MAGTYMGULY JEMGYÝETI
Goç bolsa öz mekanyna – sürüsine gaýdyp gelýär. Magtymgulynyň eýýamy – giçki orta asyrlar we täze döwür. Magtymgulynyň jemgyýeti – hakyda jemgyýetidir. Çünki geçen eýýamda taryhy wakalar, süýji hem ajy wakalar şeýle bir köp boldy, olary pikir eleginden geçirmek durmuş zerurlygyna öwrüldi. Hany beýik türkmen döwletleri? Hany onlarça millionlyk türkmen halky? Nämüçin, gel-gel, iň soňunda türkmen – dünýäni sarsdyran döwletleriň eýesi bolan türkmen döwletsiz galdy? Şeýle sowallar Magtymguly eýýamynyň akyldarlary bolan Azadynyň, Magtymgulynyň, Şeýdaýynyň we beýlekileriň ömrüniň baş sowallary bolupdy. Onsoň olar durmuşyň öňde goýan sowallaryna jogap gözläp, täze türkmen jemgyýetiniň esasy sypatlaryny göz öňüne getirmäge çalşypdylar.
Bu eýýamyň jemgyýeti durgun jemgyýetdir. Şo hili durgunlygyň soňuna çykmak üçin akyldarlar türkmen döwletini täzeden gurmak pikirini öňe sürdüler. Durgun jemgyýetde adamyň baş-başdaklygy, men-menligi ýokary hetdine ýetýär. Hut şonuň üçinem, Magtymgulynyň şygyrlarynda adamy pespällige, nebisden, men-menlikden gaça durmaga çagyryş güýçlüdir. Onuň Hudaýdan gorkmak ideýasyny hem şol jemgyýetiň ýagdaýy bilen baglanyşdyrmaly. Hudaýdan gorkmak şahsyýeti mugyra getirýär, döwletsizlik, baş-başdaklyk şertlerinde onuň egoistik meýilleriniň agyzdyryklanmagyna ýardam edýär. Şonuň üçinem, Magtymguly eýýamy jemgyýetçilik-ahlak düşünjeleriniň ulgamlaýyn ilik-düwme işlenen eýýamydyr. Nebse içinden hüjüm etmeli – adamyň ýüreginde ahlaky päkligi kemala getirmek arkaly men-menligi ýok etmeli. Emma şol bir wagtda daşyndan hem jemgyýetçilik şertlerini kemala getirmek ugrunda-da göreşler alyp barmalydy. Bu göreşiň esasysy bolsa döwlet gurmak ugrundaky çagyryşdyr.
Döwlet näme? Ol näme üçin gerek? Döwlet – milletiň ähli energiýasyny, gujuryny ýüze çykarmagyň we ony sazlaşyky milli ýaşaýşy guramaga hyzmat etdirmegiň guralydyr. Magtymguly sazlaşykly jemgyýetçilik gatnaşyklaryň, sazlaşykly şahsyýetiň täze eýýamda diňe döwletlilik şertinde mümkindigine oňat düşünipdir. Şonuň üçinem, onuň baş maksady – ol «döwlete gulluk etsek» diýýär. «O nähili?» diýip soralmagy mümkin. Eýse döwlet adamlara gulluk etmeli dälmi näme? Meseläniň çuňňur anyk taryhy manysy bardyr. Şahsyýet azatlygyny kemal etjek bolsaň, döwlete gulluk etmelidi. Azatlygyň baş şerti gullukdy. Çünki jemgyýeti düzgünleşdirmegiň esasy guraly bolan döwletiň ýoklugynda şahsyýet hem azat, erkin bolup bilenokdy.
Emma Magtymgulynyň, göräýmäge, adamy çäklendirmek, has dogrusy bolsa, aslynda adamyň jemgyýetçilik sazlaşygyny bozýan meýillerini çäklendirmek pikiri munuň bilen gutarmaýar. Adalat – doly ygtyýarly patyşanyň häkimligidir. Özem şeýle ygtyýarlyk ýokardan – Alladan gelýändir. Çünki Alla hemmelere deňlik, Alla kämillikdir. Patyşa döwleti ygtybarly dolandyrmak üçin adamlara daýanmalydyr, ýöne adyl, doly netijä özi gelmelidir, adamlaryň dürli pikirleriniň içinden «harpygyny» saýlamagy başarmalydyr. Çünki adamlar hil-hildir, olaryň kämili bolsa, şeýle döwürlerde asla-da azdyr. Bikemallyga daýanyp, adalaty berkarar edip bolarmy?
Milli guwançdan gursagy doly Magtymgulynyň öz ýaşan jemgyýetine garaýşy tankydydyr. Ol «Derdim köpdür diýarymdan, döwrümden» diýýär. Onuň zeýrençleriniň, göwnüçökgünliginiň anyk jemgyýetçilik, döwür bilen baglanyşykly sebäpleri bardyr. Akyldaryň iň bir ýekirýän adamy – kethudadyr. Kethuda kim? Kethuda – han hem däl, patyşa hem däl, beg hem däl. Kethuda köne türkmen jemgyýetinde oba derejesindäki ýolbaşçydy. Şol döwürde kethudalyk şahsy taýdan baýamagyň serişdesine öwrülipdir. Bir öz bähbidini bilýän kethudalar milletiň ruhy hem fiziki taýdan böleklenmegine sebäp bolýardylar. Jemgyýetdäki tozgunlygy, gapma-garşylygy ýitileşdirýärdiler.
Kyrk oýnaşly hatyn ýagşydyr, biliň,
Şereňňiz, köp dilli kethudalardan.
Şeýle kişileriň eden-etdiliginiň netijesi:
Zamana beýledir, göze ilmezler,
Her ýigidiň golda bary bolmasa.
Garyplar at münüp depse, eşekdir,
Döwletliler eşek münse, at bolar.
Şonuň üçinem, şahyr şeýle kethudalary mazalyja agyzdyryklajak adyl patyşanyň zaryny çekipdi.
Ersgin bolsa, gider döwlet,
Hiç ülke bibaş olmasyn.
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn.
Adyl patyşa halyndaky garaýyşlary türkmeniň geçmişinde bolup geçen soltanlaryň ömür ýazgylary esasynda kemala gelipdi. Geçmişi gözügidijilik bile ýatlamak, öz döwrüne tankyt, geljege arzuw – şeýle sypatlar dialektiki utgaşykdyr.
Häkim bolsaň, halky Gün kibi çoýgul.
Gün ähli adamlara deň şöhle salýar. Adyllyk – deňlikdir.
Şeýlelikde, Magtymgulynyň we döwürdeş şahyrlarynyň jemgyýetçilik garaýyşlary belli bir derejede Garaşsyz hem baky Bitarap türkmen jemgyýetiniň döremeginiň taryhy-ruhy esasy boldy.
* * *
Biziň jemgyýetimiz türkmeniň müňlerçe ýyllyk taryhy tejribesini hasaba almak bilen gurlan jemgyýetdir. Men ýokarky eýýamlary – jemgyýetleri beýan edenimde, olary iki hile – taryhy işjeňlik jemgyýetine we taryhy hakyda jemgyýetine böldüm. Biziň jemgyýetimiz – şu iki hiliň tebigy suratda utgaşýan jemgyýetidir. Şeýle utgaşyk näme mynasybetli mümkin boldy? Ol biziň eýýamymyzyň şu hili ruhy aýratynlygy sebäpli mümkin boldy: şu wagta çenli türkmen taryhy özakymlaýyn, uzak taryhy geljegi nazara almazdan, dowam etdi. Taryhy iş birhili wakalaryň, hadysalaryň tebigy gidişine, logikasyna laýyklykda bolup geçdi. Indi bolsa biz doly aň-düşünjelilikde, ölçäp-biçip, özümiziň taryhy işimizi alyp barýarys. Şonuň üçin hem biz diňe on, on bäş ýyldan däl-de, eýsem bir ýa iki asyrdan hem özümiziň nirä ýetjekdigimizi we nähili ýaşajakdygymyzy bilýäris. Türkmen özüniň taryhynda ilkinji gezek öz geljegi bilen ýaşaýar, öz geljegini ýörite iş edinip, oýlanyp gurýar. Türkmeniň taryhynda ilkinji gezek taryh milletiň düşünjeli işiniň obýektine öwrülýär.
Şu mahala çenli bolsa türkmen ýa-ha öz döwri, ýa-da geçmişi bilen ýaşapdy. Öz döwri bilen ýaşanda, taryhy işjeňlik eýýamy, geçmişi bilen ýaşanda bolsa taryhy hakyda eýýamy kemala gelipdi.
Şeýlelikde, biz jemgyýeti aňly-düşünjeli gurýarys. Munuň üçin biz ilki bilen «On ýyl abadançylyk» maksatnamasyny amal etdik. Häzir bolsa on bir ýyllyk maksatnamany amala aşyrýarys. Şunça döwri biz geçiş döwri diýip yglan etdik. Geçiş döwründe täze jemgyýet doly gurlup gutarylmaly. Täze jemgyýetiň ykdysady, medeni, syýasy we ruhy keşbi doly kemala gelmeli. Täze türkmen jemgyýetini gurmagyň syýasy esasy – Garaşsyz hem baky Bitarap türkmen döwletiniň berkarar bolmagydyr. Syýasy taýdan özge birine garaşly bolup, milli jemgyýeti gurup bolmaýar. Garaşsyzlygyň ykdysady binýady gün-günden berkeýär.
Baky Bitaraplyk bolsa garaşsyzlygyň daşky syýasy şerti we dünýä döwletara gatnaşyklarynda täze bir syýasy ýörelgedir. Bu ýörelge türkmeniň müňýyllyk ruhy tejribesine, onuň ajaýyp milli häsiýetlerine esaslanýar.
Biz täze jemgyýeti gurmak işini gündelik, hupbatly hem düşünjeli jikme-jik iş hökmünde dowam etdirýäris. Indi türkmen ertir ýa birigün näme boljagyny bilmän ýaşaýan türkmen däldir. Ussanyň binany öz elleri, her kerpijini aýyl-saýyl edip, oýlanyp gurşy ýaly, biz täze jemgyýeti gurýarys. Şeýle taryhy işde geçmişimiz biziň üçin esas we badalgadyr.
1991-nji ýylda Garaşsyz döwleti berkarar etdik. Döwletiň baş nyşanlaryny – Döwlet Gerbini, Baýdagyny we Gimnini kabul etdik. Olarda türkmeniň milli gymmatlyklary we biziň döwletimize mahsus ähli aýratynlyklar doly jemlenendir. Biz döwletimiziň esasly we durnukly daşary hem içeri syýasatyny kesgitledik we ýola goýduk. Dünýäniň ähli döwletleri bilen aragatnaşyklary ýola goýduk. Biziň döwletimiz halkara hukugynyň wekiline öwrüldi.
Jemgyýetiň ykdysady infrastrukturasyny doly berkarar etdik. Ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça alnyp barylýan we edilmeli işler jikme-jik işlenendir.
Edil şonuň ýaly-da, jemgyýetiň ruhy babatdaky çäreler hem döwlet syýasatynyň möhüm bölegidir.
Men bu zatlary näme üçin agzaýaryn? Munuň türkmen jemgyýetiniň eýýamlary baradaky pelsepewi gürrüňlere näme dahyly bar? Elbetde, gönüden-göni dahyly bar. Bu zatlaryň bary täze türkmen jemgyýetiniň hili we ýaşaýşy boýunça taryhda görülmedik hadysadygyny aňladýar. Indi jemgyýeti täze paýhas dolandyryp başlady. Döwlet jemgyýeti ýöne dolandyranok, döwlet jemgyýeti döredýär, kemala getirýär.
Osman ÖDE.
Publisistika