaň salana döndi. Aýratynam başyny ýassyga goýdugy, ýigidiň hereketleri göz öňüne gelip let iýip başlady. Sözleri gulagyndan gitmedi. Ne ýatyp ukusyny aldy, ne-de gündiz karary ýetdi. Wagtal-wagtalam ýüregini tüýtmeläp barýan ejirli gussa aňkasyny aşyrdy. Barybir ýigidi ne unudyp bildi, ne-de ondan el çekip. Bir edip bilen zady onuň bilen ikiçäk duşuşmazlyga çalyşdy. Onam birde başarsa, birde özüne erki ýetmän horlandy. Joralaryndanam daşlaşdy. Laçyn duýgularyny Garagyz bilen paýlaşyp bilmedi. Olam: „Gözüň çyksyn, aýtmadymmy men saňa” diýip, ýakasyndan aljak. Ýene Myratberdiniň üstünden daş togalajak. Şonsuzam ýanyp duran ýüregine neşter sokjak. Ýagşymyrat kanikula gelende, maýa ýaly gyza derek, hor şilliň uzyn gyza gözi düşüp haýranlar galdy. — Saňa näme boldy, Laçyn! Janyň beri sagmy? – diýip, ol gyzyň özüne uzadan ellerini gysyp durşuna geňirgenip hem gynanyp dillendi. Gyz çym-gyzyl boldy-da, ýüzüni öwrüp, sesini çykarman, ýigidiň toruny elinden alyp, öýlerine girip gitdi. Ýagşymyrat gyzyň gözlerindäki ynjalyksyzlygy, galagoplygy saýgarsa-da, ol alamatlaryň syryny bilmedi. Hemişe şadyýan Laçyn Ýagşymyradyň gelenine begenip uçaýjak bolsa-da, ol hemişekileri ýaly bälçireşmedi. Geplände müýnli ýaly ýere bakdy, çekindi. Gysyldy. Gyzyň bolşy Ýagşymyrady diňe bir geňirgendirmedi, ony ynjalykdan gaçyrdy. „Ol birine göwün beräýdimikä?” Hyýalyna getiren pikirinden ýigit gorkdy. Gyzyň gözlerinde diňe gussa bar. Söýse ol uçganaklap durmazmy? Ejesem biynjalyk. Ýagşymyradyň gelerine howlugypdyr. Niýeti uly lukmanlara görkezmek. Ýigit öňürti Laçyn bilen gürleşmegi göwnüne düwdi. Bir gün Ýagşymyrady deň-duş oglanlarynyň biri nahara çagyryp alyp gitdi. Ol giçden soň dolanyp geldi. Güljemaly oýarmajak bolup ýuwaşlyk bilen pişik basyşyny edip, içki jaýa geçdi. Laçyn ýatmandyr. Ol nämedir bir zatlar ýazyp-bozup garabaşyna gaý bolup otyrdy. Töweregi bolsa düýrlenen hemem ýyrtylan kagyzlardan münderdi. Ýagşymyrat stoluň gapdalyna gelip durdy-da kagyzlara, bir-de gyzyň ünjüli, bir seretseňem müýnli gözlerine garady. Laçyn gyzardy, aljyrady. Ýazylmadyk kagyzlaryny düýrleşdirip başlady. Onuň göwnüne Ýagşymyrat ýazyp-bozup oturan zatlaryndan habarly ýaly bolup duýuldy. — Ýataňokmy? — Ýatasym gelenok. — Näme uçin! Gyzdan jogap bolmady. Ol stoluň üstündäki kagyzlary hasyr-husur ýygnady. Ýagşymyrat penjegini çykaryp, duldan asdy-da, Laçynyň gapdalynda oturgyjy çekip oturdy. Ellerini dyzynyň üstünde goýup, deprek çalýan ýaly barmaklary bilen dyzyna kakyp başlady. Laçyn hasam özüni ýitirdi. Ol Ýagşymyradyň ýöne ýere şeýdip oturmaýandygyna beletdi. Ikisi çagalykdan bile ösüp-ulalansoňlar, Laçyn Ýagşymyradyň häsiýetini bilýärdi. Ol häzir hökman bir zat diýmelidi. Ýigit birinden öýkelese, kine etse, ýa-da göwni galsa, edil şu oturşy ýaly barmaklaryny dyzyna urup oturýardy. Laçyn ini üşüdýän ýaly galpyldap başlady. «Duýupdyr…sorar. Anygyna ýetmän goýmaz. Ýalan sözläp ejemden sypsaňam, Ýagşymyratdan sypmarsyň». Laçyn bahana tapsa turup gitjekdi. — Çaý içjekmi? — Ýok. — Aýt, saňa näme bolýar, Laçyn? Laçyn öňünde ýatan kitaby agtaryşdyrdy. Onuň bütin göwresi lap-lap gyzdy. Ýukajyk dodaklary birhili naýynjar müňküldedi. «Ör-gökden geler. Ýok, ýok, ol beýle zada garaşýan däldir». Gyzyň böwrüni diňleýändigini görüp Ýagşymyrat öňki soragyny ýene gaýtalady. — Hiç zat bolanok. — Gönüňden gelseň. Gizleme-de aýdyber. Biz biri-birimizden syr saklamaly däldiris, Laçyn. Näme bolan bolsa gaýtaladyp oturma-da aýt. Utanma, biri göwnüňe degenem bolsa gizleme. Ýa bir ýeriň agyrýarmy, kemiň barmy? Beýle bolsa, gideli lukmana ejemem biynjalyk. Özüň-ä bir horlanýaň, onam ýykjak sen. — Agyrýan ýerim ýok. Laçyn uludan demini aldy. Ýagşymyratdan syr saklap sypmajagyny duýdy. Onsaňam ol bu gün bolmasa ertir aýtdyrar. Anygyna ýetmän goýmaz. Ýigidiň gyza nebsi agyrdy, hem ondan göwni galdy: — Bolýar-da, aýtmasaň soramadyk hasap edäý. Belki, menden has ýakyn adamlar bardyr. — Öýkeleme menden, senden ýakyn hiç kimim ýok. — Ýakyn görseň, syr saklamazdyň. Bu gezek Ýagşymyrat kineli gepledi. Gyz onuň göwnüniň galandygyny duýdy. — Bar, git-de ýat. Özüne haýpy gelmedigiň kesekä-de haýpy gelmez. Ýöne sen horlansaň, bize iki esse kyn düşýändigini bilip goýsaň bolýar. Öňem ýüregi dolup duran gyz ýigidiň sözüni ýokuş gördi. Ol tasap ýerinden galdy-da, ýigitden ýüzüni öwrüp yzly – yzyna suňşurdy-da, çykyp gitdi. Onuň aýdan sözleri welin, Ýagşymyradyň gulagynda ýaňlandy durdy. — Seni sylaýan, sylaýan, şonuň üçin aýdyp bilemok. Düşün-ä bir. Ejem-ä düşündirip bolanok. Sen bir ynan-a. Birini halaýan, şony men size nädip aýdaýyn. Jaýyň bir ganaty üstüne gaýdanam bolsa, ýigide edil häzirki ýaly täsir etmezdi. Ýigit ýüregi urmasyny goýandyr oý etdi. Düşege geçip gyşarsa-da, uklap bilmedi. Oňa haraz ýaly jaý dar göründi. Diwarlar gysyp gowurdy. Ýüregi howlap, telim gezek daşaryk çykdy. Baglaryň içini torç etdi. Barybir nätanyş gussa ony basmarlady. Ol özüni daýanyp ýören daýanjyny, durmuşda ýeke-täk guwanjyny, mähriban adamyny hemişelik ýitiren ýaly duýdy. Onuň üçin, durmuşda häzir şatlanara hiç zat galmady. Soňabaka ol ýüreginde agyry duýup başlady. Özüniň welin, haslap ýygy-ýygydan dem alýandygyny duýmady. Kimkä ol? Nähili adamka? Kim bolanda saňa näme? Ýok, beýle däl. Laçyn bagtly bolmasa, Ýagşymyrada has kyn düşer. Daşky tamda ejesiniň gapdalynda gyşaryp ýatan Laçynam öz pikirleri bilen gümrady. “Aýtdym otruberdim. Haýasyz. Aýtmasam goýmady-da. Ynjaljakmy ol? Janserek. Adyňa döneýin. Indi näme, gijäniň bir wagty öýe girmän aýlanyp ýörsüň. Maňa ýeňil däldigini duýduňmy? Ýa kimdigini bilmän kösenýärmiň? Sen bir meň ýaly horlanmaly bolma! Akylly gyz sataşyp bütin ömrüň gülüp–oýnap süýjülik bilen ýaşaşyp geçirmek nesip etsin-dä? Gussamy paýlaşjagyňy bilýärin. Maslahatam berersiň. Seň ýanyňda müşgül zat ýokdur. Laçyn ejesiniň öwütlerinem ýatlady. “Laçyn jan, gyz maşgala pamyk ýaly arassa, gül ýaly näzikdir. Oňa öňýeteniň eli uzasy geler durar. Pamyga gara sürtseň, aýryp bilmersiň. Sen şol pamyksyň, gyzym. Garadan daşrak durgun. Abraýyňy dökmek aňsatdyr. Ony bir günde-de, bir sagatda-da dökse bolar. Abraý üçin welin, ömür durky çalyşmalysyň, goramalysyň. “Geýimi täzelikde aýa, abraýy ýaşlykda” diýip, ýöne ýere aýdýan däldirler. Ýagşymyradyň ýüzüni ýere salmagyn, gyzym. Berýän maslahatlarymy men saňa ynanman berýän däldirin. Ýöne herki zada akyl ýetirmek, öwrenmek, bilmek zyýan etmez. Ejeňem, Ýagşymyradam saňa diňe oňat zady öwretjekdir”. Özüne her näçe agyram bolsa, Ýagşymyrat Laçyny biynjalyk eden ýigidiň kimdigini sorap bildi. Munuň bilen özüniň derdi agralmasa ýeňlemedi. Ýöne bu mesele hakda öwrülip gyzyň ýanynda gürrüň gozgamazlygy ýüregine düwdi. Onam horlamasyn, özünem. Ýogsam ol wagtal–wagtal bir zada düşünmän kösendi. Laçyn ejir çekýärdi. Içgin durup soraberseňem halanokdy. Şonuň üçinem ýigit oňa nähili kömek etjegini, maslahat berjegini bilmän kelle döwdi. Ýagşymyrat gidýänçä, gyz ondanam beter kösendi. Ýigit sesini çykarmasa-da, gyzyň her bir hereketini synlaýardy. Ol synladygyça-da, Laçyn özüni ýitirýärdi. Bada ýadyna Myratberdiniň ýoknasyz hereketleri düşýärdi. Gürrüňlerini ýatlaýardy. Onsoň, ýigidiň ýüzüne seretmäge barha utanýardy. Aýratynam Myratberdi bilen şol günki duşuşygyny hakydasyna getirende, Ýagşymyradyň öňünde ep-esli kiçelýärdi, müýnürgeýärdi. Gyzyň gözlerindäki birwagtky buýsanç ýom-ýok bolýardy. Ellerinde, bedeninde Myratberdiniň elleriniň yzy duran ýaly kakynjyraýardy, birhili erksiz hereket edýärdi. Ýagşymyradyň göreçlerine göreçleri kaklyşanda, gyz etmişli ýaly gara gözlerini balkyldadyp aşak bakyp ýigitden ötünç soraýardy. Ýöne Laçyn oýlandygyça, akyly ýetdigçe, Ýagşymyratda özüne yssy mähir duýýardy. Ýigidiň akylly gözleri mydama oňa üýtgeşik bir mähir, üýtgeşik bir ýakym bilen seredýärdi. Gyz bularyň hemmesini duýýardy. Duýdugyça-da, kalbynyň çuň ýerinde Ýagşymyrada üýtgeşik bir mähir saklanýardy. Laçyn iki sany mähriban adamyň, ejesiniň hem Ýagşymyradyň arasynda aýratyn oňat görülýändigini duýýardy. Ol duýgy gyzyň dünýäsini giňeldýärdi. Laçyn mydama şol iki mähre çoýunyp gezmeli ýalydy. Käwagt gyzynyň hereketlerini inçeden yzarlaýan Güljemal oňa içgin-içgin seredýärdi. Gyz onuň nazaryndan “şu günler saňa bir zat bolýar” diýen manyny okap, ýanyndan turmak bilen bolýardy. Ýogsam ýene “lukmana görkezjek” diýip eňegine tutup başlaýardy. Bir gün asyl gyssady. Şonda, näme üçindir, hiç zady boýnuna alman oturan gyzyň soňabaka gahary geldi. Ejesi welin, şol gezek gyzyndan ynjady. Ol Garagyz bilenem gürleşipdir. Olam üýtgeşik zadyň ýokdugyny aýdyp, köşeşdiripdir. Barybir ol gyzyna-da, Garagyza-da ynanmaýandygyny aýdypdyr. Soň muny Laçyna jorasy gürrüň berdi. “Ejem jan, seň ýaly eje ýokdur-la. Heý, menem senden syr saklarynmy? Nämesine höwes edip aýdaýyn. Aýtsam gaharyň geler. Ol entek seň diýjek adamyň däl. Belki, düzeler. Durmuş adamy terbiýeleýär diýip, özüň aýtdyň, ejem jan, Myratberdi ýüregimde besleýän adamyma öwrülen wagty men saňa ol hakda köp-köp zatlary gürrüň bererin, ejem jan, hökman aýdaryn, howlukma, käbäm”. Laçyn otursa-tursa oýlanýardy. Birden-birdenem öz-özüne göwünlik berip köşeşýärdi. Durmuşda kemsiz adam bolmaýan bolsa, Myratberdiden el çekjek, ony unutjak bolup, öz-özümi horlamalymy? Ol birneme ýoknasyzrak, onam uzagyndan düzedip bolar ahyryn. Onsoňam, bir göreniň bilen adam tanamak kyn. Ony häli-şindi görüp durunmy? Belki, gowudyr. Garagyza-ha gulak gabartma! Onuň göwnüniň ýetjek ýigidi heniz dünýä gelenok. Şuňa meňzeş göwün ýüwürtmelerden soň, gyz ýigidi ýene küýsäp başlaýardy. Gyş kanikulynda dynç aldygy hasap edip, Ýagşymyrat ýol şaýyny tutupdy. Laçyn daňdan turup hamyr etdi. Işi gyssagly bolansoň, ol ejesini ýola salyp, çöregi özi bişirdi. Garşylygyna garaman, ýigidiň ýüküni çörekden ýetirdi. — Aşgabatda açlyk ýok ahyryn, Laçyn. Açyp görseler, näme diýerler – diýip, Ýagşymyrat çemedanyny zor bilen ýapjak bolýan gyza kömege bardy. Bolmanda iki-üç çöregi aýyrmagy ondan haýyş etdi. Gyz salan zatlaryny gozgatmadam. Ýagşymyrat olary ýoldaşlary bilen iýmelimiş. Ullakan pitem gowurma, iki-üç sanam gaýnan towuk. Boýnuňy süýndür-de, kyrk kilogramlyk goşuň aşagynda ýegşeril-de bar. Özünem zerurlyk ýok ýagdaýynda. Ýagşymyrat goşlaryny göterip gapa geldi-de, özi bilen eginleşip duran gyzyň bir seretseň gussaly, bir seretseňem syrly göreçlerine ýakyndan, emma ýakyp-ýandyryp barýan mähir bilen şeýle içgin seretdi. Soň birhili özüni oňaýsyz duýup, ýuwdunyp dillendi: — Laçyn, özüňi ele al, bolýarmy? Mert bol! Menden hiç zady gizlemän ýaz. Howlukma, oýlan, ölçer. Galanynam soň gürleşeris, hoş – diýdi! Gyz başyny atdy. Ýöne aňyrdan dyňzap gelen gözýaşlaryny gizlemek üçin, utanyp ýüzüni öwürdi. Ýagşymyrat çemodanyny ýerde goýdy: — Meni şeýdip ugratjakmy, Laçyn, hany, bäriňe öwrül! Gyzyň şol durşy. Ýagşymyrat onuň iki egnindenem tutup özüne tarap öwürdi. — Hany, ýylgyr, Laçyn! Gitmen bolmasa. Ulagdanam gijä galaryn. Onsoň, kim gynanar. Laçyn gözýaşyny süpürdi-de, çalaja ýylgyrdy. — Ine, indi Laçyna meňzediň. Gyz ýigit bilen eginleşip ugrady. Ýagşymyrat Myratberdi bilen gyzyklananyny, onuň adamkärçiligi babatynda suwytly gürrüň eşitmänini Laçyndan gizläp gitdi. Öňem keýpsiz gyzyň ýarasyna duz beresi gelmedi. Bu gürrüňi tomsa goýdy. Bu ýylam gyş geçip, ajaýyp bahar öz gözelligi bilen bütin oba, sähra, çöle, meýdana doldy. Daýhanlaram ýaz ekişine başladylar. Güljemalam oňat daýandy. Ol bu ýylky ekişi öz eli bilen geçirdi. Häzir gowaça ekişi aňyrsyna–bärsine göz ýetmeýän on gektarlykda geçirilýärdi. Traktorlaryň tarryldysy, adamlaryň gülki-gowur sesleri al-asmana göterilýärdi. Laçyn dagy traktoryň yzynda kä ýerde, kä ýerde galan beýikli – pesli ýerleri kätmen bilen düzleýärdiler. Ekiş möwsümi bahar paslynda bolanlygyndanmy, iş näçe gyssagly bolsa-da, köp işlense-de, daýhanlar ýadawlyk duýanokdylar. Baharyň tämiz howasy jana şypalydy. Ýaz şemaly gök otlaryň täsin ysyny getirýärdi. Ýapjagazlar ýazyň gelenine begenýän ýaly, ýaşyl reňkden jähek edinen kenarlaryna sygmajak bolup, towlanjyrap dolup-daşýardy. Bu gözellik, onsoň, neneň adamlaryň göwünlerini götermesin. Ine, şol ýaz günleriniň birinde ekişiň gyzgalaňly wagty Myratberdi harytlaryny ulaga ýükläp, iş üstüne bardy. Söýgi-dä! Laçyn uzak saklanyp bilmedi. Dükanlyk işi bolmasa-da, gyzlaryň öňüne düşüp, edil keýik ýaly keýerjekläp ugrady. Laçyn dagy ulaga golaýlanda, Myratberdi bir zada nägilelik bilen hüňürdeýärdi. — Sluşaý, dükana aýaklary ýetmeýän ýaly, adamlaryň. Gije-de işleýärmişlermi? Gerek zadyny barybam alarlar. Gerek bolmasa-da, otursynlar-da walla. Üstlerine getirip berip, bu adamlaň bar işi meýdan söküp ýörmek däl. Ol ulagyň içindäki zatlary iki tarapa zyňýardy. Myratberdiniň gürrüňine ulagyň gapdalynda seredip duran ýaşuly mys-mys gülýärdi. Tigre ýaplanan iki-üç ýetginjek bolsa, Myratberdiniň nerwleriniň berkdigini, berk däldigini barlamakçy bolýan ýaly, onuň gaharyny getiräýjek sözleri oklaýardylar. — Bolmanda näme işiň bar-aýt seň, uzyn gün kölege söýüp ýatmakdan başga. — Za to men gijelerine işleýärin. — Dükanda-ha işläňok. Işleseň, açyk wagtyna gabat gelerdik-dä. — Gitsene, sluşaý, başymy çaşyrma, özüň-ä bir işläňok, menem işledeňok – diýip, Myratberdi garaçyny bilen gaharlandy. Onuň ýüz-gözüni bürüşdirip, hüňürdäp durşundan meýdana göwünsiz gaýdany bellidi. Laçyn ýigidiň bolşuny synlap, kesesinden utandy. Göwnüne Myratberdiniň gödensiz hereketlerini özi edip duran ýaly, başyny galdyrmaga ýaýdandy. Dogrusy, namys etdi. Suwumsyz sözlerini eşidesi gelmedi. Gelşi ýaly yzyna dolanaýmagyňam ugruny tapmadymy, gyzlaram äwmänsoň, hol beýläk çykyp, ýaýdanjyrap durdy. Myratberdä tarap seretmäge welin kiçeldi. “Gelse gelipdir-dä, aty aryp, dony tozupmy? Bolmanda-da edýän işi ýok. Işiň gyssagly wagty adamlara kömekdir-dä. Uly il meýdanda. Kimem iberen bolsa oňarypdyr. Olam bu zatlara düşünäýmeli ahyryn. Ýa biri ir bilen göwnüne degäýdimikä? Onda-da adamlarda näme ýazyk bar. Myratberdi bolar ýerde bolmady. Adamlaryň sabyr-takady galmady. — Äl, inim, bolmadyň-aýt. Hany, maňa bir kilojyk nabat çeksene – diýip, ýaşulylaň biri gyssandy. — Näme ýaşuly, beýle ýüregiňi eliňe alyp barýaň? Görýäň-ä, bu adamlar işli. Onsoňam nabat getiremok, bar-da dükandan alaý. Şondan şuňa men-ä nabat ýükläp ýörjek däl. — Onda näme getirdiň? – diýip, almytyny alan ýaşuly gapdalyndaka gözüni gypyp goýberdi. — Mata, how, mata… — Matamy? Aýby ýok. Maňa bir dört metrjik mahmal ölçe. Düýn gelipdir diýip eşitdik-de, dükana barybam bilmedik. — Ýaşuly, meň mazgimi agyrtmasana, ýok zady sorap. — Kempudyň ýokmudy? – diýip, başga biri ulaga boýnuny uzatdy. — Ýok-ýok! – diýip Myratberdi azgyryldy. — Ýüpden boşan ýaly bolup, töweregiňi dalap durmaň näme – aýt?! Ýaşulyny – ýaş kiçinem sylamany bileňok – diýip, ýigitleriň biri böküp Myratberdiniň ýanyna mündi. Ýerleşdirip – ýerleşdirmez ýaly näme bar bu taýda. Adam baryny işden goýup, şol kürk towuk ýaly aýlanyp dursuň. — Hawa-laýt, şu wagta çenli dükana gidenem bolsak gerek zadymyzy getirerdik. Bu gezek Myratberdi sesini çykarmady. Myratberdä kömege baran ýigit ulagyň içindäki matalary iki gapdala oklap, terezi goýmaga ýer taýýarlady. Emma görüp otursa, terezem, çekmäge zadam ýok. Ol lapykeç bolup aşak bökdi. — Gelme, gardaş, şeýdip geljek bolsaň. Il seniň iki metr çitiňi başyna ýapsynmy? — Sluşaý, seňki näm-aýt, mydyrdap alaýdyň. Maýmyn öz hoşyna oýnaýandyr öýdýärmiň? Goýmasalar senem gelersiň. — Kim ol goýmadyk? — Aý bir bara... – Myratberdi sögündi. Yzyndanam: – Obamyzda heleý komanda berýär, gardaş, heleý – diýip, ýangynly çintgedi. (Dowamy bar).. | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -2: powestiň dowamy - 01.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -3: Iliň gapysynda - 07.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Çopan goşundaky ot başyndaky geňräk myhman - 03.07.2024 |
√ Oñat oglan / powest - 06.08.2024 |
√ Palindromaniýa: Melek kebelek - 03.07.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Kesel - 06.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |