MUHY BAGŞY
Halkyň ruhy gymmatlyklaryny aňzakly gyşda, tomsuň örküjinde ýurdumyzyň dürli-dürli künjeklerinden arman-irmän dilewar adamlaryň dillerinden ýazyp alan mirasgärler barada onlap-ýüzläp makalalar ýazyldy, neşir edildi. Emma şol mirasy akyl sandyklarynda aýawly saklap, hazyna toplaýjylara hem halka ussatlyk bilen gürrüň berýän aýdyjylar hakynda agyz dolduryp aýdar ýaly iş az. Gürrüň şol aýdyjylaryň biri hakynda.
Hazyna toplaýjylaryň Sarahsa düşüp Muhy bagşynyň gapysyny kakmadygy ýok bolsa gerek. Muhy bagşy diňe bir ajaýyp sazlary, aýdymlary bilen halkyň gulagyny gandyrman, ol halkyň söz baýlygyny gyzylyň gyryndysy ýaly edip,bütin durky bilen özünde saklaýan janly hazyna. Şol hazyna akyl ýetirmek üçin TYA-nyň Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasyny ýeke-ýeke agtaryp olardan dag ýasap oturman, iki sany uly alymyň halk baýlygynyň gadryny bilýän Muhy bagşydan ýazyp alan uly mirasy käbir zatlary aýtmaklyga mümkinçilik berýär. Muhy bagşynyň dilinden ýazylyp alnan ol gymmatlyklar TYA-nyň Milli golýazmalarinstitutynyň, golýazmalar hazynasynyň ençeme çeşmelerinde saklanýar. Olar bagşy hakda, saz hakda, türkmen halkynyň ajaýyp ogullary, söz sungatynyň ägirtleri hakda. Türkmen halkynyň milli häsiýetleri, däp-dessurlary, adamkärçilik, ynsanperwerlik sypatlary hakda.
1958-1959-njy ýyllarda alym Kakaly Berkeliýew, filologiýa ylymlarynyň doktory G.Nazarow1964-nji ýylda Sarahsda (öňki „Leningrad“ kolhozynda) bolup,ondan türkmen folkloryna we nusgawy edebiatyna degişli biri-birinden gyzykly, tematikasy taýdan möhüm edebi çeper eserleri, ýatlamalary, taryhy maglumatlary ýazyp alypdyrlar.
Türkmen halkynyň baý durmuşyna, gylyk-häsiýetine, onuň ruhy hazynasyna, saz sungatyna belet Muhy aganyň edip berýän gürrüňleri, aýdýan aýdymlary beýik dagdan merjen däneleri ýaly lowurdap hem ajaýyp mukama meňzäp owaz edip şaglap gaýdýan çeşmä meňzäp kalbyňa ornaýar, ony galkyndyrýar. Ondan goýup bolmaýar. Mirasgärleriň ikisem, bu ajaýyp sazanda bagşy bilen duşuşyklarynda ses ýazýan serişdesiz barandyklaryna ahmyr edipdirler. Abyt işanyň Buhara kazysy baradaky bir rowaýatyny (bu rowaýaty Kakaly Berkeliýew hem ýazyp alypdyr) bagşynyň dilinden ýazyp alyp otyrka, Geldi Nazarow şeýle bellik edipdir: „Ýazmaga ýetişip bolmady. Adamlar onuň aýdyşyna gülşüp hezil etdiler, kese ýykyldylar. Ol artist ýaly edip aýtdy. Men aňkaryp galaýypdyryn. Ýöne magnitofon äkidip ýazmaly eken. Edil bir perdeli komediýa edip sahnalaşdyraýmaly edip aýtdy. Muhy bagşy oglan ýaly gaty göwniaçyk adam eken“. Bu janly sahnany döreden 85 ýaşly Muhy aga eken.
A.N.Samoýlowiç „Janly gadymyýet“ diýen işinde Muhy bagşy we kakasy Aman bagşy barada şeýle maglumat beripdir. „Türkmen saz eserlerinden Sarahsda eden ýazgylarymyň aglabasyny ajaýyp we sençe sazanda bolan Muhy bagşy Aman bagşy oglundan (Muhynyň doly ady şeýle) ýazyp aldym. Muhy bagşy öz döwründe diýseň meşhur bolan we gelip çykyşy boýunça ükürjikli tiresinden bolup, 1895-nji ýylda Mary-Sarahs ýolunda ýogalan Aman bagşynyň ogludyr“ diýip ýazýar. Yzyndan alym Aman bagşynyň artistlik ukyby bilen baglanyşykly şeýle ajaýyp setirleri galdyrypdyr. „Maryly tekeleriň otamyş (utamyş) böleginden bolan Aman bagşynyň ýeke özi bir gezek şular ýaly çylşyrymly sahnany ýerine ýetirdi. Armyt şekilli uzyn hem ullakan kädini aldy-da daşyna alabeder ýaglyk orap, ony goja meňzetdi we äri eýrana giden salyr aýalyň keşbine girip, çagany elinde allalap başlady. Ol käte salyr şiwesinde gepleýän aýalyň sesi bilen hüwdi aýdýar, arasynda köşeşmän aglaýan çagasyna haýbat atýar, käte bolsa hakyky çaga ýaly aglaýar. Ine-de, salyr zenanynyň adamsy dolanyp gelýär, ol ýadow, aç, aglap oturan ogluny görüp aýalynyň üstüne gygyrmaga başlaýar. Aýaly oňa gaýtawul berýär. Çaga-da aglap duranok. Bu ýerde öýkünjeň bir wagtyň özünde üç keşbi ýerine ýetirmeli boldy. Ahyrsoňunda adamsy aýalyny urýar, ol bolsa äriniň sakgalyndan ýapyşýar, we tüýdüm-tüýdüm edip ütmäge durýar. Bu sahnany başdan-aýak, esasanam, soňuny Aman bagşy edil hakyky artist ýaly diýseň, çynlakaý, janly we yhlas bilen ýerine ýetirdi. Bize mälim bolşy ýaly, dramanyň şundan zyýada ýagdaýy türkmenlerde ýok“. Bu sahnany uly alym Muhy bagşynyň aňyrsynda özüne, ussatlygyna täsir eden Aman bagşy ýaly ussadyň durandygyny tassyklamak üçin alypdyr.
Muhy aganyň aýdyp berýän gürrüňleriniň hemmesi, ynsanperwerlik, halallyk, sapýüreklilik, kiçi göwünlilik, sahylyk bilen bagly. Bu ýagdaýda olary höwes bilen diňlemezlik, öwrenmezlik mümkin däl. Halal gazanç edýän, onam dost-ýarlary bilen paýlaşyp iýýän, ussahakyndaky, adamkärçiligi, ynsanperwerligi bilen alkyş alyp uly baýlygyň hormat-sylagyň eýesi bolýan, söwdagär hakyndaky ertekisini-de mirasgäre Muhy aga 1959-njy ýylyň 18-nji fewralynda aýdyp beripdir. Sorag-jogap bilen hem gunt düşen ýaly pikirleri ündeýän kyssa eserlerini-de halkyň arasyndan tapyp, ony sazyny soňlanda aýdyp goýberýän Muhy aga giden bir hazynany kellesinde saklapdyr. Ol hatda halkyň arasynda manysy düşnüksizdir oý eden sözlerini-de bek belläp, olar hakda-da gyzykly gürrüňler berer eken. Semender hakynda ol mirasgäre şeýle gürrüň beripdir:
„Semender“ diýen bir guş barmyş. Ol ömrüni çöp çekip geçirermiş, çöpden depe ýasarmyş. Ömrüniň durkuna-da şonda bir ýumurtga guzlarmyş. Oňa seredip-seredip ahyrda-da agzyndan ot çykarmyş. Özi we ýumurtgasy ot alarmyş. Külüň içinde ýene-de bir semender peýda bolarmyş“.
Muhy bagşy mirasgäreaýratyn hem bagşylar, sazandalar, olaryň terjimehallary bilen bagly gyzykly-gyzykly gürrüňleri beripdir. Ol Şükür bagşyny 97 ýaşynda görüpdir. Nobatnyýaz barada bolsa şeýle gürrüň beripdir. „Bagşylaryň iň halypasyna Nobatnyýaz diýer ekenler. Ol öz döwründe bilbil adyny alan özi hem mundan 150 ýyl (1959-njy ýylyň gürrüňi) ozal bolup geçen adam. Köplenç ilden öwrenip aýtmandyr. Özi şahyr eken“. K.Berkeliýew bu ýerde Muhy bagşynyň aýdanlarynyň juda hakykatlygyny tassyklamak üçin, Nursähet bagşynyň Nobatnyýaz bilen baglanyşykly eden gürrüňini mysal getiripdir. „Köne bagşylar gürrüň edýärler, bir wagtlar Nobatnyýaz, Aly bagşy, Kör Gojaly dagy Ürgenç bagşynyň (aýal bagşy) üstüne baranlarynda Nobatnyýaz oňa „essalawmaleýkim“ diýenden ony, tanamaýan aýal „Amanmy Nobatnyýaz“ diýip onuň salamyny alanmyş. Töweregindäkiler geňirgäp„muny nireden tanaýaň?“ diýenlerinde, aýal bagşy: „Onuň sesi perdäniň içinden çykdy“ diýip jogap beripdir.
Muhy aga mirasgärlere Nobatnyýazyň şägirdi Jepbar bagşy, Oraz Salyr, Weýran bagşy (Nobatnyýazyň halypasy) Kör Gojaly, Gara Baýry, Anna bagşy, Girman bagşy, Gylyç bagşy (Nobatnyýazyň ogly), Aly bagşy barada gyzykly gürrüňler beripdir.Galyberse-de, K.Berkeliýew Muhy bagşynyň terjimehalyna degişli gymmatly maglumatlary-da onuň özünden ýazyp alypdyr. Mirasgäriň şol ýazgylaryna görä, Muhy bagşynyň atasy Aman aga hem dutar ussasy, hem bagşy bolupdyr. Muhy aga atasyndan 11-12 ýaşarynda galansoň, hernäçe öwren diýse-de atasynyň hünärini öwrenip ýetişmeýär. Muhy bagşy 1880-nji ýylda dünýä inýär. Ol 14 ýaşynda dutar öwrenýär. „Şondan bäri men iliň arasynda bolýaryn“ diýip, höwes bilen gürrüň beripdir. Ol hakykatdan hem toý-tomaşalarda aýdym-aýdar eken. Bagşy 1928-nji ýylda radio çagyrylýar. Dört ýyl döwlet teatrynda türkmen sungatynyň pälwanlary Aman Gulmämmedow, Alty Garlyýew bilen işleşýär. Soň ol dürli-dürli ýerlerde işleýär, ýaşlaryň arasynda-da bolup ençeme şägirtleri ýetişdirýär. Muhy aga Oraz Salyr bilen-de işleşen adam eken. Ol 1937-nji ýylda Moskwada Oraz Salyr aýdym aýdyp, ýazga geçirende („Elden gider, „Ýok meniň“. „Aýlansam“) gapdalynda dutarda sazyny çalypdyr.
Muhy bagşy mirasgäre „Baba sen“, „Aýlansam“ goşgularynyň döreýşi bilen baglanyşykly gyzykly wakalary gürrüň beripdir. Meselem, „Aýlansam“ şeýle döräpdir: Molla Püri Abam ogly, Mollamurt hem öýlenenine ýaňy üç gün bolan Sähet işan üçüsi Daşkende okuwa iberilipdir. Şonda goşgyny ýaş gelninden jyda düşen Sähet işan düzüpdir. Iki bent mysal:
Söwdügim açylan bagda bir gül sen,
Bagda açylan gülleriňden aýlansam.
Hyzmatyňda misli bendiwan gul men,
Diý söwdügim, gözleriňden aýlansam.
Söwdügim egniňde ol ýaşyl al bar,
Çykma ilde ýaman göz bilen dil bar,
Bagyňda açylangyrmyzy gül bar,
Bagda bilbil gülleriňden aýlansam.
K.Berkeliýew Muhy bagşynyň „Görogly“ şadessanyny, „Şasenem Garyp“ dessanyny-da kyssasy bilen aýdyp berýändigini nygtapdyr. Ýogsam ol etraplarda dessan aýtmak kän ýörgünli däl. Ol diňe bir Mollanepesiň, Magtymgulynyň, Keminäniň eserlerini däl, Nowaýynyň, Fizulynyň goşgularyny-da ýerine ýetirmäge ussat eken. Galyberse-de, bagşy Boýnyýogyn (Aýlar han) bilen Nobatnyýaz Saýylynyň gatnaşygy, Saýylynyň Aýlar hana bagyşlap ýazan, şu günki günlerde hem bagşylaryň dillerinden düşmän gelýän „Seniň gözleriň-gözleriň“, „Apat“ we gyz bilen aýdyşygynyň döreýşi hakynda mirasgäre aýdyp beripdir. Aýlar han saryklaryň bilbili Nobatnyýaza toýda aýdan aýdymlary üçin halat ýapsa-da, ol bagşa ýüz bermändir. Saýyly muňa gahar edip, ony Ýagmyr diýen bir ýigitden gabanyp, Boýnyýogynyň bosagasynda şu setirleri döredipdir. Gyz jogap beripdir.
Nobatnyýaz:
Eý, ýaranlar ajapbune zamana,
Zamana neýlesin, päli ýamana,
Ýagşy ötüp, döwür galdy ýamana,
Bilbil uçup, gül degresin zag aldy.
Boýnyýogyn:
Boýnyýogyn aýdar, bu nä käýişler,
Yşgyň söwdasynda har boldy başlar.
Bagda mesgen tutmaz biçäne guşlar,
Sen bilbil sen, zagdan heder eýleme!
Saýyly Aýlar handan öýkeläp Ahala gidýär. Elbetde, gutarylmadyk terjimehal häsiýetli bu dessanyň aňyrsynda anyk waka ýatyr. Şol döwürde Saýylynyň myhman bolan obasynda bir barly aýal uly toý tutýan eken. Myhman ýeri onuň bilen gatnaşmansoň, Saýyly öý eýesiniň islegi bilen, toýa gitmän, daşarda agaç sekiniň üstünde aýdyma başlaýar. Aýralyk oduna tutaşyp, mähriban obasyny, Aýlar hany ýatlap, Saýyly dutaryň kirşini barha dartypdyr. Ýaş bagşynyň dury sesi, toý märekesiniň depesinde ýaňlanyp başlaýar. Muhy bagşy özi keşbe girip, mirasgärlere bu gymmatly ýadygärligi galkyp-galkyp, joşup-joşup gürrüň berýär. Toý märekesi „Saryklaryň bilbiliniň“ sesiniň gelýän tarapyna ýüzüni öwrüp, toýdan sypba sypyrlypdyr. Toý eýesi bagşa çakylykçy iberipdir. Ol gitmändir. Daşy märekeden hümer bolan, ýangynly ýürek ýar jemalyny küýsäp, şeýlebir aýdýar welin, ol ses toý eýesiniň özüni gelmäge mejbur edýär. Ol ýerde türkmen halkynyň söýgüli aýdymlary döreýär.
Ahyrda juda gedem, özdiýenli, gaýratly aýal öý eýesi bilenem ýaraşyp, Nobatnyýazy alyp gidipdir.
Öňem nygtaýşymyz ýaly, bu wakany Muhy aga mirasgärlere hem dutarda çalyp, hem kyssasyny joşup-joşup dilden aýdyp şeýle gyzykly gürrüň beripdir. Onuň sahypasaýyn manysy çuňlaşyp, diňleýjini özüne bent edipdir. Muhy bagşy ýaly halk baýlygyna teşne, janköýer aýdyjylar, saklaýjylar bolmasa, ata-babalardan galan aňyrsy-bärisi görünmeýän bu ruhy hazynalary nireden agtaryp, nireden tapjak?!
Ozal başda kadyr Alla,
Özüň ýetir ýara meni,
Kylma guluňy sergezdan,
Özüň ýetir ýara meni.
Muhy aganyň beren maglumatlaryna görä, Nobatnyýaz XIXasyrda Ýolötensebitlerinde ýaşapgeçip,Garlybagşynyň,KörGojalynyň döwürdeşibolupdyr.
Saýyly we Boýnyýogyn bilen baglanyşykly Geldi Nazarowyň bagşynyň dilinden ýazyp alan nusgasynda toplanan maglumatlaryň, kyssa eserleriniň arasynda öň duş gelmeýän täze bentler, gunt düşen ýaly manyly ownuk kyssalar, goşgular bar. Onda aşakdaky bendi öz içine alýan:
Adyny sorasam, Aýlar han atly gelin,
Şaýlanyp öýden çykanda, gollary batly gelin,
Öz ýaryndannärazy, ýüregi otly gelin,
Saýyly diýer, yşkyňda diwana boldum dilberim.
goşgusy gabat gelýär. Bulardan başga-da Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Muhy aga öň nygtaýşymyz ýaly, bagşylar, şahyrlar, barada gyzykly-gyzykly gürrüňleri, rowaýatlary aýdyp beripdir. Rowaýatlar kime degişli bolsa, olaryň terjimehalyny dikeltmekde, halka eden hyzmatyny, aýdymlaryň döreýşini öwrenmekde hyzmaty jyda uly. Meselem, „Hajygolak“ sazynyň, „Söýli halanyň“, Kemine, Mollanepes, Gaýyby, Heleý bagşy, Oraz Salyr bilen baglanyşykly dörän rowaýatlary Geldi Nazarow Muhy aga bilen gürrüňdeş bolanda ýazyp alypdyr. Mirasgär Muhy bagşydan eşiden rowaýatlaryny ýazyp otyrka, Mollanepesi gören adamyň ýatlamasyny getiripdir. Durdy hajy Mollanepesi 10 ýaşlaryndaka görüpdir. “Olorta boýly, togalagrak, etlegräk saryýagyza golaýdy. Men göremde başynda goňur guzyň derisinden tikilen gytyk telpegi bardy. Özüniňem goňrasrak döşüne düşüp duran sakgaly bardy. Olbedenine diýen etdirip bilýän adamdy. Ýörände dagy onuň badyna donunyň synlary iki tarapa serpilip barardy.“
Durdy Hajy diýilýän 103 ýaşap 1950-nji ýylda dünýäden ötüpdir. Mirasgäriň ýazga geçiren Oraz Salyr hakyndaky rowaýatyny okanyňda, Oraz Salyryň ýakymly sesi uzaklardan gulagyňa gelip duran ýaly täsir galdyrýar. Ol Nury diýen bir baýyň elinde talaban bolup, Tejeniň Gaňňaly diýen ýerine düýeli odun getirmäge gidipdir. Odun ýükläp ugrapdyrlar welin, Oraz düýäniň jaňyna goşup aýdyma gygyrypdyr.
Bilbil hoşal bolup neçün saýrasyn,
Bagyn hazan urup gülden aýrylsa.
Bagşynyň sesi Duşaga ýetenmiş. Duşak bilen Gaňňalyň arasy bolsa
40-45 km eken. Öý eýesi:
– Heleý, çaý oturt, Orazyň aýdym sesi gelýär, düýekeşler golaýda diýenmiş. Emma olar çaklanylýan pursatdan has soň gelipdirler.
Bagşynyň şeýle güýçli erkin sesi bolupdyr. K.Berkeliýewiň Muhy bagşydan bagşylar hakyndaky maglumatlardan, rowaýatlardan daşary-da 93 sahypalyk dürli kyssa eserlerini, läleleri, nakyllary käbir şorta sözleri, ýazyp alypdyr.Biri-birinden gyzykly, hem gunt düşen ýaly manyly ol gymmatlyklar 923Ф-nji bukjada saklanylýar. Olardan ynsan durmuşynda zerur, birgiden gymmatly pähimleri öwrenmek mümkin.
Muhy bagşy 1880-nji ýylda Sarahsyň 1-nji Goraman obasynda dogulýar. Muhy bagşynyň kakasy-da bagşyçylygy bilen tanalypdyr. Ýöneol kärini ogluna öwredip ýetişmänkä, 41-nji ýaşyna gidende dünýäden ötýär. W.Uspenskiniň we W.Belýaýewiň „Türkmen sazy“ diýen kitabynda onuň 1895-nji ýylda ýurduny täzelländigi barada maglumat bar. Muhy bagşa soň Soltannyýaz halypalyk edýär. Muhy bagşy 1928-nji ýylda radio studiýa, çagyrylýar.
Türkmen halkynyň guwanjy Oraz Salyr bilen birnäçe ýyl Maryda türkmen polkunda işläpdir. Soň Sarahsyň medeniýet öýünde halkyň söýgüsini gazanan ençeme şägirt ýetişdiripdir. 1959-njy ýylda Muhy bagşa TSSR Ýokary sowetiniň Prezidumynyň karary bilen „Türkmenistanyň at gazanan artisti” diýen hormatly at dakylypdyr. “Türkmen halk döredijiligine boýunça oçerklerde” belli folklorçy alym Kakaly Berkeliýew, filologiýa ylymlarynyň doktory Geldi Nazarowdan soň, Muhy bagşy bilen gürrüňdeş bolup onuň dilinden halk döredijiligine degişli ençeme eserleri ýazyp alypdyr. Ol bagşynyň rowaýatlary, nakyllardyr atalar sözüni, aýratyn-da ertekileri köp aýdýandygyny nygtapdyr. Geldi Nazarow Muhy agadan gutarylmadyk „Saýyly we Boýnyýogyn“ dessanyny ýazyp alypdyr. Dessan „Salyrlaryň bilbili“ adyny alan bagşy hem şahyr Nobatnyýazyň durmuşy bilen bagly. K.Berkeliýew hem Muhy bagşynyň türkmen folkloryna eden hyzmaty hakynda aşakdaky setirleri galdyrypdyr: “Ony (Muhy bagşyny Ş.G.) ussat ertekiçi hasaplamak bolar, ol erteki aýdanda bolşy ýaly, özüniň öwrenişi ýaly aýdypdyr, ertekilere has bolan aýratynlygy saklapdyr. Gatnaşýan gahrymanlaryň, ertekide berlen häsiýetleri boýunça ýerine ýetirip, olaryň her haýsynyň özüne mahsus bolan dilde, häsiýetde, hereketde, gylykda gepleýär. Bu ýerde ertekiçi Muhy aganyň artistlik ukyby mese-mälim ýüze çykýar. Erteki aýdanda bütin göwresi bilen hereket edýär. Erteki aýtmagyň abyny-tabyny alany üçin diňleýjileriň ünsüni tiz özüne çekýär. Ol öwüt-ündew hem her bir iş edilende oýlanyşykly etmek häsiýetli „Şugul“, „Haramyň haramy“ „Baýyň üç ogly“, „Söwdagär“, „Ussa“, „Kazy“ ýaly köp ertekileri ussatlyk bilen aýdyp bilýär.“
Bular Muhy bagşynyň halkyň ruhy baýlygyny ökdelik bilen janlandyryp, olaryň öz kalbyna guýmakdaky, türkmen folkloryny baýlaşdyrmakdaky juda uly hyzmatydyr.
Aýdym-saz sungaty