MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ PAÝHASA ÖWRÜLEN SETIRLERi
Türkmenistanyñ Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:
„Magtymguly dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny ynsana mahsus inçe duýgular bilen bitewileşdirip, pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen aralaşypdyr we halk hakydasynda müdimi orun alypdyr“.
(Magtymguly. Eserler ýygyndysy, A., MGI, 1912 ý., 3-nji sah.).
* * *
Söz sungatynyň taýsyz ussady, aryf şahyr Magtymguly Pyragynyň her bir setiriniň aňyrsynda paýhaslar ummany jemlenendir. Bu barada şahyryň özi şeýle diýýär:
Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp,
Bilmeze hiç, bilen kişä nyrhy köp,
Ýeriň ýerden, äriň ärden parhy köp,
Müşgil budur – sözleşende deň bolar.
(Magtymguly. „Köňül nagşy“, 1983, 83-nji sah.)
Biz bu günki günde – Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe şygryýet äleminiň parlak ýyldyzynyň ajaýyp setirleriniň söze sarpa goýýan adamlar üçin „şerhiniň kändigine“ göz ýetirýäris.
Şygryýetiň piri, dana Pyragynyň paýhasa öwrülip, halkyň kalbynda ornaşan setirleri sanardan kändir, tutuş bir ummana barabardyr. Ol şygyrlaryň her bir setirindäki many-mazmun şu günki günde ynsanlara ýol görkeziji şamçyragdyr. Magtymguly Pyragynyň maslahat beriji setirlerine, durşy bilen paýhasa öwrülen bentlerine üns berlende, olarda durmuşyň ähli ugurlary barada söhbet açylýandygyna göz ýetirmek bolýar. Ol paýhasa öwrülen setirler şu günki günde-de her bir maslahata mätäç adam üçin hakyky öwüt-ündewiň çeşmesi. Başlan işiňde maslahata mätäç bolsaň, Magtymgulynyň şygyrlaryndan paýhas zerrelerini, toplabermeli, olaryň hemmesi Türkmenistanyň hormatly Prezidenti G. Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, düşünýän adamyň kalbyna melhem bolup damýar. Magtymguly Pyragynyň döredijiligine içgin aralaşanyňda, hormatly Prezidentimiziň Magtymguly ussada we onuň döredijiliginde beren bahasyny ýatlaman geçmek asla mümkin däl: „Magtymguly – ynsan kalbynyň ruhy lukmanydyr. Şahyryň şygyrlarynyň döwürler dolanyp, heňňamlar öwrülse-de, öz gymmatyny ýitirmän, eýsem, gadyrynyň artmagy ondaky öwüt-ündewleriň kalbyňa melhem bolup siňýänligindendir, göwünleri ganatlandyrmagyndandyr, adamlara heýjana getirmegindendir“.
(Magtymguly. Eserler ýygyndysy, A. 2012, 4-nji sah.).
Türkmen halkynyň uzak heňňamlaryň dowamynda döredip, sünnäläp, kebşirläp biziň döwrümize ýetiren halky eserlerini öz döredijiliginde ýerbe-ýer ulanyp, manysyny tirmegi, öz paýhasy bilen eýlemegi başaran Magtymguly kimin ussat şahyr ýok diýerlikdir. Folklor eserleriniň arasynda lowurdap „kül içinde ýylpyldap“, özüne çekip duran, akylyňa akyl goşýan nakyllara, ýa-da olaryň manylaryna ussat şahyryň şygyrlarynda kän duş gelmek bolýar.
Dostluk adamzat döräli bäri ynsanlaryň özara ysnyşykly gatnaşyklary netijesinde döräp, kämilleşip gelen päk duýgudyr. Türkmen halky „Dostsuz başym, duzsuz aşym“, „Ataň barka, dost gazan, atyň barka – ýol“ diýýär. Ussat Pyragy dostluk barada söhbet açanda, dostlugyň mydamalyk bolmagyny, ara ýamanlygyň, ýowuzlygyň düşmezligini arzuwlaýar:
Her kimiň öz synasynda,
Akyl görner beýnisinde,
Iki dostuň arasynda,
Ýowuz-ýaman iş olmasyn
(„Köňül nagşy“, 14 sah.).
Şahyr başga bir goşgusynda: „Her kime el bermez, dürri-galtany, aş barka, dost gazan, at bar – ýol tany („Köňül nagşy“, 38 sah.) diýmek bilen, dostlugyň adamzat üçin zerurlykdygyny ýatlap, ýokarda agzalan nakyllaryň manysyny has ösdürýär.
Magtymguly bolsa başly,
Uýalmaz gylyçly, aşly,
Duzy zor, duşmany güýçli,
Dosty wepaly bolmasa –
( „Köňül nagşy“, 39 sah.)
Wepaly dostuň bolsa hiç hili kynçylyk ýok, kynçylyga duçar bolaňda, ol gaýgyňy deň çekişer, ine, şahyryň ündeýän pikiri.
Dost bar, ýoldaş bar, onuň bilen bir ýere ýoldaş bolýarsyň. Adam özüniň ýola bile çykjak bolýan adamsyny gowy tanamaly, tanamaýanyň bilen ýoldaş bolmaly däl, çünki sen onuň häsiýetini bileňok. Tanyşlyk, goňşuçylyk, ýola ýoldaşlyk baradaky paýhasa öwrülen setirler şahyryň döredijilik älemini bezeýär, şol älemiň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Ol pikirler, paýhaslar şahyryň nesil dowamatlaryna goýan mirasy, olar üçin ýoda-ýörelge. Şahyryň bir oýnam bendiniň her setiri durmuşyň bir ugry barada söhbet açýar.
Owwal akan ýerden akarmyş aryk,
Men-menlik edeniň tanapy çüýrük,
Mertden aşna tutsaň, abraýňa şärik,
Namart aşnasyna hile getirmiş.
( „Köňül nagşy“, 13 sah).
Bu bendiň her bir setiri pähim-paýhasa ýugrulan parasat ummany. Üçünji, dördünji setirler mertlik, namartlik dostluk, tanyşlyk açmak ýaly meselelerde dogry çözgüdi salgy berýär.
Ýagşy sözi jana ýarar,
Ýagşy bilen ýoldaş bolan.
Gaçyp gutulmaga unar,
Bir ýaman goňşa duş bolan
(„Köňül nagşy“, 46 sah.).
Bu bentde ýagşy bilen ýoldaş bolmak barada söz açan şahyr, gürrüňi ýaman goňşa duş bolanyň ýagdaýy hakdaky söhbete syrykdyrýar. Başga bir setirlerinde şahyr namart ýoldaşyň ähli ýerde nogsanynyň degjekdigini, ondan diňe ýaramazlykdan başga gowulyk çykmajakdygyny altyna gaplap, doga edip dakynmaly setirlere siňdirip, adamynyň aňyna ornaşdyrmaga çalyşýar, öwünjeň, ýaramaz häsiýetli ýoldaşlardan daşlaşmagy malsahat berýär.
Il içinde özün öwer,
Til dumany başdan agar,
Ýigide nogsany deger,
Namartlar ýoldaş olmasyn
(„Köňül nagşy“, 14 sah.).
Ýa-da:
Ýaman ýagşa ýoldaş bolsa,
Awylyk içen ýalydyr.
Aýryla bilse awysy,
Içinden öçen ýalydyr
(„Köňül nagşy“, 44 sah.)
Şahyr şular ýaly setirlerde gündelik durmuşda duş gelýän wakalary hakda ýazýar, ýamanlardan gaça durmagy maslahat berýär. Dürdäne paýhasa eýlenen dostluga, dost tutunjak adamyňy tanamaklygy öwretmeklige gönükdirilen setirler şahyryň kalbynda joş urýar.
Sam-sam adam bilen oturma, turma,
Zynhar namart bilen sen söhbet gurma,
Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
Barsaň, depesine täç eder seni.
(„Köňül nagşy“,74-nji sah.).
Şahyr dostlukda sak bolmagy, gepe gidip, dostuň göwnüne degmezligi ündeýär:
„Aralykda bir şum rakyp bar bolsa,
Ýagşy dostuň bilen öç eder seni“
(„Köňül nagşy“, 74 sah.).
Akyldar şahyryň esasy ýüzlenen temasy hem söz sungaty. Şahyryň gerek ýerinde adamyny galkyndyrýan, emma käbir ýagdaýlarda, jana „ýylan zähri“ bolup ornaýan ajy söz baradaky paýhaslary aýratyn üns bererliklidir.
„Alma ýaman sözi hergiz ýadyňa,
tüken bolup dürtüp geçer donuňdan“
("Köňül nagşy“, 44 sah.).
„Musulman ähline ajy söz urmaň,
Pakyra-misgine delalat ýagşy“
(„Köňül nagşy“, 34 sah.).
Ýa-da:
Ýetimi göreňde güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy.
( „Köňül nagşy, 34 sah.).
Jadylaýjy, dertlere derman, ýakymly sözüň güýjüne uly baha beren şahyr hoşamaý sözlemegi, birek-birege kalba-nur çaýýan hoş sözleri aýtmagy maslahat berýär. Bu dünýä bir bäş günlük kerwensaraý, „gelen ýük ýazdyryp, geçip barýan“ pany dünýä. Şu gysga ömürde ynsanlar biri-birini söýmeli, birek-biregiň göwnüni hoş söz bilen awlamaly.
Eger sen hem bolsaň, nerm-u mylaýym,
Sen mylaýym bolsaň, guluň bolaýym,
Gulagyma bergen pendiň alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma!
Ýa-da:
Öňüň gara, ardyň gözle,
Hoş sözüň diý, gahryň gizle,
Sözläbilseň, ýagşy sözle,
Halk ýamanyň bizarydyr
(„Köňül nagşy“, 27 sah.).
„Jahanda bir at“ hasaplan söz sungatyna şahyr uly baha berýär. Ýaman sözüň adama örän ýaramaz täsir edýänligini, tyg ýarasy bitip gitse-de, söz ýarasynyň bitmesiniň örän kyndygyny şahyr öwran-öwran ýatladýar. Elbetde, bu barada folklor eserlerinde hem gymmatly maslahatlar kän gabat gelýär, şahyr halkyň dürdäne paýhasyndan dörän gymmatlyklary has ösdürýär, sözüň täsirini has güýçlendirýär. „Bir ýaman söz jana ýylan dişidir, soksa zähri asla çykmaz teniňden“ („Köňül nagşy“, 44 sah.).
Ussadyň belentlige göteren söz baýlygy hakyndaky şygyrlarynyň aňyrsynda „Ýerini bilip sözleseň, ýüzüň nury tükenmez, ýerini bilip harçlasaň, jübiň puly tükenmez“, „Dagy-daşy ýel bozar, adam arasyny – dil“, „Dil – bela, diş – gala“, „Başa bela iki barmak dilden geler“, „Edep başy dil“ diýen ýaly köp sanly halkyň döreden dürdäneleri dur. Bu hili halk paýhasy siňen setirleriň, gymmatly mirasyň esasynda akyldarlar, danalar ajaýyp pelsepä öwrülen ruhy gymmatlyklary döredipdirler.
Şahyr adamzat durmuşynda „wawwaly“ meselä öwrülen ýaman dil baradaky meselä öwran-öwran dolanýar, ynsan balasyny ýagşy sözlülige çagyrýar.
Magtymguly, hergiz tapmady aman,
Til ýamany tygdan, teberden (aýpalta) ýaman,
Ýaman til ýanynda zähri köp ýylan,
Çaksa-da, bir çybyn çakança bolmaz
(„Köňül nagşy“, 47 sah.).
Halkyň ýüregine özüniň ajaýyp paýhasa öwrülen setirleri bilen ýol salmagy başaran ussat şahyryň „Ýürek bulaýan ýaman sözlerden gaça durýan ýagşylary“ tutuş älemiň arzuwlaýanlygy baradaky gymmatly setirleri şu günki gün, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hümmeti egsilmejek hazyna. Magtymguly atamyz „Birek-biregiň gadryny bilmeýän adamlardan otlap ýören malyň ýagşydygyny“ ýatlamak bilen „Ýetimi göreňde güler ýüz bermegi“, „Entäni goldamaga hemaýat ýagşydygyny“ duýdurýar. Magtymguly ussadyň akylyňa akyl goşýan sözlerinden söze sarpa goýýan, sözüň manysyny tirmegi başarýan ynsanlar gana-gana içip, ussatdan edep sapaklaryny öwrenýärler. „Sözden hezil eýlemez“, many aňlamaýan adamlara welin, „müň söz aýtsaň, biri hem ýokmaýar“, şahyr bu pikirleriniň ýugrumyny ýetirip, täsin sözler bilen okyjylaryň kalbyna siňmegini gazanýar:
Magtymguly sözlär sözün soňlamaz,
Bidertler dertli sözün diňlemez,
Akmak sözden hezl eýlemez, aňlamaz,
Aryf bolsaň, söz manysyn içer sen.
Geçmiş danalarymyzyň ählisi-de söze uly sarpa goýup, ynsan kalbyna jepa-da, sapa-da berip bilýän söz barada gymmatly pikirleri galdyrypdyrlar. Elbetde, aryf şahyr Magtymguly hem özünden öň ýaşap öten akyldarlaryň söz sungaty baradaky pelsepelerini doly öwrenen bolmaly. Ussat şahyryň halypalaryndan biri Alyşir Nowaýynyň söz baradaky ajaýyp pikirlerini şu ýerde ýatlamaklyk ýerlikli bolsa gerek; „Söz göwheriniň şerepi, ýagny mertebesi şeýle bir beýik weli, hatda hiç bir göwher oňa sadap bolup bilmez. Söz – dört sadabyň ýagny oduň, suwuň, topragyň we ýeliň göwher sandygydyr... Söz – dünýädki barça köňülleriň sandygyndaky jöwherlerdir, hemmäniň kelam sandygyndaky gymmatbaha göwherlerdir“ (A. Nowaýy. „Haýratul ebrar“, D. 1988, 17-18 sah.).
Ynsan durmuşyndaky zerurlyklar barada şahyryň esasy öňe süren meselesi hem ýagşylyk etmek, ynsana ýamanlyk etmezlik. Türkmen halky „Ýagşylyk et-de, derýa okla, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler“ diýýär, Magtymguly şahyr bolsa „Goldan gelen ýagşylygyň bolmasa, köňül içre ýagşy niýet ýagşydyr“ diýýär. Şahyryň öňe süren pelsepesi ynsanlara ýagşylyk etmek. Şahyr hümmet-haýyrsyz kişileri, ile ýagşylyk etmeýänleri „howada ýagmazak bulut“ hasaplaýar. Şu setirleri okanyňda, ýagjak bolup, ýagyp bilmän, bir damja ýagşy ene topraga rowa görmeýän bir bölek bulut kimin peýdasyz, ile ýagşylyksyz adamlar göz öňünde janlanýar. „Ýagşy niýet – senden dilegim köpdür“ diýip, ýagşy niýeti özüne hemra edinen şahyr ýagşylykda özüni tanadanlar bilen ýaman gylykly adamlary deňeşdirýär, biri-birine gapma-garşy goýýar.
Ýagşylykda ile özün tanadan,
Alkyş alyp, derejesi zor bolar.
Ýaman bolup, ýagşylygy unudan,
Öz yzzatyn gidir, itden hor bolar
(„Köňül nagşy“, 61 sah.)
Şahyr ýagşylardan hergiz ýamanlyk çykmajakdygyny, ýamanlardan bolsa hiç wagt ýagşylyga garaşmaly däldigni öwran-öwran gaýtalap, ynsan aňyna guýmaga, olaryň kalbyny nogsanlyklardan arassalamaga çalyşýar.
Dünýä ýüzünde özüne mynasyp baha eýe bolan, döredijiligi „Jemşidiň jamyna“ meňzedilen ussat şahyryň „kümüşiň gyrkyndysy, gyzylyň pürkündisi“ ýaly ajaýyp şygyrlary bu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, şahyryň arzuwlap ýetip bilmedik zamanasynda ynsanlara ýol görkeziji pelsepe ummany bolup ýaňlanýar.
Aryf şahyryň döredijiligini melhem kimin öz kalbyna siňdiren ynsanlaryň haramlykdan daşlaşyp, halallyga ulaşjakdygy, bahyllykdan, husytlykdan – jomartlyga, göriplikden – kiçigöwünlilige, ýagşy niýetlilige, pespällige, açgözlükden, nebsewürlikden – kanagatlylyga bisabyrlykdan – sabyrlylyga, şükürlilige ýakynlaşjakdygy ukuçly däldir.
Görşümiz ýaly, Magtymguly Pyragynyň gözel poeziýasynda ýugrumy ýeten setirler dürdäne paýhaslara öwrülip, halka ýoda-ýörelge bolmak hyzmatyny ýerine ýetirip gelýär. Onuň döredijilik örüsi örän giň. Dana şahyr durmuşyň haýsy ugry barada söhbet açsa-da, onuň kalbynyň töründen syzylyp çykan setirleriň dertlere derman bolup ýaňlanýanlygy onuň ussatlygyndan habar berýär. Biz ol şygyrlaryň diňe käbirleri hakda söhbet açdyk. Ussat şahyryň döredijiliginiň gymmaty hem ynsanlary terbiýelemekde, dogry ýola salmakda ýüze çykýar.
Öňdengörüjilik, welilik bilen aýdylan sözler amala aşdy, „Berkarar döwlet islärin“ diýip, arzuwlan şahyryň islegi bu gün amala aşdy. Türkmen halky Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaşaýar. Şygryýet äleminde daň ýyldyzy kimin lowurdap duran, aryf şahyr Magtymguly Pyraga Hormatly Ýurtbaştutanymyzyň goýýan sarpasy bimöçber. 2014-nji ýylda beýik şahyryň doglan gününiň 290 ýyllygy dabara bilen bellenilip geçildi, Bu bolsa şahyryň sarpasynyň mähriban Watanymyzda örän belentliginiň güwänamasydyr.
Gurbanjemal YLÝASOWA,
TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň
esasy ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.
Magtymgulyny öwreniş