IT RYSGALY
Ýubileý sowlup, kružogyň aladalary azalyşandan soň Nuhty Nazar giriş döwürleri, gürleşip goýan edarasyna garawulçylyga girdi.
Ýüzüne “Konstruktorskoýe býuro” diýlip ýazylan şol edaranyň näme bilen meşgullanýandygyny dogrusy ol tä, şol ýerden gaýdýança bilibilmän geçdi.
Ýöne, ol ýerde Nuhty Nazary has geň galdyran zat – şol howlynyň içine bir gireniňden soň sen Türkmenistandamy ýa soýuzyň başga bir ýerindemi biler ýaly däldi. Çünki, edarada ýekeje türkmen adamy ýa türkmen maşgalasy ýokdy. Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryndanam, türkmen halkynyň milli aýratynlyklaryndanam nam-nyşan ýokdy. Gapysyna “naçalnik” diýlip ýazylan kabinetiň içinde-de SSKP-niň baş sekretary Nikita Sergeýewiç Hruşewyň portreti bilen SSSR-iň döwlet baýdagy asylgy durdy. Diwardaky karta hem Türkmenistanyňky däl-de, SSSR-iňkidi. Hatda set boýunça aýdýan radio hem hemişe Moskwadan aýdýardy. Asyl şol edarada ne Türkmenistanyň, ne Aşgabadyň hiç biriniň adam tutylmaýardy.
Iň bärkisi, uzynly gün o kabinetden bu kabinete girip-çykyp ýören, gulaklarynyň ujyndan başga ýeri çym-ak pişigiň adam “Puşokdy”. Ony çagyranyňda-da “piş-piş” diýip däl-de, “kis-kis” diýip çagyrmalydy. Söýeniňde-de: “pişim” diýip däl-de, “kiseçka ty moýa” diýip söýmelidi.
Ýene bir bellemeli zat: tördäki giň hem ýagty kabinetde, aýakly planşetleriň öňünde dik durup uzynly gün çyzgy çyzýan iki sany pyýadadan we başlykdan başga bu edarada erkek göbekli ýokdy. Olaram ir bilen işe gelenlerinde ýa gijara işden gaýdanlarynda göräýmeseň galan wagty edil ýer ýuwdan ýaly.
Gözleri äýnekli, ýüzleri ýowuz, biri-biri bilen gepleşende dagy gan algylary bar ýaly siltenjireşip, iş bilen gelenleriň ýanynda hökmürowansyraşyp gepleşmegi gowy görýän, saçlary burmaly, syrtlary tegelenip duran gartaň aýallaryňam hasap-hesip bölüminde işleýänleri-hä uzynly gün başlaryny galdyrman çot kakýardylar, gulaklaynyň deňine çenli üýşüp duran kagyzlaryň birini alýardylar, birini goýýardylar, käbiriniň ýüzüne bir zatlar belleşdirip goňşy otaglaryň birine eltip gelseler käbirini “jyrym-jyrym” edip, burçda duran tor setiliň içine oklap goýberýärler. Kä wagtam ýarym sagatlap tahyllaryny dörjeleýärler, gözleýän zatlaryny tapybilmän jibrinişýärler, biri- birlerine jabjynyşýarlar, ahyram tahyllaryny yzly-yzyna, gürpüldedip-gürpüldedip ýapýardylar-da, uly howlynyň aňry burçunda ýerleşýän hajathana tarap moýmuldaşyp ugraýardylar. Ýol boýam öz ýanlaryndan kimdir birine gahar edip sögünýärdiler, hüňňürdeşýärler. Mazaly içlerini egisýän bolsalar gerek, gaýdyşyn olaryň ýüz-gözleri açylyşýardy, dilleri süýjeýärdi.
Hat ýazýan bölümiň zenanlary bolsa maşynkalaryny “alaşakyrdy” etdirip oturyşlaryna yzyny üzmän çilim çekýärdiler, kofejik gaýnadyp içýärdiler, tomus bolsa yssydan, ýaz bolsa ýagyndan, gyş bolsa aýazdan zeýir-zeýir zeýrenişýärdiler, ýakalaryny ýelpäp “öwhüldeşýärdiler”, her ýarym sagatdanam aýna bakyp dodaklarynyň, göz-gaşlarynyň reňklerini täzeleýärdiler-de, hasyr-husur telefona ellerini ýetirýärdiler. Gözlerini armanly gideniňki ýaly jaýyň petigine dikip, telefony bagyrtlap oturyşlaryna: “Holodilnigiň ortaky gözünde gatyjagyň durandyr. Içdiňmi? Içginiň! Ýok, ýok, gaýmak iýme! Saňa gaýmak iýmek bolanok. Ýumurtga-da bolanok. Agşamlyk men özüm saňa süýtli tüwi gaýnadyp bererin” diýip, bary-ýogy ýigrimi minut mundan öň çykyp gaýdan öýündäki çagasy ýa garry-gurtysy bilen edil alty aýyň aýraçylygy ara düşen ýaly “ah-da-wah” bolşup gepleşýärdiler. Aňyrdaky haýsydyr bir gepi nämakul aýdaýsa dagy edil, dünýäni ot alan ýaly “zöwwe” ýerlerinden galýardylar-da: “Aý- ýaý-ýaý, aý-ýaý-ýaý, kak že tak možno” diýşip, etlek aýalary bilen ýogyn butlaryna “pat-pat” etdirişip ýelmeýärdiler. Dodaklaryny jukguldarýardylar. Soňam äri ulurak ýerde işleýän joralarynyň birine jaň edip, bu gün-erte haýsy dükanda nähiliräk gyt harytlaryň satyljakdygy, hyrhyň näjüreräk boljakdygy barada maglumat toplaýardylar. Entek bazary doly sowlup ýetişmedikleri bolsa, bu gün nirede, näçede duşuşsalar gowy boljakdygy barada oýnaşlary bilen gepleşik geçirýärdiler.
Nuhty Nazar kä gün okuwdan boş wagtlary arkaýyn dynç almak üçin günortanlaram garawulhanasyna geläýýärdi. Şonda gaharjaň aýallaryň nepesleriniň birdenkä beýle çalt durlanyp, biri-biri bilen beýle çalt mähriban bolup bilişlerine hasam geň galýardy.
Aýallar welin, şol pursat hakykatdanam özgerýärdiler. Bir sagatlyk dynç alyşlygyň keýpi olaryň eňeklerine jaň dakylan ýaly edýärdi. “Waňňyldaşyp” iki ýana zowzuldaşýardylar, çäýnek-käselerini şakyrdadyşyp, daşardaky suw krany bilen kabinetleriň arasynda birmeýdan gatnansoňlar, gapysynda “krasnyý ugolok” diýip ýazylan kabinete üýşýärdiler. Öýden getiren owkatlaryny çykaryp ortada goýýardylar. Emma hiç kim, hiç kimiň zadyna elini uzatmaýardy. Her kim öz getiren hurşy bilen oňňut edýärdi. Nahardan bolup çaýa oturansoňlar gürrüňçilik başlanýardy. Gürrüň esasan, wezipesi özleriniňkiden uly bolmasa-da aýratyn kabineti eýeläp oturan, naharam şol ýerde özbaşdak, käte-de kabineti içinden gulplap başlyk bilen bileje iýýän Taisa Walerianowna barada bolýardy. Olaryň aýtmaklaryna görä, bu edaranyň başlygy şu ömründe haýsy edaradan, haýsy edara geçirilse-de, bir-ä şofýoryny, birem şol heleýi ýanyndan goýmanmyşyn. Howla giren agzyňdaky agaç jaýjagazyň içinde ýatýan uzyn gulakly, ýalpyldap duran goňrumtyl item Taisa Walerianownanyň “öňki ärimişin”. Soňky baran ärem hut şonuň üçin şu iti öýünden çykaryp kowduranmyşyn.
Iti hakykatdanam soňky äriniň öýden kowdurandygyny Taisa Walerianowna diýilýän aýalyň özem ret edip duranok. Ýöne, ol muny: Hem-ä ärime ýaramady, hemem şol wagt edara sakçy gerek boldy, onsoňam öwrenişenje malym gözümiň alnynda dursun diýip şu ýere alyp gaýdyberdim, diýip düşündirýär. Umuman ol özi hakda edilýän gürrüňleriň hemmesinem bilýär. Emma gulak gabatmaýar. Nuhty Nazara-da şony ündeýär. “Men bu ömrümde kön zat görendirin, köşek. Kim birinden asgyn bolsa ol şo hakda ýaramaz gürrüň edýändir, gybat ýaýradýandyr, çünki ol ejiz, şondan başga zady başaranok” diýýär. Taisa Walerianownanyň ite ýanalmagyna Nuhty Nazar onsuzam ynanyp baranok. Bu tüýs bir zannyýaman, aýallaryň tapaýjak gepi, diýip düşünýär. Ýöne, ine, başlykly gürrüňiň welin ugrunda bolaýmagyny güman edýär. Ol bolup biljek zat. Olar ýaly zatlar oba ýerinde-de bolup ýör. Mysal üçin:...
Ýeri, bolýa-da! Gowusy esasy gürrüňimizi dowam etdireliň. Ine, onsoň Taisa Walerianowna diýilýän mährem aýal Nuhty Nazar bu ýere işe gelmezinden öňem her gün irden toruny dürli-dümen zatdan dolduryp gelýär ekeni-de, itini iki wagtyna elinjek naharlaýan ekeni.
Nuhty Nazaryň gelmegi bilen ol bu wezipäni öz üstünden aýyrdy. Elbetde, buýruk bermedi-de, haýyş etdi. Bir gün agşamaralar Nuhty Nazaryň iti uly söýgi bilen sypalap duranyny gördi-de, abşanaklap ýanyna bardy. Gelşi ýalam aýasyny çürüje kelläniň üstüne goýdy:
–Gowumy? Ýaraýamy? Dostlaşdyňmy? Gaty gowy. Bu it gowy itdir. Gylygam gowudyr. Öý terbiýesini alandyr. Onda nemedeli... –Ol Nuhty Nazary golundan tutup äkitdi-de, umumy zalda duran sowadyjynyň ýanyna eltdi. Açdy. Içi doly kagyz pakedi görkezdi. –Şunuň içi durşuna iýmitdir. Özüm elinjek bişirendirin. Şundan her gün getirerin welin, senem gaýrat et-de ertirine, agşamyna iki bölüpjik ber meň Mişkama. Gündiz özüm serederin.
Nuhty Nazar razylaşdy.
Ýöne, Taisa Walerianownanyň sakçy iti üçin getirýän naharlarynyň haýsydyr bir galan – gaçan ýa döwüm-dişlem däl-de, heniz agyz urulmadyk naharlardygy ony bar zatdanam beter geň galdyrdy. Tutuş hojalyk üçin bir gapda bişirilip, itiň paýynyňam bölünip alynyp gaýdylandygy görnüp durdy. Ynsabyň çatsa arkaýyn alyp iýibermelidi.
Emma, her näçe imrinsede Nuhty Nazar ol naharlardan iýmeg-ä däl, hatda dadyp görmäge-de ejap etdi. Has dogrusy namys etdi.
Sowadyjynyň agzynyň açylyp-ýapylmasy welin, gitdigiçe ýygjamlaşdy. Öz ýanyndan hamala suw içmek üçin ýa başga bir zat üçin açýan kişi bolan bolsa-da, göreçleriniň nury baryp göni içi tagamly kagyzyň böwrüne sanjyldy. Tamşandy. Ýuwdundy. Sowadyjynyň gapysyny juda kynlyk bilen ýapdy. Gijäniň bir mahallary turubam seredip geldi. Soň esli wagt uklabilmän pikir edip ýatdy. Birdenem päli azyp şeýtanyň ugruna gidäýse dagy bu işiň günäsiniň-sogabynyň nägadarrak boljakdygy barada oýlandy. Oturyp- turybam öz bolşundan özi utandy. Şol zatlara ymsynmazlyk üçin, naharhanalardan, dükandan göwün söýen zadyny alyp ugrady.
Emma sakçy itiň naharlarynyň içinde dükanda tapdyrmaýan, hatda naharhanalaryňam hemmesinde bişirilip durmaýan üýtgeşik tagamlar bar. Ol tagamlar hatda öý ýagdaýynda-da hemme heleýiň bişirip biljek tagamlary däl. Bu ugurdan Taisa Walerianownanyň iňňan ykyply zenandygy görnüp dur.
Ine, şol üýtgeşik ykybam günlerde bir gün Nuhty Nazaryň çydam käsesini doldurdy.
Ol öňürt-ä ol tagamlary yrym üçin ysgap gördi. Mesgä daglanan kakmajyň, yhlas bilen ýenjilip ýumşajyk bişirilen antrokotyň, buglanan kotletiň, ýakymly ysy beýnä urandanam aşgazandaky şire bölüp çykaryjy, agyz boşlugyndaky, diliň aşagyndaky tagam duýujy hemde sülekeý işläp çykaryjy mäzler müňküldeşip başlady. Akademik Pawlowyň şertli refleksi herekete geldi. Nuhty Nazar ýuwdup ýetişse diliniň aşagy sülekeýden dolup ýetişdi. Çürüje kellede: dadyp göräýenimde näm bolýar-aý, diýen pikir peýda boldy. Emma ýekeje döwüm kotleti agzyna salany bilen mähri ganmady. Ikinji döwüm bilenem, ikinji, üçünji kotlet bilenem, bir ýarym antrokotdyr iküç sany dolama bilenem ganmady. O zatlaryň üstüne bir çybyk lüle kebap bilen bir bölek golland peýnirem, iki ýüz gram ýaly “doktorskiý” kolbasada sakçy itiň säherliginiň hasabyna Nuhty Nazaryň garnyna gapgaryldy.
Ertesi irden Nuhty Nazara bakyp her näçe ýalmansada “Mişkanyň” dişine degen zat bolmady. Işgärler gelişip ugransoňlar sakçy itiň bir özüne, birem eýesine bakyp zaryn-zaryn çyňsaýşyny görende Nuhty Nazar utanjyndan ýaňa bir ýere giribilmedi. Onuň gepläp bilmeýändigine müňde bir şükür etdi.
Şeýlede bolsa düşen ýolundan dönmedi. Gaýtam bu zowally işe otagdaşlarynam çekmegi ýüregine düwdi. Çünki, ol ilkinji aýlygyny alanda oglanlary ýygnap “ýuwupdy”. Iýer-içer ýaly zatlardan getirip mazaly garynlaryny ýazypdy. Şondan soň bu düzgün her aýda bir gezek Nuhty Nazar tarapyndan geçirilýän däbe öwrülipdi. Bäş-üç çüýşe piwojyk, ýarym litr arajyk ýa çakyrjyk dagy-ha günde-günaşa diýen ýaly geler durardy.
Gepiň gysgasy Nuhty Nazar şol otagda “ata” ornuny eýeledi. Oglanlaryň öz aýdyşlary ýaly “pahan” boldy. Soňabaka beýleki otagda ýaşaýanlaryň arasynda-da ony “ata” hökmünde hormatlaýanlaryň sany artyp ugrady. Ýöne garawulçylykdan alýan yjypsyzja aýlygy hem-de ýigrimi manat stipendiýasy bilen bu “gol doly maşgalany” eklemek oňa agyr düşýärdi.
Şonuň üçinem ol sakçy itiň naharynyňam ýarysyny “çagalary” bilen bölüşmegi ýüregine düwdi. Ýöne, ýagdaýy bolşy-bolşy ýaly edip düşündirmegem ýadyndan çykarmady.
–Iýer-içer ýaly zat kän, ýöne soň eşitdim-eşitmedim diýmäň, hemmesi itiňkidir, –diýdi.
–Itiň etindenmi? –diýip, oglanlaryň barysy birden boýunlaryny süýndirişdiler. Gaty görjek boldular. –Doňuzyňkyny iýemizok biz, itiňkini iýip nä öldükmi, juda bolmasa oňubiris öňki oňňudymyz bilen.
Nuhty Nazar jygyldawuk krowadyň üstünde çiň-arkan ýatyşyna eňegini petige dikip çalaja ýylgyrdy.
–Itiň etinden däl how, ýöne şoňa üçin niýetlenip bişirilen.
–Onda pes sortly produktalardyr-da. Liwerni kolbasadyr, towugyň penjesidir her dyrnagy aýpalta ýaly, ýa bolmasada syrdalanan süňk ýa maýda malyň laby – lubusydyr...
–Gepem şoň şo zatlar däldiginde-dä. Hemmesi ýokary sortly önümlerden taýarlanan. Üstesinede öýde, elinjek bişirilen. Iki bölüp ýarysyn-a özleri iýýäler, ýarysynam itlerine berýäler. –Nuhty Nazar dikeldi. –Bolýar-a şoňňaly itçi hojalyklar şäherde.
–Howwa-la, daşary ýurt kinolarynda dagy itleri bilen bir stoluň başynda oturyp, bir tabakdan nahar iýýänlerem bar-a, –diýip, öýünden ömür pul almaýan, stipendiýa-da ýetişmän haçan görseň “iýer ýaly zadyňyz ýokmy-aý” diýip, gapy-gapy aýlanyp ýören agajetli, burunlak, gözleri ullakan, kelteräk ýigdekçe almanyň sapagy ýaly boýnuny uzadyp göwresine gelişmeýän ýogyn sesi bilen “gor-gor” etdi.
–Bolýa, olar ýaly bolsa getir, göreli. Iýjegimizi iýmejegimizi şondan soň aýdarys, –diýşibem maslahaty jemlediler.
Ertesi irden ortarada ýazylan köneje kleýonkanyň üstüne düňküldäp düşen doluja tor okuwa gitjek bolup çermenişip duran oglanlaryň barsyny ýolundan alyp galdy.
Açdylar. Ak kagyza dolangy, heniz ellenmedik dürli-dümen iýmitlere gözi düşen oglanlar ýerli ýerden:
–Iýmek boljak, zaprosto iýmek boljak, narmally... –diýşip, eşiklerini çykarmaga durdylar. Birinji, ikinji sagady kazasyna goýup naharyň daşyna geçdiler. –Ýöne, kak nikak itiň nahary ady bar, şoň üçinem häzirlikçe hiç kime syr bildirmäň. Bar zat öz aramyzda galsyn.
Ýogyn sesli, hor ýigdekçe eýýämhaçan etini “galt-gult” eden omaçasynyň ýülügini sorup otuşyna burnuna salyp “hoň-hoň” etdi.
–Dogrudanam muň ady itiň nahary, a na samom delo edil restoranyňky ýaly. Otliçno!..
Nuhty Nazaryň ýüki ýeňlän ýaly boldy.
Oglanlaryň ýüki hasam ýeňledi. Sakçy itiň taýyn naharlary olary dükana gatnamakdan, ertir agşam gury nana margarin çalyp iýmekden, stipendiýa çenli karz pul sorap goňşy otaglaryň gapysyny kakmakdan halas etdi. Asyl, ýüzleri-gözlerem durlanyberdi.
Ýöne, her näçe gizlin saklajak bolsalaram, hapa taşlaýan setilleriniň içindäki gemrilen süňkler, gapyrgalar, gutap gyňaklary, kakmajyň, kebabyň, kotletdir antroktyň ýakymly ysy, ýumurtga gabyklary olaryň ilden üýtgeşik ýaşaýandyklaryny bütin ýatakhana äşgär etdi.
Şonuň üçinem her gün ir bilen: birinji paramyz ýok, diýşip ýanlaryna salama gelýäniň sany köpelip başlady. Netijede sakçy itiň teýi boldan tutulan bir günlik iýmiti bir ýatakhananyň talyplarynyň bir ýaýlymynada ýetmedi.
Nuhty Nazar öň sakçy itiň ertirligine-de, agşamlygyna-da az-owlak galdyrýan bolsa, indi Taisa Walerianownanyň gözi üçin diňe ertirligini galdyrdy-da, galanyny alyp gaýtdy.
Soňabaka o-da az boldy.
Şondan soň ol sakçy itiň ertirliginem ýatakhana daşap ugrady.
Barybir az boldy.
Çünki, goňşy korpuslardanam, hatda beýleki okuw jaýlarynda okaýan tanyş-bilişlerindenem mugt nahara düşünenler tapyldy. Bir gelse ýaramok bahanasy bilen hepdeläp ýatanlaram boldy. “Maňa az ýetdi-de, saňa kän ýetdi” diýen ýaly dawadyr-jenjelem döräberdi. Ahyram jany ýananyň biri: Siz adamlary ala tutýaňyz, komsomol çleni bolup durkaňyz bular ýaly kommunizm gurujynyň moral kodeksine ters gelýän hereketler edýäňiz, bu ýerde kommunistik ideal, sosialistik sistemanyň prinsipleri gödek bozulýar.Özüňizem edil türmedäki ýaly “pahan-da – mahan” diýdi-de, bulary baryp profsoýuz guramasyna ýamanlady oturyberdi. Gol boýy arza-da ýazdy.
Nuhty Nazaryň obraza giribem sag-aman sypanyna jany ýanyp ýören profkom derrew komissýa düzdi-de, ertesi ir bilen, “çagalar” itiň rysgalyny bölüşip otyrkalar üstlerine geldi. Ol dik duran ýerinden saçaga tarap barmagyny çommaltdy.
– Nireden aldyňyz muny?
Iýenler-ä garynlaryny sypalaşyp “ger-ger’ gägirişdilerde krowadyň üstünde aýagyny sallap oturan Nuhty Nazara tarap barmaklaryny çommaltdylar.
Nuhty Nazaram doýan guş ýaly dikgerip oturan “çagajyklaryny” birlaý gözden geçirdi-de, kellesini ýaýkap eňeginiň ujuny profkoma tarap gönükdirdi.
– Daýymlardan getirdim. Näme, getirmeli dämi?
Profkom ortadaky naz-u-nygmatlara bakyp ýuwdundy.
– Daýyňlardan gelene-hä meňzänok bu zatlar.
Başga biri akylly ekeni, gyýajyk gözlerini güldürdi-de:
–Ýa, nireden getirende näme-aý? Ogurlyk bolmasa bolýa-da... –diýip jykyr-jykyr güldi. –Okyýakak bizem tutýadyg-a... –Ol ortadaky zatlara tarap baş atdy. –Şular ýaly bufetde-sufetde işleýäniň birini, hor bolmazlyk üçin...
Ol howpdan-a şeýdip dyndylar welin, tupanyň ulusy başga tarapdan gopdy.
It horlanyp başlady. Igledi. Gapyrgalary göründi. Tüýleri dökülip açylan ýerine gotur düşdi.Dikgerip duran gözleriniň biri pat-da aşak ýatdy. Gözleri çylpyklady. Taisa Walerianownanyň çar ýana çarh urup çeken ahy-nalalary çekip- çydardan çökder boldy.
Ol ilk-ä: “waý-waý-waý, waý-waý-waý”, diýip, itiň daş-töwereginden aýlanmany, sypaň-sypaň etmeni çykardy. Soň günüň- gününe wetwraç çagyryp başlady. Ukol etdirdi, derman içirdi. Soň bir gün başlygyň maşynyna mündürip “wetleçebnisa” alyp gitdi. Emma peýdasy bolmady. Iň erbedem itiň keselini kesgitläp bilmediler.
Bir günem Taisa Walerianowna itini gujaklap ulyili bilen aglady. Bütin edara bolup goýduryp bilmediler. Ahyram essi aýylyp ýykyldy. Walerianka içirip zordan özüne getirdiler.
–Bir it diýip bi görgüliniň özi itden beter horlandy –diýip, aýallardan biri özbaşyna hümürdedi.
Nebisleriniň agyrany çyndyr-da, şol gün aýallaryň hiç biri Taisa Walerianownanyň itiniň gözgyny ýagdaýyny görmezlik üçin, uzynly gün kabinetinden çykman oturdy. Agşamaralar işgärler gaýdyşyp Nuhty Nazaram ýaňy bir garawulçylyga gelen badyna ýüzüni ýerden asyp geldi-de, gözlerini ýaşa dolduryp durşuna:
– Şu ýelni kesilenleriň biri iňňe berendir muňa... – diýdi. Burnuny çekip, gözüniň ýaşyny süpürdi. Oturyp itiň arka-boýnuny sypalady. – Maňa edibilmedik ýamanlyklaryny şuňa etjek bolandyrlar. Wah, bularmy... Bular ömürboýy meň aýagymdan asylyşyp geçdiler-ä. Özünden ökde bolsaň şeýdýä-dä, bular...
Birdenem bir zat ýadyna düşen ýaly “moýmul-moýmul” edip gitdi-de, şu gün irden getirip holodilnige dykan zatlarynyň ep-eslisini alyp geldi. Emaý bilen itiň öňünde goýdy. It janawer süýnüp ýatan ýerinden boýnuny uzadyp, assa-ýuwaş o zatlaryň barysyny iýdi. Ýene bersene, diýýän ýaly boýnuny burup eýesiniň ýüzüne seretdi. Mejalsyz çyňsady. Soň şöhlesi gaçan gözleriniň gytagyny Nuhty Nazara tarap aýlady.
Taisa Walerianownada ýaşdan ýaňa çym-gyzyl bolan gözlerini Nuhty Nazara dikdi.
–Muňky işdädenem-ä däl ýaly, Nuhty jan. Näm berseň iýip dur. Düýn-öňňünem berenjämi iýdi.
–Ýo-o-ok, işdäden dä-äl myňky tötýe Taýyisa! Işdäsi gowy. Şondandyr öýdüp menem telim gezek dagy opçitden öz zatlarymyzdanam getirip berdim. Kolbasa-da berip gördüm. Bolanok. Peýdasy ýok. Muň keseli başga. Ikimiziň bagtymyza oň bellisini duhtorlaryňam bilmän duruşlaryny diýsene. Ýa kakyn-silkin dagymyka?
Taisa Walerianowna hamsykdy. Nihty Nazar ýerinden turdyda, “mert bol, ýeňňe” diýýän manyda Taisa Walerianownanyň kellesini öz döşüne goýdy. Başyny sypalap, arkasyna kakdy. Ol bir “horkuldasa” özi iki “hotkuldady”.
–Gam çekme, tötýe Taýysa”, men saňa mundanam gowy it tapyp bererin. Biçileni gerekmi, biçilmedigi gerekmi, ýa gözüňiziň öňünde biçeýinmi tapawudy ýok, aýdaýyň. Başgada näme kömek gerek bolsa aýdyberiň. Şäher ýerinde çaňňalakdyr gowaça çöp-ä geregem bolup durýan däldir weli, adamçylykdyr, dermanlyk ot-çöp, ýa başga bir zat gerekmi, çekinmäň...
Köçä çykyp Walerianownany taksä mündüren wagty dagy Nuhty Nazaryň gözýaşy gözünden sil kimin akdy. Telim gün bäri aglap-aglap ysgyny giden zenana gaýtam onuň özüni köşeşdirmek iş boldy.
Nuhty Nazar welin, şondan soňam talaňçylygyny goýmady.
Bir günem ...
Bir günem ir bilen ýüzüni sallap ýatakhana geldi-de:
–Ind-ä aç ölýänem bolsaňyz zat ýok –diýdi.
–Hä, näm boldy? –diýip, otagdaşlary onuň alkymyna dykyldylar.
–Öldi.
–Kim öldi?
–It öldi.
–It?
–Howwa, it.
–Haýsy it?
–Sizi ýallap ýören it.
–Näm bolup öldi?
–Aç öldi.
Oglanlar edil gandüşer garyndaşlary ýogalan ýaly erbet gynandylar. Boýy almanyň sapagy ýaly, ýogyn sesli oglan-a: “Waý, indi biz näderis” diýip agladam. “Indi sizem aç ölersiňiz” diýip Nuhty Nazaram oňa beleň berdi. Ahyram aňlyragynyň biri dükandan bir bölek çörek bilen iki ýüz gram kolbasa getirdi-de, barsyny bir saçagyň başyna üýşürip “it pahyra” degsin etdirdi. Töwür galdyrdy. Şol wagtam kimdir biri:
–Biz muny beýtdik welin, musulman ýeriniň malam-a däl ekeni o janawer – diýdi.
Öňdenem jany ýanyp duran Nuhty Nazar dişini gyjady.
–Rysgalyny agzyndan alyp iýeniňizde-hä ymmaty ýadyňyza düşenokdy oň. Juda göwnüňize jaýlasaňyz gelýän bolsa ors öwülýä gidiňde haça çokunyp geläýiň. Gelibem adama elli gram ýelmäň, wessalam!
Iýer ýaly zadyň ýoklugyna gözi ýetensoň her kim dagamak bilen boldy. Irki sagatlara ömür gitmeýänlerem çalak-çulak ýuwnup, howul-hara geýinmek bilen boldular.
Nuhty Nazary erbet ýadawlyk basdy. Ol özüni günäkär duýdy. Edilen jenaýatyň yzasy ýüregini mynçgylady. Ysgyny azaldy. Oglanlar çykandanam krowadyna geçip gyşardy. Irkildi. Irkilşi ýalam düýşünde sakçy iti gördi. Ol henizem açmyşyn. Burulyp ýatyrmyşyn. Özem: “Äkiden süňkleriňi getirsene, şu ýerde bir iýip hezil edeýin-le” diýip ýalbarýarmyşyn.
Nuhty Nazar ol iti düýşünde soň-soňlaram kän gördi. Her gezegem ol muňa şol bir diýýän sözlerini diýdi ýördi. Ýöne şu gezeg-ä hökman anyklaryn diýsede, hiç gezegem onuň haýsy dilde gepleýändigini anyklap bilmedi.
...Sakçy it ýogalandan soň köp wagt geçmänkä edaranyň başlygy Nuhty Nazary ýanyna çagyrdy. Elindäki galamynyň yz tarapyny ýalpyldawuk stoluň üstünde “tyrkyldadyp” oturşyna bir-ä Nuhty Nazara birem gapdalynda çişip oturan Taisa Walerianowna seretdi. Soňam çym-gyzyl bolup aşak bakdy.
–Sen gardaş, ertirden aňry rysgyňy başga ýerden gözle...
Şonuň bilenem gürrüň gutardy. Nuhty Nazar gitdi. Ýöne, olar itiň näme sebäpden ölendigini bilip şeýtdilermi ýa bilmän etdilermi, ine, şol welin Nuhty Nazar üçin ömürlik syr bolup galdy.
Hekaýalar