15:15 Müň derdiň dermany | |
MÜÑ DERDIÑ DERMANY
Ir zamanda täze söwda başlan ýigit obadaşlary bilen hoşlaşyp, ýola düşjek wagty bir hekimden maslahat sorapdyr: —Atam, del ýurtlara baranymda, däri-derman gözläp ýörmez ýaly, näme etmeli? Kerweni ugratmaga çykan lukman hem ýol ýakasyndan taýak atym aňyrda gögerip, gülläp hem monjuklap oturan ösümligi görkezip: —Hol, gülläp oturan ösümligi görýäňmi? —diýipdir. —Hawa, görýän atam, ol ýüzärlik. —Görýän bolsaň indiki düşläňde, şondan bir desse ýyg-da, ýüküň gapdalyna daň, ýolda gurar. Soň ony boş çuwala ýa-da horjuna sal. Kelläň agyrsa, ýadawlyk duýsaň şony tüsseledip, howasyndan dem al. Ýat ýurduň suwy, iýmiti ýaraman, içiň bozulsa bir monjugynyň içindäki garaja dänäni al-da, çeýnäp ýuwdup goýber, dert golaýyňa gelmez. Mundan başgada, ýüzärligiň tüssesi gözden-dilden, al-arwahdan hem gorar. Söwdaňda hem şowlulyk getirer. Sebäbi ýüzärligiň her ýapragynda, güldür monjugynda bir perişde adamzada garaşyp otyr, şu ösümligi ulanan adamy ähli beladan goramak üçin — diýipdir. Ýigit hekime hoşallyk bildirip: — «Ýüzärlik ýüz belany sowar» diýenleri mundan gelip çykd-ow — diýipdir. Oguljemal ÇARYÝEWA, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri | |
|