LAGNAT SIÑEN
— Siz bu töwerekde öň bolup görüpmidiňiz? –diýip, Aşyr Gara aga ýüzlendi.
— Bu Hydyr gören çölüň içinde meniň baryp görmedik ýerim az–azdyr. Entek jahyl wagtlarym awa kakam bilen gaýdardyk. Maňa janly–jandarlaryň häsiýetlerini, gum bilen ikiçäk galanyňda özüňi nähili alyp barmalydygyny, awyň gizlin syrlaryny şol pahyr öwredipdi. Ol döwürlerde bu ýerler ýabany haýwanlara baýdy. Keýiklerdir saýgaklar süri-süri bolup gezerdi. Towşany-ha taýak bilen urup, kowalap tutup ýörmelidi.
Biz şonda birnäçe gezek dört ýüz-bäş ýüz saýgakdan ybarat uly sürülere–de gabat gelipdik. Olar uç-gyraksyz takyrlyklarda agyp-dönüp gezerdiler.
Keýikleriň hem ýetmiş-segsenisiniň jemlenip, otlap ýörenine duşardyk. Soňabaka janly-jandarlaryň sany azalyp ugrady. Maşynly, motorly, wertolýotly kowalap, daljykdyryp alyp, päligidenlik bilen awlap, olaryň soňuna çykdylar. Indi, ynha, biziň neberelerimiz käbir jandarlary «Haýwanat bagynda» görüp oňňut edäýmese, erkinlikde-hä görüp bilmejekleri aýan.
Keýik, gulan, ýekegapan ýaly janawarlaryň sanynyň azalmagy ýolbarsdyr gaplaň kimin asylzada jandarlaryň hem ýok bolup gitmegine getirdi.
— Keýik awlamagyň lezzeti bir başga diýýärler welin, bu şeýlemikä? – diýip, men soradym.
— Lezzetlidigine lezzetli-le, ýöne şeýle näzik, şeýle naşy ýaradylan jandary öldüreniňe ökünip, soňundan ähli keýpiň bozulýar. Aşyňa awy gatylýar. «Aw — aw däl-de, awy» diýilmesi hem şondan bolsa gerek.
Mundan ençeme ýyl ozal bir garry awçy maňa keýik awyndan bir wakany gürrüň beripdi. Edil şu günki ýaly ýadymda: Ir döwürlerde däridir güllesi niliniň agzyndan salnyp atylýan hyrly tüpeň bilen-de awa çykylar ekeni. Ýaňky awçynyň hem şeýle tüpeňi, hemem awa ýörite öwredilen düýesi bar eken.
Ol bir gezek ok-ýaragyny tükelläp, düýesini owsarlap, awa çykypdyr. Ol wagtlar keýikler köp bolansoň, islendik wagt, bir-iki sanysyny eglenmän awlap gaýdybermeli eken.
Ýaňky awçy aw meýdanyna aşyp, awa öwredilen düýesiniň öň aýaklaryna bukulyp, juda bir gaçaýyn diýmän, keýerjekläp duran keýige golaýlap ugrapdyr. Atym aralygyna baransoň, hyrlysyny düýesiniň boýnuna goýup, häzirlenip, keýigi didiwana mündüripdir. Ýöne welin, düýesi kellesini tüpeňiň öňüne gabatlap, awça atmaga maý bermändir. Ýamaşgandan çenäpdir. Düýe ýene şeýdipdir.
Awa werziş düýesiniň hemişeki häsiýetini üýtgetmegini geň gören awçy, atmasyny goýbolsun edip, ýaňky keýigi ünsli synlamaga durupdyr. Golaý baryp görse, ol janawar ýaňyja guzlan ekeni. Ýanynda bolsa heniz daşy-da guramadyk iki sany owlajygy entek aýaklanmaga ýetişmändigi üçin boýunlaryny süýndürip, naýynjar bolup ýatanmyşyn. Bu ýagdaýy gören awçy düýesiniň ene keýigi nämüçin atdyrmandygyna düşünipdir. «Düýe-de menden akylly, menden ynsaply eken-ow. Mundan beýläk aw maňa haram boldy» diýip, yzyna gaýdypdyr. Şondan soň ol awçylygy müdimilik goýupdyr.
—Hany beýle adamlar?! – diýip, Aşyr janyýangynly dillendi.
—Keýikler owlaklanda, sürüden çete çekilip, ýumşaksy çägesöwje, gözden sowa ýerleri saýlaýarlar –diýip, Gara aga keýik baradaky söhbedini dowam etdirdi. —Köplenç ekiz guzlaýarlar. Owlaklary özlerini gowy tutýança, enesi olary biri-birisinden biraz daşlykda ýatyrýar. Özi bolsa töwereginde göz-gulak bolup gezýär.
Keýik owlaklarynyň ýagysy köp. Geçigaplaň, möjek, şagal, garagulak, syrtlan, köwük… çemine salyp bilseler, entek aýaklanmadyk owlajyklary derrew awlaýarlar. Ene keýik görgüli bu wagşy haýwnlaryň garşysyna ýeri näme edip bilsin.
Asmandan bolsa olara ýyrtyjy guşlar howp salýar. Şonda ene keýik göge böküp, çagasyna hüjüm eden guşy süsmäge ýa-da artky aýaklaryna galyp, öň aýaklarynyň päki ýaly ýiti toýnaklary bilen urmaga synanyşýar.
—Keýik ejiz hem juda nalajedeýin ýaradylan jandar-ow! –diýip, Sapar Gara aganyň sözüni böldi.
—Keýigi beýle nalajedeýin saýma. Eger yzarlanýandygyny aňsa, yzyny ýitirmek üçin onuň gurýan pyrryldagy tilkiniňkiden kem däl –diýip, Gara aga Saparyň ýalňyşýandygyny ýaňzytdy. —Munuň üçin ol ösümlikleriň daşyndan birnäçe gezek terslin-oňlyn aýlanýar. Üç-dört metr gapdala towusýar. Ep-esli aralyga yzyna ylgaýar. Soňra agaçlaryň düýbünde, oý-buky ýerlerde busup ýatýar. Yzarlaýjy deňinden geçensoň bolsa, öňki gelen yzlary bilen yzyna gaçyp gidýär.
—Ene keýigiň gargyşyna galmak juda gorkulymyşyn. Maňa bir lukman dostum öz obalarynda bolup geçen şeýle wakany gürrüň beripdi –diýip, Aşyr Gara aganyň keýikli gürrüňini alyp göterdi. —Gumetegi obalaryň birinde keýik etini satyp baýamagy niýetine düwen bir nebisjeň awçy bar eken. Ol awa gidende gozakly maşyn sürýän obadaşlaryndan haýsydyr birini hakyna tutup, şonuň bilen gidýän ekeni. Sebäbi gaçyp barýan keýigi maşynly kowalap, ýetiberenleriňde atmak üçin ol goşasyny häzirläp, gozakda durýar ekeni. Özem doýdum-doldumy ýokmuşyn.
Ine, bir gezek awa gidenlerinde olara ýaňy yzyna eýerip ugran ekiz owlakly ene keýik duşupdyr. Maşynyň badyny gataldyp olary kowalap ugrapdyrlar.
Keýik görgüli owlaklaryny halas etmekçi bolup, özi öwrüm edip, haýaljadan gaçypdyr. Ýaňky awça-da geregi şol, ene keýigi dessine atypdyr. Emma ok gyltyz degipdir. Keýik ölmän, ýaradar bolup ýykylypdyr. Ony maşynyň gozagyna oklap, eýýäm ummadan çykan owlajyklaryň yzyndan kowup ugrapdyrlar.
Ene keýik bolsa goly goşaly awça naýynjar seredip, «Meni aldyň, owlaklaryma bir degme!» diýýän deý, gözlerini balkyldadyp ýatyrmyşyn.
Bileje gaçyp barýan owlaklaryň yzyndan kowup, atym meýdanyna getirenlerinde, olaryň hersi bir tarapa gaçypdyr. Awçy olaryň birini atyp ýetişipdir. Ony enesiniň ýanyna oklapdyr.
Görse, ene keýik henizem dirimişin. «Saňa lagnat bolsun!» diýýän deý, awça seredip ýatyrmyşyn.
— Bu henizem ölmändir! –diýip, awçy ony tüpeňiň gundagy bilen kellesine urup öldüripdir.
Ikinji owlak sap atyp, hiç çemine gelmändir. Şol barmana-da, awa kellesi gyzan sürüji maşyny owlagyň öwrülen tarapyna çalt öwrüpdir. Beýle bolar öýtmedik awçy deňagramlylygyny saklap bilmän, gozakdan aşyrylyp gidipdir. Ýere bijaý düşüp, oňurgasy döwlüpdir. El-aýagy hereketden galypdyr. Sürüji ony gozakda uzynlygyna ýatyryp, oba garşy eňipdir.
Awçyny ökde lukmanlara-da, atly tebiplere-de görkezipdirler. Emma haýry bolmandyr.
Ol: «Maňa ene keýigiň gargyşy siňdi» diýip, gan aglap, hapasy aşagyndalygyna üç-dört ýyl ýatyp ýogalypdyr.
Aşyryň hekaýatyndan soň ara dymyşlyk düşdi. Ene keýigiň naýynjar keşbi her kimiň gözüniň öňünde duran bolsa gerek.
Hemra ŞIROW.
Hekaýalar