09:45 Men öldürüldim / detektiw hekaýa | |
MEN ÖLDÜRÜLDIM
Detektiw proza
Güýzüñ sowugy gugaryp ýatan alagarañky köçeleriñ ugrunda ikibakan at salmaga başlady. Saralan ýapraklar üýşmegi bilen şemalyñ ugruna ikiýan gaýyşýardy. Gijäniñ çigregi sowuklamagyma sebäp boldy. Bu agşamky nobatçylygym bir awtolulag heläkçiligi sebäpli uzaga çekdi. Hassahananyñ awtoulag duralgasyna tarap yrañ-darañ ýöräp barýarkam dagy, biri barmagyny degirse ýykylyp galaýjak derejede ýadawdym. Awtoulag duralgasynyñ çendenaşa ululygy we petişligi eýýäm ençeme ýyl bäri çykyp gelýän her gijeki nobatçylygymda biraz ulalýan ýaly howsalamy güýçlendirýärdi. Hamala biri meni gorpuñ erñegine tarap idenekledip barýan ýalydy. Onsoñ men ýekeje ýalñyş ädimde ýykylyp, gaýdyp aýaga galmajak ýaly çalt-çaltdan ýöreýärdim. Gijeki nobatçylygy tabşyryp gaýtmaly bolýan wagtlarymda bu howsalaly duýgy meni hasam gaplap alardy, ýeke minut eglenmän awtoulagyma tarap haýdardym. Bu gije hem şeýle günleriñ biridi. Gijäniñ tümlügi öz ornuny dañyñ alagarañkylygyna berer wagtlaryna golaýlapdy. Awtoulagymyñ açaryny sowukdan ýaña titreýän ellerim bilen sumkamdan çykardym. Ýañy bir ulagymyñ gapysyny açmaga duranymda, arkamda ýañlanan güñlenç sese, tisginip yzyma öwrülenimi duýman galdym. Mañlaýyma bat bilen degen gaty jisimiñ zarbyna ýere serlip gitdim. Kellämden syrygyp akýan zadyñ gandygyny añdym. Gygyrjak bolup agzymy açanymda, sesimiñ çykmaýşyna haýran galyp durkam üstüme abanyp duran gara sudur bir eli bilen agzymy tutup, bir eli bilenem golumy gañryp ýerimden turuzdy. Şol wagt golumyñ yzasy ähli synamy ysmaza uçradan ýaly her äden ädimimiñ mejalsyzlaşmagyna we hereketimiñ haýallamagyna eltdi. Äden dört ädimim maña dört ýüz ädimdenem uzak bolup göründi. Golumdan idenekledip barýanyñ sypatyndan onuñ erkek adamdygyny añdym. Onuñ awtoulagyny haçan we nähili açandygyny bilmesem-de, yzky gapyny açyp itip goýberende birhili rahatlanan ýaly boldum. Hernäçe çydamaga çalyşsamam, süññüm erkime boýun bolarly däldi, gözlerim beýnimiñ "Açyk dur!" diýen görkezmesini diñlemejegi çynydy... Özüme gelenimde nirededigimi bilmez ýaly derejede añym we göwräp sykylyp-boşap galypdy. Getirilen ýerim garañkylykdy we ümsümlikdi. Birneme özümi dürsemäge, aýaga galmaga synanyşsamam, oñarman, duran ýerimde çök düşüp oturmaly boldum. Özümi her niçik mejbur etsem-de, hiç zady duýamokdym. Göýä içimde ýüregimiñ gürsüldisinden başga hiç zat galmadyk ýalydy. Bu gowulygyñ alamaty däldi. Tenime ýaýran derman ähli duýuş organlarymy öldüren ýalydy. Bärde beýdib-ä ölüme garaşyp bolmaz. Ýöne näme etjegimem bilemokdym. Elim bilen ýeri sermeleşdirdim. Ýer sowuk. Özem ýeriñ hemem heñlän bir zatlaryñ ysy gelýärdi. Birnäçe metr çemesi süýşenekläp bir diwara baryp diredim. Diwara söýenip ýerimden turjak boldum. Ýañy ýörjen-ýörjen bolan çaga ýaly aýaklarym saññyldap duranam bolsa, diwary sypdyrman barýardym. Düşen günüme agym tutdy. Diwary sermenekläp barşyma elime bir zat ilenini duýdum. Gapy eken. Gulply bolsa-da umydymy üzmän gapyny kän itdim. Serime çöken duman dagaşyp, aklym durlanyp başlady. Haçandan bäri bärdekäm? Bölek-büçek sudurlar kelläme agram salýardy. Bir adam... hassahananyñ awtoulag duralgasy... golumyñ we mañlaýymyñ yzasy... Alnyp gaçylanym anyk. Häzirki duran ýerime getirip, haýwandan ibaly görmän zyñyp gitdiler. Geñ galaýmaly, şumada çenli meniñ ýeke duşmanym bolmasa näme. Men hassahananyñ çagalary kabul edýän bölüminde pediatr lukman bolup işleýärdim. Başyboş we ýeke ýaşaýan aýaldym. Hiç kim bilen ýakyn gatnaşygym ýokdy. Erkeklerden birki gezek agzy bişensoñ, ünsüni diñe işe gönükdiren adaty zenanlaryñ biridim. Ene-atam iki ýyl öñräk ýogalypdylar. Men olaryñ ýeke perzendidim. Adamlar bilen gapma-garşylykly tersleşiklerden çetde durmagy başarýardym. Maña kim, näme üçin azar berjek bolýarka? Hiç ynanasamym gelmese-de, häzirki ýagdaýym muña gabat gelmeýärdi. Her niçik-de bolsa sowukganlylygymy saklamaly. Bir zatlar etjek bolmaly. Aýagyma-da güýç inip başlady. Beýleki diwarlary-da gözden geçirişdirdim. Ýerde ýatan bir düşekden başga bu kiçijik otagyñ içinde hiç zat ýokdy. Gapana düşdüm öýdýän. Düşege süýndüm. Sütünim süýnüpdi, üşeýärdim. Ömrüm beýdib-ä soñlanmasa gerek. Gözlerimi biçäre halda ýumup, hiç oýanman ýatasym gelse-de, oýanyp meni bäri getiren mahluk bilen ýüzleşesim gelýärdi. Gorkudan ýaña saññyldaýan süññümi rahatlandyrmaga, has beterem ýaşamak üçin göreşmäge mejburdym. Özümi ilkinji gezek ýeñlişe uçran hasap etdim. Hernäçe aýñalmak islesemem, dermanyñ täsirinden ýaña güýçden gaçan göwrämi dikläp bilemokdym... Garnyma galçyldap degen ýumruk ýalpa ukudan açdy. Gapynyñ aralygyndan düşýän yşyk gözüme düşdi. Garşymda duranyñ ýüzüni oñly görüp bilmesem-de, onuñ uzyn we syrdam göwresini görübilýärdim. Kimkä bu adam? Menden näme isleýärkä? Ol "Jelep!" diýip sögündi-de, haşlap ýene bir ýumruk inderdi. Bu gezek ätiýajy elden bermedim. Ýumrugyñ öñünden sowlup ýetişdim. Bärden çykyp bilmesem bilmän geçeýin. Ýöne, menem-ä garşylyk görkezmän, ardurja ölmejek bolaryn. Köpeýogly içimi okaýan ýaly ýere oturdy-da saçymdan aslyşdy. Edil kelleçanagymyñ hamyny ýüzüp barýan ýaly agyry duýuldy. Gözümden bolsa biygtyýar halda boýur-boýur ýaş akýardy. Hernäçe gorkymy bildirmejek bolsamam, muny nädip gizlejegimi bilemokdym. Saçymdan çekip aýaga galdyrjak bolandan, menem ony ökjeli köwşümiñ ujy bilen urup başladym. Köp urgym gowy degmese-de, şpilkamyñ çüñkli ökjesi ahyryn onuñ injigine jaýdar uruldy. Ökjäm döwüldi öýdýän. Hernäme-de bolsa, onam awundyryp bildim. Jynssyz gygyryp ýumrugyny ýüzikessir inderdi. Ýere ýazylyp gitmänkäm saçymdan tutup ýetişdi. Owurdymda gan ysy bilen birlikde döwlen dişlerimiñ yzasy duýulýardy. Men yza tesmän el-aýagym bilen dynman garşylyk görkezýärdim. Ol meni diwara pylçap uranda döwlen pilçe süñkümiñ sesi otagy ýañlandyryp gitdi. Essimden gitdim. Endamymyñ awusy janymy alyp gelýärdi. Haramzada diýsäni. Ol keýtikläp maña tarap süýşüp gelýärdi. Agzyndan çykýan hapa-paýyş sözleri zordan gulagyma ilýärdi. Onuñ çep elinde ýylpyldap giden närsäniñ pyçakdygyny bilmegim uzak dowam etmedim. "Belki, geçip barýan biri eşidäýmezmikä..." diýen umyt bilen gygyrmaga başladym. Ol adam bolsa gohuma ünsem bermän, döwülen pilçämi aýagy bilen basýardy. Güýçden gaçandyr öýtdümi nämemi, agsaýan aýagyny ýer diräp çommaldy. Men bolsa gapana düşen guş ýaly elimi hereketlendirip goranmaga çalyşýardym. Maña tarap egilenem şoldy welin, şobada ýüzünden, boýnundan, çem gelen ýerinden dyrçanakladym. Sesi meniñ sesim bilen goşulyşyp gitdi. Agyryma döz gelmän tapdan düşüp ugradym. Galgap giden pyçagy görenimde, bar zat gutardy diýip pikir etdim. Pyçak göni ýüregimiñ üstünden bat bilen indi. Çep gursagymda üýtgeşik gyzgynlyk duýdum. Endam-janyma ýaz ýagşy ýagandaky ýaly mymyjak ýylylyk ýaýrap gitdi. Ölüp barýanymy duýsamam, agyry-ynjy duýamokdym. Bu urgudan soñ diri galmagym mümkin däldi. Ol pyçagy yzyna çykaranam bolsa, ýene bary-ýogy birnäçe minutdan ölerdim. Pyçak yzyna çykmasa-da öljegim şübhesizdi. Nämeler diýip duryn men? Ölüm adama şeýlekin pikirleri etdirýärmikä? Janym aýaklarymyñ ujundan sogrulyp çykyp barýardy we men ony diñe sessizje synlamaga güýjüm ýetýärdi. Ol ör turdy. - Ajymy-süýji? Jan almak nähili eken, gördüñ dämi, jelep-pp?! - diýdi-de, gapa tarap öwrüldi. Onuñ yzyndan bakyp durşuma gapydan düşýän ýagtylygyñ ýakynlaşyp gelýändigini we meniñ üstümi örtendigini duýdum... * * * Jenaýat barada gelip gowşan habar boýunça baş komissar Aýlin Türkogly we onuñ kömekçisi Sinan wakanyñ bolan ýerine bardylar. Olar prokuroryñ beren tabşyryklaryny üns berip diñlediler we daş-töweregi gözden geçirip başladylar. Wakanyñ bolan ýerinde sähel üşügiñ bar bolsa, jenaýatçynyñ yzlaryny tapmak bolýardy. Jebir çeken pyçaklanyp öldürilipdir we hususy hassahananyñ ýanyndaky ýoluñ gyrasyna taşlanypdyr. Jemende üýşüpdi, adamlar wakanyñ bolan ýeriniñ töwereginde gyzyklanma bilen netijä garaşýardylar. Aýlin we Sinan ykjamlanyp ýatan jesediñ ýanyna ýakynlaşdylar. Jenaýat agtaryş bölüminiñ işgärleri üýşen jemendäni dargatmaga çalyşýardy. Adamlaryñ arasynda biri horkuldap aglaýardy. Ýanyndakylar onu köşeşdirjek bolup garabaşlaryna gaýdylar. Aýlin jesede golaýlaşana ganyñ we ölümiñ ysyny aldy. Jebir çeken görgüli ot-çöpleriñ arasynda arkan serlip ýatyrdy. Wyzlaşýan gök siñekler jebir çekeniñ şu gün ýa-da üç günden bärde öldürilendiginiñ yşaratyny berýärdi. Aýlin we Sinan oturyp, jebir çekeniñ endamyny gözden geçirmäge başladylar. Jeset sañ-gaty bolup galypdyr. Bu bolsa jebir çekeniñ on iki sagat çemesi öñräk bir wagtda öldürilendiginiñ alamatydy. Eger otuz alty ýa-da kyrk sekiz sagat aralygynda öldürilen bolsa, jebir çekeniñ endamyndaky ölüm gatylygy gutaryp, ýumşamaga durardy. Aýalyñ sag golunyñ çep golundan uzynlygy gözeilginçdi. Ýüzünde bolsa goñrumtyk menekler bardy. Menekleriiñ töweregi gyzylymtyk ölüm tegmilleri bilen gurşalypdy. Äñi sallanan ýaly görünýärdi. Esasy urgy çep göwsüniñ üstündäki ölüme sebäp bolup biljek derejede sapyna çenli sünjülen pyçakda bolsa gerek. Jebir çekeniñ ölen wagtyny we ölüm sebäbini sud-medisina ekspertizasynyñ beren jogaby bilen anyklap boljakdy. Aýlin jebir çekeniñ elini ony ynjytmakdan gorýan ýaly ýuwaşja ýokary galdyrdy. Onuñ dyrnaklarynyñ arasy topraga meñzeş maddalardan doludy. Bir köwşüniñ ökjesi döwlüpdir we jesediñ bir-iki santimetr gapdalynda ýatyrdy. Aýlin subutnama çemodanyna emaý bilen köwşüñ döwülen ökjesini salyp, wakanyñ bolan ýerine seljeriş geçirýän topara tabşyrdy. Ol jesedi, Sinan hem daş-töweregi öwrenýärdi. Daş-töwerekde delil bolup biläýjek islendik jisim gözden sypdyrylanokdy. Aýlin işini soñlamanka wakanyñ bolan ýerine seljeriş topary jikme-jik maglumat toplamak üçin öz işine başlady. Fotosuratlar alynyp, iñ bir ownuk yz hem siñe gözden geçiirilýärdi. Aýlin bilen Sinan wakanyñ bolan ýerine ilkinji bolup gelen polisiýa işgäri bilen gürleşip, jebir çekeniñ şahsyýetini anyklaýan maglumatlary almak üçin köpçüligiñ içine siñip gitdiler. Sinan telefon arkaly şahsyýeti heniz näbelli jesediñ maglumatlaryny alyp, Aýlini habardar etdi. Olaryñ elinde ýitirim bolan lukman barada maglumat bardy, ol jebir çekeniñ sypatlaryna gabat gelip durdy. Köpçüligiñ içinde wakanyñ bolan ýerini polisiýa işgärlerini synlap duran birtopar ak halatly lukmanlar bardy. Aýlyn olara tarap ýönelip: - Heý, arañyzdan jebir çekeni tanaýanyñyz barmy - diýip sorady. Ýaş bir gelin gözleriniñ owasyny ýaşa dolduryp jogap berdi: - Ol biziñ işdeşimiz Eda Akbulut. Biz onuñ bilen hususy hassahanada bile işleýän ýoldaşlary. Biziñ hemmämizem ony gowy görýärdik, hormatlaýardyk. Bolup geçen zatlara ynanar ýaly däl. - Ol säginen ýaly etdi-de kimdir birinden kömek soraýan deý sagyna-soluna garanjaklady: - Öññin agşam nobatçylygyny tabşyrandan soñ, ondan habar-hatyr bolmady. Menem ahyryn polisiýa ýüz tutdum. - Bir zatlar bolandyr diýip haçan şübhenelip başladyñyz? - Düýn agşama ilki kinoteatra gitmegi, soñam bileje agşamlyk edinmegi wadalaşypdyk. Telim gezek öýüne we el telefonyna jañ etdim. Ýöne trubkany galdyran bolmady. Aýal agysyna erk edip bilmän, özüni goýberdi. Beýleki ýoldaşlary gulaklaryny ýapyryp, ony diñleýärdi. Ol biraz özüni dürsäp: - Şu gün ir bilen hassahana gelenimde awtoduralgada onuñ awtoulagyny görüp dünýäm giñäp gitdi - diýdi. - Derrew onuñ iş otagyna ylgadym, emma Eda ol ýerde-de ýokdy. Kätibinden sorasam, olam görmändigini aýtdy. Bir bolmasyz işiñ bolanyny syzdym. Eda hiç haçan awtoulagyny taşlap gitmeýärdi. Gaýtadan el telefonyna jañ etdim. Bu gezek öçürilen eken. Howsalam artyp ugrady. Soñra işdeşlerimiziñ biri ýoluñ ugrunda polisiýanyñ awtoulaglaryny görüpdir. Edaranyñ zalynda birtüýsli we lapyñy keç ediji başagaýlyk başlandy. Soñra bolsa hassalara gözegçilik edýän bir işgärimiz ýoluñ añry tarapynda Edanyñ ölüsiniñ tapylandygyny habar berdi. Ynanyp bilmänem barymyzyñ şu ýere gelip durşumyz. Ol gepläp durka, ýanyndaky ýoldaşlary-da başlaryny yrap, ony makullaýardylar. Aýlin bäş adamlyk topary polisiýanyñ awtoulaglarynyñ duran ýerine tarap ugradyp, ýañky geplän aýalyñ köşeşmegi üçin oña biraz puryja berdi. Ol aýalyñ ýanyndaky üç aýal bilen iki erkek adamy siñe synlaýardy. Aýallaryñ ýüzünde howsala we ynanmazçylyk bardy. Erkekler biraz arkaýyn görünýärdi, hususanam ýañky geplän aýalyñ ýanynda duran kyrk ýaş çemesi ýaşan adamyñ özüni juda arkaýyn alyp barşy we äwmezekligi ünsi çekijiidi. Aýlin onuñ göni bäbenegiñ içine seredip: - Siz Eda hanymyñ ýokludygyny bilmediñizmi? - diýip sorady. Ol adam: - Aýalym aýdýança bilmedim - diýip, ýanyndaky aýalyñ elinden ogşady. - Ilki gije ondan habar tutup bilmäniñizde, näme etdiñiz? Aýal düşünmediksiräp, Aýline dikanlap, zordan: - Düşünmedim-le?.. - diýdi. - Soragym düşünmez ýaly däl, siz ondan habar tutup bilmäniñizden soñ näme etdiñiz? - Hiç zadam etmedim. Öýde oturdym. Belki, özi jañlaşar diýip garaşdym. Ärim daşary çykaýaly diýse-de, men öýde oturyp Edanyñ jañyna garaşdym. - A siz? Aýalyñ ýanyndaky adam duýdansyz berilen bu soraga aljyrap el-aýagyny ýitirdi. Ol Aýline gözi bilen ataýjak ýaly seredýärdi. - Daşary çykmasam bolmaýady. Meniñem dost-ýarlarym bilen etsem-goýsamlarym bardy - diýip, ýanynda duran bir adamdan haraý isleýän ýaly oña seretdi. Ol adam ynjalyksyzlananam bolsa göwni galmasyn diýýän ýaly göwünli-göwünsiz başyny yrady. - Biz biraz eglenmeli bolduk. Hepdäniñ ýadawlygyny iki bulgur nemejik içip basaýjak bolduk, soñam öýli-öýümize gaýtdyk Aýlin Sinana tarap öwrülip, onuñ belläp alan zatlaryna seretdi. Birküç ädim çete çekilip Sinany ýanyna çagyrdy we ähli atlary belläp almagy, jebir çekeniñ hossary bar bolsa olara habar ýetirmegi tabşyrdy. Soñra duranlaryñ ýanyna dolanyp: - Her kim öz işi bilen bolubersin. Kim gerek bolsa özümiz ýanyna baraýarys - diýdi. Ol ýañy özüne görkezme beren aýala garap, oña minnetdarlyk bildirdi. Jeset sud-medisina ekspertizasyna äkitmäge taýýardy. Aýlin jebir çekeniñ işlän hassahanasyna sary ýola düşdi. Mähelle bolsa kem-kemden dagaşdy... Aýlin hassahana gelen badyna gapyda oturandan jebir çekeniñ iş otagyny we awtoduralgany sorady. Gapyda duran aýal ony awtoduralga çenli getirip, soñ yzyna dolandy. Onýança Sinan hem gelip ýetdi. Aýlin wideokamera goýulan nokatlary gözden geçirenem bolsa, jebir çekeniñ awtoulagy kameranyñ gözýeterinden daşdady. Ol awtoulagyñ ýanyna baryp, eýlesine-beýlesine seredişdirdi. Awtoulagyñ öñki çep gapysynyñ öñünde gatan gan yzlary bardy. Aýlin gandaryñ arkadan gelip, aýaly gapyl basandygy çaklap, derhal wakanyñ bolan ýerine seljeriş geçirýän topary çagyrdy. El yzy we jenaýatyñ üstüne açmaga kömek edip biläýjek başga deliller tapylmagy mümkindi. Sinan jebir çekeniñ iş otagyna ýöneldi. Hassahana ir bilen günüñ näsaglaryny kabul edip başlapdy. Barýarka sud-medisina ekspertizasynyñ bilermeni Zeýnebe jañ edip, jebir çekeniñ adyny aýtdy we onuñ el yzyny, anyklanan beýleki aýratynlyklaryny seljeriş tamamlanmadyk bolsa-da, gyssagly habar bermegi haýyş etdi. Şepagat uýasyny ýanyna tirkäp, Edanyñ iş otagyna girende, onuñ ilki gözüniñ düşen zady lukmanyñ hatara goýlan hormat hatlary, sylag-serpaýlary boldy. Dört diwaryñ biri tutuşlaýyn hormat hatlaryndan we sertifikatlardan doludy. Stoluñ üsti arassa we rejelidi. Stolda kiçijik ramkanyñ içinde ýylgyryp duran garry aýal bilen ýaşuly adamyñ suratyndan başga zat ýokdy. Aýlin şepagat uýasyna garap: - Näçe ýyldan bäri Eda hanym bilen işleýärsiñiz? - diýdi. - Ýedi ýyldan bäri, ýoldaş komissar. - Iñ soñky nobatçylyk güni gördüñizmi? Onda haýsydyr bir üýtgeşiklige gözüñiz düşdümi? - Men ony iş wagtyndan daşary goşmaça işlän wagtymda görüpdim. Nobatçy bolansa men bärde dälde däldim. Eda hanym hemişeki bolşy ýalydy. Näsag çagalaryñ ýagdaýyny soraşdyrdy, etmeli işlerini edişdirdi. Keýpi-de gowudy. Meniñ gözüme-hä, hemişeki bolşy ýaly göründi. Hiç hili üýtgeşiklik duýmadym. - Hany, gowja pikirleniñ. Şol gün ýanyna gelenler bilen onuñ arasynda düşünişmezlik ýa-da şoña meñzeş bir zatlar bolup geçdimi? - Eda hanym hassahanamyzyñ iñ hormatlanýan lukmanlaryndandy. Men häzirem bolup geçen wakanyñ hakykatdygyna ynanyp bilemok. Oña kim duşmançylyk edip bildikä? - Menem şu soragy size berýän-dä. Aýratynam näsaglar bilen tersleşip dagy eden däldir-ä? - Ýok, beýle zat bolanok. Bolan bolsa men bilerdim. - Düşnükli. Siz şonda-da soñky gelen näsaglaryñ arasynda ölüm bilen gutarany bar bolsa, şol näsagyñ hossarlarynyñ atlaryny we ýaşaýan ýerleriniñ salgysyny beriñ. Jenaýatyñ üstüni açmak üçin bular gerek bolar. Seret, jigim, birden näsagyñ hak-hukuklary, pylan-pysmydan diýip kellämi agyrdyjy bolmagyn. Eger bökdençlik döretseñiz prokurdan idin alman etjegimi ederin. Ynan, bu aýdýanym siz şu otagyñ içinden çykmanka boljagyna gözüñ ýetsin. Birem size şu habary ir bilen ýetiren işgäriñizi bärik çagyryñ. Gepini gutaran Aýlin gapa ýöneldi. Sinana jañ etdi. Onuñ nirede näme işläp ýörendiguni soramakçy bolandan, awtoduralgadalygy ýadyna düşdi we kärdeşini Eda hanymyñ otagyna çagyrdy. Soñra şepagat uýasyna ir bilen gören bäş lukmanynyñ atlaryny berip, olaryñ bärik çagyrtdy. Şepagat uýasy ýeke agyz geplemän otagdan çykdy. Aýlin eline ellik geýip, gaýtadan stoluñ başyna geçdi. Gyzyl sahaply bloknodyñ sahypalaryny agdaryp başlady. Näsaglara degişli ownuk-uşak bellikler, sahypanyñ aşaklarynda bolsa ýylgyryp duran ýa-da belläp alan maglumatyna görä gussaly smaýlikler çyzylandy. Gapy kakyldy. Aýlin gözden geçirip duran sahypasyny ýitirmezlik üçin stoluñ üstünde duran bir galamy alyp, arasynda goýdy. Gapy açylyp, añyrdan ýüzi nurana, görmegeý ýaş oglan girdi. - Meni çagyran ekeniñiz, ýoldaş komissar. Ol salamlaşmak üçin elini uzadyp, Aýliniñ dik garşysynda sömelip durdy. Aýlin oña oturmak üçin oturgyjy görkezdi. - Adyñyz we işiñiz?.. - Adym Rejep Dogmaz. Dört ýyl bäri şu hassahanada näsaglara serediji bolup işleýärin. - Eda hanyma garşy bolan jenaýatyñ üstüni açmak boýunça işleri men alyp barýaryn. Şu gün irden näme gören bolsañyz, iñ ownuk jikme-jikliklerine çenli aýtsañyz, bize uly kömek etdigiñ bolardy. - Ýoldaş komissar, men sizi tanaýaryn. Siziñ bu jenaýaty haýal etmän açjakdygyñyza ynanýaryn. Ýaş ýigit hamana hiç zat bolmadyk ýaly özüni diýseñ arkaýyn alyp barýardy. Ol gözüni gyrpman Aýline seredýärdi. - Ýaman arkaýyn görünýäñ, Rejep? Soraga birhili bolan ýigit boş gözler bilen bir pursatlyk Aýline dikanlady. - O näme diýdigiñ boldy? Hawa, arkaýyn men, ýagdaýym gowy. Ýañky arkaýynlygyndan nam-nyşan galmadyk ýaş ýigit aljyraññylyga düşdi. Sag eliniñ üstüni çep eli bilen ýapdy. - Ünsümi çekdi, sag eliñizi näme üçin bukduñyz? Ýagdaýyñyz gowumy özi? - Siz Eda hanym barada soramaly dälmi? Elim sizi näme üçin beýle gyzyklandyrdyka? - Soragyma sorag bilen ýüzlenseler halamok. Indi sen maña jogap ber. Eliñe näme boldy? Rejep elini ýokary galdyryp: - Pamuk atly... ýyrtyjy... ýagny bir pişigim bar. Birki gün öñ elimi dyrnaçaklapdy. Şo biraz gijeýär, menem gaşamajak bolýan-laý... Ýene gapy kakyldy. Aýlin içerik giren Sinana gapyny açyk goýmagy tabşyryp, gaýtadan ýaş ýigide ýüzlendi: - Dowam et, diñleýän. - Irden nobatçylygymy tabşyrandan soñ, köçäniñ garşy tarapyndaky duralga tarap ýöräp barýardym. Birden gözüme bir zat ildi. Hamana biri meýdana geýim-gejim taşlap giden ýaly göründi. Çöp-çalamlaryñ arasynda nämäniñ ýatandygyny seljermek kyndy. Ýolum bilen boluberjegem boldum, ýöne bilesigelijiligim rüstem çykdy we ýatan eşige tarap ýöneldim. Golaýlaşanymda onuñ adamdygyny görüp, näme etjegimi bilmedim. Gorkdum. Biygtyýar ýatan adama tarap ýöräp başladym. Belki-de kömege mätäçdir diýip ädimimi çaltlandyrdym. Emma ýatanyñ Eda hanymdygyny görüp, el-aýagymy ýitirdim. - Ol sägindi, uludan demini alyp, ýene sözüni dowam etdi: - Ilki hassahana, soñam size jañ etdim. - Jebir çekene eliñizi degirdiñizmi? - Hawa, pulsuny barladym, ýöne eýýam ölendigine göz ýetiripdim. Çünki Eda hanymyñ bedeni gatap giden eken. Soñra adamlar üýşüp başlady. Ilki Aýkut lukman we onuñ aýaly Selma geldi. Selma hanym Eda hanymyñ ýakyn jorasydy. Olar gowy gatnaşýardylar, hatda onuñ oglunyñ operasiýasynam Eda hanym edipdi. Aýkut halypa Selma hanymy zordan saklaýardy. Selma hanym elde-aýakda duranokdy. Ol adamsynyñ gujagyndan sypyrylyp Eda hanymyñ ýanyna geldim. Men onuñ gözýaşa boglup durşuny görüp we agy sesini eşidip erbet boldum. Ondan soñam hassahanyñ ähli işgärleri geldi, siz geldiñiz. Ynha, meniñ bar bilýänim şulardan ybarat, ýoldaş komissar. - Oglunyñ näme keseli bardy? - Aslynda gorkuly zady-da ýokdy, diñe zuby bardy. Ýöne operasiýa bolup durka näsagyñ ýüregi durdy. Bu şowsuz hadysa Eda hanyma juda agyr degdi. Hatda psihologdan bejergi hem aldy. Çaganyñ ähli barlaglary gowy çykdy, ýöne çaga operasiýa wagtynda elden gidipdi. Aýkut halypa bu wakadan soñ ony günäkärledi, Selma hanymyñ hasratyna Eda hanymy-da şärikdeş etdi. Joralar bir-birlerinden hiç aýrylmadylar. Olaryñ dostlukly gatnaşygyny hassahanada bilmeýän ýokdy. Näsaglary we hemmeleri güler ýüz bilen garşy alardy, uly-kiçi hemmeler bilen mylakatly gürleşerdi. Wah, nätjek-dä, mañlaýynda bardyr neressäniñ. Beýle güne düşmeli aýal däldi. - Eda hanyma howp salýan ýa-da onuñ arasy ters düşen biri barmydy? - Meñ bilşimçe-hä ýokdy. - Aýkut beg bilen arasy nähilidi? Erbet däldi. Ýöne Aýkut halypa aýalyndan başgalara sowuk çemeleşýär. Onuñ ýylgyranyny dagy az-az adam görendir. - Bolýa, gidip bilersiñ. Eger haýsydyr bir zat ýadyña düşse, haýal etmän bize habar ýetir. Derñew döwründe bizem gaýtadan seni gereklemegimiz mümkin. Şäherden dagy çykak bolsañ, bizi hökman habardar et. Oturan ýerinden turan Rejep gapa tarap ýöneldi. Soñra bir zat ýadya düşdümi nämemi, yzyna öwrülip: - Bir minut - diýdi. - Bir zat ýadyma düşdi... Irden nobatçylygy tabşyrmankam Eda hanymyñ telefonuna jañ gelýändigini koridordan duýdum. - Nädip onuñ telefonudygyna beýle ynamly kepil geçip bilýärsiñ? - Sebäbi Edanyñ telefonundaky saz onuñ kakasynyñ çalýan sazydy. Telefon şu otagda gygyrdy. Şondan ynamly gürleýärin. Ol hamana telefony tapaýjak ýaly otaga birlaý göz gezdirdi. Aýlin oña gidiber diýensoñ, kiçijik çaga ýaly ýüzüni sallap çykyp gitdi. Aýlin bilen Sinan otagyñ içini dörmäge başladylar. Wakanyñ bolan ýerine seljeriş toparyna-da til kakyldy. Aýlin resminamalaryñ duran çekerinse aýdylan telefony tapdy. Telefon öçükdi. El yzy tapylar diýen tama bilen ony subutnama çemodanyna oklady we Sinana ýüzlenip: - Ýeri, sen näme pikir edýärsiñ gandarymyz hakynda? - diýdi. - Men-ä ganhoryñ şu golaýdan biridigine ynanýaryn. Elimizde näme bar: ölen bir çaga, jebir çekeniñ ýakyn jorasy we ýüregi sowuk ata. Jenaýatkär şu çaganyñ kakasy bolaýmagy gaty ähtimal, ýoldaş komissar. - Bolup biler. Ýöne meniñ pikirimçe jebir çekeniñ köwşüniñ ökjesiniñ döwükligi ekspertizadan bärde biziñ elimizdäki iñ uly ýüpujy. Sebäbi jebir çeken ol ökje bilen ölüm pursatynda gandarynyñ haýsam bolsa bir ýerine uran bolsa, onda jenaýatkärimiz ýaraly. Hernä, urgy onuñ eline ýa aýagyna degen bolsun-da! Eger göwresiniñ ýokarky bölegine gabat gelse, ekspertizanyñ jogabyna garaşmaly bolarys. Häzir otaga girip çykýanlary, çykanda-da, zalyñ ugrunda-da gözüñden sypdyrma. Jenaýatçy akylly bolsa biziñ ýanymyzda syr bildirmez, ýöne otagdan çykansoñ arkaýynlaşyp, agsamagy ýa-da goluna bakmagy mümkin. Birem gelýänleriñ boýnuna we ýûzüne, eline üns ber. Jebir çekeniñ dyrnaklarynda topraga meñzeş ýokundylar bar, ony eýýäm barlagdan geçirendirlerem. Diýmek, gelen her şübheliniñ bize görünýän synasyndan dyrnak yzlaryny gözlemek gerek. Jenaýatkäriñ şu ýerdeligine menem ynanýan. Ol awtoulagyñ duran ýeriniñ awtoduralgadaky wideokameralaryñ gözegçilik çäginden daşdalygyny gowy bilýär. Awtoduralanyñ duran ýeri hiç ýerden görnenok. Gürrüñsiz, ol jebir çekeni yzarlapdyr. Işimiz şowlasa, jenaýatkäri jeset ekspertizadan çykmanka ele salmagymyzam ahmal. Sinan, sen gözüñi goşalap aç. - Awtoduralgadan tapylan gan owuntyklar bilen bile edil onuñ arka tarapyndan bir çogdam gara saç bölegi hem tapyldy. Belkäm olam awtoulagyñ eýesine degişlidir. Wakanyñ bolan ýerine seljeriş geçirýän topar bar bolan ähli delili toplady. Edil şol wagt Sinanyñ telefony gygyrdy. Wakanyñ bolan ýerine seljeriş geçirýänler işini dynyp, Eda hanymyñ iş otagyna tarap gelýändigini habar berdiler. Aýlin bilen Sinan zala çykyp, şepagat uýasynyñ oturan ýerine bardylar. Aýlin oña: - Bize aýratyn bir boş otag gerek boljak. Häzir seljeriş topary gelmeli. Selma hanym we onuñ ýoldaşlary bilen gürrüñdeşlik geçirmeli. Siz näsaglarynyñ sanawyny taýyn etdiñizmi? - Sag tarapdaky şu otaga giräýiñ. Sanawy häzir çykaryp bolýan, azajyk galdy. Gelýän näsaglary kabul etmeli bolansoñ, biraz gija galmaly boldy. - Siziñ ilkinji etmeli işiñiz näsaglaryñ sanawyny çykarmak, hormatly hanym! Meni zorluk ulanmaga mejbur etmäñ. On minudyñ içinde taýýar bolsun. Eda hanymyñ şu golaýda näçe näsagy ölüpdir? Şol wagt çagyrylan bäş lukmanam zalyñ ugrunda göründi. Sinan bar ünsüni şolara tarap gönükdirdi. Aýlin bolsa şepagat uýasynyñ stolunda daşy çarçuwalanan iki sany surata üns berdi. - Siziñ gyzyñyzmy? Şepagat uýasynyñ ýüzi üýtgäp gitdi. Gözleriniñ owasy ýaşdan doldy. Pyşyrdap diýen ýaly: - Hawa, meniñ gyzymdy... - diýdi. - "Gyzymdy..." diýmek bilen? - Häzir däl. Ol üç ýyl öñ rak keseli zerarly aradan çykdy. Aýlin säginen ýaly etse-de, ikinji suraty eline alyp, synlamaga durdy. Şepagat uýasynyñ ýüzi hasam boz-ýaz boldy. Ol surat indi diñe ýatlama bolup galypdyr we her seredeniñde hasratyñy gorjalamakdan başga zada ýaranokdy. Suratdaky adamyñ esger saçy ýaly kiçeldilen gür gara saçy, ýylgyryp durşy içýakgyç görünýärdi. Şepagat uýasy sanawy taýýarlap Aýline berende, Sinanam gelenleri ýeke-ýekeden çagyryp, sorag edýärdi. Aýlin sanawdaky üç adama ünsi düşdi. Birinjisi şepagat uýasynyñ döşündäki ýazgyda duran familýany göterýärdi. Ikinjisi Aýkut we Selma Duraklaryñ oglunyñ adydy. Iñ soñky bolsa alty ýyl öñ awtoulag heläkçiliginde ýeke galan bir çaganyñ edilen ähli bejergilere garamazdan halas etmek başartmandygy ýazylan ýazgydy. Aradan çykanlaryñ sany jemi bäşe ýetýär. Aýkut şepagat uýasyna: "Adamyñyzy hem çagyryñ. Haýyş edýärin, ony şu ýere çagyryñ" diýdi-de, jogana garaşman, sorag edilýänleriñ oturan otagyna girip gitdi. Gelen bäş adamyñ düşündirişi alyndy, olaryñ her bolşy ünsden sypdyrylmasa-da, şübhelener ýaly hiç hili delil orta çykmady. Aýkut Durak sowukganly we lapykeç haly bilen şübhelileriñ iñ başynda durdy. Ýöne ony jenaýatçy diýip yglan eder ýaly hiç hili delil ýokdy. Gapy kakyldy. Şepagat uýasy adamsynyñ gelendigini mälim etdi. Aýlin bärdäki etmeli işleri Sinana tabşyryp, daşart çykdy. Şepagat uýasynyñ stoluna golaýlaşanda, onuñ adamsy bilen wakyrdaşyp gülenlerini gördi we ini jümşüldäp gitdi. "Bu gün bir bendäniñ ganyna galypdyrlar, belki bu adam jebir çekeni tanaýanam däldir. Ýöne ölen görgüli şepagat uýasynyñ işdeşi ahyryn. Adamlara näme bolýarka? Indi ölä-de hormat-sylag goýanoklar". Aýlin bu pikirleri kellesinden kowup çykarjak bolýan ýaly elini kellesiniñ üstüne basdy. Şol wagt gelen adam Aýline elini uzadyp, özüni tanatdy: - Men Gökhan Aý. Çagyran ekeniñiz, ýoldaş komissar. Näme üçindigini bilmesemem bejit gelendirin. Aýalym Eda hanym barada aýdanda, gaty gynandym. Özüni onçakly tanamok, ýöne hiç kimem beýle ölüme rowa däl bolsa gerek. Haýp, bolmandyr. Ol şeýle diýip, Aýliniñ elini berk gysdy. Onuñ elindäki ýüzi gatap başlan sypjyryk yzlary Aýliniñ bada-bat ünsüni çekdi. - Eliñize näme boldy? - Düşünmedim, ýoldaş komissar? - Düşünmez ýaly zat beren soragymda? Eliñiziñ üstündäki sypjyrygy gaýgy etdim, biraz çuñurak göründi. Näme boldy? Ol adam aýalynyñ stoluna tarap öwrülip, oña seretdi. Derledi. Aljyrady. Aýlin indi howsalanyñ we aljyraññylygyñ ysyny on metrden alyp bilýärdi. Şepagat uýasynyñ adamsy garaşylmadyk soragyñ garşysynda aljyrap galdy. Ikilenç gürläp başlanda, onda eýýäm az salym öñ gürleýşi ýaly arkaýynlyk ýokdy. - Nirede bolandygy ýadyma düşenok. Megerem bagda gülleriñ aşagyny çyrpyşdyryp ýörenimde bolan bolmaly. - Sentýabryñ ahyrynda gül çyrpýañmy? Henir ir dälmi? Güýz soñlanansoñ çyrpsañ gowy bolmazmydy? - Bu ýyl sowuk ir düşjek öýdýän, ýoldaş komissar. Şonuñ üçin ýagyş ýagmanka dynjak boldum. Onuñ aljyraññylygy barha artýardy. Elini nirä sokjagyny bilmeýän, eýläk-beýläk hallan atdyrýardy. Aýlin onuñ bu bolşuny gözden salanokdy. Ol birdenkä yzyna öwrülip Sinanyñ otagyna tarap gaýtdy. Duran kişi näme bolandygyna düşünmän, Aýliniñ yzyndan seredip galdy. Aýlin duýdansyz yzyna öwrülip: Haýyş edýärin, Gökhan beg, meniñ yzyma düşüñ - diýip, onuñ ädim ätmegine garaşdy. Edil çaklaýşy ýalam, ol adam agsap ýöreýärdi. Aýliniñ öz aýagyny synlaýandygyny görüp: "Iki gün öñ bagda işläp ýörkäm kiçeñräk şikes ýetipdi" diýenem bolsa, onuñ sesi we ýüzi ýalan sözleýändigini aýdyp durdy. Ýüz-gözüni sypajakladyp, aýalyndan haraý isleýän ýaly oña tarap öwrüldi. Onuñ özüni alyp barşy ähli zadyñ üstüni açýardy. Aýlin oña tarap dogry ýöneldi-de: - Sizi Eda Akbuluty öldürmekde aýyplap tussag astyna alýaryn. Aklawjyñyzy çagyryp bilersiñiz - diýip, el gandallaryny çykardy. Aýaly şol wagta çenli ümsüm duranam bolsa, indi dady-perýat etmäge başlady. - Saña näçe gezek aýtdym, gyzymyzyñ ölüminde lukmanyñ hiç hili günäsi ýok diýip Näçe doktor birden giripdi ahyryn operasiýa. Näme üçin beýtdiñ, hä, näme üçin? Meni-de bu jenaýata şärik etdiñ. Hany, telefony meniñ yzymdan geleñde awtoduralgadan tapdym diýmänmidiñ? Ýalançy! Men indi näme etsemkä? Seniñ öldürendigiñi güman etsem bolmaýamy diýsene. Muny näme üçin kelläme aýlamadymka, näme üçin? - diýip gursagyny ýumruklamaga başlady. Ýumruklaý-ýumruklaý ysgyndan gaçybam ýere ýykyldy. Ol özünden gidipdi. Şol wagt Sinan daşary çykdy. Ol ekspertizadan gelen ilkinji maglumatlara göz gezdirdi. Jebir çekeniñ köwşünden tapylan gan başga birine degişlidi. Dyrnagyñ aşagyndan alnan toprak owuntyklarynyñ içindenem adamyñ hamynyñ ownuk bölekleri tapyldy. Iki maglumat bir-birine gabatlaşýardy. Jenaýat çepbekeý biri tarapyndan amala aşyrylypdyr. Pyçagyñ arka tarapy şikesiñ çep tarapyna bakan uzaýardy. Ilkinji maglumatlar bary-ýogy şulardan ybarat bolsa-da, jenaýatkär eýýäm tora düşüpdi. Otagda oturan lukmanlar kömege geldi. Şepagat uýasyny-da aýratyn otaga gabap goýdular. Aýlin onuñ bilen gürrüñdeşligi ertire goýdy. Jenaýatkär bolsa şol bir sözi gaýtalap durdy: - Onuñam janynyñ ýanmagyny isledim... Aýlin bilen Sinan jenaýatkäri öñlerin salyp hassahanadan çykdylar. Adam perzent awusy bilen erk-ygtyýaryny elden giderip bilermikä? Ýogsam bolmasa, lukman görgüli şowsuzlyga uçrandygyna garamazdan, ýaşamakdan umydy üzlen çagajyga ömür bermek üçin operasiýa giripdir ahbetin. Aýlin: - Munuñ öz ölmüne sebäp boljakdygy ýatsa-tursa kellesine-de gelen däldir - diýip, içki pikirini daşyna çykaranyny duýman galdy. Hünär mukaddesligi diýen zat hiç zatça görülmändi we bir adam iş üstünde nähak öldürilipdi. Aýlin çarhypelegiñ aýlanşynyñ täsinligine ýene-de bir gezek geñ galyp, sentýabryñ sowuk şemalyna ýüzüni tutdy. Agşam düşüpdi. Şeýtan ýene-de bir bigünäniñ janyna kast etjek birine musallat boljak ýaly bolup görünse-de, ol bu ýerde gandaryñ öz alyna düşmeýänligini, adamyñ diñe öz içki kitüwiniñ ýesiri bolup bu gabahatlygy edýänligini demir gözenekleriñ añyrsynda telim gezek añynda aýlasa-da, aslynda ýok wyždanyny oýaryp bilmejegini bilenokdy. Nurhan YŞKYN. Terjime eden Has TÜRKMEN. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |