17:27 Nädürs diýdigim dürs eken | |
NÄDÜRS DIÝDIGIM DÜRS EKEN
Goşgular
Ugrunda elem boluplar, Hydyr diýdigim hyrs eken. Gyýa bakyp, ýüzüm öwrüp, Nädürs diýdigim dürs eken. Hydyrmy hyrs? Bilmen haýsy, Öwrülip dur pursat bolsa. Ynamsyzlyk tohum bolup, Şeýdip ösýär gursaklarda. Ýaşadygym dünýäñ özi, Düzüw däl-de çöwremidi? "Dünýäñ özi çöwre"-diýip, Gyýa bakmak dogrumydy? Aýdyñ dünýä günälimi? Çöwürseler pursat bolsa. Gülleriñ ornuna tiken, Ekseler dar gursaklarda. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | ||||
| ||||