11:29 Mähir gujagynda / hekaýa | |
MÄHIR GUJAGYNDA
Hekaýalar
Oýlandygyça ony agyr duýgular gaplap aldy. Ol beýnisinde at çapýan pikirleri aýyl-saýyl etmekçi bolýan ýaly, ylgap penjiräň öňüne bardy. Nazaryny uzaklara dikip durşuna penjiräniň öňünde göm-gök bolup oturan arça agaçlarynyň şahalarynda iki ýana bökjekleşýän serçeleri-de saýgarmady. Onuň ho-ol, alysda köçäniň gyrasyndan ýöräp barýan eli çagaly gelinde gözi eglendi. Ol gelin çagajygyny bagryna basyp, gaty-gaty ýöräp barýardy. Gapdalyndan geçip barýan ulaglara-da ähmiýet bermän haýdap barýan gelniň bir ýere alňasaýndygy duýulýardy. Jahansoltan bir pursat özüni şol gelniň ýerinde goýup gördi. Eline posalajyk bäbek alasy geldi. Ýöne gyşyň aňzakly howasynda ýaş gelniň näme zerurlyk bilen çagaly köçä çykanlygyny özüçe ýordy. “ ... Hä-ä, olam meň ýaly ýoldaşyndan öýkelän borly. Ýogsam gyşyň içinde eliň çagaly gezip ýörmek bolmaz ahyry. Men Polatdan öýkeläp, dogry etdimmikäm? Belki, men ýalňyşandyryn”. Şu pikirleri kellesinde aýlan Jahansoltan şol dem başga hörpden gopdy: “Dogry-da, haçana çenli onuň iňňirsini çekip gezmeli. Halys çydamok indi. Soňky döwürde onuň yrsarasy gelip dur. Ýa meniň göwnümemikä, özüm yrsaraýarmykam... Öýkelänimi duýsa, gaty görer menden...” Jahansoltan köçedäki gelin öwrümde gözden ýitýänçä, oňa seredip, öz dünýäsine doldy. Howada akja garlaryň gaýmalaşyp başlamagy onuň soňsuz pikirleriniň üstüni ýetirdi: “Men Polatdan öýkeländigimi ejeme nähili aýdarkam? Ol beýle zatlary gaty gabahat görýär. “Aýal adam sabyrly bolmaly, geçirimlilik etmeli” diýip, başlar ol. Wah, men geçirmli-le. Sabyrly bolmagyňam çeni barmyka diýýän. Onuň nämä yrsaraýanyny bilemok. Içeri mydama gül pürkülen ýaly. Kiri ýuwulgy, ütügi edilgi. Nahary taýýar. Ýeri, oňa başga nama gerekkä?.. Näme üçin meniň işlemegime garşy çykýarka?” Bir pursat Jahansoltanyň hakydasynda ýene şol waka janlandy. Şol gün agşam Polat işden gele-gelmäne gelnine habar gatdy: – Jahanym, otyrmyň? Adamsyna garaşyp, oýaly-ukuly ýatan gelin morta jogap berdi – Ýok, dik durun. Polat degişmä saldy. – O nähili, dik dursuň? Sen-ä ýatyrsyň. – Hawa, ýatyryn. Polat sesini çykarman, göni gelniniň ýanyna bardy-da, onuň gapdalynda çökdi. – Ýumşajyk diwanyň hezilini ýeke özüň görýäňmi? – Sen gije-gündiz işli bolsaň, men näme asmana bökmelimi? Polat gelniniň haýsy tarapyndan barmalydygyna düşünmedi. – Men gije-gündiz işläp, saňa ýaranjak bolýan, Jahanym. Seň gaşyň çytylsa, meňki bolanok, hany açylsana, ters jogap bermäňi goýsana. Jahan ýatan ýerinden dikeldi: – Hany, aýt, şu wagt gijäň ýary, nireden geldiň? Haýsy gelniň ýanyndan gaýtdyň? Rejäniň geň däldigini aňlan Polat has ýumşady. – O nähili, nireden geldiň. Elbetde, işden. – Sen kimi aldajak bolýaň. Şu çaka çenli iş bormy? – Ýyllyk hasabaty gutarmaly. Özüň bilýäň, sanlar örän kejir bolýar. Takyklap-takyklap ýazmasaň, kösäýýär olar. – Seň hasabatyňam gutaranok, sanlaňňam. Öýde gelnim garaşýandyr, gözüni ýola dikip oturandyr öýdeňok. Bileniň-biteniň işiň. Şol pursat Jahansoltanyň ýadyna şol birmahalky waka düşdi: – Dur, hany, sen ýene bir ýere gidip, işi bahana edýän bolaýma. Hany, gel, men seniň üst-başyňy bir ysgap göreýin. Gül suwuny sepinýän gelinleriň ysy ýokdur-da hernä sende. Polat gahary gelendigini bildirmejek bolup çytraşdy. – Diýýäniň näme, sen nämeler gepläp duranyňy bir bilýäňmi? Ýene meni gabanyp başladyňmy? Kimden? Jahansoltan ejizledi: – Hawa, gabanýan. Sebäbi men seni söýýän. Sensiz ýaşap bilerin öýdemok. Senem gün-günden üýtgäp gidip barýaň, öýe giç gelýäň, ir gidýäň. Öýden naharam iýeňok. Onsoň men näme pikir etmeli. Sen bir ýerde nahar iýýänsiň ahyry?! Seň bilen bileje oturyp çaý içenimizem ýatdan çykyp gidipdir. Irden ýatyrkam gidýäň, agşam ýatyrkamam gelýäň. Onsoň men nähili pikir etmeli? – Men edil ýap-ýaňyja düşündirdim-ä saňa iş köp diýip, sen bolsa başga tarapdan tutýaň. – Dagy men näme edeýin. Uzakly gün ýeke özüm dört diwaryň arasynda aýlanyp ýörün. – Hezil et-de otur-da. Il-ä şu durmuşa ýetip bilenok. Eliň uzadan ýeriňe ýetip durka, ýene saňa başga näme gerek? – Meň işläsim gelýär. Polada “wäh” diýlen ýaly boldy. – Meň gelnim öýde oturmaly. Öýüň bezegi bolup, gelenimde öňümden çykmaly, işe gidenimde ugratmaly. – Öýde ýeke özüm ýüregim gysýar. Men işe girjek. Öýe bezeg gerek bolsa, başga birine öýlenäý. Kiçi dildenem bärden gaýdan bu sözüň agzyndan nädip sypanyny duýmadyk Jahansoltan böküp ýerinden turdy. Soňam ýene Poladyň gapdalynda çökdi. – Boldy-la, Polat, goýaly-la şu gürrüňi. Men sensiz ýaşap bilmen. Ýöne men işe girjek. Poladyň gepi çürt-kesik boldy. – Menem işleýän aýal bilen ýaşap bilmen. Jahan, Jahanym, sen maňa düşünäýsene, işlejek diýip, ýer depip durmasana. Iş nämäňe gerek, kem zadyň barmy? Ynha, bäbejigimiz bolar, onsoň hiç zada eliňem degmez, ýüregiňem gysmaz. – Hökman kem zadyň bolanda işlemelimi? Meňem adamlara garyşasym, bu durmuşa, dünýä guwanasym gelýär. Seret, nähili gowulyk, şol gowulyga şärik bolasym gelýär. Polat bu gezek degişmä saldy. – Sen-ä şahyr bolup gidipsiň, habarymyzam ýok. Ýeri, onsoň näme işlesem diýýäň. – O nähili näme işlesem, meň halyçydygymy ýadyňdan çykardyňmy? Häzirki dokalýan halylaryň nepisligini diňe suratda görýän. Meňem şeýdip nepislik döredesim gelýär. Polat çynyrgatdy: – Ýok, Jahan gelin, ýok, sen öýde oturmaly. Çaga terbiýelemeli. Äriňe hyzmat etmeli. – Entäk çaga bolýança, işläýin. Şonda-da saňa hyzmat ederin. – Ýok, diýdim, ýok. – Eýle bolsa, oňuşmaýmasak... – Bar bahanaň şol bolsa... – Hawa, şol... Jahansoltan kalbyny gaplap alan kinäniň böwet tutdyrmajak bolýandygyny duýdy-da dem salym sägindi, özüne basdy. Diwandan turup, düşege geçdi-de, başyny basyryndy. Ýöne indi onuň gözüne çiş kakylan ýalydy. Uzakly gije ýaňky gürrüňleri aňynda gaýtalap, ölçerdi-dökdi. Arman, bulaşyk pikirlerden baş çykaryp bilmedi. Daňa golaý irkilende düýşünde ol belent dagyň başyna çykýarmyş-da, sesi ýetdiginden “Men azat” diýip gygyrýarmyş. Soňam ol özüniň nämeden azat bolandygyna düşünmän, asla oňa akyl ýetirip bilmän, çym-gyzyl gülälekli depäniň üstünde çök düşýärmiş. Şol dem owadan gülleriň hoşboý ysy birbaş onuň beýnisine ýetdi. Ol bu hoşsurat dünýäniň ajaplygyndan ganmak üçin töwerege göz aýlady, ony nebsewerlik bilen synlady. Ýaňky hoşboý ys indi onuň tutuş süňňüne ornady. Ol bu ajaýyplykdan ganmak üçin ýene-de başyny egdi. Şol pursat onuň eli bir zatlara degdi-de, gözüni ýalpa açdy. Edil gapdaljygynda ýatan desse çemene gözi kaklyşdy-da, zöwwe ýerinden galdy. Çemeni eline alyp, gaýta-gaýta ysgady. Munuň Poladyň işidigini bilse-de, onuňam uzakly gije ýatmandygyndan, daň tilkiguýruk bolanda-da bazara gidip, iň gowy çemeni saýlap getirendiginden habary ýokdy. Desse çemen şol dem onuň agşamky kinesini ýel ugruna ykdyryp göýberdi. Onuň ylgap Poladyň gujagyna dolasy geldi. Ýöne türkmen maşgalasynyň edebi onuň höwesine badak saldy. Jahansoltan aşhana gelende Polat çaý içip otyrdy. – Turduňmy, Jahanym! Ertiriň haýyrly! – Sag bol, gülüň üçinem, özüň üçinem, mähriň üçinem! Men öten agşam öte geçäýdim öýdýän. Polat gülümsiredi: – Aý, ýok-la, seniň hemişeki häsiýetiň-dä! “Är aýalyň uruşy, ýaz gününiň ýagyşy” diýleni. Eýýäm olar äbe-de jüýbediler... Ondan bäri esli mahal geçenem bolsa, Jahansoltan işe girmek hakyndaky pikirinden daşlaşyp bilenokdy. Mahal-mahal öýe sygman, edil şu pursatda bolşy ýaly, öz ýanyndan Polatdan çyny bilen öýkeleýärdi. Şonda özüniňkini dogry hasaplaýardy-da, bar günäni Poladyň üstüne ýükleýärdi. Göwnüne bolmasa, Polat ony dünýäden gabanýan ýaly bolup görünýärdi. Ýogsam Jahansoltanyňam öz deň-duşlary bilen garyşyp, haly dokasy gelýärdi. Edil şu pursat ol penjireden eli çagaly gelniň yzyndan garap durşuna göwresinde bir tirpildiniň bolandygyny duýdy. Ol alasarmyk duýgularyň girdabyna özüni oklady. “... Men toýlymykam? Eýýäm näçe wagtka? Şu çaka çenli näme üçin duýmadymkam?! Ýüregiň astynda ýürek götermegiň bagtdygyny! Adamlar, men bagtly! Men bu durmuşy, dünýäni, Polady söýýän!..” Şol pursat ol ähli oýlardan daşlaşyp, howada gaýmalaşýan akja garlary öz ak bagtyna, dünýä injek akja bäbege deňäp, özüni bagtyýarlygyň gujagyna oklady... Ogulgerek USSAÝEWA. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Время для любви / рассказ - 02.12.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Enemiň wesýeti / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |