18:47 Noel baba däl - AÝAZ BABA! | |
NOEL BABA DÄL - AÝAZ BABA!
Taryhy makalalar
Bütin dünýäde bellenilip geçilýän Täze ýyl baýramçylygyny bilmeýän ýok bolsa gerek. Hemme baýramçylygyñam özüne görä gyzygy, özüne görä aýratynlygy, şowhun-şagalañy bardyr welin, Täze ýyl baýramçylygy gelende tutuş adamzat aýratyn bir şatlykly keşbe girýär. Adamlar töründe ýygnap-üýşüren nämesi bar bolsa, orta - saçaga goýup, maşgalasy, ýakynlary, dogan-garyndaşy, dost-ýary, tanyş-bilişi bilen iýip-içýär, wagtyny hoş geçirýär. Garaz, milli baýramçylyklardan tapawutlylykda, Täze ýyl baýramçylygynyñ adamzady jynsyna, ynanjyna, dinine, diline, milletine, ýaşaýan ýerine, ýurduna, döwletine, kärine we wezipesine garamazdan biri-birine ysnyşdyrmakda, dostlaşmakda-doganlaşmakda umumyadamzat ähmiýeti bar. Birem şu, Täze ýyl baýramçylygyny Aýaz babasyz göz öñüne getirmek mümkin däl. Arkasyna her dürli sowgatdan, nogul-nabatdan, kemputdyr şokoladdan mas doldurylan agzy bogdakly haltany alyp, eli hasaly, ýany Garpamykly öýme-öý aýlanyp ýören Aýaz baba gelýär diýseñ, aýdanyñy etmeýän iñ bezzat çagajyklar hem hantamaçylykly nazarlaryny bosaga dikip akyllyja oturybererler. Ýazgylaryñy, pikirleriñi internet arkaly köpçülige ýetirmek has amatly we elýeterli görnüşe geçmegi bilen döredijilik dünýäsinde-de uly öwrülişikler bolup geçdi. Indi islendik wagt islendik ýurtda ýaşaýan adam üçin internetde paýlaşylan ýazgynyñ okalmak mümkinçiligi bar. Mundan elbetde, ýazgysy paýlaşylmaga we paýlaşylan ýazgysy okalmaga mynasyp dällerem peýdalyp bilýär. Gep munda däl. Biziñ aýtmak isleýän zadymyz: Täze ýyl ýaly döwletimizde we bütin dünýäde uly şatlyk we şowhun-şagalañ bilen garşylanylyp bellenilýän umumyadamzat baýramçylygyna "Aý, ynha, Täze ýyl hristianlaryñ baýramymyşyn...", "Aý, ynha, Täze ýyl güni hristianlarda Isus Hristosyñ doglan gününe gabat gelýärmişin...", "Aý, ynha, Täze ýyl gadymy ýewropalylaryñ Noel babasyndan gaýdýar", "Täze ýyl gününi baýram etmek musulmanlara ýa türkmenlere dürs dälmişin" we ş.m.. bolgusyz patarrakylar bilen agzybir halkymyzyñ, asyl tutuş dünýä jemgyýetçiliginiñ iñ şatlykly gününde adamlaryñ agzyna zäk atyp, keýpini gaçyrmaga çalyşýan gözli kör aslyny bilmezler bar... Esasy mesele munda-da däl. Sebäbi giñ gözýetimli, sowukganly we her öñýeteniñ gepine gulak gabardyp ýörmeýän polady ýumşak halkymyz bular ýaly bolgusyz ýazgylary algy-bergä alybam duranok. Biziñ bärde esasy aýtjak we ünsi çekjek bolýan zadymyz, aslynda Noel babadan täsirlenip ýasaldy hasap edilýän Aýaz babanyñ entek Noel baba diýilýän zadyñ ady-eseri ýokka, (Gündogarda, Orta Aziýada durmuş gaýnap-joşýarka ol wagtlar Ýewropany galyñ-galyñ buzluklar tutýardy) has irki eýýamlarda hut özümizde - türkmen halkynyñ gadymy taryhynda bolanlygydyr. Gadymy türki mifologiýasy boýunça ylmy-barlag işlerini alyp baran alymlaryñ aýtmagyna görä, gadymy türkmenleriñ ata-babalarynda "Sowuguñ hany" diýip tanalýan Aýaz baba (Aýaz ata) sowuk we aýazly howalarda orta çykyp we garyp-gasarlara kömek edip ýören ýagşyzada adam hasaplanypdyr. Elbetde, käbir taryhçylar dekabryñ soñky ongünlügini gadymy eýranlylaryñ otparazlykdan öñki ynanan hudaýy Mitranyñ doglan gününe baglanyşdyrýarlar. Perslerden rimli butparazlara, rimlilerdenem hristianlara miras galan bu baýram soñabaka Hezreti Isa pygamberiñ doglan güni hökmünde mübäreklenip başlanypdyr. Muña garamazdan yslam taryhçylary görkezilen senede Isa pygamberiñ dogulmandygyny ynamly taryhy delillere esaslanyp ýalana çykardylar. (Maglumat üçin seret: Ekrem Bugra Ekinji "Hezreti Isa haçan doguldy?", makalanyñ saýtdaky linki: http://kitapcy.ml/news/hezreti_isa_hacan_doguldy/2018-06-10-52). Diýmek, Mitranyñam Aýaz baba bilen hiç hili galtaşýan ýeri ýok. Isa pygamberem aýdylan wagtda dogulmadyk bolsa, Noel baba diýilýän toslama gahrymanyñam ýoklugy belli bolsa, onda Täze ýyl gününi bellemek we Aýaz babanyñ sowgadyna hantama bolmak ilkinji bolup türki halklarda başlanypdyr. Ýagny Noel baba diýilýän toslama gahryman türki halklaryñ Aýaz babasyndan ýewropalylara geçipdir diýip ynamly aýdyp bolar. Aýaz baba hakynda köpsanly rowaýat saklanyp galypdyr. Ol ilki sowukdan çykan bir ruh hökmünde sypatlandyrypdyr. Rowaýatlarda ýagşy niýetli, hoşgylaw, ynsanperwer Aýaz babanyñ obrazy janlanýar. Ilki-ilkiler oña Mukaddes baba, Arça baba, has soñra Aýaz baba diýipdirler. Aýaz baba Aý sowugyndan döräpdir we onuñ ady "Aýyñ yşygy" manysyny berýär. Aýaz baba Nuh pygamberiñ agtygy we ähli türki milletleriñ nesilbaşysy bolan Türküñ atasy hasaplanýar we onuñ ýanynda elmydama gyz agtyjagy bolan Garpamyk bolupdyr. Bu gadymdan galan däp-dessurlar eziz Türkmenistan watanymyzdan başga-da doganlyk Gazagystan we Gyrgyzystan döwletlerinde gyş möwsüminde geçirilýän festiwallarda, köpçülikleýin çärelerde henizlerem dowam edip gelýär. • Aýaz baba Orta Aziýada ýaşaýan türki halklaryñ Täze ýyl güni hökmünde Nardugan baýramyny belleýändigini aýdýan türkiýeli professor Nurullah Çetin: "Noel baýramy Hezreti Isa pygamberiñ doglan güni hökmünde gutlansa-da, aslynda Noel baba diýen adam hiç haçanam ýaşap geçen adam däl. Ol barada aýdylýanlaryn barsy ýalan-ýaşryk toslama gürrüñlerden ybarat. Bizde hristianlaryñ Noel babasyna derek ähli türki kowumlaryñ Aýaz babasy bar. Rowaýatlara ser salanymyzda, gadymy türki taýpalar Sowugyñ hany diýip tanalýan Aýaz babany gyşyñ diñe sowuk günlerinde çykýan we aç, hor-homsy, öýsüz-öwzarsyz garyp-pukaralara kömek edýän ýagşyzada hökmünde orta çykarýar. Aýaz sözi ähli türki halklarda "doñduryjy sowuk" manysyny añladýar. Aý hudaýynyñ sowuga garşy türki taýpalary goramak üçin Aýaz hany iberendigune ynanylýar. Aýaz baba türki halklaryñ hakyky Noel babasydyr. Onuñ medeni we etimologik taýdandam geçmiş taryhymyzda şahsyýet derejesine göterilip ynanylandygy taryhy hakykat" diýdi. Professor N.Çetin Nardugan baýramy barada ýene-de şeýle diýdi: "Ähli türki kowumlaryñ täzeden dogluş baýramy Nardugandyr. Nar - Gün, dugan - bolsa dogan (Nardugan, Nardogan - Täze dogan Gün) manysyny berýär. Yslamdan owalky gadymy türki medeniýetinde we ynanjynda dünýäniñ orruk ortasynda durmuş agajy bolan Ak arçanyñ (ýel agajy) ösýändigine ynanylypdyr. Gündiziñ uzamaga başlaýan 22-nji ýanwar gününde gijäni ýeñen Gün ýeñşini baýram edipdir. Galyberse-de gijänin garañkylygy şere, gündiziñ aýdyñlygy haýra ýorulypdyr ("Agşamyñ haýryndan ertiriñ şeri" diýen türkmen nakyly hut şu ynanç bilen baglanyşykly dörän atalar sözüdir). Gadymy türkiler Ülgen tañra minnetdarlyk bildirmek üçin Ak arçanyñ daşynda aýdym aýdyp bir-birlerini mübärekläpdirler. Ak arçanyñ şahalaryndan Tañra edilen doga-dilegler ýazylyp asylypdyr, agajyñ aşagynda bolsa getirilen sowgatlar goýlupdyr..." Başga bir türk professory Özkul Çobanogly hem N.Çetiniñ aýdanlaryny goldap çykyş etdi: "Gadymy türki mifologiýasynda ýel (şemal) älemi aýlaýjy, herekete getiriji güýç, tañry ýa-da ylahy güýje barabar ruh hasaplanypdyr. Aýaz (Aýas) bolsa türki dilleriñ ählisinde "doñduryjy sowuk" manysyny berýär. Aýazyñ peýda boluşy Ülker ýyldyzlar toplumyna baglanyşdyrylýar. Rowaýata görä Ülkeriñ alty ýyldyzy asmanyñ alty deşigidir we ol deşiklerden ýer ýüzüne sowuk howa üflenipdir we howa sowap gyş pasly başlanypdyr. Şonuñ üçin Aýaz baba gadymy türki mifologiýasynda möhüm rol oýnaýar. Aýaz han sowugyñ tañrysy hasaplanypdyr. Ol sowukda, kyn günde galanlara kömek edip, olara gut (bagt) we gözellik paýlapdyr". | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||