12:03 "Mekir hatyn" (Aýal mekirlikleri) eserine sözsoñy | |
SÖZSOŇY Kökleri müňýyllyklara uzap gidýän baý taryhymyza we milli, medeni baýlyklarymyzy öz içine alýan ruhy gymmatlyklarymyza näçe çuňňur aralaşdygymyzça-da, ata-babalarymyzdan ýadygär galan baý ruhy we medeni mirasymyzyň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Şol milli mirasymyz bolsa asyrlardan asyrlara aşyp biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Ata-babalarymyzyň akyl paýhasyndan eýlenip çykan şol milli-medeni mirasymyz bolsa heniz-henizler hem özleriniň röwşen şöhlesi bilen halkymyzyň aňyny nurlandyryp dur. Çünki olarda pähim-paýhas, akyl-terbiýe ummanyndan susulyp alnan parasatly pikirler ýatyr. Ata-babalarymyz bolsa şol parasatly pikirleri halkyň hakydasyna ýetirmek we ündemek üçin durmuşyň dürli ugurlary boýunça birnäçe ajaýyp kyssalardyr hekaýaatlary döredip, olary asyrlardan asyrlara ýetiripdirler. Biziň häzirki Garaşsyzlyk zamanamyzda bolsa şol ruhy gymmatlyklary öwrenmäge we halka ýetirmäge giň mümkinçilikler bar. Hut Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy özüniň Mukaddes Ruhnama kitabynda: “Biz türkmen halkynyň mirasdüşerleri hökmünde ata-babalarymyzyň taryhyň gatlarynda galan medeni, edebi gymmatlyklarymyzy tapmalydyrys, täzeden jana getirmelidiris. Bu ata-babalarymyzyň öňünde biziň ogullyk borjumyzdyr” diýipdi. Bu pentdir nesihatlar bolsa ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden ruhy gymmatlyklaryny hemmetaraplaýyn öwrenmeklige borçly edýär. Geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyz gelin-gyzlaryň ahlak päkligi, görüm-göreldesi, edep-terbiýesi barada ençeme ajaýyp kyssalardyr, desanlary döredipdirler. Şol kyssalardyr dessanlarda bolsa türkmen gelin-gyzlarynyň ahlak arassalygy, päk söýgüsi, görüm-göreldesi, öý ojagyna wepasy baradaky gürrüňler özüniň çeper beýanyny tapypdyr. Olardan Hüseýin Käşifiniň “Şehitleriňň bossany” eserindäki hezreti Patmanyň, Nasreddin Rabguzynynyň “Kysasy Rabguzy” eseriniň hezreti Eýup kyssasyndaky Rahymanyň, "Gorkut ata" şadessanyndaky Burla hatynyň, Görogly şadessanyndaky Agaýunus periniň, "Şasenem Garyp" dessanyndaky Şasenemiň, 'Zöhre Tahyr" dessanyndaky Zöhräniň keşplerinden hem görmek bolýar. Edil şonuň ýaly-da geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyz döwür bilen aýakdaş gadam uran käbir gelin-gyzlaryň mekirlikleri we ahlaksyzlyklary barada hem gyzykly kyssalaradyr, hekaýatlary ýazyp miras galdyrypdyrlar. Çünki ata-babalarymyz bu kyssalaryň üsti bilen şol döwürdäki ýüze çykan käbir nogsanlyklaryň geljekki nesillerimize nusga we sapak bolmagyny isläpdirler. Ine şeýle eserleriň biri hem biziň gürrüňini etmekçi bolýan “Mekir hatyn” (Hatyn mekirlikleri) atly eserimizdir. Ol Fransiýanyň Fransua Mitteran adyndaky milli kitaphanasyndan getirildi. Eser 138 sahypadan ybarat bolup, haty arap, dili köne türkmen dilinde. Eseriň ýazary belli däl. Şeýle hem bolsa bu eseriň biziň günlerimize çenli gelip ýetmeginde ýazuwly edebiýatyň roly uly bolupdyr. Çünki bu eser kätipler tarapyndan göçürilip ýörite kitap görnüşine getirilipdir. Şeýdip hem asyrlardan asyrlara geçip, biziň şu günki günlerimize çenli gelip ýetipdir. Bu kyssa birnäçe hekaýatlary öz içine almak bilen onda durmuşy wakalar suratlandyrylypdyr. Kyssanyň ilkinji wakasy Müsür şäherinde bolup geçýär. Ýagny Müsür şäheriniň garawulbaşysy her gün şäheriň köçelerine aýlanyp gezer eken. Ol bir gün howanyň yssylygyndan ýadap, dynç almak üçin bir agaçjyň asdynda duran daş sypada uka galyp bolýar. Ukuda ýatan garawulbaşynyň üstüne bir tyllaly haltažjyk oklanýar. Bu waka birki gezek gaýtalanýar. Şonuň üçin garawulbaşy muny bilmek maksady bilen oýalykda uklan kişi bolup ýatýar. Şeýdip hem ol bu haltajyklary öz üstünden taşlaýanyň Müsürde iň owadan we baý aýaldygyny bilýär. Kyssanyň esasy wakalary hem şondan soň başlanýar. Ýagny garawulbaşy onuň owadanlygyna we baýlygyna aldanyp birtopar kynçylyklara duçar bolup, ölüme höküm edilýär. Ahyrynda hem ýene-de şol aýalyň kömegi bilen ölümden halas bolýar. Emma ol aýal ony ýene-de aldap gaçyp gidýär. Şunuň üsti bilen hem garawulbaşynyň nadan we ynanjaň keşbi açylyp görkezilýär. Kyssada ýetimleriň puluny aldap alýan kazy ependiniň hem öz eden etmişi üçin agyr ýagdaýa duçar bolandygy baradaky gürrüňler hem gyzykly wakalaryň üsti bilen beýan edilýär. Şeýlelik bilen bu hekaýatyň üsti bilen birinjiden, kazy ependiniň açgözliligi açylyp görkezilse, ikinjiden mekir we hilegär aýallaryň keşbi açylyp görkezilýär. Kyssanyň başga bir hekaýatynda bolsa durmuşda duş gelýän nadan, ahlaksyz we azgyn hatynlar barada gürrüň edilip, olaryň öz ýanýoldaşlaryny nähili ýagdaýda aldap azgynçylykly hereketler edýändikleri barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Elbetde, munuň ýaly hadysalar her bir döwürde hem bolupdyr. Emma olar Hak tarapyndanam, halk tarapyndanam ýazgarylypdyr. Bu hekaýatdaky waka Nyşapur şäherinde bolup geçýär. Ýagny şol şäherde ýaşaýan bir mekir we hilegär hatynyň iki sany oýnaşy bolup, ol olaryň ikisini hem aldap gezýär. Ol öz oýnaşlary bilen duşuşmak üçin herhili mekirliklere ýüz urýar. Eserde bu barada giňişleýin maglumatlar berilýär. Elbetde aýal-gyzlaryň mekirlikleri, hilegärlikleri we azgynçylyklary baradaky maglumatlar irki döwürlerden bäri biziň ýazuwly edebiýatymyzda öz mynasyp ornuny tapandyr. Geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyz hem şeýle keşpleriň üsti bilen özleriniň olara bolan ýigrenji garaýyşyny we näletini mälim edipdirler. Şonuň üçinem şunuň ýaly keşpleri çeper eserlere girizipdirler. Olardan “Müň bir gije”, ”Bilim bahary”, ”Sindbadnama” we ş.m. eserleri görmek bolýar. Şonuň ýaly-da nadan, ahlaksyz we azgyn gelin-gyzlaryň keşbi biziň nusgawy edebiýatymyzda hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Mysal üçin Magtymguly Pyragy özüniň “Diýdi: “Habar ýok sizden” atly goşgusynda: Diýdim: “Kimde ýok uýat”. Diýdi: “Juwanda-gyzda” Ýa-da : Zenanlardan haýalat gider, Zamana ahyr bolanda diýmek bilen şol döwürlerde hem ahlaksyz, utanç-haýasyz gelin gyzlaryň bolandygyny ýazgaryp, olar ýaly gelin-gyzlaryň köpelmegini bolsa ahyrzamananyň golaý gelmegi bilen baglaşdyrypdyr. Şonuň üçinem beýik akyldar şahyrymyz özüniň başga bir goşgusynda: Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz, gardaş, Bu döwlet her kimiň eline degmez diýýär. Ol ýagşy ogluň, ýagşy aýalyň we ýagşy gyzyň bolmagyny uly döwletlilik hasaplapdyr. Bu kyssadaky hekaýatlaryň haýsy biri hakynda gürrüň edilende hem olaryň içindäki wakalar durmuşy wakalar bolup, olar täsirli we ynandyryjylykly beýan edilipdir. Şeýle hem käbir hekaýatlarda baş gahrymanyň dilinden berilýän gürrüňler dessançylyk usulynda beýan edilipdir. Bu bolsa eseriň çeperçiligini artdyrypdyr. Mysal üçin kyssanyňň birinji hekaýatynda garawulbaşy bu mekir we hilegär hatyny ilkinji gören badyna oňa aşyk bolup:” Eý, janymyň janany, haýsy bagyň güli sen, haýsy bossanyň sünbüli sen, haýsy bakjanyň bilbili sen” diýip ýülenýär. Şonuň ýaly-da ikinji hekaýatda esasy keşp hökmünde uly rol oýnaýan mekir hatynyň öz oýnaşy bilen duşuşmak üçin garry kempiriň kömeginden peýdalanmagy, ýa-da aşyk ýigidiň öz magşugy bilen duşuşmagy üçin garry kempire ýalbaryp ony razy etmegi we onuň ugurtapyjylygy bilen olaryň biri-biri bilen duşurmagy biziň “Şasenem Garyp”, “Zöhre Tahyr”, “Saýatly Hemra” ýaly dessanlarymyzy ýadyňa salýar. Umuman bu kyssanyň adyndan belli bolşy ýaly hekaýatlaryň haýsy biri barada gürrüň edilende hem hemmesinde-de ärine biwepalyk eden aýallar barada gürrüň berilýär. Şeýle hekaýatlaryň ýene biri hem Beni Ysraýylda ýaşaýan namazhon adamyň başyndan geçiren wakalarydyr. Bu namazhon kişi elmidama dyn üçin kapyrlar bilen söweşip, olary ýeňer eken. Kapyrlara ony ýeňmek asla mümkin bolmandyr. Şonuň üçin hem kaprylar bu merdi merdana kişini ýeňmek üçin aýalynyň ýardamyndan peýdalanýarlar we aýalynyň üsti bilen hem ony duzaga düşürip para-para edeýärler. Emma Haktagalanyň ýardamy bilen ol ýene-de öňki kaddyna gelip duşmanlaryndan hem aýalyndan hem aryny alýar. Bu ýerde hakykatyň dabarlanmagy üçin esasan Hakyň güjünden peýdalanylýar. Eseriň käbir hekaýatlarynda ünsüňi özüne çekýän esasy zat hem eseriň gyzyklylygyny artyrmak üçin fantazyýanyň real hakykat bilen garyşdyrylyp berilmegidir. Şeýle häsiýet Isa pigamberiň zamanasynda bolup geçeýän waka bilen baglanyşykly hekaýatda has hem täsirli beýan edilipdir. Şonuň üçinem bu hekaýatda bolup geçeýän wakalar beýlekilerden biraz tapawutlydyr. Ýagny bu hekaýatda bir hatyn bilen är ikisi tä ömürleriniň ahyryna çenli biri-birine wepaly bolup ýaşamak barada kasam edýärler. Emma tötänden bir sebäp bilen hatyny agyr hassa hala düşüp ýogalýar. Adamsy hem wagtynyň köpüsini onuň mazarynyň ýanynda geçirýär. Bir gün oňa Isa pygamber duşup onuň aýalyny direldip berýär. Emma ol hatyn öz ärine göwni ýetmän başga birine barýar. Ahyrynda bolsa äriniň haýyşy bilen Isa pygamber bu hatyny ýene-de öňki ýerine mazaryna dolaýar. Bu ýerde durmuşy hadysalar bilen hyýaly-fantazyýanyň garyşdyryp berilmeginiň esasy sebäbi, eserdäki öňe sürüljek bolýan pikiri has delillendirmek we täsirlendirmek üçin berilipdyr. Çünki Isa pygamberiň bu ýaş ýigideň ölen hatynyny direldip bermegi we onuň öz ärine boýun bolman başga birine barmagy, onuň ikinji gezek ölümine sebäp bolýar. Bu bolsa kanagatsyz adamyň ahyrky derejesiniň nähili boljakdygyny görkezýär. Şeýlelikde real durmuş wakasynyň hakyky beýanyny suratlandyrmakda fantastiki tärleriň ualnylmagyň özi öňde goýlan maksada ýetmek üçin goldaw bolup durýar. Şonuň ýaly-da aýallaryň mekirlikleri baradaky maglumatlar diňe bir aşaky gatlaklaryň arasynda bolman, eýsem ýokarky gatlaklaryň ýagny şalaryň, patryşalaryň köşklerinde, olaryň maşgala gatnaşyklarynda hem bolup geçýändigi barada gyzykly maglumatlar berilýär. Mysal üçin bu kyssanyň bäşinji hekaýatynda Çynmaçynda ýaşaýan bir patyşanyň iki oglunyň bardygy, olaryň biriniň Samarkantda, beýlekisiniň bolsa Hindistanda şalyk edeýändikleri, emma olaryň sapara giden wagtynda yzynda galan hatynlarynyň nähili azgynçylykly hereketler edeýändikleri barada gyzykly gürrüňler berilýär. Munuň özi aýallaryň arasyndaky azgynçylykly hereketleriň jemgyýetiň dürli döwürlerinde, dürli gatlaklarynyň arasynda bolandygyny görkezýär. Şeýle hem eserdäki wakalaryň çeper beýan edilmeginde meňzetmeleriň, metaforalaryň we deňeşdirmeleriň hem uly täsiri bolupdyr. Çünki deňeşdirmeler, meňzetmeler we metaforalar gadymy döwürlerden bäri hem eseriň çeperçiligini artdyrmakda giňden peýdalanylypdyr. Bu barada belli türkolog alym L.W. Stebleowa şeýle diýýär: ”Tekstlerde deňeşdirmeleriň, metaforalaryň epitetleriň bolmagy türkmen, türki halklarynyň folklaryna maksus alamatlaryň biridir” . Dogrudan hem meňzetmelerdir metaforalaryň çeper eserlerde giňden ulanylmagy eseriň çeperçiligine özüniň oňaýly täsirini ýetiripdir. Mysal üçin bu eseriň birinji hekaýatyndaky garawulbaşynyň ol mekir hatynyň owadanlygyny görüp haýran galmagy bu eserde şeýle teswirlenýär: ”Görse ol bu zamananyň şeýle bir ajap gözelidir, döwrüň perizadydyr, mahbubasydyr. Göýäki Haktagala ony gözellik galybyna guýup ýaradan ýalydy”. Ýa-da ýene-de şol hekaýatda: “Goşunbaşy garjal sakally, garawulbaşy bolsa gara sakallydy”. Ene-de şol hekaýatyň başga bir ýerinde bolsa garawulbaşynyň mekir hatyny eli tyllaly haltajyk bilen tutan wagtynda: «Eli edil pamygyň içine gömlen ýaly boldy” diýen ýaly meňzetmeleridir deňeşdirmeleri hem eseriň çeperçiligini öňküden-de artdyrmaga ýardam beripdir. Eseriň çeperçiligini artdyrmak üçin eserde atalar sözüdir nakyllar hem ýerlikli peýdalanylypdyr. Olardan “Gurt bir mertebe dolanan ýerine dokuz mertebe dolanar” ýa-da “Suwa daýanma, arwata ynanma” diýen ýaly nakyllary görmek bolýar. Şeýle hem bu kyssadaky hekaýatlaryň esasy aýratynlyklarynyň biri hem bir hekaýat gutaran badyna aýdyjy tarapyndan: «Eý, jan-jigerim! Meniň bu kyssadan maksat-myradym şu hekaýatyň üsti bilen size ybrat-sapak bermekdir” diýen sözleri bilen gutarmagydyr. Munuň her hekaýatyň soňunda gaýtalanyp gelmekliginiň özi hem şu eseriň diňe bir öz döwri üçin nusga, sapak bolman eýsem, özünden soňky nesillere-de sapak, nusga bolmagy üçin ýazylandagyny subut edýär. Diýmek geçmişde ýaşap geçen ata-babalarymyz şunuň ýaly mekirlikler, hilelikler we ahlaksyzlyklar baradaky kyssalardyr hekaýatlary asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçirmek bilen şu kyssalardyr hekaýatlaryň geljek nesiller üçin görelde sapak bolmagyny isläpdirler. Umuman, bu kyssadaky hekaýatlaryň her birindäki görkezilýän nogsanlyklar, olaryň üsti bilen aýdyljak bolunýan pikirler we öňe sürülýän taglymlar halkyň erbet işlerden gaça durmaklyk baradaky isleg arzuwlarydyr. G.Guzuçyýewa. Mill medeniýet “Miras” merkezi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |